Pygamberimiziň Mugjyzalary 18

Ikinji bölüm

Irhasat[1] we pygamberlik delilleriniň ähmiýetiniň beýany

Ahmet aleýhyssalätu wesselama pygamberlik berilmezden owal, fetret döwrüniň kahinleri,[2] şeýle hem şol zamananyň özboluşly welidir aryfi-billah[3] kişileri Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň geljegini öňünden habar beripdirler, bu babatda goşgular düzüpdirler. Şeýdip, bu habarlary nesilden nesle geçiripdirler. Muňa näçe diýseň mysal getirmek bolýar. Biz şu ýerde olaryň diňe siýer[4] we taryh alymlarynyň ykrar edýän, esasanam, iň meşhur, iň bilinýän kysymy hakda gürrüň ederis.

Meselem, Tubba atly Ýemen patyşasy öňki kitaplarda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam dogrusynda ýazylan maglumatlary okap, iman edipdir. Ol muny şygyr arkaly ýazyp beýan edipdir. Onda şeýle diýilýär:

  شَهِدْتُ عَلَى اَحْمَدَ اَنَّهُ رَسُولٌ مِنَ اللّهِ بَارِى النَّسَمِ

  فَلَوْ مُدَّ عُمْرِى اِلَى عُمْرِهِ لَكُنْتُ وَزِيرًا لَهُ وَابْنَ عَمٍّ

«Men Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň pygamberdigini tassyklaýaryn. Onuň döwründe ýaşan bolsadym, oňa wezirlik ederdim, oňa ýegen bolardym (Aly ýaly bolardym)».[5]

Ikinjijisi. Kuss bin Saide bilen baglanyşykly. Ol arap kowmunyň arasynda suhangöýlügi bilen tanalýan, ýekehudaýlyga ynanýan, kalp gözi açyk weli adam eken. Kuss bin Saide hem Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň pygamberligi dogrusynda şygyr ýazypdyr. Onda şeýle diýilýär:

اَرْسَلَ فِينَا اَحْمَدَ خَيْرَ نَبِىٍّ قَدْ بُعِثَ ٭ صَلَّى عَلَيْهِ اللّهُ مَا عَجَّ لَهُ رَكْبٌ وَ حُثَّ[6]

Üçünjisi. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň öz eždatlaryndan Kab ibni Lüeýe Ahmediň (s.a.w) pygamberligi hakdaky habar ylham edilipdir. Ol muny ine, şeýle beýan edipdir:

عَلَى غَفْلَةٍ يَاْتِى النَّبِىُّ مُحَمَّدٌ فَيُخْبِرُ اَخْبَارًا صَدُوقًا خَبِيرُهَا

«Muhammet pygamber duýdansyz geler, Ol dogry habarlar berer».[7]

Dördünjisi. Ýemen patyşalaryndan Seýf ibni Ziýezen ylahy kitaplarda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň alamatlaryny görüp, imana gelipdir. Pygamberimizi (s.a.w) görmegi arzuw edipdir. Birçak Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň atasy Abdulmuttalyp kureýş kowmy bilen Ýemene gelende, Seýf ibni Ziýezen olary myhman alypdyr. Şonda Seýf ibni Zyýezen olara şu habary beripdir:

اِذَا وُلِدَ بِتِهَامَةَ وَلَدٌ بَيْنَ كَتْفَيْهِ شَامَةٌ كَانَتْ لَهُ اْلاِمَامَةُ وَاِنَّكَ يَا عَبْدَ الْمُطَّلِبِ لَجَدُّهُ

«Hijazda bir oglanjyk dünýä iner. Onuň iki pilçesiniň arasynda möhüre meňzäp duran bir alamat bolar. Ana, şol oglanjyk ähli ynsanlaryň ymamy bolar».

