Pygamberimiziň Mugjyzalary 14

Örän ähmiýetli nukdaýnazar

Sowal. «Näme üçin Hendek söweşi wagtynda bolup geçen pygamberimiziň (s.a.w) dört owuç azyk-owkatdan müň adamy doýurmagy hem-de mübärek barmaklaryndan suw akdyryp, müň kişiniň teşneligini gandyrmagy ýaly mugjyza hadysalary hanynül-jiz[1] mugjyzasy deýin giňden ýaýramandyr we kän kişi tarapyndan  beýan edilmändir? Ýogsam, şol mugjyza hadysalary has köp adamyň arasynda bolup geçipdir».

Jogaby. Mugjyzalar ýüze çykyşy taýyndan iki kysyma bölünýär. Olaryň käbiri Muhammet aleýhyssalatu wessalamyň pygamberligini tassyk etdirmek maksady bilen bolup geçen hadysadyr. Hurma töňňesiniň aglamagy hem şu kysym mugjyzalara degişlidir. Bu mugjyza pygamberligi ykrar etdirmek, müminleriň imanyny güýçlendirmek, mynapyklaryň göz üçin däl-de çyndan musulman bolmagy, kapyrlaryň hem iman getirmegi üçin ýüze çykypdyr. Ine, şu sebäpli bu wakanyň şaýady bolan ýönekeý halkyň we ýokary gatlagyň wekilleri oňa has ähmiýet beripdir. Onuň il arasynda eşidilmegi, ýaýylmagy üçin elinden gelenini edipdirler.

Tagam we suw bilen baglanyşykly mugjyzalar hakynda aýtsak, eýsem bu hadysalar mugjyzadan keramata ýakyndyr, hatda keramatdanam beter ylahy yhsandyr, has beteri, mätäçlige görä berlen rahmany zyýapatdyr. Şol wagtyň özünde-de bu hadysalar pygamberligiň delilidir, mugjyzadyr. Emma şol hadysalaryň ýüze çykmagynyň asyl maksady aç galan goşuny doýurmakdyr. Haktagala bir şänikden müň batman hurma çykaryşy mysaly, bary-ýogy bir sa[2] töweregi azyk-owkaty sebäp edip, müň adama gaýypdan zyýapat çekýär. Beýik serkerdäniň barmaklaryndan köwser deýin aby-haýýat akdyryp, suwa teşne galan müjahid goşunyň suwsuzlygyny gandyrýar.

Şuny aýratyn belläp geçeliň: tagam we suw bilen baglanyşykly mugjyza hadysalary üçin getirilen mysallaryň hiç haýsynyň habarlyk derejesi hurma töňňesiniň aglamagy mugjyzasyna deňleşip bilmeýär. Ýöne hemmesini bilelikde alanymyzda bolsa, edil hanynül-jiz ýaly köp ýola gaýtalanan mugjyza hadysasydyr, ygtybarly çeşmelere daýanýan mütewatür habardyr. Galyberse-de, tagamyň bereketlenişini we pygamberimiziň (s.a.w) barmaklaryndan suwuň akyşyny birbada köp kişiniň synlap bilmegi mümkin däldi. Köpçülik şeýle hadysanyň diňe alamatyny görüp bilýärdi. Diregiň aglaýşyny bolsa birbada köp kişi eşidip bilýärdi. Ine, bu hadysanyň halk arasynda giňden ýaýrap, meşhurlyk gazanmagynyň bir sebäbi hem şudur.

Sowal. Sahabalar Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň her bir hal-ahwalyny, her bir hereketini örän eserdeňlik bilen ýat bekläpdirler, soňam beýan edipdirler. Onda näme üçin şeýle beýik mugjyza hadysasy bary-ýogy on-ýigrimi kişi tarapyndan beýan edilipdir? Näme üçin olaryň sany ýüze ýetmeýär? Onsoňam näme üçin hadyslaryň köpüsi hezreti Enes (r.a), Jabir (r.a), Ebu Hureýre (r.a) tarapyndan beýan edilipdir? Näme üçin hezreti Ebu Bekir (r.a) we Omar (r.a) ýaly sahabalar az sanly hadys beýan edipdirler?

