Hezreti Hatyjanyň (r.a) durmuşy

Huweýlid gyzy Hatyjany «Ebu Hale» lakamy bilen tanalýan Hind ibni Zürarä[1] durmuşa çykarýar. Köp wagt geçmänka, bu täze gurlan maşgalada Hale hem-de Zeýneb diýen iki sany gyzjagaz bilen Hind[2] atly oglanjyk dünýä inýär. Hezreti Hatyja Hindi dünýä inderenden soňra onuň ady oglunyň[3] ady bilen baglanyşdyryp, «Ümmi Hind» diýlip tutulmaga başlanýar.

Emma hezrreti Hatyja Ebu Hale bilen uzak ýaşaşmak nesip etmeýär. Depseň deprenmez döwletiň eýesi Ebu Hale ýaş wagty dünýeden ötýär. Ol ähli baýlygyny Hatyja miras galdyrypdy. Şol wagtky durmuş kadalaryna görä, adamsy aradan çykan zenan ýa başga birine durmuşa çykmalydy ýa-da atasy öýüne gaýdyp barmalydy. Nadanlygyň höküm sürýän jemgyýetinde ataň öýüne barmak halanylmaýardy. Bu ýagdaý, köplenç, täze maşgala gurmak bilen tamamlanýardy. Şonuň üçin hezreti Hatyja-da Ebu Haläniň ölüminden soňra Beni Mahzum tiresinden Atik inbi Aiz[4] atly kişi bilen goş birikdirýär.[5]

Hezreti Hatyjanyň kysmatynda Atik inbi Aiz bilen hem az wagtlyk ömür sürmek bar eken. Aradan köp wagt geçmänkä, Atik hem aradan çykýar. Hezreti Hatyjanyň ondan Hind[6] atly gyzy bolýar.[7]

Şol wagtlar Fijar söweşi başlapdy. Hezreti Hatyjanyň kakasy Huweýlid hem bu söweşleriň birinde ölýär. Kakasyny hem ýitiren hezreti Hatyjanyň üçüsi gyz, dördüsi erkek ýedi dogany bardy. Gyz doganlarynyň ady Hale,[8] Halide[9] we Rakika,[10] erkek doganlary bolsa Awwam,[11] Hizam,[12] Adiý[13] we Newfeldi.[14] Mundan beýläk bu maşgalanyň keşigini çekmek, olara göz-gulak bolmak kakalarynyň dogany Amr ibni Esediň boýnuna düşýär.

Hezreti Hatyjanyň gyz dogany Hale Rabiý ibni Abdiluzza durmuşa çykýar. Bu ikisinden gelejekde «Emin» diýen lakam bilen meşhurlyk gazanjak Ebul-As dünýä inýär.[15] Onuň bu lakama mynasyp boljak derejede kämil şahsyýet bolup ýetişmeginde Waraka ibni Newfeliň paýynyň uludygy şübhesizdir.

Hizamyň ogly Hakimiň hem hezreti Hatyjanyň ýanynda aýratyn orny bardy. Tejribeli, ökde täjir Hakim ibni Hizam onuň iň ýakyn kömekçileriniň biridi.[16]

Gelejekde Resulallanyň (s.a.w) hawarisi (ýardamçysy) diýen beýik mertebä eýe boljak Zübeýir ibni Awwam (r.a) hem hezreti Hatyjanyň başga bir agasynyň ogludy.[17] Zübeýir ibni Awwamyň (r.a) ejesi Pygamberimiziň (s.a.w) ejekesi hezreti Safiýýedir.

Ýaş başyndan agyr hojalygyň keşigi başyna düşen hezreti Hatyja (r.a) ähli babatda diýen ýaly jigileri ýardam edýärdi. Olar ejekeleriniň ýetişip bilmeýän işlerini ýöretmekde ýakyndan goldaw berýärdiler. Şeýdip, oňa ýanýoldaşynyň, kakasynyň ýoklugyny bildirmezlige çalyşýardylar.

