«Müsamaha» sözi «adamlaryň göwnüni almak, köňüllere söýgi ornaşdyrmak, bagyşlamak, ýagşylygy ýaýmak, aňsatlaşdyrmak, özüňi töweregiňe ýigrendirmekden, kynçylyk döretmekden gaça durmak, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklarda sylag-hormaty, söýgini, geçirimliligi, sypaýyçylygy, birek-birege bolan ynamy ýaýmak, binýady söýgüden tutulan medeniýete barýan ýoly açmak» diýen manylary aňladýar.
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) geçirimliligiň, sabyrlylygyň, rehimdarlygyň nusgasydy, ýüregi giňdi. Onuň (s.a.w) ady Allanyň gatynda «örän rehimdar, örän merhemetli» diýen manylary berýän sözler bilen tutuldy. Resulallanyň (s.a.w) bu häsiýeti barada hezreti Aýşe (r.a) enemiz şeýle diýýär:
─ Resulalla (s.a.w) gödek söz aýtmazdy. Edep-haýa, salyhatlylyga ters hereketleri etmezdi. Köçede, bazarda gaty ses bilen gepläp, gykylyk turuzmazdy. Ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap bermezdi. Geçirimlilik ederdi, bagyşlardy.
Hezreti Aýşe (r.a) enemiz başga bir hadysynda şeýle diýýär:
─ Resulalla (s.a.w) iki zadyň birini saýlamaly bolanda, eger günä däl bolsa, olaryň adamlar üçin has aňsat bolanyny saýlardy. Eger bu iki zadyň biri günä itekleýän bolsa, ondan dessine daşlaşardy. Ol (s.a.w) halkyň arasynda günäden iň daş duran ynsandy. Ol (s.a.w) Aziz, Jelil bolan Allatagala dil ýetirilen ýagdaýdan başga wagtlarda öz hakyny hemişe bagyşlardy, kimseden öýke-kine edip, öçli bolup ýörmezdi.[1]
Hezreti Abdulla ibni Omar (r.a) hem Resuly-Ekremiň (s.a.w) ahlagy barada şeýle diýýär:
─ Resulallanyň (s.a.w) kämil ahlagy Oňa (s.a.w) gelşiksiz hereket etmegine ýol bermezdi. Bu sebäpden Onuň bütin ömründe gelşiksiz hasap ediljek hereketine gabat gelinmedi. Ýagny Ol (s.a.w) hiç hili gereginden artykmaç hereket etmedi.
Biz ýene-de hezreti Aýşe enemiziň (r.a) hezreti Pygamberimiz (s.a.w) hakyndaky gürrüňine dolanalyň:
─ Resulalla (s.a.w) Alla ýolundaky söweşlerden başga ýagdaýlarda hiç kime, ne aýala, ne-de bir hyzmatkäre elini galdyrmady. Hiç kim Onuň (s.a.w) dilinden ýa-da elinden zyýan, jebir-sütem görmedi. Mundan ötri Onuň (s.a.w) daş-töweregindäki ýaranlaryna garşy içinde kitüw saklamagy pikiriňe-oýuňa geljek zat däl. Emma Allatagalanyň haram eden zatlaryna biperwaý garalanda, ýagdaý düýbünden üýtgeýärdi. Şonda Resuly-Ekrem (s.a.w) Aziz we Jelil bolan Alla üçin gazaplanardy. Allatagalany, Onuň gadagan eden hökümlerini äsgermezlik eden kişilere ýowuz daramakdan çekinmezdi.[2]
Kazy Beýzawi hezreti Aýşe enemiziň (r.a) Resuly-Ekremiň (s.a.w) hüý-häsiýeti bilen baglanyşykly aýdan hadyslaryna şeýle düşündiriş berýär:
─ Bu aýdylanlardan ugur alsak, hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) ýumşak tebigatly, sabyrly, hak-hukuk meselesinde örän seresaply kişi bolandygy ýüze çykýar. Eger Ol (s.a.w) Allanyň we adamlaryň hakyny goramasady, hakykatyň üstüniň gömülmegine göz ýumdugy bolardy. Eger özi üçin ar alsady, bisabyr saýylardy. Allanyň Resuly (s.a.w) bu iki öte geçmekligiň arasyndaky altyn ortalygy tapypdyr. Sabyrlylygy we adyllygy iň dogry, iň ýerlikli görnüşde ulanyp, nusgalyk hereketleri bilen görkezipdir.
