Sünnete göre çaga terbiýesi 10

«Öýüni kybla eden» kişilere Allatagalanyň berjek sylagy

Allatagala «Ýunus» süresiniň 87-nji aýatynda Öz emrine laýyk görnüşde öýüni kybla eden kişileri «Nur» süresiniň 36-37-nji aýatlarynda öwýär, olaryň ajaýyp häsiýetlerini taryp edýär. Şeýle hem bu süräniň 38-nji aýatynda bu mübärek kişilere berjek sylagynyň örän uludygyny habar berýär: «Alla olary eden işleriniň iň ýagşysy bilen sylaglar we Öz fazly-kereminden olara artykmajy bilen berer. Alla islänine hasapsyz rysgal berer».

Bu aýatdan görnüşi ýaly, öýüni kybla etmek bagtyna miýesser bolan kişi ömründe Allany iň köp razy eden amaly bilen sylaglanar, hatda Allatagala lutfu-kereminden oňa artykmajy bilen berer. Meselem, müň aýdan haýyrly bolan Gadyr gijesiniň bereketini gazanmagy ýaly. Aýatyň soňky jümlelerinde Allatagalanyň bu kişileriň käbirini ynsanyň hasap-hesibi we çaklamalary bilen ölçäp bolmajak derejede bihasap nygmatlary bilen sylaglajakdygyna üns çekilýär. Muny şeýle manyda düşündirmek mümkindir: öýi kybla edinmeklik bilen, belki-de tä kyýamata çenli dowam etjek haýyrly ýörelgäniň, ýagny maşgalada imanly ýaş nesilleri ýetişdirmekligiň başy başlanýar. Bu däp nijeme «nebisleriň (adamlaryň)» ebedi bagtyýarlygy gazanmagyna sebäp bolýar. Mundan başga-da aýaty-kerime «bir adamy halas etmekligiň» Allanyň ýanynda «bütin adamzady halas eden» ýaly örän uly ähmiýetiniň bardygyny bildirýär («Maide» süresi, 5/32). Diýmek, öýüni kybla edene Allanyň wada beren, ynsanyň hesibi bilen ölçäp bolmajak çäksiz serpaýy Onuň Kuranda jem eden kanunlarynyň çäginde hakdyr, hakykatdyr.

Ysraýylogullarynyň üstünlik gazanmagynyň aňyrsynda ýatan syr

1. Ysraýylogullarynyň öýde berilýän ylym-bilimi, terbiýäni asyrlarboýy dowam etdirmekleri.

 Maşgala berilýän bilimiň, terbiýäniň üsti bilen aslyny, milli we ruhy gymmatlyklaryny goramak, saklamak hem-de dowam etdirmek adamzadyň ýaşaýşynda bolmajak zat däldir. Ysraýylogullary Kuranyň şaýatlyk etmegi bilen taryhda hezreti Musa aleýhisselamyň baştutanlygynda özlerine buýrulan ylahy strategiýany durmuşa geçirip, fyrawunyň zulmundan hem-de millet hökmünde ýok bolup gitmekden halas bolupdyrlar. Şeýdip, olar şol agyr döwürde durmuşlarynda ornaşdyran adatlaryny asyrlarboýy dowam etdirip, häzirki günlerimize çenli gelip ýetipdirler. Ýagny, ysraýylogullary nijeme asyrlardan bäri özabaşdak döwletleri bolmasa-da, nijeme gezekler din azatlygyndan mahrum edilseler-de, nijeme gezekler zalym, despot hökümdarlar tarapyndan agyr jebir-sütemlere sezewar bolsalar-da, dürli döwletleriň düzüminde az sanly etniki toparlar hökmünde ýaşasalar-da, köpçülikleýin gyrylsalar-da, sürgünlere ýollansalar-da, çekip-çydardan agyr şertlerde ýaşasalar-da, nijeme gezekler dürli hili kemsidilmelere duçar bolup, mertebeleri depelense-de milli hem-de dini gymmatlyklaryna berk ýapyşyp, millet hökmünde barlyklaryny dowam etdiripdirler. Dinlerini öwrenmek we oňa amal etmek bilen bagly tejribelerini, adatlaryny kämilleşdirip, ahyrynda-da asyrlarboýy arzuw eden döwletlerini gurmagy başarypdyrlar. Olaryň bu üstünligini ykrar etmezlik mümkin däldir.

