Älemleriň Serweri söýgüli Pygamberimiziň (s.a.w) mübärek agtyklary kakalary hezreti Alynyň (r.a) beren gürrüňleri esasynda Resuly-Ekremiň (s.a.w) ýigrimi dört sagatlyk wagtyny, ýagny bir gije-gündizini nähili geçirendigi hakynda şu maglumatlary ýetiripdirler:
─ ….Resulalla (s.a.w) gününi üçe bölerdi. Onuň bir bölegini Kuran okamak, namaz okamak ýaly ybadatlary bilen geçirerdi. Wagtynyň ýene bir böleginde maşgala agzalary bilen gyzyklanardy, hojalygyndaky özüniň etmeli gündelik hysyrdylary bilen meşgul bolardy. Wagtynyň galan böleginde bolsa dynç alardy. Ýöne dynç alýan wagtyny-da ikä bölerdi. Onuň bir böleginde sylagly, uly hormat goýulýan sahabalary huzuryna çagyryp, olara zerur maglumatlary öwrederdi. Olar hem öz gezeginde öwrenen zatlaryny bütin sahabalara ýetirerdiler. Resuly-Ekrem (s.a.w) sahabalarynyň Özüne bolan ýakynlyk ölçeginde olaryň mal-mülk, baýlyk, garyndaşlyk, doganlyk jähetini däl-de, takwalygyny esas alardy. Hut şu sebäpden ötri Alla gulluk etmegi ömrüniň manysy hasap edýän, tagat-ybadatyny yhlas bilen berjaý edýän, dogruçyl, ynamdar, içi-daşy bir bolan kişileri özüne has ýakyn görerdi.
Hezreti Pygamberimize (s.a.w) dileg salyp gelýän kişileriň käbiri bir zat sorasa, başga biri iki zat soraýardy, üç sany zat soraýanlary-da bolýardy. Resulalla (s.a.w) olaryň sözüniň arasyny bölmän, soňuna çenli sabyrlylyk bilen diňlärdi, mylakatlylyk bilen göwünlerini alardy, gurbunyň çatdygyndan olaryň möhümlerini bitirmäge çalşardy. Resuly-Ekrem (s.a.w) özüne dünýä ýa-da ahyret bilen baglanyşykly sowal berilse, sowal bereniň aň derejesini göz öňüne tutup jogap bererdi. Onuň üçin bähbitli boljak taraplaryny-da aýdyp, sowal beren kişini haýra, gowulyga ugrukdyrardy. Huzurynda ylym, maglumat öwrenýänlere «Menden öwrenenleriňizi bu ýerde bolmadyk kişilere öwrediň! Aýal-erkek, gul-gyrnak, kim bolsa bolsun, dürli sebäplerden ötri meniň ýanyma gelip bilmeýän kişileriň arzy-hallaryny maňa ýetiriň! Hiç şübhesiz, Allatagala arz-şikaýatyny döwlet baştutanyna (degişli döwlet edaralaryna) ýetirmäge güýji ýetmeýän kişilere ýardam eden adamyň aýagyny kyýamat gününde syrat köprüsinden taýdyrmaz» diýip, häli-şindi tabşyryp durýardy.
Resuly-Ekrem (s.a.w) huzurynda hebes, bihuda, peýdasyz gürrüň edilmegine rugsat bermezdi. Ol (s.a.w) halkyň arasyna çykanda-da, kiçigöwünliligi, sypaýyçylygy elden bermezdi. Köçede, bazarda, nirede bolsa bolsun, gabat gelen her bir kişisi bilen güler ýüzli, mylakatly gepleşerdi. Söhbetinde, metjitde, jemagatda, juma namazynda görmedik sahabasyny dessine sorap-idärdi, nirededigini, eýgilikmi-däldigini öwrenerdi. Görşen sahabalaryna bolsa dini jogapkärçiliklerini, tutanýerliliklerini güýçlendirjek, haýyrly amallary, ýagşylyklary etmäge höweslendirjek, ýamanlykdan uzaklaşdyrjak zatlary aýdyp, nesihat ederdi.
