Pygamberimiziň Mugjyzalary 19

On ýedinji bellik

Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň Kurandan soňra iň uly mugjyzasy onuň özüdir. Başgaça aýtsak, onda jemlenen beýik ahlakdyr.  Dost-u-duşmanynyň biragyzdan ykrar etmegine görä, onuň (s.a.w) adamkärçilik sypatlary iň kämil derejededir. Hatda batyrlygyň, edermenligiň nusgasy bolan hezreti Aly (r.a) hem: «Söweşiň iň aldym-berdimli pursatynda (duşmandan goranmak üçin) biz Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň arkasyna sygynardyk»[1] diýer eken. Hawa, ol bütin oňat gylyk-häsiýetlere eýe bolup, olaryň her birinde-de başga bir ynsanyň ýetip bilmejek derejesinde nusgalykdyr. Bu babatda Günbataryň beýik alymy Kady Yýazyň «Şifaýy-Şerif» atly eserinden okap bilersiňiz. Hakykatdanam, bu alym pygamberimiziň (s.a.w) mugjyzana ahlagyny şeýlekin göwnejaý beýan edipdir. Her bir aýdan zadyny deliller bilen subut edip bilipdir.

Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň ýene bir mugjyzasy-da onuň (s.a.w) beýik şerigatydyr. Muny onuň (s.a.w) ähli dost-u-duşmany ykrar edýär. Şol wagta deňiç ne şonuň ýaly şerigat döräpdir, ne-de mundan soň dörär. Bu babatda bolsa her biri otuz üç bölümden durýan «Sözler», «Hatlar», «Hakykat öwşünleri» we on üç bölümden ybarat «Hakykat şuglasy» atly eserlerimizden okap bilersiňiz.

 Şeýle hem, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň ýene-de bir uly mugjyzasy Şakky-Kamer (Aýyň bölünmegi) hadysasydyr. Bu hadysa mutewatyrdyr. Munda şübhä ýer ýokdur. Ygtybarly ýollar bilen ýetip gelen bu mutewatyr habaryň aňyrsynda ibni Mesud (r.a), ibni Abbas (r.a), ibni Omar (r.a), hezreti Aly (r.a), Enes (r.a), Huzeýfe (r.a) ýaly beýik sahabalar bardyr. Galyberse-de, Kuranyň ine, şu aýaty-da bu hadysany aç-açan beýan edýär:

 اِقْتَرَبَتِ السَّاعَةُ وَ انْشَقَّ الْقَمَرُ[2]

Hawa, Kuran bu beýik mugjyza hadysasyny şu aýaty bilen bütin äleme yglan edipdir. Şonda kureýşiň iň ganym, kesir müşrikleri Kuranyň bu habaryny inkär edip bilmändirler. Olaryň bu hadysa «jadygöýlük» diýmekden başga alaçlary galmandyr. Diýmek, kapyrlaryň özleri hem Aýyň bölünmegi hadysasyny gep-gürrüňsiz ykrar edipdirler. Bu beýik mugjyzanyň giňişleýin beýanyny «Otuz biriniji söze» goşmaça ýazylan «Şakky-Kamer (Aýyň bölünişi)» atly bölüminden okap bilersiňiz.

Şeýle hem, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam Ýeriň ýaşaýjylaryna Şakky-Kamer mugjyzasyny görkezen bolsa, asmanyň ýaşaýjylaryna-da iň beýik mugjyzasyny – magraj hadysasyny görkezipdir.

Pygamberimiziň (s.a.w) iň uly mugjyzalarynyň biri bolan magraj hadysasy hakynda «Otuz birinji sözden» okap bilersiňiz. Şol bölümde bu hadysanyň neneňsi nurana mugjyzadygy, nähili uly wakadygy, şeýle hadysanyň hakykatdan hem bolup geçendigi dinsizleri hem boýun etjek kesgitli deliller bilen subut edilýär. Ýöne biz şu  ýerde pygamberimiziň (s.a.w) magraj mugjyzasy, onuň başlangyjy bolan Beýtul-Makdysa syýahaty hakda mekgelilere habar berende, kureýşlileriň ir ertirden onuň (s.a.w) ýanyna gelip, şol ýeri suratlandyryp bermegini islänlerinde ýüze çykan başga bir mugjyzasy hakda gürrüň bermekçi.

