Sünnete göre çaga terbiýesi 14

3. Çaga terbiýesinde enäniň jogapkärçiligi has ulumy?

        Resulalla aleýhissalatu wesselam bir hadysynda enäniň perzendiniň üstündäki hakynyň manewi jähetden atanyň hakyndan üç esse artykdygyny nygtaýar.[1] Bu hadysyň manysyny has-da berkitmek üçin başga bir hadysynda «Jennet eneleriň aýagynyň astyndadyr»[2] diýýär. Enäniň perzendiniň üstündäki hakynyň artykmaçlygy çagany terbiýelemek döwründe onuň perzendine bolan mähriniň, täsiriniň we terbiýesindäki goşandynyň has zyýadalygy sebäplidir.

        Çaga ene göwresine düşüp, tä dünýä inýänçä, şeýle-de dünýä inenden soňra tä ulalýança enäniň çekýän azabyny, görýän kynçylyklaryny atanyňky bilen deňeşdirseň, hakykatdanam, enäniň hakynyň näderejede artykmaçdygy bellidir. Bu hakynda aýaty-kerimede «…(Sebäbi) enesi ony külpet bilen (göwresinde) göterip, ony kynçylyk bilen dograndyr…» («Ahkaf» süresi, 46/15) diýilýär. Mundan başga-da terbiýe jähetinden çaganyň şahsyýet hökmündäki hüý-häsiýetiniň binýady tutulýan, ýagny doglandan ýedi ýa-da sekiz ýaşyna çenli («hidane» hem diýilýär) iň möhüm terbiýe döwrüniň enäniň gözegçiliginde we jogapkärçiliginde bolmagy-da onuň perzendiniň üstündäki hak-hukugynyň belentdigini görkezýär.[3] Zamanamyzyň çaga terbiýesini öwreniji hünärmenleriniň çaganyň şahsyýet hökmünde kemala gelmeginiň alty-ýedi ýaşyna çenli, umuman, tamamlanýandygyny biragyzdan tassyklamagy-da bu döwrüň ähmiýetiniň nähili uludygyny subut edýär.[4]

        Şu ýerde eneleriň çagalara bolan içginligi, olaryň tälim-terbiýesiniň içinden eriş-argaç bolup geçýän täsiri hakynda XX asyrda ýaşan beýik yslam alymy Bediuzzamanyň pikirlerini-de beýan etmek isleýäris. Ol çagalar ylym-bilime, hünär almaga ugrukdyrylanda goýberilýän ýalňyşlyklaryň we maddy ýesirligiň üstünde duranda, ata däl-de enä ýüzlenýär. Ol zenanlar hakyndaky bir risalesinde enäniň öz balasyny halas etmek üçin janyny bermäge taýýardygyny, tamakinçiliksiz şeýle pidakärligi edip bilýändiklerini beýan edip, olary «mähir gahrymanlary» diýip wasp edýär. Emma häzirki döwürde eneleriň balalaryna bolan mährini olaryň diňe bu dünýäsini halas etmek üçin sarp edip, erbet ýolda ulanýandyklaryny belleýär. Bediuzzamanyň bu baradaky beýany sözme-söz şeýle: «Rehim-şepagatly ene perzendini bu dünýäniň howp-hataryndan goramak, ony bol-elinlikde ýaşatmak üçin her dürli kynçylyklara döz gelýär. Özüçe terbiýelejek bolup, dert-azara galýar. «Oglum uly adam bolsun» diýip, hafyzlyk mekdebinden çykarýar-da, baryny-ýoguny berip, Ýewropa iberýär. Emma şeýtmek bilen ol balasynyň ebedi ýaşaýşyny howp astynda goýýandygy hakynda pikir etmeýär. Bu dünýäniň gazamadyndan halas etjek bolup, ony dowzahyň zyndanyna atýandygyna düşünmeýär. Merhemet duýgusynyň ýaradylyş maksadynyň bütinleý tersine hereket edýär. Bigünä balasyny ahyretde özüne aklawçy edip taýýarlamagyň deregine, ýakasyndan ýapyşjak garalawçy edip ýetişdirýär. Hawa, şeýle perzent «Näme üçin imanymyň güýçlenmegine ýol bermediň, heläk bolmagyma sebäp bolduň?» diýip, enesini günäkärlär. Yslam terbiýesini doly almandygy üçin heniz bu dünýädekä-de enesine ene methemetine laýyk hormat bilen jogap bermez. Hatda beterine-de garaşyp bolar».[5]

