Altynjysy. «Onunjy sözde» bildirilişi ýaly, uluhyýetiň[1] hikmetiň talabyna laýyklykda bilinmek, görünmek islegi bar. Ine, şol uluhyýete laýyk gullugy, ýagny dininde jemlenen külli ybadaty iň belent mertebede berjaý edip görkezen Muhammet aleýhissalatu wessalamdyr.
Şeýle hem, älemiň Halygynyň aňrybaş kämil jemalyny hikmetiň we hakykatyň talabyna laýyklykda, sebäpleriň üsti bilen görkezmek islegi bar. Ine, onuň bu islegini iň oňat görkeziji we tanadyjy hökmünde kanagatlandyran, şek-şübhesiz, Oldur.
Şeýle hem, Saniýi-Älemiň aňrybaş gözel sungat eserleriniň kämilliklerine üns çekmek, olary sergi sahnasyna çykarmak islegi bar. Ine, Onuň bu islegini iň belent ses bilen jarçylyk edip kanagatlandyran, görşümiz ýaly, Oldur.
Şeýle hem, bütin älemleriň Rebbiniň barlyklaryň hemmesi arkaly Özüniň birligini bildirmek islegi bar. Ine, towhydyň ähli mertebelerini iň ýokary derejede bildirmek bilen Onuň bu islegini kanagatlandyran hem, gep-gürrüňsiz, Oldur.
Şeýle hem, älemiň Sahybynyň sungat eserlerindäki aňrybaş gözellige seredenimizde, hikmetiň we hakykatyň talabyna laýyklykda, Ol taýsyz gözelligini, jemalynyň owadanlygyny, gözelliginiň inçe aýratynlyklaryny aýna hökmündäki barlyklarda görmek we görkezmek islär. Ine, aýna hökmünde iň dabaraly ýagdaýda şöhlelendirip görkezen, Oňa söýgi bildiren we başgalaryň hem Oňa söýgi bildirmegini gazanan, şeýdip Onuň bu islegini kanagatlandyran hem, ikuçsuz, Oldur.
Şeýle hem, şu älem köşgüniň Saniýiniň gudrat mugjyzalaryny, aňrybaş gymmat bahaly lagly-göwherlerden doly gizlin hazynalaryny äşgär etmek, açyp görkezmek hem-de olaryň üsti bilen öz kämilliklerini tanatmak we bildirmek islegi bar. Ine, Onuň bu islegini iň ýokary derejede açyp görkezmek, bildirmek, tanatmak bilen kanagatlandyran hem, gürrüňsiz, Oldur.
Şeýle hem, şu jahanyň Saniýiniň älemi dürli hili ajaýyplyklar, zynatlar bilen bezemeginiň, aňly barlyklary seýil etsin, dynç alsyn, ybrat alsyn, pikirlensin diýip onuň içine almagynyň hikmeti bar. Ýagny Onuň şol sungat eserleriniň aňladýan manylaryny, gymmatyny tomaşaçylara, pikir edip bilýän kimselere bildirmek islegi bar. Ine, Onuň bu islegini jynlara we ynsanlara, hatda ruhy barlyklara we perişdelere Kurany-Haki:miň saýasynda iň ýokary derejede düşündirmek – ýolbeletlik etmek bilen kanagatlandyran hem, ikuçsuz, Oldur.
Şeýle hem, şu jahanyň Ha:kimi-Haki:miniň[2] älemi dowamly özgerişlere sezewar etmeginiň aňyrsynda ýatan maksatlary, ýagny munuň gizlin syryny we barlyklara dahylly «Nireden gelýär, nirä barýar we näme üçin?» diýen çylşyrymly üç sowalyň jogabyny bir ilçiniň üsti bilen bütin aňly barlyklara düşündirmek islegi bar. Ine, Kurany-Haki:me daýanyp, şol gizlin syry iň oňat görnüşde açyp görkezen, şol çylşyrymy üç sowala anyk düşündiriş beren, şeýdip, Onuň bu islegini kanagatlandyran hem, şek-şübhesiz, Oldur.
Şeýle hem, bu älemiň Saniýi-Züljelalyň san-sajaksyz gözel sungat eserleri arkaly aňly barlyklara Özüni tanatmak we gymmatly nygmatlary arkaly Özüne söýgi döretmek hem-de aňly barlyklara Özüni razy etjek zatlary we ylahy islegleri bir ilçiniň üsti bilen bildirmek islegi bar. Onuň bu islegini iň ýokary derejede, iň kämil suratda Kurandan peýdalanyp beýan etmek we bildirmek bilen doly kanagatlandyran hem, gürrüňsiz, Oldur.
Şeýle hem, Rebbilälemin älem agajynyň miwesi bolan ynsany tutuş älemi içine sygdyryp biljek gurluşda, külli ybadaty berjaý edip biljek ukypda, galyberse-de duýgularyna baglylykda ynsanyň köp zadyň, ýagny dünýewi närseleriň ýesiri bolup biljek tebigatda ýaradypdyr. Şonuň üçin, älemleriň Rebbi bir ýolgörkezijiniň üsti bilen onuň ýüzüni köplükden birlige, panydan baka öwürmek isläpdir. Onuň bu islegine Kuranyň saýasynda iň ýokary mertebede, iň oňat usulda ýolgörkezijilik etmek hem-de pygamberlik wezipesini iň kämil derejede ýerine ýetirmek bilen jogap beren hem, şübhesiz, Oldur.
