Sünnete göre çaga terbiýesi 2

Metodymyz nähili bolmaly?

Şu ýerde öňi bilen bir möhüm aýratynlygy belläp geçmek isleýäris. Ýagny biz kynçylyklaryň, meseleleriň çözgüdini ilki bilen öz çeşmelerimizden gözlemelidiris. Çünki yslam dini jemgyýetçilik durmuşynyň her bir sahypasynyň, her bir setiriniň, her bir sözüniň, hatda her bir nokadynyň çözgütlerini berip biljek derejede köpöwüşgünlidir, metodlara diýseň baýdyr. Islendik kynçylykdan baş alyp çykyp bilmekde öz çeşmeleri ýeterlikdir. Beýik dinimiz özüne gol berenlere gus-gury medeniýet, diňe tefekkür, gurak ybadat, ýa bolmasa ýürekgysgynç terkidünýäligi teklip edýän din däldir. Munuň bilen baglanyşykly bilgeşleýin ýaýradylýan ugursyz gürrüňleriň bütinleý tersine, yslam dini özbaşdak, baý medeniýetli dindir. Medeni ýaşaýşyň talap edýän ähli zady onda bardyr. Hemmesi-de özüne mahsusdyr. Hukuk, ahlak, ykdysadyýet, sungatyň ähli pudaklary, edebiýat, ynanç, ybadat, tasawwuf, pelsepe, edep, ylym-bilim, daş görnüş, etika, geýim-gejim, senenama we şuňa meňzeş gündelik medeni ýaşaýyşda zerur bolan her bir zat yslam dininde bardyr.[1] Olaryň hemmesi-de ylahy wahyýa daýanýar. Resuly-Ekrem aleýhissalatu wesselam hijret edip, Medinäni nurlandyranda ilki bilen Yslam Konstitusiýasyny esaslandyrypdy. Şonuň ikinji bendinde «Musulmanlar garaşsyz ymmatdyr» diýip, biziň özbaşdaklygymyzy yglan edipdi. Muňa görä, musulmanlar durmuşda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny öz çeşmeleriniň berýän salgylary esasynda çözmelidirler. Daşyndan alnan keseki «reseptler» bilen dertlerini dep edip bilmezler. Biz şu hakykaty esas edinip, birnäçe kadany ýatladyp geçmekçi:

Birinji kada. Haýyrlary Alladan, şerleri özümizden bileliň! Şu ýerde munuň bilen baglanyşykly aýatlary ýatlap geçeliň:

  • «Saňa gelen her bir ýagşylyk Alladandyr. Başyňa gelen her bir erbetlik bolsa, öz (gara) nebsiňdendir» («Nisa» süresi, 4/79);
  • «Başyňyza gelen islendik betbagtçylyk öz elleriňiz bilen eden etmişleriňiz zerarlydyr» («Şura» süresi, 42/30. Bu aýatdaky «siz» sözüni «maşgala agzalary», «şäheriň ilaty», «halk», «ymmat» manysynda-da aňlap bilersiňiz);
  • Hadysda şeýle diýilýär: «Amallaryňyz ýolbaşçylaryňyzdyr. Siz nähili bolsaňyz, şoňa görä-de dolandyrylarsyňyz!»

          Ikinji kada. Düzetmegi ilki bilen özümizden başlalyň! Başgalary günäkärlemegiň hiç hili peýdasy ýokdur. Käbir çeşmelerde beýan edilýän şu hadys özümizi düzetmek bilen baglanyşyklydyr:

  • «Allatagala şeýle diýýär: «Men Alladyryn! Hökümdarlaryň hökümdarydyryn! Ähli hökümdarlaryň kalplary, erki meniň elimdedir. Eger bendeler Maňa gulluk etseler, hökümdarlaryň kalbyny olar üçin ýumşak, merhemetli kylaryn. Eger bendeler Maňa baş göterseler, hökümdarlaryň kalbyny daşa öwrüp, olar üçin zalym ýürege öwrerin. Olar bendeleriň başyna agyr günler salyp, jebir-sütem ederler. Şeýle ýagdaýda hökümdarlara sögüp-gargamak bilen meşgul bolmaň! Gaýtam, zikir ediň, dileg-doga bilen ýalbaryň! Men size derek hökümdarlaryňyzyň hakyndan çykaryn!»

