Mertlik hakykatyň, adalatyň dabaralanmagynda ýüze çykýan, her hili kyn ýagdaýlarda sowukganly, sabyrly, tutanýerli bolmagy aňladýan beýik ahlak sypatydyr. Mert kişi mertebesini, at-abraýyny, hak-hukugyny, mukaddesliklerini goraýan, durmuşda gabat gelýän dürli päsgelçilikleriň, kyn ýagdaýlaryň öňünde ejizlemän aýgytly, sabyr-kanagatly, sowukganly, tutanýerli hereket edýän adamdyr.
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) örän ýumşak adamdy, ýöne şol bir wagtyň özünde mertdi, batyrdy, gaýduwsyzdy. Onuň (s.a.w) bu häsiýeti adamlary hak dine çagyrýan günlerinde hasam aýdyň ýüze çykýar.
Resulalla (s.a.w) Allanyň emri bilen Mekgede yslam dinini ýaýmaga başlan günlerinden müşrikleriň her hili jebir-sütemine sezewar boldy. Tä Medinä hijret edýänçä, Oňa (s.a.w) akylyňa-oýuňa gelmeýän zulumlar edildi. Emma Resuly-Ekrem (s.a.w) birjigem ejizlemedi, diňe Alla daýandy, çagyrýan hak ýolunda mertlerçe ýöredi. Ol (s.a.w) ýoluna demirtiken düşelende-de, namazda seždä giden wagty mübärek başynyň üstüne düýäniň garyn-içegesi atylanda-da, ummasyz baýlyk, hökümdarlyk teklip edilende-de ýolundan sähelçe-de yza tesmedi. Alla üçin, yslam dini üçin alyp baran mukaddes göreşinde sarsman durup, hakyky mertligiň nämedigini görkezdi. Hezreti Aly (r.a) Resuly-Ekremiň (s.a.w) bu häsiýeti barada şeýle diýýär: «Söweş wagtynda hiç birimiz Resulalla (s.a.w) ýaly duşmana golaý baryp bilmezdik. Urşuň iň aldym-berdimli pursatlary Ony penalardyk». Hezreti Enes bin Mälik (r.a) hem «Duşmandan asgyn gelen wagtlarymyz Resulallanyň (s.a.w) arkasyna sygynardyk» diýýär.
Hezreti Enes bin Mälik (r.a) hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) edermenligi bilen baglanyşykly ýene-de şeýle bir wakany gürrüň berýär: «Resulalla (s.a.w) iň ahlakly, iň jomart, iň mert adamdy. Bir gün medineliler ýary gije aýylganç bir ses eşitdiler. Şäheriň ilatynyň ýüregine dowul düşüpdi. Her kim ses gelen tarapa gitdi. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) sahabalary gorkuzan bu sesiň nämedigini anyklamak üçin hemmeden öňürti gylyjyny guşanyp, ýüzüniň ugruna Ebu Talhanyň eýersiz duran atyna atlanyp, gijäniň garaňkylygyna siňip gitdi. Ol (s.a.w) Medinäniň daş-töweregini birlaý gözden geçirdi. Üýtgeşik zadyň ýokdugyna anyklandan soň yzyna dolandy. Ýolda aýaga galan şäheriň ilaty Oňuň öňünden çykdy. Resuly-Ekrem (s.a.w) gorkuly zadyň ýokdugyny aýdyp, olary yzyna dolady. Şondan soňra her kim arkaýynlaşyp, öýlü-öýüne dagady».[1]
Uhud söweşinde yslam goşuny Pygamberimiziň (s.a.w) görkezmesine uýup, birbada üstünlik gazanypdy. Duşmanyň ýeňse berenini gören musulmanlar doly ýeňendiris öýtdüler. Onsoň arkaýynlaşyp, olja ýygnamaga başladylar. «Her hili ýagdaý bolanda-da, duran ýeriňizden butnamaň» diýlip tabşyrylan peýkamçylar hem olary görüp, depeden aşak indiler. Bu pursatdan peýdalanan duşman atlylary musulmanlaryň arkasyndan urdy. Yslam goşuny iki oduň arasynda galypdy. Şol söweşde ýetmiş sahaba şehit boldy. Emma hezreti Pygamberimiz (s.a.w) duşman hernäçe aldym-berdime salsa-da, sowukganlylygyny elden bermedi. Ol (s.a.w) ilki esgerlerini daşyna jemledi. Soňra müşriklere berk gaýtawul berip, olaryň hüjümini saklady. Allanyň resuly (s.a.w) uruş tamam bolup, müşrikler söweş meýdanyndan çekilenden soňra ilki bilen şehit bolan sahabalary depin etdi. Yzyndanam wagt ýitirmän, Mekgä dolanan müşrikleriň yzyndan kowdy. Ol (s.a.w) şonda bilen şeýle bir tiz hereket etdi welin, Pygamberimiziň (s.a.w) bu gaýduwsyzlygyny gören müşrikleriň yzlaryna öwrülip, gaýtadan söweşe girmäge bogunlary ysmady.
