Waraka ibni Newfel gapynyň emaý bilen kakylyşyndan kimiň gelendigini aňypdy. Öňkülere garanda, onuň bu gezekki kakyşynda aljyraňňylyk duýulýardy. Waraka ibni Newfel içerden seslendi:
– Hatyja! Tahire! Senmidiň asyl?
– Hawa, men Hatyja.
Waraka ibni Newfel gapyny açdy. Galagoply görünýän Hatyjanyň ýüzi ak tamdy.
– Eýgilikmi beri?! Bu nä boluş? Daň bilen gelmegiň sebäbi näme?!
Hezreti Hatyja «Dur, dur! Azajyk sabyr etseň, hemme zady düşündirjek» diýen manyda doganoglanynyň ýüzüne garady. Içeri girenden soňra gören düýşüni bolşy ýaly gürrüň berdi.
Hezreti Hatyjanyň ir bilen elem-tas bolup gelşi, onuň gören düýşüniň ýorgudy Waraka ibni Newfeli haýran galdyrdy. Çünki ol gaýyp äleminden doganoglanynyň kalbyna gelýän ylhamlaryň, düýşlerinde bildirilýän yşaratlaryň ählisiniň üsti bilen äşgär edilmek islenilýän syra göz ýetiripdi. Şol alamatlaryň diline düşünýän Waraka ibni Newfeliň tolgunmakdan ýaňa sesi sandyrap çykdy:
– Buşluk! Buşluk, eý, agamyň gyzy! Bu düýşüň Allanyň saňa bagyş etjek lutfy-kereminden alamatdyr. Munda şek-şübhe ýokdur. Ýakyn günlerde Alla seniň öýüňi üýtgeşik bir nur bilen ýagtyltjak. Dogrusyny Alla biler, ýöne çakym çak bolsa, bu nur pygamberlik nury bolmaly.[1]
– Pygamberlik nury?!
– Hawa, ahyrzamanda geljek pygamberiň nury.
Waraka ibni Newfel soňky sözlerinden soň gözlerini bir nokada dikip, birsalym ýere garap durdy. Hezreti Hatyjanyň bilesigelijiliginden ýaňa ýüregi ýarylaýyn diýýärdi. Emma doganoglany näme üçindir, düýşüň ýorgudynyň iň aýgytly ýerinde dymýardy. Onuň daşky görnüşinde diýjek sözüni doly aýdyp bilmedik, hatda aýtjagyny-da, aýtmajagyny-da bilmän, ýaýdanyp duran kişiniň haly bardy.
Sekuntlar sagatlara dönüpdi. Wagt geçmeýän ýalydy. Warakanyň bir zatlar diýerine mähetdel bolup duran hezreti Hatyjan geçen günlerini hyýalynda janlandyrmaga başlady. Ol şol ýerlerden pygamberlik nurunyň bolup biläýjek salgylaryny agtarýardy. Ýogsa-da, hezreti Hatyja şol «salgyny» tapypdy diýen ýalydy. Çünki häzirki güne çenli pygamberlik hakynda eşidip gelýän maglumatlary bir ýana, onuň bilen baglanyşykly özüniň hem başyndan geçiren wakalary bardy. Bularyň hemmesi birleşip, şol bir salgyny görkezýärdi.
Hezreti Hatyja birnäçe ýyl mundan öň ýanyna iş hakyny sorap gelen ýetginjegi ýatlady. Adaty bolşy ýaly, hezreti Hatyja söwda ýollajak kerweni üçin onuň düýelerini kireýine tutupdy. Iş tamamlanandan soň ýaňky ýetginjek hakyny almak üçin gelipdi. Emma düýeleriň hemmesi özüniňki bolmansoň, başda gepleşilen hakyň ýarysyny soraýardy. Diýmek, düýeleriň eýeleriniň haklaryny hersine aýratynlykda bermelidi. Hezreti Hatyja muňa anyk göz ýetirmek üçin ýetginjekden sorady:
– Hany, Muhammet nirede? Ol hakyny almaga geljek dälmikä?!
– Oňa: «Ýör, bile gideli» diýdim. Emma ol: «Sen gidiber. Men hakymy sorap barmaga utanýaryn» diýdi.
Bu jogaby eşiden hezreti Hatyja haýranlar galypdy. Ol görüp otursa, adamy çürkemegiň, başga biriniň emlägini talamagyň kişilik hasap edilýän, munuň bilenem oňulman, bu işiň gahrymanlyk saýylyp, kasydalar bilen wasp edilýän döwründe maňlaý deri bilen gazanan hakyny-da sorap barmaga ejap edýän päk ahlagyň Nusgasy bilen iş salşan eken. Adamzat gymmatlyklaryndan bütinleý diýen ýaly sypyrylan bu jemgyýetden şeýle şahsyýetiň çykmagy diňe Käbäniň Rebbiniň keremi bilen mümkin bolup biljekdi.
