Pygamberimiziň Mugjyzalary 22

Şakky-Kamer

(Aýyň bölünmegi)

mugjyzasynyň beýany

«On dokuzynjy söz» bilen «Otuz birinji söze» goşmaça ýazylan parça

بِسْمِ اللّهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِ

اِقْتَرَبَتِ السَّاعَةُ وَ انْشَقَّ الْقَمَرُ وَاِنْ يَرَوْ آيَةً يُعْرِضُوا وَ يَقُولُوا سِحْرٌ مُسْتَمِرٌّ[1]

          Sowal. Ahmet aleýhyssalatu wessalymyň Kamar deýin aýdyň «Şakky-Kamar» mugjyzasyny özleriniň esassyz düşünşeleri bilen ýalana çykarmak isleýän pelsepeçiler we olaryň yzyna eýerýän birtopar nadanlar: «Eger Şakky-Kamar hadysasy çyn bolsa‚ mundan bütin älemiň habary bolardy, adamzat taryhynda beýan tapardy» diýýärler.

          Jogaby. Pygamberlik delili hökmündäki Şakky-Kamar mugjyzasy hezreti Muhammediň (s.a.w) pygamberligini yglan edendiginden habarly kişileriň we ony inkär eden jemagatyň öňünde bolup geçýär. Şeýle hem bu hadysa adamlaryň süýji uka giden pillesi, gije, örän gysga wagtyň içinde ýüze çykýar. Galyberse, şonda wagt aratapawudyndan ötri Ýeriň käbir böleginde entäk Aý dogmandy. Käbir böleginde bolsa howa ümürli ýa-da bulutlydy. Ýene şunuň ýaly birnäçe ýagdaýlar sebäpli, Şakky-Kamar mugjyzasy bilinmän galypdy. Ýene bir zat, şol döwürde adamzat medeniýeti asman hadysalaryny synlap  biljek we bu hadysadan habardar bolup biljek derejede, ýagny deň derejede ösmändi. Şunlukda, bu hadysanyň Ýer togalagynyň hemme ýerinde görünmegi, bütindünýä adamzat taryhyna girmegi mümkin däldi. Munuň geregi hem ýokdy.

          Häzir bolsa, Şakky-Kamar babatynda dörän şübhe «bulutlaryny» dargatjak örän köp düşündirişlerimizden bäşisini diňläň.

Birinjisi. Taryhy kitaplardan mälim bolşy ýaly, şol döwrüň şol töwerekde ýaşaýan kapyrlary aňrybaş keçjallyklary bilen meşhur bolupdyr. Ynha, edil şol döwürde hem Kurany-Haki:m

وَ انْشَقَّ الْقَمَرُ[2]

aýaty bilen, Şakky-Kamar hadysasyny bütin äleme äşgär edipdir. Ýöne keçjallygy bilen tanalýan şol kapyrlar Kuranyň bu habaryny, şeýle wakanyň bolup geçendigini ýalana çykarjak bolmandyrlar, dymyp oňaýypdyrlar. Eger-de bu hadysanyň ýüze çykandygy anyk bolmasady, pygamberi inkär etmegiň ebeteýini gözläp ýören şol kapyrlar Kuranyň bu sözüni tutaryk edinip‚ aýagaýaldygyna pygamberimizi (s.a.w) ýalançylykda aýyplardylar, sözünden dändirmek üçin oňa hüjüm ederdiler. Emma siýer ýa-da taryh kitaplarynda kapyrlaryň bu hadysany inkär edendigi hakda hiç zat aýdylmandyr. Diňeje

وَ يَقُولُوا سِحْرٌ مُسْتَمِرٌّ[3]

aýatynyň beýan edişi ýaly hem-de taryh kitaplaryndan mälim bolşy ýaly, bu hadysany görenlerinde olar: «Bu jady. Ol bize jady görkezdi. Ýöne muny beýleki ýerlerdäki kerwenlerimiz gören bolsa, ynanarys» diýipdirler. Onsoň ertesi ir bilen Ýemen we başga taraplardan gelen kerwenler şeýle hadysanyň şaýady bolandyklaryny aýdypdyrlar. Ýöne kapyrlar şondan soňam Älemleriň buýsanjyna (s.a.w) (Hudaý saklasyn, asla beýle däl) «Ebu Talybyň ýetimeginiň jadysy asmana-da täsir edip başlady» diýip töhmet atypdyrlar.

