23) Resuly-Ekremiň (s.a.w) adamlaryň kalbynda orun almakda eýeren ýörelgesi

Yslamyýetde iň möhüm, iň sogaply amallaryň biri-de, adamlaryň kalbynda yslam dinine bolan söýgini oýarmak hyzmatydyr. Resuly-Ekrem (s.a.w) adamlaryň ýüregini hak ýola meýil etdirmek meselesinde örän duýgur, seresaply çemeleşerdi. Ýekeje kişi hem bolsa, onuň yslam dinini kabul etmegine sebäp bolmaklygy bir süri guba düýä eýe bolmakdan ileri tutardy. Onuň (s.a.w) ynsanlaryň kalbyny ýumşadyp, olaryň yslama ýakynlaşmagyny gazanmakda görkezen nusgalyk hereketlerini seljerenimizde, bu mowzuga hasam oňat düşüneris.

  Buharyda gürrüň berlişine görä, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) Nejd taraplaryna bir bölek goşun ýollaýar. Bu sebitde alnyp barlan harby hereketleriň netijesinde hanifeogullaryndan Sümame bin Usal atly biri ýesir alnyp, Medinä getirilýär. Ýesiri  metjidiň sütünleriniň birine daňyp goýýarlar. Resulalla (s.a.w) metjitden çykanda, ondan «Eý, Sümame! Şu wagt aňyňdan näme pikir geçýär?» diýip sorady. Sümame bu sowala şeýle jogap berdi: «Eý, Muhammet! Şu wagt haýry umyt edýärin. Eger meni öldürseň, ganhor wagşyny öldürdigiň bolar. Eger ýesirlikden boşamagym üçin töleg isleseň, näçe diýseň bereýin!» Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) oňa ilki yslamy düşündirdi, yzyndanam musulman bolmaga çagyrdy. Emma Sümame muny kabul etmedi. Duşuşyklar ikinji we üçünji günem şol bir ýagdaýynda geçdi. Gürrüňdeşlik garşylyklaýyn sowal-jogap görnüşinde geçýärdi, emma Sümame entegem yslama sowuk garaýardy. Şeýle-de bolsa, Resulalla (s.a.w) onuň ýüreginiň ýumşamagyna we azajygam bolsa yslam dinine meýil etmegine sabyrlylyk bilen garaşýardy.

Aradan birnäçe gün geçdi. Bir günem hezreti Pygamberimiz (s.a.w) sahabalaryna Sümamäni boşadyp goýbermegi buýurdy. Şeýlelikde, Sümame hiç hili tölegsiz-zatsyz azat bolupdy. Hemme kişini şu sowal gyzyklandyrýardy:  ýogsa-da, mundan soňra Sümame nähili hereket ederkä?! Esasy köpçülik oňa ýurduna gaýdar öýtdi. Emma beýle bolmady. Sümame ilki ýuwnup geldi-de, hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) huzuryna çykdy we kelemeýi-şahadat getirip,  musulman boldy. Yzyndanam Allanyň Resulyna (s.a.w) şeýle diýdi: «Eý, Muhammet! Walla, şu Ýer ýüzünde meniň üçin seniň keşbiňden duşman keşp ýokdy. Emma bu gün säher wagty, seniň mübärek keşbiň maňa iň nurana ýüz bolup göründi. Walla, dinleriň arasynda iň köp seniň diniňe duşmandym. Emma bu säherde meniň üçin seniň diniň dinleriň iň gowusy bolup göründi. Walla, men şäherleriň içinde iň köp seniň şäheriňi ýigrenýärdim. Emma bu gün seniň ýaşaýan şäheriň meniň üçin iň oňat şäher bolup göründi».[1]

Ibn Hişamyň «Es-Siretün Nebewiýýe» atly eserinde bu waka bilen baglanyşykly şeýle maglumat berilýär: Sümame musulman bolandan soňra oňa nahar berildi, ertir-agşam düýe süýdi bilen hezzetlendi. Sümame Medinä getirilen gününden bäri oňa şol bir ölçegde nahar berilýärdi. Ol dek düýne çenli berlen nahary, süýdi hiç doýmajak ýaly işdämenlik bilen iýip, ýalmap ýuwudýardy. Emma bu gün oňa berlen şol öňki ölçegdäki nahardyr süýtden esli artypdy. Sahabalar muňa haýran galdylar. Şonda hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bu ýagdaýyň sebäbini olara düşündirdi: «Bu ýerde haýran galyp oturasy zat ýok. Kapyr nahar iýende, ýalmawuzdyr. Göýä ýedi agzy, ýedi aşgazany bar ýaly symyşlap iýer. Musulman bolsa açgöz däldir. Ol bir agzynyň, bir aşgazanynyň bardygyny oňat bilýändir».[2]