Jogaby. Birinji sowalyň jogaby dördünji belligiň üçünji esasynda bar. Ikinji sowalyň jogaby bolsa şeýleräk:

Ynsan derman-däri üçin lukmana, nähilidir bir taslama çyzdyrmak üçin gurluşykçy inžinere, dini mesele boýunça müftä ýüz tutýar. Edil şonuň ýaly, käbir alym sahabalar pygamberimiziň (s.a.w) hadyslaryny ýat  tutmagy we gürrüň  bermegi özlerine wezipe edinipdirler. Olar munuň üçin tagalla baryny edipdirler. Meselem, Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň bütin ömri hadys ýat tutmak bilen geçipdir. Hezreti Omar (r.a) bolsa syýasat we halyflyk bilen meşgul bolupdyr. Hadyslary ymmata sapak bermek işi Ebu Hureýre (r.a), Enes (r.a), Jabir (r.a) ýaly sahabalara ynanylansoň, hezreti Omar (r.a) hadysy az gürrüň berer eken. Galyberse-de, syddyklygy, aňrybaş dürsüligi, wepadarlygy, ynamdarlygy ykrar edilen bir meşhur sahabanyň şu kämil ahlagynyň özi onuň bize ýetiren ygtybarly habaryna bil baglamak üçin ýeterlikdir. Onuň beren habary ýene biriniň tassyklamagyna mätäçlik goýmaýar. Şol sebäpli käbir möhüm hadyslaryň hem bary-ýogy iki-üç çeşmesi bardyr.

On birinji bellik

Onunjy bellikde pygamberimiziň (s.a.w) agaç bilen baglanyşykly mugjyzalary dogrusynda gürrüň edildi. On birinji bellik bolsa daş, dag ýaly jansyz zatlar bilen baglanyşykly ýüze çykan mugjyzalary hakda bolar. Mugjyzanyň bu görnüşi bilen baglanyşykly gaty kän hadysa bolup geçirdir. Bu ýerde olaryň diňe ýedi-sekiz sanysyny beýan ederis.

Birinji mysal

Günbataryň beýik ulamasy Kady Yýaz hezretleri «Şifaýi-Şerifinde» örän ähmiýetli şahsyýetleri delil görkezmek bilen, galyberse-de, Buhary ýaly möhüm ymamyň meşhur eseri esasynda bir hadysy beýan edipdir. Bu ygtybarly habar pygamberimiziň (s.a.w) hyzmatkäri hezreti ibni Mesudyň (r.a) adyndan gürrüň berilýär: «Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam bilen nahar iýenimizde, nahardan tesbih seslerini eşidýärdik».[3]

Ikinji mysal

Sahyh hadys kitaplarynda hezreti Enesiň (r.a) we Ebu Zerriň (r.a) adyndan beýan edilýän ygtybarly habar:

(Pygamberiň (s.a.w) hyzmatkäri) hezreti Enes (r.a) gürrüň berýär: «Bir gezek Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň ýanyndadyk. Şonda Ol (s.a.w) ýerden kiçijik daşlary alyp, eliniň aýasyna goýdy. Daşjagazlar onuň mübärek elinde tesbih aýtmaga başlady. Soňra olary alyp, Ebu Bekir Syddygyň (r.a) eliniň aýasyna goýdy. Daşjagazlar onuň elinde-de tesbih aýtdylar».

Bu hadysanyň dowamyny Ebu Zerr el-Gyffary (r.a) şeýle gürrüň berýär: «Soňra (daşjagazlary alyp) hezreti Omaryň (r.a) eliniň aýasyna goýdy. (Daşjagazlar onuň elinde-de) tesbih aýtdylar. Soňra ýere goýdy (welin), (daşjagazlar ümsüm bolup) dymdylar. Soňra ýerden alyp, hezreti Osmanyň (r.a) eliniň aýasyna goýdy, (daşjagazlar) ýene tesbih aýtmaga başladylar».

