Pygamberimiziň Mugjyzalary 15

On üçünji bellik

Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň hassalary we ýaralylary mübärek demi bilen bejermegi dogrusyndaky habar mutewatürdyr. Bu mugjyza görnüşi örän köp ýola gaýtalanypdyr. Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň şu mugjyza görnüşiniň habarlyk derejesi alamatlary boýunça bütin mysallary bilen birlikde magnawy mutewatür mertebesindedir. Kysymlaýyn alanymyzda-da şeýledir. Bu mugjyza görnüşine degişli hadysalaryň käbiri ahadi (az kişi tarapyndan gürrüň berlen) görnüşde gelip ýetipdir. Şeýle hem bolsa, hadysçy alymlaryň dykgatly nazaryndan geçendigi sebäpli, olary-da ygtybarly habar diýip kabul etmek gerek. Ynha, biz şu ýerde köp gezek bolup geçen mugjyzalaryň şu görnüşine degişli birnäçe hadysany ýatlap geçmekçi.

Birinji mysal

Günbataryň beýik ulamasy Kady Yýaz hezretleriniň «Şifaýi-Şerif» atly eserinde bütin senetleri (kimden kime geçipdir) we bütin rawylary (gürrüň beren kişiler) berlen şu hadysy Resuly-Ekremiň (s.a.w) hyzmatkäri, serkerdebaşysy, hezreti Omaryň (r.a) zamanasynda yslam goşunyna baştutanlyk eden, Eýranyň fatyhy,[1] Aşereýi-Mubeşşerreden[2] hezreti Sad ibni Ebi Wakkas (r.a) gürrüň berýär:

Uhud söweşinde Resuly-Ekremiň (s.a.w) ýanynda men hem bardym. Şol gün Resuly-Ekrem (s.a.w) tä ýaýy döwülýänçä kapyrlara ok ýagdyrdy. Soňra bolsa maňa ok bermäge başlady. Oklar «naslsyzdy», ýagny gowy uçmagyna ýardam edýän ganatlary ýokdy. Pygamberimiz bu oklary maňa berýärdi-de: «At» diýýärdi. Men hem atýardym. Atan oklarym edil ganatly oklar ýaly şuwlap gidip, kapyrlary ýere serýärdi.

Şol gezek Katade ibni Numanyň (r.a) gözüne ok degdi. Gözi hanasyndan çykyp, sallanyp durdy. Resuly-Ekrem (s.a.w) mübärek, şypaly eli bilen onuň gözüni owasyna ýerleşdirdi. Ýaňky göz hiç zat bolmadyk ýaly, şypa tapýar. Hatda beýleki gözünden has owadan göründi.

Ine, şu waka meşhurlyk gazanypdyr. Hatda Katadäniň (r.a) bir agtygy hezreti Omar ibni Abdulaziziň (r.a) ýanyna gelen wagty, özüni şu şygyr setirleriniň üsti bilen tanadypdyr:

 «Men şeýle kişiniň agtygy: Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam onuň çykan gözüni ýerini goýan badyna şypa tapdy. Iň owadan gözi hem şol boldy».[3]

Şeýle hem ygtybarly hadysa görä, «Ýewmi-Ziýkarad» diýilýän söweşde meşhur Ebu Katadäniň (r.a) mübärek ýüzüne ok degýär. Şonda Resuly-Ekrem (s.a.w) mübärek eli bilen onuň ýüzüni sypapdyr. Ebu Katade (r.a): «(Şondan soňra) Ne agyry duýdum, ne-de ýara yzyny gördüm» diýýär.[4]

Ikinji mysal

Buhary we Muslimde, galyberse-de beýleki sahyh hadys kitaplarynda beýan edilýän başga bir hadys:

Resuly-Ekrem (s.a.w) Haýber söweşinde Aliýýi-Haýdary (r.a) baýdak göteriji edip belleýär. Ýöne şol wagt hezreti Alynyň (r.a) gözleri bir dert tapyp, agyrýardy. Resuly-Ekrem (s.a.w) melhem deýin mübärek tüýküligini onuň gözüne çalýar welin, şol wagtyň özünde şypa tapýar. Hiç agyrysy galmaýar. Säher bilenem hezreti Alynyň (r.a) baştutanlygynda Haýber galasy alynýar. Şonda hezreti Aly (r.a) galanyň demirden ýasalan agyr gapysyny ýerinden goparyp alyp, galkan edip ulanýar.

