Pygamberimiziň Mugjyzalary 9

On altynjy mysal

Başda Buhary, galyberse-de, beýleki sahyh hadys kitaplarynda beýan edilýän, ygtybarly ýollar bilen ýetip gelen habar:

(Bir gezek) hezreti Ebu Hureýre (r.a) ajygan eken. Ol (r.a) Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam bilen tirkeşip,  Onuň (s.a.w) mübärek öýüne barýar. Görseler, bir käse süýt getirip giden ekenler. (Wakanyň yzyny Ebu Hureýre (r.a) şeýle gürrüň berýär:)  «Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam maňa: «Suffedäkileri çagyr!» diýdi. Men  bolsa öz ýanymdan: «Muny meniň ýeke özümem içip biljek ahyry. Men örän aç» diýýärdim. Emma Pygamberimiz (s.a.w) tabşyransoň, olary ýygnap getirdim. (Olaryň sany) ýüzden geçýärdi. Pygamberimiz (s.a.w) maňa:  «Olara içir!» diýdi. Men hem süýtli käsäni gelenlere birin-birin berip, içirdim. Olaryň her biri süýtden doýýança içýärdi, soňra käse beýlekä geçýärdi. Şeýlelikde, suffe ähliniň hemmesi şol süýtden içdi. Soňra pygamberimiz (s.a.w) maňa  şeýle diýdi:

بَقِىَ اَنَا وَاَنْتَ فَاشْرَبْ[1]

(Onsoň) men içdim. Içdigimçe, «Ýene-de iç!» diýýärdi. Haçanda men: «Seni hak ilçisi edip iberen Zaty-Zülejelala kasam bolsun! Gerk-gäbe boldum» diýenimden soň, käsäni özi aldy. «Bismillä!» diýip, Alla hamdy-sena aýdyp, süýdüň galanyny içdi. Ýüz müň ýola noş bolsun!»[2]

Ine, süýt ýaly arassa, ýakymly şu aýdyň bereket mugjyzasynyň bäş ýüz müň hadysy ýat beklän hezreti Buharyda, galyberse-de, beýleki  alty sany sahyh hadys kitaplarynda beýan tapmagynyň özi muňa gözüň bilen gören dek ynanmaklygy talap edýär. Galyberse-de, Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň mukaddes medresesiniň – Suffäniň talyby, wepadarlygy, ýatkeşligi bilen meşhur hezreti Ebu Hureýräniň (r.a) hamala diýersiň, beýleki talyplary-da şaýat görkezip, olaryň hem adyndan gürrüň berýän şu habaryny tewatür mertebesinde ygtybarly hasaplamaýan kişiniň ýa-ha ýüregi garadyr ýa-da ol akyldan mahrumdyr!

Hezreti Ebu Hureýre ýaly wepaly, ömrüni hadys ylmyna, dine bagyş eden kişiniň, galyberse-de,

وَمَنْ كَذَبَ عَلَىَّ مُتَعَمِّدًا فَلْيَتَبَوَّاْ مَقْعَدَهُ مِنَ النَّارِ[3]  

hadysyny bilýän we bu hadysdan beýlekileri hem habardar eden şahsyýetiň pygamberimiz (s.a.w) hakyndaky ýat beklän hadyslarynyň ähmiýetine, dürslügine şek ýetirilmegine, Suffe ähliniň ýalançylykda aýyplanmagyna sebäp boljak tersin sözi sözlemegi, bolmadyk zady boldy diýip gürrüň bermegi, heý-de mümkinmi?! Asla, mümkin däl!

Eý, Rebbim! Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň şu bereket mugjyzasynyň hormatyna bize yhsan eden maddy we ruhy rysgymyzy bereketlendir!

Çuňňur manyly hakykat

Mälim bolşy ýaly, ejizler jemlenişmek bilen güýçlenýär. Birnäçe inçe ýüpi alyp işiberseň, gaýym tanap bolýar. Şonuň ýaly gaýym tanaplary hem biri-biri bilen işiberseň, gitdigiçe berkäp, üzüp bolmajak galyň urgan bolýar.

