Kurany-Kerimde söýgüli Pygamberimiziň (s.a.w) «Rahmeten lil-alemindigi», ýagny adamzada we bütin älemlere rahmet edilip iberilendigi nygtalýar. Bu beýan edil Kuran, Yslam ýaly, hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) ýaşaýşyň her bir parçasynda görkezen nusgalyk ahwalynyň hem külli älem derejesindedigini görkezýär. Çünki Ol (s.a.w) yslam dininiň esaslaryny, ylmyny öwredende, muny diňe nazaryýetini aýtmak bilen oňman, eýsem Kuranyň nurly beýanlarynyň üstu bilen adamzadyň haýryna bolan gözel ahlak esaslarynyň düýbüni tutupdyr. Ony özüniň şahsy durmuşynda ýaşap görkezipdir hem-de Kuran ahlagyny ilkinji gezek tejribe edip, gündelik ýaşaýyşlaryna ornaşdyran nesil (sahabalar) ýetişdiripdir. Ol (s.a.w) adamlaryň hem akylyna, hem-de kalbyna ýüzlenipdir we jemgyýetde adamzat gatnaşyklarynyň sazlaşykly, tertip-düzgünli bolmagyny üpjün edýän, ýerine ýetirmek aňsat bolan kada-kanunlary ýola goýupdyr. Başgaça aýtsak, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) Kuranyň üsti bilen külli adamzada buýrulan yslam dinini islendik kişiniň aňsatlyk bilen düşünip biljek, nusga alyp biljek görnüşde ýaşapdyr, ýaýypdyr, dinini durmuşyna ornaşdyrjak, bütin äleme ýaýyp biljek nesilleri terbiýeläp ýetişdiripdir. Şeýtmek bilen şahsy, maşgala we jemgyýet ahlagynyň iň dogry, iň inçe, üýtgewsiz nusgasyny emele getiripdir. Ýagny şahsy kämilleşmegi, maşgala bagtyýarlygyny, jemgyýetiň adadançylygyny, jebisligini nähili ýol bilen gazanmalydygyny görkezipdir.
Mahlasy, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) külli älem derejesindäki nusgalygy jähetinden biziň üçin rahmetdir. Onuň (s.a.w) ahlagy bilen ahlaklanan, her bir edim-gylymyny özlerine ýörelge edinip, nusgalyk jemagaty emele getiren keremli sahabalarymyz (radyýallahu anhum ejmain) hem, olardan görelde alyp, beýik mertebelere ýeten mübärek şahsyýetler hem biziň üçin rahmetdir. Bu rahmetiň saýasynda biz hem yslamyň taryhynda bolup geçen nusgalyk wakalary sapak edinip, yslamyň gözel ahlagyna düşünmegiň, durmuşymyzda özleşdirmegiň, döwrümiziň ýaşaýyş şertlerinde nusgalyk derejede ýaşap görkezmegiň we bu gözel ahlagy özümizden soňky nesillere miras galdyryp bilmegiň has aňsat usullaryny tapyp bileris. Diýmek, biz Kurany-Kerime dogry düşünmäge, onuň ýörelgeleri esasynda ýaşamaga hemişe mätäç bolşumyz ýaly, söýgüli Pygamberimizi-de (s.a.w) her gün diýen ýaly täzeden tanamaga, Onuň (s.a.w) durmuşynyň ruhlara lezzet berýän howasyndan dem almaga, ruhumyzy bu howa bilen täzeläp durmaga-da mätäçdiris. Çünki Ol (s.a.w) Kurana iň oňat düşünýän, Kuranyň ahlagyny iň dogry, kämil görnüşde ýaşan, döwrüniň jemgyýetini yslam dininiň ahlagy bilen terbiýelän, nurlandyran, bu jemgyýetiň şahslaryny külli adamzada mugallymlyk etjek derejä ýetiren Ynsandyr (s.a.w).
Eger biz hem hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) we nusgalyk nesliň (sahabalar we olara eýerip, belent ahlak sypatlaryna eýe bolan şahsyýetler) iň kämil görnüşde durmuşlaryna ornaşdyran Kuran ahlagyny täzeçe usullar bilen döwrebaplaşdyrmagy başarsak hem-de oňa gündelik ýaşaýşymyzda nähili amal edilmelidigini görkezip bilsek, gelejek nesillerimiziň yzymyza eýermegini gazanyp bileris.
Hezreti Zeýd bin Sabitiň (r.a) sözi bilen aýtsak, «Onuň (s.a.w) ahlagy we ahwaly uç-gyraksyz umman ýalydyr…». Bu sebäpden bir umman hakynda onuň ähli aýratynlyklary, jikme-jikligi bilen maglumat bermegiň örän kyn bolşy deýin, ýaşan ömrüniň her sekundy umman deýin syrlardan, gymmatlyklardan doly bolan Resuly-Ekremi (s.a.w) sözüň doly manysynda tanatmak hem mümkin däl derejede kyndyr. Galyberse-de biz bu kitabymyzda hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) durmuşyndan we gözel ahlagyndan kiçijik mysallar bermäge çalyşdyk. Elbetde, berlen mysallar san taýdan az görnüp biler. Emma bu guraksy, ýarpy-ýalta setirlere sygdyrylan maglumatlar Resulallanyň (s.a.w) durmuşyndan söz açýandygy, Onuň (s.a.w) ahlagyny we şahsyýetini beýan edýändigi üçin belli bir gymmata eýedirler.
«(Eý, müminler) elbetde, siz üçin, Alla we ahyret gününden umydygär bolanlar hem-de Allany köp yat edenler üçin Allanyň pygamberinde gözel görelde bardyr» («Ahzab» süresi, 33/21).