Pygamberimiziň Mugjyzalary 12

Altynjy mysal

Ygtybarly ýollar bilen gelen bu hadys Muslim we Ibni Jeriri-Taberi ýaly hadys ulamalarynyň kitaplarynda, galyberse-de, beýleki sahyh hadys kitaplarynda beýan edilýär.

Meşhur sahaba Ebu Katade (r.a) gürrüň berýär:

Mute söweşinde goşun baştutanlarynyň şehit bolandygy habaryny alyp, kömek bermek üçin ýola düşdük. Meniň bir meşik suwum bardy. Şonda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam maňa garap şeýle diýdi:

 اِحْفَظْ عَلَىَّ مِيضَئَتَكَ فَسَيَكُونُ لَهَا نَبَاٌ عَظِيمٌ

(Meşigiňi aýap sakla, onuň bitirmeli işi köp).

Az wagtdan suw ýetmezçilik edip başlady. Biz ýetmiş iki kişidik (Taberä görä, üç ýüz kişi). Ahyrynda suwumyz gutardy. (Ana, şonda) Resuly-Ekrem (s.a.w) maňa: «Meşigiňi getir!» diýdi. Men getirip berdim. Şonda Ol (s.a.w) mübärek agzyny meşigiň bogdagyna eltdi. Meşigiň içine dem berip-bermänini bilemok. Ýetmiş iki kişi gelip, ýaňky meşikden suw içdiler, öz meşiklerinem doldurdylar. (Iň soňunda ony) men aldym. Onuň içindäki suw şol durşuna durdy.[1]

Ine, Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň gündiz ýaly anyk şu mugjyzasyny gör we şeýle diý:

اَللّهُمَّ صَلِّ وَ سَلِّمْ عَلَيْهِ وَ عَلَى آلِهِ بِعَدَدِ قَطَرَاتِ الْمَاءِ[2]

Ýedinji mysal

Buhary we Muslimde, galyberse-de, beýleki sahyh hadys kitaplarynda beýan edilýän bu mugjyza hadysasyny hezreti Ymran ibni Huseýin (r.a) gürrüň berýär:

Bir gezek Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam bilen birlikde sapara çykdyk Şonda suwumyz gutardy. (Pygamberimiz (s.a.w) meniň bilen Ala (r.a) şeýle tabşyryk berdi: «Pylan ýerde bir zenan iki meşik suwy ulagyna ýükläp gidip barýandyr. (Ana, şony) bärik alyp geliň!» Men Aly (r.a) bilen ýola düşdüm. Salgy berlen ýere ýetenimizde, pygamberimiziň (s.a.w) aýdyşy ýaly, suwly meşiklerini ulaga ýükläp äkidip barýan bir zenana gabat geldik. Ony alyp, (düşlän ýerimize) getirdik. Soňra (pygamberimiz (s.a.w): «Bir gaba biraz suw guýuň» diýdi. Bizem guýduk. Onsoň bereket dogasyny etdi. Soňra şol suwy (ýene yzyna) ulagyň üstünde duran meşige guýduk. Yzyndanam (pygamberimiz (s.a.w): «Her kim gelip,  (suw) gabyny doldursyn» diýdi. Hemmeler gaplaryny doldurdylar we (ine-gana) içdiler. Şondan soňra (Resuly-Ekrem (s.a.w): «Zenan üçin bir zatlar ýygnaň» diýdi. (Bizem bolan zatlarymyzdan) zenanyň etegini doldurdyk.

Ymran (r.a) bu wakanyň dowamyny şeýleräk gürrüň berýär: «Meniň göwnüme bolmasa, ýaňky iki meşikdäki suw dura-bara köpelýän ýalydy. Şonda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam zenana garap şeýle diýdi:

 اِذْهَبِى فَاِنَّا لَمْ نَاْخُذْ مِنْ مَائِكِ شَيْئًا وَلكِنَّ اللّهَ سَقَينَا  

(Seniň suwuňdan almadyk. Eýsem Haktagala bize öz hazynasyndan suw içirdi)».[3]

Sekizinji mysal

Bu waka meşhur hadysçy alym ibni Huzeýmede, galyberse-de, beýleki sahyh hadys kitaplarynda beýan edilýär. Muny hezreti Omar (r.a) gürrüň berýär:

Tebuk ýörüşinde suwumyz gutarypdy. Käbirimiz dagy suwsuzlykdan ýaňa düýesini soýup, içindäki suwy sykyp içmäge başladylar. Şonda Ebu Bekir Syddyk Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalama (Allatagaladan suw sorap) dileg-doga etmegini haýyş etdi. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam elini galdyryp dileg etmäge durdy. Dileg edip bolup, heniz elini aşak indirip ýetişmänkä, bulutlar ýygnanyp, ýagyş ýagyp başlady. Biz gap-gaçlarymyzy ýagyş suwy bilen doldurdyk. Soňra ýagyn diňdi. (Soňra görsek), ýagyş goşunymyzyň duran çäginden daşyna ýagmandyr.[4]

Diýmek, muny tötänlik bilen düşündirmek bolmaz. Eýsem, bu şek-şübhesiz, Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň görkezen mugjyzasydyr.