Şol gezek Abdulmuttalyp şeýle bir keramatyň şaýady bolýar. Haçanda Seýf ibni Ziýezen Abdulmuttalyp bilen ikiçäk galanda, oňa şu sözleri diýýär: «Sen şol oglanjygyň atasy bolýarsyň». Ine, bu waka hem Ahmede (s.a.w) pygamberlik berilmänkä bolup geçýär.[8]

Bäşinjisi. Bu waka Hatijetül-Kübra (r.a) enemiziň doganoglan agasy Waraka ibni Newfel bilen baglanyşyklydyr. Ilkinji wahyý gelende, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam diýseň gorkup aljyraýar. Şonda Hatijetül-Kübra enemiz onuň başyna gelen hadysany Waraka ibni Newfele gürrüň beripdir. Waraka pygamberimizi (s.a.w) ýanyna çagyrýar. Onsoň Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam Warakanyň ýanyna baryp, ilkinji wahyýnyň gelşini gürrüň berýär. Waraka Resuly-Ekremiň (s.a.w) gürrüňini diňländen soňra şeýle diýýär:

بَشِّرْ يَا مُحَمَّدُ اِنِّى اَشْهَدُ اَنَّكَ اَنْتَ النَّبِىُّ الْمُنْتَظَرُ وَبَشَّرَ بِكَ عِيسَى

«Buşluk, eý Muhammet! Saňa wahyý gelipdir, buşluk! Garaşylýan nebi sen! Isanyň (geljegini) buşlan pygamberi sen ekeniň!»[9]

Altynjysy. Askalanil-Himeýry atly aryfi-billah[10] heniz pygamberlik berilmänkä, heran-haçan küreýişliden birine gabat gelse, «Kowmuňyzdan pygamberligini yglan eden boldumy?» diýip sorar eken. Küreýişliler oňa «Ýok» diýip jogap berer ekenler. Wagt geçip, Ahmet (s.a.w) pygamberligini yglan edýär. Ol şol günleri hem küreýişilere ýene şol sowal bilen ýüzlenýär. Bu gezek küreýişliler oňa «Hawa, şeýle biri döredi» diýip jogap berýärler. Şonda ol: «Älem oňa garaşýardy» diýýär.[11]

Ýedinjisi. Tanymal hristiýan ulamasy Ibnul-A:la hem heniz Muhammet aleýhyssalaty wessalama pygamberlik berilmänkä, pygamberi görmezden onuň ýüze çykjagyny habar beripdir. Soňra Muhammet aleýhyssalaty wessalama pygamberlik berlensoň, ýanyna gelip, ony öz gözi bilen görüpdir. Şonda ol Allanyň resulyna (s.a.w) şeýle diýipdir:

وَالَّذِى بَعَثَكَ بِالْحَقِّ لَقَدْ وَجَدْتُ صِفَتَكَ فِى اْلاِنْجِيلِ وَبَشَّرَ بِكَ ابْنُ الْبَتُولِ

«Injilde seniň sypatlaryň ýazylypdyr. Şony görüp, imana geldim. Merýemiň ogly Injilde seniň geljegiňi buşlapdyr».[12]

Sekizinjisi. Ozal hem ady geçipdi. Gürrüň Habeşiň patyşasy Nejaşy barada gidýär. Ol şeýle diýipdir:

لَيْتَ لِى خِدْمَتَهُ بَدَلاً عَنْ هذِهِ السَّلْطَنَةِ

«Käşgä maňa soltan bolmak däl-de, Muhammedi-Arabynyň (s.a.w) hyzmatkäri bolmak berilsedi. Oňa hyzmatkär bolmak soltan bolmakdan esse-esse beýikdir».[13]

Şu ýere deňiç Rebbimiziň ylham etmegi netijesinde gaýypdan habar berýän arif kişiler dogrusynda gürrüň edipdik. Indi bolsa ruhy barlyklaryň, jynlaryň üsti bilen gaýypdan habar beren kahinler[14] dogrusynda bolar. Hawa, kahinler Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň gelip, özüniň pygamberligini yglan etjegini açan-açan aýdypdyrlar. Şeýle hadysalaryň mysaly kän. Biz şu ýerde şolaryň arasyndan iň meşhur, magnawy tewatür derejesinde ykrar edilýän, esasanam, taryh we siýer[15] kitaplarynda beýan edilenleri hakda kelam-agyz gürrüň ederis. Bu babatda has giňişleýin maglumat almak isleýänlere bolsa siýer kitaplaryna ýüz tutmagy maslahat berýäris.

