Bu eser bilen baglanyşykly
ylahy lutfuň, rabbany ýardamyň beýany
وَ اَمَّا بِنِعْمَةِ رَبِّكَ فَحَدِّثْ[1]
aýatyna eýerip, şu eser ýazylan wagtynda ýüze çykan ylahy ýardama, rahmete ünsüňizi çekmek isleýärin. Goý, okyjylar bu eseriň neneňsi ähmiýete eýegine göz ýetirsinler.
Dogrusy, şeýle eseri ýazmak hiç hili küýümde ýokdy. Sebäbi diýseňiz, Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň pygamberligi dogrusynda «Otuz birinji söz» we «On dokuzynjy söz» diýen bölümler ýazylypdy. Ine-de, garaşylmadyk ýerden oýuma gelen bir pikir bu eseriň ýazylmagyna alyp bardy. Ýogsam, başymdan geçen munça melamatlardan soňra ýadymam kütelişipdi. Şu wagta çenli çap eden eserlerimiň hiç birinde çeşme (rawylaryň, ýagny gürrüň berijileriň adyny birin-birin görkezmek) görkezmändim. Ýanymda haýsydyr bir hadys ýa-da siýer kitaby ýokdy. Muňa garamazdan «Töwekkeltu Alallah (Alla bil bagladym)» diýägedin, bu eseri ýazmaga girişdim.
Hemme zat şeýle bir şowuna boldy welin, gaýtam, häzirki Saidiň ýatkeşligi öňki Saidiň ýatkeşliginden beter gowy çykdy. Iki-üç sagadyň dowamynda otuz-kyrk sahypa ýazylýardy. Ýagny bir sagadyň içinde on bäş sahypa dagy ýazylýardy. Köplenjem, Buhary, Muslim, Beýhaky, Tirmizi, Şifa-Şerif, Ebu Nuaým, Taberi ýaly hadys kitaplaryna salgylanylýardy. Säwlik gider öýdüp gaty gorkýardym. Sebäbi aýdylýanlar hadys, munda säwlik goýbermek günä. Ýöne görüp otursak, Allanyň özi ýardam eden eken. Dogrusy, bu esere mätäçlik bar eken. Enşalla, hiç hili ýalňyşlyk giden däldir. Bardy-geldi haýsydyr bir hadysyň sözlerinde ýa-da rawysynyň adynda säwlik giden bolsa, aýyplaşmaweriň. Doganlarymyzyň özleri şol ýalňyşlary düzedewersinler.
Said Nursi
Hawa, halypamyz aýdýardy, bizem ýazýardyk. Açyp seredeýin diýse, halypamyzyň ýanynda hiç hili kitap ýokdy. Ol şeýle bir çalt aýdýardy, bizem ýetişibildigimizden ýazýardyk. Iki-üç sagadyň dowamynda otuz-kyrk, hatda ondan hem köp sahypa ýazylyp gutarylýardy. Onsoň biz hem bu rowaçlygyň pygamber mugjyzalarynyň keramatydygyna ynandyk.
Hemişelik hyzmatkäri: Abdulla Çawuş
Hyzmatkäri we baş kätibi: Süleýman Sami
Baş kätibi we ahyret gardaşy: Hafyz Halid
Baş kätibi we aklama geçirýän kätip: Hafyz Tewfik
«Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň mugjyzalary» diýen esere
goşmaça ýazylan birinji parça
«On dokuzynjy sözüň», ýagny «Risaleti-Ahmediýe – Hezreti Muhammet aleýhyssalatu wessalamyň pygamberligi» baradaky bölümiň we oňa goşmaça ýazylan parçanyň «Şakky-Kamer» mugjyzasy bilen baglanyşygynyň bardygy üçin eserimiziň şu ýerinde bermegi müwesa bildik.
بِسْمِ اللّهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِ
On dört sany hakykat damjasyndan ybarat «On dördünji hakykat öwşüniniň» Birinji hakykat damjasy
Rebbimizi bize tanadýan üç sany beýik we külli tarypçy bar:
Olaryň biri şu älem kitabydyr.
Onuň Rebbimize getirýän delilleri dogrusynda «Risaleýi-Nuruň» «On üç sany hakykat öwşüni» bilen arap dilinde ýazylan «On üçünji dersi» diýen bölümlerinden azda-kände diňledik.
