On altynjy bellik
Muhammet aleýhyssalatu wesselama pygamberlik berilmezden öň ýüze çykan «irhasat» diýilýän täsin hadysalaryň beýany.
«Irhasat» hadysasy hem pygamberligiň delilidir. Bu hem üç bölümden durýar.
Birinji bölüm
Kuranyň aýatlaryndaTöwrat, Injil, Zebur ýaly kitaplarda hem-de pygamberlere inen sahypalarda Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň pygamberligi dogrusynda habar berlendigi aýdylýar. Bu kitaplar, sahypalar bolsa semawy-ylahy kitaplardyr. Olar pygamberlere berlipdir. Diýmek, şol kitaplarda, hökmany suratda, öňki dinleriň hökümlerini ýatyrjak, älemi bütinleý özgertjek, şol sanda nury bilen Ýer ýüzüniň ýarysyny ýagtyljak bir pygamber hakda maglumat berläýmeli. Eýsem, ýönekeý hadysalara çenli habar berýän şol kitaplaryň adamzadyň iň uly hadysasy bolan Muhammet aleýhyssalatu wessalamdan habar bermezligi mümkinmi?!
Şeýle habaryň barlygy ýa-da ýoklugy şol dinleriň tarapdarlarynyň öz dinleriniň we hökümleriniň ýatyrylmagynyň öňüni almak üçin inkär etmegi ýa-da dinlerini bidgatlardan arassalap, hakykaty dabaralandyrýan biriniň dörejegini ykrar etmegi bilen belli bolýar. Ýöne dost-u-duşmanyň biragyzdan ykrar etmegine görä, bu kitaplaryň hiç haýsynda bu habary ýalana çykarýan ýekeje alamat ýok. Bu bolsa gönüden-göni tassyk ediji habaryň bardygyny görkezýär.
Şunlukda, öňki semawy-ylahy kitaplarda pygamberimiz (s.a.w) hakda habaryň bardygyny tassyklamaga düýpli bir sebäp, güýçli bir esas görkezmek gerek. Biz hem muny üç sany anyk delil arkaly subut etmekçi.
Birinji delil. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam Kuranyň aýatlary bilen olara (kitap ähline) ýüzlenipdir: «Kitaplaryňyzda men ykrar edilýärin. Olarda meniň alamatlarym hakda aýdylýar. Meniň aýdýanlarym siziň kitaplaryňyzda tassyklanýar».
قُلْ فَاْتُوا بِالتَّوْرَيةِ فَاتْلُوهَا اِنْ كُنْتُمْ صَادِقِينَ ٭ قُلْ تَعَالَوْا نَدْعُ اَبْنَاءَنَا وَاَبْنَاءَكُمْ وَنِسَاءَنَا وَنِسَاءَكُمْ وَاَنْفُسَنَا وَاَنْفُسَكُمْ ثُمَّ نَبْتَهِلْ فَنَجْعَلْ لَعْنَةَ اللّهِ عَلَى الْكَاذِبِينَ[1]
Şeýle şunuň ýaly aýatlary okap berip, olary ýüzleşmäge çagyrypdyr: «Töwratyňyzy getiriň, okaň! Bala-çagalarymyzy, ine, şu ýere ýygnalyň. Yzyndanam Haktagalanyň dergähine el açyp, «Eý, Allam! Kim ýalan sözleýän bolsa, şolary länetle!» diýip, dileg-doga edeliň».
Hawa, pygamberimiz (s.a.w) bu belent hakykaty häli-şindi kitap ähliniň ýüzüne basypdyr. Muňa garamazdan, ýekeje jöhit alymy ýa-da hristian ruhanysy onuň birje ýalňyşyny görkezip bilmändir, gaýtam lam-jim bolup duruberipdir. Eger onuň (s.a.w) ýalňyşyny tapsalardy, san taýdan kän, barypýatan dikdüşdi, aňrybaş görip kapyrlar, mynapyk jöhitler, küpür dünýäsi dymyp oturmazdy, derrew bütin äleme paş ederdiler.
Pygamberimiz (s.a.w) olara şeýle diýibem ýüzlenipdir: «Ýa ýalňyşymy tapyp beriň! Ýa-da siziň bilen soňuna çenli söweşerin!» Şonda olar söweşmegi, heläk bolmagy, ýurtlaryndan göç etmegi saýlap alypdyrlar. Diýmek, pygamberimiziň (s.a.w) ýalňyşyny tapyp bilmändirler. Ýalňyşyny tapan bolsadylar, heläkçilige alyp barýan ýola ýüz urmazdylar.
Ikinji delil. Töwrat, Injil, Zebur ýaly kitaplaryň sözleýiş täri Kuranyň mugjyzawy beýanyna meňzemeýär. Bu kitaplar bir dilden başga dile, ol dilden hem ýene bir dile bassyr kän gezekler terjime edilipdir. Şunlukda, olaryň aýatlarynyň içine asyl nusgasynda bolmadyk sözler aralaşypdyr. Tefsirçileriň ýalňyş düşündirişleri-de aýatlar bilen garym-gatym edilipdir. Üstesine-de, çalasowat, betniýetli adamlar bu kitaplara üýtgeşiklik girizipdirler. Şeýdip, olaryň asyl nusgasy bozulypdyr. Meselem, Şeýh Rahmetullahy-Hindi (meşhur ulama) hristian ruhanylaryna, jöhit alymlaryna bu mukaddes kitaplaryň asyl nusgasyna ters gelýän ýerlerini subut edip beripdir. Hüseýini-Jisri (rahmetullahy aleýh) diýen alym şol kitaplaryň şonça üýtgeşmä sezewar bolmagyna garamazdan, olaryň häzirki döwrümize ýetip gelen nusgalaryndan hezreti Muhammediň (s.a.w) pygamberligine degişli ýüz on sany delili ýüze çykaryp bilipdir. Ol «Hamidiýe» diýen eserinde bu barada beýan edipdir. Bu eser Manastyrly şäherinde ýaşap geçen merhum Ysmaýyl Hakky tarapyndan terjime edilipdir. Kim islese, şol ýerden okap, görüp biler.