Hezreti Enes (r.a) we Ebu Zerr (r.a): «Biziň elimiziň aýasyna goýdy (welin), (daşjagazlardan) ses-seda çykmady» diýýär.[4]

Üçünji mysal

Hezreti Alynyň (r.a), hezreti Jabiriň (r.a), hezreti Äşe Syddygyň (r.a) adyndan beýan edilen ygtybarly hadysda şeýle diýilýär:

Dag, daş Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalama:

اَلسَّلَامُ عَلَيْكَ يَا رَسُولَ اللهِ

(Essalamu aleýke, eý, Allanyň Resuly) diýip salam bererdi.[5]

Bu barada hezreti Aly (r.a) şeýle gürrüň berýär:

Pygamberligiň ilki günleridi. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam bilen birlikde Mekgäniň töwereginde gezim edenimizde, gabat gelen agajymyz, daşymyz:

اَلسَّلَامُ عَلَيْكَ يَا رَسُولَ اللهِ

(Essalamu aleýke, eý, Allanyň Resuly!) diýýärdi.

Hezreti Jabir (r.a) bu barada şeýle gürrüň berýär:

Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam daş, agaç bilen gabatlaşsa, olar oňa sežde edýärdi. Ýagny tagzym kylyp:

اَلسَّلَامُ عَلَيْكَ يَا رَسُولَ اللهِ

(Essalamu aleýke, eý, Allanyň Resuly!) diýýärdi.

Jabir ibni Semuräniň (r.a) gürrüň bermegine görä, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam şeýle diýipdir:

اِنِّى َلاَعْرِفُ حَجَرًا كَانَ يُسَلِّمُ عَلَىَّ[6]

(käbir kişilere görä, şu ýerde Hajerül-Eswed göz öňüne tutulýar).

Hezreti Äşäniň (r.a) gürrüň bermegine görä, Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:

 لَمَّا اسْتَقْبَلَنِى جَبْرَائِيلُ بِالرِّسَالَةِ جَعَلْتُ لاَ اَمُرُّ بِحَجَرٍ وَلاَ شَجَرٍ اِلاَّ قَالَ اَلسَّلاَمُ عَلَيْكَ يَا رَسُولَ اللّهِ[7]

Dördünji mysal

Hezreti Abbasyň (r.a) adyndan beýan edilýän ygtybarly hadysa görä, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam hezreti Abbas (r.a) we onuň dört oglunyň (Abdulla, Ubeýdulla, Fazl, Kusem) üstüni «mula:et» diýilýän bir örti bilen örtüp, olar üçin şeýle diýip dileg-doga edipdir:

  يَا رَبِّ هذَا عَمِّى وَصِنْوُ اَبِى وَ هؤُلاَءِ بَنُوهُ فَاسْتُرْهُمْ مِنَ النَّارِ كَسَتْرِى اِيَّاهُمْ بِمُلاَئَتِى[8]

Şonda birden öýüň petigi, gapysy, diwarlary dile gelip: «Ämin, ämin» diýmäge başlapdyr.[9]

Bäşinji mysal

Bu waka Buhary, Ibni Hybban, Ebu Dawud, Tirmizi ýaly ulamalaryň sahyh hadys kitaplarynda hezreti Enes (r.a), Ebu Hureýre (r.a), Osman Zinnureýn (r.a), Aşereýi-Mübeşşereden Said ibni Zeýd (r.a) kimin sahabalaryň adyndan beýan edilýär:

Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam, Ebu Bekir Syddyk (r.a), Omarul-Faruk (r.a) we Osman Zinnureýn (r.a) dagy Uhud dagynyň depesine çykdylar. Uhud dagy ýa-ha bu kişileriň haýbatyndan ýa-da özi begenjinden ötri heýjana gelip, titremäge durdy. Şonda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam şeýle diýdi:

 اُثْبُتْ يَا اُحُدُ فَاِنَّمَا عَلَيْكَ نَبِىٌّ وَ صِدِّيقٌ وَ شَهِيدَانِ[10]

Şu hadys hezreti Omar (r.a) bilen Osmanyň (r.a) şehit boljagyny öňünden  habar berýär.