Ikinjisi. Sady Taftazany ýaly meşhur alymlaryň birnäçesi Şakky-Kamar hadysasy hakynda şeýle diýipdir: «Şakky-Kamar hadysasy pygamberimiziň (s.a.w) barmaklaryndan suw akytmagy, onuň bilen agyr goşunyň suwsuzlygyny gandyrmagy hem-de hutba okan wagty ýaplanýan gury agajyň Ahmet aleýhyssalatu wessalamdan aýra düşmegi sebäpli aglamagy, onuň agysyny metjitdäki jemagatyň eşitmegi baradaky habarlar ýaly mutewatürdyr.[4] Ýagny bu hadysany şeýle kän adam biri-birine gürrüň beripdir welin, hemmesiniň birbada ýalan sözlemegi mümkin däl. Hawa, mundan müň ýyl öň meşhur Galileý guýrukly ýyldyz hadysasynyň bolup geçendigi hakdaky habar nähili çyn bolsa, Şakky-Kamar hadysasy hem edil şonuň ýaly çyn, mutewatür habardyr. Köp sanly habarlaryň netijesinde ömrümizde görmedik Seýlon adasynyň bardygyna gep-gürrüňsiz ynanyşymyz ýaly, Şakky-Kamar hadysasyna-de çürt-kesik ynanmak gerek».

Şunlukda, şunuň ýaly köpüň şaýat bolan anyk meselelerinde ynanmazçylyk etmek akylsyzlykdyr. Käşgä amala aşmagy mümkin bolmajak zat bolsady, onda başga gürrüň. Ýöne bu hem ýanardag atylan dagda ýaryklaryň emele gelmegi ýaly bolup biläýjek ýagdaý ahyry!

Üçünjisi. Mugjyza pygamberligiň hakdygyny subut etmegiň we inkär edýänleri ynandyrmagyň serişdesidir. Ynanmaga mejbur etmek üçin däldir. Şol gezek hem pygamberlik bildirişinden habarly bolanlara ynanmaklary üçin mugjyza görkezmek zerurlygy ýüze çykypdy. Bu hadysanyň şol töwerekden başga ýerlerde-de aç-açan görünmegi ýa-da ynanmaga mejbur edýän äşgärlikde bolup geçmegi Haki:mi-Züljelalyň hikmetine tersdi. Galyberse-de, şeýle äşgärlik (adamyň öňünde açylan) ylahy synagyň esaslaryna-da çapraz gelýärdi. Sebäbi ylahy synagda «Akyla ýol görkezmek, ýöne erkini elinden almazlyk» diýen kada bar.

Eger Fatyry-Haki:m pelsepeçileriň isleýşi ýaly, tutuş älemiň görmegi üçin Aýy birki sagatlap şol durşuna galdyrsady we şeýdibem bu waka bütindünýä taryhyna geçsedi, onuň beýleki adaty hadysalardan tapawudy galmazdy. Şonda bu hadysasy pygamberlik delili bolup bilmezdi. Onuň Muhammet aleýhyssalatu wesselamyň pygamberligi bilen baglanyşygy galmazdy. Ýa bolmasa, diýşimiz ýaly bu mugjyza hadysasy şol ýagdaýynda galdyrylsady, akyl biygtyýar pygamberligi ykrar etmäge mejbur bolardy. Ebu Jehil ýaly kömür ruhly adamlar bilen Ebu Bekir syddyk ýaly göwher ruhly adamlar gyradeň bolup‚ ylahy synagyň manysy ýiterdi.

Ine‚ hut şonuň üçinem, gysga salymda, gije, adamlaryň süýji uka gidýän wagty bolup geçmegi, şol sanda wagt aratawudyndan ötri Ýeriň belli böleginde Aýyň dogmazlygy‚ şol pille howanyň ümürli ýa-da bulutly bolmagy ýaly faktorlar Şakky-Kamar hadysasynyň älemiň hemme ýerinde görünmeginiň, taryhy ýazgylara geçmeginiň öňüni alypdyr, ýagny bu ýagdaýlar perde bolupdyr.

          Dördünjisi. Bu hadysanyň ýary gije, her kimiň süýji uka gidýän wagty bolup geçendigi üçin älemiň hemme ýerinde görünmejegi öz-özünden belli. Ýek-tük ýerlerde birlän-ikilän kişi gören hem bolsa, ol hem öz gözüne ynanmaz. Ynanaýanda-da, sanlyja kişiniň gürrüňi bilen bu möhüm hadysa taryhyň ömürlik ýazgysyna geçmez.