Birinjisi. Şykk diýen kahin ýaşap geçipdir. Onuň ýeke gözi, ýeke eli, ýeke aýagy bolupdyr. Hakyt «ýarym adam» diýilýäni ekeni. Ine, şol adam Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň pygamberligini bildirýän, magnawy tewatür derejesinde beýan edilen habarlary bilen taryha giripdir. Hawa, ol Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň pygamber bolup geljegini kän ýola habar beripdir.[16]

Ikinjisi. Şamda Satih diýen meşhur kahin ýaşap geçipdir. Ol bedeni süňksüz, göýä hiç hili agzasy ýok ýaly, başdan-aýak ýöne et bolup duran, ýüzi döşünde ýerleşen täsin ýaradylyşly adam ekeni. Ol uzak ýaşapdyr. Satih şol döwürde gaýypdan berýän dogry habarlary bilen meşhur bolan eken. Hatda kisra (ýagny pars patyşasy) özüniň gören geň düýşi we Ahmet aleýhyssalaty wessalamyň dünýä inen heňňamynda köşgüniň on dört sütüniniň ýykylmasynyň hikmeti dogrusynda soramak üçin onuň ýanyna Mubezan diýilýän alymyny iberýär. Satih şonda oňa şulary habar beripdir: «Size on dört kişi hökümdarlyk eder. Soňra soltanlygyňyz ýykylar. Biri gelip, (täze) bir din ýaýar. Ana, şol kişi hem siziň diniňizi, döwletiňizi ýykar».

Ine, görşümiz ýaly, Satih diýen kahin ahyrzaman pygamberiniň geljegini aç-açan habar beripdir.[17]

Şeýle hem, Sewad ibni Karibid-Dewsi, Hunafyr, Efasiýe Nejran, Jizl Ibni Jizli-Kindi, ibni Halasated-Dewsi we Fatima Binti Numani-Nejjariýe ýaly ady belli kahinler ahyrzaman pygamberiniň dörejegini, şol pygamberiň hem Muhammet aleýhyssalatu wessalamdygyny habar beripdirler. Bular barada-da siýer we taryh kitaplarynda giňişleýin maglumat berilýär.[18]

Şeýle hem, hezreti Osmanyň (r.a) garyndaşy Sad ibni binti Küreýziň hem kahinlikden başy çykýan eken. Ol hem Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň pygamber boljagyny habar beripdir. Yslam dininiň ilki dörän günleri ol Osman Zinnureýine: «Sen gitde, iman getir!» diýipdir. Hezreti Osman hem, pygamberimiziň ýanyna baryp, iman getiripdir. Sad bu hadysa hakda goşgy goşupdyr:

هَدَى اللّهُ عُثْمَانًا بِقَوْلِى اِلَى الَّتِى بِهَا رُشْدُهُ وَ اللّهُ يَهْدِى اِلَى الْحَقِّ[19]

Şeýle hem, hatif diýilýän, özleri görünmeýän, ýöne sesleri eşidilýän bir jyn topary bar. Olar hem edil kahinler ýaly Resuly-Ekrem  aleýhyssalatu wessalamyň geljegini kan gezek habar beripdirler. Meselem, olaryň birisi Zeýýab ibnul-Harisä ine, şeýle diýip seslenipdir:

يَا ذَيَابُ يَا ذَيَابُ اِسْمَعِ الْعَجَبَ الْعُجَابَ

بُعِثَ مُحَمَّدٌ بِالْكِتَابِ يَدْعُو بِمَكَّةَ فَلاَ يُجَابُ[20]

Şunlukda, ýaňky hatif Zeýýab ibnul-Harisiň we ýene-de başgalaryň musulman bolmagyna sebäp bolupdyr.

