Altynjy esas
Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň hal-hereketi, sypatlary dogrusynda siýer[1] we taryh kitaplarynda beýan edilipdir. Ýöne şol kitaplarda beýan edilenleriň aglabasy onuň ynsanlyk jäheti bilen baglanyşyklydyr. Emma bu mübärek şahsyýetiň çensiz belent, nurana ruhy şahsyýeti, mukaddes ýasawynyň bardygyny unutmalyň. Ine, siýer we taryh kitaplarynda aýdylanlar onuň şol taýsyz kamatyny doly açyp görkezmeýär, gymmatyna muwapyk düşmeýär. Muny ynha, şeýle düşündireliň:
اَلسَّبَبُ كَالْفَاعِلِ[2]
kadasyna laýyklykda, ymmatynyň her günki, hatda edil şu wagtky edýän ybadaty lükgeligi bilen pygamberimiziň amal sahypasyna ýazylyp dur. Şeýle hem, ol çensiz ukyplaryň saýasynda ylahy rahmetiň bihasap görnüşine miýesser bolupdyr. Galyberse-de, ymmaty oňa gün sypdyrman ýagşy dileg edip dur.
Ine, älemiň netijesi, iň datly miwesi, Halyky-Älemiň dilmajy, habyby bolan şeýle mübärek Şahsyýetiň aslyýeti, kämil hakykaty siýer we taryhy eserlerde beýan edilýän ynsana mahsus adaty haly-hereketleri bilen düşündirerden kän-kän belentdir. Bedr söweşinde hezreti Jebraýyldyr Mikaýyl ýaly iki goraýjysy bolan mübärek Şahsyýeti bazarda çarwa arap bilen at söwdasyny eden wagty dawalaşan, sözüniň mamladygyny subut etmek üçin bolsa Huzeýme ýaly sahabany şaýat görkezen kişiniň (s.a.w) hal-hereketinden gözlemek bolmaz.
Ine, bu meselede säwlik goýbermejek bolmaly. Şonuň üçin onuň (s.a.w) ynsana mahsus adaty hal-hereketleri barada nähilidir bir gürrüň gulagymyza degen wagty, başymyzy galdyryp, onuň (s.a.w) aslyna, belent pygamberlik mertebesinden gaýdýan nurana ruhy şahsyýetine garamak gerek. Ýogsam, adam nähilidir bir hormatsyzlyk ýa-da müňkürlik etmegi mümkin. Sözüm düşnükli bolar ýaly şu tymsaly getireýin:
Ine, hurma şänigi. Ony ekdik. Ol gögerip çykdy we miweli agaja öwrüldi. Dura-bara şaha ýaýradyp, ulalmak bilen boldy.
Ýene bir mysal. Ine-de, tawus guşunyň ýumurtgasy. Bu ýumurtga gerekli ýylylyk berlip, ondan jüýje çykdy. Ýaňky jüýje nepis, gudrat bolup dörän owadan tawus guşa öwrüldi. Ulaldy. Ulaldygyça gözelleşdi.
Şu şänik bilen ýumurtganyň özüne mahsus sypatlary, hüý-häsiýeti bar. Olar bir dürli ahwalaty başdan geçirýär. Aslynda bularyň içi çaklaňja maddalardan durýar. Ýöne şänik bilen ýumurtganyň sada gurluşyndan, keşbinden olardan dörän agaç bilen guşuň daşky görnüşi has uly, has kaşaň, has howalaly.
Şänikdir ýumurtganyň, agaçdyr guşuň sypat aýratynlyklary hakda söz açanymyzda, şuny unutmalyň: şänikden başymyzy galdyryp, äpät agaja seredeliň. Edil şonuň ýaly-da, ýumurtgadan gözümizi aýryp, owadan guşa garalyň. Olary üns bilen synlalyň. Ana şonda siziň haýsy sypat, haýsy ahwalat hakda gürrüň edýändigiňiz düşnükli bolar. Ýogsam, seni diňleýän kişi «Şu dynnym ýaly şänikden müň batman hurma çykdy», «Ine, şu ýumurtga guşlaryň soltanydyr» diýägedin, dogryny inkär eder, hakykaty ýalana çykarar.