    Üçünji kada. Başymyza düşen musybatlara gaflatdan oýanyşyň sebäbi hökmünde garalyň! Nebsimizi soraga çekeliň!

  • «Adamlaryň öz elleri bilen eden erbetlikleri sebäpli, gury ýerde we deňizde pitne-pisat ýüze çykdy. Olaryň (öz etmişlerinden) dänmekleri üçin Alla olaryň eden etmişleriniň käbirini (bu dünýäde) özlerine dadyrar» («Rum» süresi, 30/41).

      Bu aýata görä, mümin kişi haýsy-da bolsa bir musybata sezewar bolanda, aljyrap, özüni ýitirmez. Dessine Rebbine ýöneler, toba, istigfar eder. Haçan, nirede nähili ýalňyş goýberendigini aňlamaga çalşar. Diýseň seresap, çynlakaý çemeleşip, uly hyjuw bilen  täzeden aýaga galmagyň, işlerini ugrukdyrmagyň ýollaryny agtarar.

      Başymyza düşen kynçylygyň, musybatyň sebäbini daşky sebäplerden agtaryp, başga kişileri günäkärlemek bilen gazanan netijämiz bolmaz. Çünki daşymyzdaky sebäpleri üýtgetmek biziň elimizde däl. Muňa het etmek musybatdan ýeňilmekdir. «Bir müddet tefekkür altmyş ýyl ybadatdan haýyrlydyr» diýen hadys başymyza musybat inen wagtynda-da bizi dogry çözgüde iterýän ýol görkeziji bolup biler.[2]

      Dördünji kada. Bütin gujur-gaýratymyzy orta goýup, kemçiliklerimizden, hatalarymyzdan saplanmaga çalşalyň! Biriniň asmandan inip, halas ederine garaşyp oturmaly däldiris! «Elbetde, bir kowum özleriniň ahwalatyny üýtgetmese, Alla olaryň ahwalatyny üýtgetmez» («Rad» süresi, 13/11) diýen aýat hem mundan habar berýär.

Bäşini kada. Maddy musybatlaryň asyl sebäbi manewi we ruhydyr. Bu müşgillerden halas bolmagyň ýoluny ilki bilen manewi jähetden gözlemek gerek. Munuň düşündirilişi, elbetde, köp wagtymyzy alar.[3] Şonuň üçin bu ýerde birnäçe aýaty mysal getirmek isleýäris.

  • «Kim meni ýatlamakdan[4] (Kurandan, dinden) ýüz öwürse, onuň üçin (bu dünýäde) kynçylykly durmuş bardyr. Kyýamat gününde hem ony kör halda direlderis» («Taha», 20/124);
  • «Kim Alla (garşy çykmakdan) gorksa, Alla oňa (kynçylyklardan) çykyş (gapysyny) açar. Oňa hiç garaşmadyk tarapyndan rysgal berer» («Talak» süresi, 2-3). Bu aýatda dünýewi garyplykdan, ýeter-ýetmezlikden halas bolmak üçin takwa bolmak, ýagny Alla gorkusy bilen ýaşamaklyk nesihat berilýär.

      Kurany-Kerim bu aýat bilen baglanyşykly hezreti Eýýuby (a.s) mysal getirýär. Onuň sezewar bolan maddy musybatlara sabyr edendigi, haçanda derdi ybadatyny berjaý etmäge päsgel berjek derejä baryp ýetende,[5] by ýagdaýy şeýtandandyr öýdüp, haraý isläp Allatagala ýalbarandygy, şonda onuň görkezen bu sabyrlylygynyň serpaýy hökmünde Allatagalanyň hezreti Eýýubyň (a.s) saglygyny, mal-mülküni, ähli zadyny öňküsinden-de birnäçe esse köpeldip yzyna gaýtarandygy hakynda gürrüň berilýär.[6]

      Ýokarda beýan edilen ylahy kadalardan, aýatlardan we hadyslardan ugur alyp, sezewar bolan garyplygymyzdan, ryswalykdan, ejizlikden halas bolmak üçin bu meselä örän düýpli çemeleşmelidiris we muny bütin durkumyz bilen kabul etmelidiris. Maşgaladaky terbiýe bolsa munuň esasyny emele getirýär. Çünki bu mesele Kurany-Kerimde örän agyr zulumlaryň, her hili basyşlaryň, gadaganlyklaryň astynda ezilen ysraýylogullaryna Alla tarapyn halas bolmagyň ýoly hökmünde görkezilipdir. Olar hem bu ylahy nesihatlara uýup, erkinlige çykypdyrlar.

