17) Resulallanyň (s.a.w) ybadat edişi, Kuran okaýşy we diňleýşi

Ybadatyň sözlük manysy «gulluk etmek» diýmekdir. Dini adalgada bolsa, ybadat Allatagany söýmegi, Oňa çuňňur ýürekden hormat goýmagy, Onuň öňündäki gulluk borçlaryňy yhlas bilen ýerine ýetirmekligi aňladýar.

Ynsanyň Allatagala şükür etmegi, Onuň öňündäki ybadatyny we gullugyny ýerine ýetirmegi onuň asyl ýaradylyşynyň netijesidir. Çünki bizi ýokdan bar eden, bedenimize, ruhumyza dirilik beren, ýaşaýşymyzy dowam etdirip bilmegimiz üçin saglygymyzy we ähli zady eçilen Oldur. Bu sebäpden Allatagala halys ýürekden hamdy-sena aýtmak, çäksiz söýgi bilen Onuň öňünde tagzym etmek ynsanyň hökmany wezipesidir. Galyberse-de, Beýik Biribar Kurany-Kerimde bize Özüne ybadat etmegi, gulluk borçlarymyzy ýerine ýetirmegi, beren nygmatlaryna şükür etmegi, naýynsaplykdan, bigadyrlykdan daş durmagy emr edýär («Bakara», 2/152; «Maide» 5/72, 117; «Araf» 7/59, 65,73; «Hud», 11/50,61,84; «Ýasin», 36/61; «Zariýat», 51/56).

Ybadat diýlende, akylyňa ilki bilen namaz okamak, oraza tutmak, zekat bermek, haja gitmek, gurbanlyk bermek ýaly Allatagalanyň buýran, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) tarapyndan öwredilip, nähili berjaý edilmelidigi görkezilen dini borçlar gelýär. Mundan başga-da, Beýik Biribar tarapyndan bize ýerine ýetirilmegi emr edilen islendik ýagşy amal hem ybadatdyr. Şeýlelikde, Allanyň emrlerini, razy boljak amallaryny etsek, gadagan eden zatlaryndan, halamaýan işlerinden gaçsak, Onuň öňündäki gulluk borjumyzy ýerine ýetirdigimiz bolar.

Eger isleseňiz, Resulallanyň (s.a.w) ybadatyndan we gullugyndan mysal bereliň.

Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ybadat etmeklige jany-teni bilen berlendi. Ol (s.a.w) namaza «gözümiň nury» diýýärdi. Parz namazlaryny metjitde, tehejjüd we beýleki nepil namazlaryny öýünde okardy. Ýassy namazynyň wagty girenden namazyny okap ýatardy. Gijäniň üçden bir böleginde oýanyp, ilki tehejjüd, birsalymdan soňra-da witr namazyny okardy. Şondan soň täzeden ýatardy. Ertir namazynyň azanynyň öň ýany dessine turardy-da, zerur bolsa gusul alardy. Zerurlyk ýok bolsa, täretini alardy-da, ertir namazynyň sünnetini öýünde okardy. Parzyny okamak üçinem metjide giderdi. Ir ertirden agşama çenli halkyň, döwletiň işleri bilen meşgul bolup, mazaly ýadanda, hususanam ölüminiň öň ýanyndaky günlerinde tehejjüdi oturyp okardy. Sähelçe wagtynam boş geçirmän, Allatagalanyň berýän nygmatlaryna şükür ederdi.

Resulalla (s.a.w) remezan orazasynda başga-da rejep, meret beýleki aýlarynda nepil oraza tutardy. Dürli wagtlarda umra hajyna gitdi. Haj parzyny bolsa, ahyrete göç etmeziniň öň ýanyndaky haj möwsüminde berjaý etdi. Zekat bermekde, haýyr-sahawat etmekde sahabalaryna nusga boldy. Mätäçlere, garyp-pukaralara, ýetimlere garaşyk etmegiň sogabynyň örän uludygyny nygtap, musulmanlara ýol görkezdi. Hatda öten-geçene päsgel berjek zady ýoldan aýrana, salam berip, salam alana, musulman doganynyň hal-ýagdaýyny sorana, güler ýüz berene-de ybadat sogabynyň beriljekdigini ymmatyna buşlady.

Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) sahabalaryna iň haýyrly amalyň az hem bolsa dowamly edilen amaldygyny aýdýardy. Nepil ybadatlary aşa köp edip, bizar boljak derejede bedeniňe agram salmaly däldigini häli-şindi duýdurýardy: «Amallary (dini ybadatlary) güýjüňiziň ýetdiginden berjaý ediň! Gurbuňyzyň çatmajak ybadatlary etjek bolup, özüňize zor salmaň!»

Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ybadat meselesinde Özi nähili edýän bolsa, edil şonuň ýaly ýerine ýetirilmelidigni, onuň üstüne bir zat goşup ýa-da aýyrmaly däldigini hemişe duýdurýardy. Sahabalaryň arasynda her gijäni ýatman ybadat bilen geçirmek isleýän, galan ömrüne aýalyna ýakynlaşmazlygy niýet eden, parz orazadan başga bütin ýyly agyz bekläp geçirmegi ýüregine düwen kişileri tankyt edipdi. Çünki Resulalla (s.a.w) musulmanlara nusga bolmak üçin gijäniň bir bölegini ybadat bilen geçirse, galan böleginde ýatyp dynjyny alýardy. Parz orazasyndan başga günlerde kä agzyny beklese, käte-de beklemeýärdi. Ýanýoldaşlary bilen hem islän wagty ýakynlaşýardy. Çünki Ol (s.a.w) hem il biridi, halkyň içinden çykan ynsandy. Kurany-Kerimiň beýany bilen aýtsak, «öz aramyzdan biridi». Resuly-Ekrem (s.a.w) yslamyň ýagty ýolundan ýöreýän bir musulmanyň tagat-ybadatda nämä güýji çatýan bolsa, şony-da görkezýärdi.

Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) Kuran okanda, sözleri örän aýdyň, düşnükli eşidilerdi. Ol (s.a.w) medlere (uzaltmalar) üns bererdi. Kä sesli okasa, käte-de sessiz, içinden okardy. Sesi ýakymlydan owadandy. Kurany daşyndan sesli okaýan wagty beýleki otagdakylar eşitmezdi, diňe şol öýde oturanlar eşiderdi. Kurany hiç haçan sesiniň ýetdiginden gygyryp okap, töweregini birahat etmezdi. Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) örän ýumşak, diňläp doýup bolmaýan datly sesi bardy. Kurany zaryn, özüne maýyl ediji owaz bilen okardy. Şonda Ony (s.a.w) diňläp oturanlar özlerini başga bir älemde gezip ýören ýaly duýardylar. Tegannide (makam) üstünde aşa köp durmakdan gaçardy, laýyk makamda owaz bilen okamagy gowy görerdi.

Resulalla (s.a.w) Kurany başga birinden diňlemekden hem lezzet alardy. Bir gün Ol (s.a.w) Abdulla ibni Mesuda (r.a) «Kuran oka!» diýdi. Ol (r.a) özüne wahyý inderilen pygamberiň (s.a.w) huzurynda Kuran okamaga ýaýdanýandygyny aýtsa-da, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) «Men Kurany başgasyndan diňlemegi gowy görýärin» diýdi. Şondan soňra Abdulla ibni Mesud (r.a) «Nisa» süresini okamaga başlady. Ol «(Eý, Muhammet!) Her ymmatdan özlerine şaýat boljak bir (pygamber) getirenimizde we seni hem olara (öz ymmatyňa) şaýat hökmünde getiren wagtymyz, olaryň (ýahudylaryň we nasranylaryň) haly niçik bolar?» diýen aýata gelende, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) gözleriniň ýaşyny saklap bilmän, aglap ugrady.[1]

Mahlasy, hezreti Muhammet (s.a.w) ybadatyň, gullugyň iň belent mertebesindedi. Onuň (s.a.w) tagat-ybadaty, dileg-dogasy, toba-istigfary, zikiri, haýyr-sahawaty, ýagşy işleri, jemgyýet bilen baglanyşykly ähli hyzmatlary dowamlydy. Ol kyn gününde-de, şat gününde-de Allanyň guly hökmünde ýerine ýetirmeli borçlaryny yhlas bilen berjaý ederdi. Kurany ylahy huzurda ýaly wejd bilen okardy, diňlärdi. Kuran okamagy gowy görşi deýin, ony başgalardan diňlemegi-de söýerdi. Diňläp oturan wagty aýatlaryň manylaryny tirerdi, şonda Onuň (s.a.w) kalby joşup, gözleriniň owasy ýaşa dolardy. Parz, wajyp amallaryny wagtynda berjaý ederdi. Parz edilen ybadatlaryndan başga-da nepil namazlaryny okardy, agzyny beklärdi, umra giderdi, sadaka bererdi. Munuň bilen bir hatarda gündelik durmuşdaky işlerini-de ahmal etmezdi. Ybadata, gulluga aşa berlip, ony bedeni tapdan düşürjek ýük halyna getirmezdi. Dynç almaga-da wagt aýrardy. Ybadatlary aşa köp edip, bizar boljak derejede bedeniňe agram salýanlaryň bu hereketini oňlamazdy. Mahlasy, Ol (s.a.w) her bir zatda bolşy ýaly, ybadatda-da, gullukda-da hemişe öňdedi. Tä kyýamata çenli gelip-geçjek ähli ynsanlara nusgady.

Biz hem ähli ybadatlarymyzy Kuranyň buýruklaryna, hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) nusgalyk hereketleriniň netijesinde dörän sünnetine laýyklykda ýerine ýetirmäge jan etmelidiris. Elbetde, ýalňyşlarymyz, nogsanlarymyz bolup biler. Emma bu biziň Resulallanyň (s.a.w) sünnetini berjaý etmäge bolan yhlasymyzy sowatmaly däldir. Şonuň üçin her bir musulman ýagşy niýet, päk ýürek bilen hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) sünnet edip goýan ybadatyna, gullugyna eýermäge çalyşmalydyr.


[1] Hezreti Pygamberimiziň ybadatlary bilen baglanyşykly çeşmelere ser. Tirmizi, «Şemail», 44-52; Haje Mehmed Raif Efendi, «Muhtasar Şemaili-Şerif terjemesi», 193-217; Husameddin Nakşybendi, «Şerhi şemailun-Nebi», 225-257; Ibni Kesir, «Şemailür-Resul» (terj.Naim Erdogan), 116 we beýl.; Aliýýul-Kary, «Şerhi-Şifa», I, 181 we beýl.; Ibni Sad, «Tabakatül-Kübra», I, 375-388; Ylmyhal-iman we ybadatlar (Diýanet Wakfy ýaýynlary), I, 573-584.