Sünnete göre çaga terbiýesi 12

Kuranda hezreti Musanyň (a.s) we fyrawunyň kyssasy

Şu ýerde biz dünýäniň ähli ýerinde bar bolan, emma az sanlylyk, ejizlik statusynda ýaşaýan, ençeme dini gadaganlyklara, çäklendirmelere, jebir-sütemlere sezewar edilen musulmanlaryň berjaý etmeli strategiýasy hökmünde ele alnan, bu pikiri tassyklaýan düşündirişleri beýan edilen «Ýunus» süresiniň 87-nji aýatynyň has-da düşnükli bolmagy hem-de Kurany-Kerimiň bu pikiri goldaýan, has üns berilmeli yşaratlaryny-da aýdyň görkezmek üçin gürrüňi edilýän aýatyň we bu aýat bilen many taýdan baglanyşygy bolan beýleki aýatlaryň meallaryny dolulygyna bermek isleýäris:

«79. Fyrawun: «Maňa ähli ökde jadygöýleri getiriň!» diýdi.

80. Jadygöýler gelende, Musa olara: «Siz oklajak bolýan zadyňyzy (ýüpleriňizi) oklaň!» diýdi.

81. Olar (ellerindäki zatlaryny) oklanlarynda, Musa: «Siziň getiren zadyňyz jadygöýlikdir. Elbetde, Alla ony ýok eder. Şübhesiz, Alla bozgaklaryň işini başa bardyrmaz» diýdi.

82. Günäkärler hernäçe halamasalar-da, Alla Öz sözleri (emri) bilen hakykaty amala aşyrar.

83. Şonda Fyrawunyň we onuň emeldarlarynyň pitnesinden (ýamanlyk etmeginden) gorkandyklary zerarly Musanyň kowmunyň ýaş ýigitlerinden diňe birnäçesi iman getirdi. Çünki Fyrawun (ol) ýerde (örän) rüstemdi we ol, hiç şübhesiz, hetden aşan kişilerdendi.

84. Musa: «Eý, kowmum! Eger Alla iman getiren bolsaňyz, onda diňe Oňa bil baglaň!» diýdi.

85. Olar: «Biz diňe Alla bil bagladyk. Eý, Rebbimiz! Bizi zulum eden kişileriň pitnesine (agyr synagyna duçar) eýleme!

86. (Eý, Allam) Bizi kapyr kowumdan Öz rahmetiň bilen halas edeweri!» diýdiler.

87. Biz Musa we onuň dogany (Haruna): «Ikiňiz Müsürde kowmuňyz üçin öýler taýýarlaň we öýleriňizi kybla (metjit) edip, namazy dürs okaň! (Eý, Musa) müminleri (hoş habar bilen) söýünjile!» (diýip) wahyý iberdik.

88. Musa: «Eý, Rebbimiz! Elbetde, Sen Fyrawuna we onuň emeldarlaryna şu dünýä ýaşaýşynda zynat we mal-mülk bagyş etdiň! Eý, Rebbimiz! Sen (bulary olara) ýoluňdan azaşsynlar diýip (berdiňmi)? Eý, Rebbimiz! Olaryň mal-mülklerini ýitirim et! Olary doňýürek eýle! Olar, tä jebir-jepaly azaby görýänçäler, iman getirmesinler» diýdi.

89. (Alla): «Ikiňiziň dilegiňiz kabul boldy. Dogry (ýolda) boluň! Siz hergiz nadanlaryň ýoluna eýermäň!» diýdi.

90. Biz ysraýylogullaryny deňizden geçirdik. Şonda Fyrawun we onuň leşgerleri zulum we sütem etmek üçin olaryň yzlaryna düşdüler. Oňa (Fyrawuna) gark bolmak (wagty) ýetende, ol: «Hiç şübhesiz, men hem ysraýylogullarynyň iman getiren Hudaýyndan (Alladan) başga hudaýyň ýokdugyna iman getirdim. Men hem (Alla boýun egen) musulmanlardan boldum» diýdi» («Ýunus» süresi, 10/79-90).

Häzirki döwürde alyp barýan ähli işleri, ýöredýän syýasatlary hilä, ýalana, töhmete, şantaža, aldawa, ikigöwünli adamlary satyn almaklyga, adamlaryň gowşak taraplaryny bu ýollar bilen özüne bendi edip, şahslaryň we jemgyýetleriň maddy-ruhy gymmatlyklaryny ýok etmeklige ýugrulan sosial inženerleriň* (Jemgyýeti ähli taraplaýyn, hatda duýgularyna, genlerine çenli öwrenip, muny öz bähbidine görä üýtgetmegi, bütin halkyň erkini elinden alyp, olary islän ugurlaryna sürmegi maksat edinýän hökümet ýa-da topar) taryhda ýaşap geçen mysaly bolan fyrawunyň we onuň despot režiminiň ahlaky-ruhy ýagdaýy Kurany-Kerimiň «Şuara» süresinde has giňişleýin beýan berilýär. Biz bu kyssany bolşy ýaly berýäris. Bu örän ünsli okalmalydyr, ybrat alynmalydyr:

«34-35. Fyrawun ýanyndaky emeldarlara: «Hiç şübhesiz, ol ylymly jadygöýdir. Ol öz jadysy bilen sizi ýeriňizden (ýurduňyzdan) çykarjak bolýar, näme etmegimi isleýärsiňiz?» diýdi.

36. Emeldarlar: «Ony-da, doganyny-da alyp gal we şäherlere jarçylar iber.

37. Ähli bilimli jadygöýleri seniň ýanyňa getirsinler» diýdiler.