Ine, barlyk äleminiň iň sylaglysy janly barlyklardyr, olaryň hem iň sarpalysy aňly barlyklardyr, olaryň hem iň hormatlysy hakyky ynsanlardyr, hakyky ynsanlaryň hem iň saýlantgysy, öz wezipesini iň ýokary derejede, iň kämil görnüşde ýerine ýetiren şahs hem Oldur. Diýmek, magrajy-agzam merdiwanyny ulanyp, Kaby-Kawseýne[3] çykjagam, ebedi bagtyýarlygyň gapysyndan barjagam, rahmet hazynasyny açjagam, imana dahylly gaýyby hakykatlary görjegem, şübhesiz, Oldur.
Ýedinjisi. Görşümiz ýaly, şu sungat eserleri aňrybaş zynatlar bilen bezelipdir. Zynat bermek, bezemek bolsa, şol sungat eserlerini döreden Saniýiň aňrybaş zynatlandyrmak, aňrybaş bezemek ýaly islegleriniň bardygyny görkezýär. Bu islegler bolsa Saniýiň öz döreden eserlerine bolan yssy mährinden, mukaddes söýgüsinden habar berýär. Sungat eserleriniň arasynda iň baý mazmuna eýe bolan, olaryň ähli nepis aýratynlyklaryny birbada özünde şöhlelendirip görkezen, Saniýiň şol isleglerini aňlan, muny başgalara-da bildiren, şeýdip özüne söýgi döreden, Saniýiň beýleki sungat eserlerindäki gözellikleriň maşaallasyny[4], berekallasyny ýetiren hem Oldur. Şunlukda, döreden sungat eserlerini diýseň söýýän Saniýiň iň söýgüli guly hem, şübhesiz, Oldur.
Ine, sungat eserlerini bezeýän göz gamaşdyryjy täsinlikleri, gözellikleri hem-de barlyklary nurlandyrýan ajaýyplyklary we kämillikleri görüp, «Subhanalla», «Maşaalla», «Allahu ekber» diýen kelemeleri bilen asmany ýaňlandyran Oldur. Kuran nagmalary bilen älemi lerzana getiren Oldur. Makullaýjy, oňlaýjy, oýlandyryjy, mahabatlaýjy sözleri hem-de zikirdir towhyt kelemeleri bilen zemini, deňiz-derýalary joşa getiren hem, görşümiz ýaly, Oldur.
Ine, Ol şeýle bir şahsyýetdir welin, اَلسَّبَبُ كَالْفَاعِل[5] ýörelgesine laýyklykda, ymmatynyň gazanan sogabynyň bir misli onuň (s.a.w) terezisiniň okarasyna baryp düşýär, ymmatynyň aýdýan salawatynyň saýasynda ruhy taýdan dowamly kämilleşýär, ýerine ýetiren pygamberlik wezipesiniň netijesi we ruhy muzdy hökmünde soňsuz ylahy söýgini we rahmeti gazanmak ýaly gowulyga miýesser bolýar. Elbetde, şeýle şahsyýetiň magraj merdiwany bilen jennete, Sidretul-Munteha[6], Arş, Kaby-Kawseýn diýilýän mekanlara deňiç çykmagy aýny hakdyr, hakykatyň, hikmetiň hut özüdir.
اَلْبَاقِى هُوَ الْبَاقِى
Said Nursi
Bellik. Iň abraýly yslamy gazetleriň birinde 1927-nji ýylda Ýewropada örän ähmiýetli syýasatçylaryň, sosiolog-hukukçylaryň gatnaşmagynda yslam älemi bilen baglanyşykly geçirilen bir kongresde daşary ýurtly belli pelsepeçileriň Muhammet aleýhyssalatu wessalamyň şerigaty barada şu aşakdaky arap dilinde ýazylan ýazgynyň meňzeşini öz dillerinde beýan edendikleri aýdylýar. Arap dilinde çap edilýän şol gazetde çykan makalany bolşy ýaly şu ýerde berýäris. Terjimesini-de yzyna goşýarys. «Nur çeşmesi» diýen kitapçanyň ahyrynda kyrk üç sany daşary ýurtly filosofyň ýazgylary beýan edilýär. Olaryň üstüne bu iki gahryman filosofyň ýazgylaryny-da goşsak, pygamberimizi taryp edýän daşary ýurtly dürs sözli şaýadyň sany kyrk bäşe ýetýär.
اَلْفَضْلُ مَا شَهِدَتْ بِهِ اْلاَعْدَاءُ
Mertebelilik duşmanlar tarapyndan hem ykrar edilmekdir.