Umuman, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) jemgyýetde her bir kişi töweregi bilen geçirimli bolmaly diýen düşünjeden ugur alýardy. Aýratynam, mugallymlaryň, din hadymlarynyň we halkyň hyzmatynda bolan ähli döwlet gullukçylarynyň mähirli, güler ýüzli, geçirimli bolmagyny isleýärdi. Bu babatda halk bilen iş salyşýan döwlet gullukçylaryna bahasyna ýetip bolmajak şu nesihatyny berýärdi: «Aňsatlaşdyryň, kynlaşdyrmaň! Söýdüriň, ýigrendirmäň!»[3] Munuň üsti bilen Ol (s.a.w) döwlet gullukçylarynyň halka býurokratiki çemeleşmeleriniň, emeli kynçylyklary döretmekleriniň, her dürli hilä ýüz urup, döwlet işlerini bilgeşleýin agsatmaklarynyň, özlerini gedem alyp barmaklarynyň, raýatlaryň göwnüni ýykmaklarynyň öňüni alýardy.
Allanyň Resuly (s.a.w) rehimdar, geçirimli bolmagy diňe nesihat etmek bilen oňmazdy. Eýsem, bu beýik ahlak sypatlaryny gündelik durmuşynda ýaşap görkezýärdi hem-de şeýle bolmagy belli bir wezipe ynanylan kişilerden talap edýärdi. Onuň şu dogasy hem geçirimli bolmagyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny tassyklaýar: «Eý, Allam! Kimde kim ymmatymy edara etmekde ynanylan wezipesini berjaý etmän, (adamlara) kynçylyk döretse, sen hem olaryň başyna muşakgat inder! Eger kim ymmatymy edara etmekde boýnuna alan wezipesinde (adamlara) rehimdar, geçirimli bolsa, sen hem olara lutuf-merhemetiňi eçil!»[4]
Görşümiz ýaly, Resuly-Ekrem (s.a.w) musulmanlary edara etmekde birehim, doňýürek, zalym, rehim-şepagatdan mahrum kişilere wezipe ynanylmagyna garşy çykýar. Eýsem wezipeli adamlaryň imanly, tejribeli, ýagşy niýetli, merhemetli bolmagyny isleýär.
Söýgüli Pygamberimiziň (s.a.w) rehimdarlygyny, geçirimliligini hasam çuňňur öwrenmek üçin hezreti Enesiň (r.a) şaýat bolan käbir wakalaryny mysal getireliň. Hezreti Enes bin Mäligiň (r.a) aýtmagyna görä, Allanyň Resuly (s.a.w) hiç kime gaty-gaýrym söz diýmezdi, länet etmezdi. Hezreti Enes bin Mälik (r.a) şu wakany hem gürrüň berýär: «Bir gün Resulalla (s.a.w) bilen gidip barýarkak, bir çarwa kişi Onuň (s.a.w) donundan şeýle bir çekdi welin, donuň ýakasynyň Resulallanyň (s.a.w) mübärek boýnuny kertip, yz galdyrandygyny gördüm. Ýaňky adam bu edenini hem az görýän ýaly, «Eý, Muhammet! Allanyň saňa eçilen zatlaryndan maňa-da bir zatlar berilmegini emr et!» diýdi. Resulalla (s.a.w) oňa tarap öwrüldi-de ýylgyrdy, soňra-da «Muňa-da bir zatlar beriň» diýdi».[5]
Çarwa bu hereketini hormatsyzlykdan etmeýärdi. Bu çöl-beýewbanda önüp-ösen gumla mahsus häsiýetdi. Belki-de ol iň ýakynlaryna-da şonuň ýaly ýüzlenýärdi. Bir zat gerek bolup soranda-da şeýle soraýardy. Muňa garamazdan, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bu sähraýy bilen deň bolmady. Eger onuň özi ýaly gödek bolsady, nebsiniň isländigi üçin etdigi bolardy. Bu bolsa şol kişide dine bolan ters garaýşy oýarardy. Emma Resuly-Ekrem (s.a.w) geçirimlilik edip, onuň yslama hasam ysnyşmagyna sebäp boldy.
Hezreti Enes (r.a) başga bir hadysda şeýle diýýär: «Resuly-Ekrem adamyň utanjak ýa-da gynanjak zadyny onuň ýüzüne aýtmazdy. Hiç haçan kişiniň aýbyny ýüzüne basmazdy». Bu adamlaryň hüý-häsiýetlerindäki, hereketlerindäki kemçilikleriň öňüni almakda, hatalaryny düzetmekde örän möhümdir. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) kemçilik goýberen kişi ynjamaz ýaly gadagan edilen zatlary, terk edilmeli kemçilikleri köpçülikde hemme kişä ýüzlenip aýdardy.