Edil şonuň ýaly-da, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň ynsanlygy şänik we ýumurtga mysalydyr. Pygamberligi bilen ýüze çykan taýsyz ahwallary, asyl ýasawy bolsa, jennetdäki Tugba agajyna, Humaý guşuna meňzeýändir. Bu jähetden ol (s.a.w) mydama ösüşdedir, kämilleşmek bilendir. Şonuň üçin, kimde-kim bazarda bir çarwa bilen çekeleşýän şahsyýet (s.a.w) hakda pikir edýän wagty, onuň (s.a.w) Refrefe münüp, Jebraýyly yzda galdyryp, Kaby-Kawseýne aralaşan nurana Şahsyýetini (s.a.w) hyýalynda janlandyrmalydyr. Ýogsam, nähilidir bir hormatsyzlyk etmegi ýa-da betpygyl nebsine aldanyp, göwnüne güman gelmegi mümkin!
Bäşinji bellik
Gaýypdan habar berýän birnäçe hadysyň beýany
Bu sahyh hadys mutewatür ýollar arkaly gelip ýetipdir. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam bir gezek münberde sahabalara ýüzlenip şeýle diýipdir:
اِبْنِى حَسَنٌ هذَا سَيِّدٌ سَيُصْلِحُ اللّهُ بِهِ بَيْنَ فِئَتَيْنِ عَظِيمَتَيْنِ[3]
Aýdylyşy ýaly hem, kyrk ýyl soň hezreti Hasan (r.a) hezreti Muawiýe (r.a) bilen ylalaşygy ýola goýýar we iki uly musulman goşuny söweşiň bäri ýanyndan gaýdýar. Şeýlelikde onuň belent mertebeli atasynyň gaýby mugjyzasy ýene bir ýola ykrar bolýar.
Ikinjisi. Bu hadys hem sahyh ýollar bilen gelipdir. Muhammet alýhyssallatu wessalam hezreti Ala (r.a):
سَتُقَاتِلُ النَّاكِثِينَ وَالْقَاسِطِينَ وَالْمَارِقِينَ[4]
diýmek bilen Jemel, Syffyn, Hawariç ýaly wakalaryň boljagyny öňünden habar beripdir.
1) Bir gezek hezreti Aly (r.a) hezreti Zübeýir (r.a) özara degişme gürrüňler edip gülşüp otyrkalar Muhammet aleýhyssalatu wessalam (Hezreti Zübeýiri görkezip): «Bu saňa garşy nähak ýere söweşer»[5] diýipdir.
2) Muhammet aleýhyssalatu wessalam öz aýallaryna şeýle diýipdir: «Siziň araňyzdan biri uly pitnä baştutanlyk eder, onuň töweregindäkileriň köpüsi öldüriler. وَتَنْبَحُ عَلَيْهَا كِلاَبُ الْحَوْئَبِ[6]».
Otuz ýyl soňra şu sahyh hadyslarda habar berilýän wakalaryň hemmesibolýar. Hezreti Alynyň Jemel söweşinde hezreti Äşädir Zübeýr weTalha dagylar bilen söweşmegi, Syffynda Muawiýä, Harewrada we Nehruwanda bolsa Hawarije garşy söweş alyp barmagy, bular onuň belent mertebeli atasynyň gaýpdan beren habarlarynyň tassyk bolandygyny görkezýändir.
3) Pygamberimiz aleýhyssalatu wessalam hezreti Ala «Bir adam seniň sakalyňy öz başyň gany bilen ezer» diýip, janyna kast ediljegini bildiripdir. Hezreti Aly (r.a) ol adamy tanaýan ekeni. Ol Abdurrahman ibni Muljemul-Harijidir.[7]
4) Muhammet aleýhyssalatu wessalam Zussedýe diýen adamyň bir geň alamatyny suratlandyrmak bilen harijiler diýen toparyň dörejegini öňünden habar beripdir. Dogrudanam, harijiler bilen bolan söweşde şol adamyň jesedi tapylypdyr. Şonda Hezreti Aly (r.a) pygamber mugjyzasynyň tassyk bolandygyny beýan edipdir we munuň bilen özüniň dogry ýoldadygyny delillendiripdir.[8]
5) Ümmi Seleme ýaly birnäçe ygtybarly hadys rawylaryna görä, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam hezretiHüseýiniň Tafda, ýagny Kerbelada öldüriljegini[9] habar beripdir. Aýdyşy ýaly hem, elli ýyldan soňra şol ýürek paralaýjy waka bolup geçýär. Şeýdip, pygamber aleýhyssalatu wessalamyň bu gaýyby habary hem dogry çykypdyr.