          Şu ýerde bir zady aýdyp geçmek gerek. Käbir kitaplarda «Aý ikä bölünenden soň Ýere inipdir» diýen ýaly jümlelere gabat gelinýär. Alymlar muny bütinleý inkär edýärler. «Bu äşgär mugjyzanyň ähmiýetine şek ýetirmek maksady bilen mynapygyň birisi tarapyndan girizilen bolmaly» diýýärler.

          Onsoňam‚ şol pille Angliýany sowatsyzlyk «ümüri» gaplap alypdy. Ispaniýada Gün ýaňy ýaşypdy. Amerikada heniz gündizdi. Hytaý‚ Ýaponiýa ýaly ülkelerde bolsa säher wagtydy. Başga ýurtlarda hem şuňa meňzeş ýagdaýlar bu hadysanyň bilinmän galmagyna sebäp bolupdy. Ýöne bu hadysany ýalana çykarmak isleýän käbir akmaklar seret, näme diýýär: «Angliýa‚ Hytaý‚ Ýaponiýa‚ Amerika ýaly döwletleriň taryhy kitaplarynda bu barada aýdylmaýar. Diýmek, beýle zat bolup geçmändir». Olar ýaly Ýewropa ýaranjaňlaryna müňlerçe ýola nälet bolsun!

          Bäşinjisi. Aýyň bölünmegi hadysasy käbir sebäpleriň täsiri bilen, öz-özünden ýa-da tötänleýin ýüze çykmandy. Şonuň üçin oňa tebigy ylymlaryň kada-kanunlary nukdaýnazaryndan seretmeli däldir. Eýsem bu mugjyza Günüň we Aýyň Halyky-Haki:miniň öz resulynyň pygamberligini ykrar etmek‚ hak dawasyny tassyklamak üçin amala aşyran adatdan daşary ajap hadysasydyr. Hak ýola çagyrmagyň‚ ylahy synagyň esaslarynyň, pygamberligiň talabyna laýyklykda, ylahy dolandyryjylygyň hikmetiniň islegi boýunça belli bir ynsan toparyna, olaryň lam-jim bolmagy üçin pygamberllik delili hökmünde görkezilen mugjyza hadysasydyr.

          Bu hadysa eýsem, agzalan ýokarda hikmet esaslarynyň talap etmeýän, heniz pygamberlik hakdaky habaryň baryp ýetmedik Ýer togalagynyň beýleki ýaşaýjylaryna görkezilmändir. Muňa howanyň ümürli ýa-da bulutly bolmagy‚ Aýyň Ýeriň togalagynyň dürli böleginde dürli wagtda dogmagy ýaly sebäpler päsgelçilik döredipdir. Ýagny şol hadysa bolup geçende käbir ýerde Aý heniz dogmandyr. Käbir ýerde gündizlik eken. Ýene bir ýerde säher wagty eken. Başga bir ýerde Gün ýaňy ýaşan eken. Eger bu hadysa şol ýurtlarda-da görkezilen bolsady‚ onda Ahmet aleýhyssalatu wesselamdan gaýdýan bir alamat, nyşan, pygamberlik mugjyzasy hökmünde bilnerdi. Bu ýagdaýda onuň pygamberdigi bütinleý äşgär bolardy. Soňra her kim onuň pygamberligini ykrar etmäge mejbur bolardy. Bu  bolsa akylyň elinden ygtyýaryň alyndygy bolardy. Iman getirmek bolsa akylyň ygtyýaryna bagly edilip goýlupdyr. Akyla mejbury kabul etdirilende, ylahy synagyň manysy galmaýar. Şol sanda bu mugjyza diňe asman hadysasy hökmünde görkezilen bolsady‚ onda onuň Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň pygamberligi bilen baglanyşykly tarapy galmazdy.

          Mahlasy. Şakky-Kamar hadysasy dogrusynda hiç şübhe galmady. Bolup geçendigi subut edildi. Indi bolsa‚ onuň ýüze çykandygyny bildirýän ençeme delillerden diňe altysy dogrusynda kelam-agyz gürrüň ederis.[5]

  1. adalatlylygyň nusgasy bolan sahabalaryň bu hadysanyň bolup geçendigi dogrusynda birmeňzeş pikirde bolmagy;
  2. وَ انْشَقَّ الْقَمَرُ[6]

aýatyny tefsir eden alymlaryň bu hadysanyň bolup geçendigini biragyzdan ykrar etmegi;

  • dürslügi bilen meşhur hadys rawylarynyň bu hadysanyň bolup geçendigini dürli ýollar bilen habar bermegi;[7]
  • kalp gözi açyk we ylhama miýesser welilerdir syddyklyk mertebesindäki pirleriň bu waka hakyndaky şaýatlygy;
  • mezhepleri boýunça tapawutlanýan kelam ylmynyň beýik ymamlarynyň we alymlarynyň biragyzdan tassyklamagy;
  • aýatdyr hadyslar bilen ters garaýyşda birleşmejegi ykrar edilen Muhammet (s.a.w) ymmatynyň[8] bu wakany edil bolşy ýaly kabul etmegi Şakky-Kamar hadysasynyň Gün ýaly hakykatdygyny subut edýär.

