Şama ýollanan kerwen

Ine, hezreti Hatyja şu hadysalary başyndan geçirýän döwrüdi. Şol günlerde Mekgäniň kethudasy Ebu Talyp onuň Şama iberjek bolýan kerwenine baştutan hökmünde inisi Muhammedül-Emini (s.a.w) teklip edip geläýmezmi! Elhepus, munuň ýaly hem boljak eken! Ýazgyt hiç hili garşy çykyp bolmaýan güýçli hökümini ýöredýärdi. Ebu Talyp gelen wagty Hezreti Hatyjanyň ýaňy-ýakynda gören düýşi biygtyýar ýadyna düşdi. Ol hernäçe syr bildirmezlige çalyşsa-da öýüni ýagtyldan, soňra-da bütin dünýäni nura gark eden «Günüň dogmagyna» az wagtyň galandygyny bütin süňňi bilen syzdy. Ebu Talyp inisi Muhammedül-Emini (s.a.w) kerwenbaşylyga teklip eden wagty, hezreti Hatyja bu bolýan zatlara haýran galmakdan ýaňa aljyrap, bütinleý özüni ýitiripdi. Ol hem tolgunýardy, hem begenýärdi, hem aladalanýardy. Nijeme alasarmyk duýgyny başyndan geçirýän hezreti Hatyja öz-özüne basalyk bermäge çalyşýardy.

Tüýs «Hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna» diýleni bolupdy. Ebu Talybyň öz inisi üçin iki esse muzd talap etdi. Onuň Muhammedül-Emin üçin soraýan dört düýesi hezreti Hatyja üçin hiç zatdy. Çünki ol asmandan gözleýän ýitigini ýerden tapypdy. Ebu Talyp hezreti Hatyjanyň (r.a) ýanyna onuň durmuşyny bütinleý üýtgetjek, ömrüniň galan bölegine täzeçe öwüşgin berjek örän möhüm teklip bilen gelipdi.[1] Şonuň üçinem hezreti Hatyja Ebu Talyba şeýle jogap berdi:

– Eý, Ebu Talyp! Sen Onuň üçin örän az hak soradyň. Bu haky ýedi ýat üçin soran bolsaňam bererdim. Emma Muhammet halk içinde sylanýan ygtybarly adam ahyry! Heý-de, sizi närazy edip bolarmy?![2]

Hezreti Hatyja entek ugramadyk kerweninden ummasyz peýda gören täjir kimin  begenýärdi. Ol kerwenini Şama ugratmak üçin ähli taýynlyklaryny görüpdi. Ugralmaly wagt gelip ýetdi. Ýük urlan ýüzlerçe düýe ýola rowana bolmaga häzir bolup durdy.[3] Hezreti Hatyja iň ýakyn hyzmatçylarynyň biri Meýseräni ýanyna çagyryp, oňa pugtadan-pugta tabşyrdy:

– Bu kerwende gözüm-gulagym sensiň. Muhammedül-Eminiň bir diýenini iki gaýtalatma! Näme buýursa, birkemsiz ýerine ýetir! Hemişe hyzmatynda gaýym bol, gaňryşyna gaýtma! Sessiz-üýnsüz bol-da, onuň edýän her bir hereketini ädimme-ädim synla! Ony ýekeje pursat hem gözden salma! Dolanyp gelen wagtyň maňa ähli zady birin-birin aýdyp berersiň!

Kerwen zilhijje aýynyň on dördi güni säher bilen ýola çykdy. Hezreti Hatyja Şama rowana bolan kerweni tä gözden ýitýänçä synlap durdy. Şol wagt onuň küýi-pikiri Meýseräniň gelip, gürrüň berjek zatlaryndady.[1] Bu söwdadan görjek peýdasy onuň ýadyna-da düşenokdy.