Ýokarda beýan edilen aýatyň nuruny çyrag edinip, ysraýylogullarynyň gazanan bu üstünlikleriniň syryny, esasan, olaryň ilkibaşdaky sezewar bolan agyr durmuş şertlerine uýgunlaşdyrylan dindarlyk tejribeleri, ýagny ysraýylogullarynyň her bir maşgalasynyň dinlerini ýaş nesillerine öwretmek üçin öýlerini mekdebe, ybadathana öwürmekleri bilen düşündirsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz.

Ysraýylogullary öýlerinde başladan guramaçylykly bilim-terbiýe işlerini erkin, parahat döwürlerde ýaşan wagtlary bu öýleri özbaşdak ylym ojagyna öwrüpdirler. Çünki taryhy çeşmelerimizde Resulallanyň (s.a.w) «Beýtul-Midras» diýilýän, Töwratyň okalýan we öwredilýän ylym ojagynda ysraýylogullary bilen duşuşandygy beýan edilýär.[1] Alymlar «midras» sözüniň «ders» kökünden emele gelendigini we bu ýeriň ylym-bilim öwredilýän medrese bolandygyny aýdýarlar.[2]

Kurany-Kerimde hezreti Musa (a.s) wahyýyň üsti bilen bildirilen «öýleri kyble etmek» emriniň şol döwürde nähili ýerine ýetirilendigi hakynda Töwratda-da, ysraýylogullary bilen baglanyşykly ýüz tutan beýleki çeşmelerimizde-de kanagatlanarly maglumat tapyp bilmedik. Emma ýokarda beýan edişimiz ýaly, olaryň öýlerinde Allanyň huzurynda kabul ediljek derejede metjit-mekdep hyzmatyny ýola goýmak bilen halas bolşa ýetendikleri hakyndaky çaklamalarymyzy tassyklaýan delilleri, ýagny ysraýylogullaryna mahsus däp-dessurlary, adatlary dykgatyňyza ýetirmek isleýäris. Şu ýerde olaryň dowam etdirip gelýän adatlarynyň birenteginden gürrüň edeliň. Bu däpleriň köpüsiniň taryhyň çuňlugyndan gözbaş alyp, nesilden-nesle geçip, dowam etdirilip gelnendigi hakdaky pikir, hakykatdanam, akyla laýyk gelýär.

Meselem, selanikli dönmeler (öň Osmanly topragy bolup, häzirki wagtda Gresiýa degişli Selanik şäherinde ýaşaýan, musulmanlygy kabul eden ysraýylogullary) hakynda maglumat berýän käbir kitaplarda olaryň Osmanly döwründe «Selanikde diwarlary biri-birine degip duran, birinden beýlekisine aňsatlyk bilen geçip bolýan öýlerde ýaşandyklary»[3], bu öýleriň «biri-birine gizlin ýollar»[4], ýagny ýerasty ötükler bilen bilen baglydygy we bu ýerlerde «daşarky dünýä bütinleý ýapyk durmuşda» ömür sürendikleri[5], «gizlin saklanylýan ybadat edilýän ýerlerinde çokunandyklary, mezhepleriniň syrlaryny çagalaryna öýerip, durmuşa çykaranlaryndan soňra öwredendikleri, doglan ýerleriniň salgysyny gizlin saklandyklary, hatda doglan ýerleri bolan Selanigiň hem adyny üýtgedendikleri…»[6] we şuňa meňzeşler hakynda maglumatlar berilýär.

Ýeri gelende, şu aýratynlyga-da ünsüňizi çekmek isleýärin: bu kitaplarda dönmeleriň degşirilip salnan bu öýleriniň biriniň eserimiziň başynda mealy beýan edilen aýatdaky hezreti Musa (a.s) we hezreti Haruna (a.s) Müsürde kowumlary üçin taýýarlanmagy emr edilen «öýi» ýatladýan şekile, düzgün-tertibe eýedigi hakynda aýdylýar: «Bu kowmuň (dönmeleriň) ýaşaýan öýleriniň birinde ýaşyl yşyk ýanýan otag bolup, bu ýer olaryň maslahat etmek üçin ýygnanýan gizlin mekanlarydy».[7]

Başga bir maglumatda bolsa şeýle diýilýär: «(Dönmeler) agşam wagty edýän dogalaryny bellenilen sagatda ýaşaýan etrapçalaryndaky ybadathana hökmünde ulanylýan öýlerde ýerine ýetirýärler».[8]

