On ikinji hakykat damjasy
Şu barlyklaryň Halygynyň birligi nädereje hakykat bolýan bolsa, ine, bu adamyň hem haky sözleýän dogry subutnamadygy, ynamdar delildigi şol derejede hakykatdyr. Edil şonuň ýaly-da, ol haşyryň (täzeden direlişiň) we ebedi bagtyýarlygyň hem iň ähtibarly, iň aýdyň delilidir. Hatda onuň eýerýän hak ýoly ömrüň ebedi bagtyýarlyk bilen tamamlanmagyna, şol sagadatlyga gowuşmaklyga sebäp bolşy ýaly, dileg-dogasy, namazynyýazy hem şol bagtyýarlygyň barlygynyň we ýaradylmagynyň sebäbidir. Ine, şu ýerde ýeri gelendigi üçin haşyr meselesi bilen baglanyşykly öň beýan edilen hakykaty ýene bir ýola gaýtalaýarys:
Honha, seret! Ol adam okaýan deňsiz-taýsyz namazynda şeýle bir diledoga edýär welin, göýä şu ýarymada, hatda Ýer togalagy onuň şol namazyna goşulyp, bile nyýaz edýär. Seret! Ol aňyrsy-bärsi görünmeýän jemagatyň içinde nyýaz edýär: göýä, Adam Atanyň zamanyndan tä şu asyra çenli gelip geçen we kyýamata deňiç gelmeli ähli nurana, kämil ynsan ogullary tagatkärlik bilen oňa uýýar, onuň dilegdogasyna «Ämin» diýýär. Seret! Ol umumyň islegini sorap, şeýle bir dilegdoga edýär welin, diňe zemin ähli däl, eýsem asman ähli hem, hatda bütin barlyklar: «Hawa, Rebbimiz, (onuň isleýänini) ber! Biz hem şony isleýäris!» diýip, onuň nyýazyna goşulýar. Onsoňam ol ýöne-möne dileg edenok, eýsem misginlerçe, söýgülilerçe, sadylla bolup, şeýle bir özelenip, zarynlap ýalbaryp-ýakarýar welin, jümle älemi özi bilen aglamaga, dileg-dogasyna goşulmaga mejbur edýär.
Seret! Ol şeýle bir maksat, şeýle bir matlap üçin dileg-doga edýär welin, ynsany we älemi, hatda bütin barlyklary esfeli-safilinden, ýagny iň pes derejä düşmekden, ähmiýetsizlikden, peýdasyzlykdan halas edip, aglaýy-illiýine[1] çykarýar, ýagny gadyrgymmata, bakylyga eýe edýär, oňa beýik mertebeli ylahy wezipäni berýär.
Seret! Ol şeýle bir belent ses bilen ýalbaryp ýardam dileýär, şeýle bir mähribanlyk, sypaýyçylyk bilen ýalbarýar welin, bütin barlyklar: asman we Arş joşa gelýär we onuň bu dileg-dogasyna: «Ämin, Allahümme ämin»[2] diýmäge durýar.
Seret! Semyg,[3] Kerim[4] bolan Kadyrdan,[5] Basyr,[6] Rahym[7] bolan Ali:mdan[8] gerek-hajatyny dileýär (welin, görşümiz ýaly, Ol iň kiçijik, iň göze görünmeýän jandaryň hem iň gizlin hajaty üçin nyýaz edişini görýär, eşidýär, kabul edýär, merhemet edýär). Sebäbi diýseň, onuň isleýän zadyny (iň bolmanda hal-hereketi bilen dileg etse-de) berýär. Özi hem, içine hikmet, parasat, merhemet garyp berýär. Bu hili terbiýeleýjilik we dolandyryjylyk diňe Semyg we Basyra, diňe Kerim we Rahyma mahsus bolup biler.
On üçünji hakykat damjasy
Adam oglunyň iň görnükli wekilleriniň başyna geçip, Ýeriň üstünde durup, Arşy-Agzama sary el açyp dileg edýän, ynsan oglunyň iň abraýlysy, bütin zamanu-mekanyň deňsiz-taýsyzy, älemiň hak guwanjy (s.a.w) görüň, bakyň, näme dileýär?! Ebedi sagadaty dileýär. Bakyýet dileýär. Ylahy didary dileýär. Jenneti dileýär. Özi hem, aýna hökmündäki şu barlyklarda öz hökümini ýöredýän we jemalyny şöhlelendirýän mukaddes ylahy atlaryň ählisi bilen birlikde dileýär. Hatda şu islegleri hasyl edýän ylahy rahmet, ýardam, hikmet we adalat ýaly san-sajaksyz sebäpler bolmaýandada, bu adamyň ýekeje dileginiň özi hem jenneti ýaratmagy şu bahary ýaratmak ýaly aňsat düşýän ylahy gudrata ony bina etmek üçin ýeterlik sebäp bolardy.