      Häzirki döwürde ýurdumyzy düşen agyr ýagdaýyndan halas etmegiň we dünýäde gözüminiň alnynda bolup geçýän hadysalaryň ýakyn gelejekde haçan hem bolsa bir gün duýdansyz öňümize çykarjak ýaramaz netijelerine garşy çäre görmegiň ýollaryny häzirden gözlemeli. Hiç hili hereket etmän, hadysalara ýöne tomaşa kylyp oturmagymyzyň soňy bize örän gymmat düşer. Hökmany suratda bu agyr ýagdaýdan halas bolmagyň, gelejekde howp salyp biljek her dürli belalardan goranmagyň ugrunda bolmaga mejburdyrys. Galyberse-de, gelejegimizi halas etmek üçin ähli yhlasymyzy, gujur-gaýratymyzy siňdirip taýynlan meýilnamamyz, durmuşa geçirmek isleýän amallarymyz hökmany suratda ynandyryjy, ygtybarly bolmalydyr. Munuň üçin anyk, dogrulygy tejribe bilen subut edilen, hiç hili närazylyk, garşylyk bildirilmejek esaslara daýanylmalydyr. Biz müminler üçin şeýle esaslar nämeler bolup biler?! Elbetde we elbetde, iň ygtybarly esas Allanyň wahyýy bolan Kuran we onuň durmuşa geçirilip, tejribesi ýaşalyp görkezilen sünneti-seniýýedir. Bu sebäpden maşgaladaky terbiýe bilen baglanyşykly bütin meseleleriň esaslaryny Kurandan we sünnetden ugur alyp döwrebaplaşdyrmaga we milletimize hödürlemäge çalşarys. Eserimizde wagtal-wagtal ýerli we daşary ýurtly garaýyşlara-da ýer berdik. Emma bular aýatdyr hadyslar bilen tassyklanylandyr hem-de esasy pikiriň çäginde hereket edip, onuň has-da düşnükli bolmagyna ýardam edýärler. Biz okyjymyza aýatda ýa-da hadysda hiç hili geçmeýän, bütinleý öz pikir-düşünjämiziň miwesi bolan ýa-da daşary ýurt çeşmelerinden alnan kadalary hödürlemeris. Bardy-geldi bir peýdasy bolar niýeti bilen teklip edilse-de, bu ýagdaýy duýdurarys.

      Näme üçin şeýle hereket edýäris? Sebäbi Kuran we hadys ähli müminleriň ortak gymmatlyklarydyr. Bu iki çeşme «Men mümin» diýýän her bir kişiniň hiç hili garşylyk görkezmän kabul etjegini kepillendirýän, berjaý etmäge taýyndygyny yglan edýän çeşmelerdir. Çünki bu ýerde:

  • Öz aramyzda, ýagny awam-hawasyň (halk köpçüligi-alymlar, okumyş gatlak) arasynda birlik bar;
  • Uzak geçmişimizden bäri jemgyýetimiziň süňňüni emele getirýän düşünjelerimizde birlik bar;
  • Öz gymmatlarymyz bar;
  • Dogrulyga eltýän ýol we hiç hili üýtgemeýän anyk hakykat bar;
  • Dünýä we ahyret kepilligi bar;
  • Allanyň razylygy we ýöreýän ýolumyzyň dogrudygyna kepillik bar.