Şeýle hem, birnäçe jöhit we hristian alymy kitaplarynda pygamberimiz (s.a.w) hakda habar berilýändigini boýun alyp: «Kitaplarymyzda Muhammet Arabynyň (s.a.w) alamatlary bildirilýär» diýipdirler. Wizantiýanyň imperatory Gerakl musulman däldi. Şeýle-de bolsa, ol hem: «Isa aleýhyssalam Muhammet aleýhyssalatu wessalamdan habar berýär» diýipdir.[2]
Şeýle hem, Wizantiýanyň Müsürdäki Mukawkis atly häkimi, Ibni Suriýa, Ibni Ahtab we onuň dogany Kab ibni Esed, şol sanda Zübeýr ibni Batyýa ýaly ady belli jöhit alymlarydyr häkimleri musulman bolmazlygyna garamazdan: «Hawa, kitaplarymyzda onuň alamatlary suratlandyrylypdyr. Ol hakynda aýdylypdyr» diýip, şol semawy kitaplarda Muhammet aleýhyssalatu wessalam hakynda aýdylýandygyny ykrar edipdirler.[3]
Şeýle hem, jöhit hem-de hristian ruhanylarynyň arasyndan Töwratda, Injilde Muhammet aleýhyssalatu wessalam dogrusynda aýdylanlary görenden soňra, ketjallyk edip durman, imana gelenleri bolupdyr. Özi ýaly jöhit we hristian alymlaryna şol habaryň geçýän ýerlerini görkezip, olary geplemez ýaly edipdirler. Muňa mysal edip, Abdulla ibni Selam, Wehb ibni Münebbih, Ebu Ýasir we Şamul (Ýemeniň hökümdary Tubbanyň döwründe ýaşap geçýär. Şamul hem hökümdar Tubba ýaly heniz pygamberlik gelmänkä, gaýybana iman getiripdir) ýaly meşhur jöhit alymlaryny görkezmek bolar.[4]
Şeýle hem, Saýeniň iki ogly Esid bilen Salebäni mysal görkezmek bolýar. Ibni Heýeban diýen Allanyň söýgüli guly heniz pygamberlik yglan edilmänkä, Beni Nadr tiresine myhman bolýar. Şonda Heýeban olara şeýle diýipdir:
قَرِيبٌ ظُهُورُ نَبِىٍّ هذَا دَارُ هِجْرَتِهِ[5]
Ol şol ýerde-de dünýeden ötýär. Wagt geçip, şol tire Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam bilen söweşe girýär. Şonda Esid bilen Salebe orta çykyp, olara şeýle diýip ýüzlenýär:
وَاللّهِ هُوَ الَّذِى عَهَدَ اِلَيْكُمْ فِيهِ ابْنُ هَيْبَان
(«Bu Ibnul-Heýebanyň habar beren kişisidir. Onuň bilen söweşmäň».)[6] Emma ony diňlemeýärler. Munuň üçin Beni Nadr tiresi almytyny hem alýar.
Şeýle hem, Ibni Bunýamin, Muhaýrik we Kabul Ahbar ýaly ençeme jöhit alymy kitaplarynda Muhammet aleýhyssalatu wessalam barada aýdylýan ýerlerini görüp iman getiripdirler. Imana gelmeýän jöhit alymlaryna şol delilleri görkezip, özleriniň mamladygyny subut edipdirler.[7]
Meşhur hristiýan alymy Buheýra hem şeýledir. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam on iki ýaşyndaka kakasynyň dogany (Ebu Talyp) bilen Siriýa baranda, ol kureýişlileri myhman alýar. Ruhany şonda kureýşlileriň düşlän ýerinde henizem bir bölek buluduň kölege berip durşuny görüp, agtaryp ýören kişisiniň şol ýerde galanyny aňýar. Birini ýollap, ony hem çagyrýar. Şonda Buheýra Ebu Talyba şeýle diýýär: «Sen iniňi al-da, Mekgä dolan! Jöhitleriň bahylçygynyň pidasy bolaýmaň. Munuň alamatlary Töwratda bildirilýär. Bir ýamanlyk edäýmesinler».[8]
Şeýle hem, hebeşli (Efiopiýa) Nasturany, Hebeşiň hökümdary Nejaşyny mysal bermek bolýar. Olar hem kitaplaryndaky Muhammet aleýhyssalatu wessalam hakdaky maglumatlary görüp, iman getiripdirler.[9]
Şeýle hem, Dagatir diýen meşhur hristian alymy kitaplarynda beýan edilýän pygamberimiz (s.a.w) hakdaky ýazgylary görüp, iman edipdir. Soňra ol musulman bolanyny wizantiýalylaryň arasynda yglan edipdir. Şonda ol şehid edilipdir.[10]
Şeýle hem, Haris ibni Ebi Şemiril-Gassany, Sahibi-Ilýa, Gerakl, Ibn Natur we Jarud ýaly Siriýa döwletiniň meşhur ruhanylarydyr hökümdarlary kitaplaryndaky pygamberimiz (s.a.w) hakda aýdylýan maglumatlary okap, imana gelipdirler. Ýöne Gerakl dünýä soltanlygyndan geçip bilmän, iman getirenini gizläpdir.[11]
Selmany-Farisi-de ozal hristiýandy. Ol hem kitapda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam hakda aýdylanlary okaýar. Şondan soňra onuň gözlegine çykýar.[12]
Galyberse-de, Temim diýen ady belli alym, meşhur Hebeş hökümdary Nejaşy, ençeme hebeşli hristiýanlar hem-de nejran ruhanylary biragyzdan şeýle diýipdirler: «Kitabymyzda Muhammet pygamber hakda aýdylýar. Şony görübem iman getirdik».[13]
Üçünji delil. Bu ýerde Töwratyň, Injiliň, Zeburyň pygamberimiz aleýhyssalatu wessalam hakda habar berýän aýatlaryndan birnäçesini beýan ederis.