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) özara gürrüň edip oturan jemagatyň arasyna gelende, adamlary azara goýup, töre geçjek bolup durmazdy. Nirede boş ýer tapsa, şol ýerde otyrardy. Töweregindäkilere-de şonuň ýaly söhbetdir mejlislere barlanda, oturanlary birahat etmeli däldigini, ýer tapan ýeriňde oturmalydygyny aýdardy. Söhbetinde, mejlisinde oturanlaryň her birini ýagşy häsiýetleri bilen taryp edip, göwünlerini alardy. Şonda her kim özüni Onuň (s.a.w) iň gowy görýän kişisidirin öýderdi. Ol (s.a.w) huzuryna gelip, wagty bilen gitmän uzak oturýan kişini-de sabyrlylyk bilen diňlärdi, onuň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga çalşardy. Özüne bir zat berilmegini haýyş edip ýüz tutulsa, mümkinçiliginiň boldugyndan geleni boş goýbermejek bolardy, eger dilenýän zat öýünde ýok bolsa, zat sorap gelen kişä mylakatlylyk bilen düşündirip, bolan wagty berjekdigine wada ederdi.
Resulallanyň (s.a.w) rehimdarlygy, merhemetliligi, jomartlygy, kiçigöwünliligi hemmä mälimdi. Islendik adam hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) özi bilen şahsy gyzyklanjakdygyndan arkaýyndy. Allanyň Resuly (s.a.w) halka bir zat paýlanda, möhüm sebäp bolaýmasa, bir kişini başga birinden ileri tutmazdy, adam alalamazdy. Onuň (s.a.w) mejlisinde ylym, edep-haýa, sabyr-kanagat, amanatdarlyk gaýnap-joşýardy. Adamlar bu ýerde edep bilen oturyp-turardylar, üns bilen diňlärdiler, biri-birilerine hormat goýardylar. Biedeplik edip, gaty ses bilen gepleşmezdiler. Şol ýerde gürrüňi edilip, şol ýerde galmaly möhüm meseleler hiç hili daşary syzdyrylmazdy, hiç haçan biriniň gybaty edilmezdi. Pygamber mejlisinde haýsydyr bir kişini birahat etjek söz aýdylmazdy, kimsä töhmet atylmazdy. Adamçylyk, her hili ýagdaý bolýar, bardy-geldi huzurda oturanlaryň arasynda biri bir kemçilik göýberäýse ýa-da biygtyýar bir hata ýüze çyksa, bu kemçilikler şol ýerde galardy, hiç hili ýaýylmazdy. Onuň (s.a.w) mejlisindäki kişileriň pikirleri birdi, sözleri birdi. Ýagny köňül beren iman hakykatlarynyň töwereginde el-ele beren, edýän söhbetlerinde biri-birilerini tassyk edýän, bölünmeýän bitewilige öwrülen kişilerdi. Onuň (s.a.w) jemagatynyň hamyrmaýasy pespällige, kiçigöwünlilige ýugrullandy. Bu sebäpden ýaşululara hormat goýulýardy, ýaşkiçiler söýülýärdi. Dürli meseleler gozgalanda, kimiň näme zerurlygy, mätäç zady bar bolsa, ilki bilen bütin jemagat bolup, şolaryň möhümi bitirilmäge çalşylardy. Ýagny bu meselede mätäçler mätäç dällerden ileri tutulardy.[1]
Jemläp aýtsak, hezreti Muhammet (s.a.w) ýigrimi dört sagadyň içinde Allatagala ybadat ederdi, maşgalasy bilen gyzyklanardy, hojalyk işlerini ederdi, dini, dünýewi işlerini ýola goýardy, köpçüligiň hyzmatynda bolardy, dynç alardy. Şeýle hem, her bir kişiniň hak-hukugyna aýratyn üns bererdi, raýatlaryny Gün kibi çoýardy, halkyň hal-ýagdaýy bilen gyzyklanmagy hemme zatdan ileri tutardy.
Her bir musulman wagt diýlen zadyň nähili gymmatlydygyna, çaklidigine, soňunyň bardygyna aň etmeli. Ömrüniň näredeje elýetmez hazynadygyna düşünmeli. Her gününi, her gijesini, her sagadyny dini we dünýewi borçlaryny yhlas bilen berjaý edip geçirmelidir.
[1] Haje Mehmed Raif Efendi, «Muhtasar Şemaili-şerif Terjemesi», s. 230-234.