Şama baryp gelmeklik üç aýa dagy çekýärdi. Kerwen diňe howanyň salkyn wagtlary ýol alýardy. Kerwençiler Günüň jokrama yssysy ýakyp ugrandan düşleýärdiler. Çadyrlaryny gurnap, bäşden-ondan bölünişip dynç alýardylar, bile iýip-içýärdiler. Adamlar uzakly günläp, mesawy gürrüň edişip oturansoňlar, soňabaka biri-birilerini ýakyndan tanap ugradylar. Ýoluň uzaklygy olaryň hasam ysnyşmagyna, dost-ýar bolmagyna sebäp bolupdy. Ylaýta-da, Muhammedül-Emin (s.a.w) bilen Meýsere biri-birine öwrenişip, şeýle bir dostlaşypdylar welin, olary synlan kişi Pygamberimiziň (s.a.w) daşynda perwana bolup hyzmat edýän Meýseräni Onuň (s.a.w) guludyr öýdýärdi.

Kerwen goş ýazdyran wagty, Meýsere hemişe Pygamberimiz (s.a.w) bilen iýip-içýärdi. Her gezeginde-de şol bir täsin hadysa gaýtalanýardy. Öňlerine alan zatlaryndan şunça iýselerem, azyk-owkatlary hiç hili egsilmeýärdi! Olar supranyň üstünde goýan zatlaryny hamana diýersiň, el degrilmedik ýaly şol durşuna düýä ýükleýärdiler. Meýsere munuň nädip beýle bolýanyna hiç akyl ýetirip bilmeýärdi.[2]

Kyrk günläp agyr, hupbatly ýoly söken kerwen ahyrynda Şama baryp ýetdi. Kerwendäkiler bazarda ýüklerini ýazdyryp, getiren harytlaryny satmak üçin ýaýratmaga durdular. Şol döwrüň söwdasy, köplenç, alyş-çalyş etmek görnüşinde bolansoň, mekgeliler getiren harytlaryny öz ýurtlarynda has geçginli haryt bilen çalyşmagyň çemini agtarýardylar.

Haýran galmaly, mekgeliler ýüklerini ýazdyryp, harytlaryny satuwa çykaran ýeri gysga wagtyň içinde bazaryň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrüldi duruberdi! Bu kerweniň beýleki kerwenlerden tapawutly bolşy ýaly, onuň kerwenbaşysy Muhammedül-Emin (s.a.w) hem beýleki kerwenbaşylardan aýratyn saýlanyp durdy. Seredeniňden özüne bolan ynam döredýän nazarkerde keşbini, asylzadalara mahsus özüni alyp barşyny gören her bir adam Ony (s.a.w) ýene bir ýola synlasy gelýärdi. Onuň (s.a.w) syratlydan husnubelent sypaty köpçüligiň ünsüni özüne çekensoň, bazaryň söwdasynyň iň gyzan ýeri hem şol taýy bolupdy.

Şamyň uly bazarynyň tüýs gyzan wagtydy. Şol pursat başga bir zat Meýseräniň ünsüni özüne çekdi. Muhammedül-Emin (s.a.w) bir kişi bilen gürrüňleşip durdy. Meýsere olaryň golaýragyna baryp, edilýän gürrüňi diňlemäge durdy. Olar söwdalaşyp duran ekenler. Müşderi Muhammedül-Emine (s.a.w) lebiz etdirjek bolup ber-başagaýdy. Ol:

– Lat we Uzzanyň adyndan ant iç! – diýip, şol bir diýenini gaýtalaýardy. Muhammedül-Emin (s.a.w) bolsa:

– Men hiç haçan olaryň adyndan ant içmerin. Şolary ýigrenişim ýaly hiç bir zady ýigrenýän däldirin – diýýärdi.

Müşderi eden söwdasyndan arkaýyn bolmak üçin Muhammedül-Emine (s.a.w) şunça lebiz etdirjek bolsa-da, başarmady. Muhammedül-Eminiň (s.a.w) tutanýerliligi onuň bu şertinden üstün çykyp, netijede hiç hili ant-kasam edilmän, haýyrly ylalaşyk gazanyldy.[1] Meýsere bu wakany-da aňynyň bir ýerlerine belläp goýdy.