Hezreti Hatyja (r.a) hossarlary daşyny gallap duransoň, üstesine-de rysgal-döwleti-de ýetik bolansoň, daşyndan kimdir biriniň ýardamyna mätäçlik duýmaýardy. Şonuň üçin ol kureýşiň saýlantgy, baý kişileriniň iberýän sözaýdyjylaryny yzyna gaýtaryp, täzeden bagtyny synap görmegi bütinleý goýbolsun edipdi.[18]  Onuň ýöräp duran bereketli söwdasy bardy. Ol hem beýlekiler bilen bir hatarda täjirçlilik bilen meşgullanýardy. Baýlygyny öwrüp-çöwrüp, artdyrmaga, ony çagalarynyň geljegi üçin aýap saklamaga çalyşýardy. Hezreti Hatyja (r.a) çagalary bilen asuda durmuşda ýaşaýardy.

Emma ýazgydyň hökümi başgaçady! 


[1] Käbir çeşmelerde onuň Hind ibni Nebbaş ibni Züraredigi hem aýdylýar. Ibni Sad, «Tabakat», 8/11; Ibni Hajer, «Isabe», 3/2059.

[2] Şol wagtlar oglan hem-de gyz çagalara-da Hind diýen at dakylýar eken.

[3] Kakasynyň ady dakylan, edebiýatda, suhangöýlükde meşhurlyk gazanan Hind ibni Hindiň (Ebi Hale) örän çeper beýan ediş ukyby bardy. Ol söýgüli Pygamberimiziň (s.a.w) mübärek keşbini, daş görnüşini, gözel ahlagyny iň inçe aýratynlyklaryna çenli beýan eden üç kişiniň biridir. Hind Pygamberimiz (s.a.w) bilen Bedir hem-de Uhud söweşlerine gatnaşdy. Ol Jemel wakasynda hezreti Alynyň tarapynda söweşip şehit bolýar. Onuň ogly Hind hem Basradaka, şol ýerde dörän mergi keselinden aradan çykýar. Kesel ýokaşar gorkusy bilen ölenleriň jesedine ýakynlaşmaýan adamlar Pygamberimiziň (s.a.w) öweý agtygy bolan Hindiň jesedini tanap, ýerli-ýerden ylgaşyp gelýärler. Şol gün Basrada hezreti Hindi jaýlamaga üýşen märekäniň arasynda örän uly izdiham (dyknyşyk, basa-baslyk) bolýar. Ibni Hajer, «Isabe», 3/2059.

[4] Onuň Atik ibni Abiddigi hem aýdylýar. Ibni Hişam, «Sire», 2/404; ibni Sad, «Tabakat», 8/11.

[5] Hezreti Hatyjanyň (r.a) ilki Atik ibni Aiz bilen durmuş gurandygy barada hem aýdylýar. Ibni Hajer, «Isabe», 4/2480.

[6] Hezreti Hatyjanyň (r.a) ikinji adamsyndan bolan gyzy Hind binti Atik kämillik ýaşyna çenli ejesiniň ýanynda bolýar. Soňra Hezreti Hatyja (r.a) ony Mahzum ogullaryndan Safiý ibni Ümeýýä durmuşa çykarýar. Olaryň Muhammet atly ogly bolýar. Soň-soňlar Medinä göçen Hindiň ogly Muhammedi we onuň neslini mamalary hezreti Hatyjanyň ady bilen ýatlap, «Tahireniň ogullary» diýip atlandyrypdyrlar. Ser. Ibni Hişam, «Sire», 2/404.

[7] Käbir çeşmeler hezreti Hatyjanyň (r.a) Atik ibni Aizden Abdulla ýa-da Abdimenaf atly oglunyň hem bolandygyny ýazýarlar. Ser. Ibni Hişam, «Sire», 2/404.

[8] Musab ez-Zübeýri, «Nesebu Kureýş», 1/72; Ibni Hişam, «Jemhere», 1/54. Hezreti Hale bilen Hatyja enemiz enebir-atabir dogandyr.

[9] Ibni Habib, «Muhabber», 1/100.