Magraj hadysasynyň bolup geçen gijesiniň ertesi güni ir bilen pygamberimiz (s.a.w) bu hakynda kureýşlilere habar berdi. Şonda olar ony ýalançylykda aýypladylar. «Eger, hakykatdan hem Beýtul-Makdysa giden bolsaň, onuň gapylaryny, diwarlaryny, içini-daşyny suratlandyryp ber-dä» diýişdiler. Onsoň Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam şol pursat bolup geçen zatlary şeýle diýip gürrüň berýär:

  فَكَرَبْتُ كَرْبًا لَمْ اَكْرُبْ مِثْلَهُ قَطُّ فَجَلَّى اللّهُ لِى بَيْتَ الْمَقْدِسِ وَكَشَفَ الْحُجُبَ بَيْنِى وَبَيْنَهُ حَتَّى رَاَيْتُهُ فَنَعَتُّهُ وَ اَنَا اَنْظُرُ اِلَيْهِ[3]

(«Olaryň meni ýalançylykda aýyplaýyşlaryndan, üsti-üstüne berýän sowallaryndan ýaňa gaty aljyradym. Ömrylla beýle kyn-gyssaga düşmändim. Ynha birdenem, Haktagala maňa Beýtul-Makdysy görkezdi. Menem Beýtul-Makdysa seredip, onuň ähli ýerini birin-birin aýdyp bermäge başladym»).

Şol gezek kureýşliler pygamberimiziň (s.a.w) Beýtul-Makdysy edil bolşy ýaly suratlandyryp bilşine şaýat bolupdylar.

Şonda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam kureýşlilere şeýle-de diýipdir: «Ýolda barýarkam, siziň bir kerweniňizi-de gördüm. Ol pylan wagtda geler». Onsoň şol kerweniň ýoluna garap ugradylar. Kerwen bir sagat gijä galyp gelýär. Şunlukda, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň habarynyň dogry çykmagy üçin (alymlaryň tassyklamagyna görä) Gün bir sagat durupdyr. Has dogrusy, Ýer togalagy onuň sözüni dogry çykarmak üçin hereketini bir sagatlyk togtadypdyr. Bu Günüň hereket etmän durmagy bilen aýan bolupdyr.[4]

Ine, Muhammet Araby aleýhyssalatu wessalamyň sözüni tassyklamak üçin äpet Ýer togalagy öz wezipesini terk edýär, ägirt Gün bolsa oňa şaýatlyk edýär. Bu aýdylanlardan soňra şeýle şahsyýetiň pygamberligini tasyklamaýan we onuň emrine boýun egmeýän kişiniň nähili betbagtdygyny, ýöne ony ykrar edýän, her bir emrine:

 سَمِعْنَا وَ اَطَعْنَا[5] 

diýýän adamyň nähili bagtyýardygyny aňla hem-de «Älhamdulillahi alel iman wel Islam»[6] diý!

On sekizinji bellik

Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň iň uly we ebedi mugjyzasy Kurandyr, ýagny pygamberligiň ýüzlerçe delilini özünde jemleýän, kyrk dürli mugjyzawy tarapynyň bardygy subut edilen Kurany-Haki:mdir. Hawa, takmynan, ýüz elli sahypadan ybarat bolan «Ýigrimi bäşinji sözde» Kuranyň kyrk dürli mugjyzawy tarapynyň bardygy anyk deliller bilen subut edilýär. Diýmek, mugjyzalar hazynasy bolan Kurany-Kerim dogrusynda şol eserden okamak gerek. Häzir bolsa bu beýik mugjyza bilen baglanyşykly iküç sany hakykata ünsüňizi çekmek isleýäris.

Birinjisi

Sowal. Kuranyň mugjyzalygy belagatyndadyr, ýagny sözleýiş tärindedir. Muňa görä, Kurany okaýan ýa-da diňleýän her bir kişi şol mugjyzany duýup biläýjek ýaly. Ýöne näme üçindir muňa olaryň diňe müňden biri, ýagny onuň bilen meşgullanýan alymlar duýup, aň ýetirip bilýär.

Jogaby. Kurany-Haki:miň jemgyýetiň her bir gatlagyna ýüzlenýän mugjyzawy tarapy bar. Olaryň her birine aýratynlykda özüniň mugjyzalyk tarapyny görkezýär. Meselem, Kurany-Haki:m edebiýatçylara, söz ussatlaryna ajaýyp sözleýşindäki mugjyzasyny görkezýär. Şahyrlara we suhangöýlere haýran galdyryjy, ýiti täsirli, gaýtalanmajak belentden çeper sözleýşindäki mugjyzalygyny görkezýär. Bu sözleýiş täri hemmäniň hoşuna gelýär, emma hiç kim onuň ýalysyny döredip bilmeýär. Üstünden näçe wagt geçse-geçibersin, hiç könelmeýär. Onuň beýany hemişe ýaşdyr, hemişe terdir. Kapyýalaryň, rifmalaryň jaýdar sazlaşygyny aýtjakmy, kyssalaryň gysgadan uz, çeper beýan edilişini diýjekmi?! Gör, nähili belent, nähili şirin, nähili çeper sözleýiş!

