22) Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) şahyrlar bilen gatnaşygy

Aýdylmak islenilýän pikir baý many-mazmunly, hakykata, dürslüge, dogruçyllyga, pähime, paýhasa ýugrulan sözler bilen akgynly, çeper beýan edilende, onuň diňleýjide uly täsir galdyrýandygy hemmämize mälim zat. Şygyr hem hakykatyň hyzmatynda ulanylanda, çuňňur mazmunly, ýiti täsirli joşgunly eserleriň döremegine saldamly goşant goşýandygy üçin sungatyň soltany hasap edilýär. Hususan-da, hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) ýaşan döwründe şygyr sungatynyň jemgyýetiň arasynda näderejede uly ähmiýete eýe bolandygyny göz öňüne getirmegem kyndyr. Şol döwürde şygyr sungaty bilen baglanyşykly bolup geçen wakalardan ugur alyp, söýgüli Pygamberimiziň (s.a.w) şygra bolan garaýşy we şahyrlar bilen gatnaşygy bilen baglanyşykly maglumatlary siziň dykgatyňyzy ýetirmäge çalyşdyk.

Mesjidi-Nebewiniň gurluşygynda hezreti Pygamberimiz (s.a.w) hem köpçülik bilen bile işleýärdi. Sahabalar «Eý, Allanyň Resuly! Siz oturyň, dynjyňyzy alyň! Kerpiji özümiz daşarys» diýselerem, Ol (s.a.w) «Sizem beýleki kerpiçleri, daşlary daşaberiň» diýýärdi hem-de dem-dynç alman, mübärek derini döküp zähmet çekýärdi. Elbetde, bu ýagdaý muhajirleriň we ensaryň ruhuny joşduryp, güýçlerine güýç goşýardy. Bu metjit galkynyşyň, ösüşiň, agzybirligiň, jebisligiň nyşanydy. Umytly, ýagty gelejegiň buşlukçysydy. Musulmanlaryň görer gözden gorkup, çekinip, dagda-düzde, gowaklarda, gizlin ýerlerde bukulyp, ogrynça namaz okaýan günleri indi yzda galypdy. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bu şanly binanyň gün-günden beýgelip barşyna syn edip, joşa gelipdi we şu beýtleri (Abdulla bin Rewahanyň düzendigi aýdylýar) okaýardy:

«Eý, Rebbimiz! Egnimize alyp daşaýan şu kerpijimiziň ýüki Haýberiň hurma we üzüm hasyly ýüklenen ýükünden has haýyrlydyr, has tämizdir!

Hakyky haýyr we peýda, hiç şübhesiz, ahyretiň serpaýydyr, sogabyydyr!

Eý, Allam! Sen ensara we muhajirlere merhemet et!»

Hijretiň yz ýanyndaky ýyllaryň biridi. Bir gün temimogullary taýpasynyň wekiliýeti Medinä geldi. Olar Mesjidi-Nebewä, hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) öýüniň gabadyna gelip, gödeklik bilen Onuň (s.a.w) adyny tutup çagyrdylar. Resuly-Ekrem (s.a.w) öýünden çykyp, olaryň ýanyna geldi. Olaryň özüni äsgermejek boluşlaryna-da geçirimlilik edip, sesini çykarmady. Temimogullary taýpasynyň wekilleri özleriniň şahyrlarynyň we dilewar suhangöýleriniň çykyş etmekleri üçin hezreti Pygamberimizden (s.a.w) rugsat soradylar. Ol (s.a.w) rugsat berenden soň temimogullarynyň şahyrlary we suhangöýleri öz taýpalarynyň şanyna ýazylan şygyrlary okadylar, özlerini öwýän, mahabatlandyrýan nutuklary aýtdylar. Şonda hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) emri bilen olaryň dilewarynyň garşysyna hezreti Sabit bin Kaýs (r.a), şahyrlarynyň garşysyna-da hezreti Hassan bin Sabit (r.a) bilen hezreti Kab bin Mälik (r.a) çykdy. Olar hem özleriniň şygyrlaryny we nutuklaryny beýan etdiler. Şonda temimogullarynyň wekiliýetiniň kethudasy Akra bin Habis yslamyň şahyrlarynyň we suhangöýleriniň derejesiniň özleriniňkiden beýikdigini, olaryň aýdýan sözleriniň has çeperdigini, täsirlidigini, çuň many-mazmuna eýedigini, galyberse-de beýanynda doýup bolmaýan bir lezzetiň, akgynlylygyň bardygyny boýun aldy. Şeýlelikde, temimogullary taýpasynyň wekiliýetiniň hemmesi iman getirip, musulman boldular.[1]

