24) Resulallanyň (s.a.w) halk arasyndaky asudalyga, parahatçylyga ähmiýet berşi

Yslam dini binýady agzybirlikden, jebislikden tutulan, bir diwaryň kerpiçleri mysaly ýa-da bir bedeniň agzalary kimin biri-biri bilen mäkäm bitewileşen jemgyýeti emele getirmegi maksat edinýär. Hut şu sebäpli, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) içerki howpsuzlyga uly ähmiýet beripdir, dörän gapma-garşylyklary dessine ýatyrmaga çalşypdyr, biri-birinden öçli taraplary ýaraşdyrypdyr, dawa-jenjelleriň öňüni alypdyr. Mahlasy, bütin ömrüne yslam jemgyýetiniň birligini, bitewiligini gorap gezipdir.

Allatagala Kurany-Kerimde «…eger hakyky mümin bolsaňyz‚ Alladan gorkuň‚ birek-biregiň arasyny düzediň‚ Alla we Onuň ilçisine boýun boluň!…» («Enfal» süresi, 1) diýip buýurýar. Kuranyň başga bir aýatynda Allanyň ýüpünden berk ýapyşmalydygymyza, bölünip, parçalanmakdan gaça durmalydygymyza üns çekilýär we Allatagalanyň nygmatynyň saýasynda biri-birimiz bilen dogan bolandygymyz we munuň netijesinde köňüllerimiziň birleşendigi ýatladylýar («A:ly-Imran» süresi, 103). Galyberse-de, ýene bir aýatda «Şübhesiz, müminler (biri-birileri bilen) dogandyrlar. (Hut şu sebäpli), siz öz doganlaryňyzyň arasyny düzediň!…» diýilmek bilen, bize aramyzdaky agzybirligi saklamaklyk emr edilýär.

Resuly-Ekremiň (s.a.w) ýurduň, halkyň bitewiligi, agzybirligi, jebisligi bilen baglanyşykly nesihatlaryna, duýduryşlaryna uly üns bermelidiris. Bu babatda söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýýär:

─ Size agzybir bolmagy, agzalalykdan, bölünip, parçalanmakdan mümkingadar daş durmagyňyzy nesihat edýärin.[1]

─ Jemagatdan aýrylmaň! Şuny bilip goýuň: sürüden aýrylany gurt alar![2]

─ Allanyň ýardamy jemagat (köpçülik) bilendir. Jemagatda (birlikde, agzybirlikde) rahmet, dagynyklykda azap bardyr.[3]

Resulallanyň (s.a.w) aýtmagyna görä, Allatagalanyň iň ýigrenýän kişisi ylalaşmak, agyz birikdirmek islemeýän kejir, kalbynda duşmanlyk besleýän adamdyr.[4] Galyberse-de Resuly-Ekremiň (s.a.w) «agzala kişileri ýaraşdyrmak üçin asly bolmadyk haýyrly, gowy söz aýdan adamyň ýalançy saýylmajakdygyny» nygtamagy-da halk arasynda parahatçylygy ýaýylmagyna, agzalalygy dep bolmagyna sebäp bolmagyň näderejede ähmiýetlidigini görkezýär.[5]

Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) halkyň arasynda parahatçylygy, asudalygy üpjün etmek, adamlary biri-birine ysnyşdyrmak üçin eden tagallalaryndan birnäçe mysal getirip, bu meselä hasam oňat düşünmäge çalşalyň.

Hijretiň bäşinji ýylynda (627ý.) Müreýsi diýlen ýerde araplaryň mustalykogullary taýpasy bilen musulmanlaryň arasynda söweş bolupdy. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) mustalykogullarynyň Medinä duýdansyz çozmak üçin taýýarlyk görýändikleri habaryny alypdy. Ol (s.a.w) olardan öňürtmek üçin dessine herekete geçdi we söweşe taýýarlanyp ýören mustalykogullarynyň üstüni gapyllykda basdy. Söweş ajaýyp ýeňiş bilen yslam goşunynyň haýryna tamamlanypdy. Şol günler Müreýsi guýusynyň başynda yslam goşunyndan bolan, muhajirlere we ensara suw daşaýan iki kişiniň arasynda dawa turdy. Dawa ula ýazyp, ensaryň wekili medineli ýerlileri, muhajirleriň wekili bolsa muhajirleri kömege çagyrdy. Şeýdibem iki tarap biri-birine gapma-garşy boldy. Resuly-Ekrem (s.a.w) muny eşiden dessine wakanyň bolan ýerine geldi we taraplaryň arasynda dörän dartgynly ýagdaýy aradan aýyrdy. Çünki bolar-bolgusyz bahana arap, dawa-jenjel turuzmak jahylyýýe döwründen galan çüýrük düşünjedi. Yslam dini bolsa uruş-sögüşi, dawa-jenjeli ýatyryp, ýerine agzybirligi, dostana gatnaşygy, ylalaşygy getiripdi. Üstesine-de, şol ýyllar yslam dininiň ýaňy-ýaňy ýaýylmaga başlan döwürleri bolansoň, mynafyklar musulmanlaryň arasyny bozmak, olaryň içine agzalalyk salmak üçin ýeriň aşagyndan her hili hilelere ýüz urýardylar, olara duzak gurýarlardylar. Ýokarda bolup geçen wakada-da olar ensar bilen muhajirleriň arasynda dörän bu oňşuksyzlyga ýel berip, ony bolşundan-da ulaldyp, agzalalygy Medinä ýaýmak isläpdiler. Emma niýetleri başa barmandy. Çünki musulmanlar biri-biriniň din doganydylar. Din doganlaryň arasynda nähak ýere dawa turuzmak örän ýerliksiz hereketdi. Bardy-geldi saý-sebäp bilen olaryň arasyna tow düşäýende-de hezreti Pygamberimiz (s.a.w) dessine onuň öňüni alardy.