Şeýle hem, kahinlere, bilgiçlere gaýypdan habar bermekdäki ajaýyp mugjyzasyny görkezýär.

Şeýle hem, taryhçylara, dünýäniň ahwaly bilen gyzyklanýan alymlara öňki ýaşap geçen ymmatlaryň başyndan geçiren wakalary, geljekde ýüze çykjak hadysalary, gabyr we ahyret äleminde boljak zatlary habar bermekdäki mugjyzasyny görkezýär.

Şeýle hem, Kuran sosiolaglardyr syýasatçylara kanunlar mugjyzasyny görkezýär. Hawa, Kurandan gözbaş alyp gaýdýan beýik şerigatyň özi hikmet mugjyzasydyr.

Şeýle hem, Kuran jemgyýetiň Alla tanadýan marifetullah ylymlaryny hem-de ýaradylyşyň asyl hakykatyny öwrenýän ulama kysmyna mukaddes ylahy hakykatlary aýan etmekdäki mugjyzasyny görkezýär.

Şeýle hem, Kuran tarykat ähline, ýagşyzada weli kimselere hemişe deňiz ýaly tolkun atyp duran aýatlarynyň syrly manylaryny bildirmek bilen mugjyzasyny görkezýär. Mahlasy, kyrk dürli ynsan gatlagy bar bolsa, Kuran olaryň her biri üçin bir penjire açýar-da, özüniň dürli öwüşginli mugjyzalaryna tomaşa etdirýär.

Hawa,  diňe diňlemegi başarýan, azda-kände mana düşünýän iň ýönekeý adam hem Kuranyň başga kitaplara meňzemeýändigini ykrar edýär we şeýle diýýär: «Kuran şu wagta deňiç eşidip gören kitaplarymyň barysyndan pesde durýan bolmaly. Ony aýtsak, Kurana duşmançylyk edýän kişilerem beýle diýmändir. Diýmek, bu bütinleý galat pikir. Onda, Kuran şu wagta deňiç eşiden, gören kitaplarymyň hemmesinden ýokarda durýar. Diýmek, Kuran mugjyzadyr!»

Ine, şu ýerde iň ýönekeý adamyň Kurandan duýýan mugjyzalyk tarapy hakda gürrüň edeliň. Ýagny bu gatlagyň wekiline ýardam bolar ýaly, Kuranyň şol mugjyzasy dogrusynda has giňişleýin düşündiriş bereliň.

Mugjyzawy beýan ediji Kuran inen gününden beýläk bütin älemi özi bilen bäsleşmäge çagyrdy. Netijede ynsanlarda iki hili güýçli isleg döredi.

Birinjisi. Dostlarynda oňa öýkünmek islegi, ýagny olar üçin mähriban bolan Kuranyň tärinde söz sözlemek, ýazyp bilmek arzuwy döredi.

Ikinjisi. Duşmanlarynda tankyt etmek we garşy gitmek, ýagny Kuranyň tärinden üstün çykyp biljek sözleýiş arkaly onuň mugjyzalygyna şek ýetirmek islegi döredi.

Ine, şu iki güýçli islegiň netijesinde arap dilinde millionlarça kitap ýazylypdyr. Bu hemmä mälim. Ana, şol kitaplaryň iň çeper ýazylanlarynyň, beýan edilişi boýunça iň tapawutlylarynyň okalyşy bilen Kuranyň okalyşyny diňlän islendik adam Kuranyň olaryň hiç haýsyna meňzemeýändigini aýdar. Diýmek, Kuran bu kitaplaryň hiç haýsynyň derejesinde däl. Onuň ýaly bolsa, ýa-ha olaryň ählisinden pesde bolmaly, bu bolsa düýbünden galat. Bu pikir bilen hiç kim, hatda şeýtan hem ylalaşmaz.[7] Diýmek, mugjyzawy beýan ediji Kuran şol kitaplaryň ählisinden ýokarda durýar.