          Mahlasy. Şu ýere deňiç näme ýazylan bolsa, hakykaty ýüze çykarmak we ony inkär edýän kişileriň ýalňyşýandygyny subut etmek üçin  beýan edildi. Mundan soňra bu mesele barada subut edilen hakykat we iman näme diýýän bolsa, şony ýazarys. Gözlegimiz-hä ýokarky ýaly netijelendi. Hakykat bolsa şeýle diýyär:

          Pygamberlik asmanynyň parlak Kamary, Nebilik diwanynyň iň soňky Sahypasy (s.a.w), özüni mahbubyýet mertebesine çykaran gulluga eýe bolan weliliginiň iň uly keramaty‚ iň uly mugjyzasy bolan Magraj arkaly‚ ýagny Ýere mahsus Beden (s.a.w) asman äleminde gezdirildi, asmanyň ýaşaýjylaryna‚ ýokarky älemleriň halklaryna onuň belent artykmaçlygy, mahbubiýet derejesi görkezilip, welilik mertebesiniň çäksiz beýikdigi subut edildi.

          Edil şonuň ýaly-da‚ Ýer togalagynyň ýaşaýjysynyň ýeke yşaraty bilen Ýeriň hemrasyny, asmana asylgy duran Aýy ikä böldürip‚ Ýeriň ýaşaýjylaryna onuň (s.a.w) pygamberligini ykrar edýän mugjyza görkezildi. Şunlukda, Ahmet aleýhyssalatu wesselam göýa iki nurana ganatly Kamar mysaly, ýagny zyýa saçýan pygamberlik we welilik ganatyny ýaýyp, kämilligiň iň ýokary mertebesine sary uçup, Kaby-kawseýne baryp ýetdi. Şeýdip, hem asman‚ hem Ýer halkynyň buýsanjyna öwrüldi!

عَلَيْهِ وَعَلَى آلِهِ الصَّلاَةُ وَالتَّسْلِيمَاتُ ِمْلاَ اْلاَرْضِ وَالسَّموَاتِ[9]

سُبْحَانَكَ لاَ عِلْمَ لَنَا اِلاَّ مَا عَلَّمْتَنَا اِنَّكَ اَنْتَ الْعَلِيمُ الْحَكِيمُ[10]

«Mujyzaty-Ahmediýýe»[11] atly esere goşmaça ýazylan ýazgynyň bir parçasy

Muhammet aleýhyssalatu wessalamyň pygamberliginiň delilleri dogrusynda bolup, Magraj hakdaky eseriň üçünji esasynyň soňunda geçýän üç sowalyň birinjisiniň gysgaça jogabydyr.

Sowal. Şu Magrajy-agzam[12] näme üçin Muhammet-araby aleýhyssalatu wessalama mahsusdyr?

Jogaby. Şu sowala otuz üç bölümden ybarat bolan «Sözler» atly eserde giňişleýin jogap berilýär. Bu ýerde diňe Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň şahsynyň kämil sypatlary, pygamberlik delilleri hem-de onuň Magrajy-agzama çykmaga iň laýyk şahsyýetdigi dogrusynda gysgadan umumy görnüşde beýan ederis.

Birinjisi. Töwrat, Injil, Zebur ýaly mukaddes kitaplar birgiden üýtgeşmelere sezewar bolmagyna garamazdan, Hüseýin Jisri ýaly alym şol kitaplaryň häzirki günümize çenli gelip ýeten nusgalaryndan Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň pygamberligini habar berýän ýüz on dört sany alamaty, ýagny buşluk habarlaryny tapyp, «Risaleýi-Hamidiýe» atly eserinde beýan edýär.

Ikinjisi. Ahmet aleýhysslatu wessalamyň pygamberligini yglan etmegine az wagt galanda Şykk we Satih ýaly iki meşhur bilgijiň bir pygamberiň dörejekdigi we onuň ahyrzaman pygamberi boljakdygy dogrusyndaky habarlary taryhy çeşmelerde anyk beýan edilipdir.

