Pygamberimiziň Mugjyzalary 7

Dördünji mysal

Buhary we Muslimde, galyberse-de, sahyh hadys kitaplarynda beýan edilýär.

 Abdurrahman ibni Ebi Bekir Syddyk (r.a) gürrüň berýär:

«Biz ýüz otuz sahaba bolup, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam bilen birlikde bir sapara çykypdyk. Şonda çörek bişirmek üçin bir sa (dört owuç) undan hamyr ýugrup taýýar edildi. Onuň ýany bilen bir geçi soýlup, nahar bişirildi. Bagyr-öýkeninden hem kebap edildi. Ant içip aýdýaryn, bişen kebapdan sahabalaryň hemmesine-de bir bölek berildi. Soňra Resuly-Ekrem (s.a.w) iki tabaga bişen etden saldy. Hemmämiz tä doýýançak iýdik. Ondan artybam galdy. Galan azygy düýä basdym».[1]

Bäşinji mysal

Sahyh hadys kitaplarynda beýan edilýän ygtybarly habar:

Hezreti Jabirul-Ensar (r.a) Beýik Ahzab urşunda, ýagny meşhur Hendek söweşi güni bolup geçen bir wakany ant içip gürrüň berýär:

«Şol gün bir sa (dört owuç) arpa uny bilen bir ýyllyk geçiniň eti müň adama ýetdi. (Hiç zat iýilmedik ýaly,) ýene-de galdy». Hezreti Jabir (r.a) bu barada şulary aýdýar: «Şol gün nahar biziň öýde bişirildi. Müň kişiniň müňisem bir sa undan taýýarlanan çörekden we bir geçiniň etinden gelip iýdi. Şonda-da gazanymyz şol dolulygyna gaýnap durşudy. Ýaňky bir sa undan taýýarlanan hamyrdan çöregem ýapylyp durdy. (Çünki) Pygamberimiz (s.a.w) şol hamyra we şol gazana mübärek agzynyň suwundan goşup, bereket dogasyny edipdi».[2]

Ine, hezreti Jabir (r.a) şu bereket mugjyzasyny müň kişiniň huzurynda ant içip gürrüň berýär. Ýagny müň adamyň bu waka bilen baglanyşgynyň bardygyny bildirýär. Diýmek, bu hadysanyň bolup geçendigi müň adam gürrüň beren deý anykdyr.

Altynjy mysal

Ygtybarly ýollar bilen gelen bu sahyh habary pygamberimiziň (s.a.w) hyzmatkäri hezreti Enesiň (r.a) kakasynyň dogany meşhur Ebu Talha (r.a) gürrüň berýär:

«Bir gezek Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam Enesiň goltugyna sygaýjak çaklaňja arpa çöregi bilen ýetmiş-segsen adamy doýurdy. Ol (s.a.w) şonda «Çöregi bölekläň» diýdi, soňam bereket dogasyny etdi. Ýeriň darlygy sebäpli, adamlar on-ondan gezekleşip geldiler. Olaryň hemmesi hem doýup, turup gitdiler».[3]

Ýedinji mysal

Ygtybarly ýollar bilen gelen bu sahyh habar «Şyfaýy-Şerif» we «Muslim» ýaly sahyh kitaplarda geçýär. Muny hezreti Jabirul-Ensar (r.a) gürrüň berýär:

«Bir kişi Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň ýanyna maşgalasy üçin azyk sorap geldi. Şonda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam oňa ýarty halta töweregi arpa berdi. Pygamberimiziň (s.a.w) beren bu azygy onuň maşgalasyna esli wagtlap ýetdi. Ondan öýüne gelen myhmanlara-da iýdirdi. Esli wagt geçmegine garamazdan gutarybermeýşine haýran bolup, näçeräk kemelenini bilmek üçin ölçäp gördüler. Şondan soňra bereket gitdi, arpa azalyp ugrady. Onsoň ol adam Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň ýanyna gelip, bolan zady gürrüň berdi. Şonda pygamberimiz (s.a.w) oňa şeýle diýdi:

لَوْ لَمْ تَكِلْهُ َلاَكَلْتُمْ مِنْهُ وَ لَقَامَ بِكُمْ[4]

«Eger, agramyny çekip görmedik bolsadyň, bütin ömrüňize ýeterdi».