38. Jadygöýler bellenilen günüň takyk wagtynda ýygnandylar.

39. Ynsanlara hem: «Siz hem ýygnandyňyzmy?» diýildi.

40. (Fyrawunyň adamlary): «Eger jadygöýler üstün çyksa, biz olara tabyn bolarys diýip umyt edýäris» diýdiler.

41. Jadygöýler gelende Fyrawuna: «Eger üstün çykan tarap biz bolsak, bize sylag barmy?» diýdiler.

42. Fyrawun: «Hawa, eger şeýle bolsa, takyk, siz meniň iň ýakyn kişilerimiň arasynda bolarsyňyz» diýdi.

43. Musa jadygöýlere: «Näme oklaýan bolsaňyz, oklaň!» diýdi.

44. Olar özleriniň ýüplerini we hasalaryny oklap: «Fyrawunyň gudratyna kasam bolsun, üstün çykjak, şübhesiz, bizdiris» diýdiler.

45. Soň Musa hem hasasyny oklady. Bir görseler, ol jadygöýleriň toslan zatlaryny ýuwdup başlady.

46. (Muny gören) jadygöýler dessine sežde etdiler.

47-48. Olar: «Älemleriň Rebbine, Musa bilen Harunyň Rebbine iman getirdik» diýdiler.

49. Fyrawun: «Men size rugsat bermänkäm, siz Oňa iman getirýärsiňizmi? Elbetde, ol size jadygöýligi öwreden ussadyňyz bolmaly. Siz (meniň size näme etjegimi) tiz bilersiňiz. Hiç şübhesiz, men siziň elleriňizi we aýaklaryňyzy atanaklaýyn kesdirerin, siziň hemmäňizi asdyraryn» diýdi.

50. Jadygöýler: «Zyýany ýok, nähili hem bolsa, biz öz Rebbimize dolanyp bararys.

51. Biz, ilkinji bolup iman getirenligimiz sebäpli, Rebbimiziň biziň hatalarymyzy bagyşlamagyny umyt edýäris» diýdiler.

52. Biz Musa: «Giçlik bendelerimi ýola çykar. Yzyňyza düşüler» diýip wahyý etdik.

53. Fyrawun (esger ýygnamak üçin) şäherlere jarçylary iberdi.

54. Ol: «Bular (ysraýylogullary) az sanly topardan ybarat.

55. Olar biziň içimizi gahar-gazapdan doldurdylar.

56. Elbetde, biz hem agzybir, ätiýaçly kowum» diýdi.

57-58. Netijede, Biz olary (Fyrawuny we kowmuny) bag-bakjalardan, çeşmelerden, hazynalardan, gymmatly ýerlerden mahrum etdik» («Şuara» süresi 26/34-58).

2. Ysraýylogullarynyň bilim-terbiýäni ähli zatdan ileri tutmagy

Ysraýylogullarynyň gadym döwürlerden bäri millet hökmünde barlyklaryny dowam etdirip gelmekleriniň birinji sebäbi öýlerde alnyp barylýan bilim-terbiýedir. Ikinji sebäbi bolsa olaryň ylym-bilim, terbiýe meselesini ähli zatdan ýokarda goýmaklarydyr. Ysraýylogullarynyň ylmyhallary hökmünde görülýän «El Gid Para El Pratikante (Dini meseleleriň ýolbeledi, ýazan Rabi Nisim Nehar)» atly kitapda çaganyň tälim-terbiýesi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn orun berilýär. Bu kitabyň dini terbiýe hakyndaky bölüminde çagany ilki bilen kimiň terbiýelemelidigi, ata-enä düşýän jogapkärçilikleriň hersi aýratyn ele alynýar we çagany ilki enäniň terbiýelemelidigi öňe sürülýär:

«1. Her bir ata çagalaryna mitswalary (dini hökümler) öwretmäge borçludyr. Oglan ýa-da gyz çaga kämillik ýaşyna ýetenden soňra ony Toranyň gadagan eden zatlaryndan uzak saklamalydyr.

2. Bar, bat (oglan, gyz) kämillik ýaşyna ýetýänçä çaga saýylýar. Kämillik ýaşy oglanlarda on üç ýaş we bir gün, gyzlarda bolsa on iki ýaş we bir gündür. Çagalar bu ýaşdan soňra Toranyň emrlerini berjaý etmekde jogapkärdirler.

3. Çagalaryna oňat terbiýe bermek isleýän ata-eneler her bir hereketlerinde olara nusga bolmalydyr. Çagalaryň hakyky ysraýylogly bolup ýetişmegi ata-enäniň mitswalara ýürekden berlip, olary yhlas bilen ýerine ýetirmeklerine baglydyr.

4. Ata-eneler çagalarynyň Toranyň ýolunda ulalyp, oňat gylyk-häsiýetlere eýe bolmaklary üçin hemişe Uly Taňrydan dileg etmelidirler.

Çagalaryň terbiýesinde enäniň täsiri atanyňkydan has güýçlüdir. Çünki ol hemişe çaganyň ýanyndadyr, oňa has ýakyndyr. Ol çagalaryny naharlaýar, geýdirýär, her bir hereketlerini ýakyndan synlaýar. Oňat häsiýetli, ýagşy gylykly ene özünde bar bolan ähli gowulyklary çagalaryna-da öwredýär. Bu sebäpden çagalaryň oňat adam bolup ýetişmekleri eneleriň elindedir» (sah.371).