Musulmanlar şeýle bir pygamberiň (s.a.w) ymmaty welin, Onuň (s.a.w) diňe bir sözi ýa-da hereketi däl, eýsem iň kiçijik bir yşaraty-da ymmaty üçin ýerine ýetirilmeli emrdir. Aýratynam, mübärek sahabalarymyz (radyýallahu anhum ejmain) bu meselede örän duýgurdy. Resuly-Ekrem (s.a.w) ymmatym ynjamasyn diýip, her bir zatda örän seresaply çemeleşýärdi, olaryň hatalaryny düzeden wagty göwünlerine degmejek bolup, elinden gelenini edýärdi. Şeýle sypaýyçylykly, ýumşak, mylakatly pygamberiň (s.a.w) ymmaty bolan müminlere-de bu belent ahlak sypatlary bilen bezenmek ýaraşar.
Bir gün hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bir adamyň agyr, ýiti ysly müşk sepinip gelip, töweregindäki oturanlary birahat edýändigini gördi. Üstesine-de onuň çalnan müşküniň göze dürtülip duran sary reňki bardy. Allanyň Resuly (s.a.w) ýaňky kişi köpçülikde otyrka, ony utandyrmady, ýagşydan-ýamandan sesini çykarmady. Haçanda turup gidenden soňra ýanyndakylara «Oňa sypaýyçylyk bilen duýduraweriň. Adamlary birahat edýän sary reňkli müşküni indi sepinmesin» diýdi.
Sahabalar Resuly-Ekrem (s.a.w) hakynda «Haýsydyr bir zady halamandygyny ýüzünden okap bolýardy» diýýärdiler. Älemleriň Serweriniň (s.a.w) şu sözleri-de Onuň (s.a.w) adamlar bilen gatnaşygynda kalp tämizligine nädereje ähmiýet berýändigini görkezýär: «Hiç kim başga biri hakynda maňa erbet zat aýtmasyn. Çünki men ýanyňyza (hiç biriňiz hakynda erbet pikirde bolman) ýagşy niýetli arassa kalp bilen çykmak isleýärin».
Geçirimlilik, rehimdarlyk kalbyňda adamlara bolan söýgini oýarmakdyr, ynsanlaryň bagtly bolmagyny islemekdir, güýçli wagtyň bagyşlap bilmekdir, içiňde kitüw, kin saklamakdan päklenmekdir, ýamanlyga ýagşylyk bilen jogap bermekdir, adamlaryň hakykata ýönelmegi, dogry ýoly tapmagy üçin yhlas bilen dileg-doga etmekdir, dürli hili hetden aşmakdan, öte geçmekden, ikiýüzlilikden, gep gezdirmekden, hak ýoldan azaşmakdan, mynafyklykdan, agzalalyk döredip, ryswa bolmakdan daş durmakdyr.
Geçirimlilik, rehimdarlyk bir kişä bilip zyýan bermezlikdir. Ahlagy, medeniýeti pes jemgyýetde ýetişen adamlaryň gödek hereketlerine, häsiýetlerine sabyr etmekdir. Olaryň hatalaryny ýagdaýyna görä ýumşaklyk bilen düzetmäge çalyşmakdyr. Şeýle hem geçirimlilik, rehimdarlyk kişiniň aýbyny örtmekdir. Yslamy gymmatlyklary adamlaryň arasynda ýaşap görkezmekdir, olaryň yslam ahlagy bilen tanyşmaklaryna mümkinçilik döretmekdir.
Geçirimlilik, rehimdarlyk, eger bir ýerde Alla dil ýetirilýän bolsa ýa-da adamyň hukugy depelenýän bolsa, bütin gaýratyň bilen muňa garşy çykmakdyr, hakykatyň belent mertebesini goramakdyr. Çünki adalatsyzlyga sesiňi çykarmazlyk geçirimlilik däldir, eýsem dilsiz şeýtanlykdyr. Şonuň üçin şahsy bolsun ýa-da jemgyýet möçberinde bolsun, adam hukugynyň kemsidilmegi ýaly jenaýatlara geçirimlilik etmek dogry däldir. Diniň esaslaryna, şahsyň, jemgyýetiň hukuklaryna garşy edilen agyr jenaýatlara biperwaý garamak geçirimlilik däldir, eýsem mönlükdir, kemakyllykdyr.
