Dördünji bellik
Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam Allamul-Guýubyň[1] bildirmegi bilen gaýypdan örän köp habar beripdir. «Ýigrimi bäşinji sözde» şol habarlaryň birnäçe görnüşi hakda gürrüň edilýär, olaryň hakdygy delliler subut edilýär. Hawa, Kuranyň mugjyzawy jähetlerini açyp görkezýän «Ýigrimi bäşinji sözde» gadymy döwürlerde bolup geçen hadysalar, ötüp geçen pygamberler, Allatagala, älem, ahyret dogrusynda beýan edilýär. Biz şu ýerde Pygamberimiziň (s.a.w) başga bir gaýyby habary dogrusynda, has takygy özünden soňra sahabalarynyň, maşgalasynyň hem-de ymmatynyň duçar boljak ýagdaýlary baradaky hadyslaryny gysgaça beýan edip geçeris. Ýöne muňa girişmezden öňünçä, sözümiziň doly düşnükli bolmagy üçin şu alty esasa ünsüňizi çekmek isleýäris.
Birinji esas
Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň her bir hal-hereketi onuň dürslüginiň, pygamberliginiň delilidir. Ýöne onuň her bir hal-hereketiniň adatdan daşary bolmagy hökmany däldir. Çünki Haktagala ony (s.a.w) ynsan edip iberipdir. Çünki ol (s.a.w) ynsanlara jemgyýetçilik gatnaşyklarynda haýyr, rähnet getirjek, bu dünýede-de, ahyretde-de bagtly etjek amallary, hereketleri bilen ýol görkeziji, ymam bolmalydy. Şeýle hem, ýüzleý seredeniňde adaty zat ýaly bolup görünýän, aslynda bolsa olaryň başdan-aýak gudrat mugjyzasydygyny, ajaýyp sungat eseridigini, ylahy gudratyň işleridigini öwretmelidi. Eger-de onuň (s.a.w) hemme hereketi beýleki adamalaryňkydan, ýagny adatdakydan tapawutly bolsady, onda ol (s.a.w) adamlara sözüň doly manysynda ymam bolup bilmezdi. Işi, hal-hereketi bilen görelde görkezip bilmezdi, sapak berip bilmezdi.
Onuň bilen baglanyşykly mugjyzalar, ýagny adatdan daşary hadysalar pygamberligine ynanmazçylyk edýänlere subut etmeli bolanda, şeýle hem zerurlyk dörände ýüze çykardy. Şeýle bolsa-da bu hili hadysalar adamy jogapkärçilige iterýän synag esaslarynyň talabyna görä bolup geçýärdi. Has takygy, adamyň islese-islemese ykrar etmäge mejbur bolar ýaly bütin aýdyňlygynda ýüze çykmaýardy. Çünki ylahy synagyň «Akyla ýol görkezmek, ýöne erkini elinden almazlyk» diýen kadasy bar. Eger-de şol hadysalaryň mugjyzalygy aç-açan görünsedi, onda erk-ygtyýar diýen zadyň geregi galmazdy. Ebu Jehil Ebu Bekir (r.a) bilen deň hatarda pygamberimizi (s.a.w) ykrar ederdi. Synagyň manysy bolmazdy. Mahlasy, kömür bilen almazyň tapawudy bilinmän galardy.
Ýogsamam, men şeýle bir zada haýran galýaryn. Lap etdigim däl, işi-pişesi, hüý-häsiýeti, dünýägaraýşy biri-birinden tapawutlanýan müňlerçe adam Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň ýekeje mugjyzasyny, ýekeje pygamberlik delilini, mübärek ýüzüni ýekeje gezek görüp ýa-da birje sözüni eşidip, ýa bolmasa şuňa meňzeş haýsydyr bir pygamberlik alamatynyň şaýady bolup, imana gelipdir. Emma näme üçindir, müňlerçe kişini imana getiren, müňlerçe delilleri bolan, senetleri bilen ýazylyp beýan edilen, nijeme ownuk eleklerden geçen şol ygtybarly eserler häzirki zamanyň käbir ugursyz kişilerine ynandyryjy gelmeýär. Olar ynanmazçylyk eden bolup, ýollaryny urduryp ýörler.