Arap dilinde çap edilýän gazetde berlen makala:
وَقَدْ اِعْتَرَفَ حَتَّى عُلَمَاءُ الْغَرْبِ بِسُمُوِّ مَبَادِى اْلاِسْلاَمِ وَصَلاَحِهَا لِلْعَالَمِ… قَالَ عَمِيدُ كُلِّيَّةِ الْحُقُوقِ بِجَامِعَةِ ڤِييَنَا َاْلاُسْتَاذُ شَبُولْ فِى مُؤْتَمَرِ :(١٩٢٧) لْحُقُوقِيِّينَ الْمُنْعَقَدِ فِى سَنَةِ ا
اِنَّ الْبَشَرِيَّةَ لَتَفْتَخِرُ بِاِنْتِسَابِ رَجُلٍ كَمُحَمَّدٍ (ع ص م) اِلَيْهَا اِذْ اِنَّهُ رَغْمَ اُمِّيَّتِهِ اِسْتَطَاعَ قَبْلَ بِضْعَةِ عَشَرَ قَرْنًا اَنْ يَاْتِى بِتَشْرِيعٍ سَنَكُونُ نَحْنُ اْلاَوْرُوبَائِيِّينَ اَسْعَدَ مَا نَكُونُ لَوْ وَصَلْنَا اِلَى قِيْمَتِهِ بَعْدَ اَلْفَىْ عَامٍ وَ قَالَ بَرْنَارْد شَوْ : لَقَدْ كَانَ دِينُ مُحَمَّدٍ (ع ص م) مَوْضِعَ التَّقْدِيرِ السَّامِى دَائِمًا لِمَا يَنْطَوِى عَلَيْهِ مِنْ حَيَوِيَّةٍ مُدْهِشَةٍ ِلاَنَّهُ عَلَى مَا يَلُوحُ لِى هُوَ الدِّينُ الْوَحِيدُ الَّذِى لَهُ مَلَكَةُ الْهَضْمِ ِلاَطْوَارِ الْحَيَاةِ الْمُخْتَلِفَةِ وَالَّذِى يَسْتَطِيعُ لِذلِكَ اَنْ يَجْذِبَ اِلَيْهِ كُلَّ جَيْلٍ مِنَ النَّاسِ وَ اَرَى وَاجِبًا اَنْ يُدْعَى مُحَمَّدٌ (ع ص م) مُنْقِذَ اْلاِنْسَانِيَّةِ وَ اَعْتَقِدُ اَنَّ رَجُلاً مِثْلَهُ اِذَا تَوَلَّى زَعَامَةَ الْعَالَمِ الْحَدِيثِ نَجَحَ فِى حَلِّ مُشْكِلاَتِهِ وَاَحَلَّ فِى الْعَالَمِ السَّلاَمَةَ وَالسَّعَادَةَ (يَعْنِى الْمُسَالَمَةَ وَالصُّلْحَ الْعُمُومِىَّ) وَمَا اَشَدَّ حَاجَةَ الْعَالَمِ اَلْيَوْمَ اِلَيْهَا
Gysgaça terjimesi:
Hawa, Günbatar alymlarydyr filosoflary yslamy kanunlaryň dünýäni düzetmek üçin aňryýany bilen ýeterlikdigini boýun alýarlar we biragyzdan ykrar edýärler.
Mysal üçin, 1927-nji ýylda sosiolog-hukukçylarynyň jemlenen Halkara hukuk kongresiniň ýygnagynda oňa baştutanlyk edýän halypa filosof Şebol şeýle diýipdir:
«Muhammediň (aleýhyssalatu wessalam) ynsan jynsyndan bolandygyna bütin adamzat buýsanmalydyr. Çünki bu adam okamagy we ýazmagy bilmeýändigine garamazdan, mundan on üç asyr öň şeýle bir kanun getirdi welin, biz ýewropalylar ýene iki müň ýyldanam onuň gymmatyna göz ýetirip, hakykatyna düşünip bilsek, dünýäniň iň bagtyýar adamlary bolarys».
Ikinji filosof, ýagny «Nur çeşmesi» diýen kitapçanyň ahyrynda ady agzalanlara kyrk bäşinji bolup goşulan Bernard Şou bolsa şeýle diýipdir:
«Muhammediň (aleýhyssalatu wessalam) dininiň ählumumy goldaw tapmagynyň sebäbi örän ajaýyp we sagdyn jemgyýetçilik ýaşaýşyny emele getirmegidir. Men, ynha, şuňa göz ýetirdim: bu din meňzeşi bolmadyk ýeke-täk din bolup, ýaşaýyş bilen baglanyşykly islendik düzgüni, islendik hadysany özleşdirýär, ýagny işläp bejerip, peýdaly ýagdaýa getirýär, düzedişler bilen kämilleşdirýär. Şeýle hem, Muhammediň (aleýhyssalatu wessalam) dini şeýle bir din welin, bütin dünýäniň halklaryny bir ýere jemläp biler. Şeýle hem, men ynha, şuňa göz ýetirdim we ynandym: Muhammet (aleýhyssalatu wessalam) ynsanlygyň halasgäridir we oňa «Ynsanlygyň halasgäri» diýen ady dakmak ynsanlygyň borjudyr.
Ol ýene-de, ynha, şeýle diýipdir:
«Men Muhammet (aleýhyssalatu wessalam) ýaly biri, ýagny onuň ýasawynda bolan kişi häzirki döwrümizde şu dünýämize baştutanlyk etse, döwrüň kynçylyklarynyň ählisiniň çözgüdini tapjakdygyna, dünýädäki bulam-bujarlyklaryň soňuna çykyp, ählumumy ylalaşygy ýola goýjakdygyna we bagtyýar durmuşy getirjekdigine ynanýaryn. Hawa, şu täze dünýämiziň ählumumy ylalaşyga we bagtly durmuşa nädereje mätäçlik çekýändigini bolsa hemmämizem bilýäris».
«Towhydyň beýik deliliniň» on altynjy mertebesi
Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň beýany
Soňra ýaňky gezende myhman aňyna ýüzlenip şeýle diýdi: «Älemdäki barlyklardan Mäligimi, Halygymy soraglap ýören men dälmi eýsem?! Onda, ilkinji nobatda bu älemdäki iň meşhur barlyk, hatda duşmanlary tarapyndan iň kämil ynsandygy ykrar edilen, iň edermen serkerde, iň ady belli häkim, sözi iň ýörgünli, iň paýhasly we özüniň gözel ahlagy hem-de Kurany bilen on dört asyry nurlandyran Muhammet aleýhyssalatu wessalamy zyýarat etmegim we ýitigimi ondan soramak üçin sagadat asyryna gitmegim gerek» diýdi we akyl atyna atlanyp, sagadat asyryna sary ýola rowana boldy.
