Günlerde bir gün adamlar meşhur sahaba, wahyý kätibi Zeýd bin Sabit (r.a) hezretlerinden Resuly-Ekrem (s.a.w) hakynda gürrüň bermegi haýyş etdiler. Hezreti Zeýd (r.a) söýgüli Pygamberimizi (s.a.w) tanamak isleýän adamlara şeýle maglumat berdi:
─ Eger Ony (s.a.w) hemmetaraplaýyn tanamak isleýän bolsaňyz, Ol (s.a.w) kenarsyz umman ýalydyr. Onuň uç-gyraksyz ummana meňzeýän gündelik ýaşaýşyny, gözel ahlagyny bitewilikde beýan etmek aňsat däldir. Emma men Resulallanyň (s.a.w) käbir aýratynlyklary hakynda oňat bilýärin. Iň bolmanda şondan söz açaýyn:
Men hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) goňşusydym. Haçanda Ol (s.a.w) wahyý gelen wagty adam iberip, meni çagyrardy. Menem Onuň (s.a.w) huzuryna baryp, täze inen wahyýy ýazardym. Biz Resulallanyň (s.a.w) huzurynda wagtymyz, käwagt dünýewi işleriň hem gürrüňini ederdik. Şonda Ol (s.a.w) hem söhbetimize goşulyp, biziň bilen dünýäniň işlerinden söz açardy. Bu Onuň (s.a.w) gözel ahlagyndan nyşandy. Biz ahyret bilen baglanyşykly meselelerden gürrüň etsek, Ol (s.a.w) hem biziň bilen oturyp, ahyretden söz urardy. Eger biziň gürrüňimiz aýlanyp-dolanyp, naharyň üstünden düşse, Ol (s.a.w) hem tagam, nahar hakyndaky gürrüňimize goşulardy, birnäçe iýmitleriň ýaramlylygy, peýdasy hakynda maglumat bererdi…[1]
Hezreti Amr bin As (r.a) şeýle gürrüň berýär: «Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) halkyň arasyndaky betlagam, rehimsiz, gazabyndan çekinilýän kişileriň hem kalplarynyň ýumşap, yslama meýil etmeklerini gazanmak üçin olar bilen açyk göwünli, güler ýüzli gatnaşardy. Şol kişileriň göwnüni almak üçin olara sowgat-serpaý ibererdi. Pygamberimiz (s.a.w) meniň bilenem mylakatlydy. Hatda men özümi Resulallanyň (s.a.w) iň gowy görýän kişisidirin öýdüp, bir gün Ondan (s.a.w): «Ebu Bekir, Omar, Osman haýyrlymy ýa-da men?» diýip soraýypdyryn. Ol «Ebu Bekir, Omar, Osman» diýip jogap berdi. Men bu sowalymy üç gezek gaýtaladym, üçüsine-de şol bir jogabyny berdi. Şonda men bu sowaly berenime ökünip, aňyrsyna çykyp bilmedim. Çünki pikirimde ýalňyşypdym. Sebäbi Resulalla (s.a.w) meniň göwnümi almak, Özüne ýakynlaşdyrmak üçin güler ýüz berýän eken».[2]
Bu mysalda görşümiz ýaly, Resuly-Ekremiň (s.a.w) ýanynda sahabalaryň her biriniň belli bir mertebesi, derejesi bardy. Muňa garamazdan, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) gündelik durmuşyndaky gatnaşyklarda adamlaryň arasynda parh goýmazdy. Hemmeler bilen mylakatlydy, güler ýüzlüdi, açyk göwünlidi. Bu gözel ahlagy bilenem adamlaryň kalbynda tagt gurupdy.
Hezreti Aýşe (r.a) enemiz gürrüň berýär: «Bir gün biri gelip, Resulallanyň (s.a.w) huzuryna girmek üçin rugsat sorady. Allanyň Resuly (s.a.w) içerde otyrdy. Ol (s.a.w) ýaňky adamyň sesini eşidende, «Bu kişi tiresiniň arasynda iň betnam, erbet adamdyr» diýdi. Soňra ony huzuryna çagyrdy. Gelen kişä güler ýüz berip, onuň bilen mylakatly gepleşdi, hal-ahwal soraşdy. Ýaňky kişi gidenden soňra men «Eý, Allanyň Resuly! Ol adam içeri girmänkä, onuň erbetdigini aýtdyňyz, huzuryňyza girende bolsa oňa ýakynlyk görkezip, süýji dilde gepleşdiňiz. Munuň hikmeti näme?» diýip soradym. Resulalla (s.a.w) maňa şeýle jogap berdi: «Eý, Aýşe! Halkyň arasynda şeýle bir erbet, zalym kişiler bar, adamlar şolar ýalylaryň şerinden goranmak üçin töweregine ýakynlaşmazlar. Bardy-geldi ýüzbe-ýüz bolaýsalar hem, olara güler ýüz bererler, ýagşy söz aýdarlar. Mundan maksat, olaryň hapa sözleri aýtmaklarynyň, zulum etmekleriniň öňüni almakdyr. Men hem ýaňky kişiniň erbet sözleri aýtmagyna pursat bermän, süýji dil bilen ugruny tapyp, onuň göwnüni aldym».[3]
Bir musulman hezreti Aýşeden (r.a) hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) ahlagy barada soranda, ol «Onuň (s.a.w) ahlagy Kurandy» diýip jogap beripdi. Ýene bir gün şol sowal bilen ýüzlenen başga bir kişä «Müminun» süresini okap bilýärmiň? Şol süräniň onunjy aýatyna çenli oka! Ine, Allanyň Resulynyň (s.a.w) ahlagy şeýledi» diýipdi.[4]
Bu aýatlarda Pygamber Serwerimize (s.a.w) eýerip, sözüň doly manysynda (jähennemden) halas bolan hakyky müminleriň ahlak sypatlary sanalyp geçilýär. Muňa görä, olar namazlaryny huşu (Alladan gorkmakdan, Ony söýmekden döreýän edep) bilen okarlar, boş, manysyz zatlardan ýüz öwrerler, zekatlaryny bererler, namyslaryny gorarlar, Allanyň goýan kadan-kanunlarynyň çäginden çykmazlar, amanaty gözleriniň göreji ýaly gorap saklarlar, beren sözlerinde durarlar, namazlaryny dowamly okarlar…
Bir gün bir garyp aýal iki gyzjagazy bilen hezreti Aýşäniň (r.a) ýanyna oturmaga gelipdi. Şol wagt mübärek enemiziň (r.a) öýünde olara hödür-kerem etmäge ýekeje hurma bardy. Hezreti Aýşe (r.a) hurmany getirip, ýaňky aýala hödür etdi. Ol hem hurmany ikä bölüp, çagalaryna iýdirdi. Hezreti Aýşe (r.a) bu wakany Resulalla (s.a.w) aýdyp berende, Ol (s.a.w) şeýle diýdi: «Çagalary ýürekden söýmek, olary goramak jähennemden halas bolmakdyr!»[5]
[1] Ibn Sad, «Tabakatül-Kübra», I, 365; Haje Mehmed Raif Efendi, «Muhtasar Şemaili-şerif Terjemesi», s. 238.
[2] Haje Mehmed Raif Efendi, «Muhtasar Şemaili-şerif Terjemesi», s. 239.
[3] Haje Mehmed Raif Efendi, «Muhtasar Şemaili-şerif Terjemesi», s. 242.
[4] Ibn Sad, «Tabakatül-Kübra», I, 364.
[5] Şibli, «Asry-saadet», II, 124.