Pygamberimiziň Mugjyzalary 8

On üçünji mysal

Ebu Dawud, Ahmed ibni Hanbel, Beýhaky ýaly ygtybarly ymamlaryň beýan etmegine görä, Dukeýnul-Ahmesi ibni Saidil-Muzeni (r.a) we alty dogany bilen birlikde pygamber söhbetine gatnaşmak miýesser bolan Numan ibni Mukarrinil-Ahmesiýýul-Muzeni (r.a) hem-de Jerir (r.a) ýaly sahabalar hezreti Omar ibnul-Hattab (r.a) bilen baglanyşykly bir wakany gürrüň berýärler:

Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam hezreti Omara (r.a): «Ahmes kowmundan gelen dört ýüz atlyny azyk-owkat bilen üpjün et!» diýip tabşyrýar. Hezreti Omar (r.a): «Eý, Allanyň resuly (s.a.w)! Azygymyz gaty az. Hemmesini üýşürenimizde, oturan köşekçe ýa bar, ýa ýok!» diýýär. Pygamberimiz (s.a.w)  «(Şondan) ber!» diýýär. Hezreti Omar (r.a) ýarty halta bolup duran hurmadan alyp, dört ýüz atla paýlap çykýar. Şonda hezreti Omar (r.a) şeýle diýipdir: «Halta(daky hurma hiç hili) egsilmedi».[1]

Ine, şu bereket mugjyzasy-da dört ýüz adam bilen, esasanam, hezreti Omar (r.a) bilen baglanyşykly bolup geçipdir. Bu wakanyň arkasynda şolar dur. Olaryň bu hadysany ýalana çykarman dymmagy, onuň dogrulygyny tassyk etmegiň alamatydyr. Muny «Iki-üç kişiniň gürrüňidir-dä» diýip, gulagyň duşundan geçirjek bolma! Şeýle hadysalar  az sanly  çeşmä daýanýan hem bolsa, magnawy tewatür derejesinde bolup, çyndygy şübhesizdir.

On dördünji mysal

Şu waka Buharyda, Muslimde hem-de beýleki sahyh hadys kitaplarynda beýan edilýär:

Hezreti Jaferiň (r.a) pederi aradan çykýar. Onuň jöhitlere bergisi kän ekeni. Onsoň hezreti Jabir algydarlara bergä derek atasynyň bagyny almagy teklip edýär. Olar muňa razy bolmaýarlar. Sebäbi pederinden galan şol bagyň birnäçe ýyllyk hasylyny hasaplanyňda-da, bergiden çykyp boljak däl ekeni. Şonda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam «Bagyň miwelerini ýygyp, bir ýere üýşürüň!» diýip, tabşyrýar. Aýdyşy ýaly hem edýärler. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam harman bolup duran hasylyň töwereginde gezip doga edýär. Soňra hezreti Jabir (r.a) ýygnanan hasyldan kakasynyň bütin bergisini üzýär. Şondan ýene-de bir ýylyň hasyly artyp galypdyr.[2] Başga bir hadysa görä, bergidarlaryna beren bergisi ýaly hasyl galypdyr. Jöhitler bu hadysany görüp, haýran galypdyrlar.

Ine, şu açyk-aýdyň bereket mugjyzasyny habar berenler diňe hezreti Jabir (r.a) we birnäçe kişi diýip düşünmeli däl. Eýsem, muny şu waka bilen baglanyşygy bolan, ýalany sürtseňem ýokmajak nijeme adamyň adyndan gürrüň berlen magnawy tewatür mertebesindäki habar diýip kabul etmeli.

On bäşinji mysal

Başda Tirmizi, galyberse-de, Beýhaky ýaly alymlaryň hezreti Ebu Hureýräniň adyndan beýan edýän ygtybarly habary. Ebu Hureýre gürrüň berýär:

Bir söweşde (başga bir hadysa görä, Tebuk söweşinde) goşun aç galdy. Şonda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam menden:

 هَلْ مِن شَيْءٍ؟

«(Iýer ýaly) zadyň barmy?» diýip sorady. Menem «Horjunymda biraz hurma bar (başga hadysa görä, «on bäş sany hurma bar)»  diýdim. Ol (s.a.w): «Getir!» diýdi. Menem getirdim. Mübärek elini horjuna sokup, bir gysym hurma çykardy. Olary bir tabaga goýdy. Bereket dogasyny okady. Soňra esgerleri on-ondan çagyrdy. Şeýdip bütin goşun gelip, (şol hurmadan) iýdi. (Soňra pygamberimiz (s.a.w) maňa) şeýle diýdi:

خُذْ مَا جِئْتَ بِهِ وَاقْبِضْ عَلَيْهِ وَلاَ تَكُبَّهُ[3]

Onsoň horjuny alyp, içini barlap gördüm. Horjundaky hurma şol durşuna durdy. Ondan Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň, Ebu Bekiriň, Omaryň, Osmanyň zamanynda-da iýdim».

Başga bir çeşmeden gelip ýeten hadysda bolsa şeýle diýilýär:

Soň-soňlaram şol hurmalardan kän gezekler gabymy dolduryp, sadaka berdim. Hezreti Osmanyň janyna kast edilen wagtlary hurmalar gaby bilen birlikde talaňçylaryň eline düşdü».[4]

Ine, dünýä mekdebiniň mugallymy, älem-jahanyň guwanjy Muhammet aleýhyssalatu wessalamyň mukaddes medresesiniň, Suffe tekgesiniň müdimilik talyby, okuwçysy, ýadynyň güýçlenmegi üçin pygamber dogasyna miýesser bolan hezreti Ebu Hüreýräniň (r.a) Tebuk söweşi ýaly köp ynsanyň jemlenen ýerinde bolup geçen bereket mugjyzasy hakyndaky şu habary tutuş bir goşun tarapyndan gürrüň berlen ýaly ygtybarlydyr.


[1] Kady Yýaz, «Şifa, 1/294; Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe», 5/365.

[2] Buhary, 3/88, 154, 156, 210, 135, 246; Kady Yýaz, «Şifa», 1/295.

[3] «Getiren (zadyňy) al, gorap sakla! Çöwrüp dökme!».

[4] Kady Yýaz, «Şifa», 1/295, 296; Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe», 6/110.