Ýene-de bir sany hatif jyn Samiýa ibni Karretil-Gatafana, ynha, şeýle diýip seslenipdir:

جَاءَ الْحَقُّ فَسَطَعَ وَ دُمِّرَ بَاطِلٌ فَانْقَمَعَ[21]

Muny eşiden kişileriň käbirisi imana gelipdir.

Ine, hatif jynlarynyň şunuň ýaly buşluklary we gaýyby habarlary meşhur bolupdyr. Şeýle hadysalar kän ýüze çykypdyr.

Edil kahinlerdir hatif jynlary ýaly, butlaram, butlar üçin soýulan gurbanlyklaram Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň pygamberligi dogrusynda habar beripdirler. Meselem, meşhur bolan şeýle bir hadysa bar.

Bir gezek mazen kowmunyň buty olara:

هذَا النَّبِىُّ الْمُرْسَلُ جَاءَ بِالْحَقِّ الْمُنْزَلِ[22]

diýip seslenipdir, ýagny Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň pygamberligini habar beripdir.

Indi bolsa, Abbas ibni Mirdasyň musulman bolmagyna sebäp bolan bir wakany gürrüň bereliň. Bu meşhur hadysa şeýleräk bolup geçipdir:

Olaryň «dyman» diýýän buty bar ekeni. Bir gün şol but şeýle diýip seslenipdir:

اَوْدَى ضِمَارُ وَكَانَ يُعْبَدُ مُدَّةً قَبْلَ الْبَيَانِ مِنَ النَّبِىِّ مُحَمَّدٍ

ýagny «Muhammet gelmänkä maňa çokunylýardy. Indi Muhammediň beýany geldi. Mundan soňra beýle zat (azgynçylyk) bolmaz».[23]

Musulman bolmazyndan öň hezreti Omar (r.a) şeýle bir wakanyň şaýady bolupdyr. Ol bir but üçin soýulan gurbanlygyň dile gelip şeýle diýenini eşidipdir:

يَا آلَ الذَّبِيحِ اَمْرٌ نَجِيحٌ رَجُلٌ فَصِيحٌ يَقُولُ لاَ اِلهَ اِلاَّ اللّهُ[24]

Iň ygtybarly hasap edilýän hadys kitaplarynda şular ýaly dogry habar hökmünde kabul edilen wakalaryň ýene ençemesi beýan edilipdir.

Görşümiz ýaly kahinler, arifi-billahlar, hatifler (jynlar), butlar we gurbanlyk üçin soýlan jandarlar Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň pygamberliginden habar beripdirler. Şeýle hili hadysanyň ýüze çykan her gezeginde birentek ynsan imany gelipdir.  Edil şonuň ýaly-da, käbir daşlaryň, gabyrlaryň we gabyr daşlarynyň ýüzünde köneçe ýazylan:

مُحَمَّدٌ مُصْلِحٌ اَمِينٌ[25]

ýazgysy tapylypdyr. Mundan ötri hem birentek adam imana gelipdir.[26] Hawa, şol daşlaryň ýüzündäki köneçe ýazylan مُحَمَّدٌ مُصْلِحٌ اَمِينٌ ýazgysy Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamy bildirýär. Sebäbi ondan öňünçä, onuň döwrüne örän ýakyn wagtda, Muhammet ady bolan diňe ýedi sany adam bar eken. Başga ýok eken. Ýöne şol ýedi adamyň hiç birisi «Muslihi-emin»[27] diýilmäge laýyk däl eken.

Üçünji bölüm

          Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň doglan wagty bolup geçen ajaýyplyklaryň, täsin hadysalaryň beýany.

          Irhasatdan hasaplanýan şol hadysalar hut pygamberimiziň (s.a.w) dogulmagy bilen baglanyşyklydyr. Pygamberlik berilmezinden öňünçä ýüze çykan käbir hadysalara gönüden-göni mugjyza diýip bolýar. Şeýle mugjyza hadysalarynyň bolsa sany köp. Biz diňe meşhur bolan, hadys ymamlarynyň kabul eden we ygtybarly habara daýanýandygy ykrar edilen hadysalardan iki-üç sanysyny beýan ederis.