Zeburdan bir aýat. Onda şeýle diýilýär:
اَللّهُمَّ ابْعَثْ لَنَا مُقِيمَ السُّنَّةِ بَعْدَ الْفَتْرَةِ[14]
«Mukymüs-Sünne» sözi Ahmet (s.a.w) diýmekdir.
Injilden bir aýat. Onda şeýle diýilýär:
قَالَ الْمَسِيحُ اِنِّى ذَاهِبٌ اِلَى اَبِى وَ اَبِيكُمْ لِيَبْعَثَ لَكُمُ الْفَارَقْلِيطَا[15]
(«Men gidýärin, tä siziň araňyza Faraklit gelsin!») «Faraklit» diýmek bilen Ahmet (s.a.w) göz göz öňünde tutulýar.
Injilden ikinji aýat. Onda şeýle diýilýär:
اِنِّى اَطْلُبُ مِنْ رَبِّى فَارَقْلِيطًا يَكُونُ مَعَكُمْ اِلَى اْلاَبَدِ[16]
(«Men Rebbimden hak bilen batyly (ýalany) biri-birinden aýryp, aýyl-saýyl etjek pygamberi ibermegini soraýaryn! Goý, ol (gelsin) ebedilige deňiç siziň bilen bolsun!»)
اَلْفَارِقُ بَيْنَ الْحَقِّ وَ الْبَاطِلِ
«Faraklit» sözi hak bilen batyly biri-birinden aýran, tapawutlandyran, parhlandyran diýmegi aňladýar. Gürrüňi edilýän kitaplarda pygamberimiziň (s.a.w) ady «Faraklit» diýlip tutulypdyr.
Töwratdan bir aýat. Onda şeýle diýilýär:
اِنَّ اللّهَ قَالَ ِلاِبْرَاهِيمَ اِنَّ هَاجَرَ تَلِدُ وَيَكُونُ مِنْ وَلَدِهَا مَنْ يَدُهُ فَوْقَ الْجَمِيعِ وَيَدُ الْجَمِيعِ مَبْسُوطَةٌ اِلَيْهِ بِالْخُشُوعِ[17]
«Ysmaýylyň enesi Hajeriň perzendi bolar. Onuň neslinden şeýle biri dörär, onuň eli hemmäniň üstünde bolar, hemmeler oňa tagzym-towazyk edip gol berer».
Töwratdan ikinji aýat. Onda şeýle diýilýär:
وَقَالَ يَا مُوسَى اِنِّى مُقِيمٌ لَهُمْ نَبِيًّا مِنْ بَنِى اِخْوَتِهِمْ مِثْلَكَ وَاُجْرِى قَوْلِى فِى فَمِهِ وَالرَّجُلُ الَّذِى لاَيَقْبَلُ قَوْلَ النَّبِىِّ الَّذِى يَتَكَلَّمُ بِاِسْمِى فَاَنَا اَنْتَقِمُ مِنْهُ[18]
«Ysraýylogullarynyň doganlary bolan Ysmaýylyň ogullarynyň arasyndan seniň ýaly birini ibererin. Sözlerimi agzyna salyp bererin. Ol meniň wahyý eden zatlarymy sözlär. Ony inkär edene azap bererin».
Töwratdan üçünji aýat. Onda şeýle diýilýär:
قَالَ مُوسَى رَبِّ اِنِّى اَجِدُ فِى التَّوْرَيةِ اُمَّةً هُمْ خَيْرُ اُمَّةٍ اُخْرِجَتْ لِلنَّاسِ يَاْمُرُونَ بِالْمَعْرُوفِ وَيَنْهَوْنَ عَنِ الْمُنْكَرِ وَيُؤْمِنُونَ بِاللّهِ فَاجْعَلْهُمْ اُمَّتِى قَالَ تِلْكَ اُمَّةُ مُحَمَّدٍ[19]
Bellik: Bu kitaplarda Muhammet adynyň ýerine «Muşeffah», «El-Munhamenna», «Himýata» ýaly arameýçe (gadymy siriýalylaryň dili) atlar ulanylypdyr. Muhammet diýen at az gelipdir. Bu sözüň kitaplarda geçýän ýerlerini-de jöhitler bahylçylyk edip aýrypdyrlar.