Şol wakada Seleme ibnul-Ekwanyň (r.a) aýagyna gylyç ýarasy düşýär. Resuly-Ekrem (s.a.w) onuň pers-ala bolan aýagyna dem salypdyr welin, ýarasy şol bada gutulypdyr.[5]

Üçünji mysal

Nesaýi, galyberse-de, başga-da nijeme siýer ýazarlary Osman ibni Huneýfiň (r.a) adyndan şu hadysy beýan edýärler:

Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň ýanyna kör biri gelip, (şeýle) diýdi: «Gözlerimiň açylmagy üçin doga et!» (Şonda) Resuly-Ekrem (aleýhyssalatu wessalam) oňa şeýle diýip tabşyryk berdi:

فَانْطَلِقْ وَتَوَضَّاْ ثُمَّ صَلِّ رَكْعَتَيْنِ وَقُلِ اللّهُمَّ اِنِّى اَسْئَلُكَ وَاَتَوَجَّهُ اِلَيْكَ بِنَبِىِّ مُحَمَّدٍ نَبِىِّ الرَّحْمَةِ يَا مُحَمَّدُ اِنِّى اَتَوَجَّهُ بِكَ اِلَى رَبِّكَ اَنْ يَكْشِفَ عَنْ بَصَرِى اَللّهُمَّ شَفِّعْهُ فِىَّ[6]

Ol hem gidip, tabşyryşy ýaly etdi. Soňra dolanyp geldi. (Görsek,) gözi açylypdyr. Oňat görýär eken.[7]

Dördünji mysal

Beýik ymam Ibni Weheb habar berýär:

Bedr söweşinde şehit bolan on dört kişiniň birisi Muawwiz ibni Afrady (r.a). Ol şonda Ebu Jehil bilen tutluşýar. Länet siňmiş Ebu Jehil bu yslam gahrymanynyň bir elini kesip taşlaýar. Ol hem gopan elini beýleki eline alyp, Resuly-Ekremiň (s.a.w) gaşyna gelýär. Resuly-Ekrem (s.a.w) onuň elini ýene öňki ýerine goýup, tüýküligini çalýar. Şolbada şypa tapýar. Ol ýene urşuň içine siňýär. Tä şehit bolýança söweşýär.[8]

Şeýle hem, beýik ymam Jelil ibni Weheb habar berýär:

Şol söweşde Hubeýb ibni Ýesaf omzundan gylyç zarbasyny alýar. Gylyjyň zarbyna omzy jaýryk açyp, agyr ýara emele gelýär. Resuly-Ekrem (s.a.w) onuň goluny egnine ýapyşdyraga-da, dem salýar. Ol hem şypa tapýar.[9]

Ine, şu iki waka habari-wahiddir (az kişi tarapyndan beýan edilipdir). Emma Ibni Weheb ýaly ymam şu wakalaryň bolup geçendigini ykrar edýär. Galyberse-de, bu waka şunuň ýaly ençeme täsin wakalara sahna bolan Bedr söweşinde bolup geçýär. Şeýle hem, şu iki hadysa deýin ýene-de nijeme täsin waka ýüze çykypdyr. Diýmek, bu iki wakanyň bolup geçendigi anykdyr, şübhesizdir.

Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň mübärek elinden adamlaryň şypa tapandygyny subut edýän sahyh hadyslara esaslanýan başga-da müňe ýakyn waka bar.

***

Bu parça lagly-göwher bilen ýazylmaga laýykdyr

Hawa, ýokarda beýan edilişi ýaly, Onuň (s.a.w) eliniň aýasynda uşajyk daşlaryň zikir çekip, tesbih aýtmagy;

وَمَا رَمَيْتَ اِذْ رَمَيْتَ[10]

aýatyndan belli bolşy ýaly, şol aýadaky daş bölejikleriniň, topragyň gülle deýin ýagyp, duşmany duw-dagyn etmegi;

وَ انْشَقَّ الْقَمَرُ[11]

aýatynda anyk aýdylyşy ýaly, şol eliň barmagynyň Aýy ikä bölmegi;

şol eliň on barmagyndan lummurdap akýan çeşme deýin suw akmagy we giden goşunyň ondan ine-gana içmegi;

şol elden kesellileriň, ýaralylaryň şypa tapmagy bu mübärek eliň neneňsi täsin ylahy gudrat mugjyzasydygyny görkezýär.

Şol eliň aýalary dost-ýar üçin göýä çaklaňja zikirhanadyr: daşjagazlar onuň içinde zikir çekip, tesbih aýdýar.