Bir gün Gün ikindi ýerine golaýlaberende bolsa gerek, kubalylaryň bir tiresi Amr bin Awf ogullarynyň arasynda sene-mene döräpdi. Munuň hem soňy uly  gopguna ýazypdy. Hatda bu dawa-jenjeli turzanlaryň arasynda biri-birine daş zyňanlar hem tapylypdy. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bu hadysany eşidenden ýanyna sahabalardan Ubeý bin Kab (r.a) bilen Suheýl bin Beýzany (r.a) ýanyna alyp, Kuba gitdi. Ýüze çykan agzalalygyň sebäbini öwrenip, gopguny ýatyrmaga, oňşuksyzlgyň öňüni almaga çalyşdy. Wagt geçip durdy. Ikindi namazynyň wagty giripdi. Medinede Mesjidi-Nebewiniň azançysy hezreti Bilaly-Habeşi (r.a) ikindi namazynyň azanyny aýtdy. Jemagat metjitde esli salym garaşyp durdy. Resulalla (s.a.w) entegem Kubadan gelmändi. Diýmek, kubalylaryň arasynda turan gopgun entek ýatmadyk bolmalydy. Resuly-Ekrem (s.a.w) bu agzalalygy aradan aýyrman gaýdarly däldi. Namaz wagtynyň girendigine garamazdan, adamlaryň arasynda asudalygy ýola goýmaga çalyşmagy-da muny görkezýärdi. Ahyrynda hezreti Bilal (r.a) hezreti Ebu Bekire (r.a) ýüzlenip, «Resulalla (s.a.w) adamlary ylalaşdyrmak bilen meşgul. Bolmasa, namazy sen okadaý» diýdi. Bu maslahatdan soňra hezreti Ebu Bekir (r.a) ymamlyga geçip, namaza durdy. Şol barmana, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) hem gelip ýetişdi we birinji hatarda namaza durdy. Hezreti Ebu Bekir (r.a) yza çekildi. Resulalla (s.a.w) mähraba geçdi we jemagata namaz okatdy.[6]

Görşümiz ýaly, Allanyň Resuly (s.a.w) ýüregine daş baglap, namazyň birsellem gijikmegine razy bolupdyr, emma musulmanlaryň arasynda dörän pitnäni ýatyrman gaýtmandyr. Ol (s.a.w) şol ýerde asudalygy doly ýola goýandan soňra namaza gelipdir. Bu bolsa Resulallanyň (s.a.w) halkyň arasynda agzybirligi saklamaga nädereje ähmiýet berendigini görkezýär.

Bir gün hezreti Pygamberimiz (s.a.w) öýüniň öňünde iki adamyň gaty ses bilen biri-biriniň üstüne gygyryşyp durandygyny gördi. Bu bergidar bilen algydaryň arasynda turan galmagal eken. Bergidar algydaryndan bergisiniň bir bölegini geçmegini haýyş edýärdi. Algydar bolsa, «Walla geçjek däl» diýip, şol bir duran ýerini depip durdy. Resulalla (s.a.w) dessine olaryň arasyna girip, bu ikisini ylalaşdyrmaga çalyşdy. Netijede, algydar bergisiniň ýarysyny geçdi, bergidar bolsa galan bergisini töledi. Şeýdip, Resuly-Ekremiň (s.a.w) ara düşmegi bilen  soňy uly gopguna ýazmagy ähtimal sene-menäniň öňi alyndy.[7]