Hawa, onuň pygamberligi şu synag dünýäsiniň döredilmeginiň sebäbi bolşy ýaly, gullugy-da o dünýäniň döredilmegine sebäpdir. Onuň ýaly bolsa, ylym bilen meşgullanýan kimseleri, alymlary:
لَيْسَ فِى اْلاِمْكَانِ اَبْدَعُ مِمَّا كَانَ[9]
diýmäge mejbur eden şu görünýän aňrybaş düzgünnyzamlylyk, rahmete eýlenen kem-kössüz sungat gözellikleri, deňsiz-taýsyz ajaýyp ylahy dolandyryjylyk heý-de, iň ýönekeý, iň ähmiýetsiz islegi, iň pessaý sesi ähmiýet bilen diňläp, kanagatlandyrar-da, iň ähmiýetli, iň zerur islegi ähimiýetsiz hasaplap, jogapsyz goýmak ýaly aňrybaş erbetlige, merhemetsizlige, bidüzgünçilige ýol berermi?! Asla, ýol bermez! Ýüz müň gezek gaýtalaýaryn, asla, ýol bermez! Şeýle gözellik şeýle erbetlige razy bolup, özüni ýigrenji görkezmez!
Eý, hyýaly ýoldaşym! HatemulEnbiýa aleýhyssalatu wessalamyň bu ýarymadada eden işleri hakynda şu aýdanlarymyz häzirlikçe ýeterlik. Indi, yzymyza dolanaly. Ýogsam, bu zamanada – şu ýarymadada ýene ýüz ýyl galanymyzda-da, onuň amala aşyran ajaýyp işleriniň, alyp baran wezipesiniň täsinlikleriniň ýüz böleginden bir bölegine-de doly aň ýetiribem bilmeris, tomaşa edip doýubam bilmeris.
Indi, gel, ýolugrumyzda hatar tutup oturan asyrlara-da birinbirin göz aýlaly. Honha, görýämiň? Herki asyr şol Hidaýet Gününden bereket tapypdyr, pajarlap, gül açypdyr: Ebu-Hanife, Şafiý, Baýezidi-Bistami, Şahy-Geýlany, Şahy-Nagyşbendi, Ymamy-Gazaly, Ymamy-Rabbany kimin millionlarça nurana miweleri beripdir.
Gören-eşidenlerimiz hakdaky şu gürrüňimiziň dowamyny başga wagta goýup, şu ýerde şol mugjyzagär ynsany, hak ýoluň çakylykçysyny anyklygy kesgitli käbir mugjyzalaryndan habar berýän salawat bilen ýatlalyň.