Birnäçe gün geçenden soňra Sümame Resulallanyň (s.a.w) maslahaty bilen umra hajy üçin Mekgä gitdi. Mekgäniň kethudalary onuň musulman bolandygyny oňlaman, närazylyklaryny bildirdiler. Müşrikleriň bu hereketine Sümamäniň örän gahary geldi. Ýöne ol şol wagt sesini çykarmady. Sag-aman umra hajyny tamamlady. Ol ülkesine gelenden soňra, kureýlilere mazaly sapak bermek üçin Mekgä galla satmagy gadagan etdi. Şeýdip, olaryň söwdasyna çäklendirme (ambargo) goýdy.

Mekgeliler kyn güne galypdy. Galla mekgeliler üçin örän möhümdi. Şonda olar hezreti Pygamberimize (s.a.w) hat ýazdylar we yslamda ileri tutulýan emrleriň biri bolan garyndaşlyk gatnaşygyny-da öňe sürüp, galla söwdasynyň täzeden ýola goýulmagyny haýyş etdiler. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) olaryň haýyşyny ýerde goýmady. Dessine hezreti Sümamä (r.a) hat ýazdy. Şeýdip, Ýemame sebitinden Mekgä galla ugradylyp başlandy.[3]

Bu wakanyň üsti bilen şuňa göz ýetirýäris, ýagny Resuly-Ekrem (s.a.w) bir adamyň yslam dinine girmegine sebäp bolmaklygy bu dünýäniň ähli baýlygyndan ileri tutupdyr. Galyberse-de, heniz musulman bolmasalar hem, mekgelilere goýlan galla çäklendirmesini aradan aýyrmagy, bu meselede ynsaply, rehimdar hereket etmegi-de üns çekijidir.[4]

Mekgeli müşrikler birtaraplaýyn hereket edip, ýaraşyk şertnamasyny bozanlaryndan soňra, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) hijretiň sekizinji ýylynda (630ý.) Mekgäni eýelemek üçin on müň adamlyk goşun bilen ýörişe çykypdy. Yslam goşuny Mekgäniň, takmyman, on alty kilometr golaýynda ýerleşýän Merruzzahran diýen ýerde düşledi. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) garaňky gatlyşandan esgerleriniň her birine ot ýakmagy buýurdy.

Ebu Sufýan we Mekgäniň beýleki baştutanlary musulmanlaryň Mekgäniň üstüne gelýändiklerini eşidip, bu habary anyklamak üçin atlanypdylar. Haçanda olar Medinäniň ýoluna çykanlarynda, on müň esgeriň ýakan otlarynyň döreden ajaýyp görnüşine haýran galdylar. Olar nämäniň nämedigini öwrenmek üçin atlaryna gamçy çaldylar. Emma olar Merruzzahrana golaýlanlarynda, yslam goşunynyň öň taraplarynda nobatçylyk edýän esgerleriň eline düşdüler we hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) huzuryna çykaryldylar. Ertesi gün Resuly-Ekremiň (s.a.w) tabşyrygy bilen yslam goşuny dabaraly ýörişden geçdi. Muhajirler, ensar we dürli tire-taýpalaryň wekilleri bolan musulmanlar baýdaklaryny, sanjaklaryny, tuglaryny göterip, her bölüm öz serkerdesiniň baştutanlygynda sap-sap bolup ýöriş etdiler. Ensaryň baýdakçysy Sad bin Ubade (r.a) Ebu Sufýanyň deňesinden geçip barýarka, oňa eşitdirip, «Bu gün iň uly söweş günüdir» diýen manyda söz diýdi. Muny eşiden Ebu Sufýanyň sandygyna howp düşüpdi. Emma Resuly-Ekrem (s.a.w) ýagdaýy öwrenenden soňra «Sad ýalňyş aýdypdyr. Bu gün Allatagalanyň azan sesleri bilen Käbäniň şanyny beýgeltjek günüdir. Bu gün Käbä towhyd lybasynyň geýdiriljek (Käbäniň towhyd we tekbir bilen dabaralanjak) günüdir» diýdi.[5]