Ikinji esas
Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam hem ynsandyr. Şonuň üçin Ol (s.a.w) özüni ynsan ýaly alyp barýar. Şonuň bilen birwagtda Ol (s.a.w) pygamberdir. Bu jähetden bolsa, Ol Haktagalanyň terjimeçisidir, ilçisidir. Pygamberligi ylahy wahyga esaslanýar. Wahyý iki hili bolýar:
Birinjisi, saryh wahyý. Muňa Kuranyň aýatlary we käbir kudsi hadyslar[2] degişlidir. Wahyýnyň bu kysmynda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam diňe terjimeçi wezipesini ýerine ýetirýär, näme bildirilen bolsa şony hem beýan edýär. Saryh wahyýda onuň (s.a.w) hiç hili gatanjy ýok.
Ikinjsi, zymnyý wahyý. Munda pygamberimize (s.a.w) wahyý ýa-da ylham bolup gelen habar gysgaça görnüşde bolup, oňa Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam düşündiriş berýär, ony teswir edýär. Ol (s.a.w) bu hili wahyýlary teswir edende ýene bir ylhama, wahyga, ýa bolmasa öz pähim-paýhasyna esaslanýar. Pygamberimiz (s.a.w) bu düşündirişlerini bir-ä resul hökmünde, pygamberligiň mukaddes mertebesine laýyk sözler bilen, birem ynsan hökmünde, adamlaryň urp-adatyna, ýönekeý halkyň düşünje derejesine gabat gelýän sözler bilen beýan edýär.
Diýmek, pygamberimiziň (s.a.w) hadyslara berýän düşündirişleriniň hemmesine «sap wahyý» diýip bolanok eken. Onuň ynsan tebigatyna mahsus pikir-düşünjeleriniň, hal-hereketleriniň hemmesinden pygamberlige mahsus adatdan daşary alamatlary gözlemeli däl eken. Hawa, käbir hadyslar oňa (s.a.w) örän gysga mazmunda wahyý bolup gelýän eken. Ol hem öz pähim-paýhasyna görä, hemmä düşnükli bolar ýaly edip teswir edýän eken. Käte şol teswirlerde dürli meňzetmelere, düşünilmesi kyn ýerlere gabat gelinýär. Ana, şol ýerleri hem aýratyn tefsir etmeli bolýar. Ýagny aýratyn düşündiriş berilmegini talap edýär. Hawa, käbir hakykatlar meňzetmeleriň, tymsallaryň üsti bilen berilýär. Bu ýagdaý meseläniň aňsat düşünilmesi üçin edilýär. Mysal üçin, bir gezek adamlar pygamberimiziň (s.a.w) huzurynda otyrka, gümmürdi eşidilýär. Şonda ol (s.a.w): «Bu gümmürdi ýetmiş ýyldan bäri togalanyp gelýän, edil şu wagtam dowzahyň düýbüne düşen bir daşyň sesi» diýýär. Bir haýukdan bir kişi ynha, şeýle habar bilen gelýär: «Ýetmiş ýaşly belli mynapyk öldi, dowzaha gitdi». Ýaňky hadysyň jogaby hem şudur. Ine, görşümiz ýaly, Ahmet aleýhyssalatu wessalam bolup geçen hadysada gör, nähili ýerlikli meňzetme ulanypdyr, nähili çeper beýan edipdir!
Üçünji esas
Habar tewatür[3] bolsa, onuň dogrulygy anykdyr.
Tewatür iki hili bolýar.[4] Birisi, sarih tewatür, beýlekisi, magnawy tewatür.[5]
«Magnawy tewatür» hem iki hili bolýar.
Birinjisi, suku:ti, ýagny dogrulygy dymmak bilen ykrar edilen habar. Meselem, bir adam jemagatyň arasynda olaryň gözüniň öňünde bolup geçen nähilidir bir hadysany gürrüň berýär. Jemagat onuň gürrüňini sessiz-üýnsüz diňleýär. Başgaça aýtsak, halaýyk onuň sözüniň dogrulygyny ykrar edýär. Şeýle bir zady göz öňüne getiriň: gürrüňi edilýän hadysa şol jemagatyň özi bilen baglanyşykly. Şeýle hem bu jemagat şeýle bir jemagat welin, kim bolsa bolubersin, gabahatyny ýüz görmän aýdýar, umuman, ýalňyş zady kabul etmeýär, hatda ýigrenýär. Elbetde, şeýle jemagatyň sessiz-üýnsüz diňläp oturmagy gürrüň berlen hadysanyň bolup geçendigini tassyklaýan ygtybarly subutnamadyr.