Kab bin Züheýr jahylyýýe (dinsizlik, nadanlyk) döwründe araplaryň arasynda ady belli şahyrlaryň biri hökmünde tanalýardy. Onuň dogany Bujeýr musulman bolupdy. Muňa Kab bin Züheýriň erbet gahary gelipdi, ol içiniň ýangyjyna hezreti Pygamberimizi (s.a.w) ýamanlap, şygyr düzüpdi. Kab bu şygyrlarynda Resuly-Ekreme şyltak atýardy, Oňa «memur» diýýärdi. Araplar bu sözi jynlar bilen aragatnaşyk saklaýan kişiler üçin aýdýardylar. Şol döwürde nutuk bilen şygryň täsiri şeýle bir uludy, olaryň gylyçdan kesgir, naýzadan ötgür güýji bardy. Kab bolsa bu ötgür ýaragyny yslam dininiň garşysyna ulanýardy, ýiti, bolar-bolgusyz myjabatlary bilen diniň esasyna, yslamyň gymmatlyklaryna hüjüm edýärdi.

Resulalla (s.a.w) öňden gelýän edähetinä görä, öz şahsy bilen baglanyşykly edilen duşmançylykly hereketleri, özüne aýdylan erbet sözleri, köplenç, bagyşlardy. Emma yslamyň gymmatlyklaryna dil ýetirilende, diniň mertebesi kemsidilende dessine herekete geçerdi we dil ýetiren ýa-da hüjüm eden kişilere hetdini tanadardy. Hut şu sebäpden hezreti Pygamberimiz (s.a.w) Medine-Yslam döwletiniň baştutany hökmünde Kab bin Züheýr hakynda ölüm jezasyny çykardy. Kab bin Züheýr nirede tutulsa, tutulan ýerinde öldüriljekdi.

Yslam dininiň Arap ýarymadasynda gün-günden ýaýylmagy bilen Kab bin Züheýriň güni kynlaşyp ugrady. Bu ýagdaý onuň gaçyp gizlenjek ýerleriniň çägini daraldýardy. Şonda onuň musulman bolan dogany hezreti Bujeýr (r.a) Resulalladan (s.a.w) eger Kab bin Züheýr iman getirse, gelip ötünç sorasa, bagyşlanyp-bagyşlanmajagyny sorady. Onuň (s.a.w) doganyny bagyşlajakdygyny sözüni eşidenden dessine agasynyň ýanyna gitdi. Oňa Medinä gelip, musulman bolsa, günäleriniň ötüljekdigini, ýogsam, ýagdaýynyň hasam agyrlaşjakdygyny aýtdy. Kab bin Züheýr doganynyň nesihatyny kabul etdi. Ol özüni tanatmazlyk üçin tüýsüni üýtgetdi we çölde ýaşaýan çarwa araplaryň geýmini geýip, Medinä geldi. Bir günem metjide gelip, hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) mejlisine, söhbet halkasyna goşuldy. Kab bin Züheýr ilki kimdigini tanatman, özüne aman berilmegini sorady. Yzyndanam kelemeýi-şahadat getirip, musulman boldy. Özüne bu ýerde aman-esenlikdedigi, hiç hili howp abanmajakdygy aýdylandan soňra, meşhur şahyr Allanyň Resulyna ýüzlenip, «Eger şu wagt Kab huzuryňyza gelip, musulman bolsa, Size gol berse, ony bagyşlarmydyňyz?» diýip sorady. «Hawa» diýen jogaby eşidenden soň, Kab bin Züheýr «Ine, Kab huzuryňyzda!» diýip, özüniň kimdigini aýan etdi. Şol wagt onuň başy ölümli, her ýerde gözlenilip ýörlen kişidigini bilenlerinde, birentek sahaba gahar-gazaba münüp, onuň üstüne süründi. Emma hezreti Pygamberimiz (s.a.w) oňa aman berlendigini, günäleriniň bagyşlandygyny aýtdy. Şondan soňra meşhur şahyr Kab bin Züheýr (r.a) duran ýerinde, ýüzüniň ugruna hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) şanyna şygyr goşdy. «Pygamber (s.a.w) dünýäni ýagtyldýan çyragdyr, yşygy bilen töweregini ap-aýdyň eden nurdur, şeri dep etmek üçin Allanyň iberen gylyjydyr» diýen setirlerine gelende, bu sözler Resuly-Ekremi (s.a.w) joşa getirdi. Ol (s.a.w) bu kasydany örän halandygynyň nyşany hökmünde, egnindäki bürdesini (hyrka) çykaryp, şahyra sowgat berdi. Bu sebäpden, bu şygyr soň-soňlar «Kasideýi-Bürde» ady bilen meşhur boldy.[2]