Zeburdan bir aýat. Onda şeýle diýilýär:
يَا دَاوُدُ يَاْتِى بَعْدَكَ نَبِىٌّ يُسَمَّى اَحْمَدَ وَمُحَمَّدًا صَادِقًا سَيِّدًا اُمَّتُهُ مَرْحُومَةٌ[20]
Gürrüňi edilýän kitaplary ilik-düwme öwrenen Abadileýi-Sebadan[21] Abdulla ibni Amr ibnil-As, şeýle hem jöhit alymlarynyň içinde ilkinji bolup yslamy kabul eden Abdulla ibni Selam, şol sanda ysraýylogullarynyň alymlaryndan Kabul-Ahbar ýaly meşhur alym şahsyýetler heniz känbir üýtgeşiklige sezewar bolmadyk şol döwürdäki Töwratyň ine, şu aýatyny Muhammediň (s.a.w) pygamberligine delil görkezipdirler. Bu aýatda Alla (j.j) başda hezreti Musa, yzyndanam soň-soňlar dörejek pygambere ýüzlenýär:
يَا اَيُّهَا النَّبِىُّ اِنَّا اَرْسَلْنَاكَ شَاهِدًا وَمُبَشِّرًا وَنَذِيرًا وَحِرْزًا ِلْلاُمِّيِّينَ اَنْتَ عَبْدِى سَمَّيْتُكَ الْمُتَوَكِّلَ لَيْسَ بِفَظٍّ وَلاَ غَلِيظٍ وَلاَ صَخَّابٍ فِى اْلاَسْوَاقِ وَلاَ يَدْفَعُ بِالسَّيِّئَةِ السَّيِّئَةَ بَلْ يَعْفُو وَيَغْفِرُ وَلَنْ يَقْبِضَهُ اللّهُ حَتَّى يُقِيمَ بِهِ الْمِلَّةَ الْعَوْجَاءَ بِاَنْ يَقُولُوا لاَ اِلهَ اِلاَّ اللّهُ[22]
Töwratdan ýene bir aýat. Onda şeýle diýilýär:
مُحَمَّدٌ رَسُولُ اللّهِ مَوْلِدُهُ بِمَكَّةَ وَهِجْرَتُهُ بِطَيْبَةَ وَمُلْكُهُ بِالشَّامِ وَاُمَّتُهُ الْحَمَّادُونَ[23]
Ine, «Muhammet» sözi şu aýatyň arameý dilindäki asyl nusgasynda-da «Muhammet» görnüşinde ulanylypdyr.
Töwratdan ýene bir aýat. Onda şeýle diýilýär:
اَنْتَ عَبْدِى وَرَسُولِى سَمَّيْتُكَ الْمُتَوَكِّلَ[24]
Ine, şu aýatda Musadan (a.s) soňra yshakogullarynyň doganlary bolan ysmaýylogullaryndan dörejek pygambere ýüzlenilýär.
Töwratdan ýene bir aýat. Onda şeýle diýilýär:
عَبْدِىَ الْمُخْتَارُ لَيْسَ بِفَظٍّ وَلاَ غَلِيظٍ[25]
Ine, şu aýatda geçýän «Muhtar»[26] sözi «Mustafa»[27] diýmegi aňladýar. Mustafa bolsa pygamberimiziň (s.a.w) adydyr.
Şeýle hem, Injilde Isadan soňra bir pygamberiň dörejekdigi buşlanýar. Şol aýatlarda oňa «Dünýäniň hökümdary» diýlipdir. Meselem, şu aýatda şeýle diýilýär:
مَعَهُ قَضِيبٌ مِنْ حَدِيدٍ يُقَاتِلُ بِهِ وَاُمَّتُهُ كَذلِكَ[28]
Ine, görşümiz ýaly, ýokardaky aýatda «eli gylyçly» bir pygamberiň dörejekdigi, başgaça aýtsak, onuň jihat etmek wezipesiniň boljakdygy barada aýdylýar. Aýatda geçýän «Kadibi-hadid (demir bölegi)» diýen söz bolsa gylyç diýmekdir. Şeýle hem, aýatda onuň özi ýaly, ymmatynyň hem «sahibus-seýf»,[29] ýagny iman ugrunda jihat etjekdigi bildirilýär. «Feth» süresiniň ahyrynda Injiliň şuňa meňzeş aýatlaryna yşarat edilýär:
وَ مَثَلُهُمْ فِى اْلاِنْجِيلِ كَزَرْعٍ اَخْرَجَ شَطْاَهُ فَآزَرَهُ فَاسْتَغْلَظَ فَاسْتَوَى عَلَى سُوقِهِ يُعْجِبُ الزُّرَّاعَ لِيَغِيظَ بِهِمُ الْكُفَّارَ[30]
Ynha, Kuran şu aýaty bilen Injilde Muhammet aleýhyssalatu wessalam hakda habar berlendigini bildirýär hem-de onuň «sahibus-seýf» boljakdygyny, ýagny oňa jihat etmek buýrulandygyny yglan edýär.
Töwratyň bäşinji bölüminiň otuz üçünji babynda şu aýat bar: «Hak Turu-Sinada bizi bagtyýar eýledi. (Ol) Sairiň üstünde peýda boldy. Faran daglarynda aýan göründi».[31]
Ine, aýatda geçýän «Hak Turu-Sinada bizi bagtyýar eýledi» diýen sözlem hezreti Musanyň (a.s) pygamberligi bilen baglanyşyklydyr. Aýatyň (Şamyň daglaryndan bolan) «Sairiň üstünde (Hak) peýda boldy» diýen sözlemi-de hezreti Isanyň (a.s) pygamberliginden habar berýär. «Hak (Hijazda ýerleşýän) Faran daglarynda aýan göründi» diýen soňky sözlem bolsa, gönüden-göni, Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň pygamberligine yşarat edýär.
