Sünnete göre çaga terbiýesi 4

Dilegiň talabyny berjaý etmek

Aýatdaky «Bizi zalymlardan halas eýle!» diýen dilegiň meselämiz bilen möhüm baglanyşygy bar. Şol sebäpden munuň üstünde aýratyn durup geçmek isleýäris. Dinimize görä, dileg-doga etmek bir zady diňe dil bilen islemekden ybarat däldir. Dileg – ilki bilen isleýän zadymyzy ýa-da meselämizi dillendirmekdir. Soňra şol meseläniň hakykat ýüzünde amala aşmagy üçin zerur bolan sebäplere ýapyşmakdyr. Meselem, Alladan rysk dileýän kişiniň zähmet çekmegi, haýsy-da bolsa bir işi amala aşyrmagy şertdir. Ýa bolmasa, ýokary synpa geçmek isleýän okuwçy munuň üçin okuwyny dowam etdirip, sapaklaryny sypdyrman mekdebe gatnamalydyr. Diňe dil bilen doga-dileg edip, onuň amalyny etmän oturyp, netjä garaşmak yslam dininiň kesgitlän dileg-doga şekiline hiç hili laýyk gelýän däldir. Galyberse-de, bu barada Kuranda şeýle diýilýär: «Elbetde, bir kowum özleriniň ahwalatyny üýtgetmese, Alla olaryň ahwalatyny üýtgetmez» («Rad» süresi, 13/11). Munuň bilen baglanyşykly bir mysaly Resulalladan-da (s.a.w) bereliň: hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bir gezeginde özüne täret suwuny getirip, ýardam eden sahabasyna minnetdarlygyny bildirmek üçin oňa «Menden bir zatlar isle!» diýýär. Sahaba «Eý, Allanyň Resuly! Ahyretde siziň ýanyňyzda bolmak isleýärin» diýýär. Resuly-Ekrem (s.a.w) «Başga bir zat isle!» diýýär. Onuň (s.a.w) ders halkasynda öwrenen hakykatynyň nury bilen tüýs arzuw ediljek zady dileýän sahaba Habibi-Rabbul-alemine (s.a.w) dileg-doga etdirmek ýaly ajaýyp pursaty sypdyrmaýar. Ol tutanýerlilik bilen «Ahyretde siziň ýanyňyzda bolmak isleýärin» diýip, şol bir aýdanyny gaýtalap durýar. Şonda Resuly-Ekrem (s.a.w) amalsyz hiç hili netije alynmajagy hakynda ymmatyna pent bermek üçin oňa şeýle diýýär: «Onuň ýaly bolsa, köp sejde etmek bilen maňa ýardam et!»[1]

Bu ýerde şuny diýmek isleýäris: ysraýylogullarynyň müminleri fyrawunyň zulmundan dynmak üçin dileg edenlerinde, Allatagala olary dessine halas etmeýär. Eýsem, olara erkinlige çykarjak bir ýol görkezýär. Başgaça aýdanyňda ysraýylogullaryna: «Zalymdan gutulmak üçin edýän dilegiňiziň garşylygynda sizi azatlyga çykarýan bir gözükdirme inderýärin. Eger muny ýerine ýetirseňiz, size erkinligiň ýollaryny açaryn» diýýän mysaly, wahyý gözükdirmesini inderýär. Bu maksat bilenem öýleriň kyble edilmegini buýurýar: «Biz Musa we onuň dogany (Haruna): «Ikiňiz Müsürde kowmuňyz üçin öýler taýýarlaň we öýleriňizi kybla (metjit) edip, namazy dürs okaň! (Eý, Musa) müminleri (hoş habar bilen) söýünjile!» (diýip) wahyý iberdik».

Bu aýatdaky «Öýleriň kybla edilmesi» diýen jümle diýdimzor, hunhor, rehimsiz rejimiň agyr zulmunyň astynda ezilýän, bu ýagdaýdan halas bolmak üçin çykalga gözleýän halklar üçin iň dogry gözükdirmedir. Asyl meselämiz bolan maşgaladaky terbiýe bilen möhüm baglanyşygy bolan bu jümle ylahy stretegiýa bolup durýar. Hut şu aýratynlygy sebäpli, bu jümläniň üstünde giňişleýin durup geçmegi makul bildik.

Ybrat alynjak jümle

Şuny belläp geçmek ýerlikli bolsa gerek. Ýagny bu ýerde: «Güýçliniň zulmuna sabyr etmek, diýdimzor rejime garşy soňuny saýman, töwekgellik edip garşy çykmazlyk» diýen ylahy kanunyň ýerine ýetiriliş usulyny görýäris Galyberse-de, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) hem Mekgede müşrikleri yslama çagyran döwründe bu kanuna görä hereket edipdi. Ol on üç ýyllap, müşrikleriň çekdiren her hili agyr jebir-jepalaryna sabyr edipdi, müminlere-de sabyrly bolmagy nesihat edipdi. Agyr sütemlere halys çydaman, sabyr käsesi dolan, «Biziňem adamlarymyz, garyndaşlarymyz bar, bize diňe garşylyk görkezmek üçin rugsat berseňiz bolýar» diýip gelen sahabalaryna hemişe sabyr etmegi buýrupdy. Tä Mekgeden gidilýänçä hiç haçan hiç kime zerre ýaly garşylyk berdirmändi.[2] Jebir-sütemiň gün-günden artyp, musulmanlaryň bütinleý ýok bolup gitmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolnan günlerinde-de müminlere güýç ulanmagyň ýerine hijret etmegi emr edipdi. Haçanda hijret edilip, Medinede döwlet gurlandan soňra söweşe rugsat berlipdi. Rugsat hem diňe goranyş derejesindedi. Bu sebäpden Bedir, Uhud, Hendek ýaly ilkinji söweşler müminleri ýok etmek üçin çozan müşrikleriň öňünden çykyp, şäheri olaryň hüjüminden goramak üçin Medinäniň eteginde bolan çaknyşyklardy.

Ylahy sünnetde (kada-kanunda) «sabyr – hijret – söweş» ähmiýeti deň derejeli hereketlerdir, emma şertleri tapawutlydyr.[3] Hezreti Musa-da (a.s) «Dünýäde küfür dowam etse-de, zulum dowam etmez» diýlen kada eýerip, kowmuna sabyr etmegi nesihat edipdi. Ondan soňra nobat hijrete – Müsürden gaçmaklyga gelýärdi.


[1] Muslim, «Salat», 224-225; Nesaýi, «Tatbik», 79.

[2] Resuly-Ekrem (s.a.w) pygamberligiň Mekge döwründe müşrikleriň edýän zulmuna çydaman, olara garşy göreşmek üçin rugsat sorap ýanyna gelýän müminlere şeýle jogap beripdi: «Sizden owalky gelip geçen kowumlaryň içinde şeýle bir müminler bardy, olaryň käbirleriniň bedenlerini demir daraklar bilen tä süňklerine çenli gazasalar-da, käbirleriniň bedenlerini kelleleriniň ortasyndan byçgy bilen ikä bölseler-de, bu zulumlara sabyr etdiler. Imanlaryndan dänmediler» (Buhary, «Menakibul-Ensar», 63).

[3] Bu üç madda «Teblig, Terbiýe we Siýasi taktik açylaryndan Hijret» atly eserimizde giňişleýin düşündirilýär (Ýeni Asýa, Stambul, 1981ý. Bu seljermäni «Kütübü Sitte muhtasary terjüme we şerhiniň» 16-njy jildinde, hijret bölüminde-de goýduk).