      Müminleri berlen maglumatlary özleşdirip, olary berjaý etmäge iterýän aýratynlyk maglumatlaryň sözleriniň özüne çekijiligi bilen bir hatarda, olaryň çeşmeleriniň mukaddesligidir. Aýata we hadysa daýanýan maglumatlary we mysallary bütin durkumyz bilen kabul etmäge hemişe taýyndyrys. Çünki Rebbimiz şeýle buýurýar: «Aralarynda höküm bermegi üçin Alla we Onuň ilçisine çagyrylan mahaly müminleriň sözleri diňe «Eşitdik we tabyn bolduk» diýen sözleridir. Halas bolanlar hem şolardyr. Eger kim Alla we Onuň ilçisine tabyn bolsa, Allanyň azabyndan heder etse hem-de Ondan gorksa, üstünlik gazananlar şolar bolar» («Nur» süresi, 24/51-52).

Meýilnamanyň öz içine alýan çägi

      Maşgalalary özboluşly mekdebe öwürmek, elbetde, aňsat iş däldir. Bu niýetimizi amala aşyrmaga girişmezden öň halkymyzyň, Muhammet ymmatynyň, hatda adamzadyň gelejegi taýyndan örän uly ähmiýete eýedigini göz öňüne tutup, munuň örän kyn boljakdygyny boýun almagymyz gerek. Çünki bu iş öňümizde dag ýaly bolup duran kynçylyklar hakynda kitap ýazmak bilen çözülmez. Bu barada yzygiderli berilýän konferensiýalaryň-da känbir ähmiýeti bolmaz. Haýyrly netijelari gazanmakda möhüm bolan iň esasy zat, erkek bolsun, zenan bolsun, her bir şahsyň bu meseläniň näderejede zerurdygyna aň edip, wyždanynda duýup bilmegidir, bu ugurda näme edilmeli bolsa, ony ýaşaýşynyň manysyna öwürmegidir. Ynsan bu meselä şunuň ýaly düýpli, yhlas bilen ýapyşanda, çalyşjak meýilnmasynyň şu bölümlerden ybaratdygyna göz ýetirer:

  1. Ilki bilen bu meseläniň ylmy meýilnama esasynda nazaryýetini emele getirmeli, aýatlar we hadyslar bilen munuň möhümligi we ulanylmaly metodlary tassyklanmaly;
  2. Maşgaladaky terbiýäniň edil howa ýaly zerurdygynyň ähmiýeti halkymyzyň ähli gatlaklaryna, ýagny intelligensiýanyň wekillerine, dolandyryjylara, häkimiýet edaralarynda işleýänlere, telekeçilere, din işleri müftüliginde zähmet çekýänlere, mugallymlara, işan-mollalara, maşgalalara, täze maşgala gurjak ýaşlara we beýleki kişilere basgançak-basgançak kabul etdirilmelidir;
  3. Maşgaladaky terbiýe meselesine peşmegiň ýalny ýaly dessine güwläp ýanyp, tiz sönüp gidýän geçiji höwes, möwsümleýin dowam edýän moda görnüşinde däl-de, eýsem berkarar, dowamly, guramaçylykly, her bir kişiniň emer-damaryna täsir etjek, mizemez binýatly mesele hökmünde düşünilmelidir;
  4. Bu mesele resmi däl-de, jemgyýetçilik hereketi hökmünde ele alynmalydyr hem-de döwletiň resmi goldawyny gazanmalydyr. Ýogsam, durnuksyz hem-de daşarky güýçleriň basyşlaryna garşy çydamsyz hökümet bu işiň ähmiýetini peseldip, mukaddesligine zelel ýetirer;
  5. Biz bu meseläni diňe Stambul, Ankara ýaly belli şäherlerde ele alman, eýsem ýurdumyzyň ähli künjüne, tä iň çetki nokadynda ýerleşýän obalara çenli ýaýmalydyrys. Hatda halkymyzyň daşary ýurtlarda ýaşaýan bölegi we beýleki ildeşlerimiz bu meselä dahylly edilmelidir. Şunuň ýaly giň çäkde başladylan maşgaladaky terbiýe hereketine döwrümiziň şertlerine görä beýleki doganlyk türki milletleriň we musulman halklaryň goşulyp biljekdigi-de göz öňünde tutulmalydyr.
  6. Bu meseläniň iň möhüm ýeri-de, üstünlik gazanmak üçin nämeleriň edilmelidigini we nähili usullaryň ulanylmalydygyny, döwrümizdäki mümkin bolan şertlerde haýsy serişdelerden nähili görnüşde peýdalanmalydygyny bütin aýratynlyklary bilen kesgitlemekdir. Şunuň ýaly giň gözýetimli, öňdengörüjilikli meýilnama bilen ýola düşülende, islendik pursatda garaşylmadyk kynçylyklaryň dörejekdigini, munuň bolsa täze çözgütleriň, usullaryň tapylmagyna, maşgaladaky terbiýe meselesinde has-da kämilleşmäge iterjekdigini hemişe aňymyzda aýlap durmalydyrys.

