Mekgeliler haşymogullarynyň baştutany Ebu Talybyň akyl-paýhasyna ugurtapyjylygyna, ýiti pähimliligine uly hormat goýýardylar, her bir meselede onuň pikirini diňläp, köplenjem, şonuň diýeni bilen bolýardylar. Şonuň üçin ol bütin Mekgäniň hem baştutany hasap edilýärdi. Ol Waraka bin Newfel sözüni tamamlandan soňra guda ýeriniň maşgalabaşysy Amra bin Esediň hem gutlag sözüni aýtmagyny isledi. Amr bin Esed toýa gelenlere garap, şeýle diýdi:
– Eý, kureýşliler! Ynha, sizem şaýat boluň, men Abdullanyň ogly Muhammede Huweýlidiň gyzy Hatyjany nikalap berdim. Kureýşiň şu ýere ýygnanan bütin aksakgallary bu nikanyň şaýadydyrlar![1]
Ine, Ýer ýüzüniň iň bagtyýar jübütleriniň nika dabarasy şeýle ýönekeý, seýle sada, şeýle asuda geçipdi. Hezreti Hatyjanyň (r.a) düýşünde gören «Güneşi» (s.a.w) onuň öýünden «dogupdy». Bu gün hezreti Hatyja (r.a) enemiz dünýäniň iň bagtly zenanydy. Ol agraslygy, salyhatlylygy bilen kalbynda möwç urýan şatlygyny hernäçe gizlemäge çalyşsa-da, daşky keşbinden onuň begenýändigini aňmak kyn däldi.
Nika gyýlandan soňra hezreti Pygamberimiz (s.a.w) gaýtmak üçin rugsat sorady. Emma hezreti Hatyja (r.a) enemiz Ony (s.a.w) goýbermedi. Ol beýemçilere toýuň tutumyny has-da uludan tutmagy, öldürilýän mallaryň sanyny köpeltmegi tabşyrdy. Yzlaryna gaýtmaga hyýallanýan Ebu Talyba hem-de hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) beýleki agalaryna-da entek oturmagy, gaýta ähli dogan-garyndaşlaryny toýa çagyrmagy haýyş edip, olary hem alyp galdy. Ebu Talyp bu mübärek gijede hemmeleriň uly şatlyk bilen toý toýlaýyşlaryny synlap oturşyna, begenjinden aglaýjak bolýardy. Onuň has ýakynyragynda oturanlar Ebu Talybyň: «Biziň kynçylykdan halas eden, gaýgy-gamlarymyzy gideren Alla hamdy-senalar bolsun» diýip, Beýik Biribara şükür edýändigini eşidipdiler.
Bu Resulallanyň (s.a.w) ilkinji toý zyýapatydy.
Hezreti Hatyja (r.a) toýuna Mekgäniň aýal-gyzlaryny ählisini diýen ýaly çagyrypdy. Onuň (r.a) dogan-garyndaşlary, joralary dep kakyp, aýdym aýdyp, toýuň şowhunyna şowhun goşýardylar. Şol günüň şatlykly howasy diňe toý eýelerini däl, eýsem bütin Mekgäni joşdurypdy. Iki adamyň başynyň çatylan ýerinde bu toýuň gürrüňi edilýärdi. Her kim öz ýanyndan «tüýs biri-birine mynasyp jübüt» diýşip, olaryň nikasyny ýürekden oňlaýardy. Şygyr sungatynyň ussatlary hezreti Muhammet (s.a.w) bilen hezreti Hatyjanyň (r.a) tutýan toýuny şygyr bilen wasp etseler, Mekgäniň kethudalarynyň ýygnaşyşýan mejlislerinde gürrüň ilki bilen bu toýdan başlanýardy.
Hezreti Hatyja (r.a) hezreti Pygamberimize (s.a.w) garaşylmadyk sowgat taýynlapdy. Ol toýlaryna Resulallanyň (s.a.w) Mekgeden iki ýüz kilometr töweregi uzak ýerde ýaşaýan enekesi Halymany hem çagyrdyp getirse nätjek! Resuly-Ekremi (s.a.w) janyndan eziz görýän, Onuň (s.a.w) üçin ähli zada taýyn hezreti Hatyja (r.a) Resuly-Ekreme (s.a.w) ýakyn adamlaryň ählisini özleriniň şatlygyna şärik etmek isleýärdi. Onuň tagallasy bilen hezreti Pygamberimize (s.a.w) göwsünden ak süýt emdiren enekesine hem bu toýa gatnaşmak nesip edipdi.
