Metjitleriň berýän hyzmatlary
Bu mowzugy tamamlamak üçin Resulallanyň (s.a.w) döwründe metjitleriň berýän hyzmatlaryna göz aýlalyň. Olaryň iň möhümleri şulardyr: ybadat edilýän ýer; diniň we ylmyň öwrenilýän ýeri; syýasy meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýan, myhmanlara hezzet-hormat edilýän, tussaglaryň el-aýagynyň daňylýan, müfaharanyň (yzzat-mertebe we edebiýat ýaryşynyň), baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän, söweşde ýaralananlara seredilýän, hajamat (gan aldyrylýan) edilýän, halkyň ruhuny galdyrmak üçin şygyr okalyp, dünýewi söhbetleriň edilýän ýeri we ş.m.[1]
Mesjidi-Nebewiniň beren möhüm hyzmatlarynyň biri – Suffa mekdebi
Şerhi edilýän aýaty-kerimedäki «öýleriň kybla edilmegi» diýlen beýana doly düşünmegimiz üçin Resuly-Ekremiň (s.a.w) gurduran nusgalyk ybadathanasy – Mesjidi-Nebewiniň beren iň möhüm hyzmatlarynyň birini belläp geçmek ýerlikli bolsa gerek. Bu bolsa Mesjidi-Nebewide yslam dinini ýaýmak üçin mugallymlaryň ýetişdirilmegidir. Pygamberimiz aleýhissalatu wesselam metjidiň ýanynda «Suffa» diýlen mekdep açypdy.[2] Bu mekdebiň talyplarynyň köpüsi muhajirlerdi, medineli ensardan hem ençeme mümin olar bilen bile Suffada bolup, baş müderrisleri Resuly-Ekremden (s.a.w) ylym öwrenýärdiler. Olar ätiýaçdaky taýyn mugallymlar hökmündedi. Medinäniň ýakynu-uzagynda ýaşaýan taýpalar özlerine yslam dinini öwrentmek üçin mugallym iberilmegini sorap ýüz tutanlarynda, olara Suffa ählinden adam ýollanardy. Galyberse-de, Ebu Bera Pygamberimiz aleýhissalatu wesselama «Nejid halkyna yslam dinini öwreder ýaly mugallymlaryňyzdan iberseňiz» diýip haýyş edende, Resuly-Ekrem (s.a.w) Suffadaky talyplaryndan ýetmiş kişini iberipdi…[3]
Ylahy gözükdirme ýerine ýetirilýär
Derňäp oturan aýatymyzda, ýagny «Ýunus» süresiniň 87-nji aýatynda beýan edilýän, älemleriň Rebbi tarapyndan wahyý edilen halas ediş gözükdirmesiniň yz ýanyndan gelýän aýatlarda (88-90) hezreti Musanyň (a.s) döwründäki ysraýylogullarynyň bu ylahy emri berjaý edendikleri, munuň serpaýyny bolsa Gyzyl deňzinden Allanyň goldawy bilen geçip, fyrawunyň zulmundan halas bolandyklary, olary kowup gelýän fyrawunyň we esgerleriniň bolsa eden elhenç jebir-sütemleriniň jezasy hökmünde deňizde gark bolandyklary beýan edilýär.
Bu ýerde beýan edilen wakadan şeýle netijäni çykarmak mümkindir: hut şu ylahy gözükdirmäni häzirki döwrümiziň şertlerinde öýlerde, mekdeplerde ýerine ýetirýänler-de Allanyň rugsady we hemaýaty bilen halas bolarlar. Zalymlar bolsa hernäçe kontinentara raketalary, «akylly» bombalary, baýlyklary hazynalaryna sygmaýan Karun mysaly hemaýatçylary, akyllary şer işläp çykarýan Haman mysaly zalym býurokratlary, üstüni örtýän jenaýatlary, ikiýüzli anarhistleri, beýnisini robota döndüren janly bombalary, bilgeşleýin döredýän we yzy kesilmeýän ykdysady çökgünlikleri we şuňa meňzeş edýän her hili şeýtany hileleri bolsa bolubersin, edil fyrawunyň we esgerleriniň mysalyndaky ýaly heläk bolarlar. Ylahy adalatyň özleri üçin taýynlan, hiç hili garaşmaýan, pikir hem etmeýän asmandan injek jezalar bilen musybat deňizlerinde gark bolarlar.
Bu ýerdäki halas ediş gözükdirmesi diňe ysraýylogullary üçin indirildimi?
Şeýle bir sowal döräp biler: «Halas ediş gözükdirmesi» diýlip atlandyrylyp, manysy aýdyňlaşdyrylan bu aýat diňe hezreti Musa (a.s) we onuň döwründäki ysraýylogullary üçin niýetlenen gözükdirme dälmi eýsem?»
Jogaby: Ýok! Çünki Kurany-Kerimde haýsydyr bir pygamber ýa-da geçmişde ýaşap geçen ymmatlaryň biri bilen baglanyşykly beýan edilen islendik hökümiň Muhammet ymmaty üçin mensuh (hökümi ýatyrylmak) edilendigi hakynda äşgär ýa-da gytaklaýyn manyly düşündiriş gelmedik bolsa, bu biz üçin hem hökmany suratda ýerine ýetirilmeli buýrukdyr. Galyberse-de, Kurany-Kerimiň ençeme aýatynda öňki pygamberleriň ýörän hak ýolundan ýöremeklik emir edilýär. Meselem, «Engam» süresinde on sekiz pygamberiň ady belent adamkärçilik sypatlary bilen sanalyp geçilenden soňra «Ine, olar Allanyň dogry ýola gönükdiren kişileridir. Sen hem olaryň ýoluna tabyn bol!» diýlip buýrulýar («Engam» süresi, 6/90). «Şura» süresinde-de «Nuha ündew eden zadymyzy, saňa wahyý eden zatlarymyzy, Ybraýyma, Musa we Isa ündänlerimizi Alla size din (hökmünde) berdi» diýilýär («Şura» süresi, 42/13). Yslam ulamalary bu manylarda gelen hökümlere daýanyp, «Şer-u men kablenä, şer-un lenä», ýagny «Bizden öňki geçen ymmatlaryň şerigaty biziň üçin hem (berjaý edilmeli) şerigatdyr» diýlen sözi kada hökmünde kabul edipdirler.[4]
Diýmek, «Halas ediş gözükdirmesi» diýlip atlandyrylan aýatyň soňunda beýan edilen «Bu aýdylanlary berjaý eden müminleri (halas boljakdyklary habaryny) buşla!» diýen manydaky «ylahy buşluk» tä kyýamata çenli şol bir şertlerde şol bir gözükdirmäni berjaý edýän müminlere-de degişlidir.
[1] Giňişleýin maglumat almak hem-de çeşmelere ser salmak üçin «Hezreti Pygamberiň sünnetinde terbiýe» atly kitabymyza seredip bilersiňiz (sah.469).
[2] Bu barada giňişleýin maglumat edinmek üçin «Peýgamberimiziň okuma ýazma seferberligi we ögretim siýaseti» atly kitabymyza ser salyň. Sah 114-122.
[3] Ibn Hişam, «Es-Sire», 3-4/184; Ibni Hajer, «Fethul-Bari», 8/381-395; Ahmed bin Hanbel, «Müsned», 3/137.
[4] Ser: Aýni, «Umde», 18/226; Ibn Hajer, «Fethul-Bari», 9/364; Elmalyly, «Hak dini Kuran dili», 3/1974, 6/4228-229.