Şeýle hem, Töwratda «Feth» süresiniň:
ذلِكَ مَثَلُهُمْ فِى التَّوْرَيةِ[32]
aýatyny tassyklaýan jümleler bar. Ýagny Faran daglarynda dörän pygamberiň sahabalary hakda şeýle aýat bar: «Kudsileriň (mukaddes kişiler) tugy onuň bilendir. (Olar) onuň sagynda bolar». Aýatda sahabalar «kudsiler (mukaddes ynsanlar)» diýlip sypatlandyrylypdyr, ýagny sahabalaryň salyh, weli ynsanlar boljakdygy aýdylypdyr.
Şeýle hem, Eşiýa pygamberiň kitabynyň kyrk ikinji babynda şeýle aýat bar: «Subhan bolan Haktagala ahyrzamanda özüniň iň saýlama, naýbaşy guluny iberer. Onuň ýanyna Ruhul-Emini[33] ýollap, ylahy dinini sapak berer. Ol hem Ruhul-Eminden öwrenen zatlaryny ynsanlara öwreder. Onuň hökümleri adyl bolar. Ol nurdur. Halky zulmatdan çykarar. Bulary Rebbim maňa aýan etdi. Men hem size bildirýärin».[34] Ine, şu aýatda örän açyk görnüşde ahyrzaman pygamberi bolan Muhammet aleýhyssalatu wessalam sypatlandyrylýar.
Şeýle hem, Mihaýyl (Mişaýil hem diýilýär) pygamberiň kitabynyň dördünji babynda şeýle aýat bar: «Ahyrzamanda Haktagalanyň ummeti-merhumesi (rahmete miýesser bolan ymmat) dörär. Olar Haktagala ybadat etmek üçin şol ýerdäki mübärek dagy saýlap alarlar. Bütin yklymyň milletleri şol ýere jemlenip, Wahid bolan Reblerine ybadat ederler. Oňa şirk goşmazlar».[35] Görşümiz ýaly, şu aýatda Ýer ýüzündäki iň mübärek dag hakda, Arafat dagy barada aýdylýar. Şeýle hem, şol sebitde her yklymdan gelen hajylaryň tekbir getirişip, haj ybadatyny berjaý etjekdigi habar berilýär. Başgaça aýtsak, «Ümmeti-merhume» ady bilen şöhrat gazanjak Muhammet (s.a.w) ymmaty örän aýdyň suratlandyrylýar.
Şeýle hem, Zeburyň ýetmiş ikinji babynda şeýle aýat bar: «(Bir) deňizden (başga bir) deňze deňiç, derýalardan Ýeriň gutaran ýerlerine barýança eýelik eder. Ýemeniň we adalaryň hökümdarlary oňa sowgat getirerler. Patyşalar onuň öňünde baş egerler, tabynlygyny bildirerler. Hemişe onuň üçin salawat okalar, her gün onuň üçin haýyrly dilegler ediler. Onuň nury Medinede parlar. Onuň zikiri ebedilik dowam eder. Onuň ady Gündenem owal bardy. Gün durdugyça onuň ady ýaýylmak bilen bolar».[36]
Ine, şu aýatda-da örän äşgär görnüşde Fahry-Alem[37] aleýhyssalatu wessalamdan habar berilýär. Ýogsa-da, Muhammet aleýhyssalatu wessalamdan başga hezreti Dawutdan (a.s) soňra gelen haýsy pygamber dinini Gündogardan Günbatara çenli ýaýypdyr?! Ýa bolmasa ondan başga haýsy pygambere soltanlar paç töläpdir?! Haýsy pygamberiň öňünde patyşalar baş egipdir?! Ondan başga haýsy pygambere her gün adamzadyň bäşden bir bölegi salawat getirip, ýagşy dilegler edipdir?! Ondan başga haýsy pygamberiň nury Medinede parlapdyr?! Aýdyň, ondan başga kim bolup biler?!
Şeýle hem, türk diline terjime edilen Ýuhanna Injiliniň on dördünji babynyň otuzynjy aýatynda şeýle diýilýär: «Mundan soň siziň bilen köp gepleşmerin. Sebäbi Älemiň Reýisi gelýär. Onda bar bolan zadyň hiç haýsysy mende ýok».
«Älemiň reýisi» söz düzümi «Fahry-Alem» diýmegi aňladýar. «Fahry-Alem» Muhammet aleýhyssalatu wessalamyň iň meşhur adydyr.
Şeýle hem, Ýuhanna Injiliniň on altynjy babynyň ýedinji aýatynda şeýle diýilýär: «Men size hakykaty aýdýaryn: meniň gitmegim siziň üçin haýyrly bolar. Sebäbi men gitmesem, teselli beriji gelmez».
Indi, aýdyň bakaly?! Älemiň reýisi we «hakyky teselli beriji» Muhammet Araby aleýhyssalatu wessalamdan başga kim bolup biler?! Hawa, Fahry-älem Oldur we başy ölümli adamzady müdimilik ýok bolmakdan halas edenem, şeýdip olara teselli berenem Oldur!
Şeýle hem, Ýuhanna Injiliniň on altynjy babynyň sekizinji aýatynda şeýle diýilýär: «Onuň gelmegi bilen dünýäde günä işler dep bolar, haýryň, gowulygyň hökmürowanlygy başlar».
Ine, şu aýatda-da habar berilýän kişi, ýagny dünýäni eden-etdilikden, günäden, köphudaýlyk düşünjesinden dyndaran, tertip-düzgüni ýola goýan, syýasata, häkimiýet dolanyşygyna täzeçe röwüş beren Muhammet Araby aleýhyssalatu wessalamdan başga kim bolup biler?!