Ýaňky müşderi gibermedi. Ol Meýseräniň özlerini synlap durandygyny görüp, onuň ýanyna geldi:

– Ony tanaýarmyň? Bu kişi kim? – diýip sorady. Ol örän möhüm habar aýtjak bolýan kimin tolgunýardy. Meýsere jogap berip ýetişmänkä, müşderi öňürtdi:

– Eý, Meýsere! Ony janyňdanam eziz gör! Hergiz gözüňden salma! – diýdi. Yzyndanam örän kesgitli gepledi. – Janym elinde bolan Gudraty Güýçlüden kasam edýärin, Ol dindarlarymyzyň kitaplara salgylanyp habar berýän ahyrzaman Pygamberiniň hut özi![2]

Bu sözler Meýsere üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly maglumatdy. Hezreti Hatyjanyň (r.a) köpden bäri göz ýetirmek isleýän zady-da hut şu bolmalydy. Meýsere ýaly üşükli kişiniň muny bilmezligi mümkin däldi. Bikesi bu habara gör, nähili begener!

Şamdaky söwda-satyk işlerini bitiren mekgeliler yzlaryna dolanmak üçin ähli taýýarlyklaryny görenlerinden soňra dogduk şäherlerine sary ýola çykdylar. Olaryň bu gezekki söwdalary örän şowly bolupdy, garaşanlaryndan hem köp peýda görüpdiler. Elbetde, olar hiç kimi aldaman söwda edilende beýle köp haýyr göreris diýip oýlamaýardylar. Olar asyl munuň nädip beýle bolanyna-da düşünmeýärdiler. Şeýle-de bolsa söwdalary şowlap, yzyna gaýdyp gelýändikleri üçin öz ýanlaryndan begenmek begenýärdiler.


[1] Ibni Sad, «Tabakat», 104.

[2] Ibni Sad, «Tabakat», 104.

Kerwen obalaryň birinde ýüküni ýazdyrypdy. Şol pursat bir adam gaty-gaty ýöräp, Meýseräniň ýanyna geldi. Galagoply görünýän bu kişi hristiýan ruhanysy Nasturady. Nastura garagörnüm ýerden kerweniň gelşini synlap otyran eken. Meýsere bilen ruhany Nastura öňden bäri tanyşdy. Meýseräniň her ýyl diýen ýaly bu oba ýola düşýärdi, ol şonda Nastura bilen hökman görüşýärdi, hal-ahwal soraşýardy.

Nastura örän möhüm habar aýtjak bolýan ýaly tolgunýardy. Ol Meýserä ybadathananyň golaýyndaky gojaman agajyň saýasynda dynç alyp oturan Muhammedül-Emini (s.a.w) görkezip:

– Eý, Meýsere! Ho-ol agajyň astynda oturan kişi kim? – diýip sorady.

Meýsere «Beýle tolgunara näme bar?!» diýen manyda Nasturanyň ýüzüne garady-da, biragyz:

– Mekgeli bir ýaş ýigit. Kureýş taýpasyndan, ady Muhammet ibni Abdulla – diýip jogap berdi.

Nastura onuň perwaýsyzlyk bilen beren jogabyndan kanagatlanmady. Ol içinden «Ýoldaşyňyzyň nähili adamdygyndan siziň habaryňyzam ýok. Siz Onuň gadyr-gymmatyny nireden biljek?! Men bolsa, Ol barada köp zat bilýärin. Heý, siz gadyrbilmezler!» diýýärdi. Nastura ýene-de sorady:

– Onuň gözleriniň agy sähelçe gyzaryp durmy?

– Hawa. Özem hiç aýrylmaýar.

