Üçünji mysal
Buharyda we Muslimde, galyberse-de beýleki sahyh hadys kitaplarynda Buwat gazasynda bolup geçen bir waka beýan edilýär. Muny hezreti Jabir (r.a) gürrüň berýär:
Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam: «نَادِ بِالْوُضُوءِ (Seslen, täret alsynlar)» diýdi. Şonda oňa täret üçin suwuň ýetmezçilik edýändigini habar berdiler. Onsoň Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam «Azajyk suw tapyň» diýdi. Azajygam bolsa suw tapyp getirdik. Pygamberimiz (s.a.w) suwuň üstüni eli bilen ýapyp, bir zatlar okady. Näme okanyny bilemok. Soňra-da Ol (s.a.w): «رِدْنَا بِجَفْنَةِ الرَّكْبِ (kerwendäki iň uly kerseni getiriň)» diýdi. Adamlar kerseni getirip maňa berdiler. Menem ony Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň öňüne eltip goýdum. Pygamberimiz (s.a.w) onuň içine elini sokdy-da, barmaklaryny açdy. Men ýaňkyja suwy onuň mübärek eliniň üstünden guýup başlanymam şoldy, mübärek barmaklaryndan şabyrdap suw akyberdi. Kersen doldy. Suwa mätäç bolanlary çagyrdym. Hemmeler gelip, täret aldylar we suwsuzlygyny gandyrdylar. Ahyrynda pygamberimize (s.a.w): «Başga hiç kim galmady» diýdim. Şondan soňra Ol (s.a.w) elini çekip aldy. Kersen agzyna çenli dolup durdy.[1]
Ine, Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň şu ajaýyp mugjyzasy hakyndaky habar mütewatür hökmündedir. Diňeje bu wakany gürrüň bermek, beýlekileriň hem adyndan aýdyp bermek nobaty hezreti Jabiriň (r.a) paýyna düşüpdir. Sebäbi şol gezek pygamberimiziň (s.a.w) has ýakynynda bolup, hyzmatynda ylgan kişi hezreti Jabir (r.a) ekeni. Mundan ötri bu wakany ol gürrüň beripdir.
Edil şu wakany Ibni Mesud (r.a) şeýleräk gürrüň beripdir:
«Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň barmaklaryndan suwuň göýä çeşme kimin lummurdap akýanyny gördüm».
Eger-de dürslügi bilen adygan Enes, Jabir, ibni Mesud ýaly sahabalar (r.a) «Men gördüm» diýýän bolsalar, hökman görendirler!
Ynha, şu üç mysala birlikde seretseň, pygamberligiň güýçli deliliniň – ajaýyp mugjyza hadysasynyň şaýady bolarsyň. Bu üç gürrüň berijiniň birleşip, pygamberimiziň (s.a.w) barmaklaryndan suwuň akyşyny gürrüň bermegi onuň hakyky tewatür güýjündäki ygtybarly habardygyny subut edýär.
Hezreti Musanyň (a.s) daşdan on iki sany çeşme çykaryp, suw akydyşy bilen Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň on barmagyndan çeşme deýin suw akydyşyny deň tutmaly däldir. Çünki dagyň-daşyň içinden suwuň çykmagy adaty ýagdaý. Emma etiň, süňküň içinden köwser deýin suwuň şaglap akybermegi görlüp-eşidilen waka däl, oňa adaty ýagdaý diýip bolmaz.
Dördünji mysal
Bu waka Ymam Mäligiň «Muwatta» atly kitabynda Muaz ibni Jebel (r.a) ýaly meşhur sahabanyň adyndan beýan edilýär:
Tebuk saparynda bir çeşmäniň üstünden bardyk. Ondan bagjygyň galyňlygynda çalaja syzyp, suw çykyp duran eken. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam: «Biraz suw ýygnaň» diýdi. Adamlar eliniň owuçlary bilen suw ýygnadylar. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam şol suwa el-ýüzüni ýuwdy. Soňra-da suwy çeşmä eltip guýduk. Birdenem çeşmäniň gözi giňden açyldy-da, suw zogdurylyp akyp başlady. Onuň suwundan tutuş goşun peýdalandy.
Bu wakany ymam Ibni Ishak ine, şeýle gürrüň berýär:
«Gök gümmürdisi ýaly ses çykaryp, çeşmeden suw çogup başlady». Şonda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam hezreti Muaza (r.a) garap şeýle diýipdir:
يُوشِكُ يَا مُعَاذُ اِنْ طَالَتْ بِكَ حَيَاةٌ اَنْ تَرَى مَا ههُنَا قَدْ مُلِئَ جِنَانًا
«Mugjyza ýadygäri şu mübärek suw akmagyny dowam etdirer. Bu jelagaýlary bagy-bossanlyga öwrer. Ömrüň ýetse, görersiň».[2] Aýdyşy ýaly hem boldy».
Bäşinji mysal
Bu waka Buharyda hezreti Beranyň (r.a), Muslimde hezreti Seleme ibni Ekwanyň (r.a), beýleki sahyh hadys kitaplarynda bolsa dürli-dürli şahsyýetleriň adyndan gürrüň berilýär:
Hudeýbiýe saparynda bir guýunyň üstünden bardyk. Biz müň dört ýüz kişidik. Guýynyň suwy zordan elli kişä ýetjekdi. Şunlukda, guýunyň bar suwuny çekip aldyk. Içinde hiç zat galmady. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam gelip, guýynyň başynda oturdy. Bir gowada suw berilmegini isledi. Aýdylany etdik. Gowanyň içine mübärek agzynyň suwuny dökdi, soňra-da doga etdi. Soňam gowadaky suwy guýa dökdi. Guýunyň suwy çogup köpelmäge başlady, tä agzyna çenli doldy. Goşundaky adamlaram, haýwanlaram ine-gana içdiler. Suw gaplary hem dolduryldy.[3]
[1] Buhary, 7/148; Muslim, 4/2307, 1309, hadys № 3014.
[2] Muslim, «Fezail» 9, 4/1784, 1785, 7/60, hadys № 10; «Muwatta», «Sefer» 2; Buhary, 4/235.
[3] Buhary, 4/234; Muslim, 3/1432, hadys № 1807; Beýhaky, «Delalun-Nubuwwe», 4/110.