20) Resulallanyň (s.a.w) enesine bolan söýgüsi

Bilşimiz ýaly, hezreti Muhammet (s.a.w) alty ýaşyndaka ejesi Amine hatyn aradan çykypdy. Eger ejesi aýatda diri bolsady, hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) bütin ömrüne oňa näderejede hormat goýjakdygy, mähriban käbesini eliniň aýasynda saklajakdygy, çuňňur ene söýgüsi bilen çoýjakdygy öz-özünden düşnükli bolsa gerek.

Kurany-Kerimde we hadysy-şeriflerde ata-enäniň haky bilen baglanyşykly beýan edilýän emrler, nesihatlar iň soňky pygamber hezreti Muhammediň (s.a.w) ata-enesi garrap, Onuň (s.a.w) eline galan ýagdaýynda, Resulallanyň (s.a.w) olara nähili edip seretjekdigini ýaňzydýar. Bu mesele hakynda Kurany-Kerim näme diýýär? Ilki oňa garalyň, soňra-da hadyslara göz aýlalyň:

Allatagala Kurany-Kerimde şeýle diýýär:

«Alla ybadat ediň, Oňa hiç zady şärik goşmaň! Ene-ata, dogan-garyndaş, ýetimler, garyp-gasarlar, ýakyn goňşular, daş goňşular, ýol hemraňyz, ýolagçy we gol astyňyzdakylar (gul-gyrnaklar) bilen örän gowy gatnaşykda boluň!…» («Nisa» süresi, 4/36);

«Biz adama ene-atasyna seretmegi (olara ýagşylyk etmegi) wesýet etdik» («Lukman» süresi, 31/14);

«Seniň Rebbiň diňe Özüne ybadat etmegiňizi we ene-ataňyza ýagşylyk etmegiňizi emr etdi. Ol ikisinden (ene-atadan) biri ýa-da ikisi-de seniň ýanyňda garrylyga ýetse, olara «uf» hem diýme, olara azgyrylma! Ol ikisine hoş (mylaýym) söz aýt! Ol ikisine mähribanlyk bilen pespällik ganatyňy ýaý we aýt: «Eý, Rebbim! Çaga wagtym meni (rehimdarlyk bilen) terbiýeläp ösdürişleri ýaly, Sen hem olara merhemet et!» («Isra» süresi, 17/23-24).

Bu babatda hezreti Pygamberimiz (s.a.w) hem şeýle diýýär:

«Allanyň razylygy ata-enäniň razylygyndadyr, gazaby-da olaryň gazabyndadyr»;[1]

«Uly günäleriň iň ulusy Alla şärik goşmakdyr we ata-enä baş götermekdir»;[2]

«Resuly-Ekremden: «Halyndan iň köp habar alynjak, isleg-arzuwy ilki bilen berjaý ediljek, hemmelerden ýakyn tutuljak kişi kim?» diýlip soralanda, Ol yzly-yzyna üç gezek: «Eneň!» diýdi, dördünji gezek soralanda «Ataň!» diýdi».[3]

Görlüşi ýaly, ýokarda meallary berlen aýatlarda, hadyslarda ata-enäni söýmek, olara hormat goýmak meselesi örän inçeden yzarlanylýar. Indi bolsa hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) ejesi bilen baglanyşykly bir ýatlamasyny, Onuň (s.a.w) ejesiniň ornunda goýan zenanlara bolan hormatyny hem-de öz mähriban ejesi aýatda diri bolandygynda oňa nähili garaşyk etjekdigini, bolup geçen bu wakalaryň ybratlyk taýyndan musulmanlaryň durmuşynda nähili uly ähmiýete eýedigini görkezmäge çalşalyň:

Resuly-Ekrem (s.a.w) Hudeýbiýe umra hajynda Mekgä barýarka, ýoly Ebwa obasynyň üstünden düşüpdi. Ol (s.a.w) şonda Allatagaladan ejaza alyp, bu ýerde jaýlanan ejesiniň guburyna zyýarat etdi. Eli bilen onuň mazarynyň üstüni düzedişdirdi, aglap gözýaş dökdi. Onuň (s.a.w) aglap duranyny gören sahabalarymyz hem agladylar. Şonda olar hezreti Pygamberimizden (s.a.w) näme üçin aglandygyny soranlarynda, «Ejemiň maňa bolan mähir-muhabbetini ýatladym, şondan ötri agladym» diýip jogap berdi.