– Bu Şol! Hawa, bu Şol! Hakykatdanam, Şol! Iň soňky pygamber! Wah, käşgä ömrüm ýetip, menem Onuň pygamberligini yglan eden günlerini görüp bilsedim!

Onuň bu sözlerini eşiden Meýsere haýran galmakdan ýaňa agzyny açaýdy. Şondan soňra ol hem agajyň astynda oturan kerwenbaşysyny içgin synlamaga durdy. Nastura entek sözüne nokat goýmandy. Ahyrynda-da ol aýtmak isleýän örän möhüm syryny zybanyna getirdi. Nastura Allanynyň adynan ant içip, eli bilen agaja görkezdi-de:

– Alladan ant içýärin, şu güne çenli bu agajyň saýasynda pygamberden başga kimse düşlemedi![4] – diýdi.

Meýsere hezreti Hatyjanyň öýünde häli-şindi gozgalýan ahyrzaman pygamberi hakdaky gürrüňlere azda-kände gulak gabartsa-da, känbir ähmiýet bermeýärdi. Bu gürrüňleriň aňyrsynda ýatan hakykata indi-indi göz ýetirip ugran Meýsere bar ünsüni ruhany Nastura berdi. Meýseräniň gulaga öwrülip diňläp oturanyny gören ruhanynyň kalbyna rahatlyk aralaşdy. Elbetde, onuň bu arkaýynlygy ýürekdeşlikden, akgöwünlilikden gaýdýardy. Mundan ruhlanan Nastura agajyň kölegesinde oturan şahsyýeti hasam içgin tanamak üçin Meýserä sowal baryny ýagdyryp ugrady. Ruhany Muhammedül-Eminiň (s.a.w) özi, maşgalasy, dünýä inen, önüp-ösen mekany barada bilesi gelýärdi. Ol sözüniň arasynda olaryň şu gezekki ýolagçylygynda Muhammedül-Emin (s.a.w) bilen baglanyşykly haýsydyr bir adatdan daşary hadysanyň bolup-bolmandygyny soramagy hem unutmady.

Meýsere-de öz gezeginde Muhammedül-Emin (s.a.w) hakynda bilýän ähli zatlaryny, ýolda başdan geçiren hadysalaryny ruhany Nastura gürrüň berdi. Onuň gürrüňleri Nasturany hasam haýran galdyrýardy. Ol bütin süňňi bilen galpyldaýardy. Ahyrynda Nastura aýgytly keşbe girdi hem-de ynamly, pert-pert gepledi:

– Ol, hakykatdanam, gelmegine garaşylýan pygamber bolmaly! Özi hem iň soňky pygamber![1] Alla şaýat, ol şeksiz-sübhesiz, biziň garaşýan pygamberimiz! Meýsere! Senden etjek haýyşym, Ony hergiz gözüňden salmawergin![2] 

Ruhany Nastura şondan soňra Muhammedül-Eminiň (s.a.w) ýanyna ugrady. Ol örän assajykdan, daraklygyna basyp diýen ýaly ýöreýärdi. Meýsere-de onuň yzyna eýerdi. Ruhany Nastura usullyk bilen Muhammedül-Eminiň (s.a.w) ýanyna geldi, edep bilen salam berdi. Soňra hasam ýakynyna baryp, Onuň (s.a.w) maňlaýyndan ogşady. Tolgunmakdan ýaňa özüni ýitiren  ruhany Muhammedül-Eminiň (s.a.w) aýagyna ýykylyp, şeýle diýdi:

– Sen Allanyň Töwratda salgy beren nebisi bolmaly! Munuň şeýledigine ýüregim bilen ynanýaryn![3]

Bu sözleri diňläp oturan Muhammedül-Emin (s.a.w) özüne edilen çäksiz hormatyň öňünde bir gyzaryp, bir bozarýardy. Edep-haýanyň janly nusgasy bu beýik Ynsan ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmän, başyny aşak egdi.