6) Muhammet aleýhyssalatu wessalam: «Menden soňra A:li-Beýtim ölüme, bela, sürgüne duçar bolar يَلْقَوْنَ قَتْلاً وَ تَشْرِيدًا »[10] diýip ençeme ýola habar bermek bilen, A:li-beýtiniň başyna nähili kynçylyklaryň geljegiini azda-kände beýan edipdir. Aýdyşy ýaly hem bolupdyr.
Şu ýerde möhüm bir sowal ýüze çykýar:
Hezreti Alynyň (r.a) halyf bolmaga ukyby bardy. Özi hem Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň ýakynydy. Batyrlykda, ylymda onuň öňüne geçjek ýokdy. Muňa garamazdan, ol näme üçin ilki bolup halyf saýlanmady?
Jogaby. A:li-Beýtden bolan bir kutby-agzam[11] bu mesele barada şeýle diýipdir: «Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam hem hezreti Alynyň (r.a) halyf bolmagyny isläpdir. Emma oňa (s.a.w) Biribaryň başga maksadynyň bardygy bildirilipdir. «Haktagalanyň islegi başga» diýlipdir. Ol (s.a.w) hem öz isleginden el çekipdir. Ýaradanyň islegine tabyn bolupdyr».
Haktagalanyň şol isleginiň hikmetlerinden birisi şu bolsa gerek:
Pygamberimiziň (s.a.w) dünýeden öten pillesi sahabalaryň arasynda jebisligi, agzybirligi saklamak zerurdy. Eger-de turuwbaşdan hezreti Aly (r.a) başa geçen bolsady, onuň gönümelligi, ýüz görmezligi, erjelligi, terkidünýäligi, dokmädeligi, batyrlygy ýaly meşhur häsiýetleri birentek şahsyýetleriň hem-de kowumlaryň göriplik etmegine alyp barjakdy. Munuň netijesinde agzalalyk, bölünişik dörejekdi. Muny onuň halyf bolan döwründe ýüze çykan hadysalaram görkezýär.
Hezreti Alynyň (r.a) halyflygynyň yza süýşürilmeginiň ýene bir hikmeti şudur:
Kowumlaryň biri-birine garylyp-gatyşmagy netijesinde, pygamber aleýhyssalatu wessalamyň habar beren ýetmiş üç topary dörejekdi. Ana, şol kowumlaryň arasynda pitne-pisat, her hili pajygaly hadysalar bolup geçjekdi. Şol döwürde kynçylyklara döş gerip durup biljek Ha:şimi kowmundan, A:li-beýtden hezreti Aly (r.a) ýaly batyr, paýhasly, kuwwatly, hormatlanýan birisi gerekdi. Şeýle hem bolupdy. Ýagny Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam oňa: «Men Kuranyň aýatlarynyň tenzili (Hudaý tarapyn indirilen bolmagy) üçin söweşdim. Sen bolsa tewili (aýatlaryň manysynyň dogry düşündirilmegi) üçin söweşersiň»[12] diýipdi. Diýşi ýaly hem bolupdy.
Şeýle hem, hezreti Aly (r.a) bolmasa, dünýäniň soltany bolmak isleýän emewi häkimleriniň bütinleý ýoldan çykmagy mümkindi. Garşysynda hezreti Alyny (r.a), A:li-Beýti gören emewi kethudalary mertebede olara deňleşmek, musulmanlaryň öňünde abraýyny saklamak üçin özleri islemese-de, öwüt-ündewler, nesihatlar arkaly golastyndakylarynyň, ýaranlarynyň, tarapdarlarynyň arasynda Kuranyň hökümleriniň, yslamyň kada-kanunlarynyň, imanyň hakykatlarynyň berk ornaşmagy, ýaýramagy ugrunda jan aýaman zähmet çekdiler. Ýüz müňlerçe müçtehidleriň, görnükli hadysçy alymlaryň, welileriň we asfiýalaryň ýetişmegine sebäp boldular. Eger garşylarynda welizada, dindar, kämillige eren A:li-Beýt bolmasady, abbasylaryň we emewileriň soňky döwürlerinde bolşy ýaly, olaryň hem turuwbaşdan çygyrdan çykyp gitmekleri mümkindi.
