On bäşinji bellik
Daş, agaç, Aý, Gün ýaly barlyklar Resuly-Ekremi (s.a.w) bilýärler. Olar mugjyzalar arkaly onuň (s.a.w) pygamberdigini ykrar edýärler. Edil şonuň ýaly, haýwanlardyr ölülerem, jynlardyr perişdelerem bu Mübärek Şahsyýeti tanaýarlar, olar hem mugjyzalar arkaly onuň pygamberligini ykrar edýärler.
Ine, «On bäşinji bellik» pygamberimiziň (s.a.w) şu hili mugjyzalary hakdadyr. Bu bap üç bölümden durýar.
Birinji bölüm
Ýokarda belleýşimiz ýaly, janly-jandarlar Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamy tanaýarlar. Olar bilen baglanyşykly mugjyza hadysalary-da ýüze çykypdyr. Şeýle hadysalaryň bolsa sany kän. Biz şu ýerde diňe hadysçy alymlaryň biragyzdan ykrar eden, meşhur hem-de «magnawy tewatür» mertebesindäki habarlara daýanýan birnäçe mugjyzany beýan ederis.
Birinji hadysa. Magnawy tewatür mertebesindäki meşhur habar:
Resuly-Ekrem (s.a.w) bilen Ebu Bekir Syddyk (r.a) kowgudan gaçyp, gizlenmek üçin Sewr gowagyna girýär. Şonda gowagyň edil agzyna iki sany kepderi gelip gonýar-da, sakçy mysaly oturyberýär.[1] Möý bolsa gowagyň agzyna kerep örýär. Aňtawçy toparyň arasynda kureýşiň kethudalaryndan Ubeýý ibni Hale-de bar eken. (Resuly-Ekrem (s.a.w) Ubeýý ibni Haleni Bedr söweşinde öldürýär). Onuň ýoldaşarynyň biri gowagyň içine girmegi teklip edýär. Şonda Ubeýý ibn Hale şeýle diýýär: «Heý, girer ýalymy?! Durşuna kerep bolup dur-a. Bu kerep heniz Muhammet dünýä inmänkä-de bar bolaýmasa. Ol iki kepderä näme diýjek?! Adam bolsa, heý durarlarmy şo taýda?!»[2]
Şeýle hem, ymam Jelil ibni Wehebiň gürrüň bermegine görä, Mekgäniň eýelenen güni hem bir süri kepderi Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň üstüne kölege bolupdyr.[3]
Şeýle hem, hezreti Äşe Syddyk enemiz (r.anha) tarapyndan beýan edilýän ygtybarly habarda şeýle diýilýar: «Öýümizde kepderi pisint «dajin» diýilýän bir guş bardy. Ol Resuly-Ekrem aleýhyssalat wessalam öýde barka-ha sessiz-üýnsüz, ümsüm oturandyr. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam öýden çykaram welin, bir o ýana – bir bu ýana uçup, oda-köze düşüberýärdi, bir ýerde durmaýardy».[4]
Diýmek, şol guş Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamy diňleýän eken. Pygamberimiz (s.a.w) öýdekä şol guş edil suslanan ýaly bolýardy.
Ikinji hadysa. Şu hadysa bäş-alty sany çeşmä daýanýar. Bu jähetden magnawy tewatür mertebesindäki habardyr. Gurt hakdaky şu täsin hadysa örän köp kişi tarapyndan gürrüň berlipdir. Olaryň arasynda meşhur sahabalar hem bar. Ebu Saidil-Hudry, Seleme ibnul-Ekwany, Ibni Ebi Wehebi, Ebu Hureýräni (r.a) we şol wakalaryň birine gönümel gatnaşan çopany (Uhban) mysal getirmek bolýar.
Hadysanyň gysgaça mazmuny:
Bir gurt sürüden bir geçini alyp barýan eken. Süriniň çopany geçini halas edýär. Şonda gurt dile gelip, çopana şeýle diýýär: «Alladan gorkman, rysgymy elimden aldyň». Gurt adam ýaly gepläp duransoň, çopan geň galýar: «Heý-weý, gurdam bir geplärmi?!» Şonda gurt: «Nämä geň galýaň! Gaýtam, seniň şu bolup ýörşüň geň. Ine, şu depäniň aňyrsynda bir pygamber döredi. Ol sizi jennete çagyrýar. Seniň bolsa habaryň ýok!» diýýär.
Ine, şu hadysany näçe kişi gürrüň beren bolsa, olaryň hemmesi gurduň adam ýaly gepländigini ykrar edýär. Ýöne örän ygtybarly çeşmeleriň biri bolan Ebu Hureýräniň (r.a) beýany beýlekileriňkiden biraz tapawutlanýar. Çopan şonda gurda şeýle diýipdir: «Eger men Onuň ýanyna gitsem, sürime kim sereder?!» Gurt hem: «Meniň özüm serederin» diýipdir. Onsoň çopan sürini gurda tabşyryp, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamy görmäge gidipdir. Iman getirip, yzyna dolanyp gelse, gurt geçileri bakyp ýör eken. Süriniň sany kemelmändir. Şunlukda, çopan özüne halypalyk eden gurda bir geçi soýup beripdir.[5]
Ýene şeýle bir waka bolup geçipdir. Bir gezek kureýşiň kethudalaryndan Ebu Sufýan bilen Safwan ikisi Haremi-Şerifiň töwereginde bir gurda rast gelýär. Gurt bir keýigi aňtap gelen eken. Keýik Haremi-Şerifiň çägine aralaşansoň, gurt girmän duruberipdir. Ebu Sufýan bilen Safwan muny görüp, haýran galypdyr. Şonda gurt edil adam ýaly dile gelip, bu ikisine Muhemmediň (s.a.w) pygamberdigini habar beripdir. Ebu Sufýan bilen Safwan öz aralarynda şeýle diýip şertleşipdirler: «Bu bolup geçen zady hiç kime gürrüň bermäli. Ýogsam, Mekgede adam galmaz. Hemmesi onuňkylyk bolar».[6]
Görşümiz ýaly, gurt bilen baglanyşykly hadysa «magnawy tewatur» mertebesinde beýan edilipdir. Bu onuň ygtybarlylygyny görkezýär.