عَلَى مَنْ اُنْزِلَ عَلَيْهِ الْفُرْقَانُ الْحَكِيمُ مِنَ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِ مِنَ الْعَرْشِ الْعَظِيمِ سَيِّدِنَا
مُحَمَّدٍ اَلْفُ اَلْفِ صَلاَةٍ وَ اَلْفُ اَلْفِ سَلاَمٍ بِعَدَدِ حَسَنَاتِ اُمَّتِهِ ٭ عَلَى مَنْ بَشَّرَ بِرِسَالَتِهِ التَّوْرَيةُ وَ اْلاِنْجِيلُ وَ الزَّبُورُ ٭ وَ بَشَّرَ بِنُبُوَّتِهِ اْلاِرْهَاصَاتُ وَ هَوَاتِفُ الْجِنِّ وَ اَوْلِيَاءُ اْلاِنْسِ وَ كَوَاهِنُ الْبَشَرِ ٭ وَ انْشَقَّ بِاِشَارَتِهِ الْقَمَرُ ٭ سَيِّدِنَا مُحَمَّدٍ اَلْفُ اَلْفِ صَلاَةٍ وَ سَلاَمٍ بِعَدَدِ اَنْفَاسِ اُمَّتِهِ ٭ عَلَى مَنْ جَائَتْ لِدَعْوَتِهِ الشَّجَرُ وَ نَزَلَ سُرْعَةً بِدُعَائِهِ الْمَطَرُ وَ اَظَلَّتْهُ الْغَمَامَةُ مِنَ الْحَرِّ وَ شَبَعَ مِنْ صَاعٍ مِنْ طَعَامِهِ مِأتٌ مِنَ الْبَشَرِ وَ نَبَعَ الْمَاءُ مِنْ بَيْنِ اَصَابِعِهِ ثَلاَثَ مَرَّاتٍ كَالْكَوْثَرِ وَ اَنْطَقَ اللّهُ لَهُ الضَّبَّ وَ الظَّبْىَ وَ الْجِذْعَ وَ الذِّرَاعَ وَ الْجَمَلَ وَ الْجَبَلَ وَ الْحَجَرَ وَ الْمَدَرَ صَاحِبِ الْمِعْرَاجِ وَ مَازَاغَ الْبَصَرُ ٭ سَيِّدِنَا وَ شَفِيعِنَا مُحَمَّدٍ اَلْفُ اَلْفِ صَلاَةٍ وَ سَلاَمٍ بِعَدَدِ كُلِّ الْحُرُوفِ الْمُتَشَكِّلَةِ فِى الْكَلِمَاتِ الْمُتَمَثِّلَةِ بِاِذْنِ الرَّحْمنِ فِى مَرَايَا تَمَوُّجَاتِ الْهَوَاءِ عِنْدَ قِرَائَةِ كُلِّ كَلِمَةٍ مِنَ الْقُرْآنِ مِنْ كُلِّ قَارِءٍ مِنْ اَوَّلِ النُّزُولِ اِلَى آخِرِ الزَّمَانِ وَ اغْفِرْلَنَا وَ ارْحَمْنَا يَا اِلهَنَا بِكُلِّ صَلاَةٍ مِنْهَا آمِينَ[10]
(Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň pygamberligini subut edýän deliller dogrusynda türk dilinde ýazylan «Şuaaty-Marifetinnebi»[11] diýen eserde hem-de «On dokuzynjy hatda»,[12] şol sanda, şu eserde[13] gysgaça beýan etdim. Şol wagtyň özünde şu ýerde Kurany-Haki:miň mugjyzawy jähetleri hakda-da gysgaça beýan edilýär. Galyberse-de, türk dilinde ýazylan «Lemaat»[14] atly eserimde we «Ýigrimi bäşinji sözde» Kuranyň kyrk jähetden mugjyza bolşy we kyrk sany mugjyzawy tarapy dogrusynda gysgaça beýan etdim. Arap dilinde ýazylan «Işaratul-yjaz»[15] atly tefsiriň özünde şol kyrk jähetiň diňe bir jäheti bolan aýatlaryň nazmyndaky belagat[16] dogrusynda kyrk sahypa ýazypdym. Eger isleseň, bular dogrusynda şol üç kitapdan okap bilersiň.)
On dördünji hakykat damjasy
Mugjyzalar hazynasy – mugyjyzalaryň iň ulusy bolan Kurany-Haki:m Nübüwweti-Ahmediýe, ýagny Muhammet aleýhyssalatu wessalamyň pygamberligi arkaly Allanyň birligini şeýle bir anyk subut edýär welin, başga delil getirmegiň hajaty galmaýar. Biz hem şu ýerde onuň tarypyny ýetirmekçi we onuň tankyda sezewar bolan birki sany parlak mugjyzasy dogrusynda kelam agyz gürrüň etmekçi.
Rebbimizi bize tanadýan Kurany-Haki:m şu ägirt uly älem kitabynyň ezeli terjimesidir; Ýer we asman sahypalarynda gizlenen ylahy atlar hazynasynyň üstüni açyjydyr; hadysa setirleriniň astynda gizlenen hakykatlaryň açarydyr; görer göze görünýän şu älem perdesiniň aňry tarapyndaky gaýyp äleminden gelen rahmany peşgeşleriň, ezeli ýüzlenmeleriň hazynasydyr; yslamyň ruhy äleminiň Güneşidir, binýadydyr, hasabatly taslamasydyr, ahyret äleminiň kartasydyr; ylahy barlygyň, hudawy sypatlaryň we işlerdir hadysalaryň teswiridir, anyk tefsiridir, sözleýän delilidir, parlak terjimesidir; ynsan äleminiň terbiýeçisidir, hakyky hikmetdir, hak ýoly görkezýän hak mürşiddir; hem hikmet, hem şerigat, hem dileg-doga, hem gulluk, hem buýruk, hem çagyryş, hem zikir, hem magrypet kitabydyr; her bir ruhy hajata em boljak, tapawutly ýoly we usuly yzlaýan welidir syddyklaryň, asfiýadyr hakykat alymlarynyň her birine muwapyk eserleri özünde jemleýän mukaddes kitaphanadyr.
