IKINJI BÖLÜM
TERBIÝEDEN JOGAPKÄR KIŞILER
Giriş
Kurany-Kerim çagalar jogapkärçilik çekmeýändikleri üçin hiç bir meselede olara ýüzlenmeýär. Çagalar bilen baglanyşykly meselelerde ýüzlenilýän kişiler «mükellef», jogapkär kişilerdir. Ýagny atalar, eneler ýa-da jemgyýetiň jogapkärçiligini çekýän adamlardyr. Meselem, girmek isleýän meselämiz hakyndaky aýatlaryň birini alyp göreliň: «Eý, iman getirenler! … heniz kämillik ýaşyna ýetmedik (çagalaryňyz), ertir namazyndan öň we öýlän (üstki) eşikleriňizi aýyrýan wagtyňyz, şeýle hem ýassy namazyndan soň (siziň huzuryňyza girmek üçin günüň dowamynda üç gezek sizden rugsat sorasynlar)» («Nur» süresi, 24/58-59). Şeýle hem, ýokarda belläp geçişimiz ýaly, Kurany-Kerim hezreti Lukmanyň (a.s) dilinden çagalara öwredilmeli tälim-terbiýä ünsümizi çekýär: «Lukman ogluna nesihat berip: «Eý, oguljygym! Alla şärik goşma! Çünki (Alla) şärik goşmak örän uly zulumdyr» diýipdi» («Lukman» süresi, 31/13). Diýmek, çagalaryň terbiýesi bilen baglanyşykly meselelerde jogapkär kişiler mümin ata-enelerdir: «Eý, iman getirenler! Siz özüňizi we maşgalaňyzy ýangyjy ynsanlar we daşlar bolan (dowzah) odundan goraň!» («Tahrym» süresi, 66/6).
Bu aýat adaty şertlerde hossar hökmünde kaka ýüzlenýär. Eger çaganyň kakasy ýok bolsa ýa-da bar bolubam, dürli sebäplere görä hossarlyk edip biljek derejede däl bolsa, onda jogapkär atasydyr ýa-da şol ýeriň kazysydyr (häkim). Yslam ülkesinde eýesiz, hossarsyz, ýagny idi-yssywat edilmeginden, edep-terbiýe berilmeginden kimdir biri jogapkär bolmaýan çaga ýokdur. Hatda köçä zyňlan, metjidiň, kilisäniň işiginde taşlanan, meýdanda, dagda gezip ýören, uruş, ýer yranmagy, sil ýaly betbagtçylyklarda ähli hossaryny ýitiren çagalaryň hem hossary, olardan jogapkär biri bardyr. Çünki hezreti Pygamberimiz (s.a.w) «Soltan hossarsyzyň hossarydyr» diýen kadany goýupdyr.[1] Gyz çagalaryň hossarlyk hukugy bolsa, kämillik ýaşyna ýetýänçä ejä degişlidir. Çünki ol zenanlyk terbiýesini kakadan däl-de ejeden alýar.
Turuwbaşdan bellemeli zatlaryň biri-de, çaga seretmekde we terbiýelemekde ilkinji jogapkärçilik çaga doglandan tä özüni oňarýança (iýip-içmegi, geýinmegi, hatda hajathana özbaşdak girip-çykmagy öwrenýänçä) ejäniň boýnuna düşýär. Eger eje ýok bolsa, çaganyň garamaty mümkingadar, çaganyň ejesi tarapyndan (mamasy, enesi, daýzasy, ejekesi) bir zenana degişlidir. Sebäbi Allatagala zenanlary çaga iň mätäç zat bilen, ýagny mähir-muhabbete ýugrup ýaradypdyr. Mähirlilik babatynda erkekler zenanlardan pesdir.
Allatagala Kurany-Kerimiň ençeme aýatynda çaga terbiýesi bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçýär. Biz «Kuranda çaganyň orny» atly eserimizde muny ähli aýratynlyklary bilen giňişleýin beýan etdik. Bu mowzuga girişmezden öňinçä şuny aýdyp geçeliň: Allatagalanyň «Eý, iman getirenler! …. Mal-mülkleriňiz we perzentleriňiz siziň üçin bir pitnedir» («Tegabun» süresi, 64/14-15) diýip, duýduryş berýän hakykatyna yslam alymlary maşgala agzalarymyzyň öňündäki jogapkärçiligimiz diýip düşünipdirler. Galyberse-de, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) hem «Kişiniň pitnesi aýaly, maly-mülki, çagalary we goňşusy bilendir…» diýýär.[2] Aýatda we hadyslarda geçýän «pitne» sözi «synag» diýmegi aňladýar.[3] Maşgalabaşylar maşgalanyň agzalarynyň terbiýesi bilen baglanyşykly wezipesini doly ýerine ýetirip-ýetirmändikleri bilen synag ediler. Eger maşgalabaşy bu borjuna sowuk-sala garasa, onuň jogapkärçiligindäki kişiler ahyretde edil duşmany ýaly ýakasyndan ýapyşyp, onuň üstünden Alla arz ederler.[4]
Ýatlatmakda, gaýtalamakda haýyr bardyr. Ýokarda iň soňky getiren aýatymyzyň öň ýanynda: «Eý, iman getirenler! Aýallaryňyzdan we perzentleriňizden size duşman (bolanlar hem) bardyr. Olardan habardar boluň!» («Tegabun» süresi, 64/14) diýilýär we maşgala agzalarynda ýüze çykmagy ähtimal halatlara üns çekilýär. Tefsirçiler bu aýatyň iniş sebäplerini-de göz öňünde tutup, «(Olar) Allanyň käbir emrlerini ýerine ýetirmegiňize garşy çykyp, dürli päsgelçilikler dörederler. Bu sebäpli siziň birtopar haramlar işlere baş goşmagyňyza sebäp bolup, size duşmançylyk ederler…. (Olaryň) Allanyň öňünde günä işlemegiňize iterýän bu arzuwlarynyň öňünde ýan bermäň!» diýen many çykarypdyrlar.[5] Bu meselä «Olaryň öňündäki borjumyzy ýerine ýetirmän, ahyretleriniň harap bolmagyna sebäp bolsak, kyýamat gününde ýakamyzdan ýapyşyp, üstümizden Alla arz ederler» diýen manyda-da düşünip bileris. Bu iki garaýyş daşyndan biri-birine ters ýaly görünse-de, özeni birdir. Çünki ikisiniň hem dinde orny bar.