Üçünji hadysa. Düýe bilen baglanyşykly bu habar bäş-alty ýoldan gelipdir. Ýagny bu hadysa Ebu Hureýre, Salebe ibni Malik, Jabir ibni Abdulla, Abdulla ibni Jafer, Abdulla ibni Ebi Ewfa ýaly meşhur sahabalar tarapyndan gürrüň berlipdir. Onuň gysgaça mazmuny şeýleräk:
Bir düýe Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň ýanyna gelýär-de, hormat bilen başyny egýär. Soňam dil açyp, pygamberimiz (s.a.w) bilen gepleşýär.
Şol sahabalaryň käbiri bu wakany, ynha, şeýleräk gürrüň beripdir:
Bir gün şol düýe guduz açan ýaly bolup, hiç kimi ýanyna goýbermändir. Adamçy ýaly kimi görse, üstüne topulyberipdir. Haçanda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam mellege gelip girende, ýaňky häsiýetsiz düýäniň sesi-üýni kesilipdir. Ol ilkibaşda salam berýän ýaly, pygamberimiziň (s.a.w) öňüne gelip başyny egipdir. Soňam ýanyna baryp çöküpdir. Resuly-Ekrem (s.a.w) hem onuň boýnuna owsary salypdyr. Şonda düýe pygamberimize (s.a.w) şeýle diýipdir: «Hojaýynym şu çaka çenli meni gaýgyrman işletdi. Indem, soýjak bolýar. Ana, şoňa gaharym geldi». Pygamberimiz (s.a.w) düýäniň eýesinden «Düýe şeýle diýip dur welin, dogrymy şol?» diýip soraýar. Ol hem «Hawa» diýip jogap berýär.[7]
Indiki gürrüň berjek bolýan hadysamyz bolsa Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň Adba diýen düýesi hakdadyr. Pygamberimiz (s.a.w) dünýeden ötenden soňra Abda-da hiç zat iýip-içmändir. Ahyram ölüpdir.
Ebu Ishak Isferany ýaly käbir meşhur ymamlar hem Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň öz düýesiniň diline düşünendigini, onuň bilen köp zadyň gürrüňini edendigini habar beripdirler.[8]
Hezreti Jabir (r.a) tarapyndan gürrüň berlen ygtybarly hadysyň birinde şeýle diýilýär:
Bir gezek Jabir ibni Abdullanyň düýesi ýadapdyr. Hatda ýöremäge mejaly galmandyr. Şonda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam ony çalaja dürtüpdir. Şondan soňra düýä täze güýç gelen ýaly bolup, ýöreýşini çaltlandyrypdyr. Soňabaka ony saklabam bolmandyr. Beýleki düýeler onuň yzyna-da eýerip bilmändir.[9]
Dördünji hadysa. Bu wakany Buhary, galyberse-de, beýleki hadys ymamlary beýan edýärler:
Bir gezek «Medineýi-Münewwerä duşman ýetip gelýär» diýen habar ýaýraýar. Onsoň gijäniň bir wagty gerçekler dumlu-duşdan atlanyp, duşmanyň nirä ýetenini bilmek üçin çykyp gidýärler. Şonda olaryň öňünden Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam çykýar. Ol ýaňky atlylara alada edere zadyň ýokdugyny aýdýar. Habar ýalan eken. Şu taýda pygamberimiz (s.a.w) özüniň deňsiz-taýsyz batyrlygyny görkezipdir. Ol her kimden öňürtiläp, habaryň dogry ýa-da däldigini anyklap gelipdir. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam şonda Ebu Talhanyň (r.a) meşhur atyny münüp gidipdir. Pygamberimiz (s.a.w) Ebu Talhanyň (r.a) atyny yzyna getirip berende oňa şeýle diýipdir:
وَجَدْتُ فَرَسَكَ بَحْرًا
(«Atyň örän ýyndam eken».)
Aslynda bolsa Ebu Talhanyň aty ýyndam ýa-da tohum atlardan däl eken. Ýöne şol gijeden soň ýaryşlarda onuň öňüne geçip bilen at bolmandyr.[10]
Ýene ygtybarly hadyslaryň birinde şeýle bir waka gürrüň berilýär: Bir gezek Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam namazyny okamak üçin münüp barýan atyna: «Dur» diýipdir. Ol at pygamberimiz (s.a.w) tä namazyny okap bolýança, gymyldaman durupdyr.[11]
Bäşinji hadysa. Bu wakaResuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň hyzmatkäri Sefine bilen baglanyşyklydyr. Ol pygamberimiziň (s.a.w) tabşyrygy bilen Ýemene, Muaz ibni Jebeliň (r.a) ýanyna gidýär. Ýolda onuň öňünden bir ýolbars çykýar. Sefine ýolbarsa: «Men Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň hyzmatkäri» diýýär welin, ýolbars bir arlaýar-da, öz ýoluna gidiberýär.
Başga bir maglumata görä, bu hadysa şeýle bolup geçipdir: Sefine Ýemenden yzyna dolanyp gelýärkä azaşypdyr. Şol gezip ýörşüne öňünden bir ýolbars çykypdyr. Ýolbars oňa hiç zat etmändir. Gaýtam, oňa ýoly salgy beripdir.[12]
Hezreti Omaryň (r.a) adyndan beýan edilýän habar:
Bir gezek Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň ýanyna çarwa biri geldi. Onuň elinde hažžyk bardy. Bu sähraýy adam hažžygy görkezip şeýle diýdi: «Ine, şü seniň pygamberligiňi ykrar etse, menem seniň pygamberligiňi ykrar etjek, bolmasa-da iman getirjek däl». Onsoň Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam jandardan özüne iman getirip getirmeýändigini sorady. Hažžygam örän düşnükli dilde onuň pygamberligine şaýatlyk edýändigini aýtdy.[13]
Müminleriň enesi Ümmi Selemäniň (r.a) gürrüň bermegine görä, bir keýik Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam bilen adam dilinde gepleşipdir. Onuň pygamberligine şaýatlyk edipdir.[14]
Şuňa meňzeş mysallary näçe diýseň getirip oturmaly. Biz şol wakalaryň arasyndan diňe has giňden ýaýranlaryny beýan etdik.