Hezreti Hatyja soň-soňlar hem kämil ahlagyň eýesi bolan bu Kişi (s.a.w) bilen işleşipdi. Her gezeginde-de bu Şahsyýetiň adamkärçiligine hasam haýran galýardy. Bu bolsa hezreti Hatyjanyň Oňa (s.a.w) bolan hormatyny barha artdyrýardy. Soňabaka hezreti Hatyja mertebeliligiň janly heýkeli bolan bu Ynsany has ýakyndan tanamak üçin dürli sebäpler bilen Oňa ýüz tutupdy. Hezreti Hatyja Ony ýakyn hyzmatkäri Meýsere bilen Jürşde guralýan bazara[2] hem hut şol maksat bilen iberipdi.[3] Üstesine-de, Ony şol bazara yzly-yzyna iki gezek ýollapdy. Her gezeginde-de ummasyz mukdarda haýyr görüpdi. Şonda ol Ony (s.a.w) hasam içgin tanamaga mümkinçilik tapypdy. Resulalla (s.a.w) şol gezekki eden söwdalarynda hezreti Hatyjanyň örän jomartlyk bilen eçilendigini soň-soňlaram ýatlardy:
– Garamagyndaky adamlaryna oňat göz-gulak bolmakda Hatyjadan jomart, ondan aladaçyl kişi görmedim. Her gezek ýoldaşym bilen Mekgä dolanyp gelenimizde, bizi dürli tagamlar bilen hezzetlärdi, serpaýymyza çenli taýynlap goýardy![4]
Waraka ibni Newfel ýuwaşlyk bilen başyny galdyrdy. Şonda geçmişiň sahypalarynda ýören hezreti Hatyja häzirki müddete dolanyp geldi. Nazarlar ýene-de biri-birine kaklyşdy. Hatyjanyň düýşüni ýumak kimin çözlejek beýanlar taýyndy!
Hezreti Hatyja indi esli ýyl bäri doganoglanynyň şägirdidi. Ol bilmek isleýän sowallaryyň jogabyny almak üçin nijeme gezekler bu bosagadan edep bilen ätläpdi. Häzir bolsa bu yhlasly talybyň mürşidiniň gapysynda intizar bolup garaşmagynyň serpaýyny almaly wagty gelipdi. Ol bütin ünsüni jemläp, ussadynyň agzyndan çykjak jümlelere garaşýardy. Ahyrynda müridiň yhlasy mürşidiniň diliniň kildini ýazdyrdy. Waraka ibni Newfel:
– Ahyrzaman pygamberi häzir aramyzda – diýdi-de, ýene-de dymdy. Onuň dünýäsinde haýsydyr bir harasatyň gopýandygy sözüniň yzyny getirip bilmän, ýuwdunyp durşundan bellidi. Onuň bu gezekki gepleýşi öňkülerinden tapawutlydy. Sözlerini bölüp-bölüp gepleýärdi. Hatda pikirini aýdyp-aýtmazlykda-da ýaýdanýardy. Emma çeşmäniň uzakdan eşidilýän şirrildisinden şol ýerde datly suwuň barlygyndan habar berşi ýaly, Warakanyň tolgunçly halyndan syzýan bu jümleler iru-giç onuň joşjakdygynyň alamatydy. Şonuň üçin hezreti Hatyja howlukmady. Aýdyljak syry bilesi gelmekden ýaňa ýüregi howlap duran hem bolsa, soňuna çenli garaşmalydy.
Ine, şol pursat Waraka ibni Newfel gözlerini güldürip, doganoglanyna garady, göýä diýersiň ýazgyt galamyndan çykan setirleri okap duran dek dür saçyp ugrady:
– Sen Onuň maşgalasy bolarsyň! Bile ýaşaşyp ýören döwrüňiz Oňa wahyý geler! Onuň dini bütin älem-jahany gurşar! Oňa ilkinji bolup iman getiren hem Sen bolarsyň! Bu pygamber kureýşden, özi hem haşymogullaryndan dörejek!
Bu sözleri eşiden hezreti Hatyja doňup galdy. Onuň üçin ýaşaýyş bütinleý togtap, damarlarynyň gany gurap galan ýalydy. Bu düýşüň salgy berýän gapysynyň arkasynda, gör, nähili dürri-merjenler, pygamberlik nurunda, gör, nähili gizlin hazynalar bar eken! Diýmek, hezreti Adamdan (a.s) bäri buşlanyp gelinýän ahyrzaman pygamberiniň[5] döremegine az wagt galan eken. Hatyja-da Onuň ýanýoldaşy bolmaly eken.