Şu mysala goşmaça beýan edilipdir:

Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam Mekgeden Medinä hijret edende, kapyrlar olaryň yzyny aňtap gelýärler. Şunlukda,  (olar) Sewr dagynyň üstüne çykýarlar. Şonda Sewr dagy pygamberimize (s.a.w) şeýle diýip seslenýär:

Eý, Allanyň resuly! Üstümden düşeweriň! Meniň üstümdekäňiz janyňyza kast edilmeginden, munuň üçin bolsa Allanyň meni jezalandyrmagyndan gorkýaryn!

Şol gezek Hira dagy pygamberimize (s.a.w) şeýle diýip seslenipdir:

يَا رَسُولَ اللّهِ اِلَىَّ[11]

 Ine, hut şu syrdan ötri kalp gözi açyk ýagşyzada kimseler Sewr dagynda gorky duýgusyny başdan geçirýärler, Hirada bolsa özlerini arkaýyn duýýarlar.

Şu mysallardan belli bolşy ýaly, belent daglar hem Alla gulluk edýärler, tesbih aýdýarlar. Olaryň hem özboluşly wezipesi bar. Olar hem pygamberimizi (s.a.w) bilýär, olar hem ony (s.a.w) gowy görýär. Diýmek, olar hem oňa tabyn barlyklar.

Altynjy mysal

Abdulla ibni Omaryň (r.a) adyndan gürrüň berilýän ygtybarly habar:

Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam bir gezek münberde durup, hutbede

وَمَا قَدَرُوا اللّهَ حَقَّ قَدْرِهِ وَاْلاَرْضُ

جَمِيعًا قَبْضَتُهُ يَوْمَ الْقِيَامَةِ وَالسَّموَاتُ مَطْوِيَّاتٌ بِيَمِينِهِ[12]

 aýatyny okady. Soňra-da şeýle diýdi:

اِنَّ الْجَبَّارَ يُعَظِّمُ نَفْسَهُ وَيَقُولُ اَنَا الْجَبَّارُ اَنَا الْجَبَّارُ اَنَا الْكَبِيرُ الْمُتَعَالُ[13]

(Ol) sözüni tamamlap-tamamlamanka, münber gorkudan ýaňa lerzana gelip, şeýle bir titremek-titredi welin, tas Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam ýykylýardy.[14]

Ýedinji mysal

«Habrulümme»[15] we «Terjümanul-Kuran» diýen tahalluslary bilen meşhur hezreti Ibni Abbasyň (r.a), şol sanda pygamberimiziň (s.a.w) hyzmatkäri, beýik alym sahaba Ibni Mesudyň (r.a) adyndan beýan edilýän ygtybarly habarda şeýle diýilýär:

Mekge alnan güni Käbede we onuň töwereginde düýbüne gurşun guýlup berkidilen üç ýüz altmyş sany but bardy. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam elindäki ýaýa meňzeýän hasa bilen olaryň haýsy birine yşarat edip,

جَاءَ الْحَقُّ وَزَهَقَ الْبَاطِلُ اِنَّ الْبَاطِلَ كَانَ زَهُوقًا[16]

diýse we haýsy tarapy görkezse, şol tarapa hem agyp gaýdýardy: ýüzüne yşarat etse, arkanlygyna ýykylýardy, ýeňsesine yşarat etse, ýüzünligine ýykylýardy. Şeýdip, putlar ýere seriliberýärdi.[17]

Sekizinji mysal

Meşhur Buheýra diýen hristiýan ruhanysy bilen baglanyşykly bolup geçen waka:

