25) Resulallanyň (s.a.w) söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge ähmiýet berşi

Yslam dini daban azabyň bilen gazanmaklyga, maşgalaňy halal zähmetiň bilen eklemeklige, din hem-de jemgyýet bilen baglanyşykly hyzmatlara maddy kömek bermeklige uly ähmiýet berýär. Allatagala Kurany-Kerimde zähmet çekmeklige üns çekýär, eden işini birkemsiz ýerine ýetirýän kişileri söýýändigini, söwdada dogruçyl bolmalydygyny nygtaýar («Bakara» süresi, 2/275, 282; «Nisa» süresi, 4/29, 32; «Kasas» süresi, 28/72; «Nejm» süresi, 53/30-42; «Juma» süresi, 62/9-10).

Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) zähmet çekmeklige, işläp gazanmaklyga aýratyn üns beripdir. Ol (s.a.w) hijret edip, Medinä gelen ilkinji günlerinden musulmanlary ykdysady taýdan galkyndyrmak, olary söwda-satyga, önümçilige höweslendirmek üçin herekete geçipdir. Medinedäki söwda gatnaşyklarynda musulmanlaryň täsir ediji güýje eýe bolmagy üçin olary bu pudaga yhlasly ýapyşmaga çagyrypdyr.

Yslam adatynda halkyň umumy ahlagynyň we söwda-ykdysady ahlagynyň ýokarlanmagy, öndüriji bilen sarp edijiniň hak-hukuklarynyň goralmagy, ygtybarly söwda, aluw-satuw şertleriniň emele gelmegi ýaly halka hyzmat ediş pudagyna umumylykda «ihtisab» diýilýär. Sagadatlyk asyrynda bu işleri dolandyrmak üçin ýöriteleşdirilen döwlet edarasy döredilmedik hem bolsa, bu wezipäni Medinede hut hezreti Muhammediň (s.a.w) özi, ýerlerde bolsa Onuň (s.a.w) bellän häkimleri ýöredýärdi. Ýeri gelende aýtsak, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) hem köne söwdagärdi. Ol (s.a.w) musulmanlaryň arasynda söwda-satygyň ösmegine uly üns berýärdi. Mekgeli musulmanlar Medinä hijret etmänkä, bu ýerde diňe jöhitlere degişli bolan bazar bardy. Şäheriň söwda dolanyşygy şolaryň elindedi. Hijretden soňra Resuly-Ekrem (s.a.w) Medinede musulmanlar üçin aýratyn bazar döretdi hem-de musulmanlary yslamyň ykdysady dolanyşygyny galkyndyrmaga çagyrdy. Ol (s.a.w) bu bazarda yslamy kada-kanunlaryň berjaý edilmegi, dinimiziň şertlerine laýyk dogry, dürs söwda medeniýetiniň kemala gelmegi üçin täjirlere häli-şindi gözegçilik edip durupdyr. Muslimiň «Sahyhynda» munuň bilen baglanyşykly täsin waka bir beýan edilýär:

Ebu Hureýräniň (r.a) gürrüň bermegine görä, bir gün Resulalla (s.a.w) bazara gelende, bir azyk üýşmeginiň ýanyna bardy. Mübärek elini bu üýşmege sokup, ony düýbüne çenli barlady. Şonda eline öl degdi. Satyjydan munuň sebäbini soranda, ol harydyň üstünden ýagyş geçendigini üçin şeýle bolandygyny aýtdy. Bu, elbetde, kanagatlandyryjy jogap däldi. Şonda söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) ortasy ýa-da düýbi çyg çeken harydy ýelejiredip, guradanyňdan soňra satuwa çykarmagyň has dogrudygyny, öl harydy gizläp satmagyň bolsa ýalňyşdygyny bildirmek üçin şeýle diýdi:

─ Onda näme üçin adamlar görüp biler ýaly, harydyň çyg çeken ýerini üstüne çykaryp goýmadyň?! Aldadan kimse menden däldir![1]

Resuly-Ekremiň (s.a.w) döwründäki söwda ykdysadyýetiniň esasyny düzýän kadalaryna aň ýetirmek hem-de Onuň (s.a.w) yslamyň söwda medeniýetini emele getirmekdäki goýan ölçeglerine düşünmek üçin söwda-satyk bilen baglanyşykly nesihatlaryny bilelikde okalyň:

─ Bir musulmanyň eden söwdasynyň üstüne söwdalaşmak dogry däldir. Eger iki tarap razylaşan bolsa, ony bozulmagyna sebäp boljak hereketi etmeli däldir.[2]

─ Bazary gyzdyryp, bahany galdyrmakdan, gymmatçylygy emele getirmekden gaça durulmalydyr.[3]

─ Öndürijiniň harydy entek bazara girmänkä, ony arzan bahadan alyp, üstüni ýapmaly däldir.[4]

─ Söwda-satyg dogruçyllyk bilen ýöredilmelidir. Ýalandan gaça durulmalydyr, sözüňden dänmeli däldir. Ynanylan amanata hiç haçan hyýanat edilmez.[5]

─ Iň bereketli gazanç kişiniň daban azaby bilen gazanan rysgydyr. Zähmet çekmek, öndürmek esas alynmalydyr. Ýaltalykdan, mugthorlukdan gaça durulmalydyr.[6]

─ Aluw-satuwyň esasy (oňurgasy) birek-birege bolan ynamdyr. Satylan haryt bilen baglanyşykly hakykat gizlenmeli däldir, bolşundan tapawutly görkezilmeli däldir. Söwdada dürslügiň bereket, gözboýagçylygyň bolsa bereketsizlik getirýändigi  bilinmelidir.[7]  

─ Barly täjir takwa bolmalydyr. Alladan bolmalysy ýaly gorkmalydyr, yslam dinini ýaşaýşyna ornaşdyrmalydyr. Din, jemgyýet, maliýe bilen baglanyşykly çykdajylaryny berjaý etmelidir. Zekatyny bermelidir, garyp-gasara hemaýat etmelidir, haýyr-sahawatyny egsik etmeli däldir.[8]

─ Karz keýpi-sapa etmek, sowrup ýaşamak üçin däl-de, bir zerurlygyňy aradan aýyrmak üçin alynmalydyr. Karzda ony wagtynda yzyna gaýtarmaklyk esas alynmalydyr. Kyn ýagdaýa düşen ýagşy niýetli bergidara bergisini tölemek üçin möhlet bermegiň uly sogabynyň bardygy hemişe ýatlap gezmelidir.[9]

─ Ýalan ýere ant içmek bilen harydynyň bahasyny artdyraryn öýdýän kişi tersine, söwdasynyň bereketini giderýändigini unutmasyn![10]

─ Telekeçilikde, söwda-satygda, sarp etmekde, öndürmekde halallykdan aýrylmaly däldir. Rysgyňy gazanmakda-da dogruçyllykdan uzaklaşmaly däldir.[11]

─ Ýanynda işgär saklaýan kişi (iş beriji) işgäriniň zähmet hakyny dessine tölemelidir (hadysda bu «maňlaý deri guramanka» diýlip beýan edilýär).[12]

─ Söwdada dürli hileler bilen adamlary aldan täjirler kyýamat gününde gabyrlaryndan günäkär bolup turarlar. Ýagşy gylykly, dogruçyl söwdagärler bolsa bagtyýar, begençli ýagdaýda bolarlar.[13]

─ Dogruçyl, ynamdar täjirler kyýamat gününde pygamberler, syddyklar, şehitler bilen bile bolarlar.[14]

─ Tereziden iýmeklik, kem ölçemeklik milletiň heläkçilige uçramagyna sebäp bolar. Ýagny ölçelende ýa-da terezide çekilende galplyk etmek söwdada birek-birege bolan ynamy ýok eder. Bu bolsa jemgyýetiň umumy ahlagynyň bozulmagyna alyp barar.[15]

─ Bir harydy arzan wagty alyp, bilkastlaýyn bazara salman saklap, diňe gymmatlandan soňra satuwa çykarmak ýa-da halka zerur bolan harytlary bazardan ýygnamak gadagandyr. Bu işi eden kişiler näletlenendirler.[16]

Islendik pudak bolsun, tapawudy ýok, önümçiligiň çäginde edilen iş birkemsiz, talabalaýyk bolmalydyr. Önümçilik ugrugyp, üstünlik gazanylýança tutanýerlilik, yhlas bilen zähmet çekmelidir. Bu babatda jogapkärçilikden gaçmaly däldir. Ýagny işleýän ugruňda belli bir ösüşe ýetilýänçä, bar ünsüňi berip işlemegi maksat edinmelidir. Wagtym dolsa bolýar diýip, işiňde wagtyňy boş geçirmek dogry däldir. Ykdysadyýetiň bir pudagynda işe duran kişi edil öz işine dogry, dürs, yhlasly ýapyşyşy deýin, başga biriniň elinde işlände-de şonuň ýaly çemeleşmelidir.