Ýene biri,şu uly älem kitabynyň iň uly aýaty bolan Hatemulenbiýa aleýhyssalatu wessalamdyr.[2]
Ýene biri hem Kurany-Azymuşşandyr – şany, mertebesi belent Kurandyr.
Häzir bolsa geliň, ikinji tarypçyny, ýagny gepleýän delili – HatemulEnbiýa aleýhyssalatu wessalamy tanalyň, näme diýýär, diňläliň!
Hawa, o deliliň ruhy şahsyna serediň! Onuň üçin Ýer ýüzi metjit, Mekge mährap, Medine münber. Rebbimiziň parlak delili bolan pygamberimiz aleýhyssalatu wessalam barça iman ähline ymam, barça ynsana wagyzçy, barça pygambere reýis, barça welilere serwerdir, pygamberlerdir welilerden düzülen zikir halkasynyň zikirbaşysydyr. Enbiýalar jan damary, weliler ter miwesi bolan nurana daragtdyr. Mugjyzalaryna daýanýan pygamberler, keramatyna ähtibar edýän weliler tarapyndan herki aýdany tassyklanylýan, goldap-goldanylýan hakykat ýaňydyr… Çünki ol:
لاَ اِلهَ اِلاَّ اللّهُ[3]
diýýär. Onuň sagyndakylaram, solundakylaram, ýagny geçmiş tarapynda hatar guran we gelejek tarapynda sap-sap bolup duran töwerege nur saçýan zikirman jemagat hem şol kelemäni gaýtalaýar. Hemmesi biragyzdan «Sadakte ve bilhakky natakte»[4] diýýär.
Ine, sansajaksyz gol çekilip tassyklanylan şeýle hakykata haýsydyr bir esassyz garaýyş ters täsirini ýetirip, şübhe döredip bilermi?!
Ikinji hakykat damjasy
Towhydyň bu nurana delili (s.a.w) şol iki tarapyň «ijma»[5] we «tewatür»[6] goldawyny tapýar. Şol sanda, bu nurana delil (s.a.w) Töwrat we Injil ýaly semawy kitaplarda[7] berilýän ýüzlerçe maglumatlar, pygamberliginden öň bolup geçen ýüzlerçe hadysalar, jynlar tarapyndan bildirilen we meşhurlyk gazanan habarlar, bilgiçlerden gelip ýeten birmeňzeş maglumatlar, şakky-kamer (Aýyň bölünmegi) ýaly ýüzlerçe mugjyzalary we şerigatynyň dürslügi bilen hem goldaw tapýar, ykrar edilýär. Şonuň ýaly-da, şahsynda kemal tapan öwgä laýyk ahlagy, pygamberliginde dabaralanýan aňrybaş husny häsiýeti, aňrybaş gaýduwsyzlygy hem-de özüniň haklydygyna bolan doly ynamyndan, kuwwatly imanyndan, aýgytlylygyndan habar berýän deňsiz-taýsyz takwalygy, deňsiz-taýsyz gullugy, deňsiz-taýsyz yhlasy, deňsiz-taýsyz tutanýerliligi onuň (s.a.w) hak dawasyna näderejede wepalydygyny Gün ýaly äşgär görkezýär.
Üçünji hakykat damjasy
Gel, ikimiz sagadat asyryna, Arap ýarymadasyna gideli! Hyýalymyzda-da bolsa, ony (s.a.w) pygamberlik wezipesini ýerine ýetirýän pursatynda synlaly, onuň bilen görşeli!
Honha, seret! Aňrybaş ahlagy, husnu-jemaly bilen töweregindäkilerden saýlanyp duran birisi elinde mugjyza kitaby, dilinde hak senasy bilen tutuş adamzada, has dogrusy jynu-ynsa, perişdelere, hatda bütin barlyklara ezeli hutbasyny okaýar: älemiň ýaradylyşynyň syry bolan geň tapmaçanyň hakykatlaryny düşündirýär, bu älemiň syrly we çylşyrymly meseleleriniň çözgüdini berýär, şolary düşündirýär, bütin barlyklara berlen sowallaryň, ýagny akyly bolan her kimi haýranda goýýan, özi bilen gümra edýän örän derwaýys üç müşgiliň, ýagny «Sen Kim?», «Nireden gelýärsiň?», «Nirä barýarsyň?» diýen üç sowalyň örän ynandyryjy we göwne makul jogabyny berýär.
