Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen gelip ýeten sahyh hadysa görä, Medine bilen arasy bir aýlyk ýol bolan Damaskyň Mute diýilýän ýerinde bolup geçen söweşi edil görüp duran ýaly, jikme-jik gürrüň beripdir:
اَخَذَ الرَّايَةَ زَيْدٌ فَاُصِيبَ، ثُمَّ اَخَذَهَا اِبْنُ رَوَاحَةَ فَاُصِيبَ، ثُمَّ اَخَذَهَا جَعْفَرُ فَاُصِيبَ، ثُمَّ اَخَذَهَا سَيْفٌ مِنْ سُيُوفِ اللّهِ[1]
Şondan iküç hepde geçenden soňra Ýala Ibni Münebbih söweş meýdanyndan gaýdyp gelýär. Heniz ol söze başlamanka, Muhbiri-Sadyk aleýhyssalatu wessalamyň özi söweş barasynda giňişleýin maglumat berýär. Ýala Ibni Münebbih: «Walla, hut diýşiň ýaly boldy»[2] diýip, onuň aýdýanlarynyň dogrudygyny tassyklaýar.
Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen gelip ýeten sahyh hadysa görä, Pygamberimiz (asm) şeýle diýipdir:
اِنَّ الْخِلاَفَةَ بَعْدِى ثَلاَثُونَ سَنَةً ثُمَّ تَكُونُ مُلْكًا عَضُوضًا[3]
وَاِنَّ هذَا اْلاَمْرَ بَدَاَ نُبُوَّةً وَرَحْمَةً
ثُمَّ يَكُونُ رَحْمَةً وَخِلاَفَةً ثُمَّ يَكُونُ مُلْكًا عَضُوضًا ثُمَّ يَكُونُ عُتُوًّا وَ جَبَرُوتًا[4]
Pygamberimiz (asm) ýokardaky hadyslaryň üsti bilen halyflyk döwrüniň dört çaryýarlardan soň hezreti Hasanyň alty aýlyk halyflygy bilen tamam boljagyny, ondan soňra ymmatynyň soltanlyk bilen dolandyrylyjakdygyny, soltanlygyň soňunyň bolsa sütemkärlige, pitne-pisada ýazyp gitjegini habar beripdir. Habar berşi ýaly hem bolupdyr.
Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen gelen sahyh hadysa görä, Pygamberimiz (asm):
يُقْتَلُ عُثْمَانُ وَهُوَ يَقْرَاُ الْمُصْحَفَ وَاِنَّ اللّهَ عَسَى اَنْ يُلْبِسَهُ قَمِيصًا وَاِنَّهُمْ يُرِيدُونَ خَلْعَهُ[5] diýmek bilen, hezreti Osmanyň halyf boljagyny, ony agdarmaga synanyşyk ediljegini, Kuran okaýarka, zalymlyk bilen öldüriljegini habar beripdir. Habar berşi ýaly hem bolupdyr.
Ygtybarly ýollar bilen ýetip gelen ýene bir sahyh hadys.
Bir gezek Pygamberimiz (asm) hajamat etdiren (gan aldyrmak) wagty, Abdulla Ibni Zübeýir Pygamberimizden çykan gany hamala şerbet içen ýaly (teberrik hökmünde) içipdir. Şonda Pygamberimiz (asm) (oňa) şeýle diýipdir:
وَيْلٌ لِلنَّاسِ مِنْكَ وَ وَيْلٌ لَكَ مِنَ النَّاسِ[6]
Şeýle diýmek bilen, Ol (asm) edermenligi, batyrlygy bilen tanalýan bu sahabanyň ymmatyň başyna geçjegini, elhenç hüjümlere sezewar boljagyny, ol zerarly ynsanlaryň agyr günleri başyndan geçirjegini habar beripdir. Habar berşi ýaly hem bolýar. Abdulla Ibni Zübeýir Emewiler döwründe Mekgede halyflygyny yglan edip, olara garşy gahrymanlarça söweş alyp barýar. Ahyry Hajjajy-Zalym uly goşun sürüp Mekgä gelýär. Onuň bilen bolan gazaply söweşde gahryman sahaba şehit edilýär.