Sekizinji mysal

Tirmizi, Nesaýy, Beýhaky we «Şyfaýy-Şerif» ýaly sahyh hadys kitaplarynda geçýän bu hadysy hezreti Semure ibni Jundub (r.a) gürrüň berýär:

«Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalama bir tabak et geldi. Irdenden agşama çenli gelip bilen adam geldi we şol etden iýdiler».[5]

Giriş bölüminde beýan edişimiz ýaly, bereket mugjyzasy bilen baglanyşykly şu wakanyň Semuranyň bir özüniň gürrüň berdigi bolmaýar, eýsem şol nahardan kim iýen bolsa şolaryň hem adyndan gürrüň berildigi bolýar. Çünki bu waka olaryň ykrar etmegi bilen aýdylyp berilýär.

Dokuzynjy mysal

Bu hadysy «Şyfaýy-Şerif» kitabynyň ýazary, galyberse-de, Ibni Ebu Şeýbe hem-de Taberany ýaly meşhur, ygtybarly ulama kişiler beýan edipdirler. Bu wakany hezreti Ebu Hureýre (r.a) gürrüň berýär:

«(Bir gezek) Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam maňa Mesjidi-Şerifiň Suffe bölümini mesgen tutunan, sany ýüzden geçýän garyp muhajirleri[6] çagyryp gelmegi tabşyrdy. Men hem diýleni etdim. Olaryň hemmesini bir ýere jemledim. Hemmämiz üçin bir tabak nahar berildi. Biz gezekli-gezegine tä doýýançak iýdik. Emma tabakdaky nahardan egsilen zat ýokdy, şol başdaky dolulygyna durdy. Diňe naharyň ýüzünde barmak yzlary görünýärdi.[7]

Ine, hezreti Ebu Hureýre (r.a) bu wakany Suffe ähli[8] ýaly kämil ynsanlaryň adyndan gürrüň berýär. Ýagny olaryň özüni gep-gürrüňsiz tassyklajakdygyna ynanýandygy üçin şeýdýär. Diýmek, bu habar bütin Suffe ähli gürrüň beren ýaly ygtybarlydyr. Ýogsam, onuň gürrüňi nädogry bolsady, dürslükde, kämillikde nusgalyk ynsanlar heý-de ony inkär etmän, dymyp oturarmy?!

Onunjy mysal

Ygtybarly ýollar bilen ýetip gelen bu sahyh hadysy hezreti Aly (r.a) gürrüň berýär:

«Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam Abdulmuttalybyň neberesini ýygnady. Jemi kyrk adam boldy. Olaryň käbiri bir oturanda bir köşek iýip, dört kyýýe[9] süýt içip bilýän adamlardy. Emma pygamberimiz (s.a.w) olaryň hemmesi üçin bir owuç ýaly nahar taýýarlapdy. Şol nahardan ýaňky kyrk kişiniň kyrkysy-da iýip doýdy. Nahar (azalman) şol öňküligine galdy. Soňra-da bir gapda zordan üç-dört adama ýetjek süýt getirdi. Şol süýtden ýaňkylaryň hemmesi gerk-gäbe bolýança içdi. Emma süýt hiç içilmedik ýaly, öňküligine galdy».[10]

Ine, size hezreti Alynyň (r.a) batyrlygynyň, wepadarlygynyň derejesine barabar bereket mugjyzasy hakdaky ygtybarly habar.