2. Ilkinji musulmanlar çagany nähili ýollar bilen terbiýeläpdirler?
Çagalara tälim-terbiýe bermegiň maşgalanyň borjudygy hakynda edýän gürrüňimiziň has-da ynandyryjy, ygtybarly bolmagy üçin ilkinji musulmanlaryň çagany nähili terbiýeländikleri bilen baglanyşykly mysallara ser salalyň. Hijri 403-nji (milady 1012 ý.) ýylda aradan çykan mäliki mezhebiniň alymlarynyň biri Kabisi «Yslamda mugallym we okuwçy meseleleri hakynda giňişleýin risale» at bilen dilimize terjime edilen meşhur «Risalesinde» ilkinji halyflaryň metjitlere ýörite ymam berkidendiklerini, olara döwletiň hazynasyndan aýlyk belländiklerini, emma bu ýardamy çagalaryň okadylýan küttablary (şäherleriň etrapçalaryndaky başlangyç mekdepler) üçin etmändiklerini belleýär. Soňra munuň sebäbiniň olaryň çagalaryň ylym-bilim almagyna üns bermändikleri üçin däldigini şu düşündirişiniň üsti bilen beýan edýär: «Her zady iň gowy bilýän Alladyr. Aslynda halyflar mugallym meselesini ynsanyň şahsy işi hasap edipdirler. Çünki adam çagasyna özüne bähbit, haýyr getirjek zady öwredýär. Muňa görä, halyflar mugallymlygy kakanyň özüne goýupdyrlar. Hatda kaka öz çagasyna tälim-terbiýe berip bilýän bolsa, muny başga kişileriň ýerine ýetirmegi dogry däldir».[6]
Buharyny şerh edijileriň biri Abdulla bin Ebi Jemre (ölümi hijri 699/milady 1299) kişiniň öz golastyndakylaryna (aýaly, çagasy, hyzmatkäri we beýl.) düýpli dini terbiýe bermegi olaryň öňündäki iň möhüm jogapkärçilik hasaplaýar we umumy manyda şeýle diýýär: «Bu ýagdaý şerigata görä alym-jahyl hemme kişiniň bilýän iýjek-içjek, geýjek we ýaşaýyş jaý bilen üpjün etmek ýaly jogapkärçiliklerden-de has ähmiýetlidir we berk hökümleriň biridir. Ýagny golastyňdakylary geýdirmek, iýdirmek ýaly jogapkärçilikler garyplyk, mümkinçiligiň pes ýagdaýynda boýnundan aýrylýan hem bolsa, olara dinini öwretmek, edep-terbiýesi bilen meşgullanmak ýaly borçlar hiç haçan boýnuňdan aýrylýan däldir». Ibn Ebi Jemre sözüniň dowamynda hemmeleriň geýdirmek, iýdirmek ýaly ähmiýeti pes bolan borçlaryny bäş barmagy ýaly bilýändigini, emma näme üçindir, golastyndakylara din-imanyny öwretmek ýaly jogapkärçiligi örän uly bolan meseläni gözden salýandyklaryny gynanç bilen belleýär we munuň sebäplerini düşündirmäge çalyşýar.[7]
[1] Bu meseläni giňişleýin öwrenmek isleýän «Hz. Peygamber’in Sünnetinde Terbiye», s. 44; «Allah’ın Çocuklara Bahşettiği Haklar», (s. 44-48); «Ahkâmu’s-Sığar», (s. 220 we dowamy) atly kitaplarymyza seredip biler.
[2] Buhary, «Mewakyt», 4, «Zekat», 23, «Sawm», 3, «Fiten», 17; Müslim, «Iman», 231, «Fiten», 25.
[3] Ibn Kesir, «Tefsirul-Kuranil-Azym», 7/29.
[4] Ser: Ibn Ebi Jemre, «Behçetun-Nüfus», 1, 199, Bediüzzaman, «Lemalar», s. 189
[5] Razi, «Mefatihul-Gaýb», 30/27.
[6] «Islamda ögretmen we ögrenji meselelerine dair geniş risale», sah. 34.
[7] Behjetün-Nüfus, Beýrut, 1972ý., 2/47.