Birinjisi. Pygamberimiziň (s.a.w) doglan gijesi Resuly-Ekremiň (s.a.w) ejesiniň ýanynda Osman ibni As bilen Abdurrahman ibni Awfyň ejeleri bar eken. Şonda olar daş-töwerege ýagty saçyp duran nuruň şaýady bolýarlar. Bu barada ol üçüsi şeýle diýip gürrüň berýär: «(Ol (s.a.w) doglan pursaty, şeýle bir nuruň şaýady bolduk, şol nur Gündogar bilen Günbataryň arasyny gündizlik ýaly ýagtyltdy».[28]

Ikinjisi. Şol gije Käbedäki butlaryň köpüsi başaşaklygyna ýykylypdyr.[29]

Üçünjisi.  Şol gije güýçli yranma bolup, meşhur Kisranyň eýwanynyň (ýagny köşgüniň) diwarlarynda jaýryk emele gelipdir, on dört sany sütüni ýumrulypdyr.[30]

Dördünjisi. Şol gije Sawadaky keramatly, mukaddes hasaplanýan kiçiräjik deňziň suwy çekilýär. Şol sanda mejusileriň (otparaz) Istahrabaddaky müň ýyldan bäri söndürilmän saklanylyp gelinýän otlary sönýär.[31]

Şu dört hadysa garap, ine, şeýle netijä gelmek bolýar:  ýaňyja dünýä inen bu şahs (gelejekde) otparazlygy ýok etjek, pars soltanlygynyň köşgüni ýumurjak, Allanyň rugsady, görkezmesi bilen bolmasa, bir zady mukaddes ýa-da keramatly hasap etmegi gadagan etjek.

Bäşinjisi. Bu waka pygamberimiziň (s.a.w) doglan gijesi däl-de, eýsem şoňa örän az wagt galanda bolup geçipdir. Şonuň üçin ol hem irhasatdandyr, ýagny Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň pygamberligi bilen baglanyşyklydyr. Gürrüň  اَلَمْ تَرَ كَيْفَ süresinde beýan edilen pil wakasy hakda gidýär. Onuň gysgaça beýany şeýleräk:

Ebrehe diýen Hebeş hökümdary «Mahmut» atly äpet pili goşunynyň öňüne salyp, Käbäni ýykmaga gelýär. Haçanda Mekgä ýakyn gelenlerinde, bu pil ýerinden bytnaman duruberýär. Ony ýöretmegiň çäresini tapman durkalar, duýdansyz peýda bolan ebabyl guşlary Ebrehäniň goşunyny derbi-dagyn edýär. Onsoň olar gaçmak bilen bolýarlar. Bu täsin hadysa hakynda taryh kitaplarynda giňişleýin gürrüň berilýär.

Ine, şu waka Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň pygamberligi bilen baglanyşyklydyr, pygamberlik delilidir. Muny onuň (s.a.w) dünýä inmegine ýakyn wagt galanda kyblasynyň, doguljak ýeriniň we eziz watanynyň – Kabeýi-Mükerremäniň garaşylmadyk ýagdaýda, geň-ajaýyp şekilde Ebrehäniň ýykgynçylygyndan halas bolmagy bilen düşündirmek gerek.

Altynjysy. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam körpeliginde Halimeýi-Sadiýäniň (pygamberimiziň enekesi) ýanynda wagty täsin waka bolup geçýär. Halimäniň özi hem-de onuň ýanýoldaşy bir bölek buludyň kölege bolup, ony gün şöhlesinden gorap ýörşüni görýärler. Olar kän ýola bu ýagdaýyň şaýady bolupdyrlar. Onsoň muny beýleki adamlara-da aýdypdyrlar. Şunlukda, bu hadysa ygtybarly kişiler tarapyndan beýan edilip, meşhur bolupdyr.[32]