Salgylanýan taryhy çeşmämizde Selanikde ýaşaýan dönmeleriň dini hem-de jemgyýetçilik bilen baglanyşykly ähli işleriň örän takyk düzgün-tertipli şekilde «Nesli-Şerif» diýilýän iň asylzada maşgalalardan bolan baştutanlar tarapyndan ýöredilendigi hakynda aýdylýar. Soňra şeýle diýilýär: «Ab-Be-Din» diýlip atlandyrylýan baştutanlar tarapyndan bellenilýän ruhany liderleriň üsti bilen kowumlarynyň durmuş gurmak, aýrylyşmak, kiçi ýaşly çagalara kömek puluny bermek ýaly jemgyýetçilik meselelerine garalýardy. Wakyflaryň üsti bilen ýygnalan puldan şunuň ýaly ýagdaýlar üçin zerur bolan çykdajylar tölenýärdi. Töwrat okaýardylar, «Zohar» diýen kitaby bolsa olaryň köpüsi ýatdan bilýärdi. Ybrany hem-de ispan diliniň jöhit şiwesini mukaddes dil hökmünde ürç edip öwrenýärdiler…» Mundan başga-da kitapda dönmeleriň daşyndan göräýmäge musulmandyklaryna garamazdan, örän gizlinlik bilen öňki dinlerine (jöhit dinine) görä amal edendikleri, bu diniň emrlerine we gadaganlyklaryna uýandyklary, şenbe gününi mukaddes hasaplandyklary, özleriniň biri musulman, beýlekisi jöhit iki at göterendikleri, öz aralarynda jöhit atlaryny, türk-osmanly köpçüligiň arasynda bolsa musulman atlaryny ulanandyklary»[9] hakynda aýdylýar.

Olar daşky jemgyýete ýapyk durmuşlarynda Töwratyň birentek ýerinde beýan edilýän, ynançlarynyň-da bir bölegi bolan özleriniň saýlantgy kowumdygy hakyndaky düşünjelerine eýerip, beýleki dinlere uýýanlara hiç hili goşulyşman, dinlerini çagalaryna birkemsiz öwredipdirler we müňlerçe ýylyň dowamynda asyllaryny ýitirmän gorap gelipdirler. Ylmy gözlegleri alyp barýan bir alymyň Osmanly döwletinde ýaşaýan ysraýylogullary hakyndaky şu kesgitlemesi bütin döwürlerde, ähli ýerde ýaşan ysraýylogullary üçin hem degişlidir: «Osmanlyda ýaşaýan ysraýylogullarynyň dini we jemgyýetçilik durmuşyny biri-birinden aýry göz öňüne getirmek kyndyr. Sebäbi din olaryň durmuşynyň her bir sahypasy bilen eriş-argaçdyr. Osmanlyda ýaşaýan ysraýylogly dini taýdan kowmunyň hem-de ruhanylaryň gözegçiligi astyndadyr. Olar kowmuň baştutanlary tarapyndan dini hem-de beýleki meselelerde sowuk-salalyga ýol berilmezligi üçin her bir hereketleri berk göz astynda saklanylýar. Ybadatlaryny berjaý etmekde başdan sowmalyk edýänlere we dini dabaralara gatnaşmaýanlara jemagatlary tarapyndan duýduryş berilýär we olaryň dini ybadatlaryny berjaý etmekligi gazanylýar».[10]


[1] Buhary, «Jizýe» 6; «Itisam», 18, «Ikrah», 2, «Hudut», 25; Ahmet ibni Hanbel, «Müsned», 2/451.

[2] Ibn Hajer, «Fethul-Bari», 7/61; Ibn en-Esir, «En-Nihaýe», 2/113.

[3] Abdurrahman Küçük, «Dönmeler we dönmelik tarihi», 128.

[4] Abdurrahman Küçük, «Dönmeler we dönmelik tarihi», 215.

[5] Ilgaz Zorlu, «Ben bir Selanikliyim», 9-njy neşir ediliş, Geýik neşirýaty, Stambul, 2002ý., sah.105.

[6] Abdurrahman Küçük, «Dönmeler we dönmelik tarihi», 215.

[7] Abdurrahman Küçük, «Dönmeler we dönmelik tarihi», 218.

[8] Abdurrahman Küçük, «Dönmeler we dönmelik tarihi», 220.

[9] Abdurrahman Küçük, «Dönmeler we dönmelik tarihi», 218.

[10] Eroglu, Ahmet Hikmet, «Osmanlı Dewletinde Yahudiler», Andaç, Ankara, 2-nji çap ediliş, 2003, s. 233