Resuly-Ekrem (s.a.w) wepadar ynsandy. Ähtinde durardy, beren sözünde tapylardy, sözünden dänmezdi, özüne ýa-da sahabalaryna kömek eden kişileri hiç haçan unutmazdy, dost-ýarlary bilen ýygy-ýygydan görşerdi, olaryň hallaryndan habar alardy. Adamlara bolan söýgüsi çäksizdi, hemişe halkynyň hyzmatyndady. Ol (s.a.w) musulmanlara-da töweregindäki kişileri ak ýürekden söýmegi, olar bilen dostlukly gatnaşykda bolmagy, mal-mülke aldanyp, adamkärçiligiňi ýitirmezligi nesihat ederdi.
Resuly-Ekremiň (s.a.w) wepadarlygy hakynda yslam taryhynda köp wakalar beýan edilýär. Sahabalardan hezreti Abdulla bin Ebil Hamsa (r.a) yslamdan öňki döwürde hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bilen sapara giden gezekleriniň birinde bolan wakany şeýle gürrüň berýär: «Men bir gezek hezreti Pygamberimizden (s.a.w) haryt alypdym. Şonda alan zatlarymyň bahasyna pulum ýetmän, bergili bolupdym. Men Oňa birki gün garaşsa, galan puluny jemläp berjekdigimi aýtdym. Hezreti Pygamberimiz maňa ýok diýmedi. Emma men Oňa beren sözümi unutsam nätjek?! Aradan üç gün geçenden soňra birden ýadyma düşdi. Dessine Onuň goş ýazdyran ýerine eňdim. Bärden barsam, Pygamberimiz entegem maňa garaşyp duran eken».[1]
Bu wakadan görnüşi ýaly, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ynamdar, ygtybarly, sözünde durýan täjirdi. Ol (s.a.w) şonda söwda şärikdeşine garaşyp oturypdyr, şärikdeşi wadasyny unudandyr diýip asyl oýlamandyram, gaýtam näme üçin gelenokka, ýa bir bolmasyz iş bolaýdymyka diýip, alada edipdir. Hakykatdan-da, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) söwda şärikdeşleri bolsun, haryt alyp berişýän adamlary bolsun, ýa-da söwda gidýän ýoldaşlary bolsun, her kimiň ýanynda özüni örän salyhatly alyp barýardy. Olara hakyky wepadarlygyň nähili bolmalydygyny görkezýärdi. Ol (s.a.w) hiç kimiň hakyny iýmezdi, kimsä-de hakyny iýdirmezdi. Gerek bolsa kömek ederdi, beren sözünde tapylardy, her hili ýagdaý bolanda-da şärikdeşleriniň sarpasyny saklamagy başarardy. Ejizlere arka çykardy, garyp-pukaralara ýardam ederdi, entek ýaşka-da ýek ýigrenýäni adalatsyzlykdy, hemişe adalatsyzlyga garşy göreşerdi. Dogruçyllyk, hoşamaýlyk, haýyrsöýerlik, adalat, mertlik, wepadarlyk, ynamdarlyk Onuň (s.a.w) belent adamkärçiligini açyp görkezýän iň ajaýyp häsiýetleridi.
Geliň, şu ýerde Resuly-Ekremiň (s.a.w) wepadarlygy bilen baglanyşykly käbir wakalara ser salalyň. Bir gün hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) huzuryna Hebeşistanyň hökümdarynyň ýollan ilçileri gelipdi. Resulalla (s.a.w) ilçileri güler ýüz bilen garşy aldy, hal-ahwallaryny sorady. Soňra ýerinden turup, olaryň öňüne nahar-şor çekmäge başlady. Sahabalar: «Eý, Allanyň resuly! Biziň özümiz hyzmat ederis, siz oturyň» diýseler hem etmedi. Olara şeýle jogap berdi: «Bular Hebeşistana göç eden sahabalaryma ýaşamaga ýer berdiler, olara yzzat-hormat etdiler. Indi gezek meniňki, meniňem olara hyzmat edesim gelýär».
Mutim bin Adiý kureýş müşrikleriniň baştutanlarynyň biridi. Resulalla (s.a.w) Taifdan yzyna gelende, müşrikler Ony Mekgä salmadylar. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) Mekgäniň baştutanlaryna ýeke-ýeke habar iberip, özüne hemaýat edilmegini sorady, emma olaryň ählisi Ondan (s.a.w) ýüz öwürdiler. Şonda Resuly-Ekreme (s.a.w) diňe Mutim bin Adiý hossar çykdy, ol ogullaryny ýaraglandyryp, Pygamberimizi (s.a.w) şähere saldy. Aradan ýyllar geçdi. Mutim bin Adiý Bedirde küreýş müşrikleriniň tarapynda bolup, musulmanlara garşy söweşdi, şol ýerde-de öldürildi. Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) şahyry hezreti Hassan (r.a) oňa bagyşlap, bir mersiýe ýazdy. Ol mersiýesinde Mutim bin Adiýiň birwagtlar Resulalla (s.a.w) ýagşylyk edendigini beýan edip, ony gowulykda ýatlady. Resuly-Ekrem (s.a.w) hem öz adyndan aýdylan bu minnetdarlykdan hoşal boldy. Bedir söweşinde ýesir düşen müşrikleri näme etmelidigi hakda pikir alşylanda, Pygamberimiziň (s.a.w) aýdan şu sözleri-de Onuň (s.a.w) näderejede wepadar ynsandygynyň aýdyň delilidir: «Eger Mutim bin Adiý diri bolup, menden ýesirleri sorasady, hiç hili fidýe talap etmän, onuň hatyrasyna hemmesini boşadardym».
