Aýatda üns çekýän inçe manyly hakykatlar
Bölümiň başyndan bäri berlip gelnen düşündirişlerden belli bolşy ýaly, bu emri alan hezreti Musa (a.s) bilen hezreti Harun (a.s) ysraýylogullarynyň şol döwürde fyrawun tarapyndan gadagan edilen (belki-de ýykylan) ybadathana, mekdep ýaly halka hyzmat edýän dini we ylym-bilim ojaklarynyň ýerini tutup biljek, ybadat etmäge, ylym-bilim bermäge, ýygnanyşyklar guramaga ýarajak öýler taýýarlamalydy. Bu emriň esasynda taýýarlanyljak öýler täze gurulmaly binalar däldir. Çünki ýaňyja-da aýdyp geçişimiz ýaly, ysraýylogullary gulçulygyň agyr şertlerinde gözgyny durmuşda ýaşaýardylar. Elleri gamçyly esgerleriň edýän jebir-süteminiň astynda ezilýän halkyň görýän gününi it görse gözi agarjakdy. Üstesine-de edýän her bir hereketleri yzarlanylýardy. Şonuň üçin taýýarlanyljak öýler, hakykatdan-da, öňden bar bolan, içinde ýaşalýan binalardyr. Galyberse-de, «Öýleriňizi kybla ediň!» emrindäki «öýleriňiz» diýlen beýana taýýarlanyljak öýler hem dahyllydyr. Olaryň-da kybla ediljekdigi äşgärdir.
Bu ýagdaýdan şeýle manyny çykarmak mümkindir: taýýarlanyljak käbir öýler jemgyýete hyzmat etjek hususy öýlerdir. Meselem, bu şahsy öýlerde hezreti Musa (a.s) bilen hezreti Harunyň (a.s) ýolbaşçylygynda beýleki müminleriň öýlerinde adamlary hak ýola çagyrjak, olara dinini, imanyny öwretjek mugallymlar, mürşitler ýetişdirilmelidi. Çünki şol döwrüň iňňän agyr şertlerinde (Töwratyň berýän maglumatyna görä, diňe erkekleriň sany alty ýüz müňe baran[1]) ysraýylogullarynyň hemmesine ylahy buýruklary ýetirmek hezreti Musa (a.s) bilen hezreti Haruna (a.s) örän kyn düşjekdi. Diýmek, taýýarlanylmagy emr edilen bu öýleriň sany olaryň ýetişip biljek mukdarynda bolmalydy. Bu az sanly öýleriň her birinde üns çekmez ýaly üç-dört adamlyk kiçijik toparlary döredip, olar Allanyň dinini, haky, hakykaty halka öwredip biljek mugallym, mürşit edip ýetişdirilenden soňra bu kişileriň hem hyzmat edip biljek, özleri ýaly mugallymlary, ýol görkezijileri ýetişdirip biljek täze-täze öýleriň açyljakgydy öz-özünden düşnüklidir. Aýat hezreti Musa we Haruna (aleýhimüsselam) şunuň ýaly sany barha köpelen öýleri taýynlamagy, bu ýerlerde beriljek ylym-bilimiň, ahlak terbiýesiniň üsti bilen bütin ysraýylogullaryny hak dine ýöneldirmegi, netijede ähli öýleriň özboluşly metjide, mekdebe öwrülip, ýaş nesilleriň agyr ýaşaýyş şertlerinde hak dine ýürekden berlen, kämil imanly musulmanlar bolup ýetişmekleri üçin zerur bolan şertleri üpjün etmekligi emr edýär. Ine, Kurany-Kerim bu maksadyň amala aşmagyny «öýleriň kyble edilmegi» görnüşinde beýan edýär.
Hezreti Ýakubyň (a.s) ogullarynyň Müsüre göçüp gelişleriniň ilkinji döwürlerinde, ýagny ýerli halkyň uly hormat goýýan ýyllarynda guran ybadathanalaryny soňky döwürlerde tagta çykan fyrawunlary entek hezreti Musa (a.s) dünýä inmänkä ýykdyrypdylar. Bu hem olaryň ysraýylogullarynyň ogul bäbeklerini öldürmek ýaly edýän zulumlarynyň bir görnüşidir. Kuranyň aýatlarynda ybadathanalaryň ýok edilişi barada aýdylmasa-da, tefsirlerde şol döwürlerde fyrawunlaryň ysraýylogullarynyň ybadathanalaryny ýapdyryp, ýykdyrandygy barada maglumatlar berilýär.
