28) Hezreti Pygamberimizde (s.a.w) adaby-muaşeret

Bu bölümde beýan edilen maglumatlar kitabyň umumy mazmuny hökmündedir. Şol sebäpli, kitapda okan zatlarymyzyň özboluşly gysga beýany bolan bu bölümde hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) şemaili-şerifine başdan-aýak göz gezdireliň.

Adaby-muaşeret näme diýmek?

Edebiň sözlük manysy «ýagşy terbiýe, sypaýyçylyk, mylakatlylyk, agraslyk, jemgyýetiň kada-kanunlaryna laýyk hereket etmek» diýmekdir. «Adab» edebiň köplük sanydyr, ýagny «edepler» diýmekdir. «Muaşeret» sözüniň manysy «bir ýerde bile ýaşaýan kişileriň agzybirlikde oňşup ýaşamagy, biri-birileri bilen özara gatnaşykda bolmagy» diýmekdir. Muňa görä, adaby-muaşeret «Jemgyýet bolup, birlikde ýaşaýan adamlaryň özara oňat gatnaşykda bolmaklaryny üpjün edýän maglumat» diýen manyny aňladýar. Muňa halk arasynda «ahlak kadalary» diýilýär. Könelerimiz bu meselä «hüsnü-muaşeret», ýagny «hoşniýetli gatnaşyklar» hem diýipdirler.

«Adaby-muaşeret» adalgasy giňişleýin ele alnanda, oňa adamyň durmuşynyň ähli taraplary dahyllydyr. Dogum, bäbege at goýmak, çaga terbiýesi, ýetim çagalara ýardam etmek, iýmek-içmek (supra edebi), bilim, terbiýe, ylym, iş ahlagy, zähmet çekmek, tygşytlylygyň we sarp etmegiň kadalary, baýramçylyklar, öýüň serenjamy, maşgala agzalarynyň arasyndaky gatnaşyklar, bedeniň, lybasyň we köçeleriň tämizligi, jomartlyk, pespällik, dostluk, ene-ata we ýaşulular bilen gatnaşmagyň edebi, zenanlara hormat goýmak ýaly….. durmuşyň içinden eriş-argaç bolup geçýän islendik mowzuk muňa girip biler.

Diýmek, «adaby-muaşeretiň», ýagny ahlak kadalarynyň berjaý edilýän ýeri adamzat durmuşydyr, jemgyýetdir. Çünki adamlar birlikde jemgyýet bolup ýaşamaga mejburdyrlar. Hiç kim «Men tä ölinçäm ýaşaýşym üçin zerur bolan zatlary özüm taparyn, men hiç kime mätäç bolmaryn, hiç kim hem maňa mätäç bolmaz» diýip bilmez. Sebäbi bir adamyň iýýän çöreginde, içýän çaýynda, geýýän lybasynda, münýän awtoulagynda ýüz müňlerçe, belki-de millionlarça adamyň daban azaby bardyr. Munuň üçin yslam dininiň ynsana bolan garaýşyny öwrenmek has-da ýerlikli bolsa gerek.

Yslam dininiň ynsana garaýşy

Yslam dini ynsana belent mertebeli, örän sylagly, hormat goýulmaga mynasyp barlyk hökmünde garaýar. Allatagala Kurany-Kerimde şeýle diýýär: «Takyk, Biz ynsany iň ajaýyp görnüşde (hoşsurat, akylly-başly, kämil bir barlyk edip) ýaratdyk» («Tin» süresi, 95/4); «Kasam bolsun! Biz adam ogluny (neslini) belent mertebeli eýledik, olary ýerde we deňizde (ulaglar arkaly) gezip biler ýaly etdik. Olara päk (tämiz) zatlardan rysgal berdik. Olaryň derejesini ýaradan barlyklarymyzyň köpüsinden üstün eýledik» («Isra» süresi, 17/70).