Magnawy tewatüriň ikinji görnüşi bolsaşudur:
Bir adam: «Bir gezek bir kyýýe[6] nahardan iki ýüz adam doýdy» diýip, bolup geçen bir hadysany gürrüň berýär. Başga biri bolsa şol wakany başgaçarak, ýene birisi hem başga hili, dördünji birisi hem özüçe gürrüň berýär. Ine, gürrüň berýänler bolup geçen wakany dürli hili görnüşde beýan edýän hem bolsalar, olaryň hemmesi aslynda şol bir wakany gürrüň berýär, ýagny habar babatynda olar biri-birini ykrar edýärler. Muňa-da mutewatür bilmana diýilýär. Diýmek, şeýle hadysanyň bolup geçendigi anyk. Hadysanyň dürli görnüşde beýan edilmegi ony ýalana çykarmaýar.
Şu ýerde şuny bellemek gerek: käbir ýagdaýlarda haberi-wahid[7] tewatür hökmünde kabul edilýär. Käbir şertler onuň ygtybarly habar deýin kabul edilmegini talap edýär. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň mugjyzalary, pygamberlik delilleri hakdaky bize ýetip gelen hadyslaryň aglabasy tewatür habardyr: sarihdir, magnawy tewatürdir, suku:ti habardyr. Dogrusy, olaryň arasynda haberi-wahid bolanlary hem bar. Ýöne beýik hadys alymlary degerli barlaglarynyň netijesinde olary hem ygtybarly habar hökmünde ykrar edipdirler. Olaryň gelen netijesinden soňra şol habari-wahidiň hem tewatür deýin ygtybarlydygyny kabul etmeli bolýar. Hawa, «Hafyz» mertebesindäki, azyndan ýüz müň hadysy ýat tutan müňlerçe hadys alymynyň, şeýle hem elli ýyllap ýassy namazynyň täreti bilen ertir namazyny okan ýagşyzada kişileriň, Buhary, Muslim kimin «Kütübü-Sitte» ýaly taýsyz hadys kitaplarynyň ýazarlary bolan hadys ulamasynyň içgin barlagyndan geçip, dogrulygy kabul edilen haberi-wahidiň ygtybarlylyk derejesi tewatür habaryňkydan pes bolmasa gerek.
Hawa, hadys ylmynyň hünärmen alymlary hadyslary şeýle bir çintgäp, şeýle bir içgin seljeripdirler welin, Resuly-Ekrem alýehissalatu wessalamyň sözleýiş tärine, usulyna aňryýany bilen belet bolupdyrlar. Olar ýüz hadysyň arasynda ýekeje toslama hadys bar bolsa «Ine, bu mewzu. Mundan hadys bolmaz. Bu pygamberiň sözi däl» diýip, ony tapawutlandyryp bilipdirler. Zeri tanaýan zergär deýin hadysy başganyň sözünden aýyl-saýyl edipdirler. Ýöne Ibni-Jewzi ýaly käbir alymlar has öte gidip, käbir sahyh hadyslara-da mewzu diýipdirler. Şuny bilmegimiz gerek: mewzu diýmek aýdylýan zadyň manysy ýalňyş diýmek däldir. Eýsem mewzu «bu söz hadys däl» diýmekdir.
Sowal. Hadys beýan edilen wagty «bu hadysy pylany pylankesden, pylankesem pylan kişiden, ol hem pylanydan» diýip, gürrüň berýän kişileriň hemmesini birin-birin sanap çykmak näme gerek?
Jogaby. Peýdasy köpdür. Meselem, bir peýdasy şu: gürrüň berijileriň hemmesiniň adyny sanap geçmek bilen, şol zynjyrda ady geçýän, ýagny ellerinde anyk delilleri bolan ygtybarly, dürs şahslaryň hadysyň ygtybarlylygy babatynda pikirdeşdigi görkezilýär. Göýä, şol deliller zynjyryna dahylly her bir ymam, her bir alym habaryň dogrulygyny tassyklaýandygy hakynda öz möhürini basýar.
Sowal. Näme üçin mugjyza hadysalary şerigatyň hökümleri ýaly köp kişi tarapyndan beýan edilmändir, olara onçakly ähmiýet berilmändir?
Jogap. Çünki şerigatyň hökümleri adamlara hemişe gerek. Her kimiň şol hökümler bilen baglanyşygy bar. Bu farzy-aýn[8] mysalydyr. Emma mugjyzalar babatynda beýle däl. Hemme kişiniň şol mugjyzalary bilmegi hökman däl. Haýsy hem bolsa bir mugjyza dogrusynda bilse bolany. Farzy-kifaýada[9] bolşy ýaly, munda käbir adamlaryň habary bolsa ýeterlik.
