Ebu Eýýup el-Ensary (r.a) hezretleriniň gürrüň beren bir hadysy-şerifinde hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ene bilen çaganyň arasyndaky gatnaşyga ünsümizi çekýär. Hezreti Ebu Eýýup (r.a) bu hadysy Resulalla (s.a.w) dünýeden ötüp, birnäçe ýyl geçenden soňra yslam goşunlary tarapyndan amala aşyrylan bir deňiz ýörişinde bolup geçen wakada aýdyp berýär. Şonda musulmanlar Abdulla bin Kaýs el-Fezarynyň baştutanlygynda deňziň üsti bilen ýörişe çykýarlar. Muňa Ebu Eýýup el-Ensary (r.a) hezretleri hem gatnaşýar. Bolup geçen söweşden soňra ýesirleriň arasyndan bir aýalyň aglaýan sesi esgerleriň ünsüni çekýär. Ol çagasyndan aýra düşen eken. Ebu Eýýup el-Ensary (r.a) hezretleri dessine herekete geçýär hem-de ýesirleriň arasyndan ýaňky zenanyň çagasyny sorap-idäp tapýar-da, ony ejesine gowşurýar. Bu bolan waka goşunyň serkerdesine ýetirilýär. Ol Ebu Eýýup el-Ensary (r.a) hezretlerinden munuň sebäbini soranda, meşhur sahaba şeýle diýip jogap berýär: «Allanyň Resulyndan (s.a.w) eşiden bir hadysym meni şeýle hereket etmäge iterdi. Ol hem şudur: «Enäni balasyndan aýranlary Allatagala-da kyýamat gününde olary ähli gowy görýänlerinden aýrar».[1]
Resuly-Ekrem (s.a.w) çagalara eden ýalňyş hereketleri üçin käýinmezdi. Diňe eden işiniň ýalňyşdygyny ýumşaklyk bilen düşündirerdi, şol bir wagtyň özünde dogryny hem görkezerdi. Rafi atly kişiniň çagaka başyndan geçiren bir wakasy munuň ajaýyp mysalydyr. Ol bu wakany şeýle gürrüň berýär: «Bir gün heniz çagakam, hurma iýesim gelipdi. Şahadaky miwelerini gaçyrjak bolup, hurma agajy kesekläpdim. Şonda meni hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) huzuryna alyp geldiler. Ol «Eý, oguljygym! Näme üçin hurma agajyny keseklediň?» diýip sorady. Menem «Gaty ajykdym, garnymy doýurjak boldum» diýdim. Allanyň Resuly (s.a.w) «Balam! Indi hurma agajyny daşlamagyn! Haçan ajyksaň, ýere gaçanlaryny iýäýgin!» diýdi. Yzyndanam başymdan ogşap, «Eý, Allam! Bu balanyň garnyny doýur!» diýip dileg etdi.[2]
Bu wakada biziň ünsümizi çeken ilkinji zat, hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) bu çaga bilen gepleşende, gürrüňe «Eý, oguljygym!» diýip, ýumşak, süýji dil bilen başlamagydyr. Ýalňyş hereketiniň üstünde tutulan müýnli çaga şular ýaly süýji dil bilen ýüzlenmegiň çagany rahatlandyrjakdygy sübhesizdir. Bu bolsa dörän meseläni çözmegi maksat edinýän usuldyr. Ikinjiden, bu wakada çaga mundan beýläk agajy daşlamaly däldigi tabşyrylýar, ýagny eden ýalňyşy düşündirilýär. Bu wakanyň ýene bir üns berilmeli tarapy bolsa, eger oglanjyk ajygyp, ýene-de hurma iýesi gelse, olaryň bişip ýere gaçanlaryndan iýmek maslahat berilýär, ýagny dogry ýol salgy berilýär.
Görlüşi ýaly, çagalary söýmek, merhemetli bolmak, olar bilen ýakyndan gyzyklanmak, olaryň kynçylyklaryny gidermek bize jennetiň gapylaryny açýar, jähennemiň gapylaryny ýapýar. Çünki rehimdar, merhemetli pygamberimiz hezreti Muhammet (s.a.w) çagalary söýmegi, olara mähir-muhabbet görkezip, ýakyndan gyzyklanmagy, olary dürli howp-hatarlardan goramagy jähennemden halas bolmaga we jennete girmäge sebäp edip görkezýär. Hakykatdanam, Ol (s.a.w) hemişe çagalar bilen çaga ýaly bolup, olar bilen oýnardy, dillerini tapyp, süýji-süýji degşerdi. Olara ýagşy dilegler ederdi. Rehimdarlygyň janly keşbi söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) çagalaryna, agtyklaryna we bütin çagalara mähir-muhabbetini görkezýärdi. Galyberse-de, şehitleriň çagalary, ene-atasy aradan çykan ýetimler, garyp maşgalalaryň çagalary, gul çagajyklar, öýleriniň güzeranyny dolamak üçin agyr işlemäge mejbur bolan çagalar bilen aýratyn gyzyklanardy. Olaryň kyn günlerini ýeňletmek üçin elinden gelenini ederdi, sahabalaryny hem olaryň dertlerini çekişmäge ýöneldirerdi.
Resuly-Ekrem (s.a.w) musulmanlara çagalary söýmegi, mähir-muhabbet bilen ýakyndan gyzyklanmgy nesihat eden wagty, olaryň hukugynyň goralmalydygy hakynda-da häli-şindi ýatladardy. Çagalaryň hak-hukugyndan söz açylanda, ilkinji nobatda olaryň hemmetaraplaýyn gelejege taýýarlanylmagy meselesi örboýuna galýar. Bu babatda çaganyň ata-enesi jogapkärdir. Ata-ene ilki bilen çagasyna oňat at dakmaly, onuň oňat şertlerde ösüp kemala gelmegi üçin ellerinden gelenini etmeli, ýaşaýan zamanasynyň şertlerini göz öňünde tutup, çagasyny abraýly hünäriň eýesi etmeli. Galyberse-de, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) mal-emlägiň bir böleginiň tygşytlanylyp, çagalara miras goýulmagyny, olaryň gelejekde-de bolelin ýaşamagynyň aladasyny etmegi-de makul görüpdir. Allanyň Resuly (s.a.w) çaganyň haky diýlip aýrylyp goýlan maýanyň başga zatlara sarp edilmegini-de dogry hasaplamandyr.
Eger şeýle bolsa, biz musulmanlar hem hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) çagalara bolan söýgüsini, merhemetini, mähir-muhabbetini nusga edineliň! Muny gündelik ýaşaýşymyzyň bir bölegine öwreliň! Çagalarymyza-da söýgüli Pygamberimiziň (s.a.w) olary örän gowy görýändigini ýatladyp duralyň!
[1] Ahmed bin Hanbel, «Müsned», V, 413; Tirmizi, «Siýer», 17; Nedwi, «Asry-saadet – ashabi-kiram», IV, 268-284.
[2] Ibni Maje, «Tijarat», 67. Bu hadysyň düşündirilişi üçin ser. Mustafa Öjal, «Çojuk terbiýesi we Peýgamberimiziň egitim metodu», Diýanet dergisi (XXV/4, Ekim-Kasym-Aralik, 1989), 177-182.