Bu aýatlaryň manylaryndan hem görşümiz ýaly, ynsan isle şekil we beden gurluşy taýyndan, isle ruhy taýyndan iň kämil, ajaýyp görnüşde ýaradylypdyr hem-de bütin barlyklaryň depesine täç edilipdir. Bu şeýle bir belent mertebe welin, Allatagala ähli zady onuň tabynlygyna, hyzmatyna beripdir. Munuň bilen baglanyşykly bir aýatyň mealynda şeýle diýilýär: «Ol (Alla) asmanlardaky we ýerdäki ähli zatlary (Özüniň fazly-keremi bilen) siziň hyzmatyňyza berdi» («Jasyýe», 45/13).

Hakykatdan-da, Gün bize ýagtylyk, ýylylyk berýär, ýyldyzlar gijelerine ýol görkezýär, atmosfera dem alşymyzy üpjün edýär, ýagyş ýagyp, Ýer ýüzüne rahmet bolup inýär, ýeri bereketlendirýär, goýun biziň üçin süýt berýär, ary bize bal ýygnaýar, millionlarça ýylyň dowamynda ýeriň astynda emele gelen kömür, nebit, gaz ýaly ýersaty baýlyklar ynsanyň peýdalanmagy üçin çykarylýar, gaýtadan işlenilýär.

Adamoglunyň hyzmatyna berlen zatlar diňe maddy baýlyklar, nygmatlar bilen çäklenmeýär. Eýsem, ynsan akyly, aň-düşünjesi, gepläp bilmegi, ylmy, zähmet çekip, ösüş gazanmagy bilen, ýagny ruhy taýdan-da beýleki barlyklardan belentdir. Allatagala oňa ruhy belentliklere ýetip bilmek başarnygny beripdir. Şeýle hem adama aň-düşünje jähetinden iň ajaýyp «reňki» yhsan edipdir. Beýik Biribar muny mukaddes Kitabymyzda şeýle beýan edýär:

─ Biz Allanyň (bize beren) reňkine (dinine) boýandyk. Kim Alladan has gowy reňk berip biler?! («Bakara» süresi, 2/138).

Yslam ulamalaryna görä, bu aýatda geçýän reňkiň manysy, «ýaradylan wagty ynsana berlen tebigylyk, hak dine ýöneliş we ynsanyň ruhuna berlen ýagşy meýil, niýet arkaly yslam we iman tämizligidir».[1]

Ine, ynsan Alla tarapyn özüne dogluşdan berlen ýagşylyk etmäge bolan meýillerini, niýetlerini kämilleşdirmäge, munuň üsti bilen Beýik Ýaradanynyň, özüniň, maşgalasynyň hem-de beýleki ynsanlaryň öňündäki öňündäki borçlaryny berjaý etmäge mejburdyr. Eger muny ýerine ýetirse, ynsan hökmünde beýleki barlyklardan tapawutlandyrylyp berlen ýasawyndaky artykmaç taraplaryny kämilleşdirmek arkaly saýlantgy, sylagly, belent mertebeli barlykdygyny subut edip biler. Ýogsam, bu aýratynlyklarynyň kem-kemden ýitip, ahyrynda-da ýok bolup gitmegine sebäp bolar. Yslam dini bolsa güýçli imana, hakykaty yzlaýan ylma, gözel ahlaga eýe bolan, peýdaly, haýyrly amallar işleýän ynsanyň belent mertebeli bolmak aýratynlygyny gorap biljekdigini görkezýär. Yslam dini adamlary gan dökmekden, ar-namys depelemekden, nesli bozulmakdan, ruhy basyşdan, hak-hukuk kemsitmekden saklaýar hem-de ynsanyň tebigatynda goýlan gowulyga bolan meýillerini dogry tarapa ugrukdyrmagyna we kämilleşdirmegine ýol açýar. Hut şu mynasybetli yslam dini janyň, malyň, nesliň, akylyň we diniň eldegirilmezligini yglan edýär we gözüň göreji deý goramaly esaslar hökmünde kabul edýär. Könelerimiz muňa «Zaruraty-hamsa (Goralmagy hökmany bolan bäş esas)» diýipdirler we bu bäş esasy ýaşaýşyň özenini düzýän şertleriň biri diýip hasap edipdirler.