Duşman üçin rabbany gorhanadyr: şol eliň içine giren daş we gum güllä, bomba öwrülýär.

Ýaralylar, hassalar üçin bolsa, çaklaňja rahmany dermanhanadyr: islendik derde melhem bolýar.

Gazap bilen ýokary galsa, Aý ikä bölünip, kaby-kawseýniň şekilini alýar. Mähir-merhemete bürenen çagy aby-köwser akydýan on gözli rahmet çeşmesine dönýär.

Eger, bu Şahsyň (s.a.w) ýeke eline şeýle täsin mugjyzalar berlen bolsa, onuň (s.a.w) älemiň Ýaradyjysynyň ýanynda nähili makul görülýändigi, çagyrýan ýolunyň näderejede dogrudygy, şol ele gol berenleriň nähili bagtyýardygy aňryýany bilen düşnükli bolsa gerek!

Bir sowal. Birentek hadysa mütewatür diýipsiň. Emma biz olaryň köpüsini birinji gezek eşidýäris. Mütewatür habar bolar-da, heýem bilinmän galarmy?!

Jogaby. Şerigat ulamasynyň mütewatür we ygtybarly hasap edýän habarlarynyň köpüsinden alym bolmaýan kişileriň habary hem ýokdur. Ýa bolmasa, hadysçy alymlaryň bilýän şeýle kän mütewatür hadyslary bar welin, başgalaryň nazarynda olar ahadi (çeşmesi az bolan) habar hem däl. Aýtmak isleýän zadymyz, islendik alymyň berýän maglumaty şol ylmyň nazaryýet esaslaryna daýanýandyr. Halk köpçüligine bolsa, alymyň diýýäni bilen razylaşaýmak galýar ýa-da her bir kişiniň özi düýpleýin öwrenip, anygyna göz ýetirmeli bolýar.

Beýan edýän wakalarymyz hadys, fykyh alymlarynyň, kelam ulamasynyň, şeýle hem, beýleki din alymlarynyň arasynda mütewatür, magnawy mütewatür, tewatür mertebesinde ygtybarly diýip hasaplanan, anyklygy ykrar edilen hadyslardyr. Ylymsyz ýönekeý halk ýa-da gözli kör nadanlar bilmeýän bolsalar, bu olaryň öz günäsidir.

Bäşinji mysal

Meşhur hadysçy, tefsirçi, fykyhçy alym Ymam Bagawi hadyslaryň çeşmesini ymykly derňäp, olaryň ilki kim tarapyndan aýdylandygyny ýüze çykarýan eken. Ine, şeýle hadysyň biri hem şudur:

Hendek söweşinde bir kapyr Ali ibnül-Hakemiň (r.a) aýagyny döwýär. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam eli bilen onuň aýagyny sypalaýar welin, şol wagtyň özünde şypa tapýar. Hatda bu sahaba atyndanam düşmeýär.[12]

Altynjy mysal

Ymam Beýhaky, galyberse-de, beýleki hadys alymlary habar berýär:

Bir gün Ymam Aly (r.a) ýaraman ýatyrdy. Çekýän yzasyndan ýaňa öz ýanyndan doga edip, iňleýärdi. Şonda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam geldi-de şeýle diýdi:

اَللّهُمَّ اشْفِهِ[13]

Soňra-da aýagyny hezreti Ala (r.a) degrip: «Tur (ýeriňden)» diýdi. Onuň derdi şolbada el bilen aýrylan ýaly boldy. Ymam Aly (r.a) bu barada şeýle diýýär: «Şondan soňra şol kesel meniň golaýyma gelmedi».[14]

Ýedinji mysal

Şurahbilel-Jufi (r.a) bilen baglanyşykly meşhur waka: bu şanly sahabanyň eliniň aýasynda etden bir ösüntgi bardy. Gylyjyny, atyň jylawyny tutup bilmeýärdi. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam mübärek eli bilen ösüntginiň üstünden sypady welin, ýaňky ösüntgiden nyşan galmady.[15]

Sekizinji mysal

Her biri Muhammet aleýhyssalatu wessalamyň ajaýyp mugjyzasyna miýesser bolan alty oglanjyk hakda.