Kuranyň kemçilikdir öýdülýän gaýtalanmalaryna ünsli seretseň, olardaky mugjyza öwşünleri görersiň! Hawa, Kuran hem zikir, hem dileg-doga, hem çagyryş kitaby bolup durýandygy üçin şol gaýtalanmalar gaty makuldyr, hatda zerurlykdyr, onuň çeperçiligini, belagatyny artdyrýandyr. Kemçilikdir öýdýänleriň pikir edişi ýaly däldir. Çünki zikiriň häsiýeti gaýtalamak arkaly nurlandyrmakdyr. Dileg-doganyň häsiýeti gaýta-gaýta beýan edip, ykjam ornaşdyrmakdyr. Emriň we çagyryşyň alamaty öwran-öwran gaýtalap, berkitmekdir.
Onsoňam hemme adam islän wagty Kuranyň hemme ýerini birbada okap bilmeýär. Emma onuň ýeke bir süresini okamaga her kimiň güýji ýetýär. Şonuň üçin Kuranyň iň möhüm meselelerine uzyn süreleriň hemmesinde diýen ýaly ýer berlipdir. Şeýdip, her bir süre özboluşly bir Kurana öwrülipdir. Ýagny hiç kimiň mahrum bolmazlygy üçin olaryň her birinde towhyd, haşyr ýaly käbir mowzuklar we ençeme hikmetleri özünde jemleýän Musa aleýhyssalam bilen baglanyşykly kyssalar gaýtalanypdyr.
Şeýle hem, maddy mätäçliklerimiziň dürli-dürli bolşy ýaly, ruhy mätäçliklerimizem hil-hildir. Ynsan olaryň käbirine her dem mätäç. Mysal üçin, bedenimiziň howa mätäç bolşy ýaly, ruhumyz «Hu»-wa[17] mätäç. Käbirisine sagat saýyn mätäç, meselem, «Bismillaha»… Diýmek, Kurandaky gaýtalanmalaryň aňyrsynda şol mätäçlikler ýatan eken, şolardan habar berilýän eken, gaýtalamak bilen olara höwes döredilýän eken, gaýrata getirmek islenilýän eken. Munuň üçin hem gaýtalamak zerur bolup durýan eken.
Şeýle hem Kuran esaslandyryjydyr, Dini-Mubiniň[18] esasydyr, şu yslam äleminiň binýadydyr, jemgyýetçilik ýaşaýşyny üýtgedijidir, ynsan gatlaklarynyň arasynda hemişe ýüze çykyp duran sowallaryň jogabydyr. Esaslandyryjynyň öz kanunlaryny ornaşdyrmagy üçin olary gaýtalamak zerurlygy döreýär. Haýsydyr bir kanuny has mäkäm ornaşdyrmaklyk dowamlylygy talap edýär, onuň dogrulygyny ykrar etdirmek gaýta-gaýta düşündirmekligi, änigi-şänigi bilen bildirmeklik bolsa şol kanunyň tutanýerlilik bilen tekrarlanmagyny talap edýär.
Onsoňam, Kuran şeýle beýik-beýik meselelerden we inçeden ýiti hakykatlardan söz açýar welin, hemmäniň kalbynda ykjam ornaşmagy üçin olary öwran-öwran dürli röwüşde gaýtalamak zerurlygy ýüze çykýar. Göräýmäge şol bir aýat gaýtalanýan ýalydyr, emma ol özünde ençeme many, ençeme hikmet saklaýar hem-de özüne ençeme jähetden çemeleşilmegi talap edýän birnäçe many gatlaklaryndan durýar. Hawa, şol aýat her gelen ýerinde başga bir many, başga bir peýda, başga bir maksat üçin zikir edilýär.