Dördünji hakykat damjasy
Seret! Ol şeýle bir hakykat nuruny saçýar welin, eger şu äleme onuň öwredýän hakykatyndan başga terzde seredilse, hiç gümansyz bu älem ählumumy matamhana, bu barlyklar birbirine ýat, hatda duşman, jansyz närseler bolsa leýis bolup ýatan elhenç meýit ýygyndysy, janly-jandarlar bolsa tükenmegiň we aýralygyň zarbasyny iýip aglaýan ýetimler bolup görner.
Ýöne, indi seret! Onuň saçýan hakykat nurunyň saýasynda şol ählumumy matamhana joşa gelnip, özünden geçip tesbih çekilýän zikirhana; bir-birine ýat, duşman barlyklar dosta-dogana; ses-sedasyz jansyz barlyklar mähriban ýüzli gullukçylara, etagatkär hyzmatkärlere; aglaýan, nalaýan, ýalňyz ýetimler bolsa tesbih çekýän, eli-dili dogaly ýada wezipesini ýerine ýetirip bolanyna şükür edýän kimselere öwrüldi.
Bäşinji hakykat damjasy
Şeýle hem, şol nuruň saýasynda şu älemde bolup geçýän her bir gymyldy-hereket, üýtgeşme, özgeriş bimany, ähmiýetsiz, «tötänligiň oýny» bolmakdan çykýar we olaryň hersi bir rabbany hat, ýaradylyşyň delillerini özünde jemleýän sahypa, ylahy atlary şöhlelendirýän aýna, älemiň özi bolsa samedany hikmet kitaby[8] bolmak mertebesine beýgelýär.
Şeýle hem, ynsany bütin haýwanlardan pes derejä düşürýän aňrybaş ejizligi, misginligi, mätäçligi hem-de haýwanlaryň barysyndan beter betbagt edýän ünji, gynanç, gamgussa ýaly duýguly hallaryň ýükçüsi bolan akyly şol nur bilen nurlananda, onuň mertebesi barça haýwanyňkydan, barça mahlugyňkydan beýgelýär. Ynsan nur çaýylan ejizliginiň, misginliginiň, akylynyň, nyýazdyr dileg-dogasynyň saýasynda arzyly soltana, zaryn ýalbaryşlary bilen zeminiň eziz halyfyna öwrülýär.
Diýmek, şol nur bolmasa älemem, ynsanam, hatda her bir zat ýöne bir hiçden ybarat eken. Şeýle deňsiz-taýsyz älemde şonuň ýaly biriniň (s.a.w) bolmagy, elbetde, hökmanylyk eken. Ýogsam ne bu älem, ne-de bu pelek boljak eken.
Altynjy hakykat damjasy
Ine, oňa (s.a.w) ebedi bagtyýarlygyň habarçysy, buşlukçysy, soňsuz rahmetiň barlygyny yglan edijisi, rabbany dolandyryjy soltanlygyň gözellikleriniň jarçysy, synçysy, ylahy isimler hazynasyny açyp görkezijisi bolmagy taýyndan, ýagny gullugy jähetinden seretseň, söýginiň mysalyny, rahmetiň nusgasyny, adam oglunyň göz guwanjyny, ýaradylyş daragtynyň iň nurana miwesini görýärsiň; pygamberligi jähetinden seretseň, Hak delilini, hakykat çyragyny, dogrulyk Güneşini, bagtyýarlygyň sebäpkärini görýärsiň.
Honha, seret! Onuň nury ýyldyrym deýin gözleri gamaşdyryp, gündogardan tä günbatara çenli her ýeri gaplap aldy. Ýer ýüzüniň ýarysy, adamzadyň bäşden biri onuň (s.a.w) sowgat beren hak ýoluny kabul etdi we ony jany deýin gorady.
Onuň ýaly bolsa, şeýle kişiniň öňe sürýän we ähli meselesiniň esasy bolan
لاَ اِلهَ اِلاَّ اللّهُ -i
bütin mertebeleri, hakykatlary bilen birlikde kabul etmez ýaly biziň nebsimize, şeýtanymyza näme bolýar?!
Ýedinji hakykat damjasy
Honha, seret! Şol uç-gyraksyz ýarym adada ýaşaýan wagşy, urp-adatlaryna aşa berlen her hili höçjet kowumlaryň adatlaryny we wagşyýana ahlaklaryny göz ýumup-açasy salymda düýp-teýkary bilen ýok edip, aňrybaş oňat edim-gylymy öwredip, tutuş äleme mugallym, medeni milletlere halypa eýledi. Görşüň ýaly, hiç hili zorluk ulanman, akyllary, ruhlary, kalplary, nebisleri özüne göwünjeň tabyn etdi. Köňülleriň söýgülisi, akyllaryň mugallymy, nebisleriň terbiýeleýjisi, ruhlaryň soltany boldy.
