Yslam dini adamlaryň güler ýüzli, mylakatly, duýgudaş, ak ýürekli, dogruçyl, işeňňir, töweregine ýardam edýän we bir sözli ynamdar bolmagyny isleýär. Gaharly, doňýürek, hyrsyz, dargursak, kitüwli, sähel zat üçin göwün ýykýan galmagalçy bolmagy bolsa halamaýar.
Ýokarky aýdylanlardan ugur alyp, şuny diýip bileris: ýerine we ýagdaýyna görä sazlaşykly, adamlaryň göwnüne degmek maksady bolmadyk, sözlerinde ýa-da hereketlerinde kişini ynjytmaýan degişmeler adamlary rahatlandyrýar, olaryň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirýär, ýüreklere giňlik berýär, adamlarda borçlaryny, kärlerini höwes bilen ýerine ýetirmäge bolan yhlasy oýarýar.
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) hemişe adamlaryň arasyndady, halkyň hyzmatyndady. Köpçülik bilen güler ýüzlüdi, islendik kişi bilen düşünişip, özara dil tapyşýardy. Bu sebäpden Ol (s.a.w) dini düşünjä ters gelýän, öýke-kinä, görübilmezçilige sebäp bolýan, salyhatlylygy, agraslygy giderýän degişmeleri dogry hasaplamazdy. Emma many-mazmunynda bu zatlar bolmadyk sözler ýa-da hal-hereketler bilen Özi-de degşerdi, sahabalarynyň hem bu çäkde biri-biri bilen degişmelerine päsgel bermezdi.
Şu ýerde içinde Resuly-Ekrem (s.a.w) hem bar bolan degişmeleriň käbirine ser salsak, muňa hasam oňat düşüneris:
Allanyň Resuly (s.a.w) on ýaşyndan bäri özüne hyzmat eden, kiçiliginden terbiýeläp ýetişdiren sahabasy Enes bin Mälige (r.a) aram-aram «Iki gulakly! Iki gulakly çaga!» diýip ýüzlenerdi. Yslam alymlary bu sözi «hezreti Enesiň (r.a) aýdylýan zatlary üns bilen diňlemegi, olara oňat akyl ýetirip, aňynda saklap bilmegi üçin hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) bir degişmesi» hökmünde görýärler.[1]
Hezreti Enesiň (r.a) gürrüň bermegine görä, bir gün aýdylan gürrüňiň manysyna birbada akyl ýetirmekde kynçylyk çekýän bir adam hezreti Pygamberimizden (s.a.w) münmäge ulag sorady. Şonda Allanyň Resuly (s.a.w) «Men seni köşege mündürjek» diýip, oňa henek atdy. Emma ýaňky kişi Onuň (s.a.w) bu degişmesine düşünmän, «Men köşegi näme edeýin?! Ol meni götermez ahyry» diýdi. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) aýdan sözündäki inçe manyny ýorup bilmedik adama ýüzlenip, «Düýäniň kiçisini-de, ulusyny-da inen düýe dogurmaýarmy eýsem?! Men inen düýeden bolan, adamy-da göterip bilýän uly düýäniň gürrüňini etdim» diýdi.[2]
Ýene-de hezreti Enesiň (r.a) gürrüň bermegine görä, şäherden uzagrakdaky obalaryň birinde ýaşaýan Zahir diýen kişi bardy. Ol şähere gelen wagty, hezreti Pygamberimize (s.a.w) her hili gül, miwe, gök önümleri getirýärdi. Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) oňa «Zahir biziň mellegimiz» diýip degerdi, yzyndanam «Bizem onuň şäheri» diýerdi. Zahir obasyna dolanan wagty, Resuly-Ekrem (s.a.w) hem oňa şäheriň dürli-dümen önümlerinden berip goýbererdi.