Hatda söz manysyna düşünmeýän bisowat adam hem ony diňlemekden irmeýär. Bu bolsa Kuranyň şol gatlaga ýüzlenýän mugjyzasy bolup durýar. Hawa, Kurany diňlän ýönekeý  we bisowat adam şeýle diýýär: «Iň gowy görülýän, iň meşhur goşgynyň bendini iki-üç gezek diňlesem, ýüregime düşüp başlaýar. Emma Kurany näçe diňlesem-diňläbereýin, hiç irizmeýär. Gaýtam, diňledigimçe diňläsim gelýär, hoşuma gelýär. Diýmek, bu adam oglunyň sözi däl».

Ýa bolmasa, Kuranyň aýatlaryny ýat tutmak isleýän körpeleri alyp göreliň: adatça näzik, ejiz körpejik ýeke sahypalyk teksti ýadyna alyp bilmän azara galyp oturandyr. Emma göwrümi boýunça diýseň uly Kuran bolsa, birentek garma-garyşyk, bulaşdyrmaga sebäp boljak, bir-birine meňzeýän aýatlarynyň, sözlemleriniň bolmagyna garamazdan, olaryň kindiwanja beýnilerinde ýeňillik bilen ýerleşýär, ýatlarynda aňsat galýar. Ine, bu hem Kuranyň körpeler üçin aýryp goýan mugjyza paýydyr.

Ýa bolmasa, sähelçe sözden, goh-galmagaldan biynjalyk bolýan syrkawlara, ölüm düşeginde ýatan hassalara Kuranyň aýatlary nagma deýin, sedasy zemzem suwy ýaly ýakymly, şirinden-şirin bolup eşidilýär. Ine, bu hem Kuranyň olar üçin aýran mugjyza paýy.

Mahlasy. Kuranyňkyrk ynsan gatlagynyň kyrkysy üçinem aýryp goýan mugjyzasy bar, ýagny kyrk hili mugjyzasy bar. Olaryň her haýsyna bir mugjyzasy bilen ýüzlenýär. Garaz, olaryň hiç haýsyny paýsyz goýmaýar.

Hawa, Kuranyň diňe görüp bilýän,[8] ýagny diňlemegi halamaýan, kütek duýguly bisowat kişiler üçinem mugjyzasy bar. Muňa mysal hatdat Hafyz Osmanyň ýazuw tärine görä çap edilen mugjyzawy beýan ediji Kuranyň sözlerindäki täsin gabatlaşmalardyr.

Meselem, «Kehf» süresindäki

  وَثَامِنُهُمْ كَلْبُهُمْ[9]

kelamynyň ýerleşen ýerinden, tä  «Fatyr» süresindäki

  قِطْمِيرٍ[10]

sözüniň ýerleşýän sahypasyna deňiç deşilip seredilse, sähelçe gyşarma bilen «kytmyr» sözüni görmek bolýar. Şunlukda, bize şol kelamda gürrüňi edilýän köpegiň ady ýüze çykýar.

Ýene bir mysal. «Ýasin» süresindäki iki

 مُحْضَرُونَ[11]

sözi, sähelçe aratapuwut bilen, biri-birileri bilen gabatlaşýarlar. Edil şonuň ýaly-da «Saffat» süresindäki

  مُحْضَرِينَ[12]

sözi bilen

مُحْضَرُونَ[13]

sözi hem bir-birileri bilen hem-de «Ýasin» süresindäki beýleki taýlary bilen gabatlaşýarlar. Eger biriniň ýerleşýän ýerinden deşip seretsek, sähelçe aratapawut bilen beýleki sahypadaky taýlary görünýär.

Ýene bir mysal, «Sebe» süresiniň soňlarynda we «Fatyr» süresiniň başlarynda gelýän مَثْنَى sözi gabatlaşýar. Tutuş Kuranda üç sany مَثْنَى sözi bolup, olaryň ikisiniň şeýdip, biri-biriniň gabadyna düşmegine tötänlik diýip bolmaz.[14]

Ine, şuňa meňzeş näçe diýseň mysal getirmek bolýar. Hatda meňzeş kelemeleriň bäş-alty ýerde birnäçe sahypadan soňra sähelçe aratapawut bilen gabatlaşyp gelýänleri hem bar. Edil şonuň ýaly, biri-birine bakýan iki sahypanyň gyzyl galam bilen ýazylan sözlemleriniň biri-biriniň üstünden düşýän Kuran hem bar. Şonda men: «Bu hem mugjyzadan bir alamat» diýipdim. Soň-soňlar seretsem, Kuranyň bir-biri bilen baglanyşykly, ýöne başga-başga sahypalarda ýerleşýän we biri-birine gabat düşýän kän sözlemi bar eken.