Pygamberlikden öň Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam kakasynyň dogany Ebu Talyp hem-de birnäçe kureýşli bolup, söwda üçin Şama gidýärler. Ýolda olaryň kerweni ruhany Buheýranyň kilisesiniň deňinde goş ýazdyrýar. Adatça, adamlara goşulyşmaýan, wagtyny ýalňyzlykda geçirýän Buheýra şol gezek birden hüjresinden çykyp, olaryň ýanyna gaýdyberýär. Gelibem, adamlaryň arasyndan ala-böle Muhammedül-Emini (s.a.w) synlamaga durýar. Soňra-da kerwendäkilere şeýle diýýär: «Bu älemleriň seýýididir, ol pygamber bolar». Kureýşliler ondan: «Sen muny nireden bilýärsiň?» diýip soraýarlar. Ýagşyzada ruhany olara şu jogaby berýär: «Gelýärkäňiz sizi synladym. Bir bölek bulut üstüňizden aýrylman geldi. Goş ýazdyranyňyzdan soňra bolsa, şol bulut şu kişiniň (Muhammedül-Emin aleýhyssalatu wessalam) üstüne süýşüp, oňa kölege boldy. Galyberse-de, töwerekdäki daşdyr agaçlaryň oňa tagzym edişini gördüm. Bu bolsa nebilere mahsus ahwalatdyr».[18]

Ine, şu sekiz waka meňzeş ýene-de segsen wakany mysal getirip bolar. Bu sekiz mysaly birleşdirenimizde, bir topar zynjyrlaryň birleşmeginden emele gelen berdaşly, kuwwatly zynjyr kimin, hiç hili şübhä ýer goýmaýan ygtybarly habar döreýär. Hawa, mugjyzanyň şu görnüşini, ýagny jansyz barlyklaryň pygamberligiň delili hökmünde dile gelmegi bilen baglanyşykly şol hadysalar hakdaky habarlary bütinleýin alanymyzda hemmesi birleşip, mütewatür ygtybarlylyga eýe bolýar. Bir habaryň ygtybarlylyk derejesi beýleki habarlaryň hasabyna güýçlenýär. Öz güýjünden kän esse güýje eýe bolýar. Hawa, inçejik agaç bölegi galyň-galyň agaçlar bilen birleşip, bir çogdama öwrülende, berkeýändir. Süňňi ejiz, güýçsüz bir adam goşun gullugyna gidip, «harby lybasy geýmek bilen» şeýle bir ägirt güýje eýe bolýar welin, ýeke özi müň adamyň hakyndan gelip bilýär.

On ikinji bellik

«On birinji bellik» bilen baglanyşygy bolan üç mysal. Bular örän uly ähmiýete eýedir.

Birinji mysal

وَمَا رَمَيْتَ اِذْ رَمَيْتَ وَلكِنَّ اللّهَ رَمَى[19]

aýatynyň aç-açan beýan etmegine, şeýle hem tefsirçi alymlaryň tassyklamagyna, şol sanda bütin hadys ulamalarynyň habar bermegine görä, Bedir söweşinde Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam ýerden bir gysym toprak (içinde kiçijik daş bölejikleri hem bar) alaga-da, kapyrlaryň goşunyna tarap sowrupdyr-da, şeýle diýipdir.

شَاهَتِ الْوُجُوهُ[20]

Bu keleme bir ýola aýdylan hem bolsa, duşmanyň her bir nökeriniň gulagyna baryp ýetipdir. Edil şonuň ýaly-da, zyňlan şol bir gysym toprak hem olaryň her biriniň gözüne baryp giripdir. Şondan soňra duşman nökerleri hüjüm etmekden geçen, gaýtam, gözlerini tutuşyp, yza tesmek bilen bolupdyrlar.

Ymam Muslim, galyberse-de, beýleki hadys ulamalary habar berýär:

Bedirde bolşy ýaly, Huneýn söweşinde hem kapyrlar güýçli hüjüme geçen heňňamynda pygamberimiz (s.a.w) ýene-de ýerden bir gysym toprak alyp, olara tarap zyňypdyr we şeýle diýipdir:

 شَاهَتِ الْوُجُوهُ  

Şonda شَاهَتِ الْوُجُوهُ sözüniň kapyrlaryň her biriniň gulagyna baryp ýetişi deýin, Allanyň rugsady bilen, zyňlan şol bir gysym gum hem olaryň her biriniň ýüzüne baryp degipdir. Kapyrlar gözlerini tutup,  gaçmaga başlapdyrlar.[21]

Ine, Kuranyň mugjyzawy beýanynda Bedirde we Huneýnde bolup geçen şol täsin hadysanyň adaty sebäpler we ynsan güýji bilen baglanyşygynyň ýokdugy hakynda şeýle diýilýär:

وَمَا رَمَيْتَ اِذْ رَمَيْتَ وَلكِنَّ اللّهَ رَمَى[22]

Ýagny «Muňa ynsanyň güýji ýetmez. Eýsem Allanyň gudratydyr» diýýär.