[1] Zenanlaryň öldürilmändigi, olaryň sanynyň erkeklerden birnäçe esse köpdügi göz öňüne tutulanda, şol döwürde ysraýylogullarynyň sanynyň azyndan iki million töweregidigi çak edilýär. Bu ýerde Töwratdan berilýän bu sana ynanyp-ynanmazlyk meselesi döreýär. Biz muňa, elbetde, ynanmaýarys. Çünki başga bir aýatda fyrawunyň ysraýylogullary hakynda «şirzime kalile (örän az sanly dereksiz, garamaýak kowum)» diýen sözleri beýan edilýär («Şura» süresi, 26/54). Bu ýerdäki asyl meselämiz taryh ýa-da ilat sanyny seljermek däl-de, maşgaladaky terbiýedir. Emma şeýle bir hakykata-da göz ýummak bolmaz, ýagny Töwratdaky berilýän san çişirilen hem bolsa, hezreti Ýusubyň (a.s) döwründe on üç maşgala bolup, Müsüre göçüp gelen ysraýylogullary ýene-de Töwratyň berýän maglumatyna görä bu ýerde ýaşalan dört ýüz otuz ýylyň içinde («Çykyş» bölümi, 12/40), has dogrusy hezreti Musanyň (a.s) döwrüne çenli sanlary ep-esli köpelen bolmaly. Hut şonuň üçinem fyrawun olaryň Müsüri eýelemeginden ätiýaç edip, bu gorkusyny dillendirýär we ysraýylogullarynyň köpelmeginiň öňüni almak üçin täze doglan ogul bäbeklerini öldürtmäge başlaýar. Galyberse-de, hezreti Ýusubyň (a.s) döwründe Müsürde uly sylag-hormatdan peýdalanan ysraýylogullarynyň Kenanda ýaşaýan kowumdaşlaryndan hem birnäçe maşgalanyň Müsüre göç eden bolmagy mümkindir. Töwratyň «Sanlar» bölüminde ysraýylogullary Palestina göçüp gelişleriniň ikinji ýylynda örän köp kişiniň ölümine sebäp bolan ýokanç keseliň ýaýylmagynyň öň ýanynda we ondan soňra geçirilen ilat ýazuwynyň netijesine garalanda (Bap 1, Bap 26), «Çykyş» bölüminde berlen sana golaýlaýar. Ýagny Müsürden çykylmazdan öň ol ýerdäki ysraýylogullarynyň sany az däldir. Ýagny olaryň sany alty ýüz müň däl-de, altmyş müň, hatda ondanam az bolaýanda-da, hezreti Musa (a.s) bilen hezreti Harunyň (a.s) Allanyň aýatlaryny şol döwrüň agyr şertlerinde bütin halka ýetirmekde uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boljakdyklary görnüp duran hakykatdyr. Şonuň üçin aýatda taýýarlanylmagy emr edilen «öýleri» ýokarda-da bellenilişi ýaly, halka dogry ýoly görkezjek, olara din-imanlaryny öwretjek mugallymlary ýetişdirjek öý-mekdepler hökmünde aňlamagymyz has ýerliklidir. Bu many aýatda göz öňüne tutulýan mazmuna-da gabat gelýär. Bu ýerde bar ünsümizi maşgaladaky terbiýäniň esaslaryna bermegi niýet edendigimiz üçin bular ýaly meseleleriň çekişmesine girip, pikirimizi başga zatlara bölmak islemedik we şu çykgytdaky deglip geçilenleri ýeterlik gördük.
Sanlary ätiýaç ediljek derejede örän köpelen kowma şol döwrüň agyr şertlerinde din-iman öwretmek, elbetde, iki kişiniň başaryp biljek işi däldir. Bu diňe ýöriteleşdirilen öýlerde ýetişdiriljek mugallymlar bilen mümkindir. Aýatda fyrawunyň sözi hökmünde aýdylýan «örän az sanly dereksiz, garamaýak kowum» («Şura» süresi, 26/54) diýen beýana daýanyp, ysraýylogullaryny az sanly hasap etmek başdansowmalyk bolar. Çünki fyrawun Kuranda beýan edilen beýleki käbir sözlerini-de seljerenimizde, onuň hakykatyň üstüni basyryp, dogryny egri görkezýän, edil döwrümizdäki despotlar, diktatorlar ýaly halkyň gözüniň içine seredip ýalan sözleýän haýasyz Dejjaldyr (Ýalançy). Galyberse-de onuň bu sözi jadygöýleriň ýeňlişinden, ýerli halkyň sezewar bolan sil, çekirtge, bit, gurbaga… ýaly belalaryndan soňra goş-golamlaryny jemläp, Müsürden gaçmaga synanyşan ysraýylogullarynyň yzyndan kowmaga meýilli bolmadyk müsürlileri küşgürmek üçin ysraýylogullarynyň sanyny az görkezmek niýeti bilen aýdan ýalan-ýaşryk pyryldaklarynyň biri bolmagy mümkin. Çünki «Şuara» süresiniň 34-46-njy aýatlarynda fyrawunyň hezreti Musa (a.s) garşy göreşi, ony jadygöýleriň üsti bilen ýeňmek üçin nähili taýýarlyk görşi, jadygöýler hezreti Musadan (a.s) üstün çykan ýagdaýlarynda fyrawundan edýän tamakinlikleri, fyrawunyň olara berýän wadalary we beýlekiler giňişleýin beýan edilýär. Bu süräniň 46-49-njy aýatlarynda bolsa fyrawun hezreti Musanyň (a.s) mugjyzasyny görüp, bir Alla iman getiren jadygöýlere «Men size rugsat bermänkäm, siz Oňa iman getirýärsiňizmi?» diýen gazaply haýkyryşy bilen jemgyýetiň aňyny öz islegine görä ugrukdyrýan diktatoryň mysalyny görkezenden soňra, hamana bu uly ýaryşy özi guramadyk ýaly ör-gökden gelip, jadygöýleri-de özi çagyryp getirmedik ýaly bolup, «Hiç şübhesiz, ol siziň jadygöýligi öwreden ussadyňyz bolmaly» diýmek bilen tä kyýamata çenli adamzadyň başyna musallat boljak nijeme Dejjallaryň taryhda bolup geçen bir mysalyny görkezýär.