Şeýle hem, ygtybarly ýollar bilen ýetip gelen sahyh hadysa görä, Pygamberimiz (asm) Emewiler dinastiýasynyň dörejegini,[7] emewi hökümdarlarynyň köpüsiniň halka gaty zabun darajagyny, Ýezid[8] bilen Welidiň hem şolaryň hatarynda boljagyny aýdypdyr. Şeýle hem Ol (asm) hezreti Muawiýäniň ymmatyň başyna geçjekdigini öňünden habar beripdir we şonda oňa: وَاِذَا مَلَكْتَ فَاَسْجِحْ[9]
diýip, özüni mylakatly, adalatly alyp barmagyny maslahat beripdir. Pygamberimiz (asm):
يَخْرُجُ وَلَدُ الْعَبَّاسِ بِالرَّايَاتِ السُّودِ وَ يَمْلِكُونَ اَضْعَافَ مَا مَلَكُوا[10]
diýmek bilen bolsa, emewilerden soňra Abbasy dinastiýasynyň peýda boljagyny we olaryň häkimiýetiniň köp asyrlap dowam etjegini habar beripdir. Habar berşi ýaly hem bolupdyr.
Ygtybarly ýollar bilen ýetip gelen sahyh hadysda şeýle diýilýär:
وَيْلٌ لِلْعَرَبِ مِن شَرٍّ قَدِ اقْتَرَبَ[11]
Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýmek bilen Çingiz hanyň we (onuň agtygy) Hulagynyň etjek weýrançylykly ýörişleri, Abbasy döwletini synjagy dogrusynda habar beripdir. Habar berşi ýaly hem çykýar.
Ygtybarly ýollar bilen ýetip gelen sahyh hadysa görä, Allanyň resuly (s.a.w) syrkawalap agyr ýatan Sad ibni Ebu Wakgasyň halyndan habar almaga baran wagty şeýle diýipdir:
لَعَلَّكَ تُخَلَّفُ حَتَّى يَنْتَفِعَ بِكَ اَقْوَامٌ وَيَسْتَضِرَّ بِكَ آخَرُونَ[12]
Bu hadysda Sad ibni Ebu Wakgasyň geljekde beýik serkerde boljakdygy, köp ýeňişler gazanjagy, birentek halklara peýdasynyň degjegi, ýagny onuň eýelän ýerlerinde musulmançylygyň ýaýrajakdygy, şeýle hem birentek döwletlere ondan zyýan ýetjekdigi, ýagny onuň uly bir imperiýany ýykjakdygy habar berlipdir. Habar berşi ýaly hem çykýar. Hezreti Sad yslam goşunyna baştutanlyk edip, Eýran döwletini derbi-dagyn edýär. Birnäçe halklaryň hidaýat ýoluna girmegine, ýagny musulman bolmagyna sebäp bolýar.
Ygtybarly ýollar bilen ýetip gelen sahyh hadysa görä, yslam dinini kabul eden hebeş hökümdary Nejaşynyň aradan çykan wagty Pygamberimiz aleýhyssalatu wessalam sahabalaryna onuň ölendigini habar beripdir. Hatda onuň üçin jynaza namazyny okapdyr.[13] Hakykatdanam, bir hepde soňra Nejaşynyň öldi habary gelip ýetýär. Görüp otursalar, onuň aradan çykan güni Pygamberimiziň habar beren gününe gabat gelýär. Bu waka hijretiň ýedinji ýylynda bolup geçýär.
Ygtybarly ýollar bilen ýetip gelen sahyh hadysa görä, Pygamberimiz aleýhyssalatu wessalam dört çaryýarlar bilen bir dagyň (Uhud ýa-da Hira bolmaly) üstüne çykanlarynda birdenkä, dag titremäge başlaýar. Şonda Pygamberimiz aleýhyssalatu wessalam daga şeýle diýip seslenipdir:
اُثْبُتْ فَاِنَّمَا عَلَيْكَ نَبِىٌّ وَ صِدِّيقٌ وَ شَهِيدٌ[14]
Ýagny hezreti Omaryň, Osmanyň we Alynyň şehit boljagyny habar beripdir. Habar berşi ýaly hem bolýar.