Şeýle hem, Ýuhanna Injiliniň on altynjy babynyň on birinji aýatynda şeýle diýilýär: «Älemiň reýisiniň gelmegi üçin perman çykdy». Ine, şu aýatda-da Älemiň reýisi[38] diýilmek bilen, elbetde, bütin adamzadyň baştutany Ahmedi-Muhammet (s.a.w) göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem, Ýuhanna Injiliniň on altynjy babynyň on üçünji aýatynda şeýle diýilýär: «Hak Ruh geler. Ol siziň jümläňizi haka çagyrar. Eýsem ol sözlände öz adyndan sözlemez. Näme eşiden bolsa, şony hem aýdar. Gelejekden-de habar berer».
Ine, bu aýatda hem aç-açan ol (s.a.w) hakda aýdylmaýarmy eýsem?! Ýogsam, ondan (s.a.w) başga külli ynsany haka çagyran biri geldimi?! Ýa bolmasa, getiren her bir habary wahyýa daýanýan, Jebraýyldan eşidenini sözlän, kyýamat we ahyret hakda giňişleýin düşündiriş beren Muhammet Araby aleýhyssalatu wessalamdan başga kim bar?
Şeýle hem, gürrüňi edilýän şu kitaplarda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň atlary «Muhammet», «Ahmet», «Muhtar» ýaly manylary aňladýan sözler bilen berlipdir. Mysal bermeli bolsa, şol kitaplarda we sahypalarda pygamberimiz (s.a.w) ine, şu atlar bilen ýat edilipdir: Şuaýb pygambere gelen sahypalarda «Muşeffah»[39] («Muhammet»), Töwratda «Munhamenna» («Muhammet»), «Himýata» («Nebiýýul-Haram»),[40] Zeburda «el-Muhtar»,[41] Töwratda «Elhatemul-hatem»,[42] ýen-de Töwratda we Zeburda-da «Mukymüs-Sünne»,[43] Ybraýym pygambere gelen sahypalarda we Töwratda «Mazmaz»,[44] ýene-de Töwratda «Ahýed».
Galyberse-de, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam şeýle diýipdir:
اِسْمِى فِى الْقُرْآنِ مُحَمَّدٌ وَ فِى اْلاِنْجِيلِ اَحْمَدُ وَ فِى التَّوْرَيةِ اَحْيَدُ[45]
Şeýle hem, Injilde şeýle bir pygamberiň ady geçýär: «Sahibul Kadybi wel Herawe» («Gylyjyň we hasanyň eýesi»).[46]
Hawa, pygamberleriň arasynda ymmaty bilen birlikde (din ugrunda) söweşmek hukugy Resuly-Ekrem aleýhyssalama berlipdir. Bu nukdaýnazardan ol iň beýik «Gylyç eýesidir».
Şeýle hem, Injilde «Sahibut-Taç» diýen söz geçýär.[47] «Sahibut-Taç» ady Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalama degişlidir. Muny şeýle düşündireliň: «Taç» sözi «selle» diýmegi aňladýar. Şol döwürler beýleki milletlerden tapawutlylykda araplar kellesine selle oraýan eken. Diýmek, Injilde «Sahibut-Taç» diýlip, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam göz öňünde tutulan eken.
Şeýle hem, Injilde «el-Baraklit», «el-Faraklit» sözleri geçýär. Injili tefsir edýän kitaplarda bu sözlere «Hak bilen batyly biri-birinden aýran kişi. Bu soňra gelip, ynsanlara hak ýoly görkezjek şahsyň ady» diýlip düşündiriş berlipdir.
Injiliň bir ýerinde Isa aleýhyssalamyň adyndan aýdylýan şeýle sözler bar: «Men gidýärin. Çünki dünýäniň reýisi gelmeli». Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamdan başga kim hezreti Isadan (a.s) soňra gelip, şu dünýä reýislik edipdir?! Ondan başga kim hak bilen batyly biri-birinden aýrypdyr?! Hezreti Isadan (a.s) soňra bütin adamzady hak ýola çagyran başga kim bar?! Hawa, hezreti Isa (a.s) öz ymmatyna: «Biri geler. Onsoň maňa mätäçlik galmaz. Men onuň buşlukçysy» diýip, dowamly onuň (s.a.w) geljegini buşlaýan eken. Muny Kuranyň şu aýaty hem ykrar edýär:
واِذْ قَالَ عِيسَى ابْنُ مَرْيَمَ يَا بَنِى اِسْرَائِيلَ اِنِّى رَسُولُ اللّهِ اِلَيْكُمْ مُصَدِّقًا لِمَا بَيْنَ يَدَىَّ مِنَ التَّوْرَيةِ وَمُبَشِّرًا بِرَسُولٍ يَاْتِى مِنْ بَعْدِى اسْمُهُ اَحْمَدُ[48]
[49]Hawa, Injilde hezreti Isanyň (a.s) ymmatyna berýän şunuň ýaly buşluk habarlary ençeme ýola gaýtalanýar. Ol ynsanlaryň iň uly reýisiniň geljegini habar berýär. Ony (s.a.w) birnäçe isim bilen atlandyrýar. Şol isimler bolsa, elbetde, arameý we iwrit dilinde bolar. Muny ilik-düwme öwrenip, derňän alymlar Injilde geçýän şol atlaryň «Ahmet», «Muhammet», «Farikun beýnel-hakky wel-Batyl» (Hak bilen batyly biri-birinden aýyran) diýen manylarynyň bardygyny anyklapdyrlar. Diýmek, hezreti Isanyň (a.s) köp ýola gaýtalan şol buşluk habarlarynyň Ahmet aleýhyssalatu wessalam dogrusyndadygy şübhesizdir.