Sekizinji hakykat damjasy
Özüň bilýäň, diňe beýik hökümdar uly-uly tagallalaryň netijesinde kiçijik kowma çilim çekmek ýaly ýönekeýje endigi örän kynlyk bilen goýduryp bilýär. Emma seret! Ol bolsa sähelçe fiziki güýç, azajyk tagalla bilen az wagtyň içinde barypýatan dikdüşdi, däp-dessurlaryna köre-kör berlen uly-uly kowumlaryň örän ähmiýet berýän birgiden urp-adatlaryndan el çekmegini gazanýar. Olara derek belent ahlagy getirýär. Şol ahlagyň kowumlaryň janyna-tenine, ganyna-damaryna çenli siňip, pugta ornar ýaly edýär. Diňe bir bu däl, şuňa meňzeş ýene nijeme ajaýyp işleri amala aşyrýar.
Eý, Sagadatlyk Asyryny görmeýänler! Honha, Arap ýarymadasy, görüň! Ýanyňyza ýüzlerçe pelsepeçini alyp, o jelagaýlara gidiň! Ýüz ýyllabam iş ediniň. Şol döwrüň şertlerinde bir ýylyň dowamynda onuň (s.a.w) eden işleriniň ýüzden birini ediň bakaly, hany, göreýin?!
Dokuzynjy hakykat damjasy
Mysal üçin, ýönekeý bir adamyň kiçijik märekede jedelli bir mesele dogrusynda ownujak, emma ýüze çyksa masgara etjek ýalan sözi duşmanlarynyň öňünde hiç utanman, perwaýsyzlyk bilen, sepini bildirmän aýdyp bilmejekdigini siz hem bilýänsiňiz.
Ýöne sen şu adama seret! Çensiz uly wezipäni ýerine ýetirýän, örän belent maksada gulluk edýän bu adam örän uly ynama mätäç bolup durka, onuň örän uly jemagatyň arasynda, ganym duşmanlarynyň öňünde örän uly meseleler babatynda, örän uly missiýasy hakynda örän uly dabara bilen, örän arkaýyn ýagdaýda, sähelçe-de çekinmän, birjigem ikirjeňlenmän, utanman, aljyraman, örän sada we çynlakaý görnüşde, duşmanlarynyň ganyny gyzdyrjak gazaply sözler bilen sözlän nutugynda heý-de, ýalan bolup bilermi? Ýa-da jinnek ýaly hiläniň garyşan bolmagy mümkinmi?! Asla mümkin däl!
اِنْ هُوَ اِلاَّ وَحْىٌ يُوحَى[9]
Hawa, hakykat aldatmaz, hakykatçyl hem aldanmaz. (Onuň) tutan hak ýoly hile ýaly nogsan sypatlardan uzakdyr. Hakykaty görýän göze, heý-de, hyýaly bir zadyň hakykat bolup görünmäge ýa-da ony aldatmaga milt edip bilermi!?
Onunjy hakykat damjasy
Honha, seret! (Ol adam) nähili geň galdyryjy, nähili eýmendiriji, nähili ähmiýetli, nähili gorkunç hakykatlardan, meselelerden habar berýär, olary açyp görkezýär, sözlän sözüni subut edýär! Adamy iň zyýat herekete getirýän zat bilesigelijilikdir. Meselem, eger saňa: «Ömrüň ýarysyny, mal-emlägiň hem ýarysyny berseň, Aýdan ýa-da Ýupiterden biri gelip, Aýda we Ýupiterde nämeleriň bardygyny we ýokdugyny, nämeleriň bolup geçýändigi, şol sanda seniň ykbalyň, saňa garaşýan zatlar hakda dos-dogry habary bereýin» diýse, bilesiň gelýän bolsa-ha, baryňy-ýoguňy berersiň.
Ana, bu şahs hem şeýle bir Soltandan habar berýär welin, (Onuň) ýurdunda Aý edil siňek kimin pelegiň töwereginde perwana bolýar. Pelek hökmündäki şol Ýer togalagy bolsa, bir çyranyň töwereginde perwaz urýar. Çyra hökmündäki şol Gün bolsa Soltanyň müňlerçe menzilleriniň birindäki bir myhmanhanasynyň müňlerçe çyralarynyň biri.