Şeýle hem, Kuranyň älemiň ýaradylyşy bilen baglanyşykly meseleleriniň käbiriniň gizlin hem-de umumy häsiýetde beýan edilmegi haka çagyrmagyň özboluşly bir mugjyzawy şöhlelenişidir. Hudaýsyzlaryň pikir edişi ýaly tankyt ýa-da kemçilik gözi bilen garalmaga sebäp däldir.
Eger «Näme üçin Kurany-Kerim barlyklar hakda tebigy ylymlaryň beýan edişi ýaly beýan etmeýär ýa-da gysgaça beýan edýär hem-de näme üçin käbir beýanlary hemmelere görünýän, hiç kimi nägile etmejek, sada halkyň aň derejesini göz öňünde tutýan we ýadatmaýan, mese-mälim görnüp duran ýönekeý görnüşde bolýar?!» diýip soraýan bolsaň, ynha onuň jogaby şeýleräk:
Bu ylymlar hakykat ýolundan çykypdyr, ana, şonuň üçin… Onsoňam geçilen sapaklardan we ýazylan eserlerden, elbetde, şuňa göz ýetiren bolsaň gerek:
Kurany-Haki:miň şu älem hakyndaky beýanlarynyň maksady Allanyň barlygyny, sypatlaryny we atlaryny bildirmekdir. Ýagny bu älem kitabynyň many-mazmunyny düşündirmek bilen Ýaradany tanatmakdyr. Diýmek, Kuran barlyklar hakda olaryň özlerinden ötri däl-de, eýsem Ýaradyjysyndan ötri gürrüň edýär. Özi hem hemmelere ýüzlenýär. Tebigy ylymlar bolsa, barlyklaryň hut özlerini tanatmak bilen meşgul bolýar. Esasan, olaryň beýanlary şol ylym bilen meşgullanýan kişileriň düşünjek terzinde bolýar.
Diýmek, Kurany-Haki:m barlyklary delil, subutnama hökmünde ulanýar. Delil bolsa islendik adamyň gözi bilen seredende görnäýjek we derhal düşünäýjek görnüşde bolmaly. Murşit[19] bolan Kuran hem adamzadyň ähli gatlagyna birbada ýüzlenýär. Adamzadyň aglaba bölegini bolsa ýönekeý halk köpçüligi düzýär. Diýmek, bu ýagdaýda mürşidiň etmeli işi ikinji derejeli meseleleriň üstüni doly açman, umumylaşdyrmakdyr. Inçe meseleleri bolsa tymsallar arkaly örän düşnükli beýan etmekdir. Şeýle seredeniňde görnüp duran zatlar hakda gürrüň edilende, sada ynsana düşnüksiz, ýerliksiz, has dogrusy, gereksiz düşündirişlerden, görünýäninden üýtgeşik zady beýan etmekden gaça durmakdyr.
Meselem, Kuran Gün hakynda «Aýlanyp ýören çyra» diýýär. Çünki Gün hakda gürrüň açmak bilen Güni içgin tanatmak ýa-da onuň gurluşyny öwretmek islemeýär, eýsem onuň sazlaşykly işleýän gurluşyň esasy çarhydygyny, düzgün-nyzama görä hereket edýän ulgamyň merkezidigini, şol sazlaşyk bilen ulgamyň bolsa, Saniý bolan Ýaradyjyny tanadýan aýnadygyny bildirmek isleýär.
Hawa, Kuran:
اَلشَّمْسُ تَجْرِى[20]
«Gün aýlanýar» diýmek bilen gyş-ýaz, gije-gündiz çalşygynda şöhlenenýän gudratyň düzgün-nyzamly dolandyryjylygyndan habar berýär, ýagny Saniýiň[21] beýikligini düşündirýär. Ine, «aýlanmak» diýmek bilen beýan edilýän hakykat şu görnüp duran düzgün-nyzama we ykjam ýola goýlan ulgama çapraz gelmeýär.
Şeýle hem, şu
وَجَعَلْنَا الشَّمْسَ سِرَاجًا[22]
aýatynda «çyra» sözüni ulanmak bilen älem köşge meňzedilýär. Onuň içindäki zatlar bolsa ynsanlar, janly-jandarlar üçin taýýarlanyp goýlan zynatlardygy, ir-iýmişlerdigi, zerurlyklardygy, Günüň bolsa emr boýunça hereket edýän çyragärdigi habar berilýär. Şeýtmek bilen Ýaradanyň rahmeti, yhsany düşündirilýär.