Birinjisi. Ibni Ebu Şeýbe (ajaýyp alym, meşhur hadysçy) gürrüň berýär:

Bir aýal Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň ýanyna gepläp bilmeýän, üstesine-de akyly kemter bir oglanjygy getirdi. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam suw alyp, mübärek agzyny çaýkady. Soňra elini ýuwdy. Yzyndanam şol suwy bir gaba guýup, ýaňky aýala berdi-de: «Oglanjyga içirersiň» diýdi. Oglanjyk şol suwdan içenden soňra hassalygyndan alamat galmady. Akyly şeýle bir goýaldy, şeýle bir kämilleşdi welin, akylly diýilýän köp adamdan ozdurdy.[16]

Ikinjisi. Hezreti ibni Abbas (r.a) gürrüň berýär:

Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň ýanyna telbe oglanjygy getirdiler. Pygamberimiz (s.a.w) mübärek elini onuň döşüne goýdy. Oglanjyk birden gusmaga başlady. Içinden kiçiräk hyýara barabar gara bir zat çykdy. Şondan soň oglanjyk şypa tapyp, ötägitdi.[17]

Üçünjisi. Ymamy Beýhakyda we Nesaýide beýan edilen ygtybarly habar:

Muhammet ibni Hatib diýen oglanjygyň goluna gazanda gaýnap duran (çorba) dökülýär. Şonda tutuş eli ýanýar. Ony Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň ýanyna getirýärler. Pygamberimiz (s.a.w) onuň elini sypap, ýanan ýerine mübärek tüýküligini çalýar. Oglanjyk şol wagtyň özünde sagalýar.[18]

Dördünjisi. Geplär ýaşa ýetenem bolsa dili açylmadyk bir oglanjygy Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň ýanyna alyp gelýärler. Şonda pygamberimiz (s.a.w) ondan: «Men kim?» diýip soraýar. Mundan öň lal gezip ýören oglanjyk:

اَنْتَ رَسُولُ اللّهِ[19]

diýip, geplemäge başlaýar.[20]

Bäşinjisi. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam bilen ençeme sapar ýakaza äleminde görşen, asyryň beýik ymamy Jelaleddin Suýuti, rawylaryna we ygtybarlylygyna göz ýetirensoň, Mübärekül-Ýemame atly meşhur kişi bilen baglanyşykly şu hadysy beýan edýär:

Ony heniz ýaňy dünýä inen wagty Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň ýanyna getirýärler. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam onuň ýüzüne seredenden çaga geplemäge başlaýar:

اَشْهَدُ اَنَّكَ رَسُولُ اللّهِ[21]

Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam oňa «Berekella» diýýär. Çagajyk şondan soňra ulalýança geplemeýär. Ol çaga Muhammet aleýhyssalatu wessalamyň ine, şu mugjyzasyna we «Berekella» dileg-dogasyna miýesser bolany üçin Mübärekül-Ýemame ady bilen meşhur bolýar.[22]

Altynjysy. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam namaz okap durka, bezzat bir oglanjyk öňünden geçýär. Şonda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam şeýle diýipdir:

اَللّهُمَّ اقْطَعْ اَثَرَهُ[23]

Şondan soňra ol çaga aýakdan galýar. Şeýdip, bezzatlygynyň jezasyny çekýär.[24]

Ýedinjisi. Özüni çaga ýaly alyp barýan haýasyz bir zenan Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň iýip otyran naharyndan bermegini isleýär. Pygamberimizem (s.a.w) berýär. Ýöne ol zenan: «Ýok, agzyňdakyny ber!» diýýär. Pygamberimiz (s.a.w) onuň diýşi ýaly edýär. Şol lokmany iýenden soňra ýaňky zenanyň öňki bihaýalygyndan nyşan galmaýar. Ol Medinäniň iň edepli, iň haýaly zenanlarynyň birine öwrülýär.[25]

Ine, bu sekiz waka deýin ýene segsen däl, eýsem sekiz ýüz sany wakany mysal getirmek bolýar. Olaryň köpüsi siýer we hadys kitaplarynda berilýär.

Görşümiz ýaly, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň mübärek eli Lukman Hekimiň dermanhanasy, tüýküligi hezreti Hyzyryň (a.s) aby-haýýaty, demi hezreti Isa aleýhyssalamyň demi deýin medetgäh eken, şypagäh eken.  Adamlaryň bolsa hassalyk diýdi, beýleki diýdi, ýagysy ýetik. Şol sebäpli hem, hökmany suratda, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň ýanyna derdine derman gözläp gelen kän bolandyr. Hassalar, derde ýolugan çagalar, mežnunlar gelendir. Hemmesem şypa tapyp gidendir.