Eý, betbagt, eý, rehimsiz adam! «Araplardan bolan Muhammet örän akylly adam bolupdyr» diýip, Hakykat Gününi (s.a.w) görmezlige saljak bolýaňmy?! Heý, günüňe ýanaýyn! Ine, sen onuň (s.a.w) on bäş dürli mugjyzasyndan diňe ýekeje görnüşini eşitdiň. Onuň hem gaýypdan habar bermek kysymyny, onuň hem diňe on bäş sanyjagyny eşitdiň. Has dogrusy ýüzlerçe kysymyndan diňe bir kysymyny eşitdiň. Özi hem diňe magnawy tewatür derejesinde ygtybarly hasaplanýanlaryny eşitdiň! Ine, gaýypdan habar bermek görnüşine degişli beýan edilen şu hadysalaryň ýüzden birisini akyl gözi bilen görmegi başarýan kişä Dahyýy-Agzam diýilýär. Olar parasatlylygy bilen boljak zady öňünden kesgitläp bilýän kişilerdir. Seniň diýşiň ýaly, bu aýdylanlaryň hemmesi akyl-paýhasyň işi bolsun diýeli! Ýöne ýüz Dahyýy-Agzamyňky ýaly mukaddes zehini bolan adam, heý-de ýalňyşyp bilermi? Ýalňyş habar berip, biabraý bolarmy?! Ýüzlerçe Dahyýy-Azamyňky ýaly zehini bolan adamyň iki dünýä bagtyýarlygy hakda aýdanlaryna gulak asmazlyk barypýatan akmaklyk bolmazmy?!
Altynjy bellik
Ygtybarly ýollar bilen ýetip gelen sahyh hadysa görä, pygamberimiz (s.a.w) hezreti Patma (r.a) şeýle diýipdir:
اَنْتِ اَوَّلُ اَهْلِ بَيْتِى لُحُوقًا بِى[15]
«A:li-Beýtimden iň öňünçä sen meniň ýanyma gelip gowşarsyň». Habar berşi ýaly, alty aýdan soňra hezreti Patma (r.a) dünýeden ötüpdir.
Pygamberimiz (s.a.w) Ebu Zere (r.a) şeýle diýipdir:
سَتُخْرَجُ مِنْ هُنَا وَتَعِيشُ وَحْدَكَ وَتَمُوتُ وَحْدَكَ[16]
Onuň Medineden kowlup çykaryljagyny, ýalňyz ýaşajagyny we çola sährada ýalňyz başyna aradan çykjagyny habar beripdir. Ýigrimi ýyldan soň habar berşi ýaly hem bolupdyr.
Pygamberimiz (s.a.w) bir gezek Enes Ibni Mäligiň ejekesi Ümmi Haramyň öýünde ýatyr eken. Şonda ol (s.a.w) ukudan oýanypdyr-da, ýylgyryp şeýle diýipdir:
رَاَيْتُ اُمَّتِى يَغْزُونَ فِى الْبَحْرِ كَالْمُلُوكِ عَلَى اْلاَسِرَّةِ[17]
Şonda Ümmi Haram pygamberimize (s.a.w) şeýle diýip haýyş edipdir: «Meniň üçin hem dileg ediň. Hernä men hem şolar bilen birlikde bolaýadym-da!». Pygamberimizem (s.a.w) oňa: «Olar bilen bolarsyň» diýipdir. Habar berşi ýaly hem bolýar. Kyrk ýyl soňra Ümmi Haram ýanýoldaşy Ubade Ibni Samit bilen birlikde Kipri almak üçin edilen ýörişe gatnaşýar. Kiprde-de wepat bolýar. Mazary zyýarat ýerine öwrülýär.
Ygtybarly ýollar bilen ýetip gelen sahyh hadysa görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
يَخْرُجُ مِنْ ثَقِيفَ كَذَّابٌ وَ مُبِيرٌ[18]
«Sakyf kowmunyň arasyndan ýalançy pygamber we hunhor dörär». Şeýle diýmek bilen Muhtar diýilýän ýalançy pygamberiň hem-de ýüz müňlerçe adamyň janyna kast eden Hajjaj Zalymyň dörejegini habar beripdir.