[10] Ibni Hazm, «Jemhere», 1/54; Ibni Habib, «Muhabber», 1/100; Musab ez-Zübeýri, «Nesebu Kureýş», 1/72.

[11] Bu kişi ilkinji musulmanlaryň biri hem-de Aşereýi-Mübeşşereden (dirikä jennetidikleri Pygamberimiz tarapyndan buşlanan on sahaba) bolan Zübeýir ibni Awwamyň kakasydyr. Ser. Ibni Hazm, «Jemhere», 1/54.

[12] Bu kişi hezreti Hatyjanyň iň ýakyn ýardamçysy bolan Hakim ibni Hizamyň kakasydyr. Ol Fijar söweşinde aradan çykýar. Ser. Ibni Hazm, «Jemhere», 1/54; Belazuri, «Ensab», 8/40-41.

[13] Nesli dowam etmändir. Inbi Sad, «Tabakat», 3/38.

[14] Newfel «Kureýşiň arslany» dýilip atlandyrylýardy. Yslam dini gelende, ol müşrükleriň hatarynda boldy. Ahyrynda-da Bedir söweşinde öz doganynyň ogly Zübeýir ibni Awwam tarapyndan öldürildi. Ser. Ibni Hazm, «Jemhere», 1/54. Ol musulmanlara örän gazaply daraýardy. Ol bir gezek hezreti Ebu Bekir (r.a) bilen hezreti Talhany (r.a) biri-birine daňyp, gynapdy. Onuň bu zulumyndan soň «Biri-birine baglanyp, ýakynlaşdyrylan iki ýakyn kişi» diýen manyda hezreti Ebu Bekir bilen hezreti Talha (radyallahu anhum) «Kariban» diýilýär. Ser. Ibni Hazm, «Jemhere», 1/54; Musab ez-Zübeýri, «Nesebu Kureýş», 1/72. Aşereýi-Mübeşşereden bolan Zübeýir ibni Awwam (r.a) kakasy aradan çykandan soň Newfeliň ýanynda ulalýar. Onuň ejesi hezreti Safiýýe wagtal-wagtal ogluna gahary gelip, oňa temmi beren wagty Newfel ara goşulyp, onuň bu bolşuny ýazgarýardy, çagany urmagyna garşylyk görkezýärdi. Pygamberimiziň (s.a.w) ejekesi bolan hezreti Safiýýe (r.a) bolsa oňa ogluny terbiýelemek, gelejekde oňat adam edip ýetişdirmek maksady bilen temmi berýändigini şygyr beýtlerine salyp aýdýardy. Muňa garamazdan, Newfel haşymogullarynyň ýanyna gelip, «Siz bir zat diýäýmeseňiz, bu şahyryňyza biz-ä gep düşündirip bilemzok» diýip, nägile bolýardy. Ser. Ibni Hazm, «Jemhere», 1/54.

[15] Wagty-sagady gelende Hatyja enemiz (r.a) Pygamberimiziň (s.a.w) hem razylygyny alyp, nowbahar gyzy hezreti Zeýnebi Ebul-Asa durmuşa çykarýar.