Dokuzynjy mysal

Bu sahyh hadys Meşhur Abdulla ibni Amr ibnil-Asyň (r.a) agtygy, galyberse, dört ymamyň ähtibar eden kişisi Amr ibni Şuaýbyň adyndan beýan edilýär:

Heniz pygamberlik berilmänkä, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam kakasynyň dogany Ebu Talyp bilen düýeli Arafat ýakynlaryndaky Zulmejaz diýen bir ýere gidýär. Şonda (şol töwereklerde bir ýerde) Ebu Talyp: «Men suwsadym» diýýär. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam hem düýeden düşüp, aýagyny ýere urýar welin, (şol ýerden) suw çykýar. Ebu Talyp (hem şol suwdan) içýär.[5]

Bir yslam alymy şu waka barada şeýle diýýär: «Şu hadysany heniz pygamberlik berilmänkä bolup geçendigi üçin, irhasat[6] kysmyndan hasap etmek gerek. Şol sanda, müň ýyl geçensoňam, hut şol ýerden Arafat çeşmesiniň akyp duran bolmagyna garabam, muny Ahmet aleýhissalatu wesselamyň bir keramaty saýmak gerek».

Ine, şu dokuz mysal ýaly, mukdary togsana ýetmese-de, ýene-de azyndan togsan görnüşde gürrüň berlen suw bilen baglanyşykly mugjyzalar hakynda nijeme habar bar.

Şu ýerde bir zady aýdyp geçeliň: başdaky ýedi mysal magnawy tewatür güýjündäki örän ygtybarly çeşmelere daýanýar. Ýöne soňky iki mysal hakda ygtybarly çeşmelere daýanýar diýip arkaýyn aýdyp bolanok. Şol sanda bu iki waka köp kişi tarapyndan gürrüň berilmändir. Emma ymam Beýhakyda we Hakimde, galyberse-de beýleki sahyh hadys kitaplarynda sekizinji mysaldaky hezreti Omaryň (r.a) adyndan gürrüň berilýän sahabalar bilen baglanyşykly şol mugjyzanyň bolup geçendigini tassyklaýan ikinji bir habar bar: «Omar Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamdan ýagmyr dogasyny etmegini haýyş etdi. Çünki goşun suwa mätäçlik çekýärdi. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam elini galdyrdy. Birdenem bulut ýygnanyp, ýagyş ýagmaga başlady. (Bulutlar) goşuna ýeterlik boljak suwy berdi-de, birdenem ýitirim boldy.[7] Hamana diýersiň, ýörite şu goşuna suw bermek üçin iberilen ýalydy. Näçärek gerek bolsa, şonça-da ýagyp ötägitdi».

Ine, şu hadys sekizinji mysaldaky wakanyň bolup geçendigini çürt-kesik subut edýär. Şonuň ýaly-da, sahyh we mewzu (galp) hadyslar babatynda örän ynjyk çemeleşýän, hatda köp sahyh hadyslara-da mewzu (galp) diýip hasap edýän meşhur alym Ibnül Jewzi bu hadys barada şeýle diýýär:

«Şu hadysa meşhur Bedir söweşinde bolup geçipdir.

وَيُنَزِّلُ عَلَيْكُمْ مِنَ السَّمَاءِ مَاءً لِيُطَهِّرَكُمْ بِهِ[8]

aýaty-kerimesi, ana, şol waka bilen baglanyşyklydyr». Hakykatdanam, bu aýat şol waka bilen baglanyşykly inen bolsa, onuň bolup geçendigi dogrusynda şübhä ýer galmaýar. Galyberse-de, pygamberimiz (s.a.w) ýagmyr dogasyny edip, elini heniz aşak indirip ýetişmänkä, örän tiz wagtyň içinde şabyrdap ýagyş ýagyp başlamagy kän ýola gaýtalanan hadysadyr, özbaşyna bir mütewatür mugjyza habarydyr. Hawa, bir gezek dagy pygamberimiz (s.a.w) metjitde, münberiň üstündekä elini galdyryp doga edende, heniz elini aşak goýbermänkä ýagyş ýagmaga başlapdyr. Ine, bu hem tewatür habardyr.[9]

Dokuzynjy bellik

Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň mugjyzalarynyň ýene birisi-de agaçlaryň Onuň (s.a.w) emri bilen köküni ýerden çykaryp, edil adamlar ýaly ýanyna ýöräp gelmegidir. Pygamberimiziň (s.a.w) bu mugjyzasy-da mübärek barmaklaryndan suw akydyşy mugjyzasy ýaly magnawy mütewatür habardyr. Resuly-Ekremiň (s.a.w) agaçlar bilen baglanyşykly kän mugjyzasy bolup geçipdir. Olar köp kişi tarapyndan gürrüň berlipdir.