Hawa, pygamberimiziň görkezmesi esasynda tertibe salnan we soňra çap edilen Kuranlaryň bezeglerinde-de, grafikasynda-da mugjyza alamatlaryny görmek bolýar. Sebäbi şol ahwalatyň arkasynda ne tötänlik dur, ne-de ynsan akyly. Çünki ol bir ylhamyň  önümi. Ýöne käbir setirlerde öňe-yza süýşmeler bolupdyr. Bu bolsa sözleriň arasyndaky täsin gabatlaşmalary azda-kände bozupdyr. Emma bu ýagdaý hem neşir işi bilen baglanyşyklydyr, ýagny çaphananyň säwligidir. Hemme zat bolmalysy ýaly düzgün edilen bolsady, sözler laýyk biri-biriniň üstünden düşerdi.

Şeýle hem, Kuranyň Medinede inen ortaça uzynlykda hem-de has uzyn  bolan süreleriniň her bir sahypasynda «Alla» sözi täsin görnüşde  gaýtalanyp gelýär. Hawa, bir sahypada bäş, birinde alty, başgasynda ýedi, ýene birinde sekiz  käbirinde bolsa dokuz we on bir gezek dagy gaýtalanýar. Ondan hem başga, bir sahypanyň iki tarapyndaky, şol sanda bir-birine garap duran iki aýratyn sahypadaky sözler sany boýunça gabat gelip, özboluşly many baglanyşygyny ýüze çykarýarlar.[15] [16] [17] [18]

Ikinjisi

Hezreti Musa aleýhyssalamyň zamanasynda jadygöýlük ýörgünli eken. Mundan ötri Musa pygambere, esasan, şol terz mugjyzalar berlipdir. Hezreti Isa aleýhyssalamyň döwründe bolsa tebipçilik ösen eken. Şol sebäpli oňa, aglaba, tebipçilik bilen baglanyşykly mugjyzalar berlipdir. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň zamanasynda bolsa Arap ýarymadasynda ine, şu dört zat ýörgünli eken:

Birinjisi: belagat, suhangöýlük.

Ikinjisi: goşgy goşmak, oratorlyk.

Üçünjsi: kahinlik (bilgiçlik), gaýypdan habar bermek.

Dördünjisi, geçmişde bolup geçen hem-de älemiň ahwalyndan habardar bolmak.

Mugjyzawy beýan ediji Kuran gelip, bu dört ugurdan başy çykýan kim bar bolsa, olaryň hemmesini bäsleşige çagyrdy. Owaly bilen, söz ussady diýjekmi, dilewary ýa-da suhangöýi diýjekmi, barysy onuň öňünde dyza çökdi. Olar haýran galyp, Kurany diňlemek bilen boldular. Ikinji bilenem, şahyrlar we oratorlar, ýagny ökde nutukçylar, şygyr okamagyň ussatlary oňa haýranlygyny bildirdiler, aňk bolup oturyberdiler. Olar altyn harplar bilen ýazyp, Käbäniň diwarynda asan göz guwançlaryny, iň oňat hasaplaýan «Muallakaty-Sebalaryny», ýagny şol wagt meşhur bolan ýedi sany şygry aşak indirmeli boldular. Sebäp diýseňiz, Kuranyň ýanynda olaryň hiç hili gymmaty galmandy.

Şeýle hem, Kuran gelensoň, gaýypdan habar berýän kahinlerdir jadygöýleriň dili tutuldy. Şondan soň olar gaýypdan habar berip bilmeýän boldular. Ýagny olara unutdyryldy. (Olara habar getirýän) jynlar gümüne kowuldy. Kähinlik tamam boldy.

Şeýle hem, Kuran (taryhçylary) öňki ýaşap geçen ymmatlar we älem hakynda aýdylýan ýalan-ýaşryk, bolar-bolmaz maglumatlardan halas etdi. Olara geçmişiň we älemiň nurly wakalary hakdaky dogryny öwretdi.

Şunlukda, bu dört topar haýranlygyny bildirip, Kurana tagzym etmäge durdular. Oňa talyp boldular. Olaryň hiç haýsy hiç bir sürä garşylyk berip bilmedi.

Sowal. Hiç kimiň garşylyk berip bilmändigini ýa-da munuň mümkin däldigini biz nireden bileli?