  Hezreti Kab bin Züheýr (r.a) älemleriň Serweriniň (s.a.w) sowgat beren bu mübärek hyrkasyny bütin ömrüne gözüniň göreji deýin aýap saklady. Hatda hezreti Muawiýe (r.a) on müň dirhem berip almaga synanyşsa-da, hezreti Kab (r.a) oňa bermedi. Emma ümmeýýeogullarynyň soňky gelen hökümdarlary, ähtimal, syýasy güýçleri bilen zor salyp, ýigrimi müň dinaryň garşylygynda bu hyrkany hezreti Kabyň (r.a) mirasdüşerlerinden almagy başarypdylar. Soňky döwürlerde bu hyrka emewilerden abbasylara geçýär. Ýawuz Soltan Selimiň döwründe bu hyrka beýleki mübärek amanatlaryň arasy bilen Stambula getirilýär. Osmanlylar Topkapy saraýynda saklanylýan bu mübärek amanatlaryň durýan bölümine «Hyrkaýy-Saadet Dairesi» diýip atlandyrypdyrlar. Hyrkaýy-Şerif häzirki günlerde-de Topkapy saraýynda, «Hyrkaýy-Saadet Dairesinde» saklanýar.

Hezreti Enesiň (r.a) gürrüň bermegine görä, Resuly-Ekrem (s.a.w) hijretiň altynjy ýylynda bir müň dört ýüze golaý sahabasy bilen umra hajyna gidipdi. Emma şol ýyl kureýşliler olary Mekgä goýbermändiler. Ikitaraplaýyn geçirilen gepleşikleriň netijesinde ylalaşyk şertnamasy baglaşylypdy, şeýdibem musulmanlar yzyna gaýdypdylar. Indiki ýyl şol günler ýetip gelende, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) we mübärek sahabalarymyz bu şertnamadaky ylalaşyk esasynda ýene-de umra hajyna niýet edip, Mekgä gitdiler. Olar umra hajyny ýerine ýetirip ýörkäler, şahyr sahabalaryň biri Abdulla bin Rewaha (r.a) «Eý, kapyrlar! Resuly-Ekremiň (s.a.w) ýolundan sowluň! Bu gün Allanyň ýardamy bilen ýeňiş gazandyk. Eger bet niýet bilen garşymyza çyksaňyz, sizi ýegsan ederis» diýen manydaky şygryny okaýardy. Şonda hezreti Omar (r.a) «Bu ýeri Haremi-Şerifdir, edebimizi saklaly. Resulallanyň (s.a.w) huzurynda, onda-da Haremde şygyr okamak ýerliksiz bolar» diýip, onuň şygyr aýtmagyny goýdurjak bolýar. Emma Allanyň Resuly (s.a.w) oňa şeýle diýýär: «Eý, Omar! Abdulla bin Rewaha zat diýme! (Onuň şygyr aýtmagyna päsgel berme!) Çünki (şu gün, şu ýerde, şu pursatda) Ibn Rewahanyň sözleriniň kapyrlara edýän täsiri okuň täsirindenem güýçlüdir!»[3]