Eger sen: «Näme üçin hezreti Isa (a.s) beýleki pygamberlerden tapawutlylykda, Resuly-Ekremiň (s.a.w) geljegini, köplenç, buşluk görnüşinde habar beripdir?! Beýleki pygamberler az buşlapdyrlar, diňe habar bermek bilen çäklenipdirler» diýip soraýan bolsaň, onuň jogaby şeýleräk: Ahmet aleýhyssalatu wessalam Isa pygamberi (a.s) jöhitleriň inkär etmelerinden, her dürli elhenç töhmetlerinden halas edýär. Onuň dininiň bütinleý ýoýulmagynyň, üýtgedilmeginiň öňüni alýar. Galyberse-de, Muhammet aleýhyssalatu wessalam hezreti Isanyň (a.s) pygamberligini inkär edýän ysraýylogullarynyň agyr şerigatynyň ýerine ýeňil, köptaraply, hezreti Isanyň (a.s) şerigatynyň kem-käs ýerlerini dolduran iň kämil şerigat bilen gelýär. Ine, Isa pygamberiň (a.s) «Älemiň reýisi gelýär!» diýip, pygamberimiziň geljegini gaýtalaplar buşlamagynyň aňyrsynda şu hakykat ýatyr.
Diýmek, Töwratyň, Injiliň, Zeburyň aýatlarynda, ondan öňki pygamberlere gelen ylahy sahypalarda ahyrky pygamber hakda örän derwaýys mesele hökmünde beýan edilipdir. Ýokarda munuň mysallaryny berdik. Şeýle hem, şol kitaplarda iň soňky pygamberiň (s.a.w) ady dürli görnüşlerde berlipdir. Şunlukda, öňki pygamberlere gelen kitaplaryň ählisinde uly ähmiýet berlip, gaýta-gaýta beýan edilýän ahyrzaman pygamberi hezreti Muhammet aleýhyssalatu wessalamdan başga kim bolup biler?!
[1] «A:ly-Ymran» süresi, 3/93; «A:ly-Ymran» süresi, 3/61.
[2] Kady Yýaz, «Şifa», 1/364; Tirmizi, 2/167.
[3] Kady Yýaz, «Şifa», 1/383; Beýhaky, 3/362; Ibni Kesir, «el-Bidaýe wen-Nihaýe», 4/80, 81.
[4] Beýhaky, 1/367, 2/526; Ajluni, «Kenzul-Ummal», 11/401, 12/390-408; Kady Yýaz, «Şifa», 1/364; Tirmizi, 2206.
[5] Ýakyn wagtda bir pygamber dörär. Ol şu ýere hijret eder.
[6] Beýhaky, 2/80-81, 4/31; Aliýýul-Kary, «Şerhuş-şifa», 1/744-745.
[7] Kady Yýaz, «Şifa», 1/365; Beýhaky, 3/161-163.
[8] Beýhaky, 2/24, 5/382; Kady Yýaz, «Şifa», 1/364.
[9] Kady Yýaz, «Şifa», 1/364.
[10] Beýhaky, 1/365, 2/526; Ajluni, «Kenzul-Ummal», 11/401, 12/390-408.
[11] Buhary, 1/7; «Mujemut-Taberany», 3/2108.
[12] Beýhaky, 2/82; Musned, 5/437; Kady Yýaz, «Şifa», 1/364.
[13] Kady Yýaz, «Şifa», 1/364; «Risaleýi-Hamidiýe», türkçe terjimesi 1/240.
[14] «Eý, Allam! Fetret döwründen soňra bize Mukymus-Sünnäni (sünneti ýola goýjak kişini) iber!»
[15] Ýuhanna Injili, Ishah 14.
[16] Ýuhanna Injili, Ishah 14.
[17] Sefrut-Tekwin, Ishah, 17.
[18] Tesniýe, Ishah, 18.
[19] «Musa şeýle diýdi: «Eý, Rebbim! Men Töwratda şeýle bir ymmat(dan habar berilýär) görýärin. Olar ynsanlar üçin dörän iň haýyrly ymmatdyr. Olar gowulyk etmegi ündär, erbetligiň edilmegine ýol bermezler, Alla iman getirerler. (Goý) olar meniň ymmatym bolsun!» (Şonda) Haktgala: – Ol Muhammediň ymmatydyr» diýdi». (Töwrat, «Eşiýa», «Ishah», 42).
[20] «Eý, Dawut! Senden soňra bir pygamber geler. Onuň ady Ahmed, Muhammed, Sadyk we Seýýid diýip tutular. Onuň ymmaty Allanyň rahmetine mynasyp görüldi». (Aliýýul-Kary, «Şerhuş-Şifa», 1/739).
[21] Abadileýi-Seba – Abdylla atly meşhur ýedi sahaba (Abdylla ibni-Abbas, Abdylla ibni- Omar, Abdylla ibni-Mesud, Abdylla ibni-Rewaha, Abdylla ibni Selam, Abdylla bin Amr bin As, Abdylla bin ebi Ewfa (r.a).
[22] «Eý, pygamber! Biz seni şaýatlyk ediji, buşlukçy, habardar ediji, ümmileriň (musulmanlaryň) goragçysy hökmünde iberdik. Sen Meniň gulumsyň. Men saňa «Mütewekkül» adyny berdim. Sen daşýürek, ýowuz (adam) dälsiň. Bazarda (köpçülik ýerlerinde) goh-galmagal etmeýärsiň. Erbetlige erbetlik bilen jogap bermeýärsiň. Eýsem, bagyşlap goýberýärsiň. Ýoldan çykan şu millet «Lä ilähe illallah» diýip iman getirýänçä, Alla seniň ruhuňy almaz». (Töwrat, «Eşiýa», «Ishah», 42)
[23] «Muhammet Allanyň resulydyr. (Ol) Mekgede doglar. Teýbä (Medinä) hijret eder. (Onuň) soltanlygy Şama (Siriýa baryp) ýetjekdir. Onuň ymmaty örän köp hamdy-sena eden kimselerdir». (Darimi, «Mukaddime» 2; Aliýýul-Kary, «Şerhuş-şifa», 1/739).