Indi durnuksyz we ýaňra tebigy ylymlar Gün barada näme diýýär, bir görüň:
«Gün ýanyp duran ägirt ullakan suwuk massa. Özünden sypyp gaýdan planetelary töwereginde aýlaýar… ululygy munçarak, gurluşy şeýleräk… we ş.m…» diýen ýaly düşündirişleri bilen gorky, wehim döretmekden başga ruha berýän zady ýok. Başgaça aýtsak, kämil ylmy öwretmeýär. Beýanlary Kuranyň beýanlaryna meňzemeýär. Ynha, şu deňeşdermäniň netijesinde tebigy ylymlaryň daşy owadan, içi boş meseleleriniň asyl gymmatyna düşünen bolsaň gerek. Şonuň üçin onuň daşynyň bezeglerine gözüň gapylyp, hergiz Kuranyň mugjyzana beýanlaryna hormatsyzlyk edäýme!..
Bellik. «Risaleýi-Nuruň» arap dilinde ýazylan şahasynda geçýän «On dört hakykat damjasynyň» altysynda, esasanam, «Dördünji hakykat damjasyny» düzýän inçe manyly alty hakykatyň beýanynda Kurany-Haki:miň kyrka golaý mugjyzawy jähetiniň on bäşisi hakda beýan edilýär. Şol sebäpli şu ýerde sözümize nokat goýýarys. Bu babatda has giňişleýin öwrenmek isleýän bolsaň, ana, şol eseri okap çyk! Şonda sen mugjyzalar hazynasynyň üstünden bararsyň!
اَللّهُمَّ اجْعَلِ الْقُرْآنَ شِفَاءً لَنَا وَ لِكَاتِبِهِ وَ اَمْثَالِهِ مِنْ كُلِّ دَاءٍ وَ مُونِسًا لَنَا وَ لَهُمْ فِى حَيَاتِنَا وَ بَعْدَ مَوْتِنَا وَ فِى الدُّنْيَا قَرِينًا وَ فِى الْقَبْرِ مُونِسًا وَ فِى الْقِيَامَةِ شَفِيعًا وَ عَلَى الصِّرَاطِ نُورًا وَ مِنَ النَّارِ سِتْرًا وَ حِجَابًا وَ فِى الْجَنَّةِ رَفِيقًا وَ اِلَى الْخَيْرَاتِ كُلِّهَا دَلِيلاً وَ اِمَامًا بِفَضْلِكَ وَ جُودِكَ وَ كَرَمِكَ وَ رَحْمَتِكَ يَا اَكْرَمَ اْلاَكْرَمِينَ وَ يَا اَرْحَمَ الرَّاحِمِينَ آمِينَ[23]
اَللّهُمَّ صَلِّ وَ سَلِّمْ عَلَى مَنْ اُنْزِلَ عَلَيْهِ الْفُرْقَانُ الْحَكِيمُ وَ عَلَى آلِهِ وَ صَحْبِهِ اَجْمَعِينَ آمِينَ آمِينَ[24]
Said Nursi
[1] Aglaýy-yllyýin – Iň belent mertebe.
[2] Kabul et, Allahym, kabul et!
[3] Semyg – Her sesi eşidýän Alla (j.j).
[4]Kerim – Nygmatlaryny bolluk bilen eçilýän, soňsuz haýyr-sahawatyň we keremiň eýesi Alla (j.j).
[5]Kadyr – Soňsuz güýjüň, kuwwatyň eýesi bolan Alla (j.j).
[6]Basyr – Her zady görýän Alla (j.j).
[7]Rahym – Çäksiz merhemetiň we rehim-şepagatyň eýesi, goraýjy bolan Alla (j.j).
[8]Ali:m – Her zadyň hakykatyny magat bilýän, soňsuz ylmyň eýesi Alla (j.j).
[9] «Mümkinlik» äleminiň çäginde şu wagtky ýagdaýdan has oňady, has gowusy ýokdur. (Ymamy-Gazaly, «Ihýau-Ulumiddin» 4/258; Ibni Arabi, «El-Futuhatul-Mekkiýýe» 1/53, 4/154 ).