Şeýle hem, ol şeýle bir ajaýyp älem hakynda şeýle bir ynandyryjy gürrüňler edýär, şeýle bir öwrülişikden habar berýär welin, şu Ýer togalagynyň ululygynda müňlerçe bomba ýarylsa, şonça haýran galdyryjy bolmaz.
Seret we Onuň dilinden şu süreleri diňläp gör!
اِذَا الشَّمْسُ كُوِّرَتْ[10]٭ اِذَا السَّمَاءُ انْفَطَرَتْ[11]٭ اَلْقَارِعَةُ[12]
Şeýle hem, şeýle bir gelejek hakynda dogry habar berýär welin, bu dünýäniň gelejegi onuň ýanynda bir bölejik salgym bolup galýar. Şeýle hem, şeýle bir bagtyýarlykdan şeýle bir ynandyryjy habarlary berýär welin, bu dünýäniň bar bagtyýarlygyny onuň bilen deňeşdirmek göz açypýumasy salymda ýanypöçýän bir ýyldyrym bilen müdimi batmaýan Güni deňeşdiren ýalydyr.
On birinji hakykat damjasy
Ine, şu täsin hem-de syrly älemiň daşky örtüginiň aňyrsynda-da, elbetde, ýene şular mysaly täsinlikler bar, bize garaşýar. Ana, şol täsinlikler hakda habar bermeli adam hem, elbetde, edil şonuň ýaly täsin we adatdan daşary mugjyzagär bolmaly. Onuň özüni alyp barşyndan şol zatlary görendigi, häzirem görýändigi we görýän zadyny aýdýandygy belli bolýar. Ol bizi nygmatlary bilen besleýän asmanyň we Ýeriň Hudaýynyň bizden isleýän zadyny we Ony razy etmegiň ýoly-ýodasyny kem-kössüz öwredýär.
Ynha, şunuň ýaly ýene niçeme eýmendirji, derwaýys hakykatlary öwredýän bu adamyň ýanyna başga işiňi bir ýana goýup, bar güýjüň bilen ylgamagyň ýerine, Onuň aýdýanlaryny diňlemäge howlukmagyň deregine näme üçindir, şu adamlaryň birentegi ker, kör, hatda dälirän ýaly şol hakykatlary görmegem, eşitmegem, düşünmegem islänok!
[1] «Rebbiň nygmatlaryny ýatla!» («Duha» süresi, 93/11).
[2] Hatemul–enbiýa – Iň soňky pygamber, pygamberlik wezipesine basylan möhür.
[3] Bir Alladan başga hiç hili ylah ýokdur!
[4] Sadakte ve bil-hakkı natakte – Sen dogry, hak aýdýaň!
[5] Ijma – 1. Pikirdeşlik. 2. Alymlaryň haýsydyr bir meseläniň çözgüdi babatda bir pikirde ylalaşmagy. 3. Köpçülik tarapyndan dogrulygy biragyzdan ykrar edilen hakykat.
[6] Tewatür – Bir şahs tarapyndan däl-de, eýsem birgiden dini we ylmy taýdan ýokary düşünjesi bolan jemagat tarapyndan aýdylan, olaryň hem biriniň aýdany beýleki biriniň aýdany bilen gabat gelip, ygtybarlylyk derejesi güýçlenen, içinde hiç hili ýalan ähtimaly bolmadyk dos-dogry habar.
[7] Hüseýin Jisri «Risaleýi-Hamidiýe» diýen eserinde şol kitaplardan Muhammet aleýhysallatu wessalam bilen baglanyşykly ýüz on dört sany alamat çykarýar. Şol kitaplar üýtgedilenden soňra şonça alamat tapylan bolsa, ondan öň gör, näçesi bardyr!?
[8] Samedany hikmet kitaby – Her zadyň Oňa mätäçdiginden, Onuň Özüniň hiç bir zada mätäç däldiginden habar berýän ylahy hikmetler kitaby, ýagny ýaradylan barlyklar, şu älem.
[9]«Ol (onuň sözi) wahyýdan başga zat däldir». («Nejm» süresi, 53/4).
[10] «Gün düýrülip, ýygnananda… » («Tekwir» süresi, 81/1).
[11] «Gök ýarylan wagtynda… » («Infitar» süresi, 82/1).
[12] «Karyýa!» («Karyýa» süresi, 101/1).