Ikinji mysal

Buharyda, Muslimde, galyberse-de, beýleki sahyh hadys kitaplarynda habar berilýär:

Haýber söweşi heňňamynda bir jöhit aýal geçiniň etinden nahar taýýarlaýar. Oňa örän güýçli zäher goşýar. Soňra Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalama iberýär. Sahabalar nahary iýmäge başlanam şol welin, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýip gygyrýar:

اِرْفَعُوا اَيْدِيَكُمْ اِنَّهَا اَخْبَرَتْنِى اَنَّهَا مَسْمُومَةٌ[23]

Ýagny «Şu bişirilen geçi maňa özüniň zäherlidigini habar berýär» diýýär. Şol bada her kim nahardan elini çekýär. Emma Bişr ibnül Bera (r.a) eýýäm bir lukma iýip ýetişen eken. Zäheriň ýiti täsiriniň netijesinde ol şol ýerde wepat edýär. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam Zeýnep diýen şol aýaly ýanyna çagyrdyp, ondan «Näme üçin beýtdiň?» diýip soraýar. Ugursyz aýal pygamberimize (s.a.w) şeýle diýip jogap berýär: «Eger-de çyndan hem pygamber bolsaň, onuň saňa zyýany ýetmez. Eger, hökümdar bolsaň, ynsanlary senden halas etmek niýetim bardy».

Käbir hadysa görä, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam bu zenany öldürtmändir, bir maglumata görä bolsa, öldürdipdir. Ulamalar ony özüniň öldürtmändigini, eýsem hezreti Bişriň (r.a) hossarlarynyň ygtyýaryna berendigini, şolaryň öldürendigini aýdýarlar.[24]

Şu ajaýyp mugjyza hadysasy bilen baglanyşykly iki-üç sany belligimiz bar:

Birinjisi, bir hadysa görä, bişen geçiniň dile gelenini sahabalar hem eşidipdir.[25]  

Ikinjisi, başga bir hadysa görä, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam naharyň zäherlenendigini bilenden soňra, sahabalara: «Bismillä» diýiň-de iýiberiň, zäheriň täsiri bolmaz» diýipdir. Ibni Hajer Askalany waka bilen baglanyşykly aýdylan şu görnüş hadysy kabul etmändir, ýöne kabul edenler hem bar.[26]

Üçünjisi, şol gezek netikaza jöhitler Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalama we onuň iň ýakyn egindeşleri bolan sahabalara birbada uly zarba urjak ekenler. Gaýypdan habar berýän şu hadysadan soňra olaryň bu pygyllary paş bolýar. Pirimleri başa barmaýar. Duýduryş dogry çykýar. Ýene bir zat: ömrylla Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň biri-birine çapraz gelýän sözüni eşitmedik sahabalar Onuň (s.a.w) «Geçi maňa şeýle diýýär» diýende, geçiniň dile gelşini öz gulaklary bilen eşiden dek ynanypdyrlar.[27]

Üçünji mysal

Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň hezreti Musa aleýhyssalamyň «Ýedi beýza»[28] diýlip atlandyrylýan hem-de hasasy bilen baglanyşykly görkezen mugjyzalaryna meňzeýän üç sany mugjyzasy hakda gürrüň ediler.

Birinjisi. Hezreti Ahmed ibni Hanbel (r.a) Ebu Saidil-Hudrynyň (r.a) sözlerine esaslanyp, şulary beýan edýär:

Ýagyşly, tüm garaňky gije ekeni. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam Katade ibni Numanyň (r.a) eline bir hasa berýär-de, şeýle diýýär: «(Bu edil) çyra ýaly bolup, seniň on arçyn töweregiňi ýagtyldar. Haçanda öýüňe baranyňda, gara bir zadyň kölegesini görersiň. Ol şeýtandyr. Ony öýüňden çykaryp kow!»