Jogaby. Eger garşylyk berip bilsediler, elbetde, synanyşylardy. Çünki, hakykatdanam, garşylyk bermek zerurlygy döräpdi. Olaryň dinine, mal-emlägine, janyna, maşgalasyna howp abanypdy. Garşylyk bermäge gurplary çatsady, olar şol ýagdaýdan halas bolýardylar. Başarsalar, garşylyk berjekdiler. Hawa, Kuranyň süreleridir aýatlaryna bäs gelip biljek bir zat döredip biljekdiklerine sähel ynançlary bolsady, ebeteýini gözläp ýören, san taýdanam köp bolan kapyrlardyr mynapyklar derrew munuň ugruna çykardylar, (edil yslamyýetiň garşysyna her hili bet düşünjelerini neşir edişleri ýaly) delillerini ýaýmak bilen bolardylar. Eger olar garşylyk görkezip bilen bolsadylar, bu il arasynda bilnerdi we taryh kitaplarynda uly dabara bilen beýan edilerdi. Honha, taryh kitaplarynyň islendigini alyp göräýiň. Olaryň hiç birinden Museýlimeýi-Kezzabyň birküç sany toslama hekaýatyndan başga maglumat tapmarsyňyz. Eýsem, Kurany-Haki:m bütin ýigrimi üç ýyl boýunça olaryň ganlaryny gyzdyrjak, kesirlik duýgularyny oýarjak derejede bäsleşmäge çagyrmagyny dowam etdirdi. Olara şeýle diýýärdi:

Muhammedul-Emin (s.a.w) ýaly ümmi, ýagny ýazmagy, okamagy bilmeýän biriňiz çykyp, Kuranyň meňzeşini döretsin-dä, göreli! Diýeli, muny başarmadyňyz. Goý, ol kişi sowatsyz bolman, aňrybaş alym, ussat ýazyjy bolsun. Diýeli, muny-da oňarmadyňyz. Goý, bir kişi bolmasyn, alymlaryňyzyň, söz ussatlaryňyzyň barysy bir ýere jemlensin we biri-birine ýardam bersinler. Hatda bil baglaýan, çokunýan «ylahlaryňyz» bar-a, olar hem size ýardam bersin. Şonda-da başaryp bilmersiňiz. Ýeri bolýar, Kuranyň hemmesiniň däl, onuň diňe on süresiniň meňzeşini dörediň. Ony hem edip bilmejegiňiz belli. Ýeri bolýar, ýalan-ýaşryk hekaýa, kyssa ýaly bir zatlar bolaýsyn, diňe rifma sazlaşygy, sözleýiş täri taýyndan bäs gelip biläýsin. Muny-da başaryp bilmersiňiz. Ýeri bolýar, Kuranyň ýekeje süresiniň meňzeşini dörediň. Özi hem, uzyn süresiniň däl, eýsem gysga sürelerinden biriniň meňzeşini dörediň. Ýogsam, diniňiz, janyňyz, mal-emlägiňiz, maşgalaňyz bu dünýede-de, o dünýede-de howp astynda bolar. Muny bilip goýuň!

Ine, Kurany-Haki:m ýokardaky sekiz hili talabyny ýirgimi üç ýyl däl eýsem, müň üç ýüz ýyl bäri gaýtalap gelýär, ynsanlary we jynlary dowamly bäsleşige çagyrýar. Bilşimiz ýaly, ilki döwrüň kapyrlary janlaryny, mallaryny, maşgalalaryny howp astyna atyp, iň elhenç ýoly – söweşmegi saýlap aldylar. Iň aňsat, iň gysga ýoly – bäsleşigi terk etdiler. Diýmek, Kuran bilen bäsleşmek mümkin däldi. Ýogsam, sähelçe akyly bolan kişi, hususan, şol döwrüň Arap ýarymadasynyň adamlary ýaly, hususan, kureýşliler ýaly zehinli adamlar: olaryň hem söz ussatlary, heý-de Kuranyň ýekeje süresiniň meňzeşini döredip, Kuranyň hüjüminden halas bolmak ýaly örän ygtybarly, örän gysga we aňsat ýoly terk ederdilermi? Janlaryny, mallaryny, maşgalalaryny howp astyna atardylarmy? Şeýdip kyn ýoly yzlardylarmy?

Mahlasy, biz hem meşhur Jahiziniň sözlerini gaýtalaýarys: «Sözli bäsleşik» mümkin däldi, şol sebäpli «Gylyçly bäsleşige» mejbur boldular».


[1] Ajluni, «Kenzul-Ummal», 12/347, 419.

[2] «Kyýamat(yň) (wagty) ýakynlaşdy, Aý (iki) bölündi». («Kamar» süresi, 54/1)

[3] Buhary, 5/66, 6/104; Muslim, 1/156-157; Kady Yýaz, «Şifa», 1/191.

[4] Kady Yýaz, «Şifa», 1/284; Suýuti, «Durerul-Muntesire», 193.