Şuňa meňzeş waka pygamberimiz (s.a.w) on iki ýaşynda Şam tarapyna gidende bolup geçýär. Şol ýeriň ýaşaýjysy Buheýraýy-Rahip bir bölek buludyň Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamy saýalap ýörşüni görýär. Onsoň ol bu ahwalaty başgalara-da görkezýär.[33]

Şu gürrüň berjek wakamyz hem heniz pygamberlik berilmänkä bolup geçýär. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam bir gezek Hatijetül-Kübranyň (r.anha) Meýsere diýen hyzmatkäri bilen söwda saparyndan gaýdyp gelýär. Şonda Hatijetül-Kübra (r.anha)  iki sany perişdäniň bulut şekiline girip, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamy saýalap gelişlerini görýär. Hatyja enemiz (r.anha) muny hyzmatkäri Meýserä aýdanda, ol şeýle diýýär: «Saparyň başyndan aýagyna deňiç men munuň şaýady bolup geldim».[34]

Ýedinjisi. Ygtybarly ýollar bilen gelen sahyh habarda şeýle diýilýär:

Heniz pygamberlik berilmändi. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam bir agajyň aşagynda oturdy. Oturan ýerinden otdan nyşan ýokdy. Birdenem o taýy göm-gök otluk ýere öwrüldi. Agaç şahalaryny onuň (s.a.w) üstüne egip, saýa boldy.[35]

Sekizinjisi: Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam heniz oglanjykka Ebu Talybyň öýünde ýaşaýardy. Ebu Talybyň özi, oglan-uşagy körpeje Ahmet (s.a.w) bilen naharlansalar, garynlary doýardy. Ýöne onuň ýok gezekleri bolsa nahardan doýmaýardylar.[36] Şu hadysa hem meşhurdyr. Ygtybarly çeşmelere esaslanýandyr.

Şeýle hem, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam oglanjyk wagty oňa sereden, hyzmat eden Ümmi Eýmen şeýle diýipdir:

«Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň ajykdym ýa-da suwsadym diýenini hiç eşitmedim, ne kiçi wagty, ne ulalansoň».[37]

Dokuzynjysy. (Körpeje Ahmet ýanlarynda wagty) Halimeýi-Sadiýeniň (pygamberimize süýt emdiren enekesi) rysgal-döwletine bereket inip, geçileriniň süýdi köpeler[38] ekeni. Ýogsam, (ýyl gurak gelip) kowumdaşlarynyň mallary gyrlyp, ýagdaý öwerlik däldi. Ine, bu hadysa hem meşhurdyr hem-de ygtybarly habara daýanýandyr.

Şeýle hem, çybyn-çirkeý, siňek ýaly jandarlar ony (s.a.w) biynjalyk etmezdi, mübärek bedenine ýa-da lybasyna gonmazdy.[39] Onuň (s.a.w) mübärek neslinden bolan Seýýid Abdulkadyr Geýlany (kuddise sürruhu) hezretlerine bu hal eždadyndan miras galan bolsa gerek. Onuň hem üstüne çybyn-çirkeý, siňek gonmaz eken.

Onunjysy. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam dünýä inenden soňra, esasanam, doglan gijesi ýyldyzlaryň süýnmegi artypdyr. Bu hadysa «On bäşinji sözde» anyk deliller bilen subut edilýär. Ýyldyzlaryň süýnmegi şeýtanlaryň we jynlaryň gaýypdan habar alyp bilmejekdigine yşarat edýär, bu şonuň alamatydyr. Ýagny Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam bu dünýä wahyý bilen gelenden soňra, kahinleriň, gaýypdan habar berýän kişileriň, jynlaryň alýan kölegeli, ýalan-ýaşryk habarlarynyň öňüne böwet goýmalydy. Sebäbi gelen wahyýnyň ylahydygy şübhesiz bolmalydy, olaryň berýän habarlary wahyýa meňzemeli däldi.