Baryp görse bu asyr, hakykatdanam, şol beýik ynsanyň (s.a.w) saýasynda sagadat asyryna öwrülipdir. Sebäbi ol (s.a.w) özüniň getiren nuruny ýaýmak bilen iň bir çarwa, iň bir sowatsyz taýpany sähel salymyň içinde älem-jahana ýolbaşçy, soltan eýläpdir.
Muny gören ýaňky myhman öz akylyna şeýle diýdi: «Biz owaly bilen, adaty bolmadyk bu täsin ynsanyň (s.a.w) kimdigini tanamaly, onuň aýdan her bir sözüniň dogrudygyna, habar beren zatlarynyň çyndygyna göz ýetirmeli. Şondan soňra ondan (s.a.w) Halygymyzy soramaly».
Şeýlelikde, ýaňky myhman gözlege başlady. Onuň tapan sansyz delillerinden, bu ýerde diňe dokuz sanysy gysgaça beýan ediler.
Birinjisi: bu ajaýyp ynsanda (s.a.w), hatda duşmanlarynyň ykrar etmegine görä, bütin gözel häsiýetleriň we sypatlaryň jem bolmagy;
وَ انْشَقَّ الْقَمَرُ[7] ٭ وَمَا رَمَيْتَ اِذْ رَمَيْتَ وَلكِنَّ اللّهَ رَمَى[8]
aýatlarynyň habar berşi ýaly, ýekeje barmagyny uzadyp yşarat edeninde Aýyň ikä bölünmegi; duşmanyň üstüne zyňan bir gysym gumunyň birbada jeminiň gözüne girip, olaryň duw-dagyn bolmagy; suwsuzlykdan ejir çeken goşunyny bäş barmagyndan aby-köwser mysaly akan suw bilen ine-gana doýurmagy ýaly ygtybarly çeşmelere we käbiri-de tewatür[9] habara esaslanýan onuň (s.a.w) diňe eli bilen baglanyşykly ýüzlerçe mugjyzany görkezmek bolýar. Bu mugjyzalaryň üç ýüzden gowragy dogrusynda «On dokuzynjy hatda», ýagny «Mugjyzaty-Ahmediýe (a.s.m)»[10] diýlip atlandyrylýan ajaýyp keramatly eserde özüniň anyk subutnamalary bilen beýan edilýar. Mugjyzalar hakda giňişleýin maglumat bermek wezipesini şol esere goýan jahankeşde şeýle diýdi: «Şunça gözel ahlaga hem-de kämil sypatlara eýe we şeýle köp mugjyza görkezen kişi (a.s.m), elbetde, iň dogry sözli adamdyr. Onuň öz mertebesini kiçeldip, biedepligiň nyşany bolan hilegärlige, ýalançylyga we galplyga ýüz urmagy asla mümkin däl».
Ikinjisi: onuň (s.a.w) elinde älemiň eýesiniň permany bar we bu permany her asyrda üç ýüz milliondan gowrak adam kabul edýär we emirlerine boýun egýär. Şol perman bolan Kurany-Azymuşşan ýedi görnüşli gudrata eýedir. «Risaleýi-Nuruň» güneşi hasaplanýan meşhur «Mugjyzaty-Kuraniýe» diýen bölüminde, ýagny «Ýigrimi bäşinji sözde» Kuranyň kyrk görnüşli mugjyzawy aýratynlyga eýedigi hem-de onuň bu älemiň Halygynyň sözi bolup durýandygy anyk deliller bilen giňişleýin düşündirilýär. Şonuň üçinem bu barada maglumat bermek wezipesini şol esere goýup, biziň myhmanymyz öz-özüne şeýle diýdi: «Şeýle çirksiz hakykat bolan permany ýerine ýetiriji hem wagyz ediji kişiniň (a.s.m) dilinde şol permanyň mazmunyna laýyk gelmeýän ýa-da perman eýesini aldamak bilen deň hasaplanýan ýalan söz asla bolup bilmez, tapylmazam».
Üçünjisi: bu ynsan (s.a.w) şeýlebir şerigat, şeýlebir yslamyýet, şeýlebir gulluk, şeýlebir dileg-doga, şeýlebir teblyg we şeýlebir iman bilen orta çykypdyr welin, bular ýalysy hiç bolmandyr, indem bolmaz. Ähli taraplaýyn kämil bolan şeýle görnüşler hiç kime ýetdirmändir, ýetdirmezem. Hawa, hat-sowatsyz biri (a.s.m) tarapyndan esaslandyrylan bu şerigatyň inçeden yzarlaýan kanunlary bilen on dört asyrdan bäri adamzadyň bäşden bir bölegini adalatlylyk we dürslük talaplaryna laýyk dolandyryp gelmegi henize çenli görlüp-eşidilmedik hadysadyr.
Şeýle-de, okamagy we ýazmagy bilmeýän adamyň (s.a.w) eden işlerinden, sözünden, hal-hereketinden ybarat bolan yslamyýetiň her asyrda üç ýüz million adama hak ýoly görkezmegi, olaryň gorag galasyna öwrülmegi, akyllarynyň mugallymy we mürşidi bolmagy, kalplaryny nurlandyryp päklemegi, nebislerini terbiýeläp, ruhy taýdan kämilleşdirmegi we kämillik çeşmesi bolup hyzmat etmegi henize çenli görlüp-eşidilmedik ýagdaýdyr.