Nähili ýagdaý bolanda-da, musulman zähmet çekmekden gaýra durmaly däldir. Bu jähetden hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) şu hadysy-şerifi örän manylydyr:

─ Siziň biriňiziň arkasy bilen odun daşap (daban azaby bilen güzeranyny aýlamagy) başga birine el sermeginden (el seren kişisi bersin-bermesin) has haýyrlydyr.[17]

Hezreti Muhammediň (s.a.w) zähmet çekmek, iş ýörediji, iş beriji, işgär, satyjy (täjir), satyn alyjy (sarp ediji), galyberse-de, miwe, galla we däne öndüriji, söwda dolanyşygy, ölçemek, çekmek ýaly ençeme ugurlar bilen baglanyşykly ençeme hadysy-şerifi bardyr. Ýokarda aýdylan hadyslar olardan käbir mysallardyr.

Şu ýere çenli beýan edilenleri okanymyzda, şuňa göz ýetirýäris: Resuly-Ekrem (s.a.w) söwda dolanyşygyny iň oňat görnüşde tertip-düzgüne salypdyr. Aluw-satuwda, önümçilikde, sarp edijilikde aldatmagyň we aldanmagyň öňüni alypdyr. Ýagny Ol (s.a.w) söwda medeniýetiniň binýadyny dogruçyllykdan, birek-birege bolan ynamdan, halallykdan tutupdyr. Hezreti Muhammet (s.a.w) bu zatlary diňe sözde aýdyp oňmandyr. Eýsem, hut Özi (s.a.w) wagtal-wagtal musulman täjirleriň dükanlaryna aýlanyp, bazarda söwdanyň talabalaýyk alnyp barlyşyna gözegçilik edipdir. Üns berilmeli inçe meselelerde täjirlere «Şeýle çekiň, şunuň ýaly ölçäň!» diýip, tejribede görkezipdir.

Biz musulmanlar hem söýgüli Pygamberimiziň (s.a.w) söwda dolanyşygy bilen baglanyşykly buýruklaryna tabyn bolup, görkezen göreldesine eýermelidiris. Biz bu pudakda ynamdar, dogruçyl, dürs bolmaly. Hem aldanmaly däl, hem-de hiç kimi aldatmaly däl. Halalyndan gazanmaly, gazananymyzy dinimiziň rugsat beren çäginde sarp etmeli, alan girdejimiz bilen dini we milli borçlarymyzy berjaý etmeli. Halkymyzyň pukaralary, garyplary bilen ýakyndan gyzyklanmaly, olara elimizden gelen kömegimizi etmäge çalyşmaly, jemgyýetimize haýyrly netije berjek hyzmatlara goldaw bermeli. Gelejege umytly nazarymyzy dikip, bütin gaýratymyz bilen zähmet çekmeli. Gazanan rysgymyza kanagat etmeli, Allatagalanyň berenine razy bolmaly, Oňa şükür etmeli.


[1] Muslim, «Iman», 102.

[2] Muslim, «Büýü», 9,11.

[3] Muslim, «Büýü», 11.

[4] Buhary, «Büýü», 71; Muslim, «Büýü», 7.

[5] Buhary, «Iman», 24; Muslim, «Iman», 106.

[6] Buhary, «Büýü», 15.

[7] Buhary, «Büýü», 19; Muslim, «Büýü», 51.

[8] Muslim, «Zühd», 11

[9] Buhary, «Zekat» 18; «Büýü» 18; Tirmizi, «Büýü», 65.

[10] Ahmed bin Hanbel, «Müsned», II, 235.

[11] Ibn Maje, «Tijarat», 2.

[12] Ibn Maje, «Ruhun», 4.

[13] Tirmizi, «Büýü», 4.

[14] Tirmizi, «Büýü», 4; Ibn Maje, «Tijarat», 1.

[15] Tirmizi, «Büýü», 9; degişli aýat üçin ser.«Mutaffifin» süresi, 1-3.

[16] Ibn Maje, «Tijarat», 6.

[17] Mansur Ali Nasyf, «Et-Tajül-Jamiü Lil-Usul Fi Ahadisir-Rasul, (çev. Bekir Sadak), III, 333 (Buhary – Müslim – Tirmizi).