Ýedinji bellik
Indi bolsa, Nebi sallallahu aleýhi wesellemiň tagamyň bereketlenişi bilen baglanyşykly mugjyza görnüşine birnäçe mysal bereliň. Bu mysallar magnawy tewatür mertebesindäki ygtybarly çeşmelere daýanýar. Şu mynasybetli giriş sözüni beýan etmegi müwessa bildik.
Giriş
Tagamyň bereketlenişi mugjyzasyna mysal getiren wakalarymyzyň her birisi kän ýollar bilen gelip ýetipdir. Käbiri dagy on alty kişi tarapyndan gürrüň berlipdir. Çünki bu hadysalaryň birentegi giden jemagatyň öňünde bolup geçipdir. Ana, şol jemagatyň arasyndaky ähtibarly, dürs şahsyýetler tarapyndan hem gürrüň berlipdir. Meselem, olaryň birisi: «Dört owuç ir-iýmişden ýetmiş adam doýdy» diýip gürrüň berende, beýleki ýetmiş kişi ony sessiz-üýnsüz diňläp oturypdyr. Onuň sözüne ýalana çykarmandyr. Diýmek, onuň aýdýan zatlaryny ykrar edipdirler. Dürslügiň, hakykatçyllygyň hökmürowanlyk edýän şol döwründe adalaty, pähim-paýhasy, dürslügi özlerine ýörelge edinen sahabalar jinnek ýaly ýalany-da ret edýärdiler, dymyp oturmaýardylar. Ine, size beýan etjek wakalarymyz hem şol döwrüň adamlarynyň agzyndan çykan gürrüňler. Başgaça aýtsak, şol döwrüň adamlarynyň sessiz-üýnsüz otyryp diňlemegi bilen dogrulygy ykrar edilen gürrüňler. Diýmek, bu hadysalaryň her biri magnawy mütewatür mertebesindäki ygtybarly habarlara daýanýar.
Ýene bir zady bellemek gerek, Kuranyň aýatlaryny ýat beklemekden soňra sahabalaryň iň esasy pişesi Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň hal-hereketini, aýdan sözüni edil bolşy ýaly ýat almak bolupdyr. Esasanam, yslamy kada-kanunlaryň, mugjyzawy hadysalaryň hiç birisi olaryň gözünden sypmandyr. Olar bu babatda diýilýän-aýdylýan gürrüňleri çynlakaý seljeripdirler, dürs ýa-da däldigine üns beripdirler. Bu taryh we siýer kitaplarynda aýan görkezilipdir. Sahabalar Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň iň ýönekeýje hereketinde, hal-ahwalynda bolup geçýän sähelçe üýtgeşikligi hem ahmal etmän bellige alypdyrlar. Munuň şeýledigine hadys kitaplary şaýatlyk edýär.
Şeýle hem, sagadatlyk asyrynda pygamberiň mugjyzalary we şerigatyň kada-kanunlary diýseň kän kişi tarapyndan ýazga geçirilipdir. Muňa mysal edip, Abadileýi-Sebany[1] görkezmek bolar. Hawa, «Kuranyň dilmajy» diýen at bilen meşhurlyk gazanan Abdullah ibni Abbas (r.a) bilen Abdullah ibni Amr ibnul As (r.a), hususan, otuz-kyrk ýyl soňra tabygynyň müňlerçe ulamasy hadyslary, mugjyzawy wakalary birin-birin ýazga geçiripdirler. Şol ýazgylaryň barysy edil bolşy ýaly müçtehid mertebesindäki dört ymama, olardanam müňlerçe hadys alymlaryna ýetirilipdir. Öz gezeginde, olar hem gylyny gymyldatman soňky nesillere miras galdyrypdyrlar.
Hijretden iki ýüz ýyl soňra bolsa, hadyslary ýazyp goramak jogapkärçiligini Buhary, Müslim ýaly ulamalar öz üstüne alýar. Munuň netijesinde iň ygtybarly hasaplanýan «Kutubi-sitte»[2] atly hadyslaryň ýygyndysy döreýär. Wagty bilen ibn Jewzi ýaly müňlerçe güýçli tankytçy alymlar ýüze çykyp, ýoluny urduran, ýatkeşligi pes, nadan kişileriň hadys diýip ýören gürrüňleriniň mewzu[3] bolanlary bilen bolmadyklaryny aýyl-saýyl edýär.
Soňra keşf ähliniň[4] ykrar etmegine görä, ýetmiş gezek dagy ýakaza[5] ýagdaýynda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam bilen söhbet etmek miýesser bolan Jelaleddin Suýuti ýaly beýik ulamalar hem-de her bir hadysy, ylmy meseläni çuňňur seljerýän alymlar sahyh hadysyň lagly-göwher deýin sözlerini beýleki sözlerden aýryp, mewzu hadyslary ýüze çykarypdylar.
Ine, gürrüň berjek bolýan mugjyza wakalarymyz şeýdip nijeme elekden geçip, günümize ýeten, ýagny ýiti nazarly şahsyýetleriň ähtibarly barlagyndan geçen, başdaky durkuny bozman bize ýetip gelen hadyslara daýanýarlar.
اَلْحَمْدُ لِلّهِ هذَا مِنْ فَضْلِ رَبِّى[6]
Şonuň üçin «Şeýle uzak aralykdan döwrümize ýetip gelen bu hadyslaryň üýtgeşiklige sezewar bolman, başdaky sap-arassalygyny saklan bolmagy nägümana?!» diýen şübhäni kelläňe-de getirme!