Şeýle-de, dininde bar bolan ybadat görnüşleriniň hemmesinde amal taýdan iň ýokary derejä ýetmegi, takwalykda öňüne adam geçirmezligi, Alla bolan gorkusynyň her kimiňkiden güýçli bolmagy, iň aldym-berdimli söweşiň içindekä-de, agyr kynçylyklary başdan geçirýän wagtynda-da her bir ybadaty bolmalysy ýaly iň inçe aýratynlyklaryna deňiç sypdyrman berjaý etmegi, özi hem hiç kime öýkünmän, sözüň doly manysynda kämil derejede, başlangyç bilen gelejegi birleşdirip, ýagny islendik ybadatynda bütin aýratynlyklary göz öňünde tutup berjaý etmegi hiç misli görülmedik deňsiz-taýsyz hadysadyr.
Şeýle-de, müňlerçe dogadyr mynajatlaryndan biri bolan «Jewşenül-Kebirde» biçak ýokary derejedäki rabbany magrypet bilen Allany wasp edýär welin, özünden soň dünýä inen ylym eýeleriniňdir öwlüýäleriň hiç haýsynyň, hatda ählisiniň ylmyny bir ýere jemläniňde-de, onuň (s.a.w) magrypet ylmyna hem-de Allatagalany wasp ediş derejesine ýetip bilmez. Bu bolsa dileg-doga babatynda-da hiç kimiň onuň mertebesine ýetip bilmejegini görkezýär.
«Mynajat» atly eseriň başynda berlen «Jewşenül-Kebiriň» togsan dokuz bölüminiň ýekejesiniň gysgajyk şerhini üns bilen okan adam «Jewşeniň» deňsiz-taýsyz dileg-doga kitabydygyna anyk göz ýetirer.
Şeýle-de, pygamberdigini yglan edip, adamlary haka çagyran mahaly hiç zatdan gypynç etmän, şeýlebir tutunýerlilik, şeýlebir batyrgaýlyk bilen hereket edipdir welin, uly-uly döwletler we dinler, hatda taýpadaşlarydyr tiredeşleri we agasy ony ganym duşmany saýyp, näçe ýowuz darasalar-da, özüni ýitirmändir, hiç ýaýdanjaňlyk etmändir we hiç kimden sussy basylmandyr. Ýeke özi br ýana, bütin älem bir ýana bolsa-da, yslam dinini tutuş dünýäde dabaralandyrmagy başarypdyr. Bu bolsa teblyg we hak ýola çagyrmak babatynda-da onuň misliniň ýokdugyny we bolmajakdygyny subut edýär.
Şeýle-de, kükreginde äleme nur saçýan şeýlebir beýik, şeýlebir güýçli, şeýlebir mäkäm we şeýlebir çirksiz iman we açyşlar göteripdir welin, şol zamanada hökümüni ýöredýän ynançdyr ygtykatlaryň, pikirdir garaýyşlaryň hem-de pelsepedir ruhy reýisleriň taglymatlarynyň ählisi oňa (s.a.w) garşy çykyp, aýdýanlaryny inkär edenem bolsa, onuň ynanjyny, din-imanyny, ygraryny sähelçe-de gowşadyp, ýüregine hiç hili şübhedir dowul salyp bilmändir. Şeýle-de, ruhy kämillige hem-de ýokary iman mertebesine ulaşanlar (sahabalardan başlap, öwlüýäleriň ählisi) herdaýym onuň (s.a.w) imanyndan hümmet isläpdir, onuň (s.a.w) mertebesini deňsiz-taýsyz hasaplapdyr. Diýmek, iman babatynda-da oňa ýetip biljek ýokdur, bolubam bilmez.
Ynha, biziň jahankeşdämiz şeýle deňsiz-taýsyz şerigatyň, şeýle tapylgysyz yslamyýetiň, şeýle ajaýyp ybadatyň, şeýle kämil dileg-doganyň, şeýle giň gerimli çagyryşyň hem-de şeýle gudratly imanyň eýesiniň asla ýalan sözlemejekdigine, aldamajakdygyna göz ýetirdi. Bu hakykat onuň aňyny kemsiz kanagatlandyrdy.
Dördünjisi: enbiýalaryň (aleýhimussalam) ählisi bilelikde Allatagalanyň bardygyny hem birdigini subut edýän güýçli delil bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde olar bu kişiniň-de (s.a.w) pygamberdigini, onuň haka gulluk edýändigini subut edýän güýçli delildir. Çünki enbiýalaryň (aleýhimussalam) hak pygamberdigini delillendirýän mukaddes sypatlaryň, mugjyzalaryň we wezipeleriň ählisi bu ajaýyp ynsanda (s.a.w) iň aňrybaş derejededir, muňa taryh şaýatdyr. Diýmek, enbiýalar (aleýhimussalam) hem-ä hut sözleri bilen – Töwratyň, Injiliň, Zeburyň we beýleki ylahy sahypalaryň üsti bilen şeýle biriniň (s.a.w) geljegini habar berişleri ýaly,[11] hereketleri bilenem, ýagny pygamber bolmak we mugjyzalary arkaly öz ugurlary boýunça aňrybaş bolan, başgaça aýtsak, pygamberlik wezipesini iň kämil şekilde ýerine ýetiren bu ajaýyp ynsany (s.a.w) ykrar edýarler, onuň öňe süren hak dawasyny tassyklaýarlar we dürs sözli pygamberdiginiň delili bolup durýarlar.
Şeýlelikde, ýaňky jahankeşde bütin enbiýanyň (aleýhimusselam) biragyzdan, sözleri hem-de hal-hereketleri bilen Allanyň birdigini ykrar edişleri ýaly, bu ynsanyňam (s.a.w) hak pygamberdigini ykrar edýändigine göz ýetirdi.