Allanyň resulynyň (s.a.w) Hewazin (Huneýn) söweşinde görkezen mertligi dogrusynda-da aýratyn belläp geçmek gerek. Yslam goşuny Huneýn jülgesine gelende, olardan öňürti jülgäni eýeläp, gizlenip ýatan duşman peýkamçylarynyň duýdansyz hüjümine sezewar bolupdy. Musulmanlar depelerinden ýagyş ýaly inýän oklardan goranara ýer gözläp, ikiýana urnup başladylar. Emma Resuly-Ekrem (s.a.w) sarsmaz gala bolup, bir ädimem yza tesmedi. Atyny göni müşrikleriň üstüne süren Pygamberimiz (s.a.w) aljyraňňylyga düşen esgerlerine «Duruň! Yza tesmäň! Bäri geliň! Men Allanyň resuly!» diýip gygyrdy. Şonda musulmanlar ýyldyrym çaltlygynda Onuň (s.a.w) töwereginde jemlendiler. Dessine-de garşylykly hüjüme geçip, duşmany derbi-dagyn etdiler. Bu hadysany gözi bilen gören bir sahaba şeýle gürrüň berýär: «Şonda Allanyň resuly (s.a.w) bir ädimem yza tesmändi. Muňa Alla şaýatdyr. Duýdansyz başlan söweş äpet ýangynyň alawlary kimin bütin jülgäni gaplap alypdy. Çar-töweregimiz duşman esgerlerinden doludy. Şonda biz dessine jemlenip, Resulallany (s.a.w) penalap durduk. Söweşlerde Onuň (s.a.w) ýanynda durup bilmek aňrybaş mertlik saýylýardy».
Edermenlik, mertlik haçanda kiçigöwünlilik, sypaýyçylyk, adalatlylyk, rehimdarlyk, merhemetlilik bilen birleşende haýyrly, peýdaly bolýar. Hut şondan bolsa gerek, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) kiçigöwünlidi, salyhatlydy, adalatlydy, rehimdardy, merhemetlidi, şol bir wagtyň özünde-de mertdi, batyrdy, gaýduwsyzdy. Onuň (s.a.w) mertliginiň, tutanýerliliginiň bar ýerinde kemsidilme, zulum, sütem ýok bolýardy, hak-hukuk goralýardy, adalat rowaçlyk tapýardy. Allanyň resulynyň (s.a.w) gaýduwsyzlygy, mertligi hakykaty, hak-hukugy, adalaty dabaralandyrmakda, jebir-süteme, diýdimzorluga garşy göreşmekde, gowulygyň ýaýylmagynda, adamzada haýyr getirmekde has-da aýdyň ýüze çykdy.
Diýmek, Resuly-Ekremi (s.a.w) söýýän, Onuň ýolundan gidýän mümine-de gowulygy, haýyrly işleri (marufy) ýaýmakda, zulmuň, adalatsyzlygyň, erbetligiň (münker) öňüni almakda Resulalla (s.a.w) kimin mert, gaýduwsyz bolmak ýaraşar.
Şu ýerde üns berilmeli möhüm bir zat bar. Ol hem mertlikde, batyrlykda Resuly-Ekremiň (s.a.w) ugur alan ölçegleri esasynda hereket etmekdir. Ýagny Ol (s.a.w) nähili ýagdaýlarda batyrgaý hereket edipdir?! Biziň muňa oňat akyl ýetirmegimiz gerek. Ýogsa-da, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) her gabat gelen wakada ýagdaýlary hiç-hili seljermän, gözsüz batyrlyk edipdirmi?! Ýok, Ol (s.a.w) hiç haçan beýle hereket etmändir. Sebäbi ýersiz ýere gahar-gazap bilen düblemek, ýagny batyrlyk satmak mertlik hasaplanmaýar. Bu yslamyň ahlak kadalarynda ýazgarylýan häsiýetdir. Onda näme, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) töweregindäki kişileriň, maşgalasynyň, jemgyýetiň hak-hukugy depelenende, dinine dil ýetirilende hiç hili garşylyk görkezmän, sesini çykarman oturypdyrmy?! Ýok, Ol (s.a.w) hiç haçan beýtmändir. Çünki mertlik, edermenlik görkezilmeli ýerde bir gyra çekilip, sesiňi çykarman durmak gorkaklykdyr. Bu hem yslam dininde erbet görülýän häsiýetleriň biridir. Mahlasy, Resuly-Ekrem (s.a.w) ýerliksiz batyrgaýlykdan, gorkaklykdan uzak durupdyr. Ýeri gelende bolsa mertlerçe, gahrymanlarça hereket edipdir.
[1] Müslim, «Fezail», 48; Ibn Sad, «Tabakatül-Kübra», I, 373.