Hawa, pygamber gelmezden öň kahinlik rowaç alypdy. Kuran inmek bilen olaryň soňy geldi. Hatda şondan soňra birentek kahin iman getirdi. Çünki özlerine maglumat getirýän jynlar taýpasyndan ses-sada ýokdy. Diýmek, Kuran olaryň tepbedini okady.

Häzirki wagtda Ýewropanyň spiritizmçileriniň arasyndan köne döwrüň kahinleriniň täze görnüşi bolan mediýumlar döredi. Ýeri bolýar-da, aýtsaň aýdyp oturmaly.

Hulasa, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalama pygamberlik berilmezinden owal onuň pygamberligini tassyk etdirýän hem-de tassyk edýän wakalaram, şahsyýetlerem kän ýüze çykypdyr.

Hawa, bu dünýäniň ruhy baştutany boljak,[40] bu dünýäniň ruhyýetini üýtgetjek, bu dünýäni ahyretiň ekin meýdanyna öwürjek, dünýädäki barlyklaryň gymmatyny kesgitlejek, jyn-u-ynsana ebedi bagtyýarlyga gidýän ýoly görkezjek, pany jynlary we ynsanlary müdimilik jeza çekmekden halas etjek, bu dünýäniň ýaradylmagynyň hikmetini, bu dünýäniň gizlin manysyny, syrlaryny düşündirjek, älemiň Ýaradyjysynyň maksadyny biljek we başgalara bildirjek, ilki özi tanajak, soňam beýlekilere tanatjak bir Şahsyýetiň (s.a.w) geljekdigi üçin, elbetde, her bir zat, her bir ýaradylan, her bir barlyk begenjekdir, sabyrsyzlyk bilen garaşjakdyr, gelenden soň bolsa,  Ony (s.a.w) iň oňat şekilde garşy aljakdyr, alkyş baryny okajakdyr. Şol sanda Halygy oňa näme bildirse, Ol hem beýlekilere bildirjekdir. Ýokarda beýan eden belliklerimizden, getiren mysallarymyzdan görşüňiz ýaly, barlyklar ony neneňsi ajap, neneňsi mugjyzalar bilen garşy alypdyrlar, mugjyzanyň dili bilen, ýagny mugjyzalar arkaly onuň pygamberligini ykrar edipdirler!


[1] Irhasat – Pygamberlik wezipesi berilmezden öň Muhammet aleýhyssalatu wessalam bilen baglanyşykly ýüze çykan mugjyzalar we täsin hadysalar.

[2] Kahin – ylahy ylhamyň saýasynda geljekden habar berýän kişi.

[3] Aryfi-Billah – Allatagalany örän oňat tanaýan adam.

[4] Pygamberimiziň (s.a.w) ömür beýany hakynda ýazylan eser.

[5] Ibni Kesir, «el-Bidaýe wen-Nihaýe», 2/166; Kady Yýaz, «Şifa», 1/363.

[6] «(Şu wagta deňiç) iberilenleriň arasynda iň haýyrlysyny, pygamberleriň iň beýigi Ahmedi (aleýhyssalatu wessalam) iberdi. Ony zyýarat etmek üçin ýola çykan kerwenleriň sanyça oňa salat bolsun!

[7] Ibni Kesir, «el-Bidaýe wen-Nihaýe», 2/244; Kady Yýaz, «Şifa», 1/364.

[8] Beýhaky, 2/9; Ibni Kesir, «el-Bidaýe wen-Nihaýe», 2/328; Kady Yýaz, «Şifa», 1/143.

[9] Musned, 4/304; Buhary, 1/3, 6/215; Kady Yýaz, «Şifa», 1/363.

[10] Aryfi-Billah – Allatagalany atlary we sypatlary bilen bilýän weli, ýagşyzada kişi.

[11] Kady Yýaz, «Şifa», 1/363.

[12] Alliýýul-Kary, «Şerhuş-şifa», 1/744.

[13] Beýhaky, 2/285; Kady Yýaz, «Şifa», 1/364.

[14] Kahin – ylahy ylhamyň saýasynda geljekden habar berýän kişi.