Hawa, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň emri boýunça agaçlaryň ýerinden çykyp, ýöräp ýanyna barandygy şübhesiz mütewatür habardyr. Çünki bu mugjyza hadysasyny aňrybaş dürslügi bilen meşhur hezreti Aly, hezreti ibni Abbas, hezreti ibni Mesud, hezreti ibni Omar, hezreti Ýala ibni Murre, hezreti Jabir, hezreti Enes ibni Mälik, hezreti Bureýde, hezreti Usame ibni Zeýd we hezreti Gaýlan ibni Seleme ýaly sahabalar (radyýallahu anhum ejmain) gürrüň beripdirler. Özi hem olaryň hemmesi birmeňzeş hadysany aýdypdyrlar. Bu hem habaryň ygtybarlydygyny görkezýär. Öz gezeginde tabygynyň ýüzlerçe ymamy hem agaç bilen baglanyşykly bu mugjyza hadysasy hakda gürrüň beripdirler. Olaryň her haýsy tapawutly kişiden, ýagny ýokarda ady geçen sahabanyň haýsy hem bolsa birisinden diňläpdir. Garaz, bize gelip ýetýänçä, bu habaryň tewatürlik mertebesi gatbar-gatbar artypdyr. Diýmek, agaç bilen baglanyşykly mugjyza hadysasy şek-şübhesiz mütewatür habar eken.

Hawa, bu ajaýyp mugjyza hadysasy kän ýola gaýtalanypdyr. Şeýle-de bolsa, biz şu ýerde diňe iň ygtybarly bolanlarynyň birnäçesini beýan ederis.

Birinji mysal

Bu ygtybarly habar Ibni Maje, Darimi we Beýhaky ýaly ymamlaryň eserlerinde hezreti Enes ibni Mäligiň (r.a) we hezreti Alynyň (r.a) adyndan, ymam Bezzar bilen ymam Beýhakyda bolsa hezreti Omaryň (r.a) adyndan beýan edilýär.

Şu sahabalaryň gürrüň bermegine görä, (bir gezek) Resuly-Ekrem (s.a.w) kapyrlaryň özüni ýalançylykda aýyplamagyndan örän hapa bolup, şeýle diýipdir:

يَا رَبِّ اَرِنِى آيَةً لاَ اُبَالِى مَنْ كَذَّبَنِى بَعْدَهَا[10]

Enesiň adyndan gürrüň berilýän görnüşinde şeýle diýilýär:

«Şonda hezreti Jebraýyl peýda boldy. Deräniň kenarynda bir agaç ösüp otyrdy. Hezreti Jebraýylyň bildirmegi bilen Resuly-Ekrem (s.a.w), ana, şol agajy ýanyna çagyrdy. Agaç hem ýanyna geldi. Soňra-da agaja «Git» diýip emr etdi. (Ol hem) ýene öňki ýerine baryp ýerleşdi».[11]

Ikinji mysal

Bu mugjyzawy hadysa Gündogaryň beýik alymy Kady Yýazyň «Şyfaýy-Şerif» atly hadys kitabynda geçýär. Kitapda hadysyň ygtybarlydygynyň görkezijisi hökmünde gürrüň berýän şahsyýetler yzygiderli tertipde ýazylýar. Bu waka Abdulla ibni Omaryň (r.a) adyndan beýan edilýär.

Bir gezek saparda wagtymyz Resuly-Ekremiň (s.a.w) ýanyna bir sähraýy adam geldi. Pygamberimiz (s.a.w) ondan:

 اَيْنَ تُرِيدُ

«Nirä barýaň?» diýip sorady. Sähraýy Allanyň resulyna (s.a.w): «Özümiňkileriň ýanyna» diýip jogap berdi. Allanyň resuly (s.a.w) bolsa:

هَلْ لَكَ اِلَى خَيْرٍ مِنْ ذلِكَ؟

«Mundan hem haýyrly (zat) isläňokmy?» diýdi.

Sähraýy:

«Näme (zat)?» diýdi.

Serwerimiz (s.a.w) oňa şeýle diýdi:

اَنْ تَشْهَدَ اَنْ لاَ اِلهَ اِلاَّ اللّهُ وَحْدَهُ لاَ شَرِيكَ لَهُ وَاَنَّ مُحَمَّدًا عَبْدُهُ وَرَسُولُهُ[12]

Sähraýy: «Bu aýdýanlaryňa deliliň barmy?» diýdi.