Şonda Katade hasany alyp, (öýüne) gidýär. Hasa (Musa aleýhyssamyň) «Ýedi-beýza» mugjyzasynda bolşy ýaly, töwerege ýagty saçypdyr. Ol öýüne gelýär. Şol gara zady görýär. Ony öýünden çykaryp, gümüni çekýär.[29]

Ikinjisi. Bu hadysa hem nijeme täsin wakalaryň ýüze çykan şanly Bedir söweşinde bolup geçýär. Ukkaşe ibnül-Muhassinil-Esed (r.a) müşrikler bilen söweşip ýörkä, gylyjy döwülýär. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam oňa: «Şunuň bilen uruş» diýip, gylyjyň ýerine ýogyn bir taýak berýär. Birdenem ýaňky taýak Allanyň rugsady bilen uzyn, ak gylyja öwrülýär. Hezreti Ukkaşa (r.a) şonuň bilen söweşmäge başlaýar. Ol bu gylyjy bütin ömri boýunça, tä Ýemame söweşinde şehit bolýança ýanyndan aýyrmaýar.[30]

Şu mugjuzanyň bolup geçeni şübhesizdir. Hezreti Ukkaşe (r.a) bütin ömri boýunça oňa buýsanyp gezipdir. Şol gylyç «El-awn»[31] ady bilen meşhur bolupdyr. Hezreti Ukkaşäniň (r.a) «Bu şeýle gylyçdyr» diýip buýsanyp gezmegi hem-de şol gylyjyň «El-awn» ady bilen meşhur bolmagy-da şol mugjyzanyň bolup geçendiginiň anyk iki delilidir.

Üçünjisi. Ibni Abdil-Berr ýaly öz zamanasynyň beýik ulamasy we başga-da nijeme beýik alymlar seljermeleriniň esasynda beýan edýärler:

Uhud söweşinde Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň ejekesiniň ogly Abdulla ibni Jahşyň (r.a) gylyjy döwülýär. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam oňa bir taýak berýär. Ýaňky taýak onuň elinde gylyja öwrülýär. Şonuň bilen söweşmäge başlaýar. Ana, şol gylyç mugjyza eseri hökmünde ýadygär galýar. Meşhur Ibni Seýýidin-Nas siýer[32] kitabynda munuň bilen baglanyşykly şeýle bir maglumat berýär: «Soň-soňlar Abdullanyň neberesi şol gylyjy Bugaýy-Türki diýen bir adama iki ýüz dinara satdy».[33] Ine, şu iki gylyç Musanyň hasasy ýaly mugjyza eseridir. Ýöne ondan bir tapawudy, hezreti Musa (a.s) aradan çykandan soňra onuň hasasynyň mugjyzalyk tarapy galmady, emma gylyja öwrülen taýaklar bolsa gylyçlygyna saklanyp galdy.


[1] Hurma töňňesiniň iňlemesi.

[2] Sa – ölçeg birligi;1 sa=3200 gr.

[3] Kad Yýaz, «Şifa», 1/306; Buhary, 4/235.

[4] Kady Yýaz, «Şifa», 1/306; Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe», 6/66.

[5] Kady Yýaz, «Şifa», 1/306, 307; Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe», 6/69; Ajluni, «Kenzul-Ummal», 2/365.

[6] Men şeýle bir daş bilýärin, (haçanda onuň ýanyndan geçenimde) maňa salam bererdi.

[7] Jebaraýyl aleýhyssalam maňa pygamberligi getirenden soňra, daşa ýa-da agaja gabat gelenimde maňa «Essalamu aleýke, eý, Allanyň resuly!» diýýärdi.

[8] «Eý, Rebbim! Bu meniň kakamyň dogany. Bularam onuň ogullary. Şeýdip olaryň üstüni örtüşim deýin, sen hem olary dowzahyň ataşyndan goraweri!» (Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe» 6/71).