Şu taýda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň pygamberligini ykrar etmeýän, oňa eýermeýän kişiler barada-da kelam agyz aýdyp geçeliň:
Eý, adam ogly, ybrat al! Görýäňizmi? Gurt, ýolbars ýaly jandarlar Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň kimdigini bilýär we onuň emirlerine etagat edýär. Onuň ýaly bolsa, ynsan hökmünde sizem keýik, gurt ýaly jandarlardan pese düşmäň!
Ikinji bölüm
Ölüleriň, jynlaryň hem-de perişdeleriň Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamy tanaýşynyň beýany.
Munuň bilen baglanyşykly kän hadysa bolup geçipdir. Şu ýerde biz ygtybarly ymamlar tarapyndan habar berlen ölüler bilen baglanyşykly meşhur hadyslary beýan ederis. Şol hadyslara görä ölüler dile gelip, pygamberimiz (s.a.w) bilen gepleşýärler. Soňra pygamberimiziň (s.a.w) jynlardyr perişdeler bilen gatnaşygyny görkezýän mütewatür hadyslardan mysallar getireris. Aslynda olar bilen baglanyşykly mugjyzawy wakalaryň sany müňe dagy ýetýär.
Ölüniň dile gelşi hakdaky birinji hadysa. Tabygyn döwrüniň iň uly ulamasy, Ymam Alynyň (r.a) sadyk şägirdleriniň biri bolan Hasan Basry hezretleri habar berýär:
Bir adam Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň ýanyna gelip, aglap ine, şuny gürrüň berdi. «Meniň bir gyzjagazym bardy. Ol öldi. Onuň jesedini pylan ýerde gömüp gaýtdym». Onuň bu halyna Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň ýüregi awady. Onsoň oňa: «Ýör, şol ýere gideli» diýdi. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam (gyzjagazyň depin edilen) ýerine baryp, «Pylany» diýip, gyzyň adyny tutup seslendi. Ölen gyz «Lepbeý, emir ediň!» diýip ses berdi. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam ondan: «Ene-ataň ýanyna gelmek isleýärmiň?» diýip sorady. Ol gyz: «Ýok, meniň üçin bärisi gowy» diýip jogap berdi.[15]
Ikinji hadysa. Beýhaky we Ibni Adiýý ýaly ymamlar ine, şu hadysany hezreti Enes ibni Maligiň (r.a) adyndan gürrüň berýärler:
Bir garry zenanyň ýeke-täk ogly aradan çykypdyr. Zenan muňa diýseň gynanypdyr. Onsoň ol: «Rebbim! Seniň razylygyň üçin we Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalama hyzmat etmek üçin hijret edip, bu ýere geldim. Resulyň hormatyna ýeke-täk perzendimi maňa gaýtaryp ber!» diýip, Hudaýa ýalbarypdyr. Hezreti Enesiň (r.a) aýtmagyna görä, şonda onuň ölen perzendi ýerinden turup, olar bilen oturyp, nahar iýipdir.[16]
Ymam Busaýrynyň «Kasideýi-Burdesinde» şu ajaýyp hadysa yşarat edilýär:
لَوْ نَاسَبَتْ قَدْرَهُ آيَاتُهُ عِظَمًا ٭ اَحْيَى اسْمُهُ حِينَ يُدْعَى دَارِسَ الرِّمَمِ
«Eger, mugjyzalary mertebesine mynasyp beýiklikde we sarpasyna laýyk derejede ýüze çykan bolsady, onuň hormatyna endamy sowap ýetişmedik ölüler däl, eýsem çakyry çykan süňkler hem jana gelerdi».
Üçünji hadysa. Ymam Beýhaky, galyberse-de, beýleki hadysçy alymlar ensar Abdulla ibni Ubeýdullanyň adyndan habar berýärler:
Sabit ibni Kaýs ibni Şemmas Ýemame urşunda şehit boldy. Ony jaýlan wagtlary men hem şol ýerdedim. Şonda onuň gabryndan şeýle ses geldi:
مُحَمَّدٌ رَسُولُ اللّهِ وَاَبُو بَكْرٍ الصِّدِّيقُ وَعُمَرُ الشَّهِيدُ وَعُثْمَانُ الْبَرُّ الرَّحِيمُ[17]
Onsoň şeýdip ses gelip duransoň, ölmedik bolaýmasyn diýip gabyry täzeden açyp gördük. Beýle däl eken. Hakykatdan hem ölüpdir.[18]
Üns berýän bolsaňyz, hezreti Omar heniz halyflyga geçmänkä, öli adam onuň şehit boljagyny habar beripdir.
Dördünji hadysa. Bu wakaYmam Taberanynda we Ebu Nuaýmyň «Delaili-Nubewwesinde» Numan ibni Beşeriň adyndan gürrüň berilýär:
Zeýd ibni Harise bazarda gezip ýörkä, ýykylyp öldi oturyberdi. Ony öýe getirdik. Agşam bilen ýassy aralagynda bolsa gerek. Töwereginde aýallar aglaşyp otyrdylar. Öli ýatan adam birden: («Sesiňizi goýuň») diýip seslendi:
اَنْصِتُوا اَنْصِتُوا
Soňam hakyt şeýle diýdi:
مُحَمَّدٌ رَسُولُ اللّهِ اَلسَّلاَمُ عَلَيْكَ يَا رَسُولَ اللّهِ
Üstüni açyp, seretsek welin, jany ýok, ölüp ýatyr.[19]
Ine, görşümiz ýaly jansyz jesetler onuň pygamberligini ykrar edýärler. Onsoň janly adam onuň pygamberligini tassyk etmese nähili bor?! Naýynsaplyk bolmazmy? Has dogrusy, beýle adamdan jansyz jeset bolup ýatan ölüler hem ybaly dälmidir?
Geleliň perişdelerdir jynlar bilen baglanyşykly ýüze çykan hadysalara.
Perişdeleriň Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamy goraglap gezendigi, jynlaryň iman getirip, oňa etagat edendigi mütewatür habara daýanýar. Bu barada Kuranyň aýatlarynda beýan edilýär. Bedir söweşinde sahabalar bilen bir hatarda bäş müň sany perişde-de onuň gullugynda bolupdyr. Hatda şol perişdeler «Bedir gazylary» diýen belent ada laýyk görlüpdir.[20]
Perişdeler we jynlar dogrusynda iki belligimiz bar.