On birinji mysal

Ygtybarly sahyh hadysa görä, hezreti Aly (r.a) bilen Fatimatuz-Zehranyň (r.a) toýunda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam Bilal Hebeşä (r.a): «Dört-bäş owuç undan çörek taýýarlaň hem-de bir köşek soýuň!» diýip tabşyryk berýär.

Hezreti Bilal (r.a) gürrüň berýär: «Men nahary getirdim. Pygamberimiz (s.a.w) mübärek elini naharyň üstüne eltdi. Şondan şoňra sahabalar topar-topar bolup gelip, nahar iýip gitdiler. Pygamberimiz (s.a.w) galan nahara hem ýene bereket dogasyny okady. Soňra mübärek, päkize aýallarynyň hersine aýratyn tabak bilen nahar iberdi». Şonda ol (s.a.w) şeýle diýdi:  «Özlerem iýsinler, ýanyna gelenlere-de bersinler!»[11]

Hawa, şeýle mübärek toý üçin şunuň dek bereket mugjyzasy hökmany zerurlykdy. Şeýle hadysanyň bolup geçendigi bolsa şübhesizdir.

On ikinji mysal

Hezreti ymam Jaferi-Sadyk (r.a) pederi ymam Muhammedül-Bakyrdan (r.a), ol hem pederi ymam Zeýnelabidinden (r.a), ol bolsa ymam Alydan (r.a) eşidipdir:

«Bir gezek hezreti Patma (r.a) diňe iki kişä ýetjek nahar bişiripdir. Soňra hezreti Aly gidip, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamy nahara çagyrypdyr. Pygamberimiz (s.a.w) gelipdir. Ol (s.a.w) aýallarynyň her biri üçin aýratyn tabaga guýup, nahar iberipdir. Soňra-da özüne aýratyn tabaga guýupdyr. Yzyndanam hezreti Aly (r.a) bilen hezreti Patmanyň (r.a) hersine aýratyn tabaga guýup beripdir. Olaryň çagalary üçin hem bir tabagy doldurypdyr».

Bu barada hezreti Patma (r.a) şeýle gürrüň berýär:

«(Şondan soňra) gazanyň gapagyny galdyryp gördüm. Nahar henizem öňküsi ýaly dolup-daşýardy. Haktagalanyň islegi bilen, şol nahar esli wagta ýetdi».[12]

Ine, şunuň ýaly nurana, beýik şahsyýetleriň bereket mugjyzasy hakdaky habaryny eşidibem, näme üçin hut gözüň bilen gören deý ynanmaýarsyň?! Şuňa-ha şeýtanyň özi hem bahana tapyp bilmez.


[1] Buhary, 7/90; Muslim, 3/1626, 1627.

[2] Buhary, 5/138, 139; Muslim, hadys № 3029; Kady Yýaz, «Şifa» 1/290.

[3] Buhary, 3/234, 235; Muslim, hadys № 1612, 2040; Kady Yýaz, «Şifa», 1/291, 297.

[4] Muslim, «Fezail» 16; Kady Yýaz, «Şifa» 1/191.

[5] Tirmizi, 2/205; Kady Yýaz, «Şifa» 1/292.

[6] Muhajir – bir ýerden başga bir ýere göç eden.

[7] Kady Yýaz, «Şifa» 1/293; Heýsemi, «Mejmauz-Zewaid» 8/305,308.

[8] Suffe ähli – bütin ömürlerini pygamberimiziň (s.a.w) ýakynynda geçiren, Mesjidi-Nebewä ýanaşyk gurlan hüjrelerde ýaşap, gönüden-göni pygamberimizden (s.a.w) sapak alan sahabalar.

[9] Kyýýe – agyrlyk ölçegi, 1 kyýýe=1283 gr.

[10] Kady Yýaz, «Şifa» 1/293; Heýsemi, «Mejmauz-Zewaid» 8/302,303.

[11] Kady Yýaz, «Şifa» 1/297; Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe», 3/60.

[12] Kady Yýaz, «Şifa» 1/294.