[9] Kady Yýaz, «Şifa», 1/168; Tirmizi, 46/3, 6; Darimi, «Mukaddime» 3; Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe» 2/135.

[10] «Eý, Uhud, dur (köşeş)! Seniň üstüňde bir pygamber, bir syddyk, iki sany hem şehid dur!» (Buhary, «Fezailus-Sahabe» 5, 56; Muslim, 4/1880; Ebu Davud, 2/515; Tirmizi, hadys № 3758.)

[11] «Eý, Allanyň resuly! Maňa gel!» (Kady Yýaz, «Şifa» 1/308).

[12] «Olar (Alla şärik goşanlar) Allany doly manyda tanap bilmediler. Kyýamat gününde Ýer dolulygyna Onuň gysymynda bolar. Asman hem Onuň elinde düýrlener» («Zümer» süresi, 39/67).

[13] Soňsuz Gudratyň we Beýikligiň eýesi bolan, herki zadyň gudratyna boýun egýäni, hiç bir zadyň gudratyna garşy gelip bilmeýäni – Alla Özüniň beýikligini yglan edip, şeýle diýýär: «Jepbar Mendirin, Jepbar Mendirin, her zatdan iň beýik bolan Mendirin!».

[14] Kady Yýaz, «Şifa», 1/308; Muslim, 4/147, 2148.

[15] Habrulümme – Ymmatyň alymy.

[16] «Hak geldi, batyl ýok boldy. Şübhesiz, batyl ýok bolujydyr». («Isra» süresi, 81).

[17] Buhary, 3/178; Muslim, 3/1407, 1408.

[18] Kady Yýaz, «Şifa», 1/308, 364; Beýhaky, 3/161-163; Tuhfetul-Ahwezi, 10/90-93, hadys № 3699.

[19] «Zyňan mahalyň sen zyňmadyň, eýsem Alla zyňdy!» («Enfal» süresi, 8/17).

[20] Ýüzleri gara bolmuşlar!

[21] Ebu Dawud, hadys № 4508, 4509; Müsned, 2/451; Muslim, «Jihad» 81, 3/1398, hadys № 1775, 1777; Beýhaky, 3/78-81, 5/137.

[22] «Zyňan mahalyň sen zyňmadyň, eýsem Alla zyňdy!» («Enfal» süresi, 8/17).

[23] «Eliňizi çekiň! Ol maňa özüniň zäherlenendigini aýdýar»

[24] Buhary, 2/121, 3/114; Darimi, «Mukaddime», 1/35; Kady Yýaz, «Şifa», 1/316; Ibnul-Kaýýum el-Jewzi, «Zadul-Mead», 3/336; Beýhaky, 6/256, 264.

[25] Tebrizi, «Miflkatul-Mesabih», hadys №5931; Ebu Dawud, «Diýat» 6; Darimi, «Mukaddime» 11.

[26] Kady Yýaz, «Şifa», 1/317-319; Aliýýul-Kary, «Şerhuş-şifa» 1/645.

[27] Ebu Dawud, «Diýat» 6; Darimi, «Mukaddime» 11; Heýsemi, «Mejmauz-Zewaid», 8/295-296; Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe», 4/262.

[28] Ýedi-beýza – ak el. Hezreti Musanyň (a.s) Fyrawyna görkezen mugjyzasyna berilýän at.

[29] Kady Yýaz, «Şifa», 1/323; Müsned, 3/65; Ajluni, «Kenzul-Ummal», 11/381, 12/381, 12/376; Heýsemi, «Mejmauz-Zewaid», 2/166, 167.

[30] Kady Yýaz, «Şifa», 1/323; Müsned, 3/65; Ajluni, «Kenzul-Ummal», 11/381, 12/381, 12/376; Heýsemi, «Mejmauz-Zewaid», 2/166, 167.

[31] El-awn – Ýardamçy.

[32] Siýer – Pygamberimiziň (aleýhyssalatu wessalam) durmuşyndan söhbet açýan dini hem ylmy kitap.

[33] Kady Yýaz, «Şifa», 1/323; Beýhaky, 3/232, 4/97.