Birinjisi, jynlardyr perişdeleriň bardygy anykdyr. Haýwanlar bilen ynsanlaryň arasynda baglanyşygyň bolşy ýaly olaryň hem biziň bilen baglanyşygy bardyr. Bu «Ýigrimi dokuzynjy sözde» iki ikiniň dört bolşy ýaly çürt-kesik subut edilendir. Şol ýerde okap bilersiňiz.
Ikinjisi, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň belent mertebesiniň saýasynda ymmatyndan käbir kişiler perişdeleri hut öz gözleri bilen görüpdir, olar bilen gepleşipdir. Elbetde, beýle wakalara pygamberimiziň (s.a.w) mugjyzasy hökmünde garalmalydyr.
Meselem, şu hadysa Buharyda, Muslimde, galyberse-de, beýleki meşhur hadys ymamlarynyň eserlerinde beýan edilýär:
Bir gezek Jebraýyl perişde ynsan keşbinde gelipdir. Ol ap-ak geýimde eken. Şol wagt Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam sahabalar bilen söhbet edip otyran eken. Jebraýyl onuň golaýyna baryp, şu soragy beripdir:
مَا اْلاِسْلاَمُ وَمَا اْلاِيمَانُ وَمَا اْلاِحْسَانُ
(«Iman näme? Yslam näme? Yhsan näme? Düşündirip ber!»)
Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam hem onuň bu sowalyna jogap beripdir. Şol ýerde oturan sahabalar Jebraýylyň bu sowalynyň saýasynda öň özlerine ýat bolan täze düşünjeler bilen tanşypdyrlar. Sowal beren kişini-de aýyl-saýyl görüp bilipdirler. Olaryň aýtmagyna görä, bu kişiniň myhmandygy belli, ýöne uzak ýoldan gelen birine-de meňzäp baranok eken. Birdenem ol nirädir bir ýere ýitirim bolupdyr. Onsoň Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam: «Bu gelen Jebraýyl. Size şu zatlary öwretmek üçin geldi» diýipdir.[21]
Hadys ymamlarynyň beýan eden anyk ygtybarly hadysyna görä, Jebraýyl perişde Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň ýanyna köplenç Dyhýe atly sahabanyň keşbinde geler eken. Sahabalardan muny görenler bolupdyr. Dyhýe görmegeý, syratly adam bolan eken.[22]
Hezreti Omar, Ibni Abbas, Usame ibni Zeýd, Harise, Aýşeýi-Syddyka, Ummi Seleme ýaly beýik sahabalar habar berýär:
«Biz hezreti Jebraýyly Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň ýanynda Dyhýäniň keşbinde görýärdik».[23]
Ine, şunuň ýaly beýik şahsyýetler heýem görmedik zadyna gördük diýip aýdarmy?!
Bu sahyh hadysy Aşereýi-mübeşşereden, Eýrany eýelän yslam goşunynyň serkerdesi Sad ibni Ebi Wakkas (r.a) gürrüň berýär:
Uhud söweşinde ak geýimli iki kişi Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň ýanyndan aýrylmady. Olar pygamberimizi goraýardylar. Görüp otursak, olar Jebraýyl bilen Mikaýyl perişde eken.[24]
Ras, yslamyň gahrymany «Gördüm» diýýän bolsa, munda şubhe bolup bilmez!
Bu sahyh hadysy bolsa Ebu Süfýan ibni Haris ibni Abdulmuttalib (pygamberimiziň doganoglany) gürrüň berýär:
«Bedir söweşinde asmandan inýän ak geýimli atlylary gördük».[25]
Şeýle hem, bir gezek hezreti Hamza Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalama «Meniň hem Jebraýyl perişdäni göresim gelýär» diýip, ýalbaryp goýmaýar. Onsoň Käbede oňa Jebraýyl görnüpdir. Şonda herzeti Hamza ýykylyp, özünden gidip ýatyberýär.[26]
Ine, şunuň ýaly wakalar kän bolup geçipdir. Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň şeýle mugjyzalary bize perişdeleriň hem onuň pygamberlik çyragynyň daşynda perwana bolandygyny görkezýär.
Jynlar bilen baglanyşykly mugjyza hadysalary
Jynlar bilen diňe sahabalaryň däl, eýsem Muhammet ymmatynyň iň ýönekeý adamlary hem görşüpdir. Muňa näçe diýseň mysal getirmek bolýar. Bu barada iň sahyh, iň ygtybarly habary hadys ymamlaryndan eşitmek gerek. Olar bize ibni Mesgudyň (r.a) adyndan ine, şuny habar berýärler:
Jynlaryň musulman bolan gijesi men olary gözüm bilen gördüm. Olar sudan kowmunyň zutt diýilýän taýpasynyň adamlaryna meňzeýärdi. Olaryň hem boýy uzyndy.[27]
Şu ýerde hadys ulamasynyň biragyzdan ykrar eden Halid ibni Welid (r.a) bilen baglanyşykly meşhur hadysany gürrüň berýäris:
Uzza diýilýän buty ýumranlarynda, onuň içinden gap-gara zenan şekilinde bir jyn çykýar. Hezreti Halid (r.a) gylyjy bilen bir zarbada ony ikä bölüp taşlaýar. Şonda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam şeýle diýýär: «Şu wagta çenli Uzzanyň içinde ýerleşen şu jyna ybadat edilýärdi. Mundan soňra beýle bolmaz».[28]
Hezreti Omaryň (r.a) adyndan gürrüň berilýän şu meşhur habarda bolsa şeýle diýilýär:
Bir gezek Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň töweregini gallap otyrdyk. Şonda Hame diýen bir jyn garry adamyň sypatynda geldi. Onuň elinde hasasy bardy. Jyn pygamberimize (s.a.w) iman getirdi. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam oňa gysga süreleriň birnäçesini öwretdi. Şunlukda, ol pygamberimizden (s.a.w) sapak alyp, ötägitdi.[29]
Käbir hadys ulamasy şu hadysyň ygtybarlylygyna şübhelenen hem bolsa, meşhur ymamlaryň aglabasy onuň sahyhdygy dogrusynda güwä geçipdir. Bu barada gürrüň uzadyp oturmagyň geregi ýok. Çünki jynlar bilen baglanyşykly bolup geçen şuňa meňzeş wakalar başga-da köp.