Hulasa, pygamberimiziň (s.a.w) mugjyzalary on bäş kysyma bölünýär. Bereket mugjyzasy şolaryň diňe birisidir. Şol wagtyň özünde bereket mugjyzasy hem on bäş görnüşe bölünýär. Ýokarda beýan eden on bäş mysalymyz onuň diňe bir görnüşine degişlidir. Ýöne bu mysallaryň her biri pygamberligiň güýçli delili bolup durýar. Dogry, olaryň käbiri dogrusynda muny diýip bolmaýar. Emma «güýçliniň arkasyndan ejiz hem güýçlenýär» diýen kada laýyklykda, olar hem güýçli delil hökmünde kabul edilýär.  

Inçe ýüpler hökmündäki bu on bäş mysaly birleşdirsek, ygtybarly magnawy tewatür habara esaslanýan, ullakan «mugjyza tanapy» emele gelýär. Munuň üstüne bereket mugjyzasyna degişli beýan edilmän galan, beýleki on dört görnüşi hem goşsak, mäkäm tanaplaryň birleşiginden hiç üzülmeýän ullakan bir urganyň emele gelşi deýin, ägirt uly mugjyza görnüşi peýda bolýar. Soňra-da muňa pygamber mugjyzasynyň beýleki on dört kysymyny hem birleşdir! Şonda sen Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň pygamberligini subut edýän nähili kuwwatly, nähili mäkäm, nähili ygtybarly deliliniň bardygyny görersiň!

Ine, Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň pygamberlik binýady äpet dag mysaly şu mugjyzalar kysymynyň jeminden tutulandyr. Betgümanlyk edip, şol jemiň düzümine girýän käbir parçalaryň berkligine şübhelenmegiň, mäkäm tutulan belent pygamberlik binýadyny gowşak ýa-da durumsyz hasaplamagyň neneňsi akylsyzlykdygyna aň eden bolsaňyz gerek.

Hawa, berekete degişli şol mugjyzalar bize ine, şundan habar  berýär: Muhammet aleýhyssalatu wessalam hemmäniň rysgyny berýän, bütin rysklary ýaradan Zaty-Rahymyň we Zaty-Kerimiň iň mähriban wekilidir, iň arzyly guludyr. Şol sebäpli Allatagala onuň üçin hemişeki adatyny bozýar, hiçden, garaşylmadyk ýerden oňa rysk eçilýär.

Mälim bolşy ýaly, Arap ýarymadasy gurak we ekerançylygy az ýurt. Şonuň üçin şol sebitiň ýaşaýjylarynyň, esasanam, yslamyýetiň ilki döwründe sahabalaryň güzarany kyn bolupdyr. Olaryň çöl-beýewanda suwsuz galan gezekleri az bolmandyr. Ine, şol sebäpli-de Muhammet aleýhyssalatu wessalamyň görkezen mugjyzalarynyň aglabasy nahar we suw bilen baglanyşykly ýüze çykypdyr. Diýmek, bu mugjyzalar pygamberligi tassyk etdirmek üçin däl-de, eýsem Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalama mätäçlikden ötri berlen ylahy yhsan, rabbany sowgat, rahmany zyýapat eken. Sebäbi bu mugjyzalaryň şaýady bolan kişiler onsuzam Onuň (s.a.w) pygamberdigini ykrar edipdiler. Ýöne mugjyzalar ýüze çykdygysaýyn olaryň imanlary barha güýçlenýärdi, «nurun ala nur» diýleni bolýardy.


[1] «Men bilen sen galdyň, (otur) sen hem iç!»

[2] Buhary, 8/120; Tirmizi, «Kyýame» 16.

[3] «Kimde-kim bilip-durup, meniň aýtmadyk zadymy aýtdy diýse, dowzahdaky ýerine taýýarlanybersin». (Buhary, 1/38; Muslim, 1/10; Kettany, «Nazmul-Mutenasir», «Fil-Hadisil-Mutewatir» s.20/24.)