Mekgeli müşrikler üstlerini gapyllykda basdyrypdy. Olaryň edip biljek zady ýokdy. Ertesi gün yslam goşuny şanly ýeňiş bilen dört tarapdan şähere girdi. Resuly-Ekrem (s.a.w) şähere girip gelýärkä, beýik lutfu-keremi bilen özüne bu günleri görkezen Allatagala şükür edýärdi, Onuň adyny zikir edýärdi. Müşrikler ýeňijä mahsus bolan uly dabara, şowhun turzup, kernaý, surnaý çaldyryp gelýän beýik serkerdäni görerin öýdüpdiler. Emma şähere Haktagala ýalbaryp, ýüzüni ýerden galdyrman gelýän Pygamber (s.a.w) girip gelýärdi.

Resuly-Ekremiň (s.a.w) çadyry Hajun diýen ýerde dikilipdi. Birwagtlar kinaneogullary bilen kureýş müşrikleriniň musulmanlaryň garşysyna çetleşleşdirilme yglan etmek üçin ant içip, awy ýalan ýerlerinde indi ýeňilmezek yslam goşunynyň beýik Serkerdesi, adamzadyň halasgäri söýgüli Pygamberimiziň (s.a.w) baýdagy pasyrdaýardy. Mekge döwründe, pygamberligiň ýedinji we onunjy ýyllary aralygynda musulmanlar üç ýyllap müşrikler tarapyndan sosial we ykdysady çetleşdirilmä sezewar bolupdylar we «Şibi-Ebi Talyp» diýlen ýerde agyr synagy başyndan geçiripdiler. Şonda müşrikler Hajunda çadyr dikip, musulmanlara bu ýerden gözegçilik edipdiler. Indi ýagdaýlar düýbünde üýtgäpdi. Müşrikleriň çadyry ýykylyp, ýerine Pygamber aleýhisselamyň çadyry dikilipdi. Şäher dolulygyna musulmanlaryň ygtyýaryna geçipdi.

Musulmanlar Mekgäniň ähli ýerini gözegçilik astyna alypdylar. Şähere asudalyk aralaşandan soňra hezreti Pygamberimiz (s.a.w) Hajunda dikilen çadyryndan çykyp, düýesine mündi we sagynda-solunda, öňünde-yzynda sap-sap bolup düzülen sahabalary bilen «Fetih» süresini okap, Käbä bardy, ony togap etdi. Soňra «Hak geldi, batyl (zatlar) ýok boldy. Elbetde, batyl ýok bolujydyr» («Isra» süresi, 17/81) diýen manydaky aýaty okap, ähli butlary ýeke-ýekeden döwüp, Käbäniň töweregini arassalady. Mundan soňra söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) Käbäniň gapysyndan içeri girdi. Onuň içini towhyda (Allanyň birligi) ters gelýän zatlardan tämizländen soňra iki rekagat namaz okady. Beýik Allatagala hamdy-sena edip, birsellem oturandan soňra daşary çykdy. Käbeýi-Muazzamanyň içi-daşy butparazlyga degişli ähli zatlardan arassalanypdy. Ol indi hezreti Ybraýymyň (a.s) bina eden wagtyndaky towhyd ynanjyny şöhlelendirýärdi. Mundan beýläk Käbede tekbir, azan, kamat ýaňlanýardy, Allanyň birligi dabaralanýardy. Şunlukda, Fetih (Mekgäniň eýelenmegi) güni taryhyň sahypasyna altyn harplar bilen ýazyldy. Mundan göz öňüne tutulýan maksat, Käbäniň towhyd lybasyna bürenmegi we adamlaryň kalbynyň yslama ýakynlaşdyrylmagydy. Şeýle-de bolupdy, şol gün hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ýigrimi ýyldan bäri musulmanlara zulum baryny eden, bu gün bolsa mat bolan kureýşliler, galyberse-de bütin adamzat üçin uly ähmiýeti bolan hutbasyny okady. Bu hutba taryhda «Fetih hutbasy» diýen at bilen bellidir. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bu ýüzlenmesiniň başynda ilki Allatagala hamdy-sena aýtdy, Onuň barlygyny, birligini, deň-taýynyň ýokdugyny yglan etdi. Onuň ýardamy bilen duşmanlarynyň ýeňlişe sezewar bolandygyny beýan edenden soňra bütin jahylyýýe döwründäki ähli urp-adatlaryň, gan dawalarynyň aradan aýrylandygyny halka ýetirdi. Diňe Käbäniň hyzmat işleriniň we hajylara suw bermekligiň muňa degişli däldigini aýratyn nygtady. Soňra jahylýýe döwrüne mahsus bolan gedemlikden ýüz öwürmelidigi, ata-babalaryny, neberelerini magtap öwünmeli däldigi hakynda nesihat edip, ähli ynsanlaryň Adam aleýhisselamdandygyny, onuň hem toprakdan ýaradylandygyny ýatlatdy. Yzyndanam «Eý, ynsanlar! Biz sizi bir erkekden we bir aýaldan ýaratdyk. Biri-biriňizi tanamagyňyz üçin sizi milletlere we tire-taýpalara böldük. Siziň Allanyň ýanynda iň hormatlyňyz has takwa bolanyňyzdyr…» («Hujurat» süresi, 49/13) diýen aýaty okady.