[16] Hakim ibni Hizam Pil wakasyndan on üç ýyl öň dünýä inýär. Käbäniň hyzmaty bilen bagly işleri ýerine ýetirýändigi hem-de ýaşlarynyň arasynyň golaýlygy jähetinden onuň Pygamberimiz (s.a.w) bilen özboluşly bir ýakynlygy bardy. Ol şol döwürde nesil daragtyny iň gowy yzarlaýan, şejere ylmyny oňat bilýän kişileriň biridi. Hakim ibni Hizam eždady Kusaý ibni Kilabdan miras galan Darun-Nedwe bilen baglanyşykly işleri dolandyrýardy. Ol wahyýyň ilkinji inip başlan günleriniň birinde Pygamberimiziň (s.a.w) iň ýakyn ýardamçylarynyň biri bolan hezreti Zeýdi (r.a) Ukaz bazaryndan satyn alyp, ejekesi hezreti Hatyja getirip berýär. Hakim ibni Hizam haşymogullaryna we musulmanlara boýkot yglan edilen agyr günlerde-de gaýratlylygy, ugurtapyjylygy bilen hezreti Hatyja we agyr ýagdaýda galan beýleki musulmanlara azyk-owkat daşap, elinden gelen kömegi edýär. Şeýle hem bolsa, ol Mekgäniň eýelenmeginden soňra musulman bolýar. Hakim ibni Hizam Bedir söweşinde ýesir düşmän, musulmanlaryň elinden janyny zordan halas edýär. Hassan ibni Sabit onuň Bedir söweşi güni başyna düşen ýagdaýyny şygyr bilen beýan edýär. Hakim ibni Hizam hem şonda özüniň nä hala uçrandygyna soň-soňlar düşünýär. Ol her dileg edende, «Meni Bedirde heläk bolmakdan halas eden Alla hamdy-senalar bolsun!» diýip, Rebbine hamd ederdi. Mekgäniň eýelenen güni Pygamberimiz (s.a.w) Hakim ibni Hizamy hem ýakyn gören kişileriniň hataryna goşup, onuň öýüne girip, çykman oturanlara-da aman beriljekdigini yglan edýär. Şol gün Hakim ibni Hizam hem musulman bolýar. Ol iman getirende, Resuly-Ekrem (s.a.w) Hakim ibni Hizamyň öňki eden ýagşylyklaryny, haýyrly işlerini ýatladyp, onuň üçin öwgüli sözler aýdýar: «Sen, hiç sübhesiz, mundan öňki eden haýyrly amallaryň bilen musulman bolduň!» Ser. Buhary, «Zekat», 24; Müslim, «Iman», 55.

            Hakim ibni Hizam hijretiň 54-nji ýylynda hezreti Muawiýäniň halyflygy döwründe dünýeden ötýär. Bakyýete göç eden wagty ol ýüz ýigrimi ýaşynda eken. Hakim ibni Hizam ömrüniň altmyş ýylyny dinsizlik döwründe, galan altmyş ýylyny bolsa musulmanlykda geçirýär. Ser. Belazuri, «Ensab», 9/453-455.

[17] Hezreti Zübeýir (r.a) pygamberiligiň ilkinji günlerinde heniz on iki ýaşyndaka musulman bolýar. Ol ilki Hebeşistana, soňra bolsa Medinä hijret edýär. Ol Allanyň ýolunda gylyç guşanan ilkinji sahabadyr. Pygamberimiz (s.a.w) Bedir söweşinde kömege gelen perişdeleriň asmandan hezreti Zübeýiriň keşbinde inendiklerini aýdýar. Şeýle hem Resuly-Ekrem (s.a.w) kuraýzaogullarynyň mähellesi gabawa alnanda görkezen edermenligini şu öwgüli sözleri bilen beýan edýär: «Her nebiniň bir ýardamçysy bardyr. Meniň hem ýardamçym Zübeýirdir!» Buhary, «Megazi», 29; Müslim, «Fezailüs-sahabe», 6. Hezreti Zübeýir (r.a) has soňky ýyllarda-da hemişe öň hatarda bolýar. Ol hezreti Omaryň (r.a) wesýeti esasynda saýlanan alty kişiden ybarat geňeşiň agzalarynyň biri bolup, hezreti Omardan soňky halyfyň saýlanmagynda uly rol  oýnaýar.

[18] Ebu Jehil lakamy bilen tanalýan Amr ibni Hişam hem şol wagtlar hezreti Hatyja (r.a) öýlenmek isleýän kişileriň biridi. Hezreti Hatyja (r.a) şol bir bahana bilen onuň hem sawçysyny yzyna gaýtarýar. Ol has soňky ýyllarda depesine gonan bagt guşuny uçurmak islemän, Pygamberimize (s.a.w) durmuş gurmak baradaky teklibini ýetirende, Ebu Jehil muny eşidip, gahar-gazaba münýär. «Meniň sözümi alman, Ony saýlar ýaly, menden näme üýtgeşik ýeri bar?!» diýip, närazylygyny bildirýär.