Sowal. Yslam halyflygy näme üçin A:li-Beýt bilen dowam etdirilmedi? Hakyna seredilende, halyflyga olar has laýykdy.
Jogaby. Dünýä soltanlygy aldawçydyr. A:li-Beýte bolsa yslamyň kada-kanunlaryny, hakykatlaryny, Kuranyň hökümlerini goramak wezipesi berlipdi. Halyf ýa-da soltan bolan kişi pygamber ýaly günä iş etmeýän ýa-da dört çaryýar, ýa bolmasa Omar Ibni Abdilaziz Emewi, Abbasy Mehdi ýaly ötegçi dünýä jinnek ýaly hem meýil etmeýän hudaýhon, zühd kişi bolmaly. Diňe şeýle kişi dünýäniň alyna düşmän biler. Meselem, Müsürde A:li-Beýt ady bilen dörän Fatimiler döwletiniň halyflygy, Afrikada Muwahhidin hökümeti, Eýranda Safewi döwleti dünýä soltanlygynyň A:li-Beýte ýokmaýandygyny görkezdi. Soltanlyk olara dini goramak, yslama hyzmat etmek ýaly asyl wezipesini unutdyrdy. Emma soltanlykdan ýüz öwrenlerinde welin, Yslamyýetiň, Kuranyň hyzmatyna berildiler.
Muňa mysal edip, hezreti Hasanyň neslinden dörän aktaplary,[13] hususan, aktaby-erbaany,[14] hususan, Gawsy-Agzam – Şeýh Abdülkadyr Geýlanyny, şeýle hem hezreti Hüseýniň neslinden gaýdýan ymamlary, hususan, Zeýnelabidini, Jafer Sadyky görkezmek bolýar. Olar mehdi deýin zuluma, zulmata garşy söweş alyp bardylar. Kuranyň, imanyň nurly hakykatlaryny çar ýana ýaýdylar. Şany belent pederleriniň (s.a.w) hakyky mirasdarydyklaryny görkezdiler.
Sowal. Sagadatlyk asyrynda mübärek yslam äleminiň başyndan inen elhenç ganly pitnäniň aňyrsynda ýatan hikmet näme? Onuň rahmet bolup biljek tarapy nämeden ybaratka? Çünki olar beýle agyr zarba laýyk däldiler ahyry!
Jogaby. Ýaz paslynda güýçli apy-tupan turýandyr. Bu ösümlikleriň, tohumlaryň, agaçlaryň bähbidinedir, olardaky ukyplaryň ýüze çykmagy üçindir. Has açyk aýtmaly bolsa, şondan soňra tohumlar gögermäge, agaçlar güllemäge başlaýandyr, şol barlyklar ýasawlaryna mahsus wezipelerini berjaý etmäge durýandyr. Edil şonuň ýaly-da, sahabalaryň we tabygynyň başyndan apy-tupan bolup inen şol pitnelerem tohum hökmündäki ukyplaryň agaç ýaly boý almagyna getirdi. Şondan soňra «Yslamyýet howp astynda. Ýangyn çykjak bolýar!» sesleri eşidilmäge başlady. Her kim gorkdy. Ýerli-ýerden yslamyýetiň goragyna çykdylar. Her kim ukyp-başarnygyna görä Yslamyň bir wezipesine eýe çykdy. Edilmeli iş bolsa gaty kän. Şunlukda, ymmat çynlakaý işe girişdi. Birisi hadys ylmy bilen, ýene birisi şerigat kanunlary bilen meşgul boldy. Başga birisi bolsa iman hakykatlaryny goramagy boýnunyň borjy bildi. Käbiri bolsa Kurany ilik-düwme öwrenmäge başlady we ş.m. garaz her kim bir işiň başyna geçdi, yslam üçin tagalla bary edildi. Dürli görnüşdäki, dürli reňkdäki güller mysaly ylym nahallary gögerip çykdy. Bu apy-tupanyň saýasynda Yslam äleminiň çar tarapyna tohumlar sepildi, seçildi. Ýeriň ýarysy gülüstanlyga öwrüldi. Ýöne gynansagam, şol gülüstanlygyň arasynda tiken hökmündäki bidgat guruhlary hem döredi.