Hatda kyrk gezek haj ybadatyny berjaý eden, kyrk ýyllap ýatsy namazynda alan täretini bozman ertir namazyny okan, tabygynyň beýik ymamlaryndan, örän köp sahaba bilen görşen, «Tawus» lakamy bilen bilinýän Ebu Abdurrahman el-Ýemany hiç gypynç etmän ynha, şuny habar berýär:

 «Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam ýanyna näçe mežnun gelen bolsa, olaryň synasyna mübärek elini goýandan mežnunlar sagalýar eken. Onuň (s.a.w) ýanyna gelip, derdine derman tapman giden ýok eken».[26]

Ine, sagadatlyk asyrynda ýetişen ymamyň sözleri şeýle ynamly, şeýle kesgitli çykýar. Diýmek, pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna gelen hassalaryň hemmesi şypa tapypdyr. Bu bolsa hökmany suratda il arasynda ýaýrandyr. Onda, hökmany suratda, müňlerçe kişi derdi üçin oňa (s.a.w) ýüz tutandyr.


[1] Fatyh – açan; bir ülkäni ýa-da bir ýeri öz häkimiýetine geçiren diýmek.

[2] Aşereýi-Mubeşşere – heniz ýaşaýarka, pygamberimiz (s.a.w) tarapyndan jennete düşjekdigi buşlanan on sahaba.

[3] اَنَا ابْنُ الَّذِى سَالَتْ عَلَى الْخَدِّ عَيْنُهُ ٭ فَرُدَّتْ بِكَفِّ الْمُصْطَفَى اَحْسَنَ الرَّدِّ فَعَادَتْ كَمَا كَانَتْ ِلاَوَّلِ اَمْرِهَا ٭ فَيَا حُسْنَ مَا عَيْنٍ وَيَا حُسْنَ مَا رَدٍّ

[4] Muslim, 4/1876-1880; Beýhaky, 2/650, 3/907, 251, 4/193; Kady Yýaz, «Şifa», 1/322.

[5] Musned, 1/85, 2/145; Buhary, 4/58, 65, 73; Kady Yýaz, «Şifa»,1/323.

[6] «Git-de täret al! Soňra iki rekagat namaz oka! (Soňra-da şeýle diýip) doga et: «Eý, Rebbim! Rahmet pygamberi hezreti Muhammedi şepagatçy edinip, saňa ýönelýärin we senden dileýärin! Eý, Muhammet, seni şepagatçy edinip, gözlerimi açmagy üçin seniň Rebbiňe ýönelýärin. Onuň meniň üçin edýän töwallasyny kabul eýle!» («Sahihul-Jamius-Sagyýr», hadys №:1290.)

[7] Kady Yýaz, «Şifa», 322; Tirmizi, 5/569, hadys №3578.

[8] Kady Yýaz, «Şifa», 1/324.

[9] Kady Yýaz, «Şifa», 1/324, Beýhaky, 6/178, 3/97.

[10] «Zyňan mahalyň sen zyňmadyň, eýsem Alla zyňdy!» («Enfal» süresi, 8/17).

[11] «Aý (ikä) bölündi» («Kamar» süresi, 54/1).

[12] Kady Yýaz, «Şifa» 1/323; Beýhaky, 6/185; Ibni Hajer, 2/507; Aliýýul-Kary, «Şerhuş-şifa» 1/656.

[13] Eý, Allam! Oňa şypa ber!

[14] Kady Yýaz, «Şifa» 1/323; Müsned, 1/83, 84, 107, 128, Beýhaky, 6/179; Tirmizi, «Daawat» 112.

[15] Kady Yýaz, «Şifa», 1/324; Beýhaky, 6/182.

[16] Kady Yýaz, «Şifa», 1/324; Beýhaky, 6/182.

[17] Kady Yýaz, «Şifa», 1/324; Beýhaky, 6/182, 187; Musned, 4/172; Darimi, 1/11-12.

[18] Kady Yýaz, «Şifa», 1/324; Beýhaky, 6/174.

[19] Sen Allanyň resuly!

[20] Kady Yýaz, «Şifa», 1/319; Beýhaky, 6/60-61.

[21] Seniň Allanyň resulydygyňa şaýatlyk edýärin!

[22] Kady Yýaz, «Şifa», 1/319; Beýhaky, 6/598-65.

[23] Eý, Allam! Sen hem ony (bu hokgasyny) kes!

[24] Kady Yýaz, «Şifa», 1/328; Beýhaky, 5/243.

[25] Kady Yýaz, «Şifa», 1/325; Heýsemi, «Mejmauz-zewaid» 8/312.

[26] Kady Yýaz, «Şifa», 1/335; Aliýýul-Kary, «Şerhuş-şifa» 1/676.