Ine, bu sebäpden ötri, käte bir mugjyzanyň ykrary, tassyknamasy şerigatyň bir höküminiň tassyknamasyndan on esse ygtybarly hem bolsa, mugjyzany gürrüň berýänleriň sany bir-iki, şerigatyň hökmünleriniňki on-ýigrimi sany bolýar.
Dördünji esas
Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam gelejek bilen baglanyşykly beren käbir habarynda ýeke bir hadysa hakda gürrüň berýän ýalydyr, emma beýle däl. Aslynda bolsa şol habar dürli görnüşlerde gaýtalanýan birnäçe hadysadan ybaratdyr. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam her gezeginde olaryň birisi hakda habar beripdir. Käbir hadys rawylary ana, şolaryň jeminden bir hadys emele getirip beýan ediberipdir. Şol sebäpli berlen habar bilen ýüze çykan hadysanyň arasynda çaprazlyk görünýär. Meselem, hezreti Mehdi bilen baglanyşykly kän hadys bar. Olaryň hersi aýratyn düşündirişi, teswiri talap edýär. Bu babatda «Ýigrimi dördünji sözüň» «Birinji şahasynda» çürt-kesik beýan edilýär: Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam wahyýnyň esasynda her asyrda bir musulmanlara ruhy goldaw berjek, başlaryna inen bela-beter sebäpli olary umytsyzlykdan alyp çykjak, Yslam äleminiň nurana zynjyry bolan A:li-Beýti[10] bilen musulmanlaryň arasynda ruhy bagy ýola goýjak Mehdiniň geljegini habar beripdir. Hawa, Ahyrzaman Mehdisi ýaly A:li-Beýtden her asyrda bir Mehdi gelipdir, has takygy Mehdiler gelipdir. Hatda A:li-Beýtden hasaplanýan Abbasy halyflarynyň arasyndan ahyrzamanda dörejek uly Mehdiniň birentek sypatlaryny özünde jemleýän bir Mehdi gelipdir.
Ine, uly Mehdiden öň gelen, onuň nusgasy hökmündäki mehdilerdir beýik welileriň sypatlary asyl Mehdiniň sypatlary bilen garyşdyrylypdyr. Şonuň üçin bu hadyslaryň düşündirilişinde gapma-garşylyklar ýüze çykypdyr.
Bäşinji esas
Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam لاَ يَعْلَمُ الْغَيْبَ اِلاَّ اللّهُ[11] kadasyna laýyklykda, Alla bildirmese, gaýyby bilmezdi. Alla oňa nämäni bildirse, adamlara şony ýetirerdi. Haktagala Haki:mdir[12] hem-de Rahymdyr.[13] Ylahy hikmet we rahmet bolsa gaýyby hadysalaryň birenteginiň üstüniň perdeli, örtüli bolmagyny talap edýär. Çünki bu dünýäde ynsanyň halamajak zady köpdür. Amala aşmazyndan öňünçä olardan habarly bolmak ezýetdir. Ine, mundan ötri ölümiň, ajalyň wagty, onuň nähili geljegi belli edilmändir. Ana, şonuň üçin adamyň başyna geljek bela-beterleriň üsti perde bilen örtülipdir.
Ine, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň ymmatyna, A:li-beýtine, sahabasyna bolan bimöçber rehim-şepagatyny göz öňünde tutup, çendenaşa hamrak, duýguçyl ýüreginiň beter gyýylmazlygy üçin, wepat edenden soňra maşgalasynyň, sahabasynyň we ymmatynyň başyndan injek hasratly wakalar Alla tarapyn bütin jikme-jikligi bilen aýan edilmändir.[14] Bu ýagdaý ylahy hikmetiň we rahmetiň talabydyr. Şeýle hem bolsa, käbir sebäplerden ötri, käbir möhüm hadysalary Allatagala pygamberimize howatyr etdirmezden bildiripdir. Ol hem adamlary habardar edipdir. Allatagala Oňa (s.a.w) geljekde amala aşjak begençli hadysalary-da bildiripdir. Olaryň hem belli bir bölegini umumy görnüşde, belli bölegini bolsa dolulygyna aýan edipdir. Pygamberimiz hem ymmatyna bildiripdir. Onuň bu habarlaryny bolsa takwalygyň, adalatyň, dürslügiň nusgasy bolan we
وَمَنْ كَذَبَ عَلَىَّ مُتَعَمِّدًا فَلْيَتَبَوَّاْ مَقْعَدَهُ مِنَ النَّارِ[15]
hadysyndaky hem-de
فَمَنْ اَظْلَمُ مِمَّنْ كَذَبَ عَلَى اللّهِ[16]
aýatyndaky berk duýduryşdan elheder edýän, ezber hadys alymlary bolşy-bolşy ýaly bize ýetiripdirler.