Galyberse, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň nurana ýoluna, terbiýesine eýeren Şeýhi-Geýlany (k.s) ýaly müňlerçe aktap, müňlerçe asfiýa perişdeler, jynlar bilen görşüpdir, söhbetdeş bolupdyr. Munuň anyk delillere daýanýan ýüzlerçe mysaly bar.[30] Muhammet ymmatynyň perişdelerdir jynlar bilen görşüp, söhbetdeş bolmaklarynyň özi-de Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň deňsiz-taýsyz terbiýeleýjiliginden, ýol görkezijiliginden nyşandyr.
Üçünji bölüm
Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň gorag astynda bolmagy bilen onuň ismet (päk, günäsiz) sypatynyň özi gündiz ýaly aýdyň mugjyzadyr. Bu ajaýyp mugjyzanyň iň anyk delili ine, şu aýaty-kerimedir.
وَاللّهُ يَعْصِمُكَ مِنَ النَّاسِ[31]
Aýatyň açyk manysyna görä aýtmaly bolsa, bu mugjyzanyň şu görnüşi kän ýola gaýtalanypdyr.
Hawa, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam pygamberligini yglan eden wagty ýeke özi bir taýpanyň, bir kowmuň ýa-da sanalgyja syýasatçynyň ýa bolmasa bir diniň däl, eýsem dünýädäki bütin patyşalyklaryň we dinleriň garşysyna çykypdy. Şonda ony ilki bilen inkär eden agasy bolupdy. Öz kowmy, tiresi ganym duşmanyna öwrülipdi. Muňa garamazdan pygamberligini bina eden bütin ýigrimi üç ýyl boýunça onuň (s.a.w) şahsy goragçysy bolmandy. Duşmanlary näçe gezekler onuň janyna kast etmek isläpdiler, emma pirimleri paşmandy. Onuň bagtyýar ömri düşeginde tamamlanypdy. Tä Meleýi-Aglaýa göterilýänçä, ýagny bütin ömrüne şeýlekin gorag astynda bolmagy, abraý-mertebesine hiç çirk ýetmezligi
وَاللّهُ يَعْصِمُكَ مِنَ النَّاسِ[32]
aýatynyň nähili güýçli hakykaty habar berendigi, oňa mizemez arkadaýanç bolandygy Gün ýaly äşgär görünýär.
Biz şu ýerde bu mugjyza görnüşine degişli hadysalaryň birnäçesini beýan etmekçi. Bu hadysalar ygtybarly çeşmelere daýanýar.
Birinji hadysa. Bu waka siýer we hadys kitaplarynyň hemmesinde beýan edilýär:
Kureýşliler Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamy öldürmegiň kül-külüne düşýärler. Olar öz aralarynda munuň maslahatyny edýärler. Şonda ynsan sypatyna giren bir şeýtanyň öňe süren teklibi makul görülýär. Her tireden bir adamyň gatnaşmagynda bir topar döredýärler. Şunlukda, kureýşlileriň arasynda agzalalyk dörejek däldi. Ebu Jehildir Ebu Lehebiň baştutanlygyndaky şol topar Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň öýüni gabaýar. Şol gün Resuly-Ekremiň (s.a.w) ýanynda hezreti Aly (r.a) bar eken. Pygamberimiz (s.a.w) hezreti Ala (r.a): «Bu gije meniň ýerimde sen ýat» diýýär. Özi bolsa kureýşliler öýüň daşyny gabaýança garaşýar. Diňe şondan soňra öýden çykýar. Çykybam olaryň üstüne bir gysym toprak sowrup goýberýär welin, müşrikler ony görüp bilmeýärler. Pygamberimiz (s.aw) olaryň edil aralaryndan geçip, ötägidýär.[33] Sewr gowagynda hem şunuň ýaly waka bolýar. Şonda hem iki gumry bilen bir möý ony birtopar kureýşliden goraýar.[34]
Ikinji hadysa. Gürrüň berjek bolýan şu wakamyz hem sahyh hadysa daýanýar.
Ýadyňyzda bolsa, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam bilen Ebubekir Syddyk (r.a) Mekgeden Medinä hijret edenlerinde bir gowakda gizlenýärler. Olar şeýdip kowgudan gutulýarlar. Şondan soňra Medinä tarap ýola düşýärler. Mundan habardar bolan kureýşiň kethudalary Süraka diýen garadan gaýtmaz adamy hakyna tutup, olaryň yzyndan kowgy iberýärler. Niýetleri oňa pygamberimizi öldürtmek. Munuň üçin Süraka ummasyz serpaý wada berýärler. Şunlukda, Süraka Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam bilen Ebu Bekir Syddygyň (r.a) yzyny çalyp gidiberýär. Ahyry olaryň yzyndan ýetýär. Sürakanyň gelýänini gören Ebubekir Syddyk (r.a) howsala düşýär. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam şonda Ebubekir Syddyga (r.a) şeýle diýýär:
لاَ تَحْزَنْ اِنَّ اللّهَ مَعَنَا[35]
Süraka bir seretse, atynyň aýaklary ýere gömlüp barýar. Ol atyny çägeden eýdip-beýdip çykarýar-da, ýene olaryň yzyna düşýär. Aty ikinji ýola batýar. Bu gezegem halas bolsa-da bolýar welin, atynyň aýagynyň batan ýerinden tüssä meňzeş bir zadyň çykyp duranyny görüp, puşmana gelýär. Ne özüniň, ne-de başga biriniň Resuly-Ekreme (s.a.w) zyýan ýetirip bilmejegine göz ýetirensoň, iki elini galdyryp aman diläberýär. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam ony bagyşlaýar. Ýöne şeýle diýibem tabşyrýar: «Bar, git! Bolan zady bolşy ýaly olara gürrüň ber! Goý, yzymyza düşmäge milt etmesinler!»[36]
