Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) mübärek gözleriniň çeşmesi merhemet, rehim-şepagat ýaşyndan doludy. Tebigaty rehimdarlyga ýugrulandygyndan bolsa gerek, birentek wakalar Ony (s.a.w) agladardy. Gamgyn ses bilen Kuran okalanda, ylahy yşk (wejd) bilen ybadat edilende, garyp çaganyň çekýän kynçylygyny görende, musulmanlaryň ýa-da Özüniň çagaka aradan çykan perzentlerini ýatlanda, musulmanlara garaşylmadyk ýerden musybat inende Resulalla (s.a.w) hemişe aglardy. Emma Onuň (s.a.w) aglaýşy dady-perýat etmek, ah urmak ýa-da närazy bolmak görnüşinde däldi. Resuly-Ekremiň haýsy ýagdaýlarda aglandygyny, haýsy duýgularyň rahmet gözýaşlaryny joşdurandygyny has oňat bilmek üçin Onuň (s.a.w) durmuşyndan birnäçe mysal getirmek ýerlikli bolsa gerek.
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) namaz okap durka, Ony (s.a.w) daşyndan synlan sahabalaryň biri şeýle gürrüň berýär: «Bir gün Resulallanyň (s.a.w) ýanyna gidipdim. Huzuryna baran wagtym, Ol (s.a.w) namaz okap durdy. Daşky keşbi aglap durana meňzeýärdi. Içinden aglaýan sesi göýä otda goýlan küýzäniň lasyrdap gaýnaýşyny ýatladýardy. Muny ýanynda durkaň arkaýyn eşidip bolýardy».[1]
Ibni Abbas (r.a) hezretleriniň gürrüň berýär: «Bir hassa gyzjagaz bardy. Soňabaka onuň keseli gün-günden güýjäpdi. Şonda hezreti Pygamberimiz (s.a.w) geldi, ony gujagyna aldy. Bir sagat ýaly bagryna basyp oturdy. Gyzjagaz ruhuny Alla tabşyrypdy. Şol pursat Ümmi Eýmen (r.a) uly ses edip aglamaga başlady. Resulalla (s.a.w) onuň dady-perýadyny goýduryp, aglamagyny bes etdirende, Ümmi Eýmen (r.a) «Men sizi aglaýandygyňyzy gördüm ahyry, eý, Resulalla! Siz hem wagtal-wagtal aglaýardyňyz ahyry!» diýdi. Allanyň Resuly (s.a.w) oňa şeýle jogap berdi: «Eý, Ümmi Eýmen! Meniň aglaýşym musybata sabyr etmän aglanan dady-perýat, ahu-efgan däldir. Men merhemetimden aglaýaryn. Hiç şübhesiz, müminler her hili ýagdaýda-da haýyrlysyny isleýändir, haýra ýönelýändir. Ruhuň kabz edilişi-de (ruhuň Allatagala tabşyrylyşy, ahyrete göç etmek) mümin üçin haýyrdyr. Bu sebäpden ol Alla hamdy-sena eder».[2]
Ulamalar bu meselä şeýle düşündiriş berýärler: hezreti Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýmek isleýär: «Eý, Ümmi Eýmen! Sen ölen kişä aglaýarsyň. Ýogsa, öli (Alla gowuşýandygy üçin) halyndan razydyr. Halyndan razy bolana (heý-de, dady-perýat edip) aglanarmy?!»