[1] Allamul-Guýub – gaýyby bilýän, görünmeýän zatlary bilýän Alla (j.j).
[2] Kudsi hadys – Sözleri hezreti Pygamber aleýhyssalatu wesselama, manysy Alla degişli bolan hadyslar.
[3] Tewatür – bir şahs tarapyndan däl-de, dini we ylmy taýdan ýokary düşünjesi bolan jemagat tarapyndan aýdylan, olaryň hem her biriniň aýdany beýleki biriniň aýdany bilen gabat gelip, ygtybarlylygy güýçlenen, hiç hili ýalan ähtimaly bolmadyk dos-dogry habar.
[4] Bu eserde geçýän «tewatür» sözi türk dilindäki «şaýiýa», ýagny «ýaýran habar», «diýilmegine görä» diýen manyda däldir. Eýsem «ýalan ähtimaly bolmadyk kesgitli habar» diýmekdir.
[5] Magnawy tewatür – bir jemgyýet bilen baglanyşykly wakany şol jemgyýetiň içinden biriniň gürrüň bermegi, onuň gürrüňini şol jemgyýetiň beýleki adamlarynyň ýalana çykarmazlygy, wakanyň dogrulygy beýleki adamlaryň dymmagy bilen gep-gürrüňsiz tassyklanylmagy.
[6] Kyýýe – Osmanly döwletinde ulanylan, 1283 grama deň bolan agyrlyk ölçegi.
[7] Haberi-wahyd – bir çeşme boýunça ýetip gelen habar ýa-da hadys. Ebul-Beka el-Kefeýä görä, şeýledir: «Allanyň ilçisiniň agzyndan ýeke bir kişiniň eşiden, ondan hem ýene bir kişiniň eşiden we onuň bilen amal eden kişä deňiç ýetip gelen hadys». ( Ebul-Beka el-Kefeýi, sah. 414.)
[8] Farzy-aýn – her bir musulmanyň hökmany ýerine ýetiräýmeli parzy, dini borjy.
[9]Farzy-kifaýe – birnäçe musulmanyň berjaý etmegi bilen beýleki musulmanlaryň üstünden jogapkärçiligi aýrylýan parzlar (jynaza namazy ýaly).
[10] A:li-Beýt – Hezreti Muhammet aleýhyssalatu wessalamyň päk neslinden gaýdan kişiler.
[11] «Alladan başga hiç kim gaýyby bilmez» («Neml» süresiniň 65-nji aýatyndan we şuňa meňzeş aýatlardan alnan kadadyr).
[12] Haki:m – ýaradýan her bir zadynda tükeniksiz hikmetleri, maksatlary, peýdalary göz öňüne tutýan Alla (j.j).
[13] Rahym – Örän merhemetli, örän rehimdar.
[14] Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň şahsynyň Äşe enemize bolan çensiz mähir-muhabbetini göz öňünde tutup, onuň (s.a.w) ynjymazlygy üçin, Jemel hadysasynda hezreti Äşäniň ýer aljakdygy aýan edilmändir. Muňa delil edip, pygamberimiziň (s.a.w) mübärek enelerimize garap diýen şu sözlerini görkezmek bolýar: «Şol wakada haýsyňyzyň ýer aljagyňyzy käşge bilip bilsedim». Ýöne soňra ýüzleý hem bolsa, bildirilipdir. Şonda Ol (s.a.w) hezreti Ala (r.a) şeýle diýipdir: «Sen bilen Äşäniň arasynda bir hadysa ýüze çyksa, فَارْفَقْ وَ بَلِّغْهَا مَاْمَنَهَا «Oňa rehim-şepagatly bol! Ony sag-aman öýüne ugrat». (Müsned, 6/393; Heýsemi, «Mejmaüz-Zewaid», 7/234; «Ramuzül-Ehadis», sah. 303; Beýhaky, «Delailün-Nübüwwe», 6/410).
[15] «Kimde-kim meniň adymdan ýalan geplese, dowzahdaky ýerine taýýarlanybersin!»
[16] «Allanyň adyndan ýalan sözleýänden beter kim zalym bolup biler?!» ( «Zümer» süresi, 39/32)