Bäşinjisi: bu ynsanyň (s.a.w) nusgalyk hökmünde goýup giden ýörelgelerine eýermek, ondan görelde almak hem-de onuň ýoluna gol bermek bilen haka, hakykata, kämillige, keramata we ylahy syrlara ulaşan müňlerçe öwlüýädir pirler Allanyň birdigini ykrar edýärler. Edil şonuň ýaly-da, olaryň bary biragyzdan öz halypalarynyň (s.a.w) hak pygamberdigini, onuň (s.a.w) ýolunyň hakdygyny ykrar edýärler.
Şeýle-de, olaryň bu ajaýyp ynsanyň (s.a.w) gaýyp äleminden habar beren hakykatlarynyň käbirini welilik nury bilen; hemmesini bolsa, iman nury bilen ýa aýnelýakyn,[12] ýa ylmelýakyn, ýa bolmasa hakkalýakyn derejesinde görüp, ykrar etmegi öz halypalary bolan bu şahsyýetiň (s.a.w) näderejede hak pygamberdigini we dürs sözlüdigini gündiz Güni gören dek aýdyň görkezýär.
Altynjysy: hat-sowady bolmadyk bu ynsanyň (s.a.w) getiren mukaddes hakykatlaryndan hem-de ynsanlara açyp görkezen deňsiz-taýsyz ylymlaryndan we ylahy magrypetlerinden sapakdyr tälim alyp, ylym ýolunda iň ýokary mertebä çykan millionlarça asfiýalar,[13] syddyklar[14] we ulamalar – bary biragyzdan şol ynsanyň (s.a.w) esasy öňe sürýän hak dawasy bolan «wahdaniýet» düşünjesiniň hakdygyny tassyklap, ony güýçli deliller bilen subut edýärler. Şeýle-de, olar özleriniň beýik mugallymlarynyň we halypalarynyň (s.a.w) hak pygamberdigini, onuň hak sözleýändigini biragyzdan tassyklaýarlar. Elbetde, bu subutnamalaryň ählisi şol beýik ynsanyň (s.a.w) pygamberdigini, onuň ýalan sözlemeýändigini edil gündizlik ýaly, ap-aýdyň edýär. Mysal üçin, «Risaleýi-Nur» özüniň ýüzlerçe bölümi bilen onuň (s.a.w) hak pygamberdigini subut edýän ýekeje delildir.
Ýedinjisi: «A:l»[15] we «Ashab»[16] diýlip atlandyrylýan we pygamberlerden soňra iň parasatly, iň paýhasly, iň zehinli, iň kämil, iň arzyly, iň meşhur, iň dindar we nazary iň ýiti ynsanlar hasaplanýan şahsyýetlerden emele gelen beýik topar örän bilesigelijilik bilen, juda eserdeňlik hem biçak seresaplylyk bilen ol adamyň (s.a.w) gizlin-u-äşgär her bir hal-hereketini seljeripdir, her bir sözüni dykgat bilen diňläp, akyl eleginden geçiripdir, pikirdir garaýyşlaryny saldarlap görüpdir. Şeýle barlagyň netijesinde-de, bu topar şol ynsanyň (s.a.w) dünýädäki iň dogruçyl, iň beýik, iň hakykatçyl, iň wepadar adamdygyny biragyzdan tassyklapdyr. Olaryň bu ykrarnamasy we ynançlary Günüň barlygyny subut edýän gündiz ýaly, onuň dürslüginiň aýdyň subutnamasydyr.
Sekizinjisi: bar edilmek, dolandyrylmak, düzgünleşdirilmek, şekillendirilmek, maksadalaýyk we öňdengörüjilikli gurnalyp, edara edilmek babatda seredeniňde, bu älem göýä bir bina, bir kitap ýa-da sergigäh mysaly özüniň dolandyryjy senetkärinden, kätibinden, nakgaşyndan habar berýär. Edil şonuň ýaly-da, (älemiň) ýaradylmagyndaky ylahy maksady biljek hem-de başgalara bildirjek, bolup geçýän özgermeleriň aňyrsynda ýatan rabbany hikmetleri düşündirjek, barlyklarynyň hereketlerindäki ilgeziklik hakda ders berjek, asyl gadyr-gymmatyny hem-de gursagynda göterýän barlyklarynyň negadar kämillige eýedigini yglan etjek, ägirt uly bu älem kitabynda ýazylan ýazgylary okap, manylaryny düşündirjek ýokary derejeli gözlegçi we hakykaty agtarýan ussat alymyň, dogry sözli mugallymyň bolmagynyň hökmanylygyndan, ikuçsuzlygyndan habar berýär. Diýmek, bu jähetden älem ýokarda sanalan işleri her kimden gowy ýerine ýetirýän ynsanyň (s.a.w) hak pygamberdigini we onuň älemiň Halygynyň iň ýokary wezipeli we iň sadyk emeldarydygyny subut edýän delil bolup durýan eken.