Eýsem-de, hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) bu hutbasyny diňläp duran kimlerdi?! Olar düýnki gün musulmanlary dinlerinden dändirmek üçin gyzgyn çägäniň üstünde düýä süýreden, ganly naýzalary bilen Haka ten berenleriň bedenlerini eleme-deşik eden, Bedirde, Uhudda, Hendekde musulmanlary ýok etmek üçin depelerinde gylyç oýnadan zalymlardy, haýynlardy. Ine, bu gün olar bütinleý güýçsiz-kuwwatsyz, boýunlaryny sallaşyp durdylar. Eden gabahatlary, agyr jenaýatlary üçin bularyň ählisini belki, on, ýüz gezek dardan assaňam azdy. Emma Resuly-Ekrem (s.a.w) ynsanlaryň ýüreginiň yslam dinine meýil etmegini gazanmagy hemme zatdan öňde goýýardy. Ol öňünde duranlary birsellem synlap durandan soňra «Eý, kureýş jemagaty! Siz menden näme ederime garaşýarsyňyz?!» diýip sorady. Şol wagta çenli tekepbirlik bilen haky, hakykaty inkär edip gelen kureýşliler «Senden diňe ýagşylyga garaşýarys. Çünki sen keremkär dogansyň we keremkär doganyň oglusyň!» diýip jogap berdiler. Ýogsa-da, olar başdan bäri hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) dogruçyllygyny, ynamdarlygyny, alyjenaplygyny bilýärdiler. Emma dürli sebäplerden, iň esasysy-da, gedemlikleri sebäpli Oňa garşy çykypdylar, yslamdan çetde durupdylar. Haçanda baýdaklary synyp, ýeňlişe sezewar bolanlaryndan soň, «Hiçden giç ýagşy» diýlenini edip, öňden bilýän hakykatlaryny boýun almaga mejbur boldular. Resuly-Ekrem (s.a.w) iň soňunda olaryň hyýallaryna getirip bilmeýän alyjenaplygyny, jomartlygyny, geçirimliligini görkezip, umumy günä geçişlik yglan etdi – kureýşlileriň hemmesini bagyşlady.[6]

Bu gün mukaddes Käbe towhyd lybasyna bürenýärdi, tekbir, azan sesleri bilen dabaralanýardy, ynsanlaryň kalby yslama ýakynlaşdyrylýardy. Öýle namazynyň wagty bolanda, Bilaly-Habeşi hezretileri (r.a) Käbäniň üstüne çykyp, azan okanda, Resuly-Ekremiň (s.a.w) beren buşluk habarlary hakykata öwrüldi. Köňüller joşa geldi, azanyň, towhydyň nury dumly-duşy gaplap aldy. Öýle namazy okalandan soňra Safa depesinde kureýşliler yslam dinini kabul edip, hezreti Pygamberimize (s.a.w) biat (gol bermek, ykrar) etdiler. Şeýlelikde, Resulallanyň (s.a.w) esasy maksadynyň adamlaryň kalbynda yslam dinine bolan söýginiň oýanmagyny gazanmakdygy ýene-de bir ýola tassyk boldy.