Hezreti Aýşe enemiz (r.a) Resulallanyň (s.a.w) süýt emşen doganynyň ölüm habary gelende, Onuň (s.a.w) gözleriniň ýaşa dolandygyny şeýle gürrüň berýär: «Pygamberimiziň (s.a.w) süýt emşen dogany Osman bin Mazun hezretleri aradan çykypdy. Resulalla (s.a.w) gelip, onuň iki gözüniň arasyndan öpdi. Şol wagt Onuň (s.a.w) gözlerinden paýrap ýaş dökülýärdi».[3]
Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) gyzy hezreti Ümmi Gülsüm (r.a) bakyýete göç edipdi. Jynazasy okalyp, jaýlanandan soňra hezreti Pygamberimiz (s.a.w) onuň mazarynyň başynda oturyp, sessiz zaryn-zaryn aglapdy.[4]
Resulallanyň (s.a.w) hezreti Mariýe enemizden (r.a) bolan Ybraýym atly ogly bardy. Allanyň Resuly (s.a.w) ony örän gowy görýärdi, atalyk mähri bilen çoýup, üstünde kökenek bolýardy. Emma bu balajyk ulalyp, on sekiz aýlyk töweregi bolanda, bir kesele ýolukdy. Hassalygy güýjäp, ýagdaýy barha agyrlaşdy. Şonda hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ogluny gujagyna alyp, soňky gezek bagryna basyp ogşady. Gözünden boýur-boýur ýaş döküp, «Eý, Ybraýym! Bu Allanyň takdyry. Biziň elimizden näme gelsin?!» diýdi. Ahyrynda balajygyň demi sogrulyp, ruhy teninden çykdy. Resulalla (s.a.w) ýaşly gözlerini oňa dikip, şeýle diýdi: «Göz aglar, ýürek gynanar. Biz Allanyň razylygyna ters bir agyz söz diýmeris. Eý, Ybraýym! Seniň ölümiň sebäpli, kalbymyz gussadan doldy. Bu Allanyň emri bolmasady, wadanyň wagty-sagady dolmasady, soňky gelenler öňki geçenlere gowuşmaýan bolsady, seniň ölümiňe hasam beter gynanardyk oglum!»
Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) gözýaşyny saklap bilmän, aglap oturyşyny gören sahabalar aglamagy özlerine gadagan edendigini aýdanlarynda, Ol (s.a.w) şeýle diýdi: «Men gynanmagy gadagan etmedim. Ahy-nala dartyp, dady-perýat edip aglamagy gadagan etdim. Meniň aglap gözýaş dökmegim bolsa, ýürekdäki söýginiň we muhabbetiň eseridir!»[5]
Gözýaş merhemetiň, ýürekdäki söýginiň we rehim-şepagatyň eseridir. Rahmet pygamberi hezreti Muhammediň (s.a.w) kalby rehimdarlykdan, merhemetden, mähir-muhabbetden doludy. Bu sebäpden gamgyn, gussaly ses bilen Kuran okanda ýa-da diňlände, aýatlaryň çuňňur manylarynyň älemine aralaşanda, ylahy yşk (wejd) bilen ybadat edende, musulmanlaryň başyna garaşylmadyk bela-beter, musybat inende, gowy görýän kişileri, ýakynlary, dostlary, çagajyklar ýurduny täzelände, bir musulman hasrat çekende Onuň (s.a.w) rahmetden doly kalby lerzana gelip, gözlerinden dür kimin ýaşlar süzülip gaýdardy.
Geliň, biz hem Allatagala şeýle diýip ýalbaralyň: «Eý, Allam! Söýgüli Pygamberimize (s.a.w) bagyş eden söýgiňden, merhemetiňden, rehim-şepagatyňdan bize-de yhsan eýle! Biz hem merhemetiň eseri bolan agy bilen gözýaşymyzy dökeli, kalplarymyzyň posuny ýuwaly!»
[1] Haje Mehmed Raif Efendi, «Muhtasar Şemaili-Şerif terjemesi», s.211.
[2] Haje Mehmed Raif Efendi, «Muhtasar Şemaili-Şerif terjemesi», s.224.
[3] Haje Mehmed Raif Efendi, «Muhtasar Şemaili-Şerif terjemesi», s.224.
[4] Haje Mehmed Raif Efendi, «Muhtasar Şemaili-Şerif terjemesi», s.225.
[5] Müslim, «Fedaýyl», 62-63.