Ýeri gelensoň, edil şu hadysa bilen baglanyşygy bolan başga bir wakany hem gürrüň bereliň. Bu waka hem sahyh hadysda geçýär:
Şol gezek bir çopan pygamberimiz (s.a.w) bilen Ebu Bekir Syddyga (s.a.w) duş gelýär. Ol muny kureýşlilere habar bermek üçin Mekgä ýelk ýasaýar. Mekgä gelip ýetse-de ýetýärem welin, şähere girenden näme üçin gelenini unudýar. Näçe ýadyna düşürjek bolsa-da, teý başarmaýar. Onsoň yzyna dolanýar. Ol bu zatlaryň ýörite unutdyrylandygyna soň düşünip galýar.[37]
Üçünji hadysa. Hadys ymamlary Gatafan ýa-da Enmar söweşi wagtynda bolup geçen şu hadysany birnäçe kişiniň adyndan beýan edipdirler:
(Şol töwerekdäki bir) kowmuň Gawres diýen örän dogumly serdary bar eken. Şol kişi bir gezek assyrynlyk bilen Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň ýanyna ýakynlaşýar. Onuň başujuna dikilip, gylyjyny syrýar-da, öldürmek üçin häzir bolup durýar. Resuly-Ekreme (s.a.w) garabam şeýle diýýär: «Aýt, bakaly! Meniň elimden seni kim halas eder?» Şonda pygamberimiz (s.a.w) hiç hili ikirjiňlenmän: «Alla!» diýip jogap berýär. Yzyndanam şeýle diýip doga edýär:
اَللّهُمَّ اكْفِنِيهِ بِمَا شِئْتَ[38]
Şol barmana Gawresiň iki omzunyň ortasyndan şeýle bir zarba inýär welin, elinden gylyjy gaçyp, ýere serlip ýatyberýär. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam gylyjy eline alyp: «Indi seni kim halas eder?» diýýär. Ýöne Resuly-Ekrem (s.a.w) onuň janyny bagyşlaýar. Gawres kowmunyň arasyna gaýdyp baranda, ony görüp haýran galýarlar. «Näme boldy saňa? Näme üçin hiç zat edip bilmediň?» diýişýärler. Ol öz kowumdaşlaryna bolan zady aýdyp berýär we şeýle diýýär: «Men şu wagt iň gowy ynsanyň ýanyndan gelýärin!»[39]
Bedir söweşi wagtynda şu hadysa meňzeş başga bir waka bolup geçýär. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň seresaplylygy elden beren wagtyny peýlän bir mynapyk onuň (s.a.w) arkasynda peýda bolýar. Ol öldürmek üçin gylyjyny ýokary galdyranda, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam yzyna öwrülip, şeýle bir dikanlap seredýär welin, mynapyk saňňyl-saňňyl edip, elinden gylyjyny gaçyrýar.[40]
Dördünji hadysa. Indi bolsa magnawy tewatür ýakyn derejede meşhur bolan bir hadysany beýan edýäris. Aglaba tefsirçi we hadysçy alymlar bu hadysany ine, şu aýatyň inmeginiň sebäbi hökmünde görkezýärler.
اِنَّا جَعَلْنَا فِى اَعْنَاقِهِمْ اَغْلاَلاً فَهِىَ اِلَى اْلاَذْقَانِ فَهُمْ مُقْمَحُونَ ٭ وَجَعَلْنَا مِنْ بَيْنِ اَيْدِيهِمْ سَدًّا وَمِنْ خَلْفِهِمْ سَدًّا فَاَغْشَيْنَاهُمْ فَهُمْ لاَ يُبْصِرُونَ[41]
Wakanyň gysgaça mazmuny şeýleräk:
Bir gezek Ebu Jehil eline ullakan bir daşy alyp: «Muhammet seždä giderem welin, ine, şu daşy depesinden inderjek» diýip ant içip, awy ýalapdyr. Şunlukda, ol Allanyň resuly (s.a.w) seždä giden wagty ýanyna baryp, elindäki daşy ýokaryk galdyrandan, eli doňup galyberipdir. Diňe Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam namazyny okap bolandan soňra, elini aşak indirip bilipdir. Başgaça aýtsak, onuň eliniň aşak inmegine Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň özi ýol beren bolmaly ýa-da muňa mätäçlik galmadyk bolmaly.[42]
Başga bir maglumata görä, Ebu Jehiliň tiresinden bolan Welid ibni Mugyra Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň ybadat edýän wagtyna gabatlap, eline daş alyp, Mesjidi-Harama gelýär. Niýeti Allanyň resulyna ezýet bermek. Birdenem onuň gözleri gapylýar. Ybadat edip duran Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam onuň gözüne görünmeýär. Onsoň ol nalaç yzyna dolanmaly bolýar. Hatda şonda bu zalymlygy etmek üçin özüni küşgüren kişileriňem sesini eşidýär, sudurlaryny bolsa görmeýär. Haçanda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam namazyny okap bolýaram welin, Mugyranyň gözleri açylýar, ýagny onuň gözüniň gapylmagyna gerek galmaýar.[43]
Şeýle hem, Ebu Bekir Syddygyň (r.a) adyndan beýan edilýän şeýle bir sahyh habar bar:
تَبَّتْ يَدَا اَبِى لَهَبٍ[44]
süresi inenden soňra, Ebu Lehebiň aýaly Ümmi Jemil, başgaça aýtsak, «dowzahyň odunçysy»[45] eline bir daş alyp, Mesjidi-Harama eňýär. Şol ýerde Ebu Bekir (r.a) bilen Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam ikisi oturan eken. Ýöne Ümmi Jemiliň gözleri Ebu Bekir Syddygy (r.a) görse-de, edil onuň ýanynda duran Resuly-Ekremi (s.a.w) görmeýär. Onsoň ol Ebu Bekire (r.a) şeýle diýýär: «Eý, Ebu Bekir! Seniň dostuň nirede? Ol men hakynda erbet zatlar diýenmiş. Bir göräýsem bolýar! Ine, şu daş bilen agzynyň üstüne berjek!»