 Allanyň resuly (s.a.w):

  هذِهِ الشَّجَرَةُ السَّمُرَةُ

«(Delilim) deräniň kenarynda ösüp oturan agaç» diýdi.

Ibni Omar (r.a) bu wakanyň yzyny ine, şeýleräk gürrüň berýär: «Şol agaç iki ýana urundy-da, ýerden köküni sogrup çykardy. Soňra-da  Resuly-Ekremiň (s.a.w) ýanyna geldi. Resuly-Ekrem (s.a.w) agaja üç gezek şahadat kelemesini aýtmagy buýurdy. Agaç pygamberimiziň (s.a.w) sözüni ykrar etdi. Onsoň ol Allanyň resulynyň (s.a.w) emri bilen ýene öňki ýerine gidip ornaşdy.[13]

Hezreti Bureýde ibni Husaýb el-Eslemi (r.a) tarapyndan ýetip gelen ygtybarly habara görä, bu waka şeýle beýan edilýär:

Biz bir gezek Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam bilen sapara çykdyk. Şonda bir sähraýy adam geldi. Ol (Pygamberimizden (s.a.w) özüne bir delil, ýagny mugjyza görkezmegini isledi. Onsoň Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam:

قُلْ لِتِلْكَ الشَّجَرَةِ رَسُولُ اللّهِ يَدْعُوكِ[14]

diýip, bir agaja yşarat etdi. Şol agaç saga-sola gymyldap, köklerini ýerden çykardy we nebiniň (s.a.w) huzuryna geldi. Soňra-da şeýle diýdi:

اَلسَّلاَمُ عَلَيْكَ يَا رَسُولَ اللّهِ[15]

Şonda sähraýy adam pygamberimize (s.a.w): «Aýt, ýerine-de gitsin» diýdi. Allanyň resuly (s.a.w) agaja ýerine gitmegini buýurdy. Agaç ýerine gitdi. Şonda sähraýy adam pygamberimize (s.a.w) garap: «Rugsat ber, saňa sežde edeýin!» diýdi.  Pygamberimiz (s.a.w): «(Munuň üçin) hiç kime rugsat ýok» diýdi. Sähraýy bolsa: «Onuň ýaly bolsa, el-aýagyňdan öpeýin» diýdi. Allanyň resuly (s.a.w) muňa rugsat berdi.[16]


[1] Muslim, «Mesajid» 311, 1/472, 473; Ebu Dawud, hadys № 437-441.

[2] Allahym! Oňa we Onuň maşgalasyna suwuň damjalarynyň sanyça salat-u-salam eýle!

[3] Buhary, «Teýemmum» 6, 4/233; Muslim, 1/475; Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe», 4/276, 6/130.

[4] Kady Yýaz, «Şifa», 1/190; Ajluny, «Kenzul-Ummal», 12/353; Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe», 2/63.

[5] Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe», 2/15-20, 6/141; Kady Yýaz, «Şifa» 1/290.

[6] Irhasat – Pygamberlik wezipesi berilmezden öň Muhammet aleýhyssalatu wessalam bilen baglanyşykly ýüze çykan mugjyzalar we täsin hadysalar.

[7] Hafajy, «Şerhuş-şifa» 3/128; Aliýýul-Kary, «Şerhuş-şifa» 1/601; «Durerul-Mensur» 3/170.

[8] «Sizi tämizlemek üçin gökden üstüňize suw indirýärdi». («Enfal» süresi, 8/11).

[9] Buhary, 2/15, 34, 36, 37, 38, 4/4/236; Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe», 6/139.

[10] «Eý, Rebbim! Ýalançylykda aýyplanmagymdan ötri (her gezek) hapa bolmazym ýaly bir mugjyza görkezeweri!»

[11] Kady Yýaz, «Şifa» 1/302; Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe» 6/13; Ibni Maje, 2/1336, hadys № 4028; Darimi, «Mukaddime» 3; Müsned, 1/223, 3/113; 4/177.

[12] Alladan başga ylahyň ýokdugyna, Onuň ýeke-täkdigine, hiç hili şäriginiň ýokdugyna, Muhammediň Onuň guly we ilçisidigine şaýatlyk etmegiň.

[13] Kady Yýaz, «Şifa» 1/298; Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe, 6/14, 15.

[14] Şu agaja: «Allanyň resuly seni çagyrýar» diýip aýt!

[15] Essalamu aleýkum, eý, Allanyň resuly!

[16] Kady Yýaz, «Şifa» 1/299; Hafajy, «Şerhuş-şifa» 3/49.