Dokuzynjysy: eger sünnälenip bejerilen we hikmete eýlenen sungat eserleri bilen özüniň ussatlygyny hem-de sungatda kämilligini görkezmek isleýän biri bar bolsa; biçak owadan bezelen tükeniksiz mahluklarynyň üsti bilen özüni tanatmak we söýdürmek isleýän biri bar bolsa; bu tagamly hem-de gymmatbahaly sansyz nygmatlar bilen özüne minnetdarlyk bildirmek, hamd etdirmek isleýän biri bar bolsa; ähli zady we ähli ýeri gurşap alan merhemetli hem-de hemaýatkär terbiýeleýişdir ekläp-saklaýjylyk bilen, ýagny her bir agzy onuň alýan lezzetidir tagamy babatda kanagatlandyryp biljek şekilde taýýarlanylan rabbany desterhandyr zyýapatlar arkaly rububiýetine minnetdarlyk, şüküranalyk we aňrybaş söýgi bilen ybadat etdirmek isleýän biri bar bolsa; pasyllaryň üýtgemegidir gije-gündiziň çalyşmagy we üýtgeşmeleriň bolup durmagy ýaly juda beýik hem-de ägirt uly işlerdir hikmetli ýaradylyş hadysalary bilen özüniň ylahlygyny görkezip, özüne iman getirilmegini, boýun egilmegini, buýruklaryna eýerilmegini we etagat edilmegini isleýän biri bar bolsa; ýagşylygy we ýagşylyk edýänleri ýalkamak, ýamanlyga we ýamanlyk edýänlere temmi bermek, şeýle-de, asmandan apat indirmek bilen zalymlardyr ýalançylary ýok etmek babatda seredeniňde, özüniň adalatyny hem yzzatyny görkezmek isleýän biri bar bolsa, şol göze görünmeýän beýik Biribaryň iň söýgüli barlygy, iň ynamdar bendesi, ýokarda sanalyp geçilen maksatlara doly hyzmat eden, älemiň ýaradylyş syryny çözen, açan, hemişe Halygynyň ady bilen hereket eden, diňe Ondan medet islän, üstünligi diňe Ondan dilän, Onuň iň wepaly hyzmatkäri, Onuň hemaýatydyr goldawyna miýesser bolan «Muhammedi kuraýşy» diýip atlandyrylýan ajaýyp ynsan (s.a.w) hem bolaýmalydyr.
Şunlukda, biziň myhmanymyz öz aňyna ýüzlenip şeýle diýdi: «Ýokarda agzalan dokuz hakykat şol ynsanyň (s.a.w) ýalan sözlemeýändigini subut edýär. Diýmek, ol (s.a.w) adamzadyň mertebesiniň beýgelmeginiň sebäpkäri, bu älemiň buýsanjy eken. Şonuň üçinem ol «Älemiň göz-guwanjy», «Ynsanlygyň buýsanjy» diýilmäge juda mynasypdyr. Onuň (s.a.w) elindäki rahmany perman bolan mugjyzana beýan ediji Kuranyň ruhy soltanlygynyň Ýer ýüzüniň ýarysyna agalyk etmegi, şeýle-de Onuň (s.a.w) kämil nusgalyk ahlak sypatlara eýe bolmagy bu älemde iň ähmiýetli ynsanyň şoldugyny, Halygymyz hakda aýdylan iň gymmatly sözüň oňa (s.a.w) degişlidigini görkezýär.
Ynha, gel gör! Bu ajaýyp ynsanyň (s.a.w) alyp baran göreşiniň düýp özeni, ömrüniň manysy gizlin-u-äşgär ýüzlerçe mugjyzalaryna hem-de Yslamyň müňlerçe beýik hakykatlaryna esaslanmak bilen, Wajybul-Wujudyň[17] bardygyny, birdigini, sypatlaryny we atlaryny öz delilleri bilen bildirmek, olara şaýatlyk etmek, bütin äleme jar etmek bolupdyr. Diýmek, bu älemiň ruhy Kuýaşyna deňelýän we «Habibullah» diýilýän bu kişi (s.a.w) Halygymyzyň iň aýdyň delili eken. Muny ykrar edýän we tassyklaýan hiç aldanmaýan we aldamaýan üç jemagat bar.
Birinjisi: «Gaýybyň perdesi syrylsa, ynanjym zyýat bolmaz» diýen Ymam Aly (r.a.); Ýerden arşy-agzama hem-de Ysrafylyň haýbatly keşbine nazar kylan Gawsy Agzam (k.s.) ýaly gaýyp älemini görüp bilen ýiti gözli müňlerçe aktabdyr[18] beýik pirler we «A:li Muhammet»[19] ady bilen älem-jahanda meşhurlyk gazanan nurana şahsyýetlerden ybarat jemagatyň jeminiň ykrary;
Ikinjisi: jemgyýetçilik hem syýasy pikir-garaýyşlardan bütinleý üzňe ýerde ýaşaýan sowatsyz sähraýy taýpalardan dörän, kitapsyz döwrüň, fetret[20] asyrynyň tümlüginden çykan, sähel salymda iň medeni, iň sowatly, jemgyýetçilik hem-de syýasy gatnaşyklar babatynda iň ösen halklaryň we döwletleriň halypasy, ýol görkezijisi, diplomaty we adalatly häkimi bolmak derejesine ýeten, jahanyň magryp-maşryk aralygyna agalyk eden, «Sahaba» ady bilen älemde meşhurlyk gazanan beýik şahsyýetler şirin jandan, dünýä baýlygyndan, ene-atadan we dogan-garyndaşdan geçmek derejesindäki güýçli imanlarynyň ykrary;
Üçünjisi: her asyrda müňlerçesi döräp, hersi bir ylymda ussatlyk derejesine ýeten we dürli kärlerde zähmet çekýän mümin alymlar toparynyň biri-birini tassyklaýjy, takyklygy ylmelýakyn derejesindäki subutnamalarynyň ykrary.
Diýmek, bu ynsanyň (s.a.w) wahdaniýet düşünjesini subut edip getirýän delilleri dar çäkde gysylyp galman, umumy hem-de juda giň çägi öz içine alýar welin, şeýtanlaryň bary jemlenip, hüjüm edende-de hiç hili şübhe döredip bilmeýär.