Hudeýbiýe ylalaşygyndaky bentleriň birine görä, Resulalla (s.a.w) indiki ýyl sahabalary bilen Mekgä gelip, üç günüň içinde umra hajyny ýerine ýetirip bilýärdi. Bu şeýle-de bolupdy. Musulmanlar umra hajyny berjaý edip, yzyna gaýdanlarynda, hezreti Hamzanyň (r.a) Mekgede galan gyzjagazy «Agam jan!» diýip, Resulallanyň (s.a.w) öňünden çykypdy. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ony ýany bilen alyp gaýtdy. Medinä gelenlerinde hezreti Aly (r.a), hezreti Jafer (r.a) hem-de hezreti Zeýd bin Harise (r.a) bu gyzjagaza hossar çykmak meselesinde üçüsi üç ýerden dalaşgär boldular. Hezreti Aly (r.a) «Ol meniň agamyň gyzy» diýýärdi. Hezreti Jafer (r.a) hem onuň sözüni diýýärdi, üstüne goşubam, «Meniň aýalym bu gyzjagazyň daýzasy» diýýärdi. Hezreti Zeýd bin Harise (r.a) bolsa «Ol meniň doganymyň gyzy. Hemme kişiden oňa men ýakyn» diýýärdi. Çünki hezreti Pygamberimiz (s.a.w) hezreti Hamzany (r.a) aýatda dirikä, ony hezreti Zeýd (r.a) bilen dogan yglan edipdi. Muňa görä, din doganlar biri-biriniň ýagdaýy bilen bilen içgin gyzyklanmalydy.

Üç kişi şehidiň yzynda galan amanatyna hossar çykmak üçin göýä ýaryşa giren ýalydylar. Ýetim çaga hemaýat etmekde olaryň kökenek boluşlaryny göreniňde, tolgunmakdan ýaňa gözüňe ýaş aýlanýardy. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bu üç sahabasynyň her birini aýratynlykda taryp etdi: «Eý, Zeýd! Sen Allanyň we Resulynyň dostusyň! Eý, Aly! Sen meniň doganymsyň we dostumsyň. Sen bolsa eý, Jafer! Tegigatyň, hüý-häsiýetiň taýyndan maňa örän ýakynsyň!» Soňundanam, aýaly gyzjagazyň daýzasydygyny göz öňüne tutup, hezreti Hamzanyň (r.a) gyzy Ümamä hossarlyk etmegi hezreti Jafere (r.a) ynandy.[8] Şeýlelikde, haýyrly iş bilen baglanyşykly dörän bu mesele Resulallanyň (s.a.w) çuňňur paýhasy bilen ýagdan gyl sogran ýaly çözüldi.

Bir gezek Ebu Zerr Gyfary hezretleri (r.a) bir säwlik bilen gaflata düşüp, hezreti Bilal Habeşi hezretlerine (r.a) «Gara aýalyň ogly» diýipdi. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) onuň bu sözüni eşidip, «Eý, Ebu Zerr! Sen ony enesiniň garaýagyzlygy üçin kemsidýäňmi?! Diýmek, sen henizem jahylyýýe döwrüniň ahlagyndan päklenip bilmedik kişi ekeniň» diýip käýindi. Hezreti Ebu Zerr (r.a) aýdan sözüne şeýle bir puşman boldy, ýaňagyny ýere goýdy-da, «Bilal gelip, aýagy bilen ýaňagyma basmasa, ýüzümi ýerden galdyrmaryn» diýdi. Hezreti Bilal (r.a) onuň hatasyny bagyşlandygyny, beýtmegiň geregi ýokdugyny hernäçe aýtsa-da, hezreti Ebu Zerriň (r.a) sözi üçin onuň ýaňagyna basmaga mejbur boldy.[9]

 Bu mysallarda ünsümizi çeken iň esasy zat, hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) haýsydyr bir agzalalygyň, dawa-jenjeliň ýüze çykandygy habaryny alandan dessine herekete geçip, dörän ýakymsyz hadysany ula ýazdyrman ýatyrmaga çalyşmagydyr. Mundan ugur alyp, her bir musulman ilki bilen öz şahsy durmuşyny gözden geçirip, daş-töweregi bilen agzybir ýaşaýşy ýola goýmalydyr. Galyberse-de, ýakynlarynyň arasynda dörän oňşuksyzlyklary, dawalary ýatyrmagy musulmanlyk borjy hasap etmelidir. Amatly pursatyny arap, biri-biri bilen jet dost-ýarlaryny, dogan-garyndaşlaryny ylalaşdyrmak, olaryň arasynda dostlugyň, agzybirligiň täzeden dabaralanmagy üçin elinden gelenini etmelidir.


[1] Tirmizi, «Fiten» 7.

[2] Ebu Dawut, «Salat», 46.

[3] Tirmizi, «Fiten», 7; Ahmed bin Hanbel, «Müsned», IV, 278, 375.

[4] Mansur Ali Nasyf, «Et-Tajül-Jamiu Lil-Usul Fi Ehadisir-Rasul», (çev. Bekir Sadak), III, 138 (Buhari-Müslim).

[5] «Sahyhy-Buharî Muhtasarý Tecrîd-i Sarîh Tercemesi, VIII, 111.

[6] «Sahyhy-Buhary Muhtasary Tejrid-i Sarih Terjemesi, VIII, 114-115.

[7] «Sahyhy-Buhary Muhtasary Tejrid-i Sarih Terjemesi, VIII, 129.

[8]  «Sahyhy-BuharyMuhtasary Tejrid-i Sarih Terjemesi, VIII, 119.

[9] «Sahyhy-BuharyMuhtasary Tejrid-i Sarih Terjemesi, I, 42.