Üçünjisi. Pygamber aleýhyssalatu wessalamyň doglan gijesi Käbedäki butlaryň ýykylmagy we pars hökümdary Kisranyň meşhur köşgi-eýwanynyň jaýryk atmagy ýaly pygamberiň geljegine yşarat edýän «irhasat»[13] diýilýän ýüzlerçe täsin hadysalar taryhda meşhurdyr.

Dördünjisi. Alymlaryň biragyzdan tassyklamagyna görä, Ahmet aleýhyssatu wessalamyň giden goşuna barmagyndan akýan suwdan içirmegi, metjitde uly märekäniň arasynda gury töňňäniň özüniň münber bilen çalşylýandygy, dogrusy pygamber aleýhyssalatu wessalamdan aýra düşýändigi üçin düýe deý bozlap, zarynlap aglamagy we

 وَ انْشَقَّ الْقَمَرُ[14]

aýatynda beýan edilýän Aýyň ikä bölünmegi ýaly müň töweregi mugjyzasynyň bolandygy taryh we siýer[15] kitaplarynda görkezilýär.

Bäşinjisi. Dostu-duşmanynyň biragyzdan tassyklamagyna görä, Onuň iň ýokary gözel ahlagyň eýesi bolandygyna; bütin hal-hereketiniň ykrar etmegine görä, özünde iň oňat häsiýetleri jemländigine; hak ýola çagyrmak wezipesini iň kämil derejede ýerine ýetirendigine; yslam dinine mahsus oňat adamkärçilik sypatlaryň şaýatlyk bermegi bilen, onuň getiren şerigatynda öwgä laýyk iň ajaýyp ahlagyň iň kämil görnüşde dabaralanandygyna ony üns bilen öwrenen  we ynsaby bolan adam ikirjeňlenmän tassyk eder. 


[1] «Kyýamatyň wagty ýakynlaşdy. Aý bölündi. Olar bir mugjyza görenlerinde‚ ýüzlerini öwrüp, «bu jady» diýişýärler». («Kamar» süresi‚ 54/1-2).

[2] «Aý bölündi». («Kamar» süresi, 54/1-2).

[3] «Bu jady» diýişýärler. («Kamar» süresi‚ 54/2).

[4] Ibni Teýmiýe, «Jewabus-Sahih», 1/414, 2/44; Taftazany, «Şerhul-Makasyt», 5/17.

[5] Şu Şakky-kamar mugjyzasynyň alty ijma* güýjünde alty delili bar. Bu mesele dogrusynda örän giňişleýin gürrüň etmeli. Ýöne gynansagam‚ bu barada örän gysgaça beýan edildi.

*Ijma – pikirdeşlik, alymlaryň haýsydyr bir meseläniň çözgüdi babatda bir pikirde ylalaşmagy. 

[6] «Aý bölündi». («Kamar» süresi‚ 54/1)

[7] Buhary, «Tefsir» 1, «Menakib» 27; Muslim, «Syfatul-Munafykyn» 44, 45, 46, 48; Tirmizi, «Tefsir» 54; Musned, 4:82

[8] Ebu Dawud, «Fiten» we «Melahim» 1; Tirmizi, «Fiten» 7; Ibni Maje, «Fiten» 7.

[9] Oňa (s.a.w)‚ maşgalasyna we sahabalaryna asmanu-ýeriň dolusy rahmet we salam bolsun!

[10]«Eý, Rebbim, Sen Subhansyň! Seniň bize bildireniňden başga näme bilip bileris!? Her zady magat bilýän Alim, her zady hikmet bilen ýaradýan Haki:m Sensiň!» («Bakara» süresi, 2/32).

[11]«Muhammet (aleýhyssalatu wessalam) pygamberiň mugjyzalary». «Risaleýi-Nur» eserler ýygyndysyndan «Hatlar» kitabynyň «On dokuzynjy hat» diýen bölümi.

[12] Magrajy-agzam – Beýik Magraj hadysasy göz öňünde tutulýar.

[13]Irhasat – Pygamberlik berilmezden öňinçä Muhammet aleýhyssalatu wessalam bilen baglanyşykly ýüze çykan mugjyzalar we täsin hadysalar.

[14] «Aý (ikä) bölündi». («Kamar» süresi, 54/1).

[15] Siýer – Pygamberimiziň (aleýhyssalatu wessalam) durmuşyndan, mübärek hüý-häsiýetinden, maksatlaryndan, adamzady dogry ýola çagyryşyndan söhbet açýan‚ şol meseleleri seljerýän dini hem ylmy kitap.