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ylalaşyk baglaşan ýaranlaryna-da wepalydy. Hudeýbiýe ylalaşygynda hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bilen kureýş müşrikleriniň arasynda ýaraşyk şertnamasy baglaşylypdy. Şonda beni bekir tiresi kureýşlileriň tarapynda, huzaa tiresi bolsa musulmanlaryň tarapynda durup, bu şertnama goşulypdylar. Emma beni bekir tiresiniň adamlary haýynlyk bilen huzaalylaryň üstüne çozup, çem gelenini öldürip, mallaryny-da talapdylar. Bu işde kureýş müşrikleriniň hem eli bardy, olar bekirogullaryna gizlinlik bilen ýardam edipdiler. Huzaalylar ýagdaýy Resulalla (s.a.w) ýetirdiler. Ol (s.a.w) hem dessine kureýşlilere ultimatium berdi. Emma kureýşliler äşgermezçilik edip, berlen duýduryşlara gulak asmadylar. Şondan soňra, Resulalla (s.a.w) goşunyny jemläp, ýörişe çykdy. Bu waka Mekgäniň eýelenmeginiň başlangyç sebäbi hökmünde taryha girdi. Şeýdip, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) üstlerine hüjüm edilen ýaranyny ýalňyz goýmady, olary goldady.
Medinä ýakynu-uzak ýerlerde ýaşaýan tire-taýpalar Resuly-Ekremi (s.a.w) ýakyndan tanamak üçin wekiliýetlerini iberýärdiler. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bu toparlary güler ýüz bilen kabul ederdi, birnäçe gün myhman alardy, olar bilen ýakyndan gyzyklanardy, yslam dinini öwretmek üçin ýanlaryna bir mugallym, nahar-şorlaryna seretmäge-de ýörite birini berkiderdi. Bu wekiliýetler yzlaryna gaýtjak wagtlarynda-da ýol azyklaryny taýynladardy, olara täze egin-eşik geýdirerdi, jomartlyk bilen hersine sowgat-serpaý ýapardy. Resulalla (s.a.w) şeýdip, yslam dini bilen gyzyklanyp gelýän adamlara wepadarlygyny görkezýärdi. Bu bolsa, olarda hiç haçan ýatlaryndan çykmajak ajaýyp täsir galdyrýardy.
Hezreti Muhammet (s.a.w) wepadarlygyny ilki blen Beýik Allanyň öňünde görkezmäge çalyşýardy. Ol (s.a.w) Allatagalanyň eçilen çäksiz lutfuna, bereketine şükür ederdi, bagyş edilen ylahy haýyr-yhsanlara hamdy-sena etmegi bendäniň öz Eýesiniň öňündäki berjaý etmeli borjy hasap ederdi. Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) yslam dininiň ýaýylmagy üçin ähli kynçylyklara, päsgelçiliklere döz gelip, tutanýerlilik bilen göreşmegi, başyna düşen her hili agyr ýagdaýlarda-da sähelçe-de ejizlemän, hak dine çagyrmagyny erjellik bilen dowam etdirmegi Onuň (s.a.w) wepadarlygynyň başgaça röwüşde şöhlelenmesidir. Çünki Beýik Biribar Oňa (s.a.w) adamlary hak dine çagyrmagy buýrupdy. Ol (s.a.w) adamlary batyl ynançlardan halas etmelidi. Resuly-Ekrem (s.a.w) hem şeýle agyr jogapkärçiligi bütin süňňi bilen duýup, özüne buýrulan wezipäni berjaý etmäge çalşypdy.
Ol (s.a.w) beren sözünde durardy. Yslam dininiň ýaýylmagy ugrunda göreşen yhlasly müminleri, Özüne, ýakynlaryna, sahabalaryna ýardam eden kişileri hiç haçan unutmazdy. Wagtal-wagtal musulman doganlarynyň, garyndaşlarynyň öýlerine barardy, hallaryndan habar alardy. Edilen her bir ýagşylygy artykmajy bilen yzyna gaýtarmak, hemişe ýagşy niýetde bolmak, ýagşy işleri ýaýmak Resuly-Ekremiň (s.a.w) iň belli häsiýetleridi. Mahlasy, Ol (s.a.w) adamlary hemişe söýdi, olara hakykaty, gözelligi, belent adamkärçilik sypatlaryny öwretmek üçin yhlasyny gaýgyrmady. Özüne kömek edenleri, yslam dininiň hyzmatynda bolanlary bagryna basdy, olara ýagşy dilegler etdi.
Häzirki döwürde biz hem hezreti Muhammet aleýhissalatu wesselam ýaly wepadarlyk ýörelgesinden aýrylmaly däldiris. Has dogrusy, wepadarlyk düşünjesine bütin durkumyz bilen berilmelidiris, ýaşaýşymyzyň islendik pursatynda: maşgalada, işde, adamlar bilen gatnaşykda wepadarlyk ýörelgesine eýermelidiris. Eger muny başaryp bilsek, jemgyýetçilik durmuşymyzyň ähli gatlaklarynda wepadarlyk düşünjesiniň ösmegine, halkymyzyň wepadar millete öwrülmegine goşant goşdugymyz bolar.
[1] Ibn Sad, «Tabakatül-Kübra», VII, 59; Şibli, «Asry-Saadet», I, 137.