Ygtybarly ýollar bilen ýetip gelen sahyh hadysa görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
سَتُفْتَحُ الْقُسْطَنْطِينِيَّةُ فَنِعْمَ اْلاَمِيرُ اَمِيرُهَا وَنِعْمَ الْجَيْشُ جَيْشُهَا[19]
Musulmanlaryň Stambuly aljagyny, olaryň serkedesi hezreti Soltan Mehmet Fatihiň uly abraýa eýe boljagyny habar beripdir. Diýşi ýaly hem bolupdyr.
Ygtybarly ýollar bilen ýetip gelen sahyh hadysa görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
اِنَّ الدِّينَ لَوْ كَانَ مَنُوطًا بِالثُّرَيَّا لَنَا لَهُ رِجَالٌ مِنْ اَبْنَاءِ فَارِسَ[20]
Ýagny, Eýran topraklarynda Ebu Hanife ýaly tapylgysyz ulamalaryň, ýagşyzada pirleriň dörejegini habar beripdir.
Pygamberimiz (s.a.w):
عَالِمُ قُرَيْشٍ يَمْلَءُ طِبَاقَ اْلاَرْضِ عِلْمًا[21]
diýmek bilen Ymamy Şafygydan habar beripdir.
Ygtybarly ýollar bilen ýetip gelen sahyh hadysa görä, Resul-Ekrem (s.a.w) şeýle diýipdir:
سَتَفْتَرِقُ اُمَّتِى ثَلاَثًا وَسَبْعِينَ فِرْقَةً اَلنَّاجِيَةُ وَاحِدَةٌ مِنْهَا. قِيلَ مَنْهُمْ؟ قَالَ مَا اَنَا عَلَيْهِ وَ اَصْحَابِى[22]
Bu ýerde ymmatyň ýetmiş üç parça bölünjegini, olaryň arasyndan diňe bir toparyň, ýagny ähli sünnet wel-jemagatyň halas boljagyny habar berýär.
Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
اَلْقَدَرِيَّةُ مَجُوسُ هذِهِ اْلاُمَّةِ[23]
Ine, şu ýerde-de Resul-Ekrem (s.a.w) ýazgydy inkär edýän «kaderi» hem-de «rafizi» ýaly toparlaryň dörejegini habar beripdir.
Ygtybarly ýollar bilen ýetip gelen sahyh hadysa görä, pygamberimiz (s.a.w) hezreti Ala (r.a) şeýle diýipdir:
«Hezreti Isada (a.s) bolşy ýaly, senden ötri iki ynsan topary heläk bolar. Birisi, seni söýmekde aşa gidýänler, beýlekisi-de, saňa duşmançylyk etmekde hetden aşýanlar». Isaýylar hezreti Isa bolan söýgüsinde aşa gidip, oňa «Ibnullah (Hudaýyň ogly)» diýdiler.[24] Jöhitler bolsa, duşmançylyklary sebäpli, onuň pygamberligini inkär etdiler, şeýdip hetden aşdylar. Seniň bilen baglanyşykly hem şeýle ýagdaý bolup geçjek: bir ynsan topary saňa bolan ýerliksiz muhabbeti sebäpli şerigatyň çäginden çykyp, heläkçilige uçrar». Soňra-da şeýle diýipdir:
لَهُمْ نَبْزٌ يُقَالُ لَهُمُ الرَّافِضِيَّةُ[25]
«Ýene bir topar saňa aşa duşmançylyk eder. Olar harijiler bilen emewileriň tarapdarlarydyr. Çygyrdan çykan bu topar «Na:sibe» diýlip atlandyrylar».
Sowal. «A:li-Beýti söýmegi Kuran buýurýar. Hezreti pygamber aleýhyssalatu wessalam hem bu barada kän tabşyrýar. Ýogsam-da, şygalaryň görkezýän söýgüleriniň bagyşlanarlyk tarapy bolmaly. Sebäbi aşyklar belli bir derejede sekir[26] ýagdaýynda bolýarlar. Onda näme üçin şygalar, husasan, rafiziler hezreti Ala bolan söýgülerinden haýyr tapmaly däl?! Hatda pygamberimiziň (s.a.w) aýdanlaryna garasak, söýgi bildirmekde aşa gidýändikleri sebäpli olar näme üçin heläk bolmaly?!