Yslam dinine görä, adamlar Allanyň öňünde daragyň dişleri ýaly deňdirler. Ruhy, magnewi üstünlik diňe takwalyk bilendir. Galyberse-de, ynsanlar tiresi, ýa bolmasa ata-babalary bilen öwnüp, özüni başga birinden beýik tutmak, pitne, agzalalyk çykarmak üçin däl-de, biri-birileri bilen ýakyn gatnaşyk saklamak, bitewileşmek üçin ýaradylypdyr. Kurany-Kerim bu babatda şeýle diýýär:

─ Eý, ynsanlar! Biz sizi bir erkekden we bir aýaldan ýaratdyk. Biri-birleriňizi tanamagyňyz üçin sizi milletlere we tire-taýpalara böldük. Siziň Allanyň ýanynda iň hormatlyňyz has takwa bolanyňyzdyr. Hiç şübhesiz, Alla (ähli zady) bilýändir, (ähli zatdan) habardardyr («Hujurat» süresi, 49/13)!

Ynsan edýän ýagşy amallary, nusgalyk hal-hereketi we gözel ahlagy bilen belent derejä göterilip biler. «Her kim eden işine görä (dürli) derejeleri gazanar» («Engam» süresi, 6/132) diýen aýat hem eden ýagşylygyna görä, her kimiň derejeleriniň tapawutlydygyny bize habar berýär.

Yslam dini adamy jemgyýetiň içinde bolmak bilen ähmiýet gazanan, edýän işleri bilen ýaşaýan jemgyýetine peýda getirýän, özi hem jemgyýetden peýdalanýan barlyk hökmünde tanaýar. Dil, millet, nebere, reňk, baýlyk, garyplyk  ýaly zatlara ynsany beýgeldýän aýratynlyklar hökmünde garamaýar. Bu barada hezreti Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýýär: «Ynsanlar Adamyň ogullarydyr. Adamy-da Alla toprakdan ýaradypdyr»[2]; «Eý, ynsanlar! Şuny unutmaň: Rebbiňiz birdir, ataňyz birdir! Arabyň başga milletden, başga milletiň hem arapdan, akýagyzyň garaýagyzdan, garaýagyzyň hem akýagyzdan Alla gorkusyndan (takwalyk) başga hiç bir artykmaçlygy ýokdur!»[3]

Yslam dininiň ýaýylmaga başlan ýyllarynda bütin Ýer ýüzi adalatsyzlyklar, zulumlar, dawa-jenjeller, her dürli jenaýatlar bilen dolup-daşýardy. Jemgyýetde igleriň, gullaryň, akýagyzlaryň, garaýagyzlaryň, erkinleriň, ýesirleriň, baýlaryň, garyplaryň, erkekleriň, zenanlaryň biri-birinden üzňeligi örän ýiti duýulýardy. Yslamyýet şunuň ýaly deňsizligi ynsanyň aňyny we kalbyny baglaýan zynjyr hökmünde gördi we ynsanyň artykmaç taraplaryny, ukyplaryny ýüze çykarmaga, ruhy taýdan kämilleşmäge, ýagşylyk, gowulyk etmäge bolan meýilleriniň ösmegine päsgel berýän bu zynjyrlary gyryp taşlady. Onuň ýerine dogruçyllyk, işeňňirlik, haýyrsöýerlik, dini jogapkärçilik ýaly ölçegleri goýdy. Ýagny Allanyň ýanynda işeňňir ýaltadan, gowy erbetden, jomart husytdan, edepli edepsizden, Alladan gorkýan gorkmaýandan, Allany ýürekden söýýän söýmeýänden, durmuşda dininiň talabyna görä ýaşaýan ýaşamaýandan, ylymly ylymsyzdan üstündi. Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) sözi bilen aýtsak, «Allatagala adamlaryň daş keşplerine ýa-da mal-mülklerine görä däl-de, kalplaryna we hal-hereketlerine ähmiýet berýärdi».[4] Muňa görä, adamlary baý-garyp, akýagyz-garaýagyz, ig-gul diýip alalamagyň manysy ýokdy. Bu zatlar ynsanyň mertebesiniň beýikligini ýa-da pesligini aňlatmaýardy. Bu mesele bilen baglanyşykly mysallara ser salanymyzda, sagaadat asyrynda yslamyýetiň adamzadyň deňsizligine bolan garaýşynyň nazaryýetden çykyp, sözüň doly manysynda durmuşa ornaşdyrylandygyna göz ýetirýäris:

Bir gezek Ebu Zerr Gyfary hezretleri (r.a) bir säwlik bilen gaflata düşüp, (düşünişmezlik ähtimallygy zerarly) hezreti Bilal Habeşi hezretlerine (r.a) «Gara aýalyň ogly» diýipdi. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) onuň bu sözüni eşidip, «Eý, Ebu Zerr! Sen ony enesiniň garaýagyzlygy üçin kemsidýäňmi?! Diýmek, sen henizem jahylyýýe döwrüniň ahlagyndan päklenip bilmedik kişi ekeniň» diýip käýindi. Hezreti Ebu Zerr (r.a) aýdan sözüne şeýle bir puşman boldy, ýaňagyny ýere goýdy-da, «Bilal gelip, aýagy bilen ýaňagyma basmasa, ýüzümi ýerden galdyrmaryn» diýdi. Hezreti Bilal (r.a) onuň hatasyny bagyşlandygyny, beýtmegiň geregi ýokdugyny hernäçe aýtsa-da, hezreti Ebu Zerriň (r.a) sözi üçin onuň ýaňagyna basmaga mejbur boldy.[5]

Hezreti Osmanyň (r.a) halyflygy döwründe bir sahaba hezreti Ebu Zerr (r.a) bilen Rebeze diýen ýerde gabatlaşýar. Bu ýer Medinä ýakyndy. Bu wakada ýokarda beýan edilendäki ýaly düşünişmezlik hem ýokdy. Şu hadysany gürrüň berýän sahaba käbir sebäplerden ötri Rebezede mekan tutup, öz ýanyna gelýän kişilere Resuly-Ekremden (s.a.w) öwrenenlerini öwretmek bilen meşgul bolup ýören hezreti Ebu Zerriň (r.a) ýanyna gelýär. Şonda onuň hem-de ýanyndaky hyzmatçysynyň şol bir matadan köýnek tikip geýendiklerini görýär. Ýaňky sahaba hezreti Ebu Zerre (r.a) ýüzlenip, «Ikisini birikdirip, birlaý eşik edinäýmeli ekeniň» diýýär. Hezreti Ebu Zerr (r.a) oňa Resulallanyň (s.a.w) bir hadysyny aýdyp berip, näme üçin şeýdenini düşündirýär:

─ …Hyzmatçylaryňyz size Alla tarapyn erkiňize amanat berlen doganlaryňyzdyr. Kimde-kim hyzmatçy saklaýan bolsa, doganyna iýýäninden iýdirsin, geýýäninden geýdirsin. Olara ýeke özleriniň hötdesinden gelip bilmejek agyr işleri buýurmaň! Eger buýursaňyz, özüňiz olara ýardam ediň![6]

Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) azat eden guly hezreti Zeýd bin Harisäni (r.a) we onuň ogly hezreti Usame bin Zeýdi (r.a) goşun baştutany edip belläpdi. Garaýagyz tenli hezreti Bilaly-Habeşini (r.a) bolsa metjidiň azançysy edipdi. Şeýle hem Medinä gelýän wekiliýetleri, myhmanlary kabul etmek, ýerleşdirmek, olara hezzet-hormat etmek ýaly döwletiň möhüm wezipelerini-de oňa ynanypdy.

