Mundan başga-da, bu eserde ysraýylogullary jemagatynda diniň hem-de ruhanylaryň täsiriniň örän uludygy hakynda bellenilýär: «Haham diňe bir ruhany lider bolman, eýsem halkyň medeni hem-de söwda meselelerini örän oňat bilýän kişidir. Ol bir wagtyň özünde hem ylym öwredýän ussat, hem ruhany, hem kanun çykaryjy hem-de kazydyr. Ol hemişe halkyň gündelik işlerini düzgün-tertibe salyp, ýolbaşçylyk edýär. Açylyşlara gatnaşýar, nika dabaralaryny alyp barýar. Onuň emirleri kanundyr, her bir adam muňa mejbury boýun bolýar».[1]
«Osmanlyda ýaşaýan ysraýylogullary ybadata uly ähmiýet bererdiler. Adatlaryň, däp-dessurlaryň, ybadatlaryň berjaý edilişini derňemek üçin ýörite wezipeli kişiler bardy. Her sinagogyň, her ybadathananyň ýanynda dini emrleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän adamlar bolýardy. Olar mergi keseliniň, ýangynyň ýa-da tebigy betbagtçylyklaryň ýüze çykan wagtynda bu belalaryň diniň emrlerine, ybadatlara sowuk-sala garalandygy üçin başlaryna gelendigine ynanyp,[2] bu barlaglary ýygy-ýygydan geçirerdiler».[3] Olaryň her gün irden hökmany suratda okaýan «amentu» dogalarynyň uzynlygy-da ünsüňi çekýär: bu doga tutuş ýigrimi dokuz setirden ybarat.[4]
Ysraýylogullarynyň asyrlarboýy daşky jemgyýete ýapyk durmuşda ýaşamaklarynyň esasy sebäpleriniň biri-de, maşgala gurmak adatlary bolsa gerek. Olarda özlerinden gaýry milletiň wekili bilen maşgala gurmazlyk hakynda «demir kanun» bar. Bu düzgün şeýle bir berk tutulýar, meselem, musulman bilen ýa-da başga jemgyýetiň wekili bilen maşgala guranlar «ilden çykan» hasap edilýär we «garalanan (bozulan)» diýlip atlandyrylýar.[5]
Ysraýylogullarynda çagalara bilim-terbiýe berlişiniň, öýleriň ulanylyş aýratynlyklarynyň ýokarda seljerilen aýaty-kerimäniň ruhuna nädereje kybap gelýändigini görkezmek üçin ylmy gözlegleri alyp baran alymyň ýene-de birki sany subutnamasyny getirýäris: «1520-nji ýylda Selanikde Talmut-Tora (dini mekdep) guruldy. Bu ýer hem mekdep, hem merkezi sinagog hem-de ysraýylogullarynyň ýygnanyşýan mekany hökmünde ulanylýardy».[6]
«Ilkinji döwürlerde (bu ýerde) pelsepe, latyn, arap we beýleki klassyky diller hem öwredilýärdi. Bu dersleriň her biriniň aýratyn mugallymy bardy. Her mugallym okuwçylaryny öz öýünde ýa-da bir barjamly adamyň öýünde okadýardy».[7]
Şu sowala hemmämiz bilelikde jogap gözläliň!
Eýsem-de, ysraýylogullary fyrawunyň zulmuna duçar bolman, agyr şertleriň astynda dinleriniň emrlerini berjaý etmekde tejribe edinmän, Müsürde hezreti Ýusubyň (a.s) döwründäki ýaly abraýly, bol-telki durmuşda ýaşamaklaryny dowam etdirselerdi, şol durşuna-da Müsürden göçüp gaýdyp, Palestina gelselerdi, her milletiň ýazgydynda bolşy ýaly, pelegiň her hili ýowuz synaglarynyň garşysynda özlerini gorap, başdaky ýagdaýlaryny saklap biljekmidiler?! Şol boluşlaryny üýtgetmän häzirki günlere çenli gelip ýetermidiler?! Ýogsa-da, başlangyçdaky abraýly, yzzatly, rahat durmuşyň rahatlygyna aldanyp, ätiýaçsyzlyk, tejribesizlik zerarly duýdansyz inen agyr musybatlaryň astynda beýleki milletler ýaly eräp ýok bolup gidermidiler?!
Biziň jogabymyz çak edilişiliniň tersinedir: «Ýok!»[8] Hakykatdanam, bu gün ysraýylogullary diýen halkyň ýaşamagyndan söz açmak örän manysyz bolardy.[9] Şuny hiç wagt unutmalyň: fyrawunyň döwründe bolsun ýa-da ondan soňky döwürlerde bolsun, tapawudy ýok, ysraýylogullarynyň maşgala terbiýesine örän möhüm garamaklarynyň, bu ugurda uly üstünlik gazanmaklarynyň aňyrsynda ýatan iň möhüm sebäp olardaky az sanlylyk duýgusydyr. Olar tä ýakyn döwre çenli dünýäniň dürli ýerlerinde hemişe az sanly halkyýet bolup ýaşansoňlar, özlerini ejiz duýup, eserimizde seljerilýän aýatda yşarat edilýän «jebisligi, agzybirligi, biri-biriňi goldamaklygy» durmuşlarynda ornaşdyrypdyrlar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşaýan az sanly halkyýetler, jemagatlar dürli guramalar, jemgyýetler, birleşmeler döredip, öz aralarynda berk jebislik emele getiripdirler we medeni işjeňliklerini barha artdyrýarlar. Özlerini köpsanly hasap edýän ýa-da onuň bir bölegi saýýan halklaryň bolsa şunuň ýaly ýekeje-de birleşmesi, guramasy ýokdur. Häzirki ýagdaýda giňişleýin çäkde maşgalada tälim-terbiýe işini ýola goýmak mümkinçiliginiň pesligi nämedendir öýdýäňiz?! Bu köpsanly halkyň özüni uly saýmak ýaly tebigy ahwalyndan emele gelýär. Az sanlylyk, ejizlik duýgusy bilen hereket edýän jemgyýetler öýlerde ýöredýän işjeňlikleriniň gerimini gitdigiçe giňeldýärler. Şeýle duýgusy bolmadyk jemgyýetler bolsa gaflata düşüp, ýaltalyga erklerini aldyrýarlar. Şeýdibem aldanýarlar.
