Öýleriň kybla edilmeginiň bir şerti
«Nur» süresiniň 36-37-nji aýatlary gürrüňini edýän meselämiz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sebäbi ýokarda getiren aýatymyzda öýleriň kybla edilmeginden söz açylýan bolsa, «Nur» süresiniň 36-37-nji aýatlarynda kybla edilen öýleriň mertebeleriniň beýikdigi taryp edilýär hem-de bu öýleriň eýeleri wasp edilip, olaryň nähili kişilerdigi suratlandyrylýar. Şeýdip, öýlerini kybla etmek isleýänleriň nähili sypatlara eýe bolmalydygy aýlawly ýollar bilen beýan edilýär. Başgaça aýdylanda, öýüňi kybla edinmegiň häki bir gury söz, wagtlaýyn geçip gidýän höwes däl-de, örän oýlanyşykly, berk düzgün-tertipli, pidakärligi esas edinen ýaşaýyş modelidigi nygtalýar: «(Bu çyra), Allanyň beýgelmegine hem-de içinde Öz adynyň agzalmagyna rugsat eden öýlerindedir (metjitlerdedir). Şol öýleriň içinde (ynsanlar) ertir-agşam Ony tesbih ederler. Olar söwda-satygyň özlerine Allany ýatlamaga, namazy berjaý etmäge we zekat bermäge päsgel bermeýän, ýürekleriň we gözleriň agyp-dönüp durjak Gününden gorkýan adamlardyr» («Nur» süresi, 24/36-37).
Bu iki aýata şeýle manyda düşünip bileris:
«Nur» süresiniň 38-nji aýatynda bellenilen ylahy çäkden çykman, Allatagala gulluk edip, öýlerini nurlandyran kişileriň mynasyp boljak sylaglary hakynda şeýle diýilýär: «Alla olary eden işleriniň iň gowusy bilen sylaglar we Öz fazly-kereminden olara artykmaç hem berer. Alla islänine hasapsyz rysgal berer».
Bilşimiz ýaly, ysraýylogullary «öýleriňizi kybla ediň» diýlen emri talaplaryna görä berjaý edendikleri üçin Allanyň lutfuna mynasyp bolýarlar. Bu lutfu-keremiň netijesinde äpet deňiz ýarylyp, olara goýnundan ýol berýär. Olaryň ýörän ýolundan geçmek islän fyrawun we onuň goşunlary bolsa gark bolýarlar («Ýunus» süresi, 10/90). «Wel akybetu lil-muttakyn», ýagny «Ahyrky netije muttakylara, Allatagala yhlas bilen gulluk edenlere degişlidir» diýlen ylahy permanyň syryna[1] laýyklykda, döwrümiziň we gelejegiň zalymlarynyň-da soňa meňzeş netije bilen ýüzbe-ýüz boljakdygy şübhesizdir. Depseň deprenmez Karunlary, maslahatçy Hamanlary, san-sajaksyz goşunlary bolsa bolubersin, olar hem edil fyrawunyň gümlama gidişi ýaly heläk boljakdyrlar. Pelek olara meňzeşleriň nijemesini çarhyndan geçirdi. Mundan beýlägem şeýle bolar.
Ýaşaýşyňda Alla gulluk etmegi, hereketleriňde dogrulygy esas edinmek
Bu ýerde iň soňky aýratynlygy-da belläp geçmek isleýäris:
Ilki bilen has düşnükli dil bilen şuny nygtalyň: gahar-gazaby akylyny kör eden fyrawun hezreti Musanyň (a.s) we hezreti Harunyň (a.s) baştutanlygyndaky müminler köpçüligini ýok etmek üçin olaryň yzlaryndan kowupdy. Deňziň içinden açylan, müminleri salamatlyga çykaran ýolda ol hem öňe atylyp, maksadyna ýetmek isläpdi. Emma gahar-gazaby onuň tepbedini okady. Çünki müminleriň agyr, haýhatly döwürde görkezen gaýratlarynyň serpaýy hökmünde Allatagala deňzi olar üçin salamatlyk, rahatlyk geçidine öwrüpdi. Bu ýol hezreti Musanyň (a.s) we doganynyň tagallalary bilen taýynlanan öýlerde ýetişdirilen hyzmat ärleriniň, gije-gündiz diýmän, agyr kynçylyklara döz gelip, ylym-bilim, iman dersleri bilen ýugrulan, hakykata gözleri açylan ysraýylogullarynyň öýlerini kybla edinmekleriniň netijesidi. Ýagny bütin öýler özboluşly mekdep-metjide öwrülipdi. Ähli öýlerde Alla gulluk etmegi we ybadaty esas edinen ýaşaýyş janlanypdy. Ýetişip gelýän täze nesillere iman hakykatlarynyň dersleri berilýärdi. Çyrpynyp ýatan uç-gyraksyz deňzi saglyk-salamatlyk bilen geçiş mugjyzasy olara ynsanyň başaryp biljek bu beýik gahrymanlygy görkezendikleri üçin berlen ylahy serpaýdy. Galyberse-de, deňizde açylan bu salamatlyk ýolunyň «diwarlaryny», ýöreljek ýeriň «mermer daşlaryny» Allanyň hezreti Musa (a.s) we onuň dogany hezreti Haruna (a.s) wahyý eden gözükdirme aýatynda beýan edilýän «ybadatyňyzy dos-dogry berjaý ediň!» diýlen emriň miwesi hökmünde asmana göterilen yhlasly ybadatlar, dileg-dogalar, agylar, ýalbarmalar, toba-istigfarlar, birek-birege edilen ýardamlar, kömekler, pidakärlikler emele getiripdi. Fyrawun bu zatlary, elbetde, bilmeýärdi, aňlamaýardy.
Bu düşündirişlerden ugur alyp, şu netijä gelmek isleýärin: müminleriň ulanan metoduny ulanyp, maksadyna ýetmek isleýän döwrümiziň fyrawunlary we olaryň nökerleri «hüjre öýleri» metody esasynda ýöredýän işlerinden netije alyp bilmezler. Edil fyrawunyň we goşunynyň gark bolşy deýin agyr heläkçilik bilen ýüzbe-ýüz bolarlar. Çünki olar bu ýerlerde ybadat däl-de, haýynlyklaryň, zulumlaryň, terrorçylykly hereketleriň, bilkastlaýyn adam öldürmekligiň meýilnamalaryny düzýärler. Iň soňunda «Wel akybetu lil muttakyn»-yň ýumrugy olaryň hem depelerinden iner. Şuny gaýtalap aýdýarys: müminler haýyrly netije almak üçin ýaşaýyşlarynyň özeninde ybadaty oturdyp, Alla hakyky gul bolmalydyrlar. Hiç haçan dogrulykdan, adalatdan we hakykatdan aýrylmaly däldirler.
[1] «Araf» süresi, 7/128; «Ta-Ha» süresi, 20/132; «Kasas» süresi, 28/83