[24] «Sen Meniň gulum we resulymsyň. Men saňa «Mütewekkil» adyny dakdym». («Tesniýe», «Ishah», 18).
[25] «Meniň saýlap-seçen gulum rehimsiz, ýowuz (adam) däldir». («Tesniýe», «Ishah», 18).
[26] Muhtar – Saýlanyp seçilen, saýlanyp duran, saýlama ýaly manylary aňladýar. Mustafa sözi bilen manydaşdyr.
[27] Mustafa – Saýlanyp seçilen, saýlanyp duran, saýlama ýaly manylary aňladýar. Muhtar sözi bilen manydaşdyr.
[28] «Onuň ýanynda bir bölek demir bolar. Ol şonuň bilen söweşer. Ymmaty-da şeýle bolar».
[29] Sahibus-seýf – Gylyjyň eýesi.
[30] «Olaryň Injildäki (beýan edilen) aýratynlyklary bolsa gögerip, gitdigiçe güýçlenip ýognaýan we öz göwresine daýanýan bir ekin (ösümlik) mysalydyr. (Bu ekin) daýhanlaryň göwnüne ýarar». («Feth» süresi, 48/29).
[31] Töwrat, «Tesniýe», Bab 33, aýat 1.
[32] «Bu olaryň Töwratdaky sypatlarydyr» («Feth» süresi, 48/29).
[33] Ruhul-Emin – ygtybarly ruh, ýagny Jebraýyl perişde.
[34] Kitaby- Mukaddes (Türkçe terjimesi) 4-nji bab. Işaýa, aýat 1-4, 7, 9, s. 704.
[35] Kitaby- Mukaddes (Türkçe terjimesi) 4-nji bab. Mika, aýat 1-2, 877 s.
[36] Kitaby- Mukaddes (Türkçe terjemesi) 72-nji bab. «Mezmurlar», sah. 581-582.
[37] Fahry-Alem – Älemiň guwanjy, ýagny Muhammmet (s.a.w) pygamber.
[38] Hawa, bu şahsyýet şeýle bir reýis, şeýle bir soltandyr welin, müň üç ýüz elli ýyllyk soltanlygynyň dowamynda, has takygy her bir asyrda azyndan üç ýüz elli million tarapdary, raýaty boldy. Olar Onuň her bir buýrugyna gep-gürrüňsiz boýun egýärler. Her gün salawat okamak bilen, oňa wepalydyklaryny bildirýärler.
[39] Halebi, «Siretul-Halebiýe», 1/353; Nebhani, «Hujjetullah alel-Alemin», 112; Kastalani, «Mewahibul-Ledunniýe», 6/189.
[40] Halebi, «Siretul-Halebiýe», 1/346; Nebhani, «Hujjetullah alel-Alemin», 112-113.
[41] Halebi, «Siretul-Halebiýe» 1/353; Nebhani, «Hujjetullah alel-Alemin», 112; Kastalani, «Mewahibul-Ledunniýe», 6/189; Aliýýul-Kary, «Şerhuşşifa», 1/739.
[42] Nebhani, «Hujjetullah alel-Alemin», 114.
[43] Nebhani, «Hujjetullah alel-Alemin»,, 115.
[44] Halebi, «Siretul-Halebiýe», 1/353; Nebhani, «Hujjetullah alel-Alemin», 113.
[45]«Meniň Kurandaky adym Muhammetdir, Injildäki adym Ahmetdir, Töwratdaky adym Ahýeddir». (el-Enwarul-Muhammediye minel-Mewahibul-Ledunniýe, s. 143.)
[46] Aliýýul-Kary, «Şerhuşşifa», 1/739.
[47] Aliýýul-Kary, «Şerhuşşifa», 1/739.
[48] «Merýem ogly Isa: «Eý, ysraýylogullary! Men özümden öň gelen Töwraty tassyklaýjy we menden soňra geljek, ady Ahmet bolan bir pygamberi buşlamak üçin (iberilen) Allanyň ilçisidirin» diýdi». («Saf» süresi, 61/6)
[49] Meşhur syýahatçy Ewliýa Çelebi hezreti Şemunu-Safanyň guburyna zyrat eden wagty keýigiň derisine ýazylan bir ýazgyny görýär. Ol ýazgy Injiliň ine, şu aýaty ekeni (aýat arameý ýa-da iwrit dilinde ýazylan bolmaly):
اُمَّتُهُ الْحَمَّادُونَ
Resuli-Ekrem (aleýhyssalatu wessalam) baradaky şol aýatyň düşündirilişi şeýleräk:
ايتون «Bir oglan», ازربيون «Ol Ybraýymyň neslindendir». پروفتون «(Ol) pygamber boljakdyr». لوغسلين «Ýalançy däldir». بنت «Onuň» افزولات «doguljak ýeri Mekgedir».
كه كالوشير «Haýyr bilen geljekdir». تونومنين «Onuň mübärek ady», مواميت «Ahmet», «Muhammet» bolar (Bellik: «Mewait» sözi «Memet» sözünden, ol hem «Muhammet» sözünden gaýdýar). اسفدوس «Oňa tabyn bolanlar» تاكرديس «jahana eýe bolarlar». بيست بيث «Ol hem jahana hökümdar bolar».