Sözümiziň şu ýerinde hezreti Ümmi Eýmeni-de (r.a) ýatlap geçsek, gürrüňini edýän hakykatymyz has-da düşnükli bolsa gerek. Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) enekesi bolan bu zenan jahylyýýe döwründe gyrnak-hyzmatkär derejesindedi, soňra azat edilipdi. Resulalla (s.a.w) her görende oňa «Eje jan, eje jan!» diýip ýüzlenerdi. Gul-gyrnaklaryň, hyzmatkärleriň adam hasabynda goýulmaýan döwründe Resuly-Ekremiň (s.a.w) Ümmi Eýmene (r.a) «Eje jan!» diýip ýüzlenmegi aň-düşünjede düýpli öwrülişigiň boljakdygyny buşlaýardy. Bu täze aň-düşünjäniň esasyny «kim bolsa bolsun, ynsany ynsan ýerinde goýmak, oňa hormat etmek, ony ukyp-başarnygyna, aň-düşünjesine laýyk wezipesi, jogapkärçiligi, hak-hukugy, abraýy bilen birlikde bitewilikde görmeklik» emele getirýärdi. Bu mesele bilen baglanyşykly yslam taryhynda bolup geçen ýene-de bir mysal bereliň:

Hezreti Amr bin As (r.a) Müsürde häkim wagty, ogly Abdulla bir müsürlä el galdyrypdy. Urlan kişi Medinä gelip, hezreti Omara (r.a) arz etdi. Hezreti Omar (r.a) Abdullany kakasy bilen birlikde ýanyna çagyrdy. Olar gelenlerinden soňra müsürliniň arz-şikaýatyna seredildi. Netijede, Abdullanyň günäkärdigi ýüze çykaryldy, jezasy-da berildi. Hatda şonda ogly zerarly hezreti Amr (r.a) hem jezalandyryljakdydy. Emma ol «Bu wakadan meniň hiç hili habarym ýok» diýip, başyny gutardy. Hezreti Omar (r.a) Abdullanyň bu işi kakasynyň häkimdigine daýanyp edendigine göz ýetirenden soňra, hezreti Amr bin Asa (r.a) şu meşhur sözüni diýipdi:

─ Eý, Amr! Enelerinden erkin doglan adamlaryň azatlygyny neneň edip ellerinden alyp bilýäňiz?![7]

Bu mysallardan görlüşi ýaly, yslam dini ynsana hormat goýmagy esas edinip, tireparazlygy, milletçiligi gadagan edipdir. Hatda şol döwrüň adatlarynyň tersine, hyzmatçylar hem öý eýeleri, hojaýynlary bilen bir supradan tagam iýmäge, olaryň geýenlerinden geýinmäge başlapdyrlar. Çünki yslama görä ynsan beýleki barlyklar ýaly wediatulladyr, ýagny Allanyň amanatydyr. Amanaty bolsa gözüň göreji ýaly goramak gerek.

Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w) lagly-göwher sözleri hem-de nusgalyk hal-hereketi bilen adamoglunyň hormatyny beýan edipdir, ony iň gymmatly amanat hökmünde görmelidigini, ony goramalydygyny görkezipdir. Allatagala-da bu amanaty nähili goramalydygyny öwrenmekleri üçin musulmanlara Resuly-Ekremiň (s.a.w) ýaşaýşyndan nusga almagy buýurýar we bu hakynda şeýle diýýär: «(Eý, müminler) elbetde, siz üçin, Alladan we ahyret gününden umydygär bolanlar hem-de Allany köp yat edenler üçin Allanyň pygamberinde nusgalyk görelde bardyr» («Ahzab» süresi, 33/21)

Yslam dininiň ylahy amanat bolan ynsana garaýşy bilen baglanyşykly düýpli düşünje edinenimizden soňra hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) adaby-muaşereti (ahlak kadalary) baradaky maglumatlara geçeliň.


[1] Mehmet Yaşar Kandemir, «Örneklerle Yslam Ahlaky», s. 94 we başg.

[2] Tirmizi, «Menakyb», 73; Ebu Dawud, «Edeb», 111.

[3] Ahmed bin Hanbel, «Müsned», V, 411.

[4] Müslim, «Birr», 34.

[5] Sahyhy-Buhary Muhtasary Tejrid-i Sarih Terjemesi, I, 43.

[6] Buhary, «Iman», 22; «Itk», 15.

[7] Mehmet Yaşar Kandemir, Örneklerle Ýslam Ahlaky, s. 130-132.