Jogaby. Söýginiň iki görnüşi bardyr. Birinjisi, magnaýy-harfy jähetinden bildirilýän söýgi. Ýagny hezreti Alyny (r.a), Hasan-Hüseýini (r.a) we Ali-Beýti Haktagala üçin, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamdan ötri söýmekdir. Munda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalama bolan söýgiň artýar. Mundanam Alla bolan söýgi döreýär. Bu söýgi kada laýykdyr. Munda aşa gitmegiň zyýany ýokdur, çygyrdan çykdygyň däldir, başgany tankytlamagyň, ýigrenmegiň geregi ýokdur.
Ikinji görnüşi: magnaýy-ismi jähetinden bildirilýän söýgi. Ýagny gönüden-göni olaryň özüni söýmek. Bu söýgüde pygamber aleýhyssalatu wessalam ýada düşmeýär. Munda hezreti Aly (r.a) görkezen edermenlikleri, kämil sypatlary, Hasan-Hüseýin (r.a) bolsa belent ahlagy, mertebesi üçin söýülýär. Hatda adam Allany bilmese-de, pygamberi tanamasa-da, hezreti Alyny (r.a), Hasan-Hüseýini söýer. Bu söýgi Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamy, Allany söýmeklige alyp barmaýar. Bu bolsa aşa gitmekdir. Aşa gidilen ýerde başgalar tankyt edilýändir, kimdir birine ýigrenç bildirilýändir.
Ine, pygamberimiziň (s.a.w) habar berşi ýaly, ynsanlaryň birtopary hezreti Alyny (r.a) aşa söýen bolup, hezreti Ebubekir syddyk bilen hezreti Omardan ýüz öwürdi. Şeýtmek bilen, olar diňe özlerine zyýan etdiler. Bu hili ýerliksiz söýgüden diňe zyýan geler.
[1] «Baýdagy Zeýd göterdi we ol şehit boldy. Soňra baýdagy Ibni Rewaha ýerden galdyrdy, olam şehit boldy. Soňra Jafer baýdagy eline aldy, olam şehit boldy. Soňra baýdagy Allanyň gylyçlarynyň biri aldy». Buhary, 5/182; Ajluni, «Kenzul-Ummal» 11/367; «Sahihul-Jamiüs-Sagyr» 1/122.
[2] Hafaji, «Şerhuş-şifa», 3/210; Ibni Kaýýym Jewzi, «Zadul-Mead» (tahkik: Arnawud), 3/385.
[3] «(Menden) soňra halyflyk otuz ýyl (dowam eder). Soňra ol sütemkär soltanlyga öwrüler». «Sahihül-Jamiüs-Sagyr», hadys № 3336.
[4] «Bu diniň başy pygamberlik we rahmetdir. Onsoň rahmetiň dowam edýän halyflyk döwri başlar. Halyflygam soltanlyga öwrüler, soltanlygyň yzy bolsa eden-etdilige, pitne-pisada ýazar». Kady Yýaz, «Şyfa» 1/338; Müsned, 4/273.
[5] «Osman Kuran okaýan pursaty şehit ediler. Alla oňa halyflyk lybasyny geýdirermikä diýýärin. Olar (onuň) bu lybasyny çykartmak islärler». (Iki tapawutly hadysdan alnan). Hakim, «Müstedrek» 3/100, 103; «Jemiül-Fewaid», 1/1884, 2/555; Kady Yýaz, «Şyfa», 1/338, 339.
[6]«Ynsanlar sen zerarly hupbat çeker, sen hem ynsanlar zerarly hupbat çekersiň». «Metalibül-Aliýe» 4/21.
[7] Kady Yýaz, «Şyfa» 1/338; Ali el-Kary, 1/683; Hafajy, «Şerhuş-şyfa» 1/179.
[8] Askalani, «Metalibül-Aliýe» h. № 4528.
[9] «Häkimiýetiň başyna geçen wagtyň, mylakatly we adyl bol!» Heýsemi, 5/186.
[10] «Abbasyň zürýady (elleri) gara baýdak göterip orta çykar. Olaryň häkimiýeti dura-bara güýçlener». Kady Yýaz, «Şyfa» 1/338.