Keremli sahabalarymyzdan Seleme bin el-Akwa (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) baştutanlygynda Haýbere ýöriş edilende, ýolda musulmanlaryň biri ýany bilen ýörişe barýan şahyr Amir bin Ekwa ýüzlenip, «Eý, Amir! Gysga bogunly şygyrlaryňdan aýdyp berermisiň?» diýdi. Amir onuň haýyşyny ýerde goýmady. Ulagyndan düşdi-de, ajaýyp şygyr aýdyp, goşundaky düýeleri sürmäge başlady. Goşundaky musulmanlar hem onuň şygyrlaryndan lezzet alyp diňleýärdiler. Amiriň okaýan şygyrlarynyň bir bölümi şeýle manydady: «Eý, Allam! Sen bize hidaýet etmediň bolsadyň, bize dogry ýoly görkezip, rahmet etmedik bolsadyň, biz hiç şübhesiz, azaşardyk. Janymyz Seniň razylygyňy gazanmagyň ugrunda pida bolsun! Biziň geçmişde eden günälerimizi bagyşla! Duşman bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda, ýerimizde durmaga güýç-kuwwat ber! Kalbymyza giňlik ber! Bizi gaýratly, tutanýerli eýle! Eý, Rebbimiz! Müşrikleri üstümize küşgürýän din duşmanlarynyň hak ýoldan azaşdyrmak üçin çagyrýan erbet ýollaryndan Seniň penakärligiňe sygynýarys!»

Hezreti Amiriň (r.a) okaýan şygyrlaryny hezreti Pygamberimiz (s.a.w) hem diňläp barýardy. Hatda Ol (s.a.w) «Şygyr aýdyp, düýeleri süren kim?» diýip sorady. Sahabalar «Amir bin Ekwa!» diýip jogap berdiler. Şonda Resuly-Ekrem (s.a.w) «Alla Amire rahmet etsin!» diýip, dileg etdi.

Hezreti Jabir bin Semuräniň (r.a) gürrüň bermegine görä, sahabalar hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bilen bile oturan söhbetlerinde käte-käte jahylyýýe döwründe bolup geçen wakalardan gürrüň ederdiler, biri-birileri bilen garşylykly şygyr aýdyşardylar. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) olaryň gürrüňini kä dymyp diňlärdi, käte-de ýylgyrardy. Bu şygyrlarda, köplenç, yslamdan öňki döwürde adamlaryň nähili ugursyz, biderek, ähmiýetsiz zatlaryň ugrunda gezendigi gülküli, tankydy usul bilen beýan edilýärdi. Resuly-Ekremiň (s.a.w) daş keşbi we gözel ahlagy bilen hakynda eser ýazan Haje Mehmet Raif Efendi bu şygyrlaryň mazmuny bilen baglanyşykly iki mysal getirýär:

Sahabalaryň biri şygrynda jahylyýýe döwri bilen bagly bir hadysany şeýle gürrüň berýär: «Hiç bir tiräniň buty biziň tirämiziň buty ýaly özüne çokunanlara peýdaly bolan däldir. Çünki biz butumuzy gury süýtden ýasapdyk. Günleriň birinde guraklyk gelip, açlyk düşdi. Şonda bizi buty döwüp, bölek-bölek etdik-de, tirämiziň arasynda bölüşdirdik. Şeýlelikde, hem tirämiz, hem maşgalamyz açlykdan halas boldy».

Başga bir sahaba bolsa jahylyýýe döwründe bolan bir hadysany şygryň üsti bilen beýan edýär: «Bir gün biziň taýpamyzyň çokunýan butunyň depesine tilki münüp, onuň üstüne uly meýdanyny edipdir. Hatda tilkiniň nejasatyndan ýaňa butuň gözleri görnenokdy. Bu ýagdaý maňa uly täsir etdi. Öz ýanymdam «Bu nähili ylahlyk bolýar?! Haýsydyr bir tilki üstüne münüp, meýdan edýär, butuň welin şoňa-da garşylyk görkezmäge güýji ýetenok» diýip pikir etdim. Şondan soňra buta çokunmakdan ýüz öwrüp, musulman boldum».[4]

Ine, sahabalaryň, hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) hem aralarynda bar bolan söhbetlerinde jahyllyýe döwri hakynda aýdylýan şygyrlarynda şol döwrüň ýalňyş, çüýrük ynançlary, däp-dessurlary tankytlanýardy, üstünden gülünýärdi. Şunlukda, olar öňki ynanýan putparazlyk ynanjynyň näderejede akyldan uzak, masgaralykdygyna, munuň tersine, yslam dininiň adamlaryň durmuşyna girizen gymmatlyklarynyň näderejede saldamlydygyna, manylydygyna, ajaýypdygyna akyl ýetirýärdiler.