Haýran galmakdan ýaňa gözi hanasyndan çykaýjak bolýan Meýsere bu wakany demini alman synlap durdy. Belki-de, Meýsere entek Mekgeden gaýdylmanka özüniň Muhammedül-Emine ýöriteläp berkidilýändigine känbir ähmiýet bermän, bikesi hezreti Hatyjanyň (r.a) gaýtalap-gaýtalap aýdan pentlerini-de artykmaç hasaplan borly. Emma ol bu meseleleriň nädereje ähmiýetlidigine indi-indi düşünýärdi. Ol geljekde bütin älem-jahanyň edep bilen baş egip, gaşynda durjak Kişisi (s.a.w) bilen bir kerwende barýardy!

Kerwen mazaly dem-dynjyny alandan soň, eglenmän ýola düşdi. Uzak ýoly külterläp barýan kerwençiler gaýdyşyn hem öňki edähetlerine eýerdiler. Olar ýöremek üçin howanyň salkyn çagyny peýleýärdiler, ýadanlarynda bolsa çadyrlaryny dikip, şonuň kölegesinde dynç alýardylar.

 Jöwza ýakyp-ýandyryp barýardy. Kerwen Mekgä hernäçe golaýlasa-da, ylla diýersiň, ýol önmeýän ýalydy. Meýsere ýolboýy Muhammedül-Eminiň her bir hereketini sypdyrman yzarlamaga çalyşýardy. Birdenem täsin bir halat onuň ünsüni özüne çekdi. Iki sany akja bulut Meýseräniň hem «Ahyrzaman pygamberi» diýip ykrar eden kişisi Muhammedül-Eminiň (s.a.w) üstünde saýawan ýaly kimin Ony (s.a.w) Günden gorap gelýärdi! Bulutlar Ol (s.a.w) dursa durýardy, ýörese-de ýöreýärdi![4]

Merrüz-Zehran diýen ýere gelenlerinde, kerwen ýene-de bir gezek goş ýazdyrdy. Olar Mekgä girmänkäler mazaly dem-dynç almak isleýärdiler. Emma Muhammedül-Emin (s.a.w) muny unamady. Ol (s.a.w) howanyň gyzgyndygyna garamazdan, hiç hili eglenmän, ýeke özi ýoluny dowam etdirdi.

Habary Mekgeden alalyň. «Şu günüň bir ýerinde gara beräýse gerek» diýip, kerweniň ýoluna garaýan hezreti Hatyja (r.a) bir belent ýerde çadyr dikdirip, Nefise binti Münýe we beýleki joralary bilen gürrüň edişip otyrdy. Birdenkä hezreti Hatyjanyň (r.a) gözüne uzak gözýetimde bir gara göründi. Siňe synlasa, bir düýeli ýolagçy gündiziň günortany, tüp yssynyň içinde Mekgä tarap gelýär! Hezreti Hatyja ýanyndakylaryň gürrüňinden ünsüni sowup, ýaňky garany gözünden sypdyrmazlyga çalyşýardy. Ýolagçy golaýladygyça onuň bilesigelijiligi hasam artyp, ýüregi tolgunmakdan tiz-tiz urmaga başlady. Çünki hezreti Hatyja (r.a) şol güne çenli hiç haçan görmedik täsin bir zadyny synlaýardy. Asmanda gaýyp ýören bir bölejik bulut şähere barha ýakynlaşýan düýeli ýolagçynyň üstüne saýa salyp, ony Günden gorap gelýärdi!

– Bu gelýän hut Şol bolmaly! Ondan başga kişi däldir.