[5] «Eşitdik we etagat etdik» («Bakara» süresi, 2/285)

[6] Iman we Yslam nygmatyndan ötri Alla hamdy-sena bolsun!

[7] «Ýigrimi altynjy hatyň» uly ähmiýete eýe bolan birinji mowzugy şu jümläniň düşündirilişidir, başgaça aýtsak, çykgydydyr.

[8] Ýöne bu ýerde Kuranyň diňe görüp bilýän, diňlemegi halamaýan, inçeden duýup bilmeýän ynsan gatlagyna degişli mugjyza tarapy barada aýdylanlar örän gysga we kemter bolupdyr. Emma Kuranyň şu mugjyza görnüşi «Ýigrimi dokuzynyjy» we «Otuzynjy hatda» (bellik) şeýle aýdyň, şeýle anyk, şeýle äşgär edilip görkezilipdir welin, hatda körlerem ony görüp bilse gerek. Kuranyň şu mugjyza tarapyny islendik adam seredende-de görüp biljek bir Kuran ýazdyrdyk. Ynha, enşalla, ol çap ediler welin, her kimem gürrüňini edýän bu ajaýyp mugjyzanyň şaýady bolar.

Bellik: «Otuzynjy hat» diýen örän täsirli bir eseriň arzuwyndadyk. Ýöne ol öz ornuny «Işaratul-Ijaza» berdi. Oňa derek bu eser peýda boldy.

[9] «(olaryň) sekizinjileri köpekleridi» («Kehf» süresi, 18/22)

[10] Kytmir –  Ashaby-Kehfiň itleriniň ady. («Fatyr» süresi, 35/13)

[11]  «taýyn edilenler» we «jemlenjeklerdir» diýmegi aňladýar. («Ýasin» süresi, 36/32, 75)

[12] «(Dowzah üçin) taýyn edilenlerden (bolardym)». («Saffat» süresi, 37/57).

[13] («Saffat» süresi, 37/127; 158.)

[14] Bu söz «iki-ikiden» diýmegi aňladýar. («Sebe» süresi, 34/46; «Fatyr» süresi, 35/1; «Nisa» süresi, 4/3)

[15]         Kuranyň zikirhon, dili dogaly, ybadathon kişiler bilen baglanyşykly bir mugyzjasynyň beýany.

Kuranyň owadan, şirin, şahyrana, anyk, kesgitli, gaýtalanmajak çeper sözleýşiniň we nazarlary özüne çekýän belagatynyň taýsyz aýratynlyklarynyň köp bolmagyna garamazdan, ol çynlakaýlygyny, agraslygyny ýitirmeýär, onda ylahylyk duýulýar, pikir dagynyklygy bolmaýar. Adatça, şuňa meňzeş çeper beýanyň, şahyrana  döredijiligiň, kapýýadyr rifma ýaly söz sungatynyň birentek aýratynlyklary çynlakaýlygyň, agraslygyň elden berilmegine, pikiriň bölünmegine ýol açýar. Meselem, Ymamy Şafygynyň aňrybaş şirin, aňrybaş saýhally, aňrybaş şahyrana ýazylan, Müsüriň gytçylykdan çykmagyna sebäp bolan meşhur mynajatyny kän okadym. Ine, şol mynajatda kapiýa, rifma ýaly şahyrçylyk däplerine eýerilmek üçin belent agraslyga zeper ýetirilipdir. Ynha, sekiz-dokuz ýyl bäri bu mynajaty dilimden düşürmän okap gelýärin. Mynajata mahsus agraslygy onuň kapiýasydyr rifmasy bilen bap getirip bilmedim. Mundan, ine, şuňa göz ýetirdim: Kurana mahsus özboluşly, nusgalyk kapiýalarynda, sözlerdir sözlemleriniň düzülişinde we beýleki aýratynlyklarynda täsin bir mugjyzalyk bar bolansoň, onda hakyky agraslyk, çynlakaýlyk, saýhallylyk, ylahylyk saklanýar. Hiç hili çygyrdan çykmalar bolmaýar. Ine, zikirhon, dili dogaly, ybadathon kimseler muňa akyl taýdan göz ýetirip bilmeselerem, kalplary bilen duýup bilýärler.

[16] Kuranyň ruhy mugjyzasynyň ýene bir syry, şudur: Kuran Ismi-Agzamy özünde jemleýän Resuli-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň deňsiz-taýsyz, haýran galdyryjy imanynyň beýanydyr.      Şeýle hem, Kuran mukaddes karta mysaly ahyret we rububiýet äleminiň beýik hakykatlarynyň beýanydyr. Şeýle hem, çensiz uly, örän köptaraply hak diniň belent mertebesiniň ýaradylyşa muwapyk düşündirilişidir, dersidir.

