Bagtyýar maşgalanyň täze ýurt ýerleri

Toý sowlupdy. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bilen hezreti Hatyja (r.a) Ebu Talybyň öýünde ýaşaýardylar. Şol günler hezreti Hatyja (r.a) janyndan eziz görýän Pygamberimize (s.a.w) ýene-de bir garaşylmadyk sowgat taýýarlapdy. Ol agalarynyň ogullarynyň biri, söwda şärikdeşi Hakim ibni Hizamyň öýleriniň birini satyn alyp, mundan beýläk maşgala bolup, şol ýerde ýaşamagy müwessa bilipdi. Bu öý aslynda hezreti Hatyjanyň (r.a) kakasy Huweýlidiň öýüdi. Ol aradan çykandan soňra inisi Hizama miras galypdy, ondan hem Hizamyň ogly Hakim ibni Hizama geçipdi.

Hezreti Hatyja (r.a) söýgüli Habybyny (s.a.w) begendirmek, göwnüni tapmak üçin elinden gelenini gaýgyrmaýardy. Onuň (r.a) Hakim ibni Hizamyň Käbä örän ýakyn oturan howlusyny[1] satyn alyp, Resulalla (s.a.w) bilen bu ýere göçmeginiň hem asyl sebäbi Käbäniň ekiz taýy hasaplanylýan Resuly-Ekremiň (s.a.w) köňlüni hoş etmekdi.[2] Resulalla (s.a.w) ajy-süýji nijeme wakalaryň şaýady bolan bu mübärek mekanda ýigrimi sekiz ýyl ömür sürüpdi.[3]

Resuly-Ekremiň (s.a.w) bu öýüniň gapysy «Attarin» diýilýän köçä tarap açylýardy. Giräýeniňde daş düşelen, ýerden biraz galdyrylan eýwan bardy. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bu eýwanyň öň tarapynda ýerleşen, diňe bir adamyň namaz okap biläýjek giňişlikdäki sekini[4] namazgäh edinipdi. Bu eýwanyň hezreti Zübeýr ibni Awwamyň (r.a) öýüne bakýan diwaryndan bir gapy açylyp, ondan göni hezreti Zübeýriň (r.a) howlusyna geçip bolýardy. Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) bu öýüniň ýanynda «Rum»[5] diýlip atlandyrylýan guýy hem bardy.[6]

Bu öýde hezreti Hatyja (r.a) alty çagany dünýä inderipdi. Şeýlelikde, hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) hezreti Mariýe (r.a) enemizden bolan Ybraýym atly oglundan galan çagalarynyň hemmesi bu öýde doglupdy.


[1] Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) Medinä hijret edenden soňra bu öý Ebu Talybyň ogly Akiliň ygtyýaryna geçdi. Hernäçe gynandyryjy bolsa-da, hezreti Alynyň (r.a) we hezreti Jaferiň (r.a) agasy Akil şol wagt müşrik bolansoň, mekgeli müşrikler bilen bile hereket edýärdi. Şeýdip, Resuly-Ekreme (s.a.w) degişli, gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak miras ýok edildi. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bu öýünde on üç ýyllap adamlary hak dine çagyrypdy. Bu mübärek mekanda nijeme aýatlar inipdi. Galyberse-de, musulmanlar bilen bir hatarda Mekgäniň ady belli kethudalary nijeme gezekler bu öýe zyýapata gelipdiler. Welid ibni Mugire, Utbe, Şeýbe, Ukbe ibni Ebu Muaýt, Ebu Jehil ýaly hötjet müşrikler hem bosagasyndan ätläniňden kalbyňa rahatlyk çaýýan bu öýe birnäçe gezek gelipdiler, emma kesirlikleri, görübilmezçilikleri sebäpli Haka iman getirmekden binesip galypdylar. Hatda käbir taryhy çeşmelerde Mekgäniň Ebu Jehil, Ebu Sufýan, Ahnes ibni Şerik ýaly kethudalarynyň hernäçe duşman hem bolsalar, nijeme gezekler bu öýde nämeleriň bolup geçýänini bilmek üçin, bu ýeriň ýakynynda ýary gijä çenli oturyp, bolup geçýän hereketleri synlandyklaryny, hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) okaýan Kuran aýatlaryny diňläp, bir zatlar aňlamaga çalşandyklaryny beýan edýärler. Ser. Ýemani, «Hadije binti Huweýlid Seýýidetün fi kalbil-Mustafa», 37 we beýl.

[2] Mekgäniň eýelenen gününde ýa-da Hoşlaşyk Hajynda sahabalar Resuly-Ekreme (s.a.w): «Öýüňize barjakmysyňyz?!» diýip sorapdylar. Şonda olar bu öýi göz öňünde tutupdylar. Emma hezreti Pygamberimiz (s.a.w): «Akil bize öý goýdumy näme?!» diýip, bu öýde ýaşamakdan ýüz dönderipdi we çadyryny Mekgäniň daşynda, Ebtahda gurduryp, şol ýerde bolupdy. Ýogsam, bu öý Onuň doly hukukly öz öýüdi. Bu ýerde bolmaga ýeke agyz razylyk bersedi, Akil bu ýeri hezreti Pygamberimiz (s.a.w) üçin gül pürkülen ýaly edip taýynlajakdy. Ser.Buhary, «Hajj», 44; Müslim, «Hajj», 80.

[3] Soň-soňlar hezreti Muawiýe (r.a) halyf döwründe hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) bu öýüni satyn alýar we daşyna haýat aýladyp, ony metjide öwürýär. Ol Mekgäniň eýelenen güni hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) «Ebuanyň öýüne girenlere-de zowal ýokdur» diýen kakasy Ebu Sufýanyň öýüniň Pygamberimiziň öýüne seredip duran diwaryndan gapy açdyrypdyr. Şeýtmek bilen, bu ýerini hem taryhy gymmatlyklaryň hataryna goşmak isläpdir. Bu gün bu gapy «Raýta binti Ebil-Abbas» gapy diýlip atlandyrylýar. Ser.Ezraki, «Ahbaru-Mekke», 2/192. 

[4] Bu sekiniň ýerden altmyş santimetr ýokardadygy, ininiň hem şonçarak bolandygy hakynda maglumatlar bar.

[5] Bu guýynyň adyny «Zum» diýip atlandyrýan taryhy çeşmeler hem bar.

[6] Käbir çeşmeler Abduşşems ibni Abdymenafyň öz döwründe birbada iki sany guýy gazdyrandygyny, «Hum we Rum atly iki sany guýy gazdyrdym. Goý, bu biziň asylzadalygymyzyň, at-abraýymyzyň nyşany bolsun» diýendigini beýan edýärler. Ser.Belazuri, «Futuhul-Buldan», 1/57.