Tagamyň bereketlenişi bilen baglanyşykly mugjyzalar
Birinji mysal
Buharyda we Müslimde, galyberse-de, «Kutubu-sitte» ýaly iň ygtybarly hadys kitaplarynda beýan edilýär:
Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam bilen hezreti Zeýneb (r.a) goş birikdiren güni Ümmi Süleým ogly hezreti Enesden bir gapda gowrulan iki owuç hurma iberdi. Şonda Pygamberimiz (s.a.w) Enese şeýle tabşyryk berdi: «Pylanyny hem-de pylanyny çagyr, gelsinler! Ýolda kime gabat gelseň, olara-da aýt!» Enes hem kim gabat gelse, çagyrdy. Üç ýüze ýakyn sahaba jem boldy. Suffe[7] bilen pygamberimiziň (s.a.w) sagadatlyk hüjresiniň içi adamdan doldy. Pygamberimiz (s.a.w) ýygnanlara garap:
تَحَلَّقُوا عَشَرَةً عَشَرَةً
«On kişiden-on kişiden halka gurap oturyberiň» diýdi. Soňra-da mübärek elini şol çaklaňja naharyň üstünde goýup doga etdi. (Soňra-da) «Baş üstüne (alyberiň)!» diýdi. Üç ýüz adam nahardan doýýança iýdi. Soňam gitdiler. (Pygamberimiz aleýhyssalatu wessalam naharly tabaga yşarat edip,) Enese «Alaý» diýdi. Şonda Enes (r.a) şeýle diýipdir: «Tabagyň nahary saçaga goýan wagtym köpdümi, ýogsam saçakdan galdyran wagtym, bilip-bilmedim».[8]
Ikinji mysal
Pygamberimizi (s.a.w) öýüne myhman alan Ebu Eýýubil-Ensary (r.a) gürrüň berýär:
«Pygamberimizi (s.a.w) myhman almak miýesser bolan güni Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam bilen Ebu Bekir-Syddyga ýeter ýaly iki kişilik nahar taýýar etdim. Şonda Pygamberimiz (s.a.w) maňa şeýle diýdi:
اُدْعُ ثَلاَثِينَ مِنْ اَشْرَافِ اْلاَنْصَارِ[9]
(Onsoň) otuz adam gelip, (şol nahardan) iýdi. Soňra Pygamberimiz (s.a.w) maňa ýene şeýle diýdi:
اُدْعُ سِتِّينَ[10]
Ýene altmyş adam çagyryp getirdim. Olar hem gelip, (şol nahardan) iýdiler. Soňra Ol (s.a.w) ýene şeýle diýdi:
اُدْعُ سَبْعِينَ[11]
Ýene ýetmiş kişini çagyryp getirdim. Olar hem (şol nahardan) iýdiler. Tabaklarda ýene-de nahar galypdy. Çakylyga gelen adamlaryň hemmesi bu mugjyzany görüp, musulman boldular we Pygamberimize (s.a.w) gol berdiler. (Hawa, şol gezek) iki kişä ýetjek nahardan ýüz segsen adam iýip doýupdy».[12]
Üçünji mysal
Hezreti Omar Ibnül-Hattab (r.a), Ebu Hureýre (r.a), Seleme Ibnül-Ekwa (r.a) we Ebu Amra el-Ensary (r.a) ýaly şahsyýetler gürrüň berýär:
«Söweşleriň birinde goşun aç galdy. Ýagdaý Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalama bildirildi. Şonda Ol (s.a.w): «Horjunlaryňyzda näme azyk galan bolsa bir ýere jemläň» diýip tabşyryk berdi. Kim bir owuç hurma getirse, ýene birisi ýarym owuç hurma getirdi. Iň köp getiren kişiniňki dört owuç hurma boldy. Getirilen zatlar bir kilimiň üstüne üýşürildi.
Seleme bu barada şeýle gürrüň berýär: «Getirilen zatlaryň hemmesi oturan geçiçe bardy». Soňra Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam bereket dogasyny etdi. Yzyndanam: «Her kim gabyny alyp gelsin» diýdi. Adamlar ylgaşyp geldiler. Goşundaky gap-gaçlaryň birini hem goýman doldurdylar. Şonda-da ýaňky azykdan artyp galypdy. Aýdylyşyna görä, şonda sahabalaryň arasyndan biri azygyň bereketlenip gidip barşyny görüp, öz ýanyndan şeýle diýipdir: «Ýer ýüzünde ýaşaýan adamlaryň hemmesi gelen bolsady, ýene-de ýeterdi».[13]
[1] Abadileýi-Seba – «Ýedi Abdulla» ady bilen meşhurlyk gazanan hadys, yslam hukugy, tefsir ylymlary boýunça ussat kabul edilýän ýedi sany atdaş sahaba.
[2] Kutubu-sitte – alty sany hadys kitaby.
[3] Mewzu – Galp hadys.
[4] Keşf ähli – Iman hakykatlary bilen baglanyşykly syrlara şaýat bolan kimse. Kalp gözi açyk weli.
[5] Ýakaza – Kalp gözi açyk welileriň ruhy oýalyk ýagdaýy.
[6]«Alla hamd bolsun, bu Rebbimiň yhsanydyr.
[7] Suffe – Mesjidi-Nebewä ýanaşyk salnan, birnäçe sahabanyň hezreti Pygamberimizden (s.a.w) Kuran we hadys ylmyny öwrenen hem-de ýaşan ýeri
[8] Neseýi, «Nikah» 83; Buhary, 4/234, 235; Müslim, hadys № 234.
[9] «Ensaryň kethudalaryndan otuz kişini çagyr!».
[10] «(Ýene) altmyş adam çagyr».
[11] «(Ýene) ýetmiş adam çagyr».
[12] Kady Yýaz, «Şifa» 1/294; Heýsemi, «Mejmauz-Zewaid» 8/303; Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe» 6/94.
[13] Muslim, 1/56, hadys № 45, 1729; Kady Yýaz, «Şifa» 1/293.