Birwagtyň özünde munça hakykaty eşiden hezreti Hatyja aljyrap, özüni ýitiripdi. Ol soňabaka düýşünde görenleri bilen eşidýän zatlaryny aňynda biri-biri bilen garyşdyryp ugrady. Ýogsa-da, olaryň haýsysy düýş, haýsysy hakykat?! Waraka Onuň diňe adyny aýtmandy. Onuň galan wasplaryny bir tarapa goýup, diňe «Mekgede» diýen bolsady, şonda-da Onuň kimdigini bilmek hezreti Hatyja kyn düşmezdi. Çünki şol güne çenli ahyrzaman pygamberi hakynda eşidýän hakykatlarynyň hemmesi birleşip, Ony görkezýärdi. Waraka ibni Newfel hem «Ol kureýşden çykjak» diýeni bilen çäklenmän, «kureýşiňem haşymogullary urugyndan dörejek» diýip, Onuň anyk kimdigini äşgär aýdypdy:
Ol Muhammedül-Emindi (s.a.w)!
Mundan aňyrda aýdara söz galmandy. Hezreti Hatyja ýene bir ýola ussadynyň gözlerine garady. Sözsüz gepleşýärdiler. Onuň kalbyndan nämeleriň geçýändigini okap oturan Waraka ibni Newfel başyny çala yrap, Hatyjatül-Kübrany tassyklaýardy:
– Hawa, Muhammedül-Emin! – diýýärdi.
Päk ahlagyň eýesi, edep-haýanyň nusgasy hezreti Hatyja Afifi-Ekmeliň (s.a.w) eşidenden boz-ýaz boldy. Utanjyndan ýüzüni ýerden galdyryp bilmedi. Tolgunmakdan ýaňa çarp urýan duýgularyna erk etjek bolup, dodagyny berk ýumdy. Onuň bu ýerde mundan köp eglenmäge takaty galmady. Ol ussadyna: «Bu zatlary hiç kime aýtmaweri!» diýýän manyda garady-da, sessiz-üýnsüz turmak bilen boldy. Hezreti Hatyja entegem az wagtyň içinde yzly-yzyna başyndan geçiren ruhy sarsgynlardan aýňalyp bilmändi. Ol öýüne girenden heniz ýygnabam ýetişmedik düşegine özüni atdy. Dyzyna çöküp oturşyna, ellerini ýüzüne tutup aglady.
[1] Ýemani, «Hadije binti Huweýlid Seýýidetün fi kalbil-Mustafa», 26.
[2] Jürş Ýemeniň bir bazary bolup, Mekgeden alty gijelik ýol uzaklykdadyr. Bu bazar her ýylyň Rejep aýynyň ilkinji günlerinde guralyp, üç günläp dowam edipdir. Ser. Ýakut el-Hamewi, «Mujem», 2/216.
[3] Hezreti Hatyja şol wagtlar Pygamberimiziň (s.a.w) her gezekki gidýän sapary üçin Oňa bir düýe töläpdir. Ser. Hakim, «Müstedrek», 3/200 (4834); Beýhaky, «Kübra», 6/18; Ibni-Hibban, «Sikat», 8/317; Ibni-Adiý, «Kamil», 3/131; Salihi, «Sübülül-Huda», 9/13.
[4] Abdurrezzak, «Musannef», 5/321; Beýhaky, «Delail», 1/90; Ibni Seýýidinnäs, «Uýunul-Eser», 1/73.
[5] Käbir çeşmelere ser salnanda, buşlanan kişiniň diňe Resulalla (s.a.w) däldigini, Oňa iň uly goldawy beren hezreti Hatyjanyň hem şunuň ýaly ylahy buşluklara miýesser bolandygyny görmek bolýar. Meselem, hezreti Adam (a.s) şeýle diýýär: «Men bir kişiden başga bütin neslimiň baştutany bolaryn. Şol kişi bolsa Ahmeddir. Onuň menden iki sany artykmaç tarapy bardyr:
1. Oňa ýakyn bolup, iň uly goldawy berek kişi ýanýoldaşy bolar. Meniň ýanýoldaşymyň eden ýardamy bolsa zyýanyma boldy.
2. Allatagala Oňa şeýtanyndan üstün çykmakda ýardam etdi. Şeýtany Oňa boýun boldy. Meniň bilen gepleşen şeýtan bolsa şol kapyrlygyna galdy». Ser. Ibni Asakir, «Taryh», 69/108.