Şol pursatda Allanyň goragy astynda bolan Sultany-Lewlaky[46] (s.a.w) dowzahyň haýsydyr bir odunçysynyň görüp biljek gümany barmy diýsene?! Ol kim bolýarmyş?![47]
Bäşinji hadysa. Bu hadysa hem sahyh habara daýanýar:
Amir ibni Tufeýl bilen Erbed ibni Kaýs pygamberimize (s.a.w) sütem etmegiň kül-külüne düşýär. Amir: «Men-ä ony gepe güýmärin, senem etjegiňi edersiň» diýýär. Şunlukda, olar Resuly-Ekremiň (s.a.w) ýanyna barýarlar. Ýöne näme üçindir Ibni Kaýs hiç zat edip bilmeýär. Pygamberimiz (s.a.w) olaryň ýanyndan gidensoň, Amir ibn Tufeýl ýoldaşyndan: «Näme üçin hiç zat etmediň?» diýip soraýar. Ol bolsa: «Nädip uraýyn?! Ynha, uraýyn diýýän welin, her saparynda aramyza sen girýärsiň. Näme, saňa ýumruk çalaýynmy?!» diýýär.[48]
Altynjy hadysa. Buhem sahyh hadysa daýanýar. Waka Uhud ýa-da Huneýn söweşinde bolup geçýär. Şeýbe ibni Osman el-Hajebi (onuň kakasynyň doganyny hem-de kakasyny hezreti Hamza (r.a) öldüripdir) hezreti pygamberimizden (s.a.w) aryny almakçy bolup ýören ekeni. Söweşiň arasynda bir ýoluny tapyp, oňa Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň ýeňsesinden ýakynlaşmak başardýar. Gylyjyny ýalaňaçlap, oňa zarba urjak bolanda, hiç zat ýok ýerden gylyjy elinden gaçýar. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam yzyna gaňrylyp seredýär. Elini bolsa onuň döşüne goýýar. Şeýbe wakanyň şu ýerini şeýle gürrüň berýär: «Şol pursat meniň üçin dünýäde ondan gowy adam ýokdy». Şunlukda, Şeýbe imana gelýär. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam oňa: «Indi bolsa, git, söweş!» diýýär. Şeýbe: «Menem gidip, Resuly-Ekremiň aleýhyssalatu wessalamyň öňünde söweşmäge başladym. Şol pille atama gabat gelsemem, aýap goýjak däldim» diýýär.[49]
Mekke alnan güni hem şeýle waka bolup geçýär. Fedale diýen adam Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň janyna kast etmek üçin ýanyna ýakynlaşýar. Şonda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam oňa seredip ýylgyrýar. Soňra-da ondan: «Öz ýanyňdan nämäniň pikirini etdiň?» diýip soraýar we Fedalanyň bagyşlanmagyny diläp doga edýär. Şunlukda, Fedale imana gelýär. Ol şol pursaty ine, şeýle suratlandyrýar: «Meniň üçin şol wagt dünýäde ondan eziz adam ýokdy».[50]
Ýedinji hadysa. Bu hadysa hem sahyh hadysa daýanýar. Bir gezeginde jöhitler Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň janyna kast etmek isleýärler. Pygamberimiz (s.a.w) bir ýerde otyrka, onuň üstünden ullakan daş bölegini inderjek bolýarlar. Şonda Resuly-Ekrem (s.a.w) birden ýerinden turup ötägidýär. Ýagny ony Alla goraýar. Şunlukda, jöhitleriň pirimleri başa barmaýar.[51]
Hawa, pygamberimiziň (s.a.w) Allanyň goragy astynda bolandygyny görkezýän şuňa meňzeş mysal näçe diýseň köpdür. Buhary, Muslim, galyberse-de, beýleki hadys ymamlary hezreti Äşäniň (r.a) adyndan ine, şu hadysy hem beýan edipdirler:
Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam
وَاللّهُ يَعْصِمُكَ مِنَ النَّاسِ
aýaty inenden soňra, özüni goraglap gezýän adamlara şeýle tabşyryk beripdir:
يَا اَيُّهَا النَّاسُ انْصَرِفُوا فَقَدْ عَصَمَنِى رَبِّى عَزَّ وَجَلَّ
(«Meni goraglap gezmegiň geregi ýok. Rebbimiň özi meni goraýar!»)[52]
Ine, şu eseriň başyndan şu ýerine deňiç beýan edilenlere garanymyzda, şuňa göz ýetirmek bolýar:
Şu dünýäde nähili barlyk, nähili älem bar bolsa, ählisi Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamy bilýän eken. Olaryň hemmesiniň pygamberimiz (saw) bilen baglanyşygy bar eken. Onuň (s.a.w) älemdäki barlyklaryň her bir görnüşi bilen bagly mugjyzasy bolup geçen eken. Diýmek, Zaty-Ahmediýe (saw) Haktagala tarapyndan (ýöne külli älemiň Halygy, ýaradylan bütin barlyklaryň Rebbi bolan Haktagalanyň adyndan) iberilen wekil, resul eken.
Hawa, bu şeýle! Mysal üçin bir ýurduň patyşasynyň baş weziri, iň uly emeldary ýurduň hemme pudagynda, edaralarynda bilinýär we tanalýar. Onuň döwletiň bütin dolandyryş ulgamlarydyr edaralary bilen baglanyşygy bar. Çünki döwletiň ähli ulgamlaryna gözegçilik etmek hukugy oňa ýurduň hökümdary bolan patyşa tarapyndan berilýär. Eger-de, ol ýurduň baş kazysy bolsady, onda onuň sözi diňe kazyýete degişli edaralarda geçerdi. Başga pudaga degişli edaralarda belki ol tanalmaz. Ýa-da goranmak ministri bolsady, onuň sözi ykdysadyýet pudagyna ýöremez.
Edil şonuň ýaly-da, Resuly-Ekrem (s.a.w) ylahy soltanlygyň ähli çäginde tanalýar. Perişdelerden başlap, siňekdir möýe çenli her bir barlyk görnüşi onuň kimdigini bilýär. Başgaça aýtsak, olara bildirilýär. Diýmek, ol Hatemül-Enbiýadyr, Resuly-Rabbilälemindir. Beýleki pygamberlerden tapawutlylykda, onuň pygamberligi ählumumy häsiýete eýedir.
[1] Kady Yýaz, «Şifa», 1/349; Müsned, (tahkik Ahmed Şakir), 4/269, №2009.)