Adamlaryň, jemgyýetleriň kalbynda hemişelik orun almak, olaryň yslama meýil etmegini gazanmak meselesindäki üçünji mysalymyz Resuly-Ekremiň (s.a.w) Taif şäheriniň halkynyň etmişlerine, özüne çekdiren zulum-sütemlerine jogap berşidir, olar hakyndaky ýöreden inçe syýasatydyr.

Mälim bolşy ýaly, Resulalla (s.a.w) Taife iki gezek barypdy. Birinjisinde pygamberligiň onunjy ýylynda (620ý.), entek Mekgedekä hezreti Zeýd bin Harise (r.a) bilen gidipdi. Maksady taiflileri yslam dinine çagyrmak, musulmanlara daş-töwerekden goldaw berilmegini gazanmakdy. Emma taifliler Onuň (s.a.w) bu çagyryşyna örän ýowuz jogap beripdiler, Resuly-Ekremi (s.a.w) daşlap, şäherlerinden kowupdylar. Şonda eger Allanyň Resuly (s.a.w) islesedi, wezipeli perişdeler Allatagalanyň emri bilen Mekgäniň we Taifiň töweregini gurşap alan daglary olaryň depesinden inderip, bu iki şäheri-de butparaz, azgyn ýaşaýjylary bilen birlikde heläk edip bilerdiler. Emma Allanyň Resuly (s.a.w) özüni daşlap, endam-janyny gara gan eden bu ynsanlaryň ýok bolmagyny islemedi. Haçanam bolsa bir gün olaryň neslinden Allanyň birligine ynanýan, hak ýoly yzlaýan jemgyýetiň dörejegine umyt baglap, olar üçin ýagşy dileg etdi. Resulallanyň (s.a.w) pygamberlik döwründe uçran kynçylyklarynyň, sezewar bolan jebir-sütemleriniň iň agyrlarynyň biri-de taiflileriň daşlamagy hadysasydy. Ol (s.a.w) hezreti Aýşäniň (r.a) beren bir sowalynda muny açyk aýdypdy. Bu ýagdaý Resulallanyň (s.a.w) taifliler hakynda eden dileg-dogasynyň ähmiýetiniň nädereje möhümdigini görkezýär.[7]

Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) on ýyldan soňra taifliler bilen ikinji gezek ýüzbe-ýüz boldy (hijr.8/mil.630). Emma Ol (s.a.w) bu gezek olaryň üstüne goşun çekip barypdy. Huneýn söweşinde hewazinliler musulmanlar tarapyndan derbi-dagyn edilipdi. Olar Ewtasda-da yslam goşunynyň garşy söweşe girselerem, bu ýerde-de ýeňlip, Taif galasyna gaçypdylar. Musulmanlar hem duşmanlaryna goldaw berendigi üçin Taifi gabapdylar. Birwagtlar Allanyň Resulyny (s.a.w) şäherlerinden daşlap kowan taifliler şol eden jebir-sütemlerini bu günki gün pena sorap gelip, özlerine goşulan hewazinliler bilen birlikde etmegä-de güýçleri ýetenokdy. Emma şäheriň galasynyň diwarlary örän beýik, mäkäm bolansoň, sahabalar hem şähere girip bilenokdylar. Musulmanlaryň käbiri Resuly-Ekremiň (s.a.w) ýanyna gelip, öňden bäri ganym duşmanlary bolan taiflilere gargyş etmegi teklip etseler hem, Ol (s.a.w) muny makul görmedi. Gaýtam, «Eý, Allam! Olara dogry ýoly görkez!» diýip haýyr-doga etdi. Çünki Ol (s.a.w) kim bolsa bolsun, hemmeleriň ýüreginiň ýumşap, yslama maýyl bolmagyny, olarda hak dine bolan söýginiň oýanmagyny isleýärdi.[8]