Bir gün Zahir şähere gelip, bazarda harytlaryny satmaga ýer gözläp ýörkä, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) onuň arkasyndan bildirmän gelip, elleri bilen gözüni ýapdy. Zahir «Kimkä bu?» diýip, eline ýapyşandan bu mübärek elleriň Onuňkydygyny (s.a.w) aňypdy. Şonda Resulalla (s.a.w) oýun edip, töweregindäkilere «Bu gulumy satyn aljak barmy?» diýip seslendi. Zahir «Eý, Allanyň Resuly! Meni gara şaýa-da almazlar. Men bedroý ahyry» diýende, Resuly-Ekrem (s.a.w) oňa «Eý, Zahir! Daşyňdan seredenler saňa onçakly baha kesmeselerem, seniň Allanyň gatyndaky mertebäň örän uludyr» diýdi.[3]
Bu mysaldan hem görlüşi ýaly, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bazarda oturan söwdagär ýa-da obaly bolsun tapawudy ýok, her kim degşerdi, henek atyşardy. Ol (s.a.w) hemişe halkyň arasyndady, özüni olaryň biri saýardy.
Hasan Basry (r.a) hezretlerinden şeýle bir waka gürrüň berilýär: bir gün hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) huzuryna bir garryja aýal (gürrüň berlişine görä, hezreti Zübeýr bin Awwamyň ejesi Safiýýe hanym) gelip, «Eý, Allanyň Resuly! Meniň jennete girmegim üçin dileg-doga edermisiňiz?» diýýär. Resuly-Ekrem (s.a.w) oňa degişmä salyp, «Garrylar jennete girmez» diýýär. Garryja aýal Onuň (s.a.w) oýnuna düşünmän, aglap yzyna gaýdýar. Şonda hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ýanyndaky sahabalara «Baryň-da, Safiýýe hanyma aýdyň, Allatagala garry aýallary otuz üç ýaşyndaky ýaş (görmegeý) hallaryna getirip, jennetine saljak» diýýär.[4]
Degişme adamlara rahatlyk bermeli, ruhlaryny galkyndyryp, birek-birege bolan söýgini artdyrmaly, magnewi lezzeti joşdurmaly. Oýun-henek ýerine görä, diňleýän adamlaryň göterip-götermejegini göz öňünde tutup, ýagşy niýet bilen, ak ýürekden edilmelidir. Ýagny aýdylýan degişmeler, edilýän oýun-henekler jemgyýetiň agzybirligini güýçlendirip, adamlary biri-birine ysnyşdyrmalydyr. Öýke-kinäniň, duşmançylygyň döremegine sebäp bolýan, ahlaksyzlyga iterýän, adamyň mertebesini peseldýän, abraýyna şek ýetirýän, gybatyna sebäp bolýan, jemgyýetiň arasynda dyşmançylygy artdyrýan degişmelerdir ýoknasyzlyklardan daş durulmalydyr. Hut şu sebäpli bolsa gerek, hezreti Pygamberimiz (s.a.w), aýratynam çagalara göterip bilmejek oýunlaryň edilmegini dogry hasaplamandyr. Ahzab söweşiniň (hijri 5-nji ýyl/627) öň ýanyndaky hendek gazuwynda bolan bir waka ýerliksiz degişmek meselesinde bize duýduryş berýän äheňdedir. Mekgeli müşrikler çölde ýaşaýan müşrik arap taýpalary hem-de haýberli jöhitler bilen bileleşip, Medinäni ýer bilen ýegsan etmek üçin uly goşun jemläpdiler. Ýagdaýy habar alan hezreti Pygamberimiz (s.a.w) dessine herekete geçdi we sahabalaryny bilen maslahat etdi. Bu maslahatda şäheriň daşyna hendek gazyp goranyş usulynda söweşmeli diýen karara gelindi. Resuly-Ekrem (s.a.w) bu iş üçin umumy çagyryş yglan etdi we eli pil, kerki tutmaga ýaraýan ähli ilaty hendek gazmaga çagyrdy. Hemmeler duşman gelip ýetişmänkä, hendegi gazyp gutarmak üçin uly depgin bilen işleýärdiler. Şol günleriň birinde ýaňy on ýaşlaryndaky çaga bolan hezreti Zeýd bin Sabit (r.a) özüne düşen ýeri gazyp ýörkä, ýadawlykdan ýaňa oturan ýerinde bir tarapa gyşaryp, uklap galýar. Hezreti Umare bin Hazm (r.a) diýen degişgen sahaba bu pursatdan peýdalanyp, onuň kerkisini, pilini gizleýär. Hezreti Zeýd (r.a) oýanan wagty ýanynda goýan iş gurallaryny tapmaýar. Ol gynanyp, hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna barýar. Resuly-Ekrem (s.a.w) bolan ýagdaýy öwrenenden soňra «Eý, Ebu Rukkad (Ukuçyllaryň atasy)» diýip, hezreti Zeýde (r.a) degýär. Umare bin Hazm (r.a) hezretlerine bolsa munuň ýaly kiçi ýaşly çaga bilen gödek oýun etmeli däldigini duýdurýar.[5]
Bu mysalda görlüşi ýaly hezreti Zeýdiň (r.a) başyndan geçiren bu hadysasynyň hälki bir oýundygyny bildirmek, gynanjyndan saplamak maksady bilen hezreti Pygamberimiz (s.a.w) oňa «ukuçyllaryň atasy» diýip henek atýar. Bu bize Resulallanyň (s.a.w) wagtal-wagtal çagalar bilen degşendigini görkezýär. Emma Onuň (s.a.w) hezreti Umarä (r.a) beren duýduryşyndan çagalar bilen olaryň ýaşlaryna görä degişmelidigi aýdyň ýüze çykýar.
Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) degişmeleri ýokarda beýan edilen ölçeglere sözüň doly manysynda uýýardy. Ol (s.a.w) güler ýüzlüdi, mylakatlydy, her bir kişä ýüreginiň töründen orun berýärdi. Bu sebäpden islendik ýaşdaky, kärdäki kişi Onuň (s.a.w) ýanynda özüni arkaýyn alyp barýardy. Galyberse-de, Ol (s.a.w) hezreti Enes (r.a) ýaly çaga bilen, hezreti Zahir (r.a) ýaly obaly söwdagär bilen oýun edişi deýin, hezreti Safiýýe (r.a) ýaly garry zenan bilenem degişmegi başarýardy. Resuly-Ekrem (r.a) ynamdardy. Ol (s.a.w) her bir kişiniň kalbynda Özüne bolan ynam dörederdi. Onuň (s.a.w) aýdan her bir sözünde many bardy, hatda degişmeleriniň hem düýbünde hakykat ýatyrdy. Bu sebäpden Onuň (s.a.w) oýun-henekleri-de diňleýän kişileriň kalbyna rahatlyk çaýýardy. Biz hem adamlar bilen gatnaşyklarymyzda güler ýüzlüligi, mylakatlygy, ýürekdenligi, ýagşy niýetliligi elden bermän, olara hormat goýsak, hezreti Pigamberimiziň (s.a.w) bu babatdaky nesihatlaryna hem-de degişmedir oýun-heneklerindäki ölçeglerine eýerdigimiz bolar. Esasy zat, durmuşda egin-egne berip, agzybir ýaşamakdyr, adamlaryň ajysyny-süýjüsini paýlaşmakdyr, hemişe hakykatyň tarapynda durup, adalatsyzlyga garşy çykmakdyr, ygtybarly kişiligimiz bilen adamlaryň kalbynda orun alyp, jemgyýetiň arasynda ynamy ýaýmakdyr. Ine, degişme bu düşünjä hyzmat eden wagtynda, adamlaryň arasyndaky jebisligi artdyrar, kynçylyklary azaldar. Adamyň ýaşaýşa bolan höwesini joşdurar, oňa durmuşyň dürli synaglarynyň öňünde sarsman durmagyna, işine yhlas bilen ýapyşmagyna güýç berer.
[1] Haje Mehmed Raif Efendi, «Muhtasar Şemaili-Şerif terjemesi», 172.
[2] Ibn Kesir, «Şemailür-Rasul», (terj.Naim Erdogan), s 91.
[3] Ibn Kesir, «Şemailür-Rasul», (terj.Naim Erdogan), s 92 we başg.
[4] Ibn Kesir, «Şemailür-Rasul», (terj.Naim Erdogan), s 94; Haje Mehmed Raif Efendi, «Muhtasar Şemaili-Şerif terjemesi», 176. «Wakyýa» süresiniň 35-38-nji aýatlarynda musulman zenanlaryň ýaş hallarynda jennete girjekdikleri habar berilýär.
[5] Hamidulah, «Hazreti Peýgamberin sawaşlary», (terj. Salih Tug), 96.