4. Ene çaga terbiýesiniň özeninde orun alýar

        Kurany-Kerim müminleriň enelerine, ýagny Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanýoldaşlaryna ýüzlenmek bilen, musulman zenanlar üçin birnäçe möhüm kadany beýan edýär: «Eý, pygamberiň aýallary! … (Mertebäňizi saklap), öýleriňizde oturyň we (bir iş bilen çykanyňyzda yslamdan) öňki döwürdäki ýaly bezenip çykmaň! Namazy doly berjaý ediň, zekat beriň! Alla we Onuň ilçisine tabyn boluň! Eý, ähli-beýt (pygamberiň maşgalasy)! Alla (bu zatlary aýtmak bilen, siziň abraýyňyza şikes ýetirip biljek) zeperi arassalamak we sizi günälerden päklemek isleýär. Siz öz öýleriňizde okalýan Allanyň aýatlaryny we paýhasly sözleri (pygamberiň hadyslaryny) ýadyňyza salyň!» («Ahzab» süresi, 33/33-34).[6]

        Bu ýerde Resulallanyň (s.a.w) ýanýoldaşlaryna ýüzlenilmek bilen birnäçe kadanyň esasy goýulýar we olaryň ýerine ýetirilmegi emir edilýär. Aýatlarda buýrulan kadalaryň düşündirilişine geçmezden öň şuny ýatladyp geçmek isleýäris: Kurany-Kerimiň aýatlary belli bir sebäbe daýanýan hem bolsa, olaryň tä kyýamata çenli geljek bütin müminlere ýüzlenýän jäheti bardyr we buýrulýan hökümler umumydyr. Galyberse-de, merhum tefsirçimiz Elmalyly (Alla oňa rahmet etsin) ýokarda getirilen aýatlarda buýrulan hökümleriň bütin musulman zenanlara degişlidigi hakynda şeýle diýýär: «Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) ýanýoldaşlarynyň edim-gylymlaryny we ahlaklaryny özlerine görelde edinmek ähli musulman zenanlar üçin mertebedir, abraýdyr».[7]

        Görlüşi ýaly, aýatlarda beýan edilen kadalaryň ýerine ýetirilmegi hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) ýanýoldaşlary üçin parz eken. Ýöne bu emirler beýleki musulman zenanlara parz bolmasa-da, berjaý edilmegi gowy görülýän, mübärek enelerimize meňzemäge höweslendirilýän örän haýyrly amallardyr:

        1. Yslamdan öňki döwürdäki ýaly, diniň emrlerine ters gelýän görnüşde bezenip-beslenip ýa-da ýarym-ýalaňaç geýnip köçä çykman, öýde oturmak;

        2. Namaz okamak, zekat bermek ýaly esasy ybadatlary, galyberse-de Allanyň we hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) buýran beýleki emrlerini öýde ýerine ýetirmek. Öýi yslam dininiň emrleriniň hemmetaraplaýyn doly we dogry, yhlas bilen berjaý edilýän mekana, mukaddes ojaga öwürmek;

        3. Daşardaky zerurlyklaryňy bitireniňden soňra öýde oturyp, Allanyň aýatlary, Resulallanyň (s.a.w) sünnetleri bilen meşgul bolmak: ýatlamak, okamak, zikir etmek, pikir etmek, olary inçeden öwrenip, manylaryna düşünmäge çalyşmak, çagalara hem-de beýlekilere öwretmek…

        Allatagala bu emrleri näme üçin buýrandygyny-da düşündirýär: «Alla siziň abraýyňyza şikes ýetirip biljek zeperi arassalamak we sizi günälerden päklemek isleýär». Muňa görä, zenanlaryň ahlagynyň päkligi ýokarda beýan edilen kadalaryň ýerine ýetirilmegine baglydyr. Aýaty-kerimede göze ilýän bu inçelige ünsüňizi çekmek isleýäris, ýagny zenanlaryň mümkin boldugyndan öýlerinde bolup, Allanyň we Resuly-Ekremiň (s.a.w) emrlerine görä ýaşamagy diňe bir özleriniň däl, eýsem maşgalanyň beýleki agzalarynyň hem ruhlarynyň päklenmegine, ahlaklarynyň gözelleşmegine sebäp bolar. Çünki yslam medeniýetiniň, edep-kadalarynyň çäginde ýetişen zenan çagalaryna-da öz terbiýesini berer. Şeýle hem ol adamsynda ownuk-uşak kemçilikler bar bolsa, ony-da düzeder. Şonuň üçin pederlerimiz «Höwürtgäni ene guş ýasar» diýipdirler.