Ylahy gudrat şol asyry şeýle bir gazap bilen çaýkady, şeýle bir zabun darady welin, janypkeş ärler gaýrata geliberdi. Merkezden töwerege ýaýylýan energiýa mysaly, şol gaýratyň netijesinde müçtehid, hadysçy, hafyz, asfiýa, kutup «energiýalary» döräp, Yslam äleminiň çar künjüne ýaýrap gidiberdi. Çar tarapa hijret edildi. Gündogardan Günbatara deňiç bütin ymmat tijege gelip, ylma bolan yşk döredi. Ylahy Kuran hazynasyndan peýdalanylmaga başlandy.
Meselämize dolanyp gelsek, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň gaýypdan habar beren we aýdyşy-aýdyşy ýaly amala aşan hadysalaryň sany müňlerçedir, hatda ondanam köpdür. Biz şolaryň sanlyja bölegi hakda gysgadan umumy görnüşde aýdyp geçeris.
Buhary, Müslim, galyberse, iň ygtybarly hadys kitaplary hasaplanýan meşhur «Kutubu-Sittäniň» ýazarlary beýan etmekçi bolýan hadyslarymyzyň aglabasy dogrusynda pikirdeşdir. Olaryň birentegi magnawy mütewatir mertebesindäki hadyslardyr. Birentegi-de, alymlaryň ygtybarly diýip bellemeklerine görä, mütewatür ýaly anyk habarlardyr.
Anyk ýollar bilen gelip ýeten sahyh hadysa görä, Resuly-Ekrem (s.a.w) sahabalaryna ynha, şuny habar beripdir: «Siz bütin duşmanlaryňyzdan üstün çykarsyňyz. Siz Mäkgäni, Haýberi, Şamy, Yragy, Eýrany, Beýtül-Makdisi eýelärsiňiz. Şeýle hem, siz zamanasynyň iň beýik döwletleri bolan Eýran we Rum patyşalarynyň hazynlaryny araňyzda paýlaşarsyňyz».[15] Ol bu zatlary habar beren wagty «Ähtimal şeýle bolar» ýa-da «Şeýle bolarmykan diýýärin» diýmändir. Eýsem, şol wakalary görýän deýin habar beripdir. Habar berşi ýaly hem dogry çykypdyr. Aslynda bu zatlar habar berlen wagty sahabalaryň hijret etmäge mejbur bolup ýören pilleleridi. Olaryň sany gaty azdy. Medinäniň töweregi, hatda bütin dünýä olara duşmandy.
Anyk ýollar bilen gelip ýeten sahyh hadysa görä, Allanyň resuly (aleýhyssalatu wessalam) kän gezekler şeýle diýip aýdypdyr:
عَلَيْكُمْ بِسِيرَةِ الَّذَيْنِ مِنْ بَعْدِى اَبِى بَكْرٍ وَ عُمَرَ[16]
ýagny Ebu Bekir bilen Omaryň özünden uzak ýaşajakdygyny, olaryň halyf boljakdygyny, öz wezipelerini kemsiz berjaý etjekdiklerini, olaryň ikisiniňem Allatagalanyň we pygamberiň görkezen ýolunda ýörejekdiklerini habar beripdir. Ebu Bekiriň az, Omaryň bolsa köp wagtlap halyf boljagyny we örän köp ýeňişler gazanjagyny bildiripdir.[17]
Şeýle hem,زُوِيَتْ لِىَ اْلاَرْضُ فَاُرِيتُ مَشَارِقَهَا وَمَغَارِبَهَا وَسَيَبْلُغُ مُلْكُ اُمَّتِى مَا زُوِىَ لِى مِنْهَا[18]
diýipdir. Ýagny «Gündogardan Günbatara deňiç bar ýer meniň ymmatymyň agalygynda bolar. Munuň ýaly mülke hergiz hiç bir ymmat eýe bolan däldir» diýipdir. Habar berşi ýaly hem bolýar.
Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen ýetip gelen sahyh hadysa görä, Bedr söweşiniň öňüsyrasy, Pygamberimiz (asm), ine, şeýle diýipdir:
هذَا مَصْرَعُ اَبِى جَهْلٍ، هذَا مَصْرَعُ عُتْبَةَ، هذَا مَصْرَعُ اُمَيَّةَ، هذَا مَصْرَعُ فُلاَنٍ وَ فُلاَنٍ[19]
ýagny küreýşiň müşrik[20] kethudalarynyň nirede öldüriljegini birin-birin görkezipdir. «Men öz elim bilen Übeýý Ibni Halefi öldürerin»[21] diýipdir. Habar berşi ýaly hem bolupdyr.
[1] Siýer – Hezreti pygamberimiziň (aleýhyssalatu wessalam) ömür beýany hakynda ýazylan kitap.
[2] «Bir işiň edilmegine sebäp bolan şol işi eden ýalydyr».
[3] «Bu meniň agtygym Hasan (ol) baştutan bolar. Alla onuň üsti bilen iki uly goşuny ylalaşdyrar». (Buhary, «Sulh» 244; «Alametun-Nubüwwe», 249).
[4] «Sen ähtinden dänen zalymlar we dinden çykan kimseler bilen söweşersiň» (Heýsemi, «Mejmuaz-zewaid» 7/138; Beýhaki,«Delailin-nübüwwe» 6/414)
[5] Hakim, «Müstedrek» 3/366-367; Heýsemi, «Mejmuaz-zewaid», 7/235; Beýhaki, «Delailin-nübüwwe» 6/412.
[6] «Hawebiň itleri onuň üstüne üýrüşer». Hakim, «Müstedrek» 3/120; «Jemiul-Fewaid» 2/719; «Silsiletül-Ehadisi-Sahiha» №475.
[7] Hakim, «Müstedrek» 3/113, 141; «Jamius-Sagyr», hadys № 2586; Heýsemi, «Mejmuaz-zewaid»,9/138.
[8]Buhary, 3/243; Müslim, 2/744, 745; Beýhaki, 6/426.
[9] Müsned, 1/85, 3/256; Jamius-Sagyr, hadys №211; Heýsemi, «Mejmuaz-zewaid», 9/187.
[10] Hakim, «Mustedrek» 4/116, Ramuzul-Ehadis, s. 135; Ajluni, «Kenzul-Ummal» 14/267.
[11] Kutby-agzam – zamanasynyň iň uly welisi.
[12] Ajluni, «Kenzul-Ummal», hadys: 32968; Tirmizi, hadys: 3715, 5:635; Heýsemi, «Mejmauz-Zewaid», 6:244.
[13] Aktablar – Beýik weliler.
[14] Aktaby-erbaa – dört uly kutup, dört beýik weli (Abdulkadyr Geýlany, Seýit Ahmedi-Bedewi, Seýit Ahmedi Rufaýy, Seýit Ibrahimi-Dessuki).
[15] Şu ýeri birnäçe sany hadysdan jemlenipdir: Sahihi-Ibni-Hibban, 8/241, 243; «Şerhüs-Siýeril-Kebir», Imam-Muhammed, 1/46; «Miflkatül-Mesabih, hadys: 3747; «Sahihi- Buhary», 4253; «Sahihi-Müslim», 4/2236, 2237; «Fethul-Kebir», 1/162, 452.
[16] «Menden soňra Ebu Bekire we Omara tabyn boluň!» Müsned, 5/382, 385, 399, 402; Tirmizi, «Menakib» 16, 37; Ibni Maje, «Mukaddime» 11;« Tuhfetül-Ahwezi» 10/147.
[17] Tirmizi, hadys № 3662; Hakim, «Müstedrek» 3/75, «Jemiul-Fewaid» 2/498.
[18] «Zemin meniň için düýrlenip goýuldy. Maňa Gündogardan Günbatara çenli aralyk görkezildi. Ymmatymyň häkimiýeti maňa görkezilen şol aralyga deňiç baryp ýeter». Müsned, 5/278; Müslim, 4/2215, 8/171, Ibni Maje, hadys № 3952.
[19] «Ine, şu ýerde Ebu Jehil, şu taýda Utbe, şu ýerde Ümeýýe öldüriler, şu ýerde bolsa pylan kişi, bu ýerde-de pylany öldüriler». (Kady Yýaz, «Şyfa», 1/343; «Sahihi-Müslim» 4/2203).
[20] Müşrik – Alla şirk goşýan.
[21] Hakim, «Müstedrek» 2/327.