Şeýle hem, Kuran älemiň Ýaradyjysynyň bütin barlyklaryň Rebbi, ýagny Dolandyryjysy mertebesinden gaýdýan çäksiz ylahy yzzatyny we haşmetini (haýykdyryjy ylahy beýiklik) bildirýän ýüzlenmesidir. Onsoň ynsanlar ine, şu aýatda

 قُلْ لَئِنِ اجْتَمَعَتِ اْلاِنْسُ وَالْجِنُّ عَلَى اَنْ يَاْتُوا بِمِثْلِ هذَا اْلقُرْآنِ لاَ يَاْتُونَ بِمِثْلِهِ

(Aýt: «Eger ynsanlar we jynlar bu Kuranyň meňzeşini getirmek üçin jemlenseler hem, meňzeşini getirip bilmezler. Hatda olar (bileleşip) biri-birlerine ýardam berseler hem (muny başaryp bilmezler)» («Isra» süresi, 17/88)

aýdylyşy ýaly edip, bileleşip, akyllaryny birikdirip, bir beýnä, bir göwrä öwrüläýende-de, hergiz-hergiz Furkanyň şu mertebedäki ýüzlenmesine, şol terzdäki beýanyna bäs gelip biljek eser döredip bilmezler. Hawa, şu üç esasa laýyklykda, Kuranyň meňzeşini döretmek asla mümkin däl! 

اَيْنَ الثَّرَا مِنَ الثُّرَيَّا

(Ýer nirede, Süreýýa ýyldyzy nirede?)

[17] Kurany-Haki:miň islendik sahypasynyň ahyrynda gelýän aýatlar indiki sahypa geçmän tamam bolýar. Özi hem ajaýyp kapiýa bilen soňlanýar. Munda ine, şeýle syr bar: Kuranyň sahypalary üçin «Mudaýene» (Kuranyň iň uly aýaty «Bakara» süresi, 282) aýaty, setirleri üçin bolsa, «Yhlas» we «Köwser» süreleri ölçeg bolup durýar. Ine, Kurany-Haki:miň şu ajaýyp aýratynlygynda hem mugjyza alamaty görünýär.

[18] Şu ýerde howlukmaçlyk sebäpli diýseň degerli, örän haýykdyryjy, juda uly hem-de «Risaleýi-Nuruň» rowaç tapmagy bilen baglanyşykly, onuň özboluşly zynaty, örän ýakymly, ruhuňy galkyndyryýan ajaýyp tewafuk keramatynyň diňe az görnüşi, sanlyja pursaty, çaklaňja nusgasy, kiçijik alamatlary hakda gürrüň etmek bilen çäklenilipdir. Ine, «Tewafuk» diýlip atlandyrylýan bu beýik hakykat, jana hoş gelýän bu keramat  özüniň bäş-alty görnüşi bilen «Risaleýi-Nurda» keramatlar zynjyryny emele getirýär. Şol sanda Kuranyň görer göze görünýän bir mugjyzasynyň, ýagny gizlin hakykatlara yşarat etmeginiň elementleri bolup durýar.

Wagtyň geçmegi bilen tewafuk bilen baglanyşykly Kurany-Kerimiň bir mugjyzasyny ýüze çykarýan, ýagny «Alla» sözüniň gabatlaşyp gelşini görkezýän «gyzyl çaýylan» Kuran ýazyldy. Şeýle hem, sekiz broşýurajykdan ybarat «Rumuzati-Semaniýe (Sekiz yşarat)» diýen eser çap edildi. Şol ýerde Kuranyň harplarynyň gabatlaşyp gelmeginden ýüze çykan täsin baglanyşyk we gizlin yşaratlar dogrusynda beýan edilýär. Mundan başga-da, «Risaleýi-Nury» tewafuk ýoly arkaly ykrar edýän, goldaýan, öwýän «Kerameti-Gawsiýe», üç sany «Keramati-Alewiýe» we «Işaraty-Kuraniýe» ýaly bäş sany eser ýazyldy.

            Diýmek, «Mugjyzaty-Ahmediýe» ýazylan wagty bu beýik hakykat azda-kände özünden habar beripdir.  Şonda ýazaryň özi hem onuň diňe bir gyrasyny görüp bilipdir. Şony hem beýan edipdir. Galany bolsa gaýyp bolupdyr.