Älemleriň Serweri (s.a.w) dünýä inende, Ebu Lehebiň gyrnagy Süweýbe hatyn Ony (s.a.w) bir hepdeläp emdiripdi. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) hem bütin ömrüne oňa köp ýagşylyk etdi, bu zenandan elinden gelen kömegini gaýgyrmady. Ol (s.a.w) Medinä göç edenden soňra-da Süweýbe hatyna azyk-owkat ibererdi, gelip-gidýänleriň üsti bilen oňa hemişe salamyny ýollap, halyndan habar tutardy. Resulalla (s.a.w) Süweýbe hatyn tä ýurduny täzeleýänçä onuň bilen habarlaşyp durdy. Hatda onuň ölüm habary gelende-de hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bu zenanyň hossarynyň bardygyny-ýokdugyny sorap-idäp, ahyrynda-da onuň hiç hili ýakynynyň ýokdugyny anyklapdy.

Bir gün Resuly-Ekremi (s.a.w) bäbekliginden ak süýdüni berip ulaldan Halyma hatyn Mekgä, hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna gelipdi. Oňa (s.a.w) ýaşaýan ýerlerinde erbet guraklygyň bolandygyny, mallarynyň açlykdan gyrlandygyny, güzeranlaryny zordan dolaýandygyny aýdypdy. Şol wagtlar Allanyň Resuly (s.a.w) hezreti Hatyja (r.a) enemize öýlenip, bile ýaşaýardylar. Şonda hezreti Pygamberimiz (s.a.w) Halyma hatyna kyrk sany goýun beripdi. Ýany bilenem münüp gider ýaly üsti azyk-owkat ýükli bir düýäni hem goşupdy.

Başga bir gün Halyma hatyn ýene-de hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna gelipdi. Resulalla (s.a.w) ony görenden ýerinden turdy, «Ene jan, ene jan!» diýip, onuň göwnüni aldy. Donuny çykaryp ýere ýazdy-da, enekesini onuň üstünde oturtdy. Şol wagtyň adatyna görä, şeýtmeklik ýürekden gowy görýän kişiňe goýulýan aňrybaş hormat-sylagyň alamatydy.

Şemail (Resuly-Ekremiň (s.a.w) mübärek keşbi we ahlagy hakynda ýazylan eserler) kitaplarynda hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) enekesi diýip geçýän Ümmi Eýmeni-de (r.a) bu ýerde hormat bilen ýatlalyň. Resulalla (s.a.w) özüne köp wagtlap hyzmat eden bu zenana uly hormat goýardy, ony gowy görerdi. Ol (s.a.w) bu mübärek zenanyň mertebesini şeýle bir belent tutardy, hatda wagtal-wagtal oňa «Sen meniň ikinji ejemsiň!» diýerdi. Bu Onuň (s.a.w) enekesi Ümmi Eýmeni ejesi ýaly gowy görmegi, Özüni oňa, ony-da Özüne ýakyn saýmagy täsin ýagdaýdyr. Ümmi Eýmeniň gyrnakdygy (gul zenan) göz öňüne tutulsa, hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) oňa «Ejem!» diýip ýüzlenmeginiň ähmiýeti has aýdyň ýüze çykýar. Çünki jahylyýýe (dinsizlik, nadanlyk) döwründe araplarda gyrnaklar bütin adam hukuklaryndan mahrumdylar. Olar ynsan hatarynda-da görülmeýärdi. Ine, şunuň ýaly döwürde hezreti Pygamberimiz (s.a.w) Ümmi Eýmeni enäniň belent mertebesinde oturdýardy. Şol bir wagtyň özünde bu ýagdaý Resulallanyň (s.a.w) eli bilen zenanlaryň hak-hukugy meselesinde uly ösüşleriň boljagyny hem görkezýärdi.

Eserimiziň şu ýerinde Ebu Talybyň aýaly Fatyma hatyny (r.a) hem ýatlasak, örän ýerine düşerdi. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) Ebu Talybyň öýüne mübärek gadamyny basan wagty sekiz ýaşlaryndady. Şonda bu zenan Ony (s.a.w) öz balasy ýaly kabul edip, bagryna basypdy.