      Ýönekeý, sadaja başlangyçlaryň wagtyň geçmegi bilen örüsiniň giňäp, ägirt işlere öwrülýändigi, kiçijik çeşmelerden derýalaryň, kölleriň emele gelýändigi hemme kişi tarapyndan bilinýän ylahy kanunlardyr. Bu haýyrly işde-de Rahym bolan Rebbimiziň goldawyny umyt edýäris. Çünki Ol ýagşy amallara üstünlik yhsan edendir. Ol «Eger ynanýan bolsaňyz, hökman üstünlik gazanarsyňyz» diýen permany bilen ýürekden iman getirenlere ýeňşi wada berýän we beren wadasynda ikilik etmeýän Alladyr. Şeýle hem Ol «Bilip goýuň, Alla muttakylar bilen biledir» diýen permanynda takwalaryň ýanynda boljakdygyna söz berendir. Beýik Eýämiz bizi agzybirlikden, jebislikden, ýürekdeşlikden aýyrmasyn!

Aprel, 2005

Üsküdar, Stambul. 


[1] «Hikmet (käbir hadyslarda «ylym») müminiň ýitigidir» diýen hadysa görä, dinimiz düýp esaslaryna ters gelmeýän ähli dogry zatlary we gözellikleri almaga giň gapy açyp goýupdyr.

[2] Ýeri gelende, şuny ýatlap geçeliň: merhum Bediuzzaman Said Nursi (r.a) XX asyryň başlarynda Şamda (Siriýa) beren bir hutbasynda yslam dünýäsiniň yza galaklygynyň sebäplerini sananda, bütin hatalaryň özümizdedigini beýan edýär. Ýagny birnäçe ýazyjylar ýaly, bu sebäplere daşky duşmanlarymyzyň güýçli bolmagy, her hili gizlin hileler bilen bizi aldamaklary, Hoş Umyt burnunyň açyş edilmegi bilen söwda ýollarynyň üýtgemegi we şuňa meňzeşleri diýmeýär. Ol «Gaýry milletleriň we ýewropalylaryň uly ösüşler bilen gelejegi nazarlaýan wagty biziň orta asyrlarda togtap galmagymyza sebäp bolan zat alty sany hassalykdyr» diýýär we şulary sanaýar: 1. Ýeisiň (ynamsyzlyk) we umytsyzlygyň içimizde direlmegi, biziň-de oňa ram bolmagymyz; 2. Dogruçyllygyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşda ölmegi; 3. Duşmançylyga söýgi beslemegimiz; 4. Ähli-imany biri-birine baglaýan nurany baglanyşyklary bilmezligimiz; 5. Diktatorlygyň ýokanç kesel kimin ähli ýere ýaýylmagy; 6. Hümmetimizi, gujur-gaýratymyzy şahsy bähbidimize sarp etmek. («Hutbeýi-Şamiýe» sah. 20).

[3] Bu aýratynlygy «Krizisiň säheri» atly kitabymyzda burnäçe mysallary bilen giňişleýin beýan etdik. Ser. sah. 27-53.

[4]Aýatyň aslynda gelýän «zikr» sözi «Kuran, şerigat» diýen manylary-da berýär.

[5] Razy, «Mefatihul-Gaýb», 26/213.

[6] Hezreti Eýýubyň (a.s) bu kyssasy Kuranyň iki süresinde beýan edilýär: «Enbiýa» süresi, 21/83-84 we «Sad» süresi, 38/41-44.