Kitabymyzyň geljekki bölümleriniň birinde ilkibaşda yslamyýetiň hem az sanly imanly kişileriň hak dine uýýandyklary üçin örän agyr jebir-süteme sezewar edilendigi sebäpli, öýlerden başlanandygyny käbir mysallaryň üsti bilen görkezmäge çalşarys. Emma turuwbaşdan bellemek isleýän zadym, Allatagala ýokarda beýan edilen hezreti Musa (a.s) we onuň kowmy bilen baglanyşykly mysalyň üsti bilen dünýäniň dürli ýerlerinde, ylaýta-da erkinlikleri ellerinden alnan, agyr şertleriň astynda ýaşaýan müminlere halas ediş gözükdirmesini teklip edýär we «Öýleriňizi kybla ediň! Ybadathana, mekdebe öwrüň!» diýip emr edýär.
[1] Eroglu, Ahmet Hikmet, «Osmanlı Dewletinde Yahudiler», Andaç, Ankara, 2-nji çap ediliş, 2003, s. 183.
[2] Ybrat almak üçin belläp geçeliň: başymyza gelýän musybatlary öz eden erbetliklerimiziň netijesidigini duýdurýan aýatyň («Şura» süresi, 42/30) tassyknamasy hökmünde 1999-njy ýylyň awgust aýynda bolup geçen, müňläp adamyň ömür tanapynyň kesilmegine sebäp bolan Marmara ýer titremesini bu manyda düşündirendigi üçin Mehmet Kutularyň (bir gazetiň eýesi) tussag edilendigini media serişdeleri habar beripdi.
[3] Eroglu, Ahmet Hikmet, «Osmanlı Dewletinde Yahudiler», Andaç, Ankara, 2-nji çap ediliş, 2003, s. 180.
[4] Abdurrahman Küçük, «Dönmeler we dönmelik tarihi», 213-214.
[5] Abdurrahman Küçük, «Dönmeler we dönmelik tarihi», 93, 216.
[6] Eroglu, Ahmet Hikmet, «Osmanlı Dewletinde Yahudiler», Andaç, Ankara, 2-nji çap ediliş, 2003, s. 200.
[7] Eroglu, Ahmet Hikmet, «Osmanlı Dewletinde Yahudiler», Andaç, Ankara, 2-nji çap ediliş, 2003, s. 199.
[8] Ysraýylogullarynyň Palestina gelenlerinden soňra hezreti Musa (a.s) baş götermekleri («Maide», 5/24) we munuň jezasy hökmünde kyrk ýyllap çölde ýaşamaklary («Maide», 5/26) Ibn Halduna görä, olaryň Müsürde uzak ýyllaryň dowamynda kemsidilmäniň, zulum-sütemiň astynda ýaşamaklarynyň netijesinde şahslaryna bolan buýsanç, wepadarlyk duýgularyny ýitirip, peslik, ýoksullyk, nalajedeýinlik ýaly duýgularyň hüý-häsiýetlerine siňmegi sebäplidir. Kyrk ýyllap dowam eden çöldäki ýaşaýyşda bu nesil ýok boldy. Hezreti Musa (a.s) çölüň erkin howasynda ýetişen täze nesil bilen ýerli müşriklere garşy söweşdi («Mukaddime», Beýrut, Daru-Ihýahit-Turasil-Arabi, taryhsyz, sah. 141-142). Ysraýylogullarynyň Allanyň äşgär mugjyzasynyň saýasynda Müsürden gaçyp, halas bolandyklaryna garamazdan, hezreti Musanyň (a.s) gysga wagtlyk ýoklugyndan peýdalanyp, özlerine baştutan edilip goýlan hezreti Haruny-da (a.s) diňlemän, altyndan öküziň heýkelini ýasap, oňa çokunmaklary hem tebigatlaryna, aň-düşünjelerine ornan Bakarparazlygyň (öküzi taňry edinmek) täsirinden saplanyp bilmändikleri sebäplidir. Emma ysraýylogullarynda bolup geçen bu gynandyryjy hadysalar olaryň Müsürdekä ýola goýan maşgala terbiýesi bilen baglanyşykly düşündirişlerimize kölege salmaz.
[9] Rim imperiýasynyň golastynda ýaşan döwürlerinde ysraýylogullarynyň «… sürgünde ýaşan wagtlarynda olaryň ylym-bilim we terbiýe bilen meşgullanmagyň gozgalaň, pitne turuzmakdan has ähmiýetlidigini…» öňe sürüp, muny özleşdirendikleri beýan edilýär (ser. Arslantaş Nuh, «Emewiler dewrinde ýahudiler», s. 136).