Resuly-Ekrem (s.a.w) çagaka özüne garaşyk eden zenanlaryň hemmesine, şol sanda Fatyma hatyna-da ömürboýy ýagşylyk edip, oňa uly hormat goýupdy. Häli-şindi ony görmäge barardy, hal-ýagdaýyny sorardy. Fatyma hatyn (r.a) aradan çykandygy habaryny ýetirenlerinde, Allanyň Resuly (s.a.w) «Ejem öldi» diýipdi. Şonda mübärek köýnegini oňa kepenlik beripdi. Fatyma hatyn jaýlananda, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ony gabryna öz elleri bilen ýerleşdiripdi. Töweregindäkiler Resuly-Ekremden (s.a.w) bu zenana aýratyn hormat goýmagynyň sebäbini soranlarynda, Ol (s.a.w) şeýle jogap beripdi: «Ebu Talypdan soňra maňa şu aýal ýaly ýagşylyk eden ikinji adam ýokdur. Ahyretde jennetiň lybaslaryndan geýip bilmegi üçin oňa köýnegimi kepenlik berdim. Gabra öwrenişsin, rahatlansyn diýibem, onuň ýanynda az wagtlyk uzandym».

Resuly-Ekrem (s.a.w) hezreti Fatyma hatynyň (r.a) ölümine gaty gynanypdy. Ol (s.a.w) özüniň bu ýagdaýyny synlap, haýran galyp duran sahabalaryna şeýle diýipdi: «Ol meniň ejemdi. Öz çagalary aç bolup, ýüzlerini egşidip duran wagty, ol ilki bilen meniň garnymy doýrardy, saçymy darardy. Ol meniň ejemdi!»

Bu taryhy hakykatlary esas edinip, arkaýynlyk bilen şuny diýip bileris: ene söýgüsi älemlere rahmet edilip iberilen hezreti Muhammetde (s.a.w) öräm güýçlüdir. Onuň (s.a.w) ejesi Amine hatynyň guburyna zyýarat etmegi, özüne az wagtlygam bolsa ene süýdüni beren Süweýbe hatyndan her dürli kömegini gaýgyrmazlygy, ak süýdüni berip ulaldan enekesi Halyma hatyna her gezek gabat gelende oňa «Eje jan, eje jan!» diýip göwnüni almagy, onuň mätäçliklerini giderip, ýardam etmegi, Öz ejesiniň ýoklugyny bildirmejek bolup, elinden gelenini eden Ümmi Eýmene «Sen meniň ikinji ejemsiň» diýip, minnetdarlygyny bildirmegi, köp wagtlap elinden duz iýen ýeňňesi, Ebu Talybyň aýaly Fatyma hatyn üçin «Ol meniň ejemdi» diýmegi hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) ene söýgüsiniň näderejede güýçlüdigini görkezýär.

Şeýlelikde, musulmanlar her bir zatda bolşy ýaly, enäni söýmek, oňa hormat goýmak meselesinde-de iň ajaýyp mysallary hezreti Muhammediň (s.a.w) belent şahsyýetinde görýärler. Şonuň üçin her bir musulman hezreti Pygamberimizi (s.a.w) nusga edinip, enelerini, eneleriniň ornundaky beýleki zenanlary söýmegi, olara hormat goýmagy, hyzmat etmegi özlerine mertebe bilmelidirler. Elleri öpülmeli nurana ýüzli enelerimizi ýürekden söýüp, hyzmatyny etmekde kemçilik goýberýänler Resuly-Ekremiň (s.a.w) bu babatda görkezen nusgalyk hereketlerinden görelde alyp, tizden-tiz bu hatalaryny düzetmelidirler.

Geliň, ejemiz aýatda diri sag-aman gezip ýören bolsa, ony ýürekden söýeliň, sylag-hormatymyzy görkezeliň, hyzmatynda duralyň! Eger ejemiz dünýeden öten bolsa, oňa Alladan rahmet diläliň, aýat-töwir okap, ruhuna degsin edeliň! Ejemiz hakdaky ýakymly ýatlamalarymyzy, bize görkezen mähir-muhabbetini çagalarymyza gürrüň bereliň! Onuň ruhuny şat etjek haýyrly işler edeliň!


[1] Tirmizi, «Birr we Syla», 3.

[2] Tirmizi, «Birr we Syla», 4.

[3] Buhary, «Edeb», 2