[2] Kady Yýaz, «Şifa», 1/313; Beýhaky, 2/213, 214, 471; Heýsemi, «Mejmauz-Zewaid», 6/52-53.
[3] Kady Yýaz, «Şifa», 1/313.
[4] Kady Yýaz, «Şifa», 1/309; Beýhaky, 6/31.
[5] Beýhaky, 6/39; Ajluni, «Kenzul-Ummal», 12/41; Musned, 3/83; Tirmizi, 4/476.
[6] Kady Yýaz, «Şifa», 1/331; Fethur-Rabbany, 2/240.
[7] Musned, 3/158; Beýhaky, 6/18; Muslim, 1/268, Hadys №79.
[8] Kady Yýaz, «Şifa», 1/313.
[9] Kady Yýaz, «Şifa», 1/331; Buhary, 7/6; Beýhaky, 6/151.
[10] Buhary, «Jihad» 55; Ibni Maje, «Jihad» 9; Muslim, 4/1803, hadys № 2307; Kady Yýaz, «Şifa», 1/330.
[11] Kady Yýaz, «Şifa», 1/315.
[12] Kady Yýaz, «Şifa», 1/314; Beýhaky, 6/45-47.
[13] Beýhaky, 6/36; Ajluni, «Kenzul-Ummal», 12/355, 358.
[14] Kady Yýaz, «Şifa», 1/266; Ibni Kesir, «el-Bidaýe wen-Nihaýe», 6/148.
[15] Kady Yýaz, «Şifa», 1/320.
[16] Beýhaky, 6/50; Kady Yýaz, «Şifa», 1/320.
[17] Muhammet Allanyň resulydyr. Ebubekir Syddykdyr. Omar şehitdir. Osman bolsa haýyrsöýer we merhemetli kişidir.
[18] Kady Yýaz, «Şifa», 1/320; Ibni Kesir, «el-Bidaýe wen-Nihaýe», 6/157-158.
[19] Ibni Kesir, «el-Bidaýe wen-Nihaýe», 6/293; Beýhaky, 6/55; «Mujemut-Taberany», 5/5140-5145.
[20] Buhary, 7/242.
[21] Buhary, «Iman» 37; Kady Yýaz, «Şifa», 1/341.
[22] Buhary, «Fezailul-Ashab» 30; Ahmed ibni Hanbel, «Fezailus-Sahabe» (tahkik: wasiýýullah), №1817, 1853, 1918; Musned, 1/212; Askalani, «Isabe», 1/598; Kady Yýaz, «Şifa», 1/361; Beýhaky, 7/52, 87.
[23] Buhary, 4/250; Kady Yýaz, «Şifa», 1/361; Beýhaky, 7/52, 87.
[24] Buhary, «Megazy» 18, «Libas» 24; Muslim, «Fezail» 46, 47, № 2306; Kady Yýaz, «Şifa», 1/361.
[25] Musned, 1/147, 353; Kady Yýaz, «Şifa», 1/362; Beýhaky, 4/151.
[26] Kady Yýaz, «Şifa», 1/362.
[27] Kady Yýaz, «Şifa», 1/343, 2/361.
[28] Ibni Kesir, «El-Bidaýe wen-Nihaýe», 4/316; Kady Yýaz, «Şifa», 1/362.
[29] Kady Yýaz, «Şifa», 1/362; Beýhaky, 5/416, 418; Ajluni, «Kenzül-Ummal», 3/166.
[30] Ibni Teýmiýe, «Et-Tewessul wel-Wesile», s. 24; Ibni Teýmiýe, «Mejmuu-Tetawa», 11/307.
[31] «Alla seni (erbet) ynsanlardan gorar». («Maide» süresi, 5/67).
[32]«Alla seni (erbet) ynsanlardan gorar». («Maide» süresi, 5/67).
[33] Kady Yýaz, «Şifa», 1/349; Musned, (tahkik Ahmed Şakir), 4/269, № 2009.)
[34] Beýhaky, 2/465; Kady Yýaz, «Şifa», 1/349.
[35] «Hatyrjem bol! Alla biziň bilendir». («Toba» süresi, 9/40).
[36] Buhary, 4/246; Kady Yýaz, «Şifa», 1/350; Beýhaky, 2/483.
[37] Kady Yýaz, «Şifa», 1/351.
[38] Eý, Allam! Meni özüň gora! (terj.bell.Aýatyň ýakyn manysy).
[39] Kady Yýaz, «Şifa», 1/347, 348; Muslim, 4/1786; Beýhaky, 3/373, 379.
[40] Kady Yýaz, «Şifa», 1/347.
[41] «Biz olaryň boýunlaryna eňeklerine çenli ýetip duran halkalar geçirdik. (Şol halkalar sebäpli) kelleleri ýokaryk bakyp durandyr. Biz olaryň öňlerinden bir bent, yzlaryndan hem bir bent etdik. (Şeýdip), olary gabap goýduk. Indi olar (hakykaty) görüp bilmezler». («Ýasin» süresi, 36/8-9)
[42] Muslim, hadys № 2797; Musned, 1/248, 2/37; Kady Yýaz, «Şifa», 1/351; Beýhaky, 2/190, 197.
[43] Kady Yýaz, «Şifa», 1/351; Beýhaky, 3/197.
[44] «Ebu Lehebiň elleri gurasyn!» («Tebbet» süresi, 111/1).
[45] «Onuň aýaly (hem otda ýanar we) odun daşar». («Tebbet» süresi, 111/4).
[46] Sultany-Lewlak – «Sen bolmasaň, bu älemi ýaratmazdym» manysyna gelýän ylahy ýüzlenmä miýesser bolan Soltan, ýagny hezreti Muhammet (s.a.w).
[47] Kady Yýaz, «Şifa», 1/348; Beýhaky, 2/195.
[48] Kady Yýaz, «Şifa», 1/353, Mujemut-Taberany, 10/107; Beýhaky, 5/318.
[49] Kady Yýaz, «Şifa», 1/353.
[50] Kady Yýaz, «Şifa», 1/354.
[51] Kady Yýaz, «Şifa», 1/352.
[52] Tirmizî, 5/351, hadys №3406; Beýhaky, 2/184; Kady Yýaz, «Şifa», 1/364.