Hezreti Hatyjanyň dilinden biygtyýar dökülen bu sözler ýanynda oturan aýallaryň ünsüni çekdi. Joralary onuň kimiň gürrüňini edýänini aňmaga çalyşýardylar. Ýakynlaşdygyça tanalyp, kimdigi belli bolan Nurana Ynsan (s.a.w) hezreti Hatyjanyň kalbyny heýjana salyp gelýärdi. Hawa, hezreti Hatyjanyň (r.a) kerwenine baş bolup Şama giden Muhammedül-Emin (s.a.w) gelýärdi! Hezreti Hatyja (r.a) içki joşgunyny gizlejegem bolman, ony joralaryna görkezdi:

– Serediň, serediň! Onuň depesindäki Günden gorap gelýän buludy görýäňizmi?! Onuň bilen deň süýşüp gelýär!

Bir müddet garaşanlaryndan soňra kerwenem ýetip geldi. Üç aýlyk aýralykdan soňra dogduk mekanlaryna sag-aman gowşan mekgeliler özlerini garşylamaga çykan hossarlary bilen gujaklaşyp görüşýärdiler. Meýsere bolsa göni hezreti Hatyjanyň huzuryna bardy. Ol oňa örän köp zady gürrüň bermelidi. Hezreti Hatyja Meýsere gelenden onuň üstüni sowaldan gömdi. Goruna ep-esli zat ýygnan hyzmatkär gören-eşiden zatlarynyň ýumagyny birin-birin çözlemäge başlady. Ilki bilen ruhany Nasturanyň aýdan sözlerini, onuň Muhammedül-Eminiň (s.a.w) maňlaýyndan öpüşi, oňa hormat bilen tagzym edişi hakynda gürrüň berdi. Soňra Muhammedül-Emini (s.a.w) Günden goraýan bulut hakynda aýtdy. Yzyndanam Şam bazarynda bir täjiriň Muhammedül-Emine (s.a.w) butlardan ant içirjek bolşuny gürrüň berdi, «Täjir şunça gyssasa-da Ol (s.a.w) Lat we Uzzanyň adyndan ant içmedi» diýdi.

Hezreti Hatyja (r.a) durşy bilen gulaga öwrülip, Meýseräni diňleýärdi. Meýsere-de bolan wakalary jikme-jik beýan etmäge çalyşýardy. Hawa, örän akylly, etjek işini bilýän, pähim-paýhasly zenan hezreti Hatyja (r.a) şuňa meňzeş wakalaryň boljagyny kerweni entek öýünden ugramanka syzypdy. Şonuň üçin ol diňe Muhammedül-Eminiň (s.a.w) kerwenbaşy bolmagyny isläpdi, Ony (s.a.w) Şama ýöriteläp ýollapdy, Muhammedül-Eminiň (s.a.w) geljekki pygamberdigine hasam anyk göz ýetirmek üçin Meýseräni ýöriteläp ýanyna goşupdy. Sebäbi hezreti Hatyja (r.a) Muhammedül-Emin (s.a.w) bilen işleşip başlan gününden öýüniň bereketi hasam artypdy. Onuň (s.a.w) mübärek eliniň degen iň müşgil işlerem ap-aňsat düzelip gidiberýärdi.

Meýsere gürrüň bermegini dowam edýärdi. Muhammedül-Eminiň (s.a.w) göreniň gözüni dokundyrýan nazarkerde keşbi, ynamdar, aýgytly hereketleri, her hili ýagdaý bolsa-da, hemişe hakyň tarapyny çalmagy, özi zyýana galsa-da, hiç kimi aldatmazlygy, boýun alan işine edil özüniňki ýaly yhlasly ýapyşmagy… Onuň (s.a.w) şunuň ýaly belent adamkärçilik sypatlaryny wasp eden Meýsere ýolboýy näçe iýseler hem azyk-owkatlarynyň hiç hili egsilmeýşi, kerwendäkileriň agzybirligini, hiç hili dawa-jenjelsiz gidip-gelişlerini, bazara baryp, ýüklerini düşürip-düşürmänkäler üstleriniň gyzyl el bolup, harytlaryny hemmelerden öňürti satyşlaryny, öňkülerden birnäçe esse köp peýda görüşlerini aýtmagy hem unutmady. Emma soňky gürrüňler Hatyjatül-Kübrany (r.a) onçakly gyzyklandyrmady. Hatda ol Meýseräniň sözüni tamamlaryna-da garaşman, howlukmaç gapa ýöneldi. Ol mürşidiniň ýanyna bakan alňasaýardy.