Ynha, Sagadat asyryna hyýaly syýahat edýän bu dünýä myhmanynyň, durmuş ýolagçysynyň şol nurana medreseden alan dersini gysgaça beýan etmek maksady bilen birinji mertebäniň on altynjy basgançagynda:
لاَ اِلهَ اِلاَّ اللّهُ الْوَاجِبُ الْوُجُودِ اَلْوَاحِدُ اْلاَحَدُ الَّذِى دَلَّ عَلَى وُجُوبِوُجُودِهِ فِى وَحْدَتِهِ فَخْرُ الْعَالَمِ وَشَرَفُ نَوْعِ بَنِى آدَمَ بِعَظَمَةِ سَلْطَنَةِ قُرْآنِهِ وَ حَشْمَةِ وُسْعَةِ دِينِهِ وَ كَثْرَةِ كَمَالاَتِهِ وَ عُلْوِيَّةِ اَخْلاَقِهِ حَتَّى بِتَصْدِيقِ اَعْدَائِهِ وَ كَذَا شَهِدَ وَ بَرْهَنَ بِقُوَّةِ مِآتِ مُعْجِزَاتِهِ الظَّاهِرَةِ الْبَاهِرَةِ الْمُصَدِّقَةِ الْمُصَدَّقَةِ وَ بِقُوَّةِ آلاَفِ حَقَائِقِ دِينِهِ السَّاطِعَةِ الْقَاطِعَةِ بِاِجْمَاعِ آلِهِ ذَوِى اْلاَنْوَارِ وَ بِاِتِّفَاقِ اَصْحَابِهِ ذَوِى اْلاَبْصَارِ وَ بِتَوَافُقِ مُحَقِّقِى اُمَّتِهِ ذَوِى الْبَرَاهِينِ وَ الْبَصَائِرِ النَّوَّارَةِ diýlipdir.
Said Nursi
[1] Uluhyýet – Ylahlyk. Haktagalanyň ybadat we etagat edilmäge laýyk ýeke-täk barlyk bolmagy.
[2] Ha:kimi-Haki:m – Her bir zady tükeniksiz hikmetlere, maksatlara, peýdalara görä hökümini ýöredýän adalatly hökmüdar Alla (j.j).
[3] Kaby-Kawseýn – 1) iki ýaýyň uzynlygy. 2) «Imkan» bilen «wujub» aralygynda ýerleşen bir ýer. Muhammet aleýhyssalatu wessalamyň magraja galmagy bilen ýaradylan älemiň çäginden çykyp, baryp ýeten iň soňky mertebesi. Beýik Ýaradan bilen ýüzbe-ýüz bolmak bagtynyň miýesser bolan nokady.
[4] Maşaalla – «Allanyň isleýşi ýaly, Alla nähili oňat ýaradypdyr» diýmegi aňladýar.
[5] Sebäp bolan şol işi eden ýaldyr.
[6] Sidretul-Munteha – Zaman we mekan bilen çäklenýän madda dünýäsiniň soň serhedi, älemiň we ýaradylan barlyklar dünýäsiniň çägi. Gögüň ýedinji gatyndadygy aýdylýan we pygamberimiz aleýhyssalatu wessalamyň baryp ýeten mertebesi.
[7] «Aý (ikä) bölündi». («Kamar» süresi, 54/1).
[8] «(Eý, Muhammet! Topragy zyňan mahalyň) sen zyňmadyň, ony Alla zyňdy». («Enfal» süresi, 8/17).
[9] Tewatür – Bir şahs tarapyndan däl-de, dini we ylmy taýdan ýokary düşünjesi bolan jemagat tarapyndan aýdylan, olaryň hem her biriniň aýdany beýleki biriniň aýdany bilen gabat gelip, ygtybarlylyk derejesi güýçlenen, içinde hiç hili ýalan ähtimaly bolmadyk dos-dogry habar.
[10]«Mugjyzaty-Ahmediýe» – Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň mugjyzalary. «Risaleýi-Nur» eserler ýygyndysynyň «Hatlar» diýen kitabynyň «On dokuzynjy hat» diýen bölümi.
[11] «On dokuzynjy hatda» mukaddes kitaplarda geçýän şol buşluk habarlarynyň ýigrimiden gowragy, ýagny has äşgär görünýänleri beýan edilýär.
[12] Aýnelýakyn – Hakykata göz bilen gören ýaly ýa-da hut görmek bilen göz ýetirmek. Meselem, uzakda görünýän tüsseden çen tutup, şol ýerde oduň ýanyp durandygyny bilmek ylmelýakyn bilmek bolýar. Oda ýakyn baryp, ony hut gözümiz bilen görmek aýnelýakyn bilmek bolýar. Oda hasam ýakyn baryp, bütin duýgularymyz bilen onuň ýakyjy we beýleki häsiýetlerini bilmek hakkalýakyn bilmek bolýar.
[13] Asfiýa – Ynanjynda, ahlagynda, özüni alyp baryşynda, ylym we düşünje babatynda pygamberimize doly eýerip, ýokary derejeleri ýeten ylym sahyplary.
[14] Syddyklar – Hakykaty gözleýänleriň syddyk derejesindäkileri. Alla (j.j) wepadarlykda iň öňde bolanlar.
[15] A:l – Pygamberimiziň (aleýhyssalatu wessalam) şejeresinden bolan kişiler.
[16] Ashab – Sahabalar.
[17] Wajibul-Wujud – Barlygy hökmany bolan, ýoklugy mümkin bolmadyk Alla (j.j).
[18] Aktab – Belli bir ýeriň ýa-da ülkäniň welileriniň başy bolan iň uly weli.
[19] A:li-Muhammet – Muhammet aleýhyssalau wessalamyň neslinden gelenler.
[20] Fetret asyry – Iki pygamberiň arasyndaky pygamber gelmedik döwür.