Hezreti Hatyja (r.a) toýunyň arzyly myhmanlarynyň biri bolan Halyma üçin hem garaşylmadyk sowgat taýynlap goýupdy. Toýuň ertesi güni ýakynu-uzak ýerlerden gelen myhmanlar gaýdarman bolup, her kim ýol şaýyny tutýardy. Birwagtky «Abdulmuttalybyň Ýetimini (s.a.w)» bäbekliginden ulaldyp, ösdürip-ýetişdiren süýt enekesi Halyma-da Beni Sad ýurduna ugrajak bolup durdy. Şonda hezreti Hatyja (r.a) toý serpaýy hökmünde oňa kyrk sany goýun beripdi. Üstesine-de, onuň ýeke özüni ugratman, ýanyna hyzmatkärlerini hem goşup ýola salypdy.[2]
Şeýdip, agzybirlikde ýigrimi bäş ýyllap[3] dowam etjek bagtyýar maşgalanyň düýbi tutulypdy. Şol wagt hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ýigrimi bäş,[4] hezreti Hatyja (r.a) enemiz bolsa kyrk[5] ýaşyndady.
[1] Ýemani, «Hadije binti Huweýlid Seýýidetün fi kalbil-Mustafa», 65 we beýl; Asami, «Semtun-Nujum», 1/429.
[2] Käbir çeşmelerde hezreti Hatyjanyň (r.a) kyrk sany goýny Halymanyň öňüne salyp goýberendigi, muny-da az görüp, birnäçe düýäni hem ýanyna goşandygy hakynda aýdylýar. Ser.Belazuri, 1/95.
[3] Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) hezreti Hatyja (r.a) enemiz bilen ýigrimi dört ýyl, bäş aý, sekiz gün ömür sürýär. Munuň on bäş ýyly waýyý gelmezinden öňki döwre, galany bolsa pygamberlik döwrüne degişlidir.
[4] Käbirleri şol wagt Pygamberimiziň (s.a.w) ýigrimi bir, hezreti Hatyja (r.a) enemiziň bolsa otuz ýaşyndadygyny aýdýarlar. Ser.Ibni Seýýidinnäs, «Uýunul-Eser», 1/69.
[5] Ibni Asakir, «Taryh», 3/194; Ibni Seýýidinnäs, «Uýunul-Eser», 1/69. Az sanly çeşmelerde hezreti Hatyjanyň (r.a) hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bilen durmuş guran wagty onuň ýigrimi bäş (Asami, «Semtun-Nujum», 1/430) ýa-da ýigrimi sekiz ýaşyndadygy (Ibni Kesir, «Bidaýe», 5/314; Zehebi, «Siýer», 2/111; Ibni Asakir, «Taryh», 3/193) aýdylsa-da, bu maglumatlar hakykata gabat gelmeýär. Çünki şol döwürde gyz çaga doglandan beýläk hiç hili köpçülige çykarylman, öýde saklanýardy. Şol öýde gyzyň bardygyny hiç kim bilmeýärdi. Haçanda gyz kämillik ýaşyna ýetende, Darun-Nedwede täze köýnek geýdirilmek ýa-da guşak guşanmak dabarasy arkaly onuň ýetişendigi yglan edilýärdi. Şol döwrüň adamlary şeýle dabara bilen kämillik ýaşyna ýetendigi yglan edilen gyzyň ýaşyny şol günden hasaplap başlaýar eken. Galyberse-de, bu dabaranyň geçirilmeginiň asyl maksady hem şol güne çenli gyz çagasynyň bolandygyny hiç kime aýtman gelen maşgalabaşy ýetişen gyzynyň bardygyny köpçülige habar bermekdi. Belki-de, hezreti Hatyjanyň (r.a) ýigrimi bäş ýa-da ýigrimi sekiz ýaşynda durmuşa çykandygy öňe sürülýän maglumatlarda şol dabara esas alnan bolmagy mümkin.