        Ýene-de üns berilmeli zat, Resuly-Ekrem (s.a.w) kureýşli zenanlary öwende, olardan görelde alynjak iki häsiýeti göz öňüne tutýar: 1) çagalara oňat seretmek; 2) ýanýoldaşyna hormat goýmak. «Kureýşli zenanlar düýä münen zenanlaryň iň haýyrlylarydyr. (Çünki) olar çagalaryna has gowy serederler, ýanýoldaşlaryna-da has oňat sylag-hormat ederler».[8]

        Adamsy aradan çykan ýa-da adamsyndan aýrylyşan zenanyň täzeden durmuş gurmagy onuň adaty hukugydyr. Muny hiç kimsäniň ýazgarmaga-da haky ýokdur. Muňa garamazdan, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ýetim çagalaryny ulaldyp, ile goşmak üçin bagtyny synamagy goýbolsun eden zenana şeýle bir buşluk berýär welin, iki barmagyny biri-birine degrip, «Kyýamat güni, ine, şunuň ýaly bile bolarys» diýýär.[9] Şeýle hem, ýaş ýigitlere heniz durmuşa çykmadyk gyzlara öýlenmegi maslahat bermegine garamazdan, kakasy aradan çykandan soňra yzynda galan gyz jigilerine enelik etmegi üçin dul gelne öýlenen hezreti Jabiri (r.a) bu hereketi üçin öwýär we nikalarynyň mübärek bolmagy üçin dileg-doga edýär.[10]


[1] Buhary, «Edeb» 2; Müslim, «Birr» 1; Tirmizi, «Birr» 1.

[2] Suýuti, «El-Jamius-Sagir», 3642, h.

[3] Enäniň perzendiň üstündäki hakynyň artykmaçlygy meselesinde pikirdeş (ijma) alymlar köpdür. Olar munuň sebäbini ýokarda görkezilen aýaty-da delil görkezip, «1) Hamyla wagty çekýän kynçylygy; 1) Dogumda çekýän kynçylygy; 3) Emdirýän döwründe çekýän kynçylygy» diýip üçe bölýärler («Fethul-Bari», 13/5-6). Emma enäniň çaga istigna (iýip-içmegi, geýinmegi, hatda hajathana özbaşdak girip-çykmagy öwrenýänçä) ýaşyna ýetýänçä çekýän zähmeti we tälim-terbiýe bilen baglanyşykly zähmeti bu hasaplama girmeýär. Biz eneleriň hadysda beýan edilýän üç esse artykmaç hakyna onuň perzendiniň bütin ýaşaýşyna täsir etjek terbiýe jähetiniň-de dahyllydygyny, enäniň çagasyna berjek terbiýesiniň özüne haýyrly ýa-da zyýanly boljakdygy hakynda-da oňat düşündiriş berilmelidiginiň tarapdary. Çünki çaga geljekde şahsy hüý-häsiýetleriniň kemala gelýän döwründe islese-islemese enäniň ýanynda bolýar. Eneleriň çagalarynyň ahyretiniň abatlygy hakyndaky aladalary, munuň bilen baglanyşykly öwredýän edim-gylymlarynyň çagalaryň hasam enelerine ysnyşmagyna uly täsir edýär.

[4] Giňişleýin maglumat üçin «Hazreti Peýgamberiň sünnetinde terbiýe» atly kitabymyza ser salyň. Sah 40-43; 77-78.

[5] Bediuzzaman Said Nursi, «Lemalar», sah.189.

[6] Hususan-da, Resulallanyň (s.a.w) ýanýoldaşlaryna ýüzlenýän bu wahyýlar 29-njy aýatdan başlanýar. Emma häzirki mowzugymyz bilen baglanyşykly meseleler, esasan, 33-34-nji aýatlarda beýan edilýändigi üçin galanlarynyň meallaryny bu ýerde ýazmadyk.

[7] «Hak dini Kuran dili», 6/3891.

[8] Buhary, «Nikah» 12, «Enbiýa» 46; Müslim, «Fezailus-sahabe», 210. Medineli zenanlar mekgeli zenanlaryň tersine, ýoldaşlarynyň diýenini etmän, gaňryşyna gaýdyp ýa-da gödek jogap berýän ekenler. Hatda hezreti Omar (r.a) muhajir zenanlaryň medineli zenanlaryň bu «erbet häsiýetlerinden» täsirlenmeginden zeýrenipdir. Şonda Resulalla (s.a.w) hezreti Omaryň (r.a) bu şikaýatyny diňläp, ýylgyrýar we bu hadysynyň üsti bilen mekgeli zenanlaryň hüý-häsiýetini taryp edýär.

[9] Beýhaky, «Şuab», 6/405.

[10] Buhary, «Nafakat», 12; Müslim, «Rada», 56.