[11] «Ýakynlaşyp gelýän beladan ötri haýp, araplara!» (Buhary, «Fiten» 60).
[12]«Kimi ynsanlara (müminlere) peýda, kimi ynsanlara (kapyrlara) zyýan getirersiň. Şol wagta deňiç ýaşarsyň diýip umyt edýärin». («Hilýetül-Ewliýa» 1/94).
[13] Buhary, «Janaiz» 57, «Menakibül-Ensar» 38; Müslim, «Feraiz» 14; Ebu Dawud, «Jihad» 133; Tirmizi, «Jenaiz» 69; Nesei, «Jenaiz» 66, 67; Ibni Maje, «Sadakat» 9, 13; «Sahihi-Buhary» 2/109, 111; «Sahihi-Müslim» 2:656; «Jemiül-Fewaid» 1/354.
[14] «Köşeş! Çünkü seniň üstünde bir pygamber, bir syddyk, birem şehit dur». (Buhary, «Fezailüs-Sahabe» 5, 6; Müslim, 4/1880; Ebu Dawud, 2/515; Tirmizi, hadys № 3758).
[15] Kady Yýaz, «Şifa», 1/340; «Sahihi-Buhary», 4/248; Beýhaky, «Delailün-Nübüwwe», 7/164.
[16] «Seni bu ýerden kowup goýbererler, ýalňyz özüň ýaşarsyň, ölen wagtyň hem ýalňyz bolarsyň». ([16] Kady Yýaz, «Şifa», 1/343; Beýhaky, «Delailün-Nübüwwe», 6/401; Heýsemi, «Mejmaüz-Zewaid, 98/332; Hakim, «Müstedrek», 3/345.)
[17] «(Düýşümde) ymmatymyň tagt üstünde oturan hökümdarlar deýin deňizlerde söweşýändigini gördüm». («Sahihül-Jamiüs-Sagyr» 6/24; «Sahyhy-Muslim» 3/1518; «Fethul-Kebir» 1/175, 2/128, 3/260).
[18] «Jamiül-Usul» 10/99; «Jemül-Fewaid», 2/725; Beýhaky, «Delailün-Nübüwwe», 6/478, 480.
[19] «Stambul feth ediljekdir. Ony feth eden serkerde ne ajap serkerde, ol goşun ne ajap goşun!» (Buhary, «Tarihus-Sagyr», hadys № 139; Heýsemi, «Mejmaüz-Zewaid» 6/218;
Hakim, «Mustedrek» 4/422.)
[20] «Pars ogullarynyň käbiri din (ylym üçin) Sureýýa (ýyldyz topary) çykmaly hem bolsa çykardy». (Buhary, «Tefsir» 62; Tirmizi, 47. Süraniň tefsiri: 3; Lulu we Merjan, 3/183.)
[21] «Küreýşiň alymy Ýeriň bütin gatlagyny ylym bilen doldurar». (Feýzul-Kadir, 2/105, hadys № 1460; Ajluni, «Keşful-Hafa» 2/53,54.)
[22] «Ymmatym ýetmiş üç bölege bölüner. Şolaryň içinden diňe birisi halas bolar». Şonda oňa şeýle sowal berdiler:
– Olar kimler?
Ol:
– Maňa we sahabalaryma eýeren kimseler – diýip jogap berdi. (Darimi, «Siýer» 75; Ebu Dawud, «Sünnet» 1, 4/198; Tirmizi, «Iman» 18; Ibni Maje, «Fiten» 17).
[23]«Ýazgyda ynanmaýanlar bu ymmatyň mejusileridir». («Sahihul-Jamius-Sagyr»,
4/150; Hakim, «Mustedrek», 1/85; «Musned», 2/86, 125, 5/406.)
[24] Müsned, 1/160; Heýsemi, «Mejmaüz-Zewaid», 9/133; Ha:kim, «Müstedrek», 3/123.
[25] «Olaryň adyny «Rafyzy» diýip tutarlar». (Heýsemi, «Mejmaüz-Zewaid», 10/22; Müsned, 1/103.)
[26] Sekir – Ruhy serhoşlyk ýagdaýy.