[10] Rahman we Rahym bolan Alla tarapyn Arşy-Agzamyň üsti bilen Furkany-Haki:m iberilen seýýidimiz Muhammet alehyssalatu wesselama ymmatynyň sogaplarynyň sanyça, millionlarça salat we salam bolsun! Töwratda, Zeburda we Injilde pygamberligi buşlanan, dünýä inmezinden öňinçä we edil doglan wagty ýüze çykan täsin hadysalar arkaly hem-de gaýypdan habar berýän jynlar, ynsanlardan welidir bilgiçler tarapyndan pygamberligi habar berlen, barmagynyň yşaraty bilen Aý bölünen seýýidimiz Muhammet alehyssalatu wesselama ymmatynyň alýan nepesiniň sanyça, millionlarça salat we salam bolsun! Çagyryşyna agaçlaryň ylgaşlap gelen, eden dileg-dogasyna mähetdel asmandan ýagmyr ýagan, jöwzadan goramak üçin bulutlaryň saýa bolan, az-owlak tagamyndan ýüzlerçe ynsan doýan, barmaklarynyň arasyndan üç gezek aby-Köwser kimin suw akan, hormatyna suwulganyň, jereniň, töňňäniň, zäherlenen geçiniň golunyň, düýäniň, dagyň-daşyň we topragyň dile gelen (kişisi (a.s.m), Magraj we «Gözi (hiç tarapa) sowulmady, (ol ýerdäki ajaýyplyklary görüp) çäkden çykmady» («Nejm» süresi, 53/17) hadysasynyň eýesi seýýidimiz we şepagatçymyz Muhammet aleýhyssalatu wesselama Kuranyň inen wagtyndan tä kyýamata çenli ony okan her bir okyjynyň okan her bir kelemesiniň Rahmanyň rugsady bilen howa tolkunlarynda dabaralanan her kelemesiniň her harpynyň sanyça, millionlarça salat we salam bolsun! Eý, Allam! Bu salawatlaryň her biriniň hormatyna bizi bagyşla, bize merhemet et! Ämin!
[11]Şuaaty–Marifetinnebi – 1. «Pygamberi tanadýan parlak şöhleler» diýmek. 2. Bediuzzaman Said Nursiniň (rumy hasap boýunça) 1339-njy ýylda Stambulda türk dilinde çap edilen eseri.
[12] «Risaleýi-Nur» ýygyndysynyň «Hatlar» diýen kitabynyň «On dokuzynjy hat» diýen bölümi.
[13]«Risaleýi-Nur» ýygyndysynyň «Sözler» diýen kitabynyň «On dokuzynjy söz» diýen bölümi.
[14] Lemaat – 1. «Ýylpyldy» diýmek. 2. «Sözler» kitabynyň soňunda gelýän bölümiň ady.
[15]Yşaratul-yjaz – 1. «Mygjyza alamatlary» diýmek. 2. Bediuzzaman Said Nursiniň Kuranyň mugjyzawy jähetlerini beýan edýän kitaby.
[16]Belagat – Söz sungaty, çeper beýan etmek. Sözüň ýagdaýa, hadysa, makama kybap ulanylmagy, laýyk we ýerlikli sözlenilmegi.
[17] Hu – «Ol» sözi, ýagny Alla (j.j) göz öňünde tutulýar.
[18] Dini-Mubin – Yslam dininiň esaslary. Beýan ediji din. Yslam dininiň bir sypaty.
[19] Mürşit – Dogry ýoly görkezýän ýolbelet.
[20] «Ýasin» süresi, 36/38.
[21] Saniý – Her bir ýaradan barlygyny sungat eseri edip ýaradýan Alla (j.j).
[22] «Güni (bolsa ýagtylyk saçýan) çyra edip goýdy». («Nuh» süresi, 71/16).
[23] Eý, Allam! Kurany bize, ony ýazan we şoňa meňzeş işler bilen meşgullanýan kimselere hem-de her dürli dertlere şypa eýle! Bize hem-de olara bu dünýäde we ahyretde dost, dünýäde ýoldaş, gabyrda hemra, kyýamatda şepagatçy, syrat köprüsinde nur, jähennem ataşyndan (goraýjy) örti, jennetde ýaran, haýra ugrukdyryjy ýolbelet, baştutan eýle! Bularyň hemmesini fazlyňdan, sahawatyňdan, keremiňden we rahmetiňden yhsan kyl! Eý, merhemetlileriň Merhemetlisi, eý, jomartlaryň Jomardy! Dilegimizi kabul et! Ämin!
[24] Eý, Allam! Furkany-Haki:m inderilen şahsa we onuň bütin maşgalasyna hem-de sahabasyna salat we salam bolsun. Ämin, ämin!