Yslam taryhynda «Müellefeýi-kulub (kalplary yslama meýil etmegi islenilýän kişiler)» diýen adalga bar. Bu ýagdaý hijretiň 8-nji ýylynda (630) bolup geçen Hewazin (Huneýn) söweşinde döreýär. Muňa laýyklykda, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) Hakim ibni Hizam, Uýeýne bin Hysn, Safwan bin Ümeýýe, Ebu Sufýan we ogly Muawiýe ýaly kureýşiň baştutanlaryna oljadan ep-esli paý beripdi. Resualla (s.a.w) olara şeýle çemeleşmekden maksady, şol wagta çenli yslamdan daş duran, duşmanlykda ýakasyny tanadan kişileriň ýüreklerini ýumşatmakdy, olaryň köňüllerinde yslam dinine bolan söýgini oýarmakdy. Hakykatdan hem, Safwan bin Ümeýýe ýaly kişileriň yslam dinini kabul etmäge bolan meýilleri ýokdy. Emma özlerine sahylyk bilen eçilen sowgat-serpaýlary, süri-süri mallary görenlerinden soňra, olaryň kalbyndaky buzlar eräp, hak dine bolan meýil güýçlenip ugrapdy. Göz öňüne tutulan maksat hem şeýle netijäniň alynmagydy. Bu bolsa Resulallanyň (s.a.w) ulanan müellefeýi-kulub usuly arkaly amala aşypdy.

Mahlasy, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bütin ömrüne adamlaryň kalbynyň yslamyň nury bilen nurlanmagy üçin göreşipdi. Hut şu sebäpden adamlaryň arasynda parh goýman, her kim bilen ýakyndan gyzyklanyp, bir kişiniň yslam dinini kabul etmegine sebäp bolmaklygy şol döwrüň iň gymmat bahaly ulag serişdesi bolan süri-süri guba düýä eýe bolmakdan ýokarda goýupdy. Bir eline Aýy, beýleki eline Güni berseler hem, adamlary yslam dinine çagyrmakdan, olaryň hak ýoly görkezmekden dänmejegini aýdypdy. Mukaddes wezipesi bolan yslam dinini ýaýmak, ony adamlara dogry usulda düşündirip bilmek üçin, galyberse-de, adamzadyň gelejeginden umydigär bolup, özüne edilen nijeme jebir-sütemlere, zulumlara sabyr bilen döş geripdi. Hiç haçan gargyş etmändi, hemişe Allatagaladan adamlara dogry ýoly görkezmegini diläpdi.

Söýgüli Pygamberimizden (s.a.w) görelde alyp, adamlar, jemgyýet bilen gatnaşygymyzda yslam dinini dogry, dürs ýaşap görkezmek, sözümiz, işimiz, hal-hereketimiz arkaly olaryň kalbynda hak dine bolan söýgini oýarmaga çalyşmak biz musulmanlaryň mukaddes borjy bolmalydyr. 


[1] Ibn Hişam, «Es-Siretün-Nebeviyye», IV, 287 we başgalary; Sahih-i Buhari Tecrid-i Sarih Tercemesi, X, 374.

[2] Ibn Hişam, «Es-Siretün-Nebeviyye», IV, 288.

[3] Ibn Hişam, «Es-Siretün-Nebeviyye», IV, 287 we başgalary; Sahih-i Buhari Tecrid-i Sarih Tercemesi, X, 374; Mustafa Asym Köksal, «Yslam Tarihi», VI, 9-14.

[4] Sahih-i Buhari Tecrid-i Sarih Tercemesi, X, 374; Ibn Hişam, «Es-Siretün-Nebeviyye», IV, 287 we başgalary.

[5] Ibn Sad, «Tabakatül-Kübra», II, 135; Ibnül-Esir, «El-Kamil», II, 245; Ibn Hişam, «Es-Siretün-Nebeviyye», IV, 47; Sahih-i Buhari Tecrid-i Sarih Tercemesi, X, 305-306.

[6] Ibn Hişam, «Es-Siretün-Nebewiýýe», IV, 55; Ibnül-Esir, «El-Kamil», II, 248; «Sahih-i Buhary Muhtasary Tejrid-i Sarih Terjemesi, X, 313.

[7] Ibn Hişam, «Es-Siretün-Nebewiýýe», II, 60; «Sahih-i Buhary Muhtasary Tejrid-i Sarih Terjemesi», II, 759; a.g.e. IX, 31-32.

[8] Ibn Hişam, a.g.e. IV, 131; Ibn Sad, «Tabakatül-Kübra», II, 159.