Şerid es-Sakafi (r.a) şeýle gürrüň berýär: «Bir gün Resulalla (s.a.w) bir ýere gitjek bolup, ulagyna münüpdi. Menem Onuň (s.a.w) ulagynyň ardyna mündüm. Artlaşyp gidip barýarkak, men Resuly-Ekreme (s.a.w) Ümeýýe bin Ebis-Saltyň şygyrlaryndan aýdyp berýärdim. Allanyň birliginden we ölümden soňra direlmekden söz açýan beýtlerini okanymda, Allanyň Resuly (s.a.w) bu setirleri örän oňat gördi we onuň yzyny okamagymy isledi. Men ýene-de ýüz beýt okadym. Tamamlanymdan soňra Allanyň Resuly (s.a.w) «Ümeýýe musulmanlyga ýakynlaşypdyr» diýdi.[5]

Hezreti Aýşäniň (r.a) habar bermegine görä, Allanyň Resuly (s.a.w) Mesjidi-Nebewide belli şahyr Hassan üçin beýigräk seki ýasadypdy. Hezreti Hassan (r.a) şol ýere çykyp, söýgüli Pygamberimiziň (s.a.w) naatyny[6] okardy. Ol müşrikleriň musulmanlara atýan şyltaklaryny ret ederdi, musulmanlary taryp edip, kapyrlary ýepbeklärdi. Hezreti Hassan naatlaryny okap durka, Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýerdi: «Allatagala müşrikleriň jebir-süremini dep eýlesin! Hassany-da ruhulkudus bilen goldasyn! Alla oňa musulmanlary taryp edýän, duşmanlarynyň hötdesinden gelýän şygyr ylhamyny bersin!»

Görlüşi ýaly, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) dogryny, hakykaty, gözellikleri joşgunly duýgular bilen beýan edýän şahyrlara garşy bolmandyr. Olaryň şygyrlaryny diňläpdir. Manyly, ahlak we dini gymmatlyklara ters bolmadyk, ruhuňy galkyndyrýan, göwnüňi göterýän şygyrlardan lezzet alypdyr. Hatda olaryň käbirinden joşa gelip, egnindäki hyrkasyny çykaryp, şahyra serpaý ýapypdyr. Kähalatlarda şahyra ýagşy dileg edipdir, dürli sebäplerden ötri şygyr okamagy gadagan edilen şahyrlara şygyrlaryny okamaga mümkinçilik beren pursatlary-da bolupdyr.

Musulmanlar şunuň ýaly Pygambere (s.a.w) ymmat bolmagyň çäginde medeni duýgularyny we sungata bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmelidirler. Galyberse-de, olar bu hereketlerini yslam dinine has oňat hyzmat etmek, adamlara hak dini has oňat düşündirip bilmek niýeti bilen etmelidirler.


[1] Halebi, «Insanül-Uyun», III, 219; Ibn Sad, «Tabakatül-Kübra», 293; Mustafa Asym Koksal, «Yslâm Tarihi, IX, 31 we başg.

[2] Ibn Hişam, «Es-Siretun-Nebeviyye», IV, 146; Jevdet Paşa, Kysas-y Enbiya ve Tevarih-i Hulefa», I, 319-321.

[3] Haje Mehmed Raif Efendi, «Muhtasar Şemail-i Şerif Terjemesi», s. 181 – 182.

[4] Haje Mehmed Raif Efendi, «Muhtasar Şemail-i Şerif Terjemesi», s. 182 – 183.

[5] Haje Mehmed Raif Efendi, «Muhtasar Şemail-i Şerif Terjemesi», s. 178.

[6] Naat – söýgüli Pygamberimiziň şanyna ýazylan öwgüli şygyrlar.