[15] Siýer – Hezreti Pygamberimiziň (aleýhissalatu wessalam) ömür beýany hakynda ýazylan kitap.

[16] Kady Yýaz, «Şifa», 1/363.

[17] Beýhaky, 2/126-129; Kady Yýaz, «Şifa». 1/365.

[18] Beýhaky, 2/248; Kady Yýaz, «Şifa», 1/365; Ibni Kesir, «el-Bidaýe wen-Nihaýe», 2/335.

[19] Alla meniň sözlerim bilen Osmany dogry ýola saldy. Hak ýola ugrukdyrýan Alladyr. (Suýuti, «Hasaisul-Kubra», 1/258.)

[20] Eý, Zubab, eý, Zubab! Şu ajaýyp habary diňle! Muhammede kitap berildi: Mekgede ynsanlary haka çagyryp başlady, emma ony diňleýän ýok. (Suýuti, «Hasaisul-Kubra», 1/358; Halebi, «Syretul-Halebiýe», 1/335-337.)

[21]Hak döräp, parlamak bilen boldy,  batyl ýumruldy, ýerinden söküldi. (Suýuti, «Hasaisul-Kubra», 1/252, 271; Aliýýul-Kary, «Şerhuş-Şifa», 1/748.)

[22] Bu (Alla tarapyndan) iberilen pygamberdir, (Ol semadan) inderilen hak (kitaby) getirdi. (Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe», 2/255; Ibni Kesir, «el-Bidaýe wen-Nihaýe», 2/337).

[23] Ajluni, «Kenzul-Ummal», 12:472; Beýhaky, 1/118.

[24] Eý, Zebih (hezreti Ysmaýylyň zürýatlary) kowmy! Halas bolmak üçin mümkinçilik döredi: bir adam anykdan-anyk «Lä ilähe illallah» diýýär. (Buhary, 5/61, «Menakibil-Ensar» 35; Ajluni, «Kenzul-Ummal», 12/363; Fethur-Rabbany, 20/2030.)

[25] Muhammet emindir (ygtybarly, dürs, dogry sözli) we dogry ýola ugrukdyryjy (düzedijidir).

[26] Tirmizi, 46/2; Musned, 4/215; Kady Yýaz, «Şifa», 1/467.

[27] Muslihi-emin – ygtybarly, ynamdar, dürs, dogry sözli, dogry ýola ugrukdyryjy, düzediji.

[28] Mujemut-Taberany, 25/355, 357; Kady Yýaz, «Şifa», 1/366; Ajluni, «Kenzul-Ummal», 12/392; Beýhaky, 1/80, 92.

[29] Beýhaky, 1/19. 

[30] Beýhaky, 1/126; 2/272.

[31] Beýhaky, 1/127; Kady Yýaz, «Şifa», 1/366.

[32] Kady Yýaz, «Şifa», 1/368.

[33] Tirmizi, 4/3; Tabakat, 1/83, 101.

[34] Kady Yýaz, «Şifa», 1/368; Beýhaky, 2/65.

[35] Kady Yýaz, «Şifa», 1/368; Tirmizi, 45/97.

[36] Kady Yýaz, «Şifa», 1/367;

[37] Kady Yýaz, «Şifa», 1/368; Beýhaky, 6/125.

[38] Alliýýul-Kary, «Şerhuş-şifa», 1/750.

[39] Kady Yýaz, «Şifa», 1/368.

[40]Hawa, Lewlaka-lewlak Soltany şeýle bir reýisdir welin, soltanlygy müň üç ýüz elli ýyldan bäri dowam edip gelýändir. Birinji asyrdan soňra, (her asyr) azyndan üç ýüz elli million tarapdary, raýaty bardyr. Ýer togalagynyň ýarysy onuň baýdagynyň astynda jem bolandyr. Olar her gün salat we salam okamak bilen bütin durky bilen oňa baglydygyny bildirip, emirlerine eýermegi dowam etdirýändir.

[40] Lewlaka-Lewlak – «Sen bolmasaň älemi ýaratmazdym» diýmek.