Taryhda bolup geçen wakalara ser salanymyzda, hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) gaýry dinlilere-de geçirimli rehimdar bolandygyny görýäris. Hususan-da, Resuly-Ekrem (s.a.w) hijretden soňra Medinede jöhitleri hem-de entek musulman bolmadyk araplary-da öz içine alýan «Medine Ylalaşygy» atly kanunlar ýygyndysyny döredýär we ýazylan gününden güýje girizýär. Şeýlelikde, Resulalla (s.a.w) ülkäni hemmeler bilen deňhukukly paýlaşyp, dini başgalaryň dinlerine, ybadatlaryna, maşgala eldegirmesizligine hormat goýupdyr, mal-emläkleriniň hem-de janlarynyň howpsuzlygyna kepil geçipdir. Ol (s.a.w) bu ylalaşygy ýola goýandan soňra jöhitleriň hem-de hristianlaryň kethudalary bilen ýygy-ýygydan duşuşyp, olaryň sowallaryna jogap beripdir. Bu kowumlaryň Medinede edýän bulagaýlyklaryna, pyssy-pujurlyklaryna sabyr edipdir. Musulmanlaryň häkimiýetini kabul edenleriň bolsa dinleri, ybadathanalary, mal-emläkleri we janlary goralypdyr. Bu güne çenli haýsy dinden bolsun, tapawudy ýok, hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) ýola goýan düzgün-nyzamyny, eden işlerini ilik-düwme öwrenip, ylmy-barlag geçiren kişileriň hiç biri Ondan (s.a.w) jinnek ýaly kemçilik tapyp bilmändirler.
Mahlasy, sözümiziň başynda-da aýdyşymyz ýaly, «müsamaha» adamlaryň göwnüni almak, köňüllere söýgi ornaşdyrmak, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklarda sylag-hormaty, söýgini, geçirimliligi, sypaýyçylygy, birek-birege bolan ynamy ýaýmak diýmekdir. Hezreti Muhammet (s.a.w) bolsa geçirimlileriň, rehimdarlaryň serdarydy, nusgasydy. Ol nähili ýagdaýlar, şertler bilen ýüzbe-ýüz bolsa-da, hemişe we her bir ýerde geçirimli, rehimdar bolupdyr. Meselem, Taifiň köçelerinde daşlanyp, agyr zuluma sezewar bolsa-da, olaryň heläk bolmagyny islemändir. Olaryň arasyndan gelejekde Allatagala iman getiren, ybadat eden nesliň çykmagyny umyt edipdir we hak ýoly tapmaklaryny diläpdir.
Ýyllar geçýär. Wagty-sagady gelip, Allanyň Resulynyň (s.a.w) dilegi kabul bolýar. Mekganiň fethinden (eýelenmeginden) hem-de Hewazin söweşinden soňra Taif şäheriniň ilaty hem Medinä wekillerini ýollap, musulman bolandyklaryny mälim edýärler. Birwagtlar Taifiň köçelerinde Resuly-Ekremi daşlanlar, daş zyňdyranlar indi öz butlaryny daşlaýardylar, ýeke-täk bolan Allatagala ýönelýärdiler.
Allanyň Resulynyň (s.a.w) Mekganiň fethinden soňra şol güne çenli musulmanlara garşy söweşen kişileri-de bagyşlamagy Ebu Sufýan bilen ogly Muawiýe, Süheýl bin Amr, Ebu Jehiliň ogly Ikrime ýaly tebigaty täzeligi agyr kabul edýän kejir kişileriň hem kem-kemden yslam dinine ýakynlaşmagyna ýol açýar.
Bir söz bilen aýtmaly bolsa, ine, geçirimli, rehimdar bolmagyň haýyrly netijesi!
Resuly-Ekrem (s.a.w) geçirimlilik, rehimdarlyk bilen köňüllere iman tohumyny atýardy, yslam nahalyny oturdýardy. Onuň (s.a.w) haýyr-dogalary bilen bu tohumlar gämik çykarýardy, nahallar barha ulalyp, gülleýärdi. Çünki Ol (s.a.w) hemişe buşlaýardy, gorkuzmaýardy, aňsatlaşdyrýardy, kynlaşdyrmaýardy.
[1] Sahyhy-Buhary Muhtasary. Tejrid-i Sarih terjimesi, IX, 276 sah.
[2] Müslim, «Fedaýyl», 79 s.
[3] Buhary, «Ylym», 11; Müslim, «Jihad», 5.
[4] Müslim, «Imare», 19.
[5] Mustafa Asym Köksal, «Yslam taryhy», IX, 450 sah.