Gapynyň bu gezekki kakylyşy öňküleriň çaky däldi. Hamana diýersiň, yzyndan ýagy gelýän gaçgagyň janhowluna gizlenere ýer tapman urşuna çalym edýärdi. Gapydan ätlän hezreti Hatyjanyň (r.a) sesi hemişekilerinden has dabaraly çykýardy.

– Eý, doganoglanym! Saňa gaty köp zady gürrüň bermäge geldim – diýip söze başlan hezreti Hatyja (r.a) Meýsereden eşiden ähli zadyny birin-birin gürrüň bermäge başlady.

Waraka hezreti Hatyja (r.a) aýdýan zatlaryna haýran galyp, gymyldaman diňläp otyrdy. Bu gün, megerem, onuň ömrüniň iň möhüm, aýgytly güni bolsa gerek. Ahyrzamanda geljek pygamberi tanamak her kime ýetdirýän bagtmy eýsem?! Hezreti Hatyja Waraka beren gürrüňlerinden soň hasam tolgunýardy, muny hem bildirmejek bolup, özüne basalyk bermäge çalyşýardy. Waraka oňa mylaýymlyk bilen  garap ýylgyrdy:

 – Buşluk, eý Hatyja! Eger bu aýdýanlaryň dogry bolsa, Muhammedül-Emin şeksiz-sübhesiz, bu ymmatyň pygamberidir. Bu ymmatdan heran-haçan bir pygamberiň çykjakdygyny bilýärdim. Ine, bu zamana hem Onuň zamanasydyr![1]

Bu sözler Onuň (s.a.w) pygamberliginiň aýdyň delili dälmi eýsem?!

Hezreti Hatyjanyň (r.a) Şamdan gelen kerweni oňa hemişekilerinden iki esse köp girdeji gazandyrdy.[2] Emma Hatyjanyň mundan soňky gazanjak Dürri-Laglynyň (s.a.w) argamyny ölçejek «terezi» bütin Ýer ýüzünde-de ýokdy!


[1] Şol gün hezreti Hatyjanyň (s.a.w) beren gürrüňleriňden täsirlenip, kalby joşa gelen Waraka bin Newfel başyndan geçiren bu üýtgeşik duýgularyny şygra geçirip bakylaşdyrypdyr. Giňişleýin maglumat üçin ser. Ibni Hişam, «Sire», 1/127-128.

[2] Kerwen sapardan gaýdyp gelenden soň hezreti Hatyja (r.a) hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) hakyny öňki gepleşilenden iki esse artdyryp berendigi hakynda aýdylýar. Ser. Ibni Sad, «Tabakat», 1/105.


[1] Ibni Sad, «Tabakat», 104.

[2] Ibni Sad, «Tabakat», 130.

[3] Suýuti, «Hasais», 1/51.

[4] Käbir çeşmeler hezreti Pygamberimizi (s.a.w) kölegeläp gelýän iki perişdäni hezreti Hatyjanyň (r.a) hem hut öz gözleri bilen görendigini beýän edýärler. Ser. Ibni Sad, «Tabakat», 104.


[1] Käbir çeşmelerde hezreti Hatyjanyň Pygamberimizi (s.a.w) synlamak üçin Meýsereden başga-da Huzeýme ibni Hakim atly garyndaşyny hem kerwen bilen ýollandygy beýan edilýär. Bu maglumata görä, kerwen Şamyň golaýyndaky Busra diýen ýere gidýär. Saparyň dowamynda Huzeýme hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) iň ýakyn dostuna öwrülýär. Ýolboýy hezreti Muhammediň (s.a.w) her bir hereketini, edim-gylymyny, gepi-sözüni, hüý-häsiýetini synlap gelýän Huzeýme Onuň (s.a.w) belent adamkärçiligine, kämil şahsyýetine haýranlar galýar. Ol ahyry bir gün ähli görüp-eşiden zatlaryny öz ýanyndan ölçerip-döküp, gelen netijesini Pygamberimiziň (s.a.w) Özüne aýdýar: «Eý, Muhammet! Şuny açyk aýdaýyn, men sende adaty kişilerde görmeýän üýtgeşik halatlarymy görýärin. Seniň edýän her bir hereketiň göwnejaý, aýdýan her bir sözüň ýerlikli. Önüp-ösen ýeriň mukaddes mekan, ýerligiň asylzada, abraýly maşgaladan, aňrybaş ynamdarlygyň, dogruçyllygyň üçin halkyň saňa «Emin» diýip ýüzlenýär. Saňa bolan hormatym, sarpam şeýle bir uly welin, mundan öň hiç kimi beýle gowy görmändim. Men köp oýlandym, ahyrynda şeýle netijä geldim: Sen Tihamede dörejek ahyrzaman pygamberisiň!» Gelejekde pygamber boljagyny syzýan Muhammedül-Emin (s.a.w) şonda oňa «Hawa, men Muhammet Resulalla!» diýip jogap berýär. Onuň bu sözlerini eşiden Huzeýme: «Seniň sözleriň hakdygyna şaýatlyk edýärin! Men Saňa ynandym, iman getirdim» diýip, Onuň (s.a.w) pygamberligini tassyk edýär. Ol şondan soň Muhammedül-Emine (s.a.w) edil pygamber ýaly garap başlaýar. Haçanda sag-aman Mekgä gelenlerinden soň Huzeýme Pygamberimize (s.a.w): «Eý, Resulalla! Pygamberligiňi yglan edeniňi eşiden günüm ýanyňda häzir bolaryn» diýip, öz kowmunyň arasyna gaýdýar. Şondan soňra olar uzak wagtlap görüşmeýärler. Olar ikinji gezek Mekge eýelenen güni görüşýärler. Şonda Huzeýme köpçüligiň arasyndan geçip, Pygamberimiz (s.a.w) golaýyna barýar. Resulalla (s.a.w) ilki ony üns bilen synlaýar. Soňundanam: «Eý, ilkinji muhajir! Senem barmyň?! Hoş geldiň!» diýip, süýji söz bilen onuň göwnini alýar. Giňişleýin maglumat üçin ser. Ibni Hajer, «Isabe», 1/486-487; Ebu Nuaým, «Marifetus-sahabe», 7/65; Muttaki, «Kenzul-Ummal», 13/384.

[2] Belazuri, «Ensab», 1/97.


[1] Käbir çeşmelerde şol wagta çenli dogruçyllygy, özüne ynanylan amanady gözüniň göreji deý gorap saklaýşy, rehim-şepagatlylygy, jomartlygy ýaly gözel ahlak sypatlary bilen adygan Muhammedül-Eminiň (s.a.w)  Şama ibermeli kerwene baş bolmagy üçin ilkinji teklibiň hezreti Hatyjadan gelendigi, Onuň (s.a.w) bilen ylalaşmak üçin jigileriniň birini Ebu Talybyň ýanyna iberendigi hakynda maglumatlar bar. Ser. Ibn Hişam, «Sire», 1/125; Salihi, «Sübülül-Huda», 2/158.

[2] Ibni Sad, «Tabakat», 1/103-104.

[3] Hezreti Hatyjanyň (r.a) şol gezekki ýollan kerweniniň bütin kureýşlileriňkä barabar agyr kerwen bolandygy hakynda aýdylýar. Ser. Ibni Sad, «Tabakat», 8/12